Haja we umra gidýänlere haj we umranyň düzgünlerini beýan etmeklikde zyýaratçylara sowgat تالیف: الحاج عبدالرحمن آخوند تنگلی طانا



Yüklə 2,02 Mb.
səhifə14/23
tarix30.10.2017
ölçüsü2,02 Mb.
#22583
1   ...   10   11   12   13   14   15   16   17   ...   23

مِنَ السُّنَّةِ اَنْ تَأْتِىَ قَبْرَ النَّبِىِّ صَلَّى اللهُ تَعَالَى عَلَيْه وَسَلّمَمِنْ قِبَلِ الْقِبْلَةِ وَ تَجَعَلَ ظَهْرَكَ اِلَى القِبْلَةِ وَ تَسْتَقْبِلَ الْقَبْرَ بِوَجْهِكَ

Terjime: Seniň Pygamber aleýhissalamyň gabryna kybla tarapyndan gelmekligiň we sen arkaňy kybla tarapyna öwürmekligiň we öz ýüzüň bilen gabyr şerife bakmaklygyň sünnetdendir.

Şunuň ýaly hezreti ibni Abbasdan rowaýat bolupdyr: Pygamber aleýhissalam Medine munewweräniň gabyrlaryna zyýarat edende, gabyrlara bakardy.

Allama Alyýýul Kary “Mirkatda” aýdypdyr: Ibni Abbasyň şu hadysy delil bolýar. Ölä salam beren ýagdaýyňda we doga eden ýagdaýyňda öliniň ýüzüne bakmaly.

Şonuň ýaly Allama Tahtäwi “Märakyl Fäläh üçin ýazan haşyýasynda” aýdypdyr: Salamda, dogada ölä bakmaly we umumy musulmanlar-da şu ýagdaýda amal edýändirler.

Şonuň ýaly “Kenzul ybäd”, “Şergatul isläm”, “Aýnul ylym”, “Guniýýetun näsik”, “Jamugur rumuz”, “Fethul kadyr”, “Ärkänul isläm”, “Wefäul-wefä”, “Yhýa'u ulumuddin” we bulardan başga kitaplar hem: “Salamda, dogada Pygamber aleýhissalama bakmaly we oňa arka bermeli dälˮ diýip aýdylypdyr.



Mufrid şu üç beýik serwerlere zyýarat edenden soňra, başarsa Hüjre-Nura'eniň ýeňsesinden gelip, hezreti Fatyma Zahra razyallahu anhä zyýarat etmeli, çünki käbir alymlaryň aýtmaklaryna görä, hezreti Fatyma şol ýerde jaýlanypdyr. Ondan soňra Pygamber aleýhissalamyň münberine, mihrabyna1, Rowzaýy şerife we fazylatly bolan sütünleriň ýanyna gelmeli. Şu mukaddes ýerlerde durup, Taňry tebärek we tagalaga hamd we senalar aýtmaly. Pygamber aleýhissalama salawatlar salmaly we zar-tezerrug bilen köp-köp dogalar etmeli. Bu ýerde etmeli dogalary “Miftähus sagadada” terjimeleri bilen ýazyp halklar arasyna ýaýratdym, şony alyp okaň.

MESJIDIN-NEBIDÄKI FAZYLATLY SÜTÜNLER

1.“Ustuwana-Muhallak” – şu musalla-şerifiň belgisidir, ýagny Pygamber a.s-yň namaz okaýan ýeri. Sahabalardan herzreti Seleme bin El-Ekwag razyýallahu anhu (r.a) guşluk namazyny şu ýerde okaýar eken. “Ustuwana-Jezyg” şonuň öňündedir.

2.“Ustuwana-Aýşa r.a” – şu sütün münberiň gündogar tarapynda üçülenjisidir. Kybla öwrülenden soňra, Pygamber a.s şunuň ýanynda 10 günden gowrak namaz okapdyr we şu sütüne ýaplanyp oturypdyr. Sahabalaryň ululary-da şu ýerde namaz okapdyrlar. Ymam Tabarany “Almugjamul-Awsat” atly kitabynda şu hadysy getiripdir:
«اِنَّ فِي مَسجِدِي لَبُقعَة لَو يَعلَمُ النَّاسُ مَا صَلَّوا فِيهَا اِلاَّ اَن يَطِيرَ لَهُم قُرعَةٌ»
Terjime: Hakykatdan hem meniň şu metjidimde bir ýer bardyr, eger adamlar şony bilsediler, hiç biri şol ýerde namaz okap başarmazdylar, meger, bije çekişip, diňe bijesi çykan okap başarardy. Onuň üçin şu sütüne “Ustuwana Kurga” diýip aýdýarlar.

3. “Ustuwana-toba” – şu sütün “Ustuwana-Aýşa r.a” bilen hüjräniň gözenegine degip duran sütünleriň arasyndadyr. Pygamber a.s şu sütüniň ýanynda hem namaz okapdyr we şunuň ýanynda ygtikäf oturyp şoňa söýenipdir. Tebukyň urşunda hezreti Resulekrem s.a.w-iň buýrugyna boýun bolmadyk adamlaryň käbiri eden işlerine puşman edip özlerini şu sütüne daňypdyrlar we “Tä hezreti Resulyň özi gelip meni çözmese şundan aýrylmaryn” diýip kasam içipdirler. Olaryň tobalary kabul bolup aýat inende hezreti Resul s.a.w gelip açypdyr. Onuň üçin şu sütüne “Ustuwana-toba” diýip aýdypdyrlar.

4. “Ustuwana-serir” – şu sütün hüjräniň gözenegine degip duran “Ustuwana-tobanyň” gündogar tarapyndadyr. Pygamber a.s şu sütüniň ýanynda ygtikäf oturdy diýip rowaýat bolupdyr. Bu sütüniň ýanynda Pygamber a.s ýassygyny we düşegini goýar eken, onuň üçin oňa “Ustuwana -serir” diýipdirler.

5.“Ustuwana-Aly” – bu sütün gaýra tarapyndan “Ustuwana-tobanyň” ýeňsesinde we Pygamber a.s-yň, hezreti Aýşanyň hüjresinden Rowza-şerifä çykýan penjiresiniň gabadyndadyr. Şu sütüniň ýany Gabyr-şerifiň ýakynragy hezreti Aly r.a-nyň namaz okaýan ýeridir. Onuň üçin beýleki emirler-de şol ýerde oturmagy we şonda namaz okamagy niýet ederler eken. Şu ýerde hezreti Aly r.a Pygamber a.s üçin garawyllyk edipdir. Onuň üçin şu sütüne “Ustuwana Muhras” diýip hem aýdýarlar, ýagny özünde garawyllyk edilen ýerdir.

6.“Ustuwana-wufud” – bu sütün gaýra tarapdan Muhrasyň ýeňsesindedir. Şonuň gapdaly ilçiler we daşardan jemagatlar gelende hezreti Resulekrem s.a.w-iň oturýan ýeri we sahabalaryň ýaşy ulularynyň, ýolbaşçylarynyň-da oturuşýan ýeridir.

7. “Ustuwana-tehejjud” – bu sütün hezreti Fatymanyň öýüniň yzyndadyr we şonda bir mihrab bardyr, eger namaz okaýan şoňa baksa, şol namaz okaýanyň soly “Baby-Jibril”1 tarapda bolar. Pygamber a.s gijelerde ukusyndan turup şu ýerde namaz okapdyr.

8. “Ustuwana-murabbagatyl-kabyr” – ýagny, gabryň gyrasynda bolan sütündir. Bu sütün Hüjre-şerifäniň içinde, gaýra tarapyna ýakyndyr. Adamlar bu zaman muny tebberruk etmekden mahrumdyr.

Pygamber a.s-yň asyl metjidiniň hemme sütünleriniň ýanynda namaz okamak gereklidir (m). Çünki, ol mekanlar Pygamber a.s-yň nazarlarynyň düşen ýeri we sahabalaryň-da namaz okaýan ýerleridir. Köp-köp öwlüýäler bu ýerde togtap geçendirler, onuň üçin başarsaň şu mekanlarda ybadat etmeli. Tesbih namazyny okamaly, ygtikäf oturmaly, metjidiň içinde bolan adam elmydama nazaryny Hüjre-şerifä salyp durmaly. Çünki, Hüjre-şerifä seredip oturmak ybadatdyr, göýä Käbe-şerifä seredip durmak ybadat bolşy ýaly.

Metjidiň daşynda bolan adam hezreti Resulekrem s.a.w-iň üstünde gurlan mübärek ýaşyl gümmeze sylag we hormat bilen seredip durmaly. Mufrid Mesjidin-Nebidäki zyýaratlary bitirenden soňra we şol mukaddes mekanlardaky wezipelerini ýerine ýetirenden soňra, Bakyg gabyrystanda ýatan sahabalaryň zyýaratyna barmaly. Bakyg gabyrystanynda on müňlerçe sahabalar jaýlanypdyr, baryp şolary zyýarat etmeli. Bakygda ýatanlara salam bermekligiň ýagdaýyny we olaryň huzurynda etmeli dogalaryny “Miftähus-sagada” atly kitabymda ýazdym, şony alyp peýdalanyň.

BAKYGYŇ BEÝIK KIŞILERI.

Üçülenji halyfa1 hezreti Osman r.a-nyň gabry Bakygyň ahyrynda “Haşşu-Käwkäb” diýlen ýerde dikilen gümmezdedir. Pygamber a.s-yň kakasynyň dogany hezreti Abbasyň gabry, hezreti Alynyň dogany Ukaýlynyň gabry, ogly Ymam Hasanyň gabry, agtygy Ymam Zeýnel Abydynyň gabry, çowlygy Ymammuhammet Bakyryň gabry “Kubbatul-Enwar” atly uly, giň gümmezdedir. Bir rowaýatda Pygamber a.s-yň gyzy hezreti Fatyma hem şu gümmeziň içinde jaýlandy diýlip aýdylypdyr.

Pygamber a.s-yň ogly Hezreti Ybrahymjan we gyzy Rukyýýa bir kiçiräk gümmeziň içindedir. Onuň ýakynynda ýedi kurranyň biri bolan hezreti Ymam Nafyg we ähli sünnetiň dört mezhebiniň ýolbaşçysynyň biri bolan Mälik bin Enesiň gabry bardyr. Pygamber a.s-yň ejekesi Safyýýa binti Abdulmutalyb, Pygamber a.s-yň mübärek hatynlary we biziň-de enelerimiz hezreti Hatyja bilen Meýmunadan başgasy, şularyň barysy bir gümeziň içindedir. Emma hezreti Hatyja Mekge Mukerremede we Meýmuna Mekgäniň ýakynynda “Serif” diýlen ýerdedir. Emma Ummu Habyba bilen Ummu Seleme Damaskda zyýaratlaryna bardyk. Alla dogrusyny bilýändir. Bu gabyrlardaky gümmezleri Saud döwleti ýykyp aradan aýrypdyr. Bu zamanlarda Harameýn-şerifeýnde bolan gabyrlaryň barysy ýer bilen ýegsandyr.

Erkam bin Ebi-erkam, Usama bin Zeýid, Ismaýyl bin Jafar es-Sadyk, Esgad bin Zerara, Usaýid bin Huzeýr, Basyr bin Erta, Elbera bin Magrur, Jabyr bin Abdulla, Jebbar bin Sahar, Jubeýir bin Mutgam, Elharf bin Huzeýme, Hatyb bin Ebibaltaga, Hakim bin Huzam, Huweýtib bin Abulgazy, Rukäne bin Abud Ýezid, Zeýid bin Sabyt, Abutalha Zeýid bin Sähl, Sagd bin Mälik, Abusagydul Hudry, Sagd bin Magaz, Sagd bin Ebiwakkas, Sagyd bin Zeýd, Sagd bin Ýerbug, Sähl bin Wähb, Sähl bin Sagd, Suhýib bin Sinan, Osman bin Mazgun, Abdurrahman bin Auf, Abdulla bin Sahr, Abuhureýre, Abdulla bin Jagfar bin Ebutalyb, Abdulla bin Enes, Abdulla bin Salam, Abdulla bin Abdul Esed, Huneýis ibin Huzafe, Abuselme, Abdulla bin Atik, Abdulla bin Omar bin Kaýys şuňa ibni Ummy Mektum diýýärler, Abdulla bin Kagb bin Omar, Abdulla bin Masgud, Omar bin Ebuselme, Omar bin Umeýýe ez-Zamri, Omar bin Hazm, Uwaýmir bin Sagada, Katada bin en-Nugman, Kagb bin Ajze, Kagb bin Omar, Abulýesr, Mektum bin el-Mähdim, Kenaz bin el-Hasin, Abumursid, Mälik ibn Äwis bin el-Hadsän, Mälik bin el-Teýhan, Abul Haýsem, Mälik bin Rabiga, Abu Useýid es-Sagdi, Muhammet bin Muslime, Muhrime bin Newfel, Muslime bin Muhlid, Musteh bin Usäse, Magaz bin Efra'e, Nafig Mäwlä ibn Amr, Newfel bin el-Harf bin Abdulmuttalib we Newfel ibn Magaz Alla hemmesinden razy bolsun. Bulardan başga-da müňlerçe muhajirinlerden, ensarylardan, sahabalardan, tabygynlardan we öwlüýälerden bakyg gabrystanynda jaýlananlar köpdür. Taňry tebärek we tagala şolaryň barysyndan we beýleki musulmanlardan razy bolsun. Özüniň keremi bilen hemmesini ýalkawyna salsyn. Ämin! Ýa Rabbel alemin!


UHUD DAGYNDAKY ŞEHITLER

Mufrid Bakygdaky zyýaratlary bitireninden soňra, Uhud dagynda ýatan şehitleriň zyýaratlaryna gitmeli. Uhudyň urşunda şehit bolan sahabalar 70 kişidir. Hamza bin Abdulmuttalib, Abdulla bin Jähş, Mushab bin Umaýir, Sähil bin Kaýs, Abdulla bin Haram, Omar bin el-Jemuh, Abdulla bin el-Hassas, Şammas bin Osman, Omar bin Magaz, Harys bin Enes, Ammara bin Zyýad, Seleme bin Sabyt, Omar bin Sabyt, Sabyt bin Wakaş, Wufaga bin Wakaş, Huseýin bin Jabyr, Abu Huzeýfe, Wasyfy bin Kaýzy, el-Habbab bin Kaýzy, Abbad bin Sähl, Haris bin Ewis, Yýas bin Ewis, Ubeýd bin et-Teýhan, Habyb bin Zeýd, Ýezid bin Hatyb, Abusufýan bin el-Harys, Enis bin Katada, Hanzale el-Gasyl bin Ebi Amyr, Abu Habba bin Omar, Ubeýdulla bin Jubeýir, Abu Sagyd bin Haýsama, Abdulla bin Muslime, Sabyg bin Hatyb, Omar bin Kaýys, Kaýys bin Omar, Sabyr bin Omar, Amyr bin Muhlid, Abyhubeýra bin el-Harys, Omar bin Matrif, Ewis bin Sabyt, Enes bin en-Nazyr, Kaýys bin Muhlud, Keýsan Mewla benin-Nejjar, Selim bin el-Harys, Nugman bin Abdu Omar Haryja bin Zeýd, Sagd bin er-Rabyg, Ewis bin el-Erkam, Mälik bin Sinan, Walid Ebi Sagydul Hudri, Sagd bin Suweýd, Alaba bin Rabig, Saglaba bin Sagd, Nakyb bin Serwe, Abdulla bin Omar, Zamaral Jähni, Newfel bin Abdulla, Abbas bin Abada, Nugman bin Mälik. El-Muhtir bin Ziýad, Abada bin el-Hassas, Rufaga bin Omar, Abdulla bin Omar, Omar bin el-Jemuh, Hallad bin Omar, Abu eýmen Mewlä Omar, Ubeýde bin Omar, Antera Mewlä Ubeýde, Sähl bin Kaýys, Zekwan bin Abdu Kaýys, Ubeýde bin Muglä, Mälik bin Nemiýle, el-Haryf bin Ady, Mälik bin Yýas, Yýas bin Ady we Omar bin Yýas.

Şu kişiler Uhudyň urşunda şehit bolan hoşbagt adamlardyr. Şularyň gabyrlary hezreti Hamzanyň ýakyn töweregindedir. Şularyň barysyna, şu şehitleriň zyýaratlaryna gitjek adam penşenbe gün irden suwa düşüp we arassa lybaslaryny geýip, çaltlyk bilen Uhud daga garşy ugramaly. Uhuda baranda öňi bilen hezreti Hamazanyň metjidinde iki rekagat namaz okamaly. Ondan soňra edep bilen, hormat bilen we pes-pällik seýýidi-şuhada (şehitleri ulysy) bolan hezreti Hamza soňra, Abdulla bin Jahşa we soňra Musgab bin Umeýre salam bermeli. Şunuň ýaly şehitleriň ýeke-ýeke hemmeleriniň atlaryny tutup salam bermeli we dogalar etmeli (m). Dogasyny we salamyny “Miftähus-sagadaˮ atly kitabymda açyklap aýtdym, şondan peýdalanyp bilersiňiz.

GABYRLARA ZYÝARAT ETMEGIŇ DÜZGÜNLERI

Zyýarat edýän adam öliniň aýagujy tarapyndan gelmeli, başujundan gelmeli däl. Ölä ýüzbe-ýüz bolup, aýak üstünde durup, edep-ekram bilen, yzzat we hormat bilen salam bermeli we doga etmeli we Kurany Kerimden miýesser bolan mukdaryny okamaly. Fatyha şerife we Bakaranyň başyndan “muflihuna” gelýänçä we Aýatelkursi we Ämenerrasuli we Ýasin surasyny, Tebärek surasyny, Kadyr surasyny, Alhäkumuttekäsur surasyny, Kulhuwallahu ahady 11-gezek ýa 7- gezek, ýa 3- gezek we Falak, Näs suralaryny okamaly. Ondan soňra ölä bakyp duran ýagdaýyňda doga etmeli. Biziň hanefi mezhebimizde bolan fykh alymlary aýdypdyrlar:



زِيَارَةُ الْقُبُورِ مُسْتَحَبَّةٌ لِلرِّجَالِ وَكَذَا لِلنِّسَاءِ عَلَى الاَصَحِّ

Terjime: Gabyrlara zyýarat etmek erkek adamlar üçin we şonuň ýaly hatynlar üçin hem asah söze görä mustahabdyr.

Hatynlaryň zyýaraty asah kowla1 görä mustahabdyr diýip fetwa berýän kitaplar “Nurul yzah”, “Merakyl feläh”, “Raddul muhtär”, “Durrul munteka”, “Fetäweýi wahidiýýä”, “Jamugur rumuz”, “Haşiýatut tahtawy”, “Bahrur raýyk” we bulardan başga-da fetwa berýän kitaplar bardyr.

Hormatly musulmanlar! Her bir musulmanyň gabryna zyýarat etmeklik erkekler üçin we hatynlar üçin mustahab bolýan bolsa, bu Harameýni şerifeýndäki şehitleriň we sahabalaryň we tabygynlaryň we öwlüýäleriň gabyrlaryna zyýarat etmek gürrüňsiz mustahabdyr.



MEDINE MÜNEWWERÄNIŇ GUÝULARY

Mufrid Uhudyň şehitlerine zyýarat edenden soňra, Medine-Munewweredäki hezreti Resulekrem s.a.w-me ýanalan guýulara baryp teberruk sebäli, şolaryň suwlaryndan içmeli we täret almaly ýa gusul etmeli. Çünki şu guýularyň suwlary hakynda aýdylypdyr: Zemzem suwuny näme niýet bilen içeniňde, şonuň hasyl bolşy ýaly, şu guýularyň suwlaryny näme niýet bilen içseň, şol niýet eden zadyň hasyl bolar.

Medine-Munewwerede Pygamber a.s-ma ýanalan guýular köpdür. Birnäçeler şol guýularyň sany 17 diýdiler:

1."Eris guýusy" – bu guýy Kuba metjidine ýakyndyr. Şol ýerde Pygamber a.s we Ebubekr Syddyk we Omar Faruk r.a oturdylar. Hezreti Osmanyň ýüzügi şol guýa gaçdy. Ol ýüzük Pygamber a.s-yň ýüzügidi. Pygamber a.s-dan soňra. şol ýüzügi Ebubekr Syddyk dakyndy, Ebubekr Sydykdan soňra, ony Omar Faruk dakyndy, Omardan soňra ony hezreti Osman dakyndy. Osmanyň hökümdarlyk eden altynjy ýylynda şol ýüzük Osmanyň elinden şu guýa gaçdy. Köp-köp zähmetler bilen barladylar, hiç tapylmady. Ondan soňra hezreti Osmanyň güýji gowşap başlady, tä kyýamata çenli pitnäniň başy boldy. Eris Medinäniň ýehudylaryndan bir kişiniň adydyr. Şol guýy oňa ýanalyp atlandyrylýar. Eris manysy daýhan diýdigidir.



2."Gars guýusy" – bu guýy hem Kuba tarapdadyr. Pygamber a.s şu guýynyň suwundan içip, şondan täret alypdyr we mübärek agzyndan galan suwy we özüne sowgat edilen baly şol guýa guýupdyr. Pygamber a.s: Men ölenimde şu guýynyň suwuna meni ýuwuň diýip, wesýet edipdir. Hadysda hem: Şu guýy jennetiň çeşmelerinden bir çeşme diýip aýdylypdyr.

3."Yhn guýusy" – Medine munewweräniň ýokarsynda dagdan gazylan guýudyr. Şonuň ýanynda Sidre atly beýik agaç bardyr. Guýynyň suwy şordur. Häzirki wagtda bu guýynyň suwu bilen ekin ekilýändir. Adamlar munuň suwuny teberruk edinýändirler.

4."Ýusrat guýusy" – bu guýy beni Umeýýeleriň guýusydyr. Pygamber a.s bu guýa gelip, siziň bu guýyňyzyň ady näme diýipdir. Olar: usrat diýip aýdypdyr. Şonda Pygamber a.s: Bu guýynyň ady usrat bolman, ýusrat bolsun diýipdir we şoňa mübärek tüýküligini taşlap, şonuň bereketli bolmaklygy üçin doga edipdir.

5. "Bussah guýusy" – bu guýy Kubanyň ýolunda Bakyga ýakyn guýudyr we hurma bagyň içindedir.

Pygamber a.s bir gün Ebusagyt Hudriýe aýtdy:

– Şu gün jumga güni men kellämi ýuwar ýaly, siziň sidräňiz1 barmy?

Ebusagyt Hudri:

– Bardyr ýa Resulalla.

diýip çykaryp berdi. Pygamber a.s Bussah guýusyna baryp, şol sidre bilen kellesini ýuwdy. Pygamber a.s kellesinden ýolunan mübärek gyllary we şol ýuwundysyny bussah guýusyna guýdy. Onuň üçin eger sen bu guýudan azajyk bir alyp bilseň-de, köp haýrlar bardyr.



6."Buzaga guýusy" – şol guýudan Pygamber a.s täret aldy we muňa mübärek tüýküligini taşlap, onuň bereketli bolmagy üçin doga etdi. Pygamber a.s-yň zamanlarynda keselli adamlary şypa üçin şoňa suwa düşürerdiler we şonuň bile Pygamber a.s-yň bereketinden olar sagalardylar. Hezreti Ebubekr Syddykyň gyzy Esmäden şu gürrüň rowaýat bolupdyr: Biz meriz bolan adamlary Buzaganyň guýusynda üç gün suwa düşürdik, ondan soňra şol merizler merizliginden gutulyp sagalardylar.

7."Beýruha guýusy" – bu Medine-Munewweräniň galasyna we Buzaga ýakyn bolan hurmalyk ýerdir. Şol ýer Ebutalhanyň mülküdir. Kuran kerimiň 3-nji surasynyň 92-nji aýatynda Taňry tebärek we tagalanyň "Eý, bendelerim! Siz hergiz, öz söýýän zatlaryňyzdan Hudaý ýoluna berýänçäňiz, gowy zada ýetişip başarmarsyňyz " diýen hökümi gelende, Ebutalha şu mülküni sadaka berdi we şonuň içinde bir guýy bardy, onuň suwy süýjüdi. Pygamber a.s şoňa girerdi we onuň suwundan içerdi. Munuň üçin ol guýy uly bereketlere eýe boldy.

8."Ihäb guýusy" – bu guýy Medinäniň günbatarynda daşlyk ýerdedir. Birnäçeler şoňa Zemzem guýusy diýýärler. Pygamber a.s şoňa gelip, oňa mübärek tüýküligini taşlapdyr. Onuň üçin Zemzem suwuny teberruk edip äkidilişi ýaly, şonuň suwuny hem teberruk edip töwereklere äkidýärler.

9."Ebi-ynebe guýusy" – şol guýy iň süýji suwly guýudyr. Häzirki zamandaky Wezi diýilýän guýy bolmagy mümkindir. Pygamber a.s Bedir urşunda goşunlaryny şu guýuda düşledipdir.

10."Enes ibni Mälik guýusy" – ygtybarly gürrüňe görä häzirki wagtda şonuň adyna "Zenatyýýe" diýip at berýärler. Pygamber a.s şu guýa mübärek tüküligini taşlap, şonuň suwundan içipdir. Onuň üçin bu guýy hem bereketli guýudyr.

11."Ruwmeh guýusy" – bu guýy aslynda bir ýehudynyňkydy, musulmanlara şondan suw bermezdi. Pygamber a.s kimde-kim Ruwmeh guýusyny musulmanlar üçin satyn alsa, şonuň üçin jennet bardyr diýende hezreti Osman özi satyn alyp musulmanlaryň erkinde goýdy. Pygamber a.s: Ne beýle ýagşy sadakadyr, Osmanyň eden sadakasy diýdi.

12."Sukýa guýusy" – bu guýy hezreti Alynyň guýusyna gidýänleriň solunda galýandyr. Pygamber a.s şu guýudan suw içip doga edipdir.

Medine-Munewwerede bu sanalan guýulardan başga, Pygamber a.s-yň baryp suwundan içip, täret alyp özüne doga eden guýular ýene köpdür, olaryň atlary şulardyr: Agwäf guýusy, Unä guýusy, Jäsum guýusy, Jemel guýusy, Hulweh guýusy, Zerig guýusy, Akabeh guýusy, Karasah guýusy, Kureýsah guýusy. Häzirki wagtlarda bu guýularyň köpüsi ýok bolmagy mümkindir, eger bar bolsa şolaryň suwundan içip we täret gylyp, gusul edip bereketlenmek gerekdir (m) .



MEDINE MUNEWWERÄNIŇ TEBERRUK METJITLERI

Mufrid Medine-Munewweräniň bereketli guýularyna barandan soňra, Mesjidin-Nebiden başga-da gadymy metjitlere baryp, tebberuk üçin iki rekagat namaz okamaly. Pygamber a.s-yň baryp namaz okan metjitleri käbir alymlar 30 metjit diýipdirler. Emma ondan artykmaç bolmaklygy-da mümkindir. Şol metjitleriň atlary şulardyr:



1."Mesjidi Kuba" Kuba diýýäni Medinäniň ileri tarapyndan Medineden 4 km uzaklykda ýerleşen bir obadyr. Pygamber a.s Mekgeden göçüp, Medinä gelende ilki bilen şol ýerde namaz okady we şol metjidi gurdy. Bu metjit takwalyga bina edilen metjitdir. Pygamber a.s her hepde-de şu metjide gelerdi. Şonuň fazylaty hakda Pygamber s.a aýdypdyr: "Her kim täret kylyp şu metjitde iki rekagat namaz okasa, göýä Beýtulla baryp umra eden ýaly sogap gazanar" Başga bir gepinde hem şeýle diýýär: "Men şu metjitde iki rekagat namaz okamaklygymy Beýtilmukaddese iki gezek baryp gelmegimdem gowy görýärin, Eger musulmanlar şu Mesjidi Kubada edilen ybadatyň fazylatlaryny bilsediler, hökman olar düýeleriniň bykynlaryny depgiläp çapyşyp, bir-birinden öň geljek bolardylar". Şunuň ýaly Mesjidi Kubanyň fazylaty hakda gelen hadyslar köpdür. Onuň için musulman doganlar biliň, şol fazylatlardan paýsyz galmaň!

2."Mesjidul-Kyblateýni" ýagny iki kyblanyň eýesi bolan metjit. Hezreti Resulekrem s.a.w we onuň sahabalary Taňry tebärek we tagalanyň emri bilen birnäçe wagtlap namazlaryny Beýtul-Mukaddese bakyp okadylar. Beýtil-Mukaddes1 Medine-Munewweräniň gaýra tarapy, Beýtulla şerifde ileri tarapy bolýar. Kyblanyň Beýtil-Mukaddes wagtynda beniseleme diýen taýpadan Ummy Beşer ibn el-Berra diýen aýal nahar bişirip sadaka berip, Pygamber a.s-my çagyrdy. Öýläniň wagtynda Pygamber a.s we sahabalar şolaryň metjidinde namaz okap durdylar. Öýläniň iki rekagat parzyny okap duran wagtynda Allatagaladan Beýtulla şerife bakmaly diýip buýruk geldi. Edil şol pursat Pygamber a.s Beýtulla bakdy, ýagny öýläniň galan iki rekagatyny Beýtulla bakyp okady we yzyndaky uýup duranlar hem Beýtulla bakdylar. Erkek adamlar aýallaryň ýerine geçdiler, aýallar-da erkek adamlaryň ýerlerine geçdiler. Şol okalan öýle namazynyň iki kyblasy boldy, ýarysynyň kyblasy Beýtul-Mukaddes boldy we ýarysynyň kyblasy Mekge boldy. Bu metjit iki mihrabyň1 eýesi bolansoň, şoňa Mesjidi-kyblateýni diýdiler. Biz Harameýni-şerifeýne birinji baranymyzda, şonuň gadymky binasyny gördük. Şonda iki mihrab bardy: biri gaýra tarapynda, ol biri ileri tarapynda.

3."Mesjidul-jumga" bu metjide "Mesjidul-wädi" diýip hem aýdýarlar. Pygamber a.s-yň Medine munewwerede birinji jumga namazyny okan ýeridir. Onuň üçin şuňa Mesjidi-jumga diýýärler.

4."Mesjidul-fazyh" häzir bu metjit Mesjiduş-şems diýip atlandyrýarlar. Bu Mesjidu-Kubanyň gündogarynda, oýuň kenarynda, beýik ýerdedir.

5. "Mesjidu beni kuraýzah" bu metjit Mesjiduş-şemsiň gündogarynda uzakdadyr.



6."Mesjidu Meşrube ummi Ybrahim" Meşrube

diýýäni bir bagy-bossandyr. Pygamber a.s-yň gyrnagy Märiýe Kybtyýýe. Hezreti Ybrahym jany dogurmak üçin burgusu tutanda, şol bagy-bossana gelip bir agaja ýapyşypdyr. Şol agaç şol zamanda meşhurdyr. Pygamber a.s şol ýerde namaz okapdyr, onuň üçin şol metjide Mesjidu-Ybrahim diýýärler.



7. "Mesjidu beni zafar" şu metjide häzirki wagtda Mesjidul-bagla diýýärler. Bu metjit Bakygyň gündogarynda, hezreti Fatyma binti Esediň kümmetiniň ýanyndadyr. Şu metjitde bir daş bardyr. Pygamber a.s şol daşda oturypdyr. Haýsy bir çagasy bolmaýan aýal baryp şol daşda oturanda göwreli bolup çaga dogurýandyr.

8. "Mesjidul-ijäbe" şu metjide “Mesjidi beni Muawiýe ibni Mälikˮ diýip hem aýdýarlar. Bir gün Pygamber a.s şu metjide gelip iki rekagat namaz okap, Allatagala köp ýalbaryp üç zat diledi: birinjisi Eý, bar Hudaýa! Meniň ymmatymy gurakçylyk bilen heläk edip, ählisini ýok etme diýdi. Allatagala bu dilegini kabul etdi. Ikinjisi: Eý bar Hudaýa! Meniň ymmatyma tupan getirip, suwa gark edip olaryň ählisini ýok etme diýdi. Allatagala bu dilegini kabul etdi. Üçünjisi; Eý, bar hudaýa! Meniň ymmatym agzala bolup, olaryň arasynda duşmançylyk bolmasyn diýdi. Allatagala bu dilegine jogap bermedi. Ynha şu ýerde Pygamber a.s-yň dogalarynyň köpüsi kabul bolansoň, bu metjide Mesjidul-ijäbe diýip at dakdylar.

9."Mesjidul-Feth" şoňa Mesjidul-Ahzab we Mesjidul-aglä diýip hem aýdýarlar. Käbir alymlar ýedi metjit diýýärler. Çünki şol ýerde başga-da metjitler bardyr. Şol metjitleriň barysyna Mesäjidul-feth diýip at berýärler. Mesjidu-Ebubekir, Mesjidu-Omar, Mesjidu-Aly, Mesjidu-Fatyma we Mesjidu-Selman parsy.

10."Mesjidu beni Haram"

11." Mesjidu-Sukýä"

12. "Mesjidu-zubäb" Şu zamanda bu metjide Mesjidur-Raýa diýip aýdýarlar. Zubäb Medinede bir dagyň adydyr. Metjit şol dagda bolansoň, şonuň bilen adygypdyr.

13."Mesjidu-kabyh" Uhud dagyna ýanaşyk bolan metjitdir.

14. "Mesjidu-rukni aýneýni" bu metjit hezreti Hamzanyň gabrynyň ileri tarapyndadyr. Uhudyň urşunda ok atýanlaryň duran ýerleridir.

15."Mesjidul-asker" bu metjit oýuň kenarynda Aýneýniň ýakynyndadyr.

16."Mesjidu Ebizer Gyfary".

17. "Mesjidu Ubeý ibni Kagb" şu metjide “Mesjidu-beni jedileˮ diýip hem aýdýarlar.

18."Mesjidu-zylhalyfa" şu metjit Medinelileriň haj we umra üçin mikatlarydyr.

Yüklə 2,02 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   10   11   12   13   14   15   16   17   ...   23




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin