3 اِسْعَوْا فَاِنَّ اللهَ كَتَبَ عَلَيْكُمْ السَّعْيَ
Terjime: Siz Safa we Merwä sagy ediň. Taňry tebärek we tagala Safa we Merwä sagy etmekligi size buýruk etdi.
4 رَأَي اِبْنُ عَبَّاسٍ قَوْمَاً يَطُوفُونَ بَيْنَ الصَّفَا وَ المَرْوَةَ فَقَالَ: هَذَا مَا اَوْرَثَتْكُمْ اُمُّكُمْ اُمُّ اِسْمَاعِيْلَ
Terjime: Hezreti Abdulla bin Abbas r.anhumä Safa we Merwäniň arasynda aýlanyp ýören jemagatlary görüp, şonda aýtdy:"Bu bolup ýören ýagdaýyňyz öz eneňiz, hezreti Ismaýylyň ejesi hezreti Hajaryň size goýan mirasydyr".
5لَعَمْرِي مَا حَجَّ مَنْ لَمْ يَسْعَ بَيْنَ الصَّفَا وَ المَرْوَةَ
Terjime: Hezreti Aýşa r.a aýdypdyr: "Haýsy bir adam Safa bilen Merwäniň arasynda sagy etmese, şonuň hajynyň ýoklugyna men ömrümden ant içýärin, ýagny şonuň eden hajy bütewi däldir.
MINA
Mina ‒ bu Mekge mukerremäniň 7 km gyş gündogar tarapynda ýerleşen bir deredir. Ol deräniň ini gysga, emma uzynlygy sekiz müň ädimdir. Şu deräni gurşap duran daglaryň derä tarap bakyp duran tarapy Mina degişli, ol daglaryň arka tarapy Mina degişli däl. Gepiň gysgasy Minanyň çägi Jemre-Akaba bilen Wady-Muhassaranyň1 arasydyr. Emma Jemre-Akaba bilen Wady-Muhassaranyň özi Mina degişli däldir. Minanyň çäklerinde gök reňkli ullakan tablolar bardyr. Şonuň daş tarapynda بدايه مني "Bidaýa Mina" ("Minanyň başlaýan ýeri"), iç tarapynda نهايه مني "Nihaýa Mina"(" Minanyň gutarýan ýeri ") diýen ýazgylar bardyr.
MINA MAHSUS BOLAN BÄŞ ALAMAT
Şu Minada başga ýerde tapylmaýan alamatlardan bäş alamat bardyr: 1. Jemeratlara2 atylýan daşlaryň kabul bolany göterilýändir. 2. Minanyň deresi dar bolsa-da hajylaryň köplügine garamazdan, olary sygdyrýandyr. 3. Minadaky öldürilen şükranalara maslyk iýýän gajar, çaýkel ýaly ýyrtyjy guşlar gelip çokjalaýan däldir. 4. Minadaky iýilýän iýmitlere siňek düşýän däldir. 5. Minada çybyn az bolar.
MINADAKY TEBERRUK ÝERLER
Minada teberruk ýerler köpdür:1. Mesjidi haýf. Minanyň ileri tarapynda, Mekgeden gelýäniň sag tarapynda ýerleşýär. 2. Mesjidi köwser. Minaniň ortasynda, Mekgeden gelýäniň sag tarapynda ýerleşýär. Ýoldan daşlygy takmynan 40 metrdir. Şol ýerde "Köwser" surasy inipdir. 3.Mesjidi kebiş. Jemre Akabanyň gaýra tarapynda Sibir dagynyň gapdalynda Mekgeden gelýäniň sol tarapynda ýerleşýändir. Ýoldan daşlygy takmynan 300 metrdir. Şol ýer goçuň inen ýeridir. 4. Mesjidi bigat. Iki dagyň arasynda bolan oýda we Mekgä gidýäniň sag tarapynda ýerleşýändir. Jemre Akabadan daşlygy 0.5 kilometrdir. Şu ýerde Medineli ensarylar hijretden1 öň Pygamber aleýhissalama bigat edipdirler2. 5.Mesjidi Mina. Jemre ulä bilen Jemre Wustanyň aralygynda, Arafata tarap gidýäniň sag tarapynda ýerleşýär. Şu Metjide Mesjidi Menhar diýip-de aýdylýandyr. Şonuň ýeri Pygamber a.s-yň guşluk namaz okaýan ýeridir.
Şol derä Mina diýilmekliginiň sebäbi, şol ýerde kän janly öldürilip, gan köp dökülipdir. Hezreti ibni Abbasdan rowaýat edildi: "Şu ýere Mina diýilmeginiň sebäbi, şu ýerde Hezreti Jebraýyl hezreti Adam a.s-dan aýrylyşmaly bolanda تَمَنَّ tämännä diýdi, ýagny eý, Adam! Allatagaladan islegiňi dile diýdi. Şonda hezreti Adam a.s اَتَمَنَّي الجَنَّةَ ätämänläl-jännätä ýagny, men Taňry tebärek we tagaladan jenneti isläýärin diýdi. Şol jähtli şol ýere Mina diýdiler.
MINA HAKYNDA GELEN HADYSLAR
Şu Mina hakynda gelen hadyslar köpdür.
1 مَثَلُ مِنَي كَالرَّحِمِ وَ هِيَ ضَيِّقَةٌ فَاِذَا حَمَلَتْ وَسَّعَهَا اللهُ تَعَالي
Terjime: Mina göýä enäniň çaga ýatgysy ýalydyr, her wagt ol dolsa, Taňry tebärek we tagala şony giňeldýändir.
2 لَاتُشَدُّ الرِّحَالُ اِلا اِلَي ثَلاثَةِ مَسَاجِدَ، مَسْجِدِ الخَيْفِ وَ المَسْجِدِ الحَرَامِ وَمَسْجِدِي
Terjime: Mesjidi haýfdan, Mesjidi Haramdan we Meniň metjidimden başga hiç bir metjide goş gurup sapara gidilmez.
3 صَلَّي فِي مَسْجِدِ الخَيْفِ سَبْعُونَ نَبِيَّاً مِنْهُمْ مُوسَي
Terjime: Mesjidi haýfda ýetmiş pygamber namaz okadylar, hezreti Musa aleýhissalam-da şolaryň içindedi.
4 فِي مَسْجِدِ الخَيْفِ قَبْرُ سَبْعِيْنَ نَبِيَّاً
Terjime: Mesjidi haýfda ýetmiş pygamberiň gabry bardyr.
5 عَنْ اَبِي هُرَيْرَةِ رَضِيَ اللهُ عَنْهُ اَنَّهُ كَانَ يَقُولُ: لَوْ كُنْتُ مِنْ اَهْلِ مَكَّةَ لَاَتَيْتُ مَسْجِدِ مِنَي كُلُّ سَبْتٍ
Terjime: Hezreti Ebihureýre r.a aýdardy: Eger men Mekgeli bolsadym, hökman her şenbe güni Minanyň metjidine gelerdim.
ARAFAT
Arafat diýýäni Mekge mukerremäniň 22 kilometr gyş gündogarlygynda, dört töweregini dagalar gurşan çägeli meýdandyr. Häzirki wagtlarda ol meýdana agaç ekilip, ol ýer jeňňel edilipdir. Arafatyň günbatar tarapy «عُرَنَة» Urane atly oý Haram şerife1 degişlidir. Şol oýuň gyrasynda«نَمِرَة» Nemira atly metjit bardyr. Şoňa Mesjidi Arafa we Mesjidi Ybrahym hem diýilýändir. Şol meýdanyň gyralarynda Arafatyň çäklerini bildirýän sary reňkli beýik tablolar bardyr. Daş tarapynda عرفاتبدايه Bidaýa Arafat (Arafatyň başlaýan ýeri), iç tarapynda نهايه عرفات Nihaýa Arafat (Arafatyň gutaran ýeri) diýlip ýazylandyr. Arafatyň bar ýeri Haramyň daşydyr. Arafat bu arap sözi bolup, tanamak diýen manydadyr.
ARAFATA "ARAFAT" DIÝILMEGINIŇ SEBÄBI
Bu ýere Arafat diýilmeginiň sebäpleri köpdür:
1.Hezreti Jebraýyl şol ýeri Ybrahym Halyla wasp edip gürrüň beripdir. Ybrahym a.s şol ýeri görende Jebraýyl aýtmanka tanapdyr. Şonuň üçin şol ýere Arafat diýipdirler.
2. Hezreti Jebraýyl Ybrahym a.s-ma haj ybadatynyň ýerine ýetirilýän ýerlerini görkezip ýören ýagdaýlarynda, şol ýere gelende "Arafta" diýipdir, ýagny “Sen haj ybadatynyň ýerine ýetirilýän ýerlerini tanadyňmy?” – diýip sorapdyr. Şonda Ybrahym a.s “Hawa tanadym” – diýip, aýdypdyr. Şonuň üçin şol ýere Arafat diýlipdir.
3.Atamyz hezreti Adam we enemiz hezreti Howwa jennetden çykarylanda Adam Hindä düşüp we Howwa Jiddä düşüpdir. Şu ikisi köp wagtlar biri-birilerini küýsäp gezen ýagdaýlarynda şu mekanda sataşyp, biri-birilerini tanapdyrlar. Şonuň üçin şol ýere Arafat diýlipdir.
4. Gurban aýynyň dokuzy güni hajylar şol ýere üýşüp, eden günälerinden toba edip, Taňry tebärek we tagalany tä Gün batýança gözýaş edip pes-pällik bilen ýatlaýarlar. Allatagala el serip, şol ýerde günäleriniň geçilmegini dileýärler we şol ýerde ejizligini äşgär edip, eýesini (Allatagany) gowy tanaýarlar. Şonuň üçin şol ýere Arafat diýlipdir.
ARAFATYŇ FAZYLATY HAKDA ROWAÝAT BOLAN HADYSLAR
Şu Arafatyň fazylaty hakda rowaýat bolan hadyslar köpdür:
1 الحَجُّ الاَكْبَرُ يَوْمُ عَرَفَةَ
Terjime: Hajyň uly parzy aýyň dokuzy güni Arafat meýdanynda durmakdyr.
2 مَا مِنْ عَشِيَّةٍ اَكْثَرَ عُتَقَاءَ مِنَ النَّارِ مِنْ يَوْمِ عَرَفَةَ
Terjime: Hiç bir aşiýýäniň1 otdan azat edilýän bendeleri Arafa gününiň aşiýýasynda azat edilýän bendelerden köp däldir.
3 اِنَّ اللهَ يُبَاهِيْ بِاَهْلِ عَرَفَاتٍ اَهْلَ السَّمَاءِ فَيَقُولُ لَهُمْ: اُنْظُرُوا اِلَي عِبَادِي جَاؤُنِي شُعُثاً غُبُراً
Terjime: Hakykatdan-da Taňry tebärek we tagalanyň Arafatdakylar bilen asmandakylara hoşy geler we şolar üçin aýdar: Meniň bendelerime nazar ediň! Olar saç-sakgallaryny çaşyryp, tozana bulaşan ýagdaýlarynda Maňa geldiler.
4صِيَامُ يَوْمِ عَرَفَةَ كَصِيَامِ اَلْفَ يَوْمٍ
Terjime: Arafa gününiň rozasy göýä beýleki günleriň müň günki rozasy ýalydyr.
5 اِنَّ اللهَ تَعَالي يَنْظُرُ اِلَي عِبَادِهِ يَوْمَ عَرَفَةَ فَلايَدَعُ اَحَداً فِي قَلْبِهِ مِثْقَالُ ذَرَّةٍ مِنَ الاِيْمَانِ اِلَّا غَفَرَ لَهُ
Terjime: Allatagala Arafat gününde öz bendelerine nazar eder, ýüreginde zerre mukdarly imanly bolan adamy ýalkar.
6 اَعْظَمُ النَّاسِ ذَنْباً مَنْ وَقَفَ بِعَرَفَةَ فَظَنَّ اَنَّ اللهَ تَعَالي لَمْ يَغْفِرْ لَهْ
Terjime: Adamlaryň içinde iň uly günäli adam, Arafatda durup-da, özüniň günäsini Allatagala bagyşlan däldir diýip çak edýän adamdyr.
7 اِنَّ الوَقْفَةَ يَوْمَ الجُمُعَةِ تَعْدِلُ سَبْعِيْنَ حَجَّةً
Terjime: Jumga güni Arafatda durmak ýetmiş haj bilen barabar bolar. Onuň üçin şol haja "Haj ekber" (Uly haj) diýip aýtdylýar.
JEBELUR - RAHME
Jebelur-rahme diýýäni Arafatyň ortasynda bolan bir kiçijik dagdyr. Şol dagyň eteklerinde uly gara daşlar bardyr. Şu dagyň Mekgeden daşlygy 4 fersehdir1 ( 24 km). Şu daga Jebelur-rahme diýlişi ýaly, Jebelu-iläl hem diýilýändir. Iläl manysy – çaltlaşmakdyr. Hajylar şony görenlerinde derrew şonuň üstüne münjek bolup çaltlaşýarlar. Şonuň üçin oňa Iläl diýlipdir.
Jebelur-rahmetiň aýdyň belgisi üstünde bir ak diň bar, onuň ini 176 sm, uzynlygy 187 sm we beýikligi takmynan 8 metr bardyr.
MUZDELEFE
Muzdelefe diýýäni Wady-muhassaranyň gutaran ýerinden Mä'zimeýne çenli barýan oý we onuň iki gapdalydyr. Şu oýuň uzynlygy 4370 metrdir.
Wady muhassara – Muzdelefe bilen Minanyň arasynda ýerleşýän oýdur. Onuň uzynlygy 500 metrdir.
Mä'zimeýn – Muzdelefe bilen Arafatyň aralygynda, iki dagyň ortasynda ýerleşýän dar ýoldur.
MUZDELEFÄ MUZDELEFE DIÝILMEGINIŇ SEBÄPLERI
Şu mukaddes ýere Muzdelefe diýilmeginiň sebäpleri köpdür.
1.Muzdelefe diýen söz arap sözi bolup, ýakynlamak manysyndaky izdilaf sözünden alnypdyr, çünki şol ýerde hajylar ybadat edip, dogalar kylyp, Allatagala ýakynlaşansoň, şol ýere Muzdelefe diýlip at goýlupdyr.
2.Hajylar Arafatdan gaýdyp Mina ýakynlaşan soň, ýakynlamak manysyndaky izdilaf sözünden çykarylyp Muzdelefe diýilýär.
3.Hajylar Gurban aýynyň ony gijesinde şol ýere üýşensoň, üýşmeleň manysynda bolan izdilaf sözünden alnyp Muzdelefe diýilýär. (Izdilaf diýen sözüň üýşmeleň diýen manysy hem bardyr)
4.Hajylar ilki agşamdan şol ýere gelensoň gijäniň owalky bölegi diýen manysynda bolan zulf sözünden alnyp Muzdelefe diýilýär.
5. Şol ýer aýna ýaly sap we arassa ýer bolansoň, aýna manysynda bolan zelefe sözünden alnyp Muzdelefe diýilýär.
6.Üýşürmek manysynda bolan izdilaf sözünden alnyp Müzdelefe diýilýär, çünki şol ýer hemme hajylary özünde üýşürýändir.
7.Ýakyn etmek manasynda bolan izdilaf sözünden alnyp Muzdelefe diýilýär, çünki şol ýer hemme hajylary biri-birilerine ýakynlaşdyrýar.
8.Birikdirmek manysynda bolan izdilaf sözünden alnyp Muzdelefe diýilýär, çünki şol ýerde hajylar agşam namazy bilen ýassy namazyny birikdirip okaýar.
Şol mukaddes ýere Muzdelefe diýip aýdylyşy ýaly Jemig diýip-de aýdylýandyr. Jemig ‒ birikmek, birleşmek diýen manydadyr, çünki atamyz hezreti Adam a.s we enemiz hezreti Howwa a.s şol ýerde birleşip, biri-birlerine ýakynlaşansoň Jemig diýlipdir. Şu mukaddes ýere Jemig diýip aýdylyşy ýaly مَشْعَرُ الحَرَام Meşgerul-Haram diýip-de aýdylýandyr. Meşgerul-Haram diýýäni Kuzah atly dagdyr. Patyşa şol ýerde gelip durýandyr. Meşgeriň manysy ‒ alamat, Haramyň manysy ‒ hormatdyr, ýagny şol ýer özünde ybadat edilýän hormatly ýer diýdigidir.
Muzdelefä Meşgerul Haram diýilmegi mejäz bapdandyr, ýagny bir zada özüniň artykmaç bölegi bilen at bermekdir. Şol Meşgerul Haram Muzdelefäniň iň afzal1 ýeridir. Muzdelefäniň çäkleri owalyndan tä ahyryna çenli 5 kilometr ýoldur. Muzdelefäniň çäginiň gutaran ýerinde ýaşyl reňkli uly tablolar bardyr. Şolaryň iç tarapynda
نهاية مزدلفة Nihaýa Muzdelefe (Muzdelefäniň gutaran ýeri), daş tarapynda بداية مزدلفة Bidaýa Muzdelefe (Müzdelefäniň başlan ýeri) diýip ýazylgydyr. Şu Muzdelefede bir uly metjit bar. Şol metjide Mesjidi Meşgerul Haram diýip aýdylýandyr. Mesjidi Haramdan tä Minanyň çägine barýança 7 kilometr ýoldur. Minanyň başyndan tä Muzdelefäniň başyna barýança aralyk 4 kilometr ýoldur. Muzdelefäniň ahyryndan tä Arafat meýdanyna barýança aralyk 10 km ýoldur.
MUZDELFÄNIŇ FAZYLATY HAKDA ROWAÝAT EDILEN HADYSLAR
Şu Muzdelefäniň fazylaty hakda rowaýat edilen hadyslar köpdür:
1 اِنَّ رَسُولَ اللهِ صَلَّي اللهُ عَلَيْهِ وَ سَلَّمَ دَعَا عَشِيَّةَ عَرَفَةَ لاُمَّتِهِ بِالمَغْفِرَةِ وَ الرَّحْمَةِ فَاَكْثَرَ الدُّعَاءَ فَاَوْحَي اللهُ اِلَيْهِ اِنِّي قَدْ فَعَلْتُ الاَّ ظُلْمَ بَعْضِهم بَعْضاً وَ اَمَّا ذُنُوبَهُمْ فِيْمَا بَيْنِي وَ بَيْنَهُمْ فَقَدْ غَفَرْتُهَا فَقَالَ يَا رَبِّ اِنَّكَ قَادِرٌ عَلَي اَنْ تُثِيْبَ هَذَا المَظْلُومَ خَيْراً مِنْ مَظْلِمَتِهِ وَ تَغْفِرَ لِهَذَا الظَّالِمِ فَلَمْ يُجِبْهُ تِلْكَ العَشِيَّةَ فَلَمَّا كَانَ غَدَاةَ المُزْدَلِفَةِ اَعَادَ الدُّعَاءَ فَاَجَابَهُ اللهُ اِنِّي قَدْ غَفَرْتُ لَهُمْ فَتَبَسَّمَ رَسُولُ اللهِ صَلَّي اللهُ عَلَيْهِ وَ سَلَّم فَسَألَهُ اَصْحَابُهُ قَالَ: تَبَسَّمْتُ مِنْ عَدُوِّ اللهِ اِبْلِيْسَ اِنَّهُ لَمَّا عَلِمَ اَنَّ اللهَ قَدْ اِسْتَجَابَ لِيْ فِيْ اُمَّتِي اَهْوَي يَدْعُو بِالوَيْلِ وَ الثُّبُورِ وَ يَحْثُو التُّرَابَ عَلَي رَأسِهِ
Terjime: Hezreti Resulekrem s.a.w Arafat gijesinde özüniň ymmaty üçin Allatagalanyň bagyşlamagyny we rehmetini diläp doga etdi, göz-ýaş edip Taňry tagaladan kän diledi. Şonda Taňry tebärek we tagala Pygamber a.s-a wahý1 etdi: “Eý Muhammet aleýhyssalam! Men seniň aýdanyňy etdim, seniň ymmatyň günälerini geçdim, ýöne olar biri-birilerine zulum eden bolsa, ony geçmedim. Emma olaryň men bilen öz aralaryndaky eden günälerini, Men olaryň barysyny bagyşladym”. Şonda Pygamber a.s aýtdy: “Eý meniň Beýik Perwerdigärim! Sen şu zulum edilene özüne edilen zulumdan gowrak sogap bermekligi başarýansyň we şu zalymy bagyşlap ýalkamaklygy-da başarýansyň. Sen şolaryň-da günälerini geç”.
Taňry tebärek we tagala şu dogany şol gijede kabul etmedi. Muzdelefede ýatyp ertir daň atanda Pygamber a.s şol eden dogasyny ýene gaýtalady. Şonda Taňry tebärek we tagala Pygamber a.s-yň şol eden dogasyny kabul etdi we aýtdy: “Men şol zalymlaryň-da günälerini geçdim” diýdi. Şonda Hezreti Resulekrem s.a.w ýylgyrdy sahabalar ol serweriň ýylgyrmaklygynyň sebäbini soradylar. Pygamber a.s aýtdy: "Men Taňry tebärek we tagalanyň duşmany bolan şeýtanyň ýagdaýyna ýylgyrdym. Ol melgun meniň ymmatym hakynda eden dogalarymy Taňry tebärek we tagalanyň kabul edendigini bilen wagtynda “Waý meniň azabym we helägim” diýip gygyryp ýykyldy we kellesinden gum sowurdy.
2 فَاِذَا اَفَاضَ القَوْمُ اِلَي جَمْعٍ وَ وَقَفُوا وَ عَادُوا فِي الرَّغْبَةِ وَ الطَّلَبِ اِلَي اللهِ فَيَقُولُ يَا مَلائِكَتِي عِبَادِي وَقَفُوا فَعَادُوا فِي الرَّغْبَةِ وَ الطَّلَبِ فَاُشْهِدُكُمْ اَنَّي قَدْ اَجَبْتُ دُعَائَهُمْ وَ شَفَعْتُ رَغْبَتَهُمْ وَ وَهَبْتُ مُسِيْئَهُمْ لِمُحْسِنِهِمْ وَ اَعْطَيْتُ مُحْسِنِيْهِمْ جَمِيْعَ مَا سَألُونِي وَ كَفَلْتُ عَنْهُمْ التَّبِعَاتِ الَّتِي بَيْنَهُمْ
Terjime: Hajylar Arafatdan Muzdelefä gaýdyp, şol ýerde dursalar, doga etseler we ýene ertir daň atandan Allatagala höwäslenmekde, Hudaýtagalany talap etmekde ýene șol gijeki eden dogalaryny gaýtalasalar, șonda Taǹry tebӓrek we tagala aýdar: "Eý meniǹ perişdelerim! Bendelerim meniň üçin Muzdelefede durdular we doga etdiler. Dogalaryny daň atanda ýene gaýtaladylar. Maňa höwäslenmekde we menden talap etmekde siz şaýat boluň. Men olaryň dogalaryny, senalaryny we şefagatlaryny kabul etdim, olaryň günäkärlerini gowulary üçin bagyşladym, Men olaryň gowularynyň hemme dilän dileglerini berdim we olaryň öz biri-birilerine bolan bergileriniň barysyna özüm kepil boldum.
3 يَا مَعَاشِرَ النَّاسِ اَتَانِي جِبْرِيْلُ آنِفاً فَاَقْرَأَنِيْ مِنْ رَبِّيْ السَّلامَ وَقَالَ اِنَّ اللهَ عَزَّ وَجَلَّ غَفَرَ لِاَهْلِ عَرَفَاتٍ وَاَهْلِ المَشْعَرِ وَضَمِنَ عَنْهُمْ التَّبِعَاتِ فَقَامَ عُمَرُ بْنُ الخَطَّابِ رَضِيَ اللهُ عَنْهُ فَقَالَ يَا رَسُولَ اللهِ هَذَا لَنَا خَاصَّةً؟ قَالَ: هَذَا لَكُمْ وَلِمَنْ اَتَي بَعْدَكُمْ اِلَي يَوْمِ القِيَامَةِ فَقَالَ عُمَرُ بْنُ الخَطَّابِ رَضِيَ اللهُ عَنْهُ كَثُرَ خَيْرُ اللهِ وَطَابَ.
Terjime: Eý, adamlaryň jemagatlary! Ýaňyja meniň ýanyma hezreti Jebraýyl perişde geldi. Ol meniň Perwerdigärimden salam getirdi we aýtdy: “Hakykatdan hem Taňry tebärek we tagala Arafata üýşen hajylary we Muzdelefä üýşen hajylary ýalkap, olary bagyşlady. Hem olaryň bendelere bolan bergilerine kepil boldy”. Şonda hezreti Omar Alhattab r.a turup:"Eý Allatagalanyň Resuly! Taňry tebärek we tagalanyň şu sylagy diňe bize mahsusmy?" Hezreti Resuly ekrem s.a.w aýtdy: "Şu sylag size we sizden soňra tä kyýamata çenli döräp şu mukaddes ýerlere gelenlere mahsusdyr". Şonda hezreti Omar Alhattab r.a "Taňry tebärek we tagalanyň haýry kändir we gowudyr" diýip aýtdy.
JEMERAT.
Jemerat diýýäni haj wagtynda özüne daş atylýan ýerlerdir. Jemerat jemre diýen sözüň köplügi, ol ownuk daş diýen manyny aňladýar. Şol ýere Jemerat diýlip aýdylmagy inilýän ýere inýäniň ady bilen at bermekdir, ýagny inýän zat daşlar bolansoň, şol daşlaryň düşýän ýerine “Jemeratˮ (“ Daşlarˮ) diýlipdir.
Jemreler üçdür:
Birinjisi: Aljemeratul-ulädir. Bu jemere tegelek howuz şekilinde edilip, gursaga çenli örülen diwardy. Onuň ortarysynda daşdan örülen beýik diň bardy. Şol ak diň daşyň düşmeli ýeridi. Emma häzirki wagtda ol gawyn şekilinde edilipdir. Oňa Aljemeratul-ulä diýilmeginiň sebäbi, ol Mesjidi-haýfdan Mekgä garşy gideniňde sag tarapdan gelýän birinji daşdyr.
Ikinjisi: Aljemeratul-wustadyr. Şu daş Aljemereatul-uläden takmynan 156 metr. Mekgä garşy gidiniňde sag tarapyňdaky daşdyr. Bu daş-da edil öňki ýaly howuz şekilinde edilip tegelek örülen diwardy. Onuň-da ortarasynda uzyn ak diň bardy. Şol ak diň atylan daşlaryň düşmeli ýeridi. Emma häzirki wagtda ol hem gawyn şekilinde edilipdir. Bu daşa Aljemeratul-wusta diýilmeginiň sebäbi, bu daş birinji daş bilen üçülenji daşyň aralygyndadyr. Şu iki daş, ýagny Aljemeratul-ulä bilen Aljemeratul-wusta Minanyň çägindedir. Şu iki daş hem aşaky etajda, hem ýokarky etajda tegelek şekilindedi. Häzirki zamanda 4-5 etaj edilendir.
Üçünjisi: Jemeratul-Akabadyr. Bu daş Aljemeratul-wustadan takmynan 117 metr, Mekgä garşy gidiniňde sag tarapyňdaky daşdyr. Bu daş aşaky etajda tegelek şekilinde edilip örülendir. Gaýra tarapyna ýabşyrylyp örülen uzyn ak diň. Ýokarky etajyň kämil tegeleginiň ortasyndan çykýandyr. Häzirki wagtda bu hem gawyn şekilinde edilendir. Bu daş Minanyň çäginiň daşyndadyr. Muňa Jemeratul-Akaba diýilýäni Akaba Mekge bilen Minanyň arsynda bolan bir dagdyr. Mekge bilen Akabanyň arasy 8000 ädim ýoldur. Bu daş şol Akabanyň düýbünde bolansoň, jemeräni şoňa ýanap Jemeratul-Akaba diýdiler. Şu Akaba we jemere ikisi-de Mina degişli däldir.
DAŞ ATMAKLYGYŇ FAZYLATY HAKDA GELEN HADYSLAR
Daş atmaklygyň fazylaty hakda gelen hadyslar köpdür.
1 اِذَا رَمَيْتَ الجِمَارَ كَانَ ذَلِكَ نُوراً يَوْمَ القِيَامَةِ.
Terjime: Her wagt sen daşlaryňy atsaň, şol seniň üçin kyýamat gününde nur bolar.
2 مَا تُقُبِّلَ مِنْهَا يُرْفَعُ وَ لَوْلَا ذَلِكَ لَرَأَيْتُمُوهَا مِثْلَ الجِبَالِ.
Terjime: Şol atylan daşlardan kabul edileni göteriler. Eger şeýle bolmasady, şol daşlaryň köpelmeginden daglar ýaly bolanyny görerdiňiz.
3 اِنَّ اللهَ وَكَّلَ بِهَا مَلَكاً فَمَا يُقْبَلُ مِنْهُ رَفَعَ وَمَا لَمْ يُقْبَلْ مِنْهُ تَرَكَ.
Terjime: Taňry tebärek we tagala şol daşlara bir perişdäni wekil etdi. Şol daşlardan kabul bolanyny ol perişde göterip äkider we şol daşlardan kabul bolmadygyny taşlap gider.
4 وَ اللهِ مَا قَبَّلَ اللهُ مِنْ اِمْرِئٍ حَجَّهُ اِلَّا رُفِعَ حَصَاهُ
Terjime: Men Taňry tebärek we tagalanyň ady bilen ant içýärin. Alla tebärek we tagala her bir ýigidiň hajyny kabul etse, onuň atan daşlary göteriler.
5 لَمَّا اَتَي خَلِيْلُ اللهِ المَنَاسِكَ عَرَضَ لَهُ الشَّيْطَانُ عِنْدَ جَمْرَةِ العَقَبَةِ فَرَمَاهُ بِسَبْعِ حَصَيَاتٍ حَتَّي سَاخَ فِي الاَرْضِ ثُمَّ عَرَضَ لَهُ عِنْدَ الجَمْرَةِ الثَّانِيَةِ فَرَمَاهُ بِسَبْعِ حَصَيَاتٍ حَتَّي سَاخَ فِي الاَرْضِ ثُمَّ عَرَضَ لَهُ عِنْدَ الجَمْرَةِ الثَّالِثَةِ فَرَمَاهُ بِسَبْعِ حَصَيَاتٍ حَتَّي سَاخَ فِي الاَرْضِ.
Terjime: Hezreti Ybrahym Halylulla hajyň buýruklaryny bitirmek üçin Mina gelen wagtynda Jemreýi-Akabanyň ýanynda şeýtana duş geldi. Şonda hezreti Ybrahym Halylulla şeýtana ýedi daş atdy. Şeýtan şonda ýere batdy, ondan soňra ikilenji Jemeräniň ýanynda şeýtan göründi Ybrahym Halylulla şoňa ýene-de ýedi daş atdy. Şeýtan ýere çümdi. Ondan soňra şeýtan üçülenji daşyň ýanynda ýene duşdy. Şonda hezreti Ybrahym Halylulla şol şeýtana ýedi daş atdy. Şeýtan ýene ýere girdi.
Bu daşa üçülenji diýilýäni Mekge tarapdan hasap edilendigidir, emma Mesjidi-Haýf tarapdan hasap edilse, bu daş birinjidir.
MUHASSAB
Muhassab diýýäni Mekge bilen Minanyň arsynda bolan oýdur. Şol oýa Muhassab diýilýäniniň sebäbi, Muhassab hasba:'ä sözünden ýasalyp, owunjak daş diýen manyny berýär. Şol ýer owunjak daşly ýer bolansoň, şoňa Muhassab diýlipdir. Şol ýere Muhassab diýlip aýdylyşy ýaly Abtah, Batha:'ä we Hasba:'ä diýlip-de aýdylýandyr. Bu sözler aslynda oý ýeriň ýumşak gumuna aýdylýar. Şol ýer-
-de çägeli oý bolansoň, şu atlar berlipdir. Şuňa Hifu Beni Kinana diýip hem aýdylýandyr.
TENGYM
Tengym diýýäni Mesjidi-Haramyň gaýra tarapyndan 7 km uzaklykdadyr. Hyla1 degişli bolan ýerdir. Hylyň Beýtulla şerife iň ýakyn bolan ýeri şu Tengymdyr. Şol ýerde hezreti Aýşa r.a ýöňkelen metjit bardyr. Şol metjit Mekge ilatynyň umra üçin yhram baglaýan ýeridir. Şol ýere Tengym diýilmeginiň sebäbi, onuň sag tarapynda Nagy:m atly dag, sol tarapynda Na:gym atly dag bardyr. Şol oýuň ady hem Nugma:ndyr. Munuň-da adyny şolara mynasyp etmek üçin Tengym diýipdirler.
Dostları ilə paylaş: |