Haja we umra gidýänlere haj we umranyň düzgünlerini beýan etmeklikde zyýaratçylara sowgat تالیف: الحاج عبدالرحمن آخوند تنگلی طانا


Hajylara ullakan tabşyryk, olar hiç wagt namaz okaýanyň öňünden geçmesinler



Yüklə 2,02 Mb.
səhifə11/23
tarix30.10.2017
ölçüsü2,02 Mb.
#22583
1   ...   7   8   9   10   11   12   13   14   ...   23

Hajylara ullakan tabşyryk, olar hiç wagt namaz okaýanyň öňünden geçmesinler. Hatda käbir rowaýatlarda şu hadys şerif gelse-de:

«يُصَلِّي حَذوَ الرُّكنِ الاَسوَدِ وَالرِّجَالُ وَالنِّسَاءُ يَمُرُّونَ بَينَ يَدَيهِ مَا بَينَهُم وَبَينَه سُترَةٌ». 

Terjime: Hezreti Resulekrem s.a.w Hajar eswedli burça bakyp namaz okaýardy, erkek adamlar we hatynlar-da ondan geçerdiler Pygamber a.s bilen olaryň aralarynda sutra-da2 ýokdy.

Şu hadys şerifdäki öňden geçýänleri Beýtulla şerife towaf edýänlere ýüklenildi, çünki Beýtulla şerife towaf etmeklik-de namazdyr, oňa görä ol towaf edýänler namaz okaýanlaryň öňünde tutulan saflar (setirler) ýalydyr. Emma käbir alymlar şu hadys sebäpli Mesjidi Haramda namaz okaýan adam öňünden geçýäni gaýtarmasa gowy diýip aýtdylar we Allama ibni Abydyn öz “Haşiýaˮ atly kitabynda: “Käbe şerifiň ýanynda namaz okaýanyň öňünden geçmeklige rugsat bolarˮ diýen jümläni getirdi.

Mufrid towaf eden ýagdaýlaryndan başga her bir ýagdaýlarda, tä Jemreýi Akaba daş atýança, metjitde bolsun ýa metjidiň daşynda bolsun telbiýesini terk etmeli däl. Emma metjitde telbiýäni has gaty ses bilen gygyryp namaz okýanlara, ýa towaf edýänlere päsgel bermeli däl. Şu mufrid Mekgede bolan ýagdaýlarynda umra etmeli däl (h), eger etse dem çalmaly (w). Şu dem hajyň yhramyny taşlanmaklygy jähtli lazymdyr ýa sünnetiň tersine temettug bolmagyň kemçiligini doldurmak üçin lazymdyr. Mufrid Towaf kudum edeninden soňra, umra niýet baglasa günäkär bolan karyn bolýar, dem çalmaly (w) we umrasyny-da taşlamaly (m). Eger nahr we teşrik günlerinde (10-11-12-13-günleri) kellesini syrdyrmazyndan öň umra niýet baglasa, umrasyny taşlamaly (w) we dem çalmaly, kazasyny-da almaly (w). Kellesini syrdyrandan soňra-da umra yhram baglasa asah kowla görä, umrasyny taşlamaly we dem çalmaly, kazasyny-da almaly (w). Eger iki ýagdaýda hem umrasyny taşlaman amallaryny berjaý etse dogry bolar, iki nüski1 birikdirendigi sebäpli dem çalmaly (w).



GURBAN AÝYNYŇ ÝEDILENJI GÜNI ETMELI IŞ

Gurban aýynyň ýedilenji güni Haram şerifiň ymamy öýle namazyndan soňra, arasynda oturman bir gezek hutba okamaly (s). Şol hutbada hajylaryň Minada, Arafatda we Muzdelefede etmeli işlerini we başga buýruklaryny bildirmeli. Emma arap dilini bilmeýän adamlar oňa düşünmezler, onuň üçin her kerweniň ruhanysy hajylaryny üýşürip, ähli etmeli işleri olara öwretmegi gereklidir.

Gurban aýynyň sekizilenji güni Gün dogandan soňra Mekgeden Mina gitmeli (s-m). Öýle, ikindi, agşam, ýassy we ertir namazlary Minada okamaly (s). Gije Minada galmaly (s). Mekgeden çykyp ugranynda telbiýe aýdyp, doga we zikr edip gitmeli. Eger çadyry Mesjidi-Haýfyň ýakynragynda bolsa, şol bäş wagt namazyny Mesjidi-Haýfyň ymamyna uýup okamaly (m). Eger gelerden uzak bolsa özleri çadyrlarynda jemagat bilen okamaly (s). Minada telbiýäni, salawaty köp aýtmaly hem Allatagalanyň zikrini, dogasyny, ybadatyny kän etmeli we gijelerine-de täretli ýatmaly, tä daň atýança (m).
GURBAN AÝYNYŇ DOKUZYLANJY GÜNI ETMELI IŞ

Gurban aýynyň dokuzylanjy güni Minada ertir namazyny jemagat bilen okanyndan soňra, az wagt saklanyp Gün dogandan soň Sibiriň ýolundan Arafata gitmeli (s). Sibir – Arafata gidýänleriň çep tarapynda galýan, Mesjidi-Haýfyň garşysynda bolan dagdyr. Emma Allama Alyýýul Kary “Muhteserˮ atly kitaba ýazan şerhinde1 Arafata Zab ýolundan gitmek mustahabdyr, Me'zimeýn ýolundan gitmeli däl diýipdir. Abdulhamyd Mahmud Tahmäz “Alfykhul-hanafi fil-sowbihil-jedidˮ atly kitabynda Alyýýul Karynyň aýdyşy ýaly: Zab ýolundan gitmek mustahabdyr diýip aýdypdyr. Zab – Mesjidi Haýfyň deňinde ýerleşýän dagdyr. Arafata gidýänleriň sag tarapynda galýandyr diýip aýdypdyr.

Me'zimeýn Meşgarul-Haram bilen Arafatyň aralygynda iki dagyň ortasyndan gidýän darajyk oýdur. Ahyry Batny Urana2 çykýandyr. Hajylar barỳan ỳerlerinde telbeỳe, tählil, tekbir, doga, zikr we salawat aỳtmaly, sagatma-sagat telbiỳe aỳdyp durmaly. Minadan daň atmazyndan öň ỳa Gün dogmazyndan öň, ỳa-da ertir namazyny okamazyndan öň gitmeli däl (h). Haj edýän adam her wagt Arafata baryp düșende tä Gün agỳança doga, Pygamber aleỳhissalama salawat, Allataganyň zikrini we telbiỳe aỳtmak bilen meșgul bolmaly (m). Gün aganda gusul etmeli (s).

Täret alyp Mesjidi-Nemerä barmaly. Metjitde ymam münbere çykyp oturan wagtynda azançy onuň garșysynda azan çeker, azandan soňra ymam aỳak üstüne galyp iki hutba okar, iki hutbanyň arasynda az salym oturar, șol iki hutbada emrimagruf we nehimüňker1 eder. Arafatda, Muzdelefede, Minada hajylaryň etmeli ișlerini aỳdar. Ymam hutbalaryny tamam edip, münberden düșende azançy kamat aỳdar, șol ỳerde ymam jemagat bilen öỳläniň dört rekagat parzyny okar. Ondan soňra ỳene azançy kamat aỳdar, ymam jemagat bilen ikindiniň dört rekagat parzyny okar.



Hanafy mezhebinde musafyr bolsun ỳa mukym bolsun bäș wagt namazdan iki namazy birikdirip, bir wagtda okamak hiç haçan dogry bolmaz, diňe iki ỳerde dogry: biri Arafatda, ol biri Muzdelefede. Arafatda ikindini öỳläniň wagtynda, öỳle bilen birikdirip okamaga jemgu-takdym diỳilỳär. Șonuň alty șerti bardyr.

Birinjisi: Şu iki namazdan öň, iki namazy birikdirip okaýan adam haja yhram baglanylgy bolmaly, eger öỳlesini halaly wagtynda okan bolsa ỳa umra yhram baglap okan bolsa, soňra haja yhram baglasa ikindini öỳläniň wagtynda okamagy dogry däl. Äşgär rowaýatda Ebu Hanyfa r.a-nyň ỳanynda șeỳledir. Ymameýne2 görä dogrudyr.

Ikinjisi: Öỳläni ikindiden öň okamaly, eger ikindi öỳleden öň okalsa dogry bolmaz. Ýene-de şunuň ýaly, eger ymam öỳle bilen ikindini bile okandan soňra, öỳläniň Gün agmazyndan öň okalandygy we ikindiniň Gün agandan soň okalandygy belli bolsa ýa-da öỳläni täretsiz okalandygy we ikindini täret bilen okalandygy belli bolsa, șu iki suratdaky namazy-da tertip bilen gaýtalamak gerekdir (w).

Üçünjisi: Şu iki namazy birikdirmek diňe Guraban aỳynyň 9-y güni (Arafa güni) Gün agandan soňra ikindiniň wagty girmezinden öň bolmaly.

Dördünjisi: Şu iki namazy birikdirmek Arafatda ỳa Arafatyň örän ỳakynynda bolmaly. Öỳle bilen ikindini Mesjidi-Nemerede birikdirilip okalỳar. Birnäçeler șu metjit Arafatda diỳỳärler, birnäçeler șu metjit Arafatyň dașynda diỳỳärler. Oňa görä her kim Mesjidi-Nemerä baryp iki namazy birikdirip okasa, Arafatda ỳa Arafatyň örän ỳakynynda birikdirdigidir.

Bäșilenji: Şu iki namazy jemegat bilen okalmaly (w). Eger öỳläni ỳeke özi okap ikindini ymama uỳsa, ỳa öỳläni ymama uỳup ikindini ỳeke özi okasa, ỳa ikisini-de ỳeke özi okasa șu üç suratda Ebu Hanyfa rahimahullahu tagala görä, birikdirip okamak dogry bolmaz.

Altynjy: Ymam bolỳan adam patyșa ỳa patyșanyň bellän adamy bolmaly. Eger patyșadan rugsatsyz haỳsy bir adam ymam bolup șu iki namazy birikdirip okasa dogry bolmaz, Ebu Hanyfa r.h-a görä. Emma Ymameýne görä dogrudyr. Ymam bilen her namazdan diňe bir rekagata ỳetișse-de dogry bolar. Meselem: öỳle namazynyň ahyrky rakagatynda ymama uỳsa, ymam salam berip ikindä girișse bu uỳujy galan üç rekagatyny okap bolỳança ymam-da ikindiniň üç rekagatyny okap, dördülenjä galsa uỳujy ikindiden-de șol dördülenjä ỳetișse șonuň birikdiren namazy dogry bolar. Eger öỳläni haj möwsüminiň ymamyndan bașga ymam bilen jemagat eden bolsa, ikindini-de haj möwsüminiň ymamyna uỳsa şol birikdirmegi dogry bolmaz. Ebu Hanyfa r.h-a görä, sahyh kowl hem şudur. Iki parzyň arasynda ymam we kowum sünnet we nefil okamaly däl (mk) we başga işlere hem meşgul bolmaly däl. Ymam iki parzy-da hufỳe1 okamaly (w), jähri okamaly däl (h). Eger iki parzyň arasynda namaza meşgul bolsa, ỳagny öỳläniň iki rakagat sünnetini okasa, ỳa iỳip-içmäge meşgul bolsa, ỳa başga bir işleri etse, eger uzur sebäpli-de bolsa (mk) ikindisi üçin täzeden azan aýtmaly. Gepiň gysgasy, iki parzyň arasyny açmaly däl, onuň üçin Allama Seýitmuhammet Sadyk bin Ahmet patyşa şu Arafatda we Muzdelefede birikdirilen iki parzyň arasynda tekbir-teşrik hem aýtmaly däl diýdi.

Emma Allama ibni Abidin tekbir-teşrigi namaza deňemeli däl, çünki tekbir-teşrik wajypdyr we onuň müddeti azajyk wagtdyr, iki namazyň arasyny açmaz diýip aýdypdyr. Allama ibni Abydynyň aýtmagyna görä tekbir-teşrigi aýtmak gereklidir (w).

Öýle bilen ikindisini birikdirip okandan soň, nefil ýa sünnet okamaly däl, eger öýläniň wagtynda bolsa-da (mk). Ymam hutbalary Gün agmanka okasa ýa düýbünden hutba okaman birikdirse dogry bolar. Arafatda jumga okamak dogry däl, çünki ol ýer şäher däl. Ymam kowum bilen iki namazy birikdirip okandan soňra, hemmeler Mawkyfa (Arafatda durulýan ýere) gitmeli (s). Namazdan soňra kän eglenmeli däl (mk).

Emma bu zamanda hemme hajylar Mesjidi-Nemerä baryp ýerleşmekleri mümkin däl, hatda her kerweniň çadyry näçe gün öňünden Arafatda dikilip goýulýandyr. Onuň üçin her kerwen diňe öz çadyryny tapyp, şonda ýerleşýändirler. Her bir hajynyň Mesjidi-Nemerä baryp Ymamyň hutbalaryny eşidip, namazlaryny birikdirip okamaklyga mümkinçilik ýokdur, oňa görä her kerweniň ýolbaşçysy öz hajylaryna wagyz we nesihat berip hajyň hökümlerini öwredip köp dogalar etmeli. Öýle bilen ikindisini, her haýsyny öz wagtynda azan we kamat aýdyp jemegat bilen öz çadyrlarynda okamaly, birikdirmeli däl. Hajylar öýläni okap, ikindä çenli, ikndini okap tä Gün batýança doga etmeli. Eger başarsalar Jebelu-rahmetiň ýanyna baryp, onuň düýbündäki ullakan gara daşlaryň üstüne çykyp, Jebelu-rahmeti sag tarapynda goýup, kybla bakyp pes-pällik bilen aglap doga etmeli. Eger Jebelu-rahmete barmak başartmasa, öz çadyrlarynda oturup doga etmeli. Doga edeninde elmydama täretli bolmaly, kybla bakmaly, gözýaş edip aglamaly, iki elini Asmana serip, gursagynyň deňinde saklap tekbir, tesbih, telbiýe, tähmid we Pygamber alehissalama salawatlar aýdyp, özüniň we ussadynyň, ata-eneleriniň we ýakyn garyndaşlarynyň, dost-ýarlarynyň, ähli erkek we aýal musulmanlaryň günäleriniň geçilmegini dilemeli.

Haj möwsümlerinde edilýän arapça dogalary bir kitaba üýşürip türkmen dilinde terjime edip musulman halklaryň arasyna ýaýratdyk. Ol kitabyň ady “Miftahus-sagadaty fi terjimeti muhahul-ybadaˮ gaýrat edip şol kitaby alyp arap dilini bilýän hajylar öz ene dilleri bilen düşünip doga etsinler. Allatagaladan edýän dilegleriňe düşünip doga etmegiň täsiri örän kän bolar. Onuň üçin arapça dogalary okap başarmaýan adamlar şol kitapdan türkmençe terjimelerini okabermeli. Ylaýta-da Arafat dogasy şol kitapda doly ýazylandyr. Bir adam okap beýleki hajylar “Äminˮ diýseler, göýä her haýsy öz başyna okan ýaly sogap taparlar. Gepiň gysgasy hajylaryň işi tä Gün ýaşýança doga edip durmaly. Pygamber alehissalam aýdypdyr: «خَيرُ الدُّعَاء دُعاءُ يَوم عَرَفَة»Terjime: “Doganyň iň gowusy Arafa gününiň dogasydyr”. Haýyr bolan amallaryň haýsy görnüşi eliňden gelse etmeli. Sadakalar bermeli, Alla ýolunda ýagşylyk we gowulyklar etmeli.

ARAFATA DEGIŞLI HÖKÜMLER

Arafata degişli hökümler 8-dir.



Birinjisi: parzdyr, ýagny Arafatda durmak parz bolan buýrukdyr. Şu buýrugyň ýerine ýetmegi üçin aşakdaky şertler gerekdir:

1.Arafatda durýan adam musulman bolmaly, kapyryň durmagy dogry däl, ýagny kapyr halynda Arafatda durup haja yhram baglap, Muzdelefä gelende musulman bolsa onuň hajy dogry bolmaz.

2.Arafatda durýan adam föwt bolmadyk hajyň1 we fasyt2 bolmadyk dürs hajyň yhramy bilen durmaly. Eger yhramsyz adam Arafatda dursa ýa umra yhram baglan adam Arafatda dursa, ýa-da föwt bolan we fasyt bolan hajyň yhramy bilen Arafatda dursa, hatda bozulan hajyny ödemek lazym bolsa-da, ol wukuf1 dogry däldir.

3.Arafatyň çäginde durmaly. Çäkden daşda dursa, ol wukuf dogry däldir.

4. 9-y güni Gün agandan, tä 10-y güni daň atýança şu iki aralykda durmaly, şu iki aralykdaky wagtdan öň, ýa soň dursa ol wukuf dogry däldir.

5.Bir salym bolsa-da Arafatyň wagtynda bir azajyk wagt durmak.

Şu bäş şertiň birikmekligi bilen wukuf parzy biter. Arafatda wukufy niýet etmek we şol mekanyň Arafatdygyny bilmek, oýa bolmak, akyl-huşunda bolmak şert däldir. Meselem: bir adam Arafata barmak niýeti bolman, şol ýere barsa, ýa şol ýeriň Arafatdygyny bilmän dursa ýa-da şol ýerden maşynyň içinde uklap geçse, ýa şol ýerde akyl-huşuny ýitirip bihuş bolsa, isle dälliräp akyl-huşuny ýitirse, isle arak içip, serhoş bolup akyl-huşuny ýitirse, ýa şol ýerde durman zorluk bilen ýa özüniň razylygy bilen çalt geçse, ýa şol ýerde täretsiz bolup dursa ýa jünüp bolup dursa, haýzly bolup ýa nifasly bolup dursa, gije ýa gündiz dursa şu ýagdaýlaryň hemmesinde wukuf parzy bitýändir. Arafatyň bar ýeri duralgadyr, diňe Batny-Urana diýen ýer duralga däldir.

Ikinjisi: wajypdyr, ýagny Arafatda Gün agandan soňra, gündiz duran adam tä Gün batýança durmaklygy we gijeden hem bir az wagt durmaklygy wajyp bolan hökümdir. Onuň üçin Gün batmazyndan öň Arafatyň çäginden çykyp, Gün batmazyndan öň öwrülip gelmese ýa Gün batandan soň öwrülip gelse dem çalmaly (w). Eger ejizligi, syrkawlygy ýa aýaldygy sebäpli dykylyşykdan gorkup çäkden çykylsa, hiç yzlaryna öwrülip gelmeseler ýa Gün batandan soň gelseler, äşgär rowaýatda şolaryň boýnundan dem aýrylmaz (w). Fykh alymlaryň köpüsi hem şuny tutýandyr. Emma bularyň boýnundan dem aýrylar diýip hezreti Ymam Agzam Abu Hanyfadan rowaýat edildi we Kuduri hem şony dogry gördi.

Üçünjisi: sünnetdir, ýagny Arafatda gusul etmek. Ymamyň Mesjidi-Nemerede iki gezek hutba okamaklygy, hutbanyň gün agandan soňra, namazdan öň okalmagy, Mesjidi-Nemerede öýle bilen ikindini birikdirip okamaklygy, öýle bilen ikindini birikdirip okandan soňra eglenmän mewkyfa gitmek we mewkyfa ymam bilen bilelikde gitmek. Şu işler sünnet bolan buýrukdyr.

Öýle bilen ikindini birikdirip okajak adam üçin şu şertler gerekdir:



1.Şu iki namazdan öň haja yhram baglanylgy bolmaly. Eger öýlesini halaly ýagdaýda okan bolsa, ýa umra yhram baglangy ýagdaýda okan bolsa ondan soňra haja yhram baglasa, Ymam Agzama görä munuň iki namazy birikdirmekligi dogry bolmaz.

2.Öýläni ikindiden öň okamaly, eger öýleden öň ikindi okalsa dogry bolmaz.

3.Arafa güni Gün agandan ikindiniň wagty girýänçä bolmaly.

4.Arafatda Mesjidi Nemerede bolmaly.

5.Iki namazy-da jemagatly okamaly. Eger öýläni ýeke okap, ikindini jemagatly okasa, ýa öýläni jemagatly okap ikindini ýeke okasa, ýa-da ikisini-de ýeke okasa Hezreti Ymam Agzama görä dogry bolmaz.

6.Ymam patyşa ýa patyşanyň goýan adamy bolmaly. Eger patyşadan rugsatsyz bir adam ymam bolup okasa dogry bolmaz.

Dördünjisi: mustahabdyr, ýagny Arafatda telbiýäni kän aýtmak we doga, zikr, estagfirullany kän aýtmak, pes pälligi köpeltmek, Allatagaladan umydygärligi artdyrmak, ymamyň ýakynragynda we yzynda durmak. Kybla bakmak, Gün agmazdan öň wukufa taýýarlanmak, doga üçin iki eliňi asmana sermek, her dogany üç gezek gaýtalamak, dogany hamd we salawat bilen başlap, hamd we salawat bilen tamamlamak, täretli bolmak, kuwwatly adamyň oraza tutmagy, ejiz adamyň agzyny açmagy, jedelleşmek we dawalaşmagy terk etmek, haýyr amallary köpeltmek, garyp-biçärelere tagam bermek, sadakalar we gowulyklar etmek. Şu işler mustahab bolan buýrukladyr.

Bäşinjisi: mubahdyr, ýagny Arafatda kölegede oturmak, ot-çöplerini ýolmak, gumundan almak. Şu işler mubah bolan işlerdir.

Altynjysy: mekruhdyr, ýagny öýle bilen ikindini birikdirip ymam ýa uýujy iki parzynyň arasynda, öýläniň yzyndaky iki rakagat sünneti okamaklygy, ýa ikindiniň öňündäki dört rakagat nefili okamaklygy, ýa aýry nefil okamagy, ýa-da iýip-içmäge meşgul bolmagy mekruh bolan işlerdir. Eger şu işleriň haýsy birini edip, iki parzynyň arasyny açan bolsa, ikilenji parzy üçin azany gaýtalamak gerekdir, göýä kamat aýdylyşy ýaly. Eger gijä galmak ymam tarapyndan bolsa, ymam yzky parza taýýar bolýança uýujynyň sünnet ýa nefil okamagy mekruh bolmaz. Arafatda öýle bilen ikindini Mesjidi-Nemerede birikdirip okandan soňra mewkyfa gitmekligi gijä goýmak, halkyň geçip duran ýolunda düşlemek, Gün agmazyndan öň ymamyň hutba okamagy, bilmän wukuf etmek, Gün batandan soňra gaýtmaklygy gijä goýmak, eger çäkden geçmese Gün batmazyndan öň gaýtmaklyga ýüzlenmek. Şu işler mekruh bolan işlerdir.

Ýedinjisi: haramdyr, ýagny Arafatda agşam we ýassy okamak, Arafatdan Muzdelefä gideninde Muzdelefä ýetmän, ýolda ýassyň wagtynda agşam we ýassyny okamak. Ýolda gaty ýöräp halklara päsgel bermek, Arafatdan Gün ýaşmazyndan öň gaýtmak, şu ýagdaýlarda dem hem wajyp bolýar. Arafatda halklaryň bähbidi üçin ekilen agaçlary goparmak, şonda gurlan hammamlary, hajathanalary bozmak, şolaryň gapy we aýnalaryny, suw gyrantlaryny we çyralaryny döwmek we ş.m erbet işler etmek. Şularyň barysy haram bolan işlerdir.

Sekizinjisi: mufsitdir1, ýagny muhrimiň wukufdan öň ynsan bilen jymag (ýanaşyk etmegi) hajy bozýandyr. Şol ýanaşygy öňden etsin ýa yzdan etsin, menisi (döli) gelen bolsun ýa gelmedik bolsun, oýa bolsun ýa ukuda bolsun, unudyp etsin ýa bilgeşleýin etsin, zorluk bilen bolsun ýa razylyk bilen bolsun, edýän bolsun ýa etdirýän bolsun şu ýagdaýlaryň her birinde haj bozular. Şu bozulan hajyň amallaryny, göýä bozulmadyk haj ýaly berjaý eder we dem çalar, hemem geljek ýylda kaza eder.
ARAFA GÜNÜNIŇ ÝALŇYŞ DÜŞMEGI

Birnäçe adalatly adamlar hajylaryň şu wukuflary öz wagtyndan soň boldy diýip şaýatlyk berseler, şolaryň şaýatlyklary kabul edilmez, ýagny Mekge mukerremede Baş aýynyň 29-na 30-y gije aý görülmese, Baş aýyny dolduryp, ýagny asmanda aýy görmän 30 gününi dolduryp Gurban aýyna girseler, şol hasap bilen Gurban aýynyň 9-y güni, meselem: Jumga güni Arafa güni diýip Arafatda dursalar, soňra daş-töwerekden birnäçe adalatly adamlar gelip 29-yna 30-y gije aýy görendiklerine şaýatlyk berseler, ol hasap bilen Arafa gün penşenbe gün bolýar. Oňa görä bularyň wukufy öz wagtyndan bir gün soň bolýar. Şu suratda ol adalatly adamlaryň şaýatlyklaryny kabul etmeli däl, çünki ol hajylaryň kemçiliklerini doldurmak mümkin däldir. Şol şaýatlygy kabul etmek adamlaryň arasyna pitne oklamakdyr. Onuň üçin “Arafatda duranlaryň hajylary dogrudyr” diýip höküm ediler istihsan (rugsat etmek) ýüzünden.

Adamlar Arafatda 9-y diýip dursalar soňra ýalňyşanlaryny bilseler, ýagny şol gün 8-ilenji gün bolsa, eger kemçiliklerini doldurmak mümkin bolsa doldurarlar. Ymam adamlara wukufy gaýtalaň diýip buýrar. Eger kemçiligi doldurmak mümkin bolmasa, ýagny wukufy gaýtalamaklyga pursat bolmasa, adamlara siziň hajyňyz kämil boldy diýip höküm eder. Matlyglaryň yhtylafyna1 ygtybar ýokdur. Onuň üçin günbatardakylaryň aýy görmekligi bilen, aýyň hökümi gündogardakylara lazym bolar2. Zahyr rowaýatda3 Ýeriň ýüzünde haýsy bir ýurtda aý görünse, şonuň hökümi beýleki ýurtlara lazym bolar. Köp alymlaryň tutýan rowaýaty şudur, fetwa hem şu rowatadyr. Hanafi, mäliki we hanbaly şu üç mezhebiň alymlary matlyglar yhtylafyny ygtybat edýän däldir. Emma şafygy mezhebiň alymlary matlyglar yhtylafyny ygtybar edýändir, ýagny her ýurt öz aý dogýan ýerinden aýy görmeli. Matlyglar yhtylafy 24 farsahdan1 az ýerde mümkin däldir.

Eger Arafata ýetişmän daň atsa, onuň hajy bitmez. Şondan hajyň işleri taşlanylar we onuň yhramy umra owrüler. Onuň üçin umranyň işlerini edip halaly bolmaly. Geljek ýylda bozulan hajynyň kazasyny almaly. Gijeler hemişe geljek gündizlere degişli bolýandyr, geçen gündize degişli bolýan däldir. Diňe haj möwsüminde gijeler geçen gündizlere degişli bolýandyr, geljek gündizlere degişli bolýan däldir. Arafa gijesi Gurban aýynyň 9-y gününe degişli bolýandyr. Onuň üçin şonuň gijesinde wukuf dogry däldir. Göýä Terwiýe2 gündizinde dogry bolmaýşy ýaly, nahr gijesi Arafa gününe degişlidir. Onuň üçin şol gijede wukuf dogrudyr, göýä gündizinde wukuf dogry bolşy ýaly. Şol gijede gurbanlyk çalmak dogry däldir. Göýä gündizi Arafa güni dogry bolmaýşy ýaly. Şeýtanlara daş atylýan günleriň yzyndaky gijeleri-de şonuň ýalydyr, ýagny 10-y gün, 11-i gün we 12-si gün, şu üç günüň yzyndaky gijeleri özlerine degişlidir. Eger şu günleriň her birinde gündiz daş atman, yzyndaky gijesi atsa-da kaza bolmaz, hatda birnäçe ýagdaýda mekruh bolsa-da biter.



HAJYLAR ÜÇIN HABARDARLYK

Hajylar habardar bolmaly, birnäçe adamlar gaty howlugyp Gün batmazyndan öň ugrap Arafatyň çäginden çykýarlar we birnäçäler çyralar ýananda Gün ýaşdy hasap edip howlugyp ugraýarlar. Gün batmanka Arafatyň çäginden geçýärler. Birnäçe toparlar maşynlaryny Arafatyň çägi bolan tablolaryň daşynda goýýarlar. Ikindi okalandan soňra kerwen müdirleri esbaplaryny maşynlara ýüklemäge durýarlar, birnäçe adamlar-da şol maşyna münüp oturýarlar, haçan hemmeler ugranda olar hem maşyndan düşmän ugraýarlar. Şu işleri etmek dogry däldir, onuň kemçiligini doldurmak üçin dem çalmalydyr (w).

Gepiň gysgasy Arafa gününde hajylar tä Gün batýança howlukman, aglamak we pespällik bilen doga edip durmaly (f-w-m). Gün batanda Döwlet tarapyndan top atylar, şonuň sesi eşidilenden soňra Arafatdan ugramaly, ondan soň gijä galmaly däl, agşamy ýa ýassyny Arafatda okamak dogry däl. Şol iki namazy Muzdelefä ýetmän, ýolda okamak-da dogry däl. Şu iki namazy Muzdelefä gijikdirmek we şonuň ýaly agşamy ýassynyň wagtyna gijikdirmek köp alymlara, meselem: “Hidaýaˮ kitabyny ýazan alyma we ondan başgalara görä parz amalydyr, parz ygtykady däldir. Emma Ibni Humam we beýleki birnäçe alymlar şu gijikdirmeklige wajyp diýdiler. Her ýagdaýda şu iki namaz Muzdelefä ýetmän okalsa, ýa Muzdelefä baranda hem agşam ýassynyň wagtyndan öň okalsa dogry bolmaz, bozular. Daň atmazyndan öň gaýtalamak gereklidir (w).

Eger Muzdelefede ýassyny agşamdan öň okasa, agşamy okar, ondan soňra ýassyny gaýtalar, eger gaýtalaman daň atyraýsa ýassysy dogry bolar, tertip-de boýnundan aýrylar. Eger Muzdelefä barmazyndan öň, daň atmagyndan gorkup, agşam bilen ýassysyny okaýsa dogry bolar. Eger Muzdelefä gelmän Arafatda ýatsa agşamy hökman öz wagtynda okamaly. Şonuň ýaly Muzdelefäniň ýolundan gitmän, başga bir ýoldan Mekgä gitse, ýa aýry bir şähere gitse, ýolda agşamy öz wagtynda okamak lazymdyr. Eger Muzdelefäniň ýoluny tapman azaşsa, tä daň atmagyndan gorkýança agşamy we ýassyny okamaly däl. Her wagt daň atmak gorkusy gelse agşamy we ýassyny okamaly.


MUZDELEFÄ DEGIŞLI HÖKÜMLER

Muzdelefä degişli hökümler bäş tüýslüdir:



Birinjisi: parzdyr, ýagny Gurban aýynyň 10-y gijesiniň agşamyny we ýassysyny Muzdelefä çenli gijä goýmak, köp alymlara görä, meselem “Hidaýaˮ kitabyny ýazan alym we ondan başga-da köp meşäýihlere1 we alymlara görä parz bolan buýrukdyr. Onuň üçin Muzdelefä ýetmän ýolda okasalar, okan agşamlary we ýassylary garaşykly ýagdaýda dogry bolmaz, ýagny bozular. Daň atmazyndan öň gaýtalamak hökman wajypdyr. Eger gaýtalaman daň atyrsalar okan agşamlary we ýassylary dogry bolar.

Ikinjsi: wajypdyr, ýagny Gurban aýynyň 10-y gijesinde agşam bilen ýassyny Müzdelefä çenli gijä goýmak Ibni Humam we gaýrylara görä, wajyp bolan buýrukdyr. Onuň üçin bu iki namazy Müzdelefä barman okamak dogry däldir, oňa görä bu iki namazy gaýtalamak iki garaýyşda hem wajypdyr. Müzdelefede daň atandan soňra göz açyp ýumasy salym durmak, ýene bir wajyp bolan buýrukdyr, özi baryp dursun, ýa başga biri göterip äkitsin, şonuň öz buýrugy bilen ýa başganyň buýrugy bilen äkidilsin, ukuda bolsun ýa bihuş bolsun, dällirän bolsun ýa serhoş bolsun, ýa şol ýere barmagy niýet etsin, ýa niýet etmesin, şol ýeriň Muzdelefedigini bilsin ýa bilmesin tapawudy ýok, şol Muzdelefede azajyk wagt hem bolsa durmak wajypdyr. Eger şu azajyk wagt durmak uzursyz terk bolsa, hökman dem çalmak gereklidir (w).

Emma şu wukufy ejizlik, merizlik, hatynyň dykylyşykdan gorkmagy sebäpli ýa mümkin bolmaýandygy sebäpli (Meselem Arafata ahyrky wagtynda ýetişen adam Gün dogmazyndan öň Muzdelefä ýetişip başarmandygy sebäpli) terk edilse, şu ýagdaýlaryň hiç birinde dem wajyp bolmaz.

Muzdelefäniň bar ýeri durulýan ýerdir, diňe Wady-Muhassar diýlen ýer durulýan ýer däldir. Ol ýerden çalt geçmelidir. Ol ýere Wady-Muhassar diýip at berilmegi, ol ýer Äbrahäniň1 pillerini ýadadyp ejizlige duçar eden oýy bolansoňdyr. Wady diýeni, çöket, oý diýdigidir, Muhassar diýýäni ýadadýan, gama duçar edýän diýdigidir.

Şol ýerden tizlik bilen geçmek dört mezhepde hem mustahabdyr. Çünki şol ýerde şeýtan hasrat çekip durýar. Şol ýere Wadin-Nar diýip hem aýdýarlar, ýagny otly oý diýildigi. Şol ýerde bir adam aw awlap ýörkä asmandan ot inip, şol adamy ýakyp heläk edipdir. Onuň üçin şu oýdan tizlik bilen geçip barýan ýagdaýyňda şu dogany okamaly:

«اَللُّهُمَّ لاَتَقتُلنَا بِغَضَبِكَ وَلاتُهلِكنَا بِعَذابِكَ وَعَافِنَا قَبلَ ذَلِكَ».

Terjime: Eý bar Hudaýa! Sen bizi öz gazabyň bilen öldürme we Sen bizi öz azabyň bilen heläk etme we Sen bize saglyk ber, ajalymyz ýetip ölmezimizden öň.



Yüklə 2,02 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   7   8   9   10   11   12   13   14   ...   23




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin