HAJYŇ SÜNNETLERI
Hajyň sünnetleri beýleki buýryklaryň sünnetleri bilen hasap edilse 35 sünnet bolýar, ondan-da köp bolmagy mümkindir.
1.Daşdan gelip yfrat haj2 edýän adamyň Towaf kudum3 etmegi.
2.Kyran haj edýän adamyň Towaf kudum etmegi.
3.Towafy Hajar eswetden başlamak .
4.Gurban aýynyň 7-si güni ymamyň Mekgede hutba okamagy.
5.Gurban aýynyň 9-y güni ymamyň Arafatda hutba okamagy.
6.Gurban aýynyň 11-i güni ymamyň Minada hutba okamagy.
7. Gurban aýynyň 8-i güni Mekgeden Arafata tarap gitmek, ýagny Mina barmak.
8.Gurban aýyň 9-y gijesi Minada ýatmak.
9. Gurban aýyň 9-y güni Gün dogandan soň, Minadan Arafata gitmek.
10.Arafatda suwa düşmek.
11.Gurban aýynyň 10-y gijesi Muzdelefede ýatmak.
12.Gurban aýynyň 10-y güni Gün dogmazyndan öň Muzdelefeden Mina gitmek.
13.Gurban aýynyň 11-i gijesi Minada ýatmak.
14.Gurban aýynyň 12-si gijesi Minada ýatmak.
15.Gurban aýynyň 13-i gününiň daşlaryny atjak adamyň 13-i gijesi Minada ýatmagy.
16.Muhassabda (Mekge bilen Minanyň arasynda ýerleşýän oý) bir az wagt düşlemek.
17.Towaf edýän erkek adamyň yztybag etmegi1.
18.Erkekleriň towafyň owalky üç aýlawynda raml etmegi2.
19.Towafyň ahyrky dört aýlawynda öz adaty ýöreýşi bilen ýöremek.
20.Özüne sagy wajyp bolan adamyň towaf bilen sagynyň arasynda Hajar eswedi istiläm etmegi (iki eli bilen Hajar eswedi tutup, iki eliniň arasynda agzyny goýup Hajar eswedi ogşamak).
21.Hajar eswediň garşysynda tekbir aýdylanda iki eliňi götermek.
22.Ilki bilen towafa başlamazdan öň, Hajar eswede bakmak.
23.Towaf edeniňde aýlawlaryň arasyna wagt salman yzba-
-yz etmek.
24.Sagy edeniňde aýlawlaryň arasyna wagt salman yzba-yz etmek.
25.Towaf bilen Sagynyň arasyna wagt salman yzba-yz etmek.
26.Towaf edýäniň geýimleri nejaset hakykydan1 päk bolmaly.
27.Towaf edýäniň endamlary nejaset hakykydan päk bolmaly.
28.Towaf edýäniň gezýän ýeri nejaset hakykydan päk bolmaly.
29.Sagy edýän adamyň Safa münmegi.
30.Sagy edýän adamyň Merwä münmegi.
31.Sagy edýän erkek adamyň iki ýaşyl sütünleriň arasynda loňkuldamagy.
32.Telbiýäni bir gezekden köp aýtmak.
33.Yhram sebäpli gusul almak.
34.Sagy edýän adamyň owratyny örtmegi.
35.Towafyň başynda Hajar eswedi istilam etmek.
Şu sünnetleriň her biriniň terk edilmeginde dem ýa-da sadaka berilmez, emma bilgeşleýin terk etse ahyrýetde käýinji bolar.
HAJYŇ MUSTAHABLARY
Hajyň mustahablary beýleki buýruklaryň mustahablary bilen hasap edilse 60 mustahab bolýar, ondan-da köp bolmagy mümkindir:
1.Erkek adamyň telbiýäni gaty ses bilen aýtmagy.
2.Mufridiň şükrana çalmagy.
3.Afakynyň Mekgä girmek üçin gusul almagy.
4.Nahr gününde (Gurban aýynyň 10,11,12-si günleri) Towaf Zyýarat üçin gusul almak.
5.10-y güni daň atandan soňra Muzdelefede gusul almak.
6.Arafatda Jebelur-Rahme dagynyň ýakynragynda düşlemek.
7.Arafatda Mesjidin-Nemerä baryp, möwsüm hajyň ymamyna uýan yhramly adamyň öýlesi bilen ikindisini birleşdirip okamagy.
8.Arafatda dogany kän etmek.
9.Yhramly adamyň telbiýäni kän aýtmagy.
10.Arafatda möwsüm hajyň ymamynyň yzynda durmak.
11.Möwsüm hajyň ymamynyň ýakynragynda durmak.
12.10-y güni daň atanda Meşgarul-Haramda durmak.
13.Meşgarul-Haramda ertir namazy owalky wagtynda okamak.
14.10-y güni Jemre Akabanyň daşlaryny gün dogandan soňra atmak.
15.Towaf Zyýaraty 10-y güni etmek.
16.Her ýagdaýlarda gaýtalanýan zikrleri aýdyp gezmek.
17.Sagyda zikr etmek.
18.Sagyda öwlüýäleriň we öňki geçen alymlaryň eden dogalaryny etmek.
19.Sagyda lybasyň nejaset hakykydan päk bolmagy.
20.Sagyda bedeniň nejaset hakykydan päk bolmagy.
21.Sagyda jünüp1 bolmazlyk.
22. Sagyda täretsiz bolmazlyk.
23.Sagy etmekligi niýet etmek.
24.Sagy etmekde içiň-daşyň bilen peselmek.
25.Içiň-daşyň bilen peselmekligi uzak wagtlap dowam etmek.
26.Edilýän zikrleri we dogalary üç gezek gaýtalamak.
27.Aýlawlaryň arasyna wagt salnan towaflary gaýtalamak.
28.Aýlawlaryň arasyna wagt salnan sagylary gaýtalamak.
29.Sagynyň ýedi aýlawyndan soňra metjitde iki rekagat namaz okamak.
30.Mekgä gireniňde Mekgäniň ýokarsyndan Hujun diýip at berlen ýerden girmek.
31.Mekgä gireniňde tä Babus-salama barýançaň telbiýe aýtmak we doga etmek.
32.Metjide Babus-salamdan girmek.
33.Towafyň her gezeginde Ruknu Ýemänini iki eliň bilen ýa-da sag eliň bilen sypalamak.
34.Towafyň aýlawlaryndan soňra okalýan iki rekagat namazyň owalky rekagatyna Fatiha bilen Käfirun we ikinji rekagatyna Fatyha bilen Yhlas suralary goşmak.
35.Şol namazdan soňra doga-dileg etmek.
36.Zemzem suwundan kän içmek.
37.Zemzem suwundan öýe alyp gaýtmak.
38.Hajar eswede sejde etmekligi we ogşamaklygy üç gezek gaýtalamak.
39.Towafyň yzyndaky okalýan iki rekagat namazy Makam Ybrahymyň ýeňsesinde okamak.
40.Her bir ýagdaý üýtgände telbiýe aýtmak.
41.Towafu-Widagy1 towaflaryň iň soňkusy etmek.
42.Towafu-Widagy edenden soňra üç gün ýa-da üç günden köp galsa, ony gaýtalamak.
43.Karynyň niýetde, telbiýede we dogada umrany öňe geçirmegi.
44.Yhram baglamazdan öň dyrnaklary kesmek.
45.Yhram baglamazdan öň goltuk tüýi ýolmak.
46.Yhram baglamazdan öň gasyk tüýi syrmak.
47.Yhram sebäpli alýan gusulynda niýet etmek.
48.Izäriň we ridäniň2 täze bolmagy.
49.Yhramly adamyň niýetini dili bilen aýtmagy.
50.Namazdan soňra ara wagt salman, niýeti oturan ýeriňde etmek.
51.Yhramy mykatdan öňe geçirmek.
52.Yhramdan öň murty gyrkmak.
53.Yhramdan öň tikinli geýmiňi çykarmak.
54.Haýzly aýalyň yhram sebäpli gusul etmegi.
55.Nefasly aýalyň yhram sebäpli gusul etmegi.
56.Yhramdan öň endamyňa atyr çalmak.
57.Kellesini mydam syrýan adamyň yhramdan öň kellesini syrmagy.
58.Yhramdan öň aýalyň bilen jynsy gatnaşyk etmek.
59.Yhramdan öň kelläňi şampun bilen ýuwmak.
60.Gusul edip bolandan soňra saç we sakgaly daramak.
Şu mustahab bolan işleri etmek artykmaç sogaby ele getirmekdir we şulary terk etmek artykmaçlygy elden bermekdir.
HAJYŇ MUBAHLARY
Yhramly adam üçin mubah bolan işler 115-dir, ondan-da köpräk bolmagy mümkin.
1.Päklik üçin gusul etmek.
2.Endamyňdan tozanyňy aýyrmak üçin gusul etmek.
3.Endamyňy sowatmak üçin gusul etmek.
4.Suwa çümmek.
5.Hammama girmek.
6.Gyzgyn suw bilen gusul etmek.
7.Päklemek üçin geýim ýuwmak.
8.Arassalamak üçin geýim ýuwmak.
9.Ýüzük dakynmak.
10.Sagat dakynmak.
11.Gylyç dakynmak.
12.Kapyr duşman bilen ölüşmek.
13.Biliňe Himýan (özünde pul gapjygy bolan bil guşagy) baglamak.
14.Biliňe guşak guşamak.
15.Ýarag dakynmak.
16.Oýda kölegelenmek.
17.Çadyrda kölegelenmek.
18.Kejebede (ulagda) kölegelenmek.
19.El ýa-da agaç bilen serlen donuň kölegesine kölegelenmek.
20.Saýawan bilen kölegelenmek.
21.Göze sürme çalmak.
22.Aýna seredip bezenmek.
23.Dişe miswak urmak.
24.Diş sogurtmak.
25.Döwük dyrnagny kesmek.
26.Damardan gan aldyrmak.
27.Kelleden gan aldyrmak.
28.Gözde gögerýän gyly ýolmak.
29.Oglany sünnet etmek.
30.Çybany ýarmak.
31.Her bir çiltirek ýa-da ýarany ýarmak.
32.Döwlen agzany düzetmek, daňmak we örtmek, eger kellede ýa ýüzde bolmasa.
33.Izär we ridäni ýüpek bolmadyk her hili matadan edinmek.
34.Köýnegi izär ýaly edip oramak.
35.Ýaňagyňy ýassykda goýmak.
36.Kelläňi ýassykda goýmak.
37.Öz eliňi kelläňde goýmak.
38.Öz eliňi burnuň üstünde goýmak.
39.Gaýrynyň elini kelläň üstünde goýmak.
40. Gaýrynyň elini burnuň üstünde goýmak.
41.Ýüzüňe kölege berýän zat geýmek.
42.Aýagyň üstündäki ýumurjany basmaýan her bir köwşi geýmek.
43.Eňekden aşakdaky sakgaly örtmek.
44.Selläni biliňe oramak.
45.Ridäniň iki ujuny himýan bilen guşalan izäre gapjatmak.
46.Iki gulagyňy örtmek.
47.Ýeňsäňi örtmek.
48.Geýinmän iki eliňi örtmek.
49.Geýinmän iki aýagyňy örtmek.
50.Ýüz bilen kelleden başga endamy örtmek.
51.Kellesine legen, tabak, gazan ýa tagta, ýa-da her bir şular ýaly gaty zady goýup götermek .
52.Halaly adamyň Hylda awlan awyny iýmek.
53.Oda bişen hoşboý ysly tagamy iýmek.
54.Sary ýagy iýmek ýa içmek.
55.Zuýtun ýagy iýmek ýa içmek.
56.Künji ýagy iýmek ýa içmek.
57.Özünde hoşboý ysy bolmadyk her ýagy iýmek ýa içmek.
58.Et ýagy iýmek ýa içmek.
59.Guýruk ýagy iýmek ýa içmek.
60.Ýarasyna ýag ýa-da pudra, maz çalmak.
61.Eliň ýa aýagyň ýaryklarna ýag ýa-da pudra, maz çalmak.
62.Zeýtun ýagy iki gulaklaryňa damdyrmak.
63.Künji ýagy iki gulaklaryňa damdyrmak.
64.Zeýtun we Künjüden başga her bir zadyň ýagy yssyz bolsa, şony endamyňa çalmak.
65.Bişen satanlaryňa yssyz pudra çalmak.
66.Gök bolsun ýa gury bolsun, Hylyň agajyny kesmek.
67. Gök bolsun ýa gury bolsun, Hylyň otuny kesmek.
68.Özünde günäkärçilik bolmadyk şygyrlary okamak.
69.Öýlenmek.
70.Öýermek.
71.Düýäniň damagyny çalmak.
72.Sygryň damagyny çalmak.
73.Goýnuň damagyny çalmak.
74.Geçiniň damagyny çalmak.
75.Towguň damagyny çalmak.
76.Öýdeçi bolan ördegiň damagyny çalmak.
77.Öýdeçi bolan gazyň damagyny çalmak.
78.Indugyň damagyny çalmak.
79.Gak-gargany öldürmek.
80.Içýany öldürmek.
81.Ýylany öldürmek.
82.Syçan öldürmek.
83.Çaý (guşuň ady) öldürmek.
84. It öldürmek.
85.Çybyn öldürmek.
86.Büre öldürmek.
87.Siňek öldürmek.
88.Sakyrtga öldürmek.
89.Pyşbaga öldürmek.
90.Möjek öldürmek.
91.Ary öldürmek.
92.Hažžyk öldürmek.
93.Kebelek öldürmek.
94.Kirpi öldürmek.
95.Tomzak öldürmek.
96.Gurbaga öldürmek.
97.Ezýet berýän garynjany öldürmek.
98.Ýuwaşlyk bilen kelläňi gaşamak.
99.Ýuwaşlyk bilen sakgalyňy gaşamak.
100.Ýuwaşlyk bilen endamyňy gaşamak.
101.Atyr ysyny ysgamak niýeti bolman, atyr satylýan dukanda oturmak.
102.Eger mätäç bolsa mubah sözler1 bilen geplemek.
103.Towafda salam bermek.
104.Towafda petwa islemek.
105.Towafda petwa bermek.
106.Towafdan hajat sebäpli çykmak.
107. Towafda suw içmek.
108.Päk bolan aýakgap bilen towaf etmek.
109.Towafda edilýän zikrleri we dogalary terk etmek.
110.Towafda içiňden Kuran okamak.
111.Towafda mubah bolan şygyrlary okamak.
112.Uzur sebäpli araba münüp towaf etmek.
113.Uzur sebäpli araba münüp aýlatmak.
114.Towafda asgyrmak sebäpli hamd2 aýtmak.
115.Ruknu Ýemänini ogşamaklygy terk etmek.
HAJYŇ MEKRUHLARY
Hajyň mekruhlary beýleki buýruklaryň mekruhlary bilen hasap edilse 111-dir, ondan-da köp bolmagy mümkindir:
1.Ymamyň Arafatda hutbany gün agmazyndan öň okamaklygy.
2.Ymam Mesjidi-Nemrede öýle bilen ikindini goşup okandan soňra, Mewkyfa1 gitmekligi gijä goýmaklygy.
3.Arafatdan gaýdylanda ymamdan öň gaýtmak.
4.Ymam gaýdandan soňra, uzursyz köp eglenmek.
5.Jemeratlara2 atylan daşlardan daş alyp atmak.
6.Metjitleriň içindäki daşlardan daş alyp atmak.
7.Şänikden ýa-da bagaladan3 uly daş bilen daş atmak.
8.Uly daşlary owradyp şolaryň ownuklary bilen daş atmak.
9.Halaly bolanyňda kelläniň hemmesini syrdyrman ýa gyrkdyrman, diňe dörtden birini syrdyrmak ýa gyrkdyrmak.
10.Arafat gijesinde (Gurban aýynyň 9-y gijesi) Minadan başga ýerde ýatmak.
11.Daş atylýan günleriň gijeleri (Gurban aýynyň 11-i,12-si gijeleri) Minadan başga ýerde ýatmak.
12.Her bir wajyby terk etmek.
13.Her bir sünneti mu'äkkidäni4 terk etmek.
14.Asudalyk bolmaýan ýagdaýda Arafata gitmeli bolan adam hemme goşlarny Mekgede goýmaklygy.
15.Asudalyk bolmaýan ýagdaýda Minada daş atmak üçin galmaly bolanyňda ýüküňi Mekgä ibermek.
16.Endamyňdan kir aýyrmak.
17.Saçyň bulaşyklaryny daramak we düzetmek.
18.Sakgalyň bulaşyklaryny daramak we düzetmek.
19.Kelläňi kir aýyrýan zat bilen ýuwmak.
20.Sakgalyňy kir aýyrýan zat bilen ýuwmak.
21.Endamyňy kir aýyrýan zat bilen ýuwmak.
22.Sakgalyňy daramak.
23.Saçyňy daramak.
24.Sakgalyňy gaty gaşamak.
25.Saçyňy gaty gaşamak.
26.Endamyňy gaty gaşamak.
27.Ýeňiňe salyp geýilýän eşikleri ýeňiňe geýmän egniňe atmak.
28.Izäriň iki ujuny biri-birine daňmak.
29.Ridäniň iki ujuny biri-birine daňmak.
30.Şu ikisiniň her birini deşip ýüp bilen baglamak.
31.Müşk bilen yslandyrylan eşigi geýmek.
32.Hoşboý zady ysgamak.
33.Endama ýapyşmaýan hoşboý zady endama degirmek .
34.Reýhan atly oty ysgamak.
35.Her bir hoş boýysly oty ysgamak.
36.Hoşboý ysly miweleri ysgamak.
37.Hoşboý ysy ysgamak üçin atyr satýanyň dükanynda oturmak.
38.Gowy ysyndan peýdalanmak üçin atyr satýan bilen bolmak.
39.Bezenmek.
40.Towafda hajatdan artykmaç gürrüň etmek.
41.Towafda söwda etmek.
42.Towafda peýdasyz şygyrlary okamak.
43.Towaf edýänleri ýa-da namaz okaýanlary ýalňyşdyrar mukdarda gaty ses bilen gygyrmak.
44.Nejis lybas bilen towaf etmek.
45.Raml özüne sünnet bolan adamyň ramlyny terk etmegi.
46.Yztybag özüne sünnet bolan adamyň yztybagyny terk etmegi.
47.Hajar eswedi ogşamaklygy terk etmek.
48.Towafyň aýlawlarynyň arasyna has köp boş wagt salmak.
49.Iki ýedi towafyň arasyny namaz okaman birikdirmek.
50.Towaf etmekligi niýet eden wagtyňda iki eliňi götermek.
51.Hutba okalan wagtynda towaf etmek.
52.Parz namaza kamatlanan wagtynda towaf etmek.
53.Towaf edýän ýagdaýyňda iýmek.
54.Täret gyssap duran ýagdaýyňda towaf etmek.
55.Gaty ajygan ýagdaýyňda towaf etmek.
56.Gaty gaharly bolan ýagdaýyňda towaf etmek.
57.Doga etmek üçin towafyň arasynda Beýtullanyň burçlarynda ýa-da başga ýerde durmak.
58.Ruknu Yrakyny ogşamak.
59.Ruknu Şamyny ogşamak.
60.Towafyň arasynda hajaty bolman çykmak.
61.Sagynyň aýlawlarynyň arasyna köp wagt salmak.
62.Sagyda söwdä etmek.
63.Sagyda gürrüň etmek.
64.Safa Merwä çykmaklygy terk etmek.
65.Iki ýaşyl sütünleriň arasynda loňkullamagy terk etmek.
66.Sagyny uzur bolman, öz wagtyndan has gijä goýmak.
67.Nahr günlerinde atylýan daşlary öz wagtlaryndan gijä goýup, Gün batandan daň atýança aralygynda atmak.
68.On üçülenji günde öýleden öň daş atmak.
69.Jemrata nejis zady atmak.
70.Her jemrä ýedi daşdan kän daş atmak.
71.Jemre Akaba oý tarapyndan gelmän, dag tarapyndan atmak.
72.Daş atanyňda sünnet edilen zatlary terk etmek.
73.Daş atanyňda has ýakyn durmak.
74.Jemeratlaryň aralaryndaky tertipleri terk etmek.
75.Daş atanyňda daşy çenäp atmaklygy terk edip, diňe oklamak.
76.Towaf Zyýaraty nahr günlerinden we gijelerinden yza goýmak.
77.Aýallaryň kelle syrdyrmagy.
78.Bir daşy özi üçin atyp, başga daşy başga adam üçin atmak.
79.Mekgeliniň kyran haj etmegi.
80. Mekgeliniň temettug haj etmegi.
81.Arafa güni umra etmek.
82.Nahr güni umra etmek.
83.Teşryk günleri (10,11,12-si) umra etmek.
84.Aýal bolup bedel haj1 etmek .
85.Gul bolup bedel haj etmek.
86.Ozal haja gitmedik bolup bedel haja gitmek.
87.Şükrana üçin çalan janlyňdan hiç bir zat sadaka etmän hemmesini özüň almak.
88.Hidýe bolan janlyny yşgar etmek, ýagny gapdalyny kesip ganadyp goýmak.
89.Düýeden gaýry haýwanlary öldüreniňde omzundan çalmak.
90.Hidýeleri nahr günlerinde Minada çalman, Mekgede çalmak.
91.Haram şerifiň agajyny goparyp bahasyny bereniňden soňra, şony satmak ýa-da satman şondan peýdalanmak.
92.Mesjidi Haramda jemagatly okalan namazy täzeden gaýtalamak.
93.Käbäniň örtgüsiniň aşagyna girip kelläňi ýa-da ýüzüňi örtmek.
94.Towafda iki eliňi gowşurmak.
95.Mikaty-zamanydan2 öň yhram baglamak.
96.Öz nebsini saklap bilmejek adamyň mikatdan öň yhram baglanmaklygy.
97.Gusul alman ýa-da täret alman yhram baglamak.
98.Karynyň öňi bilen haja yhram baglap, soňra umra yhram baglamagy.
99.Yhramda iki hajyň arasyny birikdirmek.
100.Yhramda iki umranyň arasyny birikdirmek.
101.Atasyny razy etmän nefil haj etmek.
102. Enesini razy etmän nefil haj etmek.
103.Bergili adamyň şol wagt bermeli bergisini berer ýaly maly (emläk: pul, gyzyl-kümüş we ş.m ) bolmadyk ýagdaýynda öz algydaryndan rugsatsyz haj etmegi.
104.Özüniň buýrugy bilen kepil bolan adamdan rugsatsyz haj etmek.
105.Kelläňi daňmak.
106. Kelleden başga bedeni uzursyz daňmak.
107.Burnuňy eşik bilen örtmek.
108.Eňegiňi eşik bilen örtmek.
109.Ýaňagyňy eşik bilen örtmek.
110.Ýüzüňi ýassyga goýup ýatmak.
111.Towafdan üç aýlawyny terk etmek.
Şu işler hajda mekruh bolan işlerdir, şu işleri etmek hajyň sogabyny kemeldýändir. Şol sebäpli ahyrýetde azap berilmek gorkusy bardyr .
HAJYŇ HARAMLARY
Hajyň haramlary beýleki buýruklaryň haramlary bilen hasap edilse 84-dir, ondan-da köp bolmagy mümkindir.
1.Haram maldan haj etmek.
2.At üçin haj etmek.
3.Mikat ýerlerden geçip yhram baglamak.
4.Köp wajyplary terk etmek.
5.Aýalyň ýanynda jymagyň1 gürrüňini etmek .
6.Günä bolan işleri etmek.
7.Ýoldaşlaryň bilen jedel etmek .
8.Hadamalar2 bilen jedel etmek.
9.Kireýkeşler bilen jedel etmek .
10.Aýalyňa jymag etmek.
11. Aýalyňy ogşamak.
12.Aýalyň endamyndan höwes bilen tutmak.
13.Aýal maşgala höwes bilen seretmek we gürrüň etmek.
14.Höwes edip aýal bilen gujaklaşmak.
15.Höwes edip aýal bilen elleşmek.
16.Goltuk tüýüňi aýyrmak.
17.Gasyk tüýüňi aýyrmak.
18.Endamyň beýleki ýerlerinden tüýleri aýyrmak. Ýuwmak bilen aýyr, ýa syryp aýyr ýa ýakyp aýyr ýa derman çalyp aýyr ýa-da özüň aýyr ýa-da başga adam aýyrsyn tapawudy ýok.
19.Kelle syrmak. Öz kellesi bolsun ýa başgaň kellesi bolsun. Ol halaly ýa muhrim3 bolsun, tä şu iki muhrim hajyň işlerinden boşaýança syrmaklygy haramdyr.
20. Kelle gyrkmak.
21.Murt syrmak.
22. Murt gyrkmak.
23.Boýnuňy syrmak.
24.Gan aldyrjak ýeriňi syrmak.
25.Sakgal syrmak.
26.Sakgal ýolmak.
27.Sakgal gyrkmak.
28.Dyrnak kesmek.
29.Tikinli geýim geýmek, köýnek bolsun ýa balak bolsun, ýa-da başga geýim bolsun tapawudy ýok.
30.Selle geýmek.
31.Tahýa geýmek.
32.Aýalyň ýüzüne ýüz örtgi geýmegi.
33.Dony ýa-da Aba atly geými egniňe atman, ýeňlenip geýmek, ýagny ýeňi bilen geýmek.
34.Jorap geýmek.
35.Aýagyň üstündäki ýumurjany örtýän aýakgap geýmek.
36.Hoşboý ysly dony geýmek.
37.Erkek bolup kelläňi örtmek.
38.Ýüzi örtmek, erkek bolsun ýa aýal bolsun.
39.Yhramdan soňra lybasyňa ýa-da endamyňa atyr sepmek.
40.Endamyňa ýag çalmak.
41.Hoşboý maddanyň diňe özüni iýmek.
42.Hoşboý maddany geýmiň bir tarapyna daňmak.
43.Düzüň awyny öldürmek.
44.Düzüň awyny tutmak.
45.Düzüň awyny elde uzak saklamak.
46.Düzüň awyna duşan wagtyňda yşarat etmek.
47.Düzüň awy gözden gaýyp bolan wagtynda salgy bermek.
48.Düzüň awyny tutmaklyga kömek bermek.
49.Düzüň awyny duran ýerinden gaçyrmak.
50.Awyň ýumurtgasyny döwmek.
51.Awyň ganatyny ýolmak.
52.Awyň ganatyny döwmek.
53.Awyň aýaklaryny döwmek.
54.Awyň ýumurtgasyny bişirmek.
55.Düzüň awyny sagmak.
56.Düzüň awyny satmak.
57.Düzüň awyny satyn almak.
58.Awyň etinden iýmek.
59.Bit öldürmek.
60.Biti öldür diýip buýurmak.
61.Biti güne oklamak.
62.Bite yşarat etmek, eger yşarat edilen adam öldürse.
63.Biti öldürmek üçin dony güne taşlamak.
64.Biti öldürmek üçin dony ýuwmak.
65.Kelläňe hyna boýamak.
66.Sakgalyňa hyna boýamak.
67.Başga agzalaryňa hyna boýamak.
68.Kellesini hytmy1 ýa-da şampun bilen ýuwmak.
69.Sakgalyňy hytmy ýa-da şampun bilen ýuwmak.
70.Goýy zat bilen saçyňy biri-birlerine ýygnaşdyrmak.
71.Haram şerifiň agajyny kesmek ýa-da goparmak.
72.Haram şerifiň yzhyr atly otundan beýleki otlaryny ýygmak.
73.Haram şerifiň yzhyryndan beýleki otlaryny otlatmak.
74.Jünüp bolup towaf etmek.
75.Haýzly bolup towaf etmek.
76.Nifasly bolup towaf etmek.
77.Täretsiz bolup towaf etmek.
78.Owrat ýerleriňi örtmän towaf etmek.
79.Uzursyz araba münüp towaf etmek.
80.Uzursyz salaja2 münüp göterdip towaf etmek.
81.Uzursyz guýrugy bilen dyzanaklap towaf etmek.
82.Tersinden aýlanyp towaf etmek.
83.Towafda Hatymyň içinden aýlanmak.
84.Towafyň dört aýlawyny terk etmek.
Hajda haram bolan işler şulardyr. Şu işleri etmeklikde haja köp kemçilik ýetip, ahyrýetde azaba duçar edýändir.
AMALLARY BOZÝAN IŞLER WE AMALLARDAN GADAGAN EDÝÄN IŞLER
Haj ýa-da umra edýän adam dinden çyksa, edýän hajy we umrasy düýbünden bozular. Haj edýän adam Arafatda durmazdan öň kubula2 ýa-da dubura3 jymag etse, onuň eden hajy biderek bolar.
Umra edýän adam towaf etmezden öň, kubula ýa-da dubura jymag etse, onuň eden umrasy biderek bolar. Muhrim özüniň niýet eden hajyny ýa-da umrasyny taşlasa ýa haj edýän adam Arafatda durmaklyga ýetişmän galsa, ýa-
-da muhrim Mekgä salynmasa şu ýagdaýlarda hajyň ýa-da umranyň işlerni dowam etmek gerek däl. Eger haj edýän adam Mekgä salynmasa, wukuf4 edip biljek bolsa wukuf etmeli. Emma şol Mekgä salynmazlygy halkdan5 öň bolsa, ol tä Towafu Zyýarat edýänçä yhramly bolup durýar. Eger halkdan soň bolsa diňe aýaly hakda yhramly bolýar (ýagny aýalyna ýanaşyk edip bilmeýär). Eger umra edýän adam Mekgä salynmasa, dem bilen halaly bolmaly we Mekgä girmek rugsat berilse umra etmeli bolýar.
BEDENE1 WAJYP EDÝÄN IŞLER
Hajda jenaýat edilmegi sebäpli haramda öldürilýän düýe ýa-da sygyr. Hajda bedene çalmaklygy wajyp edýän işler 11-dir.
1.Saç syrmadan we Towaf Zyýaratdan öň hem Arafatyň wukufyndan soňra jynsy gatnaşyk etmek.
2.Towaf Zyýaraty jünüp ýagdaýyňda etmek.
3.Towaf Zyýaraty haýzly ýagdaýyňda etmek.
4.Towaf Zyýaraty nifasly ýagdaýyňda etmek.
5.Haj edýän adamyň Arafata baranda,“eger men şu ýerde ölsem hajy tamam ediňˮ diýip aýdanyndan soň ölmegi.
6.Haj edýän adamyň halkdan ( saç syrmakdan) we Towaf Zyýaratdan öň jymag edenden soňra, yhramyny taşlamak niýeti bolman, ýene şol ýerde jymag etmegi.
7.Haj edýän adamyň Towaf Zyýaratyň dört aýlawyny Hatymyň içinden aýlanyp edenden soň jymag etmegi.
8.Haj edýän adamyň halkdan we Towaf Zyýaratdan öň jymag edenden soňra, başga bir ýerde yhramy taşlamak niýeti bolman jymag etmegi.
9.Karyn umrasyna towaf edip we Arafata barandan soňra, halkdan öň jymag etmegi.
10.Karyn umrasyna towaf etmän, Arafatda durmagyndan soňra jymag etmegi. Şu ahyrky üç suratda bedeneden başga dem1 hem wajyp bolar.
11.Haýzly aýal gany kesilende towaf edip, şol ganyň adatynda ýene gaýtalanyp gelmegi.
Dostları ilə paylaş: |