Haja we umra gidýänlere haj we umranyň düzgünlerini beýan etmeklikde zyýaratçylara sowgat تالیف: الحاج عبدالرحمن آخوند تنگلی طانا



Yüklə 2,02 Mb.
səhifə20/23
tarix30.10.2017
ölçüsü2,02 Mb.
#22583
1   ...   15   16   17   18   19   20   21   22   23

TYBLY SÜRME ÇALMAK

Eger özüne tyb garylan sürmäni köp gezek gözüne çalsa, dem çalmaly. Eger bir gezek ýa iki gezek çalsa sadaka bermeli (w). Eger tybsyz sürmäni gözüne çalsa, onuň zyýany ýokdur. Onuň üçin dem çalmak ýa sadaka bermek gerek däldir, emma iň gowusy şony çalmasyzlykdyr.


TYBLY ZADY IÝIP-IÇMEK

Eger tyb bolan zady köp iýse we şol iýlen tyb agzynyň köp ýerine ýapyşsa dem wajyp bolar, eger şol iýlen tyb az bolsa, agzynyň köpüsine ýapyşmasa Ymam Agzama görä sadaka wajyp bolar. Emma Ymameýne görä hiç bir jerime wajyp bolmaz (az iýsin, kän iýsin). Şu aýdanymyz tyby hiç zada goşman, şo durşyna iýse, emma şony tagama goşup iýse hiç bir jerime ýokdur (şoňa ot degsin ýa degmesin, ýa-da şonuň ysy belli bolsun, belli bolmasyn, emma ysy belli bolsa mekruhçylygy bardyr). Zagpyranyň tyblygyny ähli fykh alymlary aýtdylar. Oňa görä zagpyrandan köp iýen adam zagpyrany agzynyň köp ýerine ýapyşdyryp iýen bolsa dem çalmaly (w), eger azajyk iýen bolsa, hatda agyz suwuna gatyşyp agzynyň hemme ýerine degse-de, ol zagpyranyň göwresi agzynyň bar ýerine ýapyşmaýanlygy sebäpli dem çalmak gerek däl, ýöne sadaka bermeli (w).

Eger tyby bişirmän iýilýän zada goşulsa meselem: zagpyrany duza goşulsa, eger duz kän bolsa, hiç bir jerime ýokdur, emma zagpyranyň ysy bar bolsa, onda ony iýmek mekruhdyr, eger tyb köp bolsa, onda ony iýseň dem çalmaly (w), göýä arassa zagpyrany iýeňde dem çalnyşy ýaly. Eger tyby içilýän zada goşup içse meselem: zagpyrany ýa gül miýheki ýa ziýreni (ysly otuň ady) kofiýa ýa çaýa goşsa, eger tyb kän bolsa dem çalmaly (w), eger tyb az bolsa onda sadaka bermeli, haçanda şondan köp gezek içilse sadaka bermän dem çalmaly (w).
TYB BILEN DERMAN ETMEK

Eger arassa tyby ýa tyby köp bolan dermany ýarasyna ýapsa, şonuň üçin sadaka bermeli (w), haçanda şol ýapan tyby bir beden agzasyny doly gabasa ýa-da bir beden agzasyny gabaman, az bolan ýere köp gezek çalsa sadaka bermek ýeterlik bolmaz, bu ýagdaýlarda hökman dem çalmaly (w). Eger ýara gutulman galsa we şoňa ýapylan derman hem galsa ýa şol derman aýrylyp ýene goýulsa, hatda şoňa derman çalnyp dursa-da şonuň üçin bir gezek keffarat bermeli. Eger owalky ýara gutulmazyndan öň, şol bedende ýene ýara bolsa ýa endamynyň başga ýeri ýara bolsa, şol täze ýara bolan bedene hem owalky ýara bilen bile tyby ýa tyby köp bolan dermany çalsa, şu iki ýara çalnan dermany üçin bir keffarat bermek ýeterlikdir. Eger owalky ýara gutulandan soňra ikilenji ýara derman çalsa, owalky üçin keffarat beren bolsun isle bermedik bolsun, onda Şeýheýne görä iki keffarat bermeli (w). Emma Ymam Muhammet rahmetullaha görä, owalky üçin keffarat bermedik bolsa ikisine-de bir keffarat ýeterlikdir.


TYBYŇ BEDENDE ÝA LYBASDA HEMIŞELIK GALMAGY

Jerime wajyp bolmak üçin tybyň endamda hemişelik galmagyna wagt şert däldir. Emma lybasa çalnan tybyň lybasda hemişelik galmaklygy üçin wagt şertdir. Eger endamynyň hemmesine ýa bir doly beden agzasyna, ýa-da bir beden agzanyň köp ýerine, ýa az ýerine köp tyby ýapyşdyrsa, hatda şol tyby çalan sagatynda ýuwup aýyrsa-da, şoňa dem çalmaly (w), özi ýuwsun, başga birine ýuwdursyn tapawudy ýok. Emma iň gowusy şol tyby yhramsyz adama ýuwdurmakdyr.

Eger tyby lybasyna ýapyşdyrsa, soňra ony basym gazap ýa ýuwup aýyrsa, hatda şol tyb köp bolsa-da hiç bir zat lazym bolmaz. Eger şol tyb lybasda bir günläp galsa şoňa dem çalmaly (w), eger bir günden az bolsa sadaka bermeli (w).

LYBASA WE BEDENE TYBY WE GAÝRY ZATLARY ÇALMAK

Eger lybasyndan ini we boýy bir garyş ýerine tyb çalan bolsa, şol mukdar az diýlip hasap ediler, şol tyb şol lybasda bir gün dursa, şoňa sadaka bermeli (w), eger bir günden az dursa bir goşawyç sadaka bermeli, eger usfar ýa wers1 ýa zagpyran bilen doýrulan lybasyny bir gün geýse dem çalmaly (w), eger bir günden az geýse sadaka bermeli, eger Beýtullanyň halukyndan lybaslaryna köp zatlar ýapyşsa, şoňa dem çalmaly, eger az ýapyşsa sadaka bermeli. Eger özüne köp atyrlar sepilip yslandyrylan öýe girip köp wagtlap eglense we şol atyryň yslaryndan şonuň lybaslaryna siňse, şonuň üçin hiç bir jerime ýokdur.

Eger lybaslaryna atyr sepende şol atyrdan köp mukdar lybaslaryna ýapyşsa, şoňa dem çalmaly, eger az mukdar ýapyşsa sadaka bermeli, eger lybasa hiç zat ýapyşmasa hiç bir jerime bermeli däl, az bilen köpe parh bermekdäki kanun adata görädir. Adamlar adatda nä mukdara köp diýýärler we nä mukdara az diýýärler, şol adata görä bolmaly, eger adamlaryň arasynda belli adat ýok bolsa, ulanýanyň öz pikirine tabşyrmaly, ýagny şol lybasyna tyb çalan muhrimiň ýüregine baglydyr, eger ýüreginden şol tyby köp hasap etse, şoňa dem çalmaly. Eger ýüreginden şol tyby az hasap etse, şoňa sadaka bermeli.

Eger yhram baglanmazdan öň lybasyna atyr çalyp geýse, ondan soňra yhram baglasa munuň üçin hiç bir jerime ýokdur we yhramdan öň çalnan atyryň ysy galmaklygynyň zyýany ýokdur we şol atyry ysgamaklygynyň-da zyýany ýokdur we şony endamynyň bir ýerinden ol bir ýerine gozgamaklygynyň-da zyýany ýokdur, atyr satylýan dükanda oturmaklygynyň zyýany ýokdur, ýöne atyr ysgamak niýeti bilen otursa mekruhdyr. Eger müşkden ýa käfurdan ýa anbardan köp mukdary izäriniň ýa ridäsiniň ujuna daňsa dem çalmaly (w), eger az mukdary daňsa sadaka bermeli.

Eger kellesini ýa sakgalyny ýa elini suwuk hyna bilen ýuwsa dem çalmaly (w), eger hyna goýy bolsa kellesine ýapylsa erkek adam bolsa iki dem çalmaly. Biri tyblygy jähtli, ol biri-de örtmekligi jähtli, eger bir gije ýa bir gün dowam etse, ondan az bolsa örtmekligi üçin sadaka bermeli. Tyb jähtli dem çalmaly, eger kellesini wesme1 bilen boýasa, şol wesme goýy bolup ýapylsa, örtmekligi jähtli dem çalmaly, eger şol boýag bir günläp dursa. Eger bir günden az bolsa sadaka bermeli. Eger suwuk bolsa, onda onuň üçin hiç bir jerime ýokdur.

Eger kellesini hytmy2 bilen ýuwsa Ymam Agzama görä dem çalmaly (w), emma Ymameýne görä sadaka bermeli. Eger hytmy kellesine ýapylsa we kellesini örtse, iki dem çalmaly (w), eger kellesini ýa elini özünde tyb bolan eşnan (çogan) bilen ýuwsa, gören adam şoňa eşnan diýip at dakmasa sadaka bermeli, eger gören adam tyb diýip at daksa, onda dem çalmaly. Eger kellesini huruz (eşnan oty) ýa sabyn bilen ýa sidir3 bilen ýuwsa, eger şu zatlaryň hoşboý ysy bolmasa we tyb goşulmasa, hiç bir jerimesi ýokdur. Eger gaýnadylmadyk arassa zeýtun ýa künji ýagy bilen endamyny köp ýaglasa hezreti Ymam Agzama görä dem çalmaly (w), emma Ymameýne görä sadaka bermeli.

Eger şu iki ýagdan endamyna az çalsa, onda hemme alymlara görä sadaka bermeli, şu aýdylan höküm şu iki ýagy tyb jähtli ulansadyr. (Saçlaryna çalsyn ýa hamlaryna çalsyn, biziň mezhebimize görä). Emma bu ýaglary derman jähtli ulansa ýa iýse onda hemme alymlaryň aýtmagyna görä hiç bir jerime ýokdur. Eger arassa zeýtun ýagyny ýa arassa künji ýagyny iýse, ýa şu iki ýagyň her biri bilen aýagynyň ýaryklaryna çalsa, ýa ýara çalsa ýa iki gulaklaryna damdyrsa ýa burnuna çekse, şu işleriň hiç birinde jerime ýokdur.

Eger sary ýag bilen ýa et ýagy bilen ýa guýruk ýag bilen ýaglansa ýa şu ýaglary iýse hiç bir zat ýokdur.

Saç bilen hama çalmaklygyň hiç bir tapawudy ýokdur, tyb çalmakda erkek adam bilen aýalyň, bilgeşleýin çalýan bilen unudyp çalýanyň, güýç edilip çalýan bilen öz erkine hoşlygyna çalýanyň, bilkastdan çalýan bilen ýalňyşyp çalýanyň hiç bir tapwudy ýokdur. Eger muhrim başga bir muhrime tyb çalsa ýa bir halala tyb çalsa, çalýana hiç bir jerime ýokdur, göýä bir muhrim başga bir muhrima lybas gedirmekliginde hiç bir jerime bolmaýşy ýaly. Jerime özüne tyb çalnan muhrim bilen özüne lybas geýdirilen muhrime wajyp bolar. Emma tyb çalmak we lybas geýdirmekligiň, gaýrynyň jenaýatyna sebäp bolmaklygy jähtinden haramlygy bardyr.
ÜÇÜNJI BÖLÜM: KELLE SYRMAGYŇ WE TÜÝI AÝYRMAGYŇ HÖKÜMLERI

Eger kellesiniň hemmesini, ýa dörtden birini syrsa dem çalmaly (w). Eger dörtden birinden azyny syrsa sadaka bermeli (w) (sahyh we muhtar kowl ‒ dogry we saýlanan gep şudyr). Mezheb eýeleriniň köpüsi şuňa görädir. Eger muhrim kel bolsa, kellesinden syrylan saçlar dörtden biri mukdarly bolsa dem çalmaly (w), eger ol mukdardan az bolsa sadaka bermeli (w). Eger sakgalynyň hemmesini syrsa ýa dörtden birini syrsa dem çalmaly, eger ol mukdardan az syrsa sadaka bermeli. Eger sakgaly gaty ýuka bolsa, barysy birikdirilende dörtden bir mukdarly bolsa dem çalmaly, eger ol mukdardan az bolsa sadaka bermeli (w).

Eger kellesini, sakgalyny, iki goltugyny we hemme endamyndaky gyllary bir ýerde syrsa barysynyň ýerine bir dem çalmaly, eger ýerleri aýry-aýry bolsa onda her bir ýerinde bolan jenaýat üçin öz başyna jerime bermeli (w). Eger kellesini syrsa we şonuň üçin dem çalsa, ondan soňra şol ýerde sakgalyny syrsa, onda öz başyna dem çalmaly (w). Eger kellesini syryp şol ýerde tikinli lybas-da geýse, alymlaryň jemleşmegine görä, hatda şu iki jenaýatyň arasynda keffarat bermese-de iki dem çalmaly (w). Eger kellesini dört ýerde, her ýerde dörtden birini syrsa, alymlarynyň jemleşmegine görä, diňe bir dem çalmaly, eger owalkysy üçin keffarat bermedik bolsa (w).

Aýry-aýry syrmaklary jemleşdiriler, edil tyb çalmaklygy jemlenişi ýaly. Eger kelläniň dörtden birini köp ýerlerde syrsa-da şoňa dem çalmaly (w). Eger murtuň hemmesini ýa birnäçesini gyrksa ýa syrsa sadaka bermeli. Eger boýnunyň hemmesini syrsa alymlaryň jemleşmegine görä dem çalmaly, eger käbir ýerini syrsa sadaka bermeli (w). Eger gan aldyrjak ýerlerini syrsa Ymam Agzama görä dem çalmaly, Ymameýne görä sadaka bermeli (w). Eger iki goltugyny ýa iki goltugynyň birini syrsa ýa ütse, ýa nura çalyp aýyrsa dem çalmaly, eger bir goltukdan az bolsa sadaka bermeli (w).

Eger gursagyny ýa injigini ýa dyzyny ýa uýlugyny ýa çignini ýa goşaryny syrsa dem çalmaly, eger bu agzalardan azyny syrsa sadaka bermeli (w). Bu agzalardan dörtden biri hemmesiniň ýerinde oturmaz, emma gasyk öz başyna dem çalmaklyk wajyp edýän aýry bir agzadyr. Oňa görä gasygy syrýan dem çalmaly (w). Gyrkmak hem syrmaklygyň hökmündedir. Oňa görä her kim kellesiniň hemmesini ýa dörtden birini gyrksa dem çalmaly, eger gyrkany dörtden birinden az bolsa sadaka bermeli (w). Eger aýal saçynyň dörtden biriniň ujundan enmule (barmagyň bogny) mukdarly gyrksa dem çalmaly.

Eger muhrimiň kellesinden ýa sakgalyndan täret alanda ýa sypalanda ýa gaşanda üç gyl gaçsa, her bir gyl üçin tagamdan bir goşawyç, ýa çörekden bir bölek ýa bir hurma sadaka bermeli. Birnäçe fykh alymlary şu ýagdaýlarda garyba ýarym çanak tagam sadaka bermeli diýip aýdypdyrlar. Çörek ýa nahar bişirende birnäçe gyllary çyzgasa sadaka bermeli, eger merizligi sebäpli endamynyň gyllary dökülse, onda özüniň ygtyýary we kesbi bolmansoň, onuň üçin hiç bir jerime ýokdur. Şonuň ýaly ygtyýarsyz ot düşüp gyllary ýananda hem hiç bir jerime ýokdur.

Eger gözüniň içinde gyl gögerse, şony ýolmak bilen hiç bir zat ýokdur. Kellesinden hamyny aýyrmak niýeti bilen şol hamy gyly bilen aýyrmakda hiç bir jerime ýokdur. Kellesinden bir bölejik saçy syrsa ýa ütse şoňa ýarym çanak sadaka bermeli. Eger muhrim bir muhrimiň kellesini syrsa ýa bir halaly adamyň kellesini syrsa, şoňa sadaka bermeli, syrdyrýanyň emri bilen syrsyn ýa emri bolman syrsyn, ýa-da razyçylyk bilen syrsyn ýa zorluk bilen syrsyn, eger halaly muhrimiň kellesini syrsa, syrýan halala hiç bir jerime ýokdur, emma mekruhlygy bardyr, käbir fykh alymlary şuňa-da sadaka bermeli diýip aýtdylar. Eger muhrim bir muhrimiň murtuny gyrksa ýa bir halalynyň murtuny gyrksa, ýa dyrnaklaryny kesse şonuň üçin sadaka bermeli (w).

PEÝDALAR

Yharmsyz erkek adam üçin elmydama kellesiniň hemmesini syryp gezmek Ymam Tahawiniň aýtmagyna görä sünnetdir. Ymam Agzam we Ebu Ýusuf we Ymam Muhammet rahmätullahi aleýhimlere görä kelläni syrmak sünnetdir, emma her jumgada syrmak mustahabdyr, murty üstki dodagynyň gyralaryna çenli gyrkmaly, emma syrmak sünnetdir, şu höküm Ebu Hanyfa we onuň beýik şägirtleri Ymameýn rahmätuulahi aleýhimleriň beren hökümleridir. Sakgal goýbermek sünnetdir bir tutumdan azyragy sünneti

mu'äkkede, bir tutum goýbermek sünneti zawa'idedir, bir tutumdan artykmajyny gyrkmaklygyň zyýany ýokdur. Eger aýala sakgal çyksa şol aýal üçin sakgalyny syrmak mustahabdyr. Kiçi sakgaly ýolmak bidgatdyr (dini düzgünlerine garşy çykmak), burnunyň gyllaryny ýolmaly däl, gursagynyň we ýagyrnynyň tüýlerini syrmak edebi terk etmekdir.

Murt syrmagy, dyrnak kesmegi, goltuk ýolmagy, gasyk syrmagy, kyrk günden geçirmeli däl, emma iň gowusy her ýedi günden bir gezek gusul edip dyrnaklaryny kesmeli, gasyk we murty syrmaly, endamlarynyň kirlerini aýyryp arassalanmaly, eger şu işleri her ýedi günden edip başarmasa her on bäş günden etmeli, eger on bäş günden başarmasa kyrk günden etmeli, ondan aňyry goýmaklyga uzur ýokdur. Iň gowusy hepde, ortasy on bäş gün, daşy kyr gün, kyrk güne goýmaklykda gorky bardyr.




DYRNAKLARY KESMEK

Eger muhrim bir ýerde iki eliniň we iki aýagynyň dyrnaklaryny kesse, şu ýagdaýlarda diňe bir dem çalmaly (w). Eger bir elden ýa bir aýakdan az bolsa her bir dyrnak üçin ýarym çanak bugdaý sadaka bermeli (w). Emma hemmesi deme ýetýän bolsa, onda demiň mukdaryndan kemiräk etmek dogry bolar. Eger dyrnaklary dört ýerde kesse, her ýerde bir elini ýa bir aýagyny kesse Şeýheýne görä dört dem çalmaly, owalkysy üçin keffarat bersin ýa bermesin tapawudy ýok. Emma Ymam Muhammet rahmetullahi aleýhe görä owalkysy üçin keffarat bermedik bolsa barysyna bir dem çalmaly (w).

Eger bir eliniň ýa bir aýagynyň bäş dyrnaklaryny kesse ondan soňra beýleki eliniň ýa beýleki aýagynyň dyrnaklaryny kesse, eger şu iki kesmekligi bir ýerde bolsa bir dem çalmaly, eger şu iki kesmekligi iki ýerde bolsa, onda şonuň üçin iki dem çalmaly (w). Eger dört agzadan her bäş dyrnagyny aýry-aýry kesse ýa her elden ýa her aýakdan dört dyrnak kesse, barysy on alty dyrnak bolsa, her dyrnak üçin ýarym çanak bugdaý sadaka bermeli, haçanda şol bugdaýlaryň bahasy bir deme barsa barysyny bermek wajyp däl, halan mukdaryny şondan kemelder, eger dem çalsa-da dogry bolar. Eger muhrimiň dyrnagy döwülip ýa dyrnagyň bir bölegi kesilip ilteşip dursa, şol ilteşip duran dyrnagy kesse ýa goparsa hiç bir jerime ýokdur, käbir fykh alymlary aýdypdyrlar: “Eger şol döwlen ýa kesilen dyrnak şol halatynda goýaňda ösmejek bolsadyr. Eger ösjek bolsa onda sadaka bermeliˮ. Eger muhrimiň eli kesilse we şol elde dyrnak bolsa, şonuň üçin hiç bir zat lazym bolmaz, eger muhrim halalynyň ýa muhrimiň dyrnaklaryny kesse ýa halaly muhrimiň dyrnaklaryny kesse şonuň hökümi-de, edil kelle syrmaklygyň hökümi ýalydyr.

DEM WE SADAKANYŇ ÝAGDAÝLARY

Biziň lybas geýlende, tyb çalnanda, dyrnak alnanda dem çalmak lazym ýa sadaka bermek lazym diýip aýdýanymyz, şol jenaýatlary öz islegi bilen etsedir. Emma çäresiz halatynda etse, oňa degişli däldir, ýagny keffaratyň diňe birini bellemek lazym däldir, ol muhrim özygtyýarlydyr. Meselem: bir muhrim merizligi jähtli, alaçsyz bir jenaýata duçar bolsa, şol muhrim üçin üç keffaratyň haýsy birini bereýin diýse islegi bardyr, üç gün oraza tutsun, ýa alty garyba üç çanak bugdaý sadaka bersin, ýa dem çalsyn şunuň ýaly uzur bolan ýerde muhrim özygtyýarlydyr.

Gyzdyrma atly keseliň her görnüşi şol uzurlardandyr: gaty sowuklyk, gaty gyzgynlyk, ýaraly bolmak, çybanly bolmak, gaty kelle agyry, çakyza, saça bit düşmek we bulardan başga-da her görnüşli belalar we kynçylyklar hem uzura degişlidir. Şol keselleriň we kynçylyklaryň dowam bolmagy şert däldir. Şol keselleriň janyňy heläk etmäge çekmekligi-de şert däldir, eýsem şol kesellerde kynçylyk we muşakgatlyk tapylmagy ýeterlikdir. Emma ýalňyşmak, unutmak, bihuş bolmak, zorluk bilen edilmek we keffarata güýji ýetmezlik bularyň hiç biri ygtyýarlylyk babatda uzur bolmaz.

Eger muhrim etmeli däl işi uzursyz etse, şoňa hökman dem çalmaly ýa sadaka bermeli. Şerigat diňe birini belleýär, şonuň deminiň ýerine tagam bermek ýa oraza tutmak dogry bolmaz, ýa-da sadakasynyň ýerine oraza tutmak dogry bolmaz. Eger boýnuna wajyp bolan dem ýa sadaka uzur bolsa bermeklige güýji ýetmese, şol buýruk boýnunda galar tä şoňa güýji ýetip ýerine ýetirýänçä. Eger uzur sebäpli tyby iýse ýa içse ýa tybly sürmäni gözüne çalsa ýa tikinli don geýse, ýa endamyndan bir agzasyny syrsa, ýa bir eliniň dyrnaklaryny kesse, şu muhrim üçin üç jerimäniň haýsy birini bereýin diýse ygtyýary bardyr. Eger halasa damak çalar, ýa halasa Haramyň garyplaryndan alty garyba üç çanak bugdaý sadaka berer, ýa halasa üç gün oraza tutar. Şu aýdanymyz dem wajyp bolan jenaýatdyr. Emma sadaka wajyp bolan jenaýatda muhrim oraza tutmak bilen sadaka bermekligiň arasynda öz ygtyýaryna goýlandyr. Eger halasa ýarym çanak sadaka berer, ýa hakykatda wajyp bolan mukdaryny berer, ýarym çanakdan az bolsa, ýa şol ýarym çanak bugdaýyň ýerine bir gün oraza tutar. Yhramyň jenaýaty sebäpli sadaka bermeli diýip aýdylsa, şoňa belli bir mukdar bellenilmese, şol sadaka bugdaýdan ýarym çanak, hurmadan ýa arpadan bir çanakdyr, haçanda bit ýa çekirtge öldürende ýa azajyk gyl goparanda ýa bir sagatdan az lybas geýende, ýa şulara meňzeş ýeňil jenaýatlarda bu mukdar bolmaz, bularda diňe bir goşawyç ýetikdir, emma keffarat-ygtyýaryýýadaky sadaka üç çanakdyr.

Eger jenaýatlar bir ýerde köp bolsa-da bir jerime ýeterlik bolar diýip aýdylýan gep, jenaýatlar bir jynsdan bolan ýagdaýdadyr. Eger bir ýerde jenaýatlar aýry-aýry jynslardan bolsa, onda bir jerime ýeterlik bolmaz, eýsem her bir jyns üçin öz başyna bir jerime wajyp bolar. Geýmek bir jyns, tyb bir jyns, saç syrdyrmak bir jyns, dyrnak kesmek bir jynsdyr. Bir jynsyň jenaýatlary bir ýerde bolsa biri- biriniň içine girip bir jerime ýetik bolýandyr, eger muhrim başga bir muhrima tikinli eşik geýdirse, ýa tyb çalsa, ýa şonuň kellesini örtse, ýa şonuň ýüzüni örtse, şu işleri edýän muhrime hiç bir jerime ýokdur. Emma özüne şu işler edilnen yhramlynyň boýnuna jerime bermek hökmandyr. Şu işler bilen onuň peýdalanmak niýeti bolmasa-da peýdalanýandygy sebäpli jerime lazymdyr. Şunuň ýaly yhramly adamyň gaýrynyň bitini öldürmeginde hem hiç jerime ýokdur.

DÖRDÜNJI BÖLÜM: JYMAG1 WE DAWAGYLARYŇ2 HÖKÜMLERI

Jymag jenaýatlaryň iň ulusydyr. Şonuň bilen haj we umra bozulýandyr. Jymagyň kesgitlemesi ‒ iki uýadyň biri-



birine ýolugyp, ujudyň kellesiniň girmegidir. Jymagyň hajy bozýan bolmaklygy üçin bäş şert gerekdir.

Birinji: Jymag ýa öňden ýa yzdan bolmaly. Eger şu iki ýerden başga ýere etse ýa dölüni dökse, ýa şeýtany bolsa, ýa ellese, ýa gujaklasa, ýa erkek öz uýat ýerini aýalyň uýat ýerine süýkese, ýagny şähwet bilen şu işleri edip dölüni dökse-de hajy ýa umrasy bozulmaz.

Ikinji: Jymag diri we şerigat boýunça kämillik ýaşa ýetişen, ýa jynsy gatnaşyk etmeklige ýaraýan kiçiräk ynsanda bolmaly. Oňa görä dört aýakly haýwany etmek bilen dölüni dökse-de haj we umrasy bozulmaz.

Üçünji: Jymag Arafatda durmazdan öň bolmaly, eger jymag Arafatda durandan soňra bolsa haj bozulmaz, hatda Arafatda durmak birje sagat bolsa-da. Umrada towafyň köp aýlawlaryny bitirmezden öň bolmaly. Eger jymag dört aýlawdan soňra bolsa onda umra bozulmaz.

Dördünji: Iki uýat ýeriň ýolugyp ujudyň kellesi girmeli, bu ýagdaýdan öň haj ýa umra bozulmaz.

Bäşinji: Iki uýat ýeriň arasynda, şol uýat ýerleriň gyzgynlygyny biri-birine ýetirmeýän perde bolmaly däl. Eger erkek uýat ýerine mata orap aýalyň uýat ýerine salsa şol mata aýalyň uýat ýeriniň gyzgynyny erkegiň uýat ýerine ýetirmese hajy ýa umrany bozmaz. Eger ol oralan mata has ýuka bolup, gyzgynlygy saklamasa bozar.

Eger jymag edip duran ýagdaýynda yhram baglasa, yhramy dogry bolar, emma hajy bozular kazasyny almak hökmandyr. Käbir fykh alymlary aýdypdyrlar: “Yhram baglan halynda basym çykarmasa hajy bozular, emma derrew çykarsa hajy bozulmazˮ. Jymag şerigat boýunça kämillik ýaşyna golaýlan çagadan, däliden tapylmagy dogry bolar. Oňa görä bular jymag etseler hajyň nüsükleri bozular, emma bu ikisi üçin jerime we kaza ýokdur. Jymag edende bilgeşleýin edýän, unudyp edýän, razylyk bilen edýän, nä razylyk bilen ýa zorluk görüp edýän, oýalykda edýän, ukusyna gatyşyp edýän, hata bilen edýän, uzurly bolup edýän, hajyň yhramynda edýän, umranyň yhramynda edýän, nefil hajyň yhramynda edýän, nezir bilen boýnuna wajyp bolan hajyň yhramynda edýän, erkek, aýal, gul eýesi we gul şularyň barysy hökümde birdir, ýagny şu ýagdaýlaryň barysynda haj ýa umra bozular.

Är we heleý bozan hajlaryny kaza edende biri-birlerinden aýrylyşmaklary hökman däldir. Eger ýene-de bir-birlerine ýanaşyp jymaga barmaklaryndan gorksalar, yhram baglanan wagtlarynda biri-birlerinden aýrylyşyp yhram baglamaklary mustahabdyr, ýagny her biri başga bir ýerde yhrama girmeli, eger aýalynyň öňüne ýa yzyna jymag etse wukufdan öň hajy bozular we bir goýun çalmaly we hajyň galan işlerini berjaý etmeli, edil bozulmadyk haj ýaly (w) we hajda jenaýat bolan işleriň barysyndan çekilmeli, eger çekilmän şol jenaýatlaryň her birine duçar bolsa, şonuň jerimesini bermeli, edil bozulmadyk hajdaky ýaly (w). Şol hajy bozan adam geljek ýylda bozan hajynyň kazasyny almaly (f) we şonuň boýnuna umra etmek lazym bolmaz, eger mufrid bolsa.

Eger bozan adam karyn bolsa, eger wukufdan öň we umranyň towaflarynyň köpüsünden öň jymag etse hajy-da we umrasy-da bozular. Şu yhramly edil bozulmadyk ýaly hem umranyň, hem hajyň işlerini berjaý etmeli we jenaýat sebäpli iki goýun çalmaly (w) we dem kyran-da munuň gerdeninden düşýär we geljek ýylda şol ikisini kaza etmeli (f). Eger karyn umrasynyň towaflarynyň hemmesini ýa köpüsini towaf edenden soňra jymag etse hajy bozular, emma umrasy bozulmaz we bu yhramly adamdan kyranyň demi boýnundan aýrylar we jenaýaty üçin iki dem çalmaly, biri hajyny bozmaklygy sebäpli, ol biri-de umranyň yhramynda jymag etmegi sebäplidir (w). Geljek ýylda hajyny kaza etmeli (f).

Eger karyn umranyň towaflaryndan soňra we Arafatyň wukufyndan soňra we saç syrmadan öň jymag etse hajy-da we umrasy-da bozulmaz we bu muhrim kyranyň demini çalmaly (w), hajyň jenaýaty sebäpli bir bedene (düýe ýa sygyr) çalmaly we umranyň jenaýaty sebäpli bir goýun çalmaly (w). Eger karyn umrasy üçin towaf etmän wukuf etse ondan soňra jymag etse bu yhramly hajynyň jenaýaty sebäpli bedene çalmaly we umrasyny taşlamaklygy sebäpli goýun çalmaly (w). Umrasyny-da kaza etmeli (f). Eger karyn saçyny syrmazdan öň Towaf Zyýarat etse ondan soňra jymag etse karyn iki goýun çalmaly, iki yhrama jenaýat etmekligi sebäpli (w).

Eger wukufdan öň bir ýerde, bir aýal bilen ýa köp aýallar bilen köp gezek jymag etse, diňe bir dem çalmaly (w). Eger ýerleri aýry-aýry köp bolsa, onda Şeýheýne görä, her bir jymag eden ýeri üçin öz başyna bir dem çalmaly (w). Emma Ymammuhammet rahmatulla görä, owalky üçin dem çalmadyk bolsa, barysyna bir dem ýeterlik bolar. Eger başga ýerde jymag etse we şol jymag bilen bozulan hajyny taşlamaklygyny niýet etse, şu muhrim diňe bir dem çalmaly we şonuň ýaly, jymaglar köp bolsa-da bir dem çalmaly (w). Eger wukufdan soňra, saç syrmadan öň we Towaf Zyýaratyň hemme aýlawyny ýa köp aýlawyny etmezinden öň jymag etse, bilgeşleýin jymag etsin ýa unudyp jymag etsin parhy ýok hajy bozulmaýar, saç syrmakdan öň jymag edenligi sebäpli bir bedene çalmaly (w). Eger Towaf Zyýaratynyň hemme aýlawlaryny ýa köpüsini bitirenden soňra, saç syrmadan öň jymag etse bir goýun çalmaly (w).

Eger Towaf Zyýarat we saç syrandan soňra jymag etse hatda sagydan öň bolsa-da hiç bir jerime gerek däldir. Eger saç syrmadan we Towaf Zyýarat etmekden öň jymag etse, ondan soňra yhramyny taşlamak niýeti bolman ikilenji gezek ýene jymag etse we şu iki jymag bir ýerde bolsa şu ikisi üçin-de bir bedene çalmaly (w). Eger şol iki jymag iki ýerde bolsa, owalkysy üçin bedene çalmaly, ikilenji üçin goýun çalmaly (w) (Şeýheýne görä). Eger karyn birinji gezek Towaf Zyýaratdan öň, saç syrandan soňra jymag etse, şol goýun çalmaly (w).

Bedene wajyp bolmagy üçin dört şert gerekdir.

Birinji: Jymagy wukufdan soňra bolmaly.

Ikinji: Jymag saç syrandan we Towaf Zyýaratdan öň bolmaly.

Üçünji: Jymag edýän akyly kämil bolmalydyr.

Dördünji: Jymag edýän şerigat boýunça kämillik ýaşa ýeten bolmaly, eger Towaf Zyýaraty gusulsyz bolan ýagdaýynda etse, ondan soňra jymag etse, ondan soňra iki ini haramlykdan päklenip, şol towafyny gaýtalasa, şonuň üçin dem çalmaly (w). Eger Towaf Zyýaratyň hemmesini ýa köpüsini täretsiz etse, ýa dört aýlawyny päk ýagdaýda towaf edip, ondan soňra jymag etse, şu iki ýagdaýda towafyny gaýtalasyn ýa gaýtalamasyn hiç zat lazym bolmaz.

Eger Towaf Zyýaratdan dört aýlawyny Hatymyň içinden aýlansa ýa umranyň towafynda şu işi etse, ondan soňra jymag etse, onuň umrasy bozular we şu yhramlynyň gerdenine umrasyny kaza etmek we bir goýun çalmak lazym bolar we haja-da bedene çalmak lazym bolar. Towafdan öň kellesini syran bolsun ýa syrmadyk bolsun tapawudy ýok. Haýsy bir adamyň hajy bitmän geçse, jymag eden wagtynda şol adam şol yhramynda hajyny ödemeli, ýagny şol adama täzeden yhram baglamak gerek däl, onuň yhramy dogrudyr. Onuň üçin hajyň ýerine umranyň işlerini berjaý etmeli we dem çalmaly, geçen hajyny kaza etmeli we öz amallary bilen halaly bolan umrasyny kaza etmek gerek däldir.

Jymag Arafatda durmazdan öň ýa soňra aýalyň öňki jynsy agzasyndan başga bedenine jymag etse, ýa-da erkek we aýal öz uýat ýerlerini elleşseler ýa gujaklaşsalar, hatda ýalaňaç bolsa-da ýa ogşasa ýa ellese şu işleriň barysyny şähwet bilen etse, döli gelsin ýa gelmesin haj bozulmaz, emma dem çalmaly bolar (w). Eger aýalyny hoşlaşýan ýagdaýda şähwet niýeti bilen ogşasa, şonuň üçin fidýe bermeli. Eger şähwet niýeti bolmasa fidýe gerek däldir. Eger ogşaýan: “Men şähweti we hoşlaşmagy niýet etmedim diýseˮ hiç bir jerime ýokdur. Eger aýalynyň uýat ýerine seredip dölüni dökse, ýa jynsy gatnaşyk pikirini edip ýa şeýtany bolup dölüni dökse hiç jerime ýokdur. Eger eli bilen sypalap dölüni dökse dem çalmaly (w), eger döli gelmese hiç jerime ýokdur. Eger haýwana ýanaşyk edip dölini dökse dem çalmaly (w) hajy bozulmaz, eger dökmese hiç jerime ýokdur.


Yüklə 2,02 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   15   16   17   18   19   20   21   22   23




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin