Haja we umra gidýänlere haj we umranyň düzgünlerini beýan etmeklikde zyýaratçylara sowgat تالیف: الحاج عبدالرحمن آخوند تنگلی طانا



Yüklə 2,02 Mb.
səhifə17/23
tarix30.10.2017
ölçüsü2,02 Mb.
#22583
1   ...   13   14   15   16   17   18   19   20   ...   23

BAŞGA BIRINIŇ ADYNA HAJ ETMEK

Musulmanlaryň borjy bolan ybadat üç hilidir.



Birinjisi: Ybadat bedeniýýe ýagny, diňe beden bilen edilýän ybadat. Meselem: namaz okamak we oraza tutmak. Bu ybadaty her kimiň diňe özi etmeli, başga birine etdirmekligi dogry däldir. Özi başarýan bolsun, başarmaýan bolsun tapawudy ýok.

Ikinjisi: Ybadaty maliýýe, ýagny diňe mal bilen edilýän ybadat. Meselem: ekinden hüşür çykarmak we maldan, puldan zekat bermek. Bu ybadaty özi etmekligi dogry bolşy ýaly, başga birine-de etdirmekligi dogrudyr. Özi başarýan bolsun, başarmaýan bolsun tapawudy ýok.

Üçünjisi: Ybadaty murakkebeh, ýagny beden we mal bilen gatyşyp edilýän ybadat: Meselem: haj etmek. Bu ybadaty başarýan bolsa diňe özi etmeli, başga birine etdirmekligi dogry däldir. Eger özi etmekligi başarmasa, şol başarmasyzlygy tä ölýänçä dowam etjek bolsa, şonda başga birine etdirmekligi dogrudyr. Eger ölmezinden öň başarmasyzlyga sebäp bolýan zat aýrylyp, özi etmekligi başarsa, onda öňki öz tarapyndan etdiren hajyny täzeden, özüniň gaýtalamaklygy parzdyr. Başga biriniň tarapyndan haj etmeklige haj-nyýabat we haj-bedel diýip aýdylýar. Öz tarapyndan haj etmek üçin başga birini iberýän adama Ämir diýilýär. Başga biriniň tarapyndan haj etmek üçin iberilýän adama me'mur diýilýär. Şu nyýabat hajyň dogry bolmaklygy üçin 20 şert bardyr.

Birinjisi: Ämiriň boýnuna haj parz bolan bolmaly, eger boýnuna haj parz bolmadyk garyp ýa garypdan başga biri (däli, şerigat boýunça kämillik ýaşyna ýetmedik) öz tarapyndan haj etdirse, eger şol etdiren hajyndan soňra boýnuna haj parz bolsa, şol etdiren hajy parz hajdan bolmaz. Çünki geçen zamanda, boýnuna parz bolman etdiren hajy, soňky boýnuna parz bolan hajyň ýerini tutmaz.

Ikinjisi: Ämiriň haj edip başarmasyzlygy haj etdiren wagtyndan tä ölýänçä dowam etmeli. Tussagda bolmak, ýarawsyz bolmak, kör bolmak, agsak bolmak, garry bolmak, mähremsiz1 bolmak, ýol parahatçylygynyň aýrylmagy. Şu ýagdaýlaryň barysy bilen haj edip başarmasyzlyk tapylar. Şu ýagdaýlaryň her birine duçar bolan adam öz tarapyndan haj etdirse, eger şol ämiriň haj edip başarmasyzlyga sebäp bolýan zady tä ölýänçä dowam etse, şol etdiren hajy parz hajdan bolar. Eger ämiriň haj edip başarmasyzlyga sebäp bolýan zady ölmezinden öň aýrylsa şol wagtda täzeden, özüniň haj etmekligi parz bolar. Öňki etdiren hajy nefil hajdan bolar.

Üçünjisi: Ämiri haj etmeginden gadagan edýän zat öz tarapyndan başga birine haj etdirmezinden öň tapylmaly. Onuň üçin jany sag adam öz tarapyndan haj etdirse, ondan soňra merizlese, şonuň etdiren hajy parz hajdan bolmaz.

Dördünjisi: Ämir öz tarapyndan başga birine haj etmekligi buýurmaly. Eger buýurmadyk ýagdaýynda onuň tarapyndan başga biri haj etse dogry bolmaz. Eger haj etmek bilen wesýet eden bolsa keseki ýa-da onuň mirasdüşeri onuň tarapyndan nefil haj etse, ol dogry bolmaz, ýagny ämiriň wesýet eden parz hajyndan bolmaz. Meselem: Eger Ahmet öz tarapyndan haj ediň diýip wesýet etmedik bolsa, Ahmediň kämillik we belagat ýaşyna ýeten mirasdüşeriniň özi kakasyna hormat edip, şonuň tarapyndan haj etse ýa birine etdirse, ýa-da başga bir mirasdüşeri hormat edip Ahmediň tarapyndan haj etse, şol haj Ahmediň parz hajyndan hasap bolar, Inşä Allahu tagala.

Gepiň gysgasy, bir adama haj parz bolandan soňra, haj etmän ölse we ölmezinden öň: Eger men haj parzymy bitirmän öläýsem, meniň tarapymdan hökman haj ediň ýa etdiriň diýip wesýet eden bolsa, şonuň maly bilen şonuň tarapyndan haj edilse, şol edilen haj ölen adamyň parz hajyndan bolar. Eger ol adam meniň tarapymdan haj ediň diýip wesýet etmedik bolsa, şonuň tarapyndan bir kişi haj etse, ol kişi şol ölen adamyň mirasdüşeri bolsun, ýa keseki bolsun tapawudy ýok, Allatagala halasa bularyň-da eden hajy şol ölen adamyň parz hajyndan bolar.



Bäşinjisi: Sahyh kowla görä, kireý şert etmesizlik. Eger kireý şert etse, bu haj me'muryň hajy bolar, ämiriň hajy bolmaz. Meselem: Ämir bir adamy kireýine tutup: "Men seni öz tarapymdan haj etmeklige bir million manada kireýine tutýan" diýip aýtsa, bu haj ämirden dogry bolmaz. Eger ämir: "Men saňa öz tarapymdan haj etmekligi buýurýaryn" diýip aýtsa, kireýiň gürrüňinem etmese, onda bu haj dogry bolar. Gepiň gysgasy haj etmek üçin kireý almaklygy hanafy mezhebiň "Bidaýa", "Wakaýa", "Kudury", "Muhtar", "Multaky", "Kenz", "Tenwir", "Gurar", "Mujmag", "Tuhfä" we ş.m ýaly birnäçe ygtybarly kytaplarda dogry däl diýip aýdylypdyr.

Hezreti Hatymetul-muhakkykyn Şeýh Muhammet Emin bin Abidin aýdypdyr: "Geçen alymlar ylym öwretmek üçin, azan aýtmak üçin, ymam bolmak üçin kireý almaklygy zerur ýagdaýda dogry diýseler-de, haj etmek üçin kireý almak dogry däldir. Çünki haj etmek üçin bir adamy kireýine tutmaklygyň zerurlygy ýokdur. Başga biriniň deregine haj etmeklik ýolunda me'mur ýol kireýini we iýjek-içjegini ölen adamyň pulundan harj edip bilýändir." Emma Müsürde hanafy mezhebiniň beýik fykh alymy bolan hezreti Şeýh Allama Abdulkadyr Rafygy Faruky aýdypdyr: "Şu zamanda haj üçin kireý almaklygyň dogrulygyna zerurlyk bardyr, diňe ýol harjyna kanagatlanyp başga biriniň tarapyndan haj edip berýän tapylmaýar, onuň üçin bu mesele-de göýä Kuran öwretmek ýaly zerurlykdan bolýar. "

Şol Allama Sened ýurdundaky (Pakistanyň birnäçe ilatlary) hanafy alymlaryň tassyklaýany hezreti Şeýh Muhammet Haşymyň "Fara'izul-yslam" atly kitabynda Abu Hasan Gandarynyň Kefaýasyndan alyp “Bahyr amykˮ we “Şerhy mensekdeˮ aýdan geplerini anyk açyklady we haj üçin kireýine adam tutmak dogry diýdi. Şol haj-da ölen adamyň parz hajyndan bolýar diýdi we şu höküm Ebu Hanyfadan asyl bolan rowaýatdyr diýip aýtdy. “Bahyr amykˮ hem “Şu dogry hökümdirˮ diýip artdyrdy. Hezreti Allama Huseýin bin Muhammet sagyt Abdylgany el-Mekgi el-Hanafy hem özüniň "Yrşad es-Sary" atly kitabynda haj edip kireý almak meselesini şu aýdylyşy ýaly beýan etdi.

Hezreti Hatyma el-Mufessiriýn Şeýh Ysmaýyl Hakky Birusy aýdýar: "Azan, kamat aýtmak, wagyz nesihat bermek, ders okatmak, haja we urşa gitmek, Kuran we ylym öwretmek üçin kireý almaklygyň dogrulygyna petwa1 berdiler"

Allama ustad Wehbe ez-Zähili aýdýar: "Fykh alymlary we hanafy mezhebiniň soňky geçen alymlary haj etmek üçin we beýleki tagat ybadatlar üçin kireý almaklygy dogry etdiler "

Hezreti Ymam Kazy Kuzat Hasan Ebimansur Uzjendi öz “Fetawaˮ kitabynda aýdypdyr: "Tussag edilen adam özüniň parz hajyny bitirtmek üçin bir kişini kireýine tutup öz tarapyndan haj etdirse, eger şol adam tussagdan çykman ölse, şonuň etdiren hajy dogry bolar. Şol haj edýän üçin-de eden işiniň kireýi bardyr. (Zahyr rowaýatda)"

"Kefaýa" diýen kitapda "Ebuhanyfa rahimahulladan rowaýat edilen kanuna görä, eger bir adamy mikatdan tutup öz tarapyndan haj etdirse, şonuň eden hajy, şol öz tarapyndan haj etdireniň hajy bolar" diýip aýdylypdyr we Şemsul-Ä'imme es-Sarahsy hem ýokardaky aýdylyşy ýaly diýýär. "Biziň ýolumyz-da şudur" diýip Allama Molla Alyýýul Kary aýdypdyr.

Altynjysy: Me'mur ämiriň hasabyna (puluna, zadyna we ş.m) haj etmeli. Eger me'mur hormat edip öz hasabyna haj etse, ol dogry bolmaz. Şu ýerde esasy harjynyň köpüsi ämiriň pulundan bolmaly. Harjyň köpüsini ämir berip, az mukdaryny me'mur özünden harj etse, ol şübhesiz dogry bolar. Bir adamyň ogly kakasynyň tarapyndan, haj üçin eden harjyny terekeden almak niýet bilen öz puluna haj etse, şonda munuň eden hajy kakasynyň parz hajyndan bolar. Eger terekeden almak niýeti bolmasa, onda munuň hajy kakasynyň parz hajyndan bolmaz, hatda kakasy öz puluňdan harj etgin, terekeden almagyn diýip buýuran bolsa-sa dogry bolmaz.

Ýedinjisi:Ulaga münüp gitmeli, piýada gitmeli däl. Eger piýada gitse, onda ýol harjyny me'muryň özi tölär.

Sekizinjisi: Eger ölen adamyň malynyň üçden biri hajyň çykdajylaryna ýetse, şol ölen adamyň öz ýurdundan ibermeli. Eger malynyň üçden biri öz ýurdundan ibermeklige ýetmese, onda malynyň üçden biriniň hajyň çykdajylaryna ýetjek ýurtdan ibermeli. Eger mikatyň daşyndan hiç ýerden ibermek mümkin bolmasa, ýagny ölen adamyň maly şoňa ýetmese, onda wesýeti biderek bolýar. Ymam Agzamyň aýtmagyna görä, bir adam özüniň parz hajyny bitirmek üçin çykanda, ýolda ölse we meniň haj parzymy bitiriň diýip wesýet etse, şonuň öz ýurdundan bir adamy iberip haj etdirmeli. Emma Ymameýne görä, şol adamyň ölen ýerinden ibermeli.

“Jämigul-kebirˮ diýen kitabyň şerhinde ýazylypdyr: "Bir adam hajyň ýoluna çykyp ölse, eger iki ýeriň birini belläp, şondan iberiň diýip wesýet eden bolsa, ýagny ölen ýerini ýa-da obasyny, başga ýeri aýtmadyk bolsa, şonda diňe aýdan ýerinden ibermeli. Eger şol iki ýeriň birini belli etmedik bolsa, istihsanan (ýeňňillik etmek üçin) ölen ýerinden ibermeli, kyýasan (kanun boýunça) öz obasyndan ibermeli ".

Ymam Şemsul-Ä'imme aýtdy: "Şol haj niýeti bilen çykan adam öýünden çykanda ozal baýlyk ýagdaýynda çykyp, men ölsem meniň üçin haj etdiriň diýip, bir ýer bellemän umuman aýtsa, şonuň öz ýaşaýan ýerinden ibermeli. Eger şol ölen ýerinde baýan bolsa, onda şol ýerden ibermeli. Eger haj etmek niýeti bolman başga bir maksat bilen sapara çykyp ölse we meniň tarapymdan haj ediň diýip wesýet etse, onda alymlara görä şonuň öz ýaşaýan ýerinden ibermeli. Eger wesýet edýän birnäçe ýurtda ýaşaýan bolsa haýsy biri Mekgä ýakyn bolsa şondan ibermeli. Eger düýbünden Watany ýok bolsa, onuň ölen ýerinden ýerine bir adam ibermeli. Eger öz Watany bar adam, başga Watandan iberilmegi wesýet etse, şonda Mekgä ýakyn bolsun ýa daş bolsun tapawudy ýok, şol wesýet eden ýerinden ibermeli. Eger Eýranly adam Mekgeden iberiň diýip wesýet etse we Mekgeli-de Eýrandan iberiň diýip wesýet etse, bular öz ýurtlarynda baýan bolsa, her haýsyny öz ýurdundan ibermeli. Emma Mekgeli Eýranda baýan bolsa we Eýranly Mekgede baýan bolsa, ikisi-de öz taraplaryndan haj parzlaryny bitiriň diýip wesýet etseler, her haýsy üçin özüniň boýnuna haj parz bolan ýerinden ibermeli".

Mekgeli adam Eýranda ölse we öz tarapyndan Kyran haj etmegi wesýet eden bolsa, şoňa Eýrandan iberilip kyran haj etdiriler. Çünki Mekgeliler üçin kyran ýokdur. Eger bir ölen adamyň boýnuna öz obasynda haj parz bolan bolsa, şol adamyň nemaýendesi1 şonuň tarapyndan başga bir obadan haj etse, şol haj üçin eden harjyny özi tölär, eden hajy hem şol nemaýendäniň öz tarapyndan bolar, ölen adamdan bolmaz. Ölen adam üçin täzeden haj etmeli bolar. Eger nemaýendäniň giden obasy ölen adamyň obsyna ýakyn bolsa, ýagny ertir bilen şol oba giden adam, agşama çenli yzyna gelip bilýän bolsa, şonda harjy tölemek gerek däl, nemaýendäniň eden hajy ölen adamdan bolar.



Dokuzynjysy: Niýetdir, ýagny me'mur yhrama girende ämiriň tarapyndan niýet etmeli ýa yhrama girenden soňra, hajyň işlerine başlamazyndan öň ämiriň tarapyndan niýet etmeli, şonuň tarapyndan telbiýe-de aýtmaly. Niýeti şu hilidir:

«اَللّهُمَّ اِنِّي اُرِيدُ الحَجَّ وَ نَوَيتُهُ وَ اَحرَمتُ بِهِ عَن فُلانِ بنِ فُلانٍ للهِ تَعَالَي فَيَسِّرهُ لِي وَ تَقَبَّلهُ مِنِّي وَ مِنهُ»

Terjime: Eý, bar Hudaýa! Hakykatdanam men pylanynyň ogly pylanynyň tarapyndan haj etmekligi isleýärin we haj etmekligi niýet edýärin we haja yhram baglaýaryn, Hudaý üçin. Şu hajy meniň üçin aňsat et, menden we pylanynyň ogly pylanydan kabul et.

Ondan soňra telbiýe aýtmaly, telbiýeden soňra:

«لَبَّيكَ بِحَجَّةٍ عَن فُلان بنِ فُلان» lebbeýke bihajjetin an fulany-bni fulanin diýmeli.

Terjime: Seniň emriňe boýun boldum haj etmek bilen, pylanynyň ogly pylanynyň tarapyndan.

Niýeti dil bilen we ýürek bilen aýtmaly. Eger dile getirmän diňe ýürek bilen aýtsa-da ýeterlik bolar. Eger me'mur öz ämiriniň adyny ýadyndan çykarsa we şol hajy öz ämiriniň tarapyndan edýän diýip aýtsa-da dogry bolar. Eger yhram baglanda hiç kimiň adyny tutman diňe haja yhram baglaýan diýse, şol yhramy hajyň işlerine başlamazyndan öň, halan adamsyna niýet etmegi dogry bolar, özüne niýet etsin ýa başga birine niýet etsin tapawudy ýok. Molla Alyýýul Kary aýdypdyr: "Me'mur öz haj parzyny öň bitiren bolsa hiç kimiň adyna niýet etmän yhram baglan bolsa, halan adamsyna niýet etmegi dogry bolar. Eger haj parzyny bitirmedik bolsa, başga birine niýet etmekligi dogry bolmaz. Eger başga biriniň adyna niýet etse-de diňe, me'muryň öz tarapyndan bolar (hezreti Şafygy r.a we onuň yzyna düşýänlere görä)".

Onunjy: Me'mur öz ämiriniň mikatyndan yhram baglamaly. Oňa görä, diňe haj etmek üçin iberlen adam temettug haj etse dogry bolmaz. Ýagny, ämiriň haj parzyndan hasap bolmaz, çünki bu me'muryň eden hajy mikatdan bolmady, haj üçin edilen harjy hem özi tölär. Gepiň gysgasy, haj üçin iberlen adam şol saparda diňe umra niýet baglasa, mikatdan baglasyn ýa makatdan başga ýerden baglasyn tapawudy ýok, umra edenden soň haj etse, mikatdan yhram baglap haj etsin ýa makatdan başga ýerden yhram baglap haj etsin tapawudy ýok, alymlaryň jemleşmegine görä, şonuň eden hajy ämirden bolmaz.

Eger ämir diňe haj et diýip buýran bolsa, me'mur hem şol haja ämir üçin umrany goşsa, hezreti Ymam Agzama görä şol me'mur ämiriniň tersine gitdi. Emma Ymameýne görä, me'mur ämiriniň tersine gitmedi, tersine gidişiniň hökümi 13-nji şertde geler.



On birinjisi: Me'mur ölen adamyň tarapyndan diňe özi

haj etmeli. Eger me'mur meriz bolup ýa tussag edilip ýa başga bir sebäp bilen özi edip başarman, ölen adamyň tarapyndan başga birine haj etdirse, ol edilen haj ölen adamdan bolmaz. Me'murdan-da bolmaz, owalky me'mur we ikilenji me'mur ikisi-de edilen harjy tölär. Eger me'mur haj etmekden ejiz bolan ýagdaýynda, puluny başga birine berip haj etdirmeklige rugsat beren bolsa, ol suratda puluny başga birine berip haj etdirmek dogry bolar, haj hem ölen adamdan bolar. Emma owalky me'muryň ämiri malyny berende halan ýagdaýyňda haj et diýip aýdan bolsa, ol me'mur ämiriň puluny başga kişä berip haj etdirmekligi dogry bolar. Meriz bolsun ýa meriz bolmasyn tapawudy ýok.



On ikinjisi: Me'mur eden hajyny bozmaly däl. Eger wukufdan öň jymag edip hajyny bozsa, ämirden hasap edilmez we edilen harjy-da özi tölär. Çünki bu me'mur ämiriniň tersine gitdi. Onuň üçin şu me'muryň boýnuna şol bozan hajyny kaza etmek we öz pulundan şonuň jenaýaty üçin dem çalmak lazym bolar. Göýä beýleki jenaýatlar-da öz pulundan lazym bolşy ýaly. Şu me'mur bozan hajyny ikilenji ýylda kaza etse, şol kaza-da özünden hasap bolar, ölen adamdan bolmaz hem-de şol me'muryň boýnuna ölen adam üçin kaza edilen hajdan, başga bir haj etmek lazym bolar.

On üçünjisi: Me'mur ämiriň tersine gitmeli däl, eger ämir “haj yfrad etˮ diýip buýursa me'mur-da şol ämiriň tarapyndan haj kyran ýa haj temettug etse, şol haj ämirden hasap edilmez, çünki bu me'mur ämiriniň tersine gitdi. Onuň üçin me'mur Ymam Agzama görä, edilen harjy özi tölemeli. Ymameýne görä, istihsan ( ýeňillik üçin rugsat bermek) jähtli şol haj ämirden dogry bolar. Eger me'mur iki hajyň birini özi üçin ýa gaýry üçin niýet etse, ol birini hem ämir üçin niýet etse, şu me'mur ämirine garşy gitdigidir we ijmag jähitli (iki hajy birikdirendigi sebäpli) harjy-da özi tölär. Eger me'muryň iki ämiri bolsa, biri haj etmegi buýursa, ol biri-de umra etmegi buýursa we ikisi-de şu me'mura umra bilen hajy birikdirmeklige rugsat berseler, me'mur-da şu iki hajy birikdirse, öz ämirine ters bolmaz, eger iki hajy birikdirmeklige rugsat bermeseler me'mur ikisini birikdirse Ymam Agzama görä dogry bolmaz.

Eger ämir haj et diýip buýran bolsa, me'mur ämir üçin ýa ämirden başga biri üçin umra etse, bu me'mur ämiriniň tersine gitdi, çünki haj saparyny umra saparyna öwürdi.

Gepiň gysgasy, bir adamy bir kişiniň tarapyndan haj etdirmek üçin iberlende, ol adam öňi bilen özi üçin umra etse, ondan soňra şol adam üçin haj etse, şu adam öz ämiriniň tersi boldy. Onuň üçin eden harjlaryny ämire tölemeli we munuň bu eden hajy öz boýnuna parz bolan hajdan-da bolmaz, çünki özi üçin niýet etmedi we niýeti umumy-da goýmady. Eger ämir umra et diýip buýursa me'mur hem ämir üçin umra etse, ondan soňra özi üçin haj etse ýa ämir haj et diýip buýursa me'mur-da ämir üçin haj etse, ondan soňra özi üçin umra etse dogry bolar. Emma owalky suratda haj jähtli eden çykdajysy we ikilenji suratda umra jähtli eden çykdajysy me'muryň öz pulundan bolar. Me'mur özi üçin eden hajyndan ýa umrasyndan boşanda ýene ämiriň pulundan harj edip biler. Eger ämir umra et diýip buýursa me'mur ämir üçin haj etse, ondan soňra özi üçin umra etse ýa me'mur özi üçin haj etse, ondan soňra ämir üçin umra etse, ýa-da ämir haj et diýip buýursa me'mur ämir üçin ýa özi üçin umra etse, ondan soňra ämir üçin haj etse, şu ýagdaýlaryň hiç biri-de dogry bolmaz.

On dördünjisi: Diňe bir haja yhram baglamaly, eger iki haja yhram baglasa birini öz tarapyndan, ol birini ämiriň tarapyndan ýa birini ämiriň tarapyndan, ol birini öz tarapyndan şu ýagdaýlaryň hiç biri-de dogry bolmaz. Eger öz tarapyndan niýet eden hajyny taşlasa, onda dogry bolar we munuň eden hajy ämiriň tarapyndan haj etdigi bolar.

On bäşinjisi: Bir adam üçin yhram baglamaly. Eger iki adam şuňa haj et diýip emir eden bolsa, bu me'mur-da şol iki ämir üçin yhram baglasa, bu ýagdaý hem tersligiň bir görnüşidir. Oňa görä me'mur iki ämir üçin edilen harjy özi tölär we bu edilen hajy hem me'muryň özi üçin haj etdigi bolar, ondan soňra şu hajy iki ämiriň biri üçin edilen haj diýip hasap etmek mümkin bolmaz.

Eger me'mur iki ämiriň belli biri üçin yhram baglasa, haj şonuň tarapyndan hasap ediler, ol biri üçin edilen harjy özi tölär. Emma me'mur iki ämiriň anyk birini belli etmese, eýsem “iki ämiriň birinden niýet edýänˮ diýip näbelli goýsa, hajyň amallaryna başlamazdan öň, iki ämiriň birini belli etmekligi dogry bolar, eger hajyň amallaryna başlandan soňra belli etse, hatda birje gezek towaf eden bolsa-da ýa Arafatda dursa-da dogry bolmaz. Ýöne ol haj öz-özünden me'muryň hajy bolar, ijmag jähtli (iki ämiriň birini belli etmän, iki hajy birikdirenligi sebäpli) we özi iki ämire-de ters hereket etdigi bolar, eger öz ata-enesiniň ikisinden ýa ikisiniň birinden emir bolman haj ýa umra etse, şol eden hajynyň ýa umrasynyň sogabyny ata-enesiniň ikisine ýa ikisinden birine bagyş etmek dogry bolar.



On altynjysy: Ämir we me'mur ikisi-de musulman bolmaly. Oňa görä musulmanyň kapyr üçin haj etmekligi dogry bolmaz. Haj etmek aňyrda dursun hatda hezreti Ymam Agzam: “Olar Haram şerifi Watan tutmadyk ýagdaýlarynda, olaryň Haram şerife girmekligi dogryˮ diýse-de, köp alymlaryň aýtmagyna görä, olaryň Haram şerife girmekligi dogry däldir.

On ýedinjisi: Ämir we me'mur ikisi-de akyly ýerinde bolmaly ämir öli bolsun ýa öli bolmasyn, ýagny öliniň akly doly ýetýän ýagdaýda haj buýruk bolup wesýet eden bolmaly ýa öliniň eýesi ýa nemaýendesi1 doly akyly ýerinde bolup, öliniň tarapyndan iberýän bolmaly we me'mur-da akyly kämil bolup ämiriň tarapyndan gidýän bolmaly. Oňa görä däliniň özünden başga bir adamyň ýerine haj etmekligi dogry bolmaz (şol başga bir adam sag bolsun ýa däli bolsun). Akyly kämil adamyň hem däli üçin haj etmekligi dogry bolmaz. Emma bir adama akyly kämil we şerigat boýunça kämillik ýaşa ýeten ýagdaýynda haj parz bolsa, ondan soňra dällirese, şol däliniň eýesi (hossary) şonuň tarapyndan haj etmegi buýursa, şu ýagdaýda şol däli üçin haj etmek dogry bolar.

On sekizinjisi: Me'mur tapawutlandyryp bilýän bolmaly, ýagny ýagşy bilen ýamany bilýän bolmaly, gowy bilen erbedi saýgarýan bolmaly. Oňa görä peýdasy bilen zyýanyna parh bermeýän çaganyň başganyň tarapyndan haj etmekligi dogry bolmaz we şunuň ýaly murahykyň-da başganyň tarapyndan haj etmekligi dogry bolmaz. Murahyk diýýäni şerigat boýunça kämillik ýaşyna ýakynlap, ujudy galyp jymag etmeklige höwes edýän çagadyr. Emma Allama Molla Alyýýul Karynyň aýtmagyna görä, murahykyň başganyň tarapyndan haj etmekligi dogry bolar, çünki “Fetaweý syrajiýýeˮ atly kitapda gelipdir: “Başganyň tarapyndan haj edýän adam erkek bolsun, aýal bolsun ýa gul bolsun ýa gyrnak bolsun ýa murahyk bolan çaga bolsun, şunuň ýaly meriz adamyň-da başganyň tarapyndan haj etmekligi şeksiz dogry bolarˮ.

On dokuzynjysy: Öz erki bilen hajyny geçirmeli däl, eger öz hajatlaryna meşgul bolup hajyny geçirse, munuň ämiriň tarapyndan baglan yhramy dogry bolmaz we edilen harjy hem özi tölär. Emma geljek ýylda öliniň tarapyndan öz puly bilen haj etse onda dogry bolar. Eger özüniň erki bolman hajyny geçirse, meselem: merizleseб awtomobil heläkçiligine ýa başga bir heläkçilige sataşsa, ýa-da şular ýaly Ýer, asman belalaryndan bir bela duş bolup haja ýetişmän galsa, edilen harjy özi tölemez we öwrülip öz öýüne gelýänçä eden harjy diňe öz pulundan bolar. Şu me'muryň boýnuna geljek ýylda öz puly bilen öliniň tarapyndan haj etmek lazym bolar.

Emma “Ihtiýarˮ atly kitapda gelipdir: “Eger me'muryň hajy ýerine ýetilirmän geçse, merizlik jähtli ýa zyndan bolmak jähtli ýa kireýkeşi gaçyp gitmekligi jähtli ýa me'muryň awtoulagy heläk bolmagy jähtli şu me'muryň tä öwrülip öýüne gelýänçä öliniň pulundan harj etmekligi dogry bolarˮ. “Nawadiru ibni Semmägaˮ atly kitapda Muhammet rahimahullahu tagaladan rowaýat edilipdir: “Şu me'mur gidendäki iýjek-içjegini öliniň pulundan alar. Emma öwrülendäki iýjek-içjegini alyp bilmez. Emma Towaf Zyýarat etmezinden öň dolanyp öz öýüne gaýtsa, diňe öz pulundan harj edip gaýtmaly, öliniň malyndan harj etmeli dälˮ.



Ýigriminjisi: Me'mur diňe ämiriň belli eden adamsy bolmaly. Ondan başga adam bolmaly däl, meselem: eger ämir meniň tarapymdan diňe pylan adam haj etmeli ondan başga adam etmeli däl diýip aýdan bolsa we şonuň aýdan adamsy-da ölse, şonuň tarapyndan başga kişiniň haj etmekligi dogry bolmaz, eger ämir pylany meniň tarapymdan haj etsin diýip, ondan başgany-da gadagan etmese, pylany-da öläýse ol ýagdaýda pylanydan başgany iberip ämiriň tarapyndan haj etdirmek dogry bolar. Eger ämir öz tarapyndan haj edilmegini wesýet etse we bir adamy belli etmese we ol ämiriň mirasdüşerleri üýşüp şonuň tarapyndan kimi iberseler dogry bolar. “Mensekul- kermanyˮ atly kitapda gelipdir: “Eger ämir öz tarapyndan pylany haj etmeli diýip wesýet eden bolsa, ol pylany-da haj etmekden boýun gaçyrsa, ämiriň nemaýendesi şol pylanydan başga adamy iberse dogry bolar, eger pylany boýun gaçyrman ýagdaýynda nemaýende pylanydan başgany iberse onda-da dogry bolar, göýä wesýet edýäniň özüniň diri wagtynda bir adama öz tarapyndan haj etmegi buýrup, ondan soňra şol buýrugyndan dänmekligi dogry boluşy ýalyˮ

Başganyň tarapyndan haj etmeklikde şu 20 şertiň gerekli bolýany diňe parz bolan haj üçindir. Emma nefil haj üçin bu şertleriň köpüsi gerek däldir. Nefilde musulman, akyly kämil, dogry bilen egrini saýgarýan we niýet bolmagy ýeterlikdir. Emma Allama Rafigi özüniň “Takryratyndaˮ aýdypdyr: “Nefilde şol aýdylan şertleriň gerek däldigi bir adamyň emri bolman, şonuň tarapyndan mugut nefil haj eden ýagdaýyndadyr. Emma ämir pul berip öz tarapyndan nefil haj etdirmek üçin bir kişini iberse, ol kişi ämirine ters bolmaly däl we harjy-da şol ämiriň pulundan bolmaly. Şol edilen harjlaryň sogaby şol ämir üçin bolar ýaly".

Biziň hanafi mezhebimizde başganyň tarapyndan haj edýän adamyň, owal özi haja giden bolmagy şert däldir. Oňa görä heniz haja gitmedik adamyň-da başganyň tarapyndan haj etmekligi dogry bolar. Emma iň gowusy owal öz hajyny bitiren, alym adamy ibermekdir, üç delil jähtli:

Birinjisi: Öň haja giden adamy ýerine ibermeklikde yhtylafdan1 çykmak bardyr, çünki şafygy we hanbeli mezhepde owal öz hajyny bitirmedik adamyň başganyň tarapyndan haj etmekligi dogry däldir. Oňa görä öz haj parzyny bitiren adamyň ýerine gitmegi dört mezhepde hem şeksiz dogrudyr.

Ikinjisi: Owal öz parzyny boýnundan aýyrman başga biriniň parzyny bitirmeklige meşgul bolmak kemçilikden boş däldir. Onuň üçin hanafy we mäliki mezhepde owal özi üçin haj etmedik adamyň biriniň ýerine gitmekligi mekruhdyr, hatda dogry bolsa-da.


Yüklə 2,02 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   13   14   15   16   17   18   19   20   ...   23




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin