Haja we umra gidýänlere haj we umranyň düzgünlerini beýan etmeklikde zyýaratçylara sowgat تالیف: الحاج عبدالرحمن آخوند تنگلی طانا



Yüklə 2,02 Mb.
səhifə8/23
tarix30.10.2017
ölçüsü2,02 Mb.
#22583
1   ...   4   5   6   7   8   9   10   11   ...   23

IKI DEM WAJYP EDÝÄN IŞLER

Muhrima iki dem wajyp edýän işler:

1.Bir gün ýa-da bir gije goýy hyna bilen kellesini boýamak.

2.Bir gün ýa-da bir gije goýy hytmy bilen kellesini boýamak.

3.El-aýaklaryň dyrnaklaryny iki ýerde kesmek, ýagny bir ýerde bir eliniň we bir aýagynyň dyrnaklarny kesse, ýene bir ýerde beýleki eliniň we aýagynyň dyrnaklarny kesse.

4.Hajyny we umrasyny bozan karynyň şol hajynyň we umrasynyň kazasyny almagy.

5.Karynyň Towaf Zyýarat edenden soňra, halkdan öň jymag etmegi.

6.Karyn umrasyna towaf edenden soňra, Arafatda durmakdan öň jymag etmegi.

7.Karynyň Towaf umra, wukuf we halkdan soň Towaf Zyýaratdan öň jymag etmegi.

8.Umrasyna towaf edenden soňra wukufy geçen karyn kellesini syrdyrman, Tehallul2 towafyndan öň jymag etmegi.

9.Wukufy geçen karyn iki umrasyna towaf edenden soňra, kellesini syrdyrman jymag etmek.

10.Towaf sadary nahr günleri edip, Towaf Zyýaraty nahr günlerinden soň etmek.

11.Towaf Zyýaraty täretsiz edip, Towaf sadary jünüp halyňda etmek.

12.Towaf Zyýaratynyň köp aýlawyny terk edip, ondan soňra Towaf sadaryň aýlawlaryny doly etmek.

13.Towaf Zyýarat we Towaf sadar her birinden bir näçe aýlawlary edip, barysy üýşürilende dört ýa-da dörtden kän bolmagy.

14.Haja Hyldan we umra Haramdan yhram baglamak.

15.Afakynyň haja we umra Haramdan yhram baglamagy.


BIR DEM WAJYP EDÝÄN IŞLER

Muhrima bir dem wajyp edýän işler:

1.Tikinli geými doly bir gün geýmek.

2.Tikinli geými doly bir gije geýmek.

3.Tikinli geými günortandan gijäniň ýaryna çenli geýmek.

4.Tikinli geými gijäniň ýaryndan günortana çenli geýmek.

5.Tikinli geými geýip doly bir hajyň işini ýerine ýetirmek.

6.Donuňy gerdeniňe oklap ýeňlenmän, bir gün iligini ötürip gezmek.

7.Donuňy geýip bir gün iligini ötürmän gezmek.

8.Donuňy gerdiniňe oklap, bir ýeňini geýip iligini ötürmän bir gün gezmek.

9.Erkek adamyň kellesine tahýa geýip ýa selle, ýa ridä orap bir gün ýa-da bir gije kellesini örtüp gezmegi.

10.Erkek adamyň bir gün ýa-da bir gije ýüzüni örtmegi.

11.Aýalyň bir gün ýa-da bir gije ýüzüni örtmegi.Nikap bilen örtsün, çargat bilen örtsün tapawudy ýok.

12.Aýagyň ortasyndaky ýumurjany basýan köwşi bir gün ýa-da bir gije geýmek.

13.Doly bir agzaňy hoşboý yslar bilen yslandyrmak.

14.Az tyb1 bilen doly bir agzany hoşboý ys bilen yslandyrmak.

15.Kän tyb bilen bir agzadan az endamy hoşboý ys bilen yslandyrmak..

16.Hoşboý bolan sürmäni göze 9 gezek çalmak.

17.Tyby köp iýip agzyň köp bölegine ýelmeşdirmek.

18.Tyby bişirmän, iýilýän zada özünden artygrak goşup iýmek.

19.Tyby içilýän zada özünden artygrak goşup içmek.

20.Tyby içilýän zada azyrak goşup kän iýmek.

21.Tyb bilen ýaraňa köp derman etmek.

22.Özüne tyb goşulan dermany ýaraňa köp çalmak.

23.Endama köp tyb ýapyşmak.

24.Lybasyňa tyb ýapyşyp bir gün durmak.

25.Tyb maddalardan köp zatlary geýmiňe ýapyşdyrmak.

26.Kän müşki izäriň ýa-da ridäniň ujuna daňmak.

27.Kelläňi suwuk hyna bilen boýamak.

28.Kän käfury izäriň ýa-da ridäniň ujuna daňmak.

29.Kän anbary izäriň ýa-da ridäniň ujuna daňmak.

30.Sakgalyňy suwuk hyna bilen boýamak.

31.Eliňi suwuk hyna bilen boýamak.

32.Goýy wesmet (nil boýag, gök reňk) bilen kelläňi boýamak.

33.Hytmy bilen kelläni ýuwmak.

34.Az çogana köp tyb goşup kelläňi ýuwmak.

35.Tyb goşulan ýag bilen doly bir agzany ýaglamak.

36.Arassa zeýtun ýag bilen bir doly agzany kän ýaglamak.

37. Arassa künji ýag bilen bir doly agzany kän ýaglamak.

38.Kelläň dörtden bir bölegini syrmak.

39.Kel adamyň syran saçy kelläniň dörtden bir mukdary ýaly bolmak.

40.Sakgalyň dörtden bir bölegini syrmak.

41.Has ýuka sakgally adam sakgalyň barysyny syranda dörtden bir mukdar bolmagy.

42.Erkek ýa-da aýal saçynyň dörden biriniň ujundan enmule (barmagyň bir bogny) mukdarly gyrkmak.

43.Kelleden bölek-bölek syrylan saçlary üýşüreňde dörtden bir mukdarly bolmak.

44.Boýnuň hemmesini syrmak.

45.Gan aldyrmak üçin gan aldyrjak ýeriňi syrmak.

46.Bir goltugyňy syrmak.

47.Bir goltugyňy ýolmak.

48.Bir goltugyňa nura1 çalmak.

49.Gursagyňy syrmak.

50.Injigiňi syrmak.

51.Dyzyňy syrmak.

52.Uýlygyňy syrmak.

53.Çigniňi syrmak.

54.Goşaryňy syrmak.

55.Bir ýerde bir eliň dyrnagyny kesmek.

56.Bir ýerde bir aýagyň dyrnagny kesmek.

57.Karyn umrasyna towaf edip we Arafata barandan soňra halkdan öň jymag etmegi.

58.Karyn umrasyna towaf etmän, Arafatda durandan soňra jymag etmegi.

59.Haj edýän adam halkdan we Towaf Zyýaratdan öň jymag edenden soňra yhramy taşlamak niýeti bolman, başga ýerde ýene jymag etmegi. Şu üç suratda demden başga bedene-de wajyp bolýar.

60.Jünüp halyňda eden Towaf Zyýaratyňy jymag edeniňden soňra, päk halyňda gaýtalamak.

61.Wukuf edip kelle syrdyranyňdan soňra, Towaf Zyýaratdan öň jymag etmek.

62.Haj edýän adam wukufa ýetişmän geçirenden soňra, tehalluldan1 öň jymag etmegi.

63.Wukufdan öň ýa-da soň aýalyň jynsy agzasyndan başga ýerine jymag etmek.

64.Erkek we aýal jynsy agzalaryny ýalaňaçlap şähwet bilen biri-birlerine degirmekleri.

65.Erkek we aýalyň şähwet bilen gujaklaşmagy.

66.Şähwet bilen ogşaşmak.

67.Şähwet bilen sypalamak.

Şu aýdylan bäş ýagdaýda menisi2 gelsin ýa gelmesin bir dem çalmak wajyp bolýandyr.

68.Istimnä3 edip menisini dökmek.

69.Haýwany jymag edip menisini dökmek.

70.Jünüp halda eden Towaf Zyýaratyňy nahr günlerinden soňra, päk halyňda gaýtalamak.

71.Towaf Zyýaratyň köp aýlawyny täretsiz ýagdaýda etmek.

72.Towaf Zyýaratyň üç aýlawyny ýa-da ondan azyny terk etmek.

73.Uzursyz Towaf Zyýaratyň köp aýlawyny araba münüp etmek.

74.Uzursyz Towaf Zyýaratyň köpüsinde salaja münüp aýlatmak.

75.Towaf Zyýaratyň köp aýlawynda uzursyz guýrugy bilen süýşüp ýa-da dyzanaklap aýlanmaklygy.

76.Uzursyz Towaf Zyýaraty ýalaňaç etmek.

77.Towaf Zyýaraty tersinden aýlanyp etmek.

78.Towaf Zyýaraty Hatymyň içinden geçip aýlanmak.

79.Towaf Zyýaratyň köp aýlawyny nahr günlerinden yza goýmak.

80.Aýal nahr günlerniň ahyrky gününde haýzdan kesilip Gün batmazdan öň Towaf Zyýaratyň dört aýlawyny etmeklige mümkinçiligi bolup etmän galmagy.

81.Towaf sadaryň köp aýlawyny terk etmek.

82.Towaf sadary jünüp halda etmek.

83.Towaf kudumy jünüp halda etmek.

84.Umranyň towafyny jünüp halda etmek.

85.Umranyň towafyny haýzly ýagdaýda etmek.

86.Umranyň towafyny nifasly ýagdaýda etmek.

87.Umranyň towafyny täretsiz halda etmek.

88.Umranyň towafyndan bir aýlawyny terk etmek.

89.Karyn täretsiz bolan ýagdaýynda umra we kudumy üçin iki towaf we iki sagy edip, umranyň towafyny gaýtalaman 10-ny güni daň atyrmak. 10-y güni daň atsa karynyň umrasy terk bolýar, gaýtalap bolmaýar. Oňa görä hem dem çalmak, hem-de umranyň kazasyny almak wajyp bolýar.

90.Sagynyň köpüsini terk etmek.

91.Uzursyz sagynyň köpüsini araba münüp aýlanmak.

92.Towafdan öň eden sagysyny gaýtalamazlyk.

93.Uzursyz Muzdelefede durmaklygy terk etmek.

94.Muzdelefe durmaklygy ihsar1 sebäpli geçmegi.

95.Karyn zebhyny2 nahr günlerinden gijä goýmak.

96.Mutemettig zebhyny nahr günlerinden gijä goýmak.

97.Hylda kelle syrmak.

98.Kelle syrdyrmaklygy nahr günlerinden gijä goýmak.


99.Ramydan1 öň kelle syrdyrmak.

100. Karynyň zebhdan öň kelle syrdyrmagy.

101.Mutemettigiň zebhden öň kelle syrdyrmagy.

102.Karynyň ramydan öň zebh etmegi.

103.Mutemettigiň ramydan öň zebh etmegi.

104.Nahr gününde dört daşy ýa-da ondan köpüsini terk etmek.

105.Nahr günlerinden beýleki günlerde 11 daş ýa-da ondan köprägini terk etmek.

106.Her günüň daşyny şol gün atman ertire goýmak.

107.Mikatdan geçip yhram baglamak.

108.Pyýada ýöräp yfrad hajy etmekligi nezir eden adamyň kyran edip aýak ulag münmegi.

109.Pyýada ýöräp umra etmekligi nezir eden adam kyran edip aýak ulag münmek.

110.Ymamdan öň Arafatdan gaýtmak.



HÖKÜMLER ÜÇIN BELLENEN BELGILER

Şu kitapda her bir aýdylan buýruklaryň ahyrynda ýaýyň içinde șu hili (mb) belgi goýulsa, șol buýrugyň hökümi mubahdygyny aňladýandyr. Eger ýaýyň içinde șu hili (mk) belgi goýulsa, șol buýrugyň hökümi mekruhdygyny aňladýandyr. Eger ýaýyň içinde bu hili (h) belgi goýulsa, șol buýrugyň hökümi haramdygyny aňladýandyr. Eger ýaýyň içinde bu hili (s) belgi goýulsa, șol buýrugyň hökümi sünnetdigini aňladýandyr. Eger ýaýyň içinde bu hili (w) belgi goýulsa, șol buýrugyň hökümi wajypdygyny aňladýandyr. Eger ýaýyň içinde șu hili (f) belgi goýulsa, șol buýrugyň hökümi farfdygyny (parz) aňladýandyr. Eger ýaýyň içinde bu hili (e) belgi goýulsa, șol buýrugyň hökümi edepdigini aňladýandyr.




HAJY NIÝET EDÝÄN ADAMYŇ ETMELI IŞILERI

Haj etmegi niýet eden adam her zatdan öň halal pul tapmaly. Haj üçin çykarýan puly halal bolmaly, şübhesiz, päk pul bilen haj etmeli. Haram pul bilen edilen haj kabul bolmaz. Eger öz puluny şübheliräk görse, şübhesiz halal pully adamdan karz alyp harj etmeli. Ondan soňra karzyny öz pulundan gaýtarmaly we eden bar günälerinden toba etmeli.

Tobanyň manysy ‒ günä etmeklikden derrew çekilmek we öňki edenleriňe puşman bolup ökünmek. Indiden beýläk hiç bir günäni etmesizlik niýetini ýüregiňe düwmek. Adamlaryň haklaryny berip gerdenini olaryň hakyndan azat etmek (w).

Şu dört şerti bitiren adamyň tobasy çyn tobadyr. Şu hili toba etmekligiň ugruna düşen adam ilki bilen gusul etmeli, soňra iki rekagat toba namazyny okamaly (m). Ondan soň iki elini asmana serip, peselmek bilen Hudaýa ýalbaryp şu dogany üç gezek okamaly:


«اَللَّهُمَّ اِنِّي اَتُوبُ اِلَيكَ مِنهَا لاَاَرجِعُ اِلَيهَا اَبَدًا، اَللَّهُمَّ مَغفِرَتُكَ اَوسَعُ مِن ذُنُوبِي وَ رَحمَتُكَ اَرجَي عِندِي ِمن عَمَلِي»

Terjime: Eý, bar Hudaýa! Hakykatdanam, men eden günälerimden toba edip, Saňa tarap öwrülýärin. Men hiç wagt şol günäleri gaýtalamaryn. Eý, bar Hudaýa! Seniň bagyşlamak baýlygyň meniň günälerimden has giňdir. Seniň rehmet derýaň meniň ýanymda, meniň amalymdan has umyda goýýandyr.

Doga edip durka Hudaý tagala ýanymdadyr we maňa seredip durandyr diýip pikir edip, eden günälerini ýadyna salyp Taňry tebärek we tagaladan utanar. Ahyrýet azaplaryndan gorkup aglar. Eger bir kişä sogüp ýa urup, ýa başga ezýetler berip ynjydan bolsa, hökman onuň gownüni görüp razy eder. Eger ol adamlar dünýäden geçen bolsalar, olar üçin Allatagaladan magfiret1 diläp, olar üçin doga eder. Eger bir ynsanyň hakyny iýen bolsa, onuň hakyny özüne gaýtaryp ýa gaýtarman, hökman ony razy eder (w). Eger ol hakly adam ölen bolsa, onda onuň hakyny mirasdüşerlerine tabşyrar. Eger onuň yzynda mirasdüşer galmadyk bolsa ýa iýen malynyň (emläk: pul, gyzyl-kümüş we ş.m) eýesini bilmese, onda ol maly eýesiniň haýryna sadaka berer. Özi ondan sogap hantama bolmaz. Şu hili toba etmeklik her bir musulmanyň beýik borjudyr. Ylaýta-da Allatagalanyň öýüne gitjek adam içi-daşy bilen arassalanyp, ähli günälerinden päklenip barmaklygy hökman lazymdyr. Geçiren orazalaryň kazasyny tutmak bilen we okaman geçiren namazlarynyň kazasyny almak bilen meşgul bolar. Haja gitmekligini çynyrgadan adam ilki bilen ýagşy oýlanyşmaly we özüniň etjek hajy haýsy hili hajdygyny bilmeli. Öňi bilen parz hajy saýlamaly (f). Parz hajy bitirenden soň, wajyp bolan haja gitmeli (w). Ondan soňra nefile gitmeli (m). Haram bolan hajyň we mekruh bolan hajyň çeminden barmaly däl (h, mk). Adamlardan amanat we ulanmaga alan zatlary bar bolsa, ony öz eýesine gaýtaryp bermeli we özüniň adamlardan almaly zatlary bar bolsa, ýa adamlaryň ondan almaly zatlary bar bolsa wesýetnamasyny ýazmaly we ol haj edýän adam Harameýni şerifeýnde1, ýa ýolda ölse, onuň wesýetini doly ýöreder ýaly bir adalatly adamy goýmaly. Ondan soňra haja köp giden, ylymly, akylly, ynsaply adamlaryň tejribelerinden peýdalanar ýaly, etjek işlerini olara maslahat salmaly. Meselem: sapara maşyn münüp ýa otly münüp düzden gitmelimi?, ýa gämi münüp derýadan gitmelimi?, ýa uçar münüp howadan uçmalymy?, kimi ýoldaş tutunmaly?, haýsy kerwene goşulmaly? Umuman şular ýaly her bir etmeli işlerde tejribeli adamlara geňeşmeli. Olar öz bilýän zatlaryny aýdandan soňra, istihara etmeli, ýagny şol işleriň iň haýyrlysyny özi üçin aňsat bolmagyny beýik Taňrytagaladan diläp istihara niýeti bilen iki rekagat namaz okamaly.

Owalky rekagatda Fatyhadan soňra “Kul ýä äýýuhäl käfirun” surasyny okap, onuň yzyndan şu üç aýaty goşmaly:

«وَ رَبُّكَ يَخلُقُ مَا يَشَاءُ وَ يَختَارُ)ج( مَا كَانَ لَهُمُ الخِيَرَةُ )ج( سُبحَانَ اللهِ وَ تَعَالي عَمَّا يُشرِكُونَ ) 68 ( وَرَبُّكَ يَعلَمُ مَا تُكِنُّ صُدُورُهُم وَ مَا يُعلِنُونَ )69 ( وَ هُوَ اللهُ لا اِلَهَ اِلاَّ هُوَ)صلي( لَهُ الحَمدُ فِي الاُولي وَ الآخِرَةِ وَ لَهُ الحُكمُ وَ اِلَيهِ تُرجَعُونَ (70)» سورة القصص

Ikilenji rekagatda: Fatyhadan soňra “Kul huw Allahu ähäd” surasyny goşup, ondan soňra şu bir aýaty okamaly:

«وَ مَا كَانَ لِمُؤمِنٍ وَ لا مُؤمِنَةٍ اِذَا قَضَي اللهُ وَ رَسُولُهُ اَمراً اَن يَكُونَ لَهُمُ الخِيَرَةُ مِن اَمرِهِمط وَ مَن يَعصِ اللهَ وَ رَسُولَهُ فَقَد ضَلَّ ضَلالاً مُبِيناً» 36 سورة الاحزاب

Eger bu dört aýaty ýatdan bilmese, diňe şol iki surany okamagy ýeterlikdir. Istihara namazyny mekruh wagtda okamaly däl, ýagny daň atandan soň, tä gün dogýança we ikindini okandan soň, tä agşam okalýança okamaly däl. Istihara namazy okap salam berenden soňra, iki eliňi asmana serip, çyn ýürekden Hudaýtagala ýalbaryp şu doganay okamaly.

«اَلحَمدُ للهِ وَالصَّلاةُ وَالسَّلامُ عَلَي رَسُولِ اللهِ صَلَّي اللهُ تَعَالَي عَلَيهِ وَسَلَّم، اَللَّهُمَّ اِنِّي اَستَخِيرُكَ بِعِلمِكَ وَاَستَقدِرُكَ بِقُدرَتِكَ وَاَسأَلُكَ مِن فَضلِكَ العَظِيمِ فَاِنَّكَ تَقدِرُ ولَااَقدِرُ وَتَعلَمُ وَلَااَعلَمُ وَاَنتَ عَلّٰامُ الغُيُوبِ، اَللَّهُمَّ اِن كُنتَ تَعلَمُ اَنَّ هَذَا الاَمرَ خَيرٌ لِي فِي دِينِي وَمَعَاشِي وَعَاقِبَةِ اَمرِي فَاقدُرهُ لِي وَيَسِّرهُ لِي ثُمَّ بَارِك لِي فِيهِ وَاِن كُنتَ تَعلَمُ اَنَّ هَذَا الاَمرَ شَرٌّ لِي فِي دِينِي وَمَعَاشِي وَعَاقِبَةِ اَمرِي فَاصرِفهُ عَنِّي وَاَصرِفنِي عَنهُ وَاَقدُر لِي الخَيرَ حَيثُ كَانَ ثُمَّ اَرضِنِي بِهِ».

Terjime: Hamd2 we sena Allatagala üçindir. Durud we salam Allatagalanyň ilçisi bolan Muhammet s.a.w üçindir. Eý, bar Hudaýa! Hakykatdan hem, işleriň haýyrlysyny Seniň bilýänligiň sebäpli, men işleriň haýyrlysyny Senden isleýärin we Öz güýçli gudratyň kömek bermekligi bilen men Senden güýç isleýärin we Seniň beýik fazylatyňdan dileýärin. Hakykatdan hem Sen başarýarsyň, men başarmaýryn. Hakykatdan hem Sen bilýärsiň, men bilmeýärin. Sen gizlin zatlary bilýärsiň. Eý bar Hudaýa! Eger Sen şu iş meniň dinim üçin we dünýä güzeranym üçin we ahyrýetim üçin haýyrlydygyny bilýän bolsaň, bu işi meniň takdyryma ýaz we muny meniň üçin aňsat et. Ondan soňra şol işde meniň üçin haýyr we bereketi artdyr. Eger Sen şu iş meniň dinim üçin we dünýä güzeranym üçin we ahyrýetim üçin şerligini bilýän bolsaň, onda bu işi menden gaýtar we bu işden sow we her wagtda, her ýerde bolsa meniň üçin takdyryma haýyrlysyny ýaz. Ondan soňra Sen meni öz gudratly eden haýryňa mini razy et.

Bu istihara namazy diňe haja degişli bolman, her bir möhüm işde okamak gerekdir (m). Istihara namazyny yzyndaky dogasy bilen üç gezek okamaly. Eger ýedi gezek okasa has gowudyr. Namazy okap dogalary edip Allatagala ýalbarandan soň, öz göwnüňe gelenine bakmaly. Inşa Allahutagala haýyr şondadyr. Eger bu işleri edenden soň hem, haýsy birinde haýyr bardygy ýüregine laýyk gelmese, Jumga gijesi, il ýatan wagtynda, ukudan turup täret kylmaly, ýatýan düşegini kybla garşy düşäp şu aýdylan şekilde iki rekegat Istihara namazyny okamaly. Namazdan soň, sag tarapyna ýanyn ýatyp, iki elini galdyryp şu dogany okamaly:

«اَللَّهُمَّ يَا كَائِناً قَبلَ الكَونِ اَنتَ كُنتَ وَلا كَونَ نَامَتِ العُيُونُ وَزَهَرَتِ النُّجُومُ يَا حَيُّ يَا قَيُّومُ اَللَّهُمَ اِن كَانَ لِي فِي هَذَا الاَمرِ خَيرٌ فَاَرِنِي فِي لَيلَتِي هَذِهِ بَيَاضاً بِخُضرَةٍ وَاِن لَم يَكُن فِي هَذَا الاَمرِ خَيرٌ فَاَرِنِي فِي لَيلَتِي سَواداً بِحُمرَةٍ وَمَا كَانَ اللهُ لِيُعجِزَهُ مِن شَيءٍ فِي السَّمَاوَاتِ وَلا فِي الاَرضِ اِنَّهُ كَانَ عَلِيماً قَدِيراً».

Terjime: Eý bar Hudaýa! Eý, älemden öň bolan Hudaý! Älem ýok bolan halynda Sen bardyň. Gözler ukladylar ýyldyzlar ýagtylandylar. Eý elmydama diri bolan Hudaý! Eý, ähli işleri berjaý etmek bilen, hemişe bar bolan Hudaý! Eý bar Hudaýa! Eger şu işi etmeklikde meniň üçin haýyr bar bolsa, sen maňa şu gijede agy ýaşyl bilen görkez, eger bu işi etmeklikde meniň üçin haýyr bolmasa, Sen maňa garany gyzyl bilen görkez. Asmanlarda we Ýerde Taňry tebärek we tagalany hiç bir zat ejiz edýän däldir. Hakykatdan hem Allatagala hemme zatlary gowy bilýändir we her bir hünäre güýji ýetýändir.

Şu dogany okap bolandan soňra, täretli kybla bakyp ýatmaly. Eger düýşünde ak ýa ýaşyl görse, şol iş haýyrdyr, berjaý etmeli. Eger gara ýa gyzyl görse, ol iş şerdir, ondan çekilmeli. Hajyň işlerinde we hajdan başga-da ähmiýetli işlerde, meselem: öýlenmekde, ýa toý tutmakda, ýa bir ýurda göçmekde, ýa jaý salmakda, ýa maşyn almakda ýa-da şular ýaly möhüm bolan zatlarda Istihara namazyny okamalydyr (m).

Kurandan pal atmaly däldir (mk)1. Pal atýan aldawçylaryň geplerini asla kabul etmeli däldir. Geljegi biljek diňe Allatagaladyr. Her bir geljekden habar berýän we bolmadyk zady bolar diýip aýdýan uly gümradyr. Ol dinsiz bozuklaryň geplerini kabul edip, ynanmak musulmançylykdan aýryp, dinden çykarýandyr.


HAJA ADY ÇYKYP, GITMELI DIÝLEN ADAMYŇ ETMELI IŞLERI

Haja ady çykyp Döwlet tarapyndan gitmeli diýlen adam öňi bilen özüniň ýaşaýan ýerindäki kerwen müdirine özüni tanatmaly. Suratlaryny we resminamalarynyň kopiýalaryny (nusgalaryny) we ähli haja gerek bolan zatlaryny şahsy delosy taýýar bolar ýaly oňa tabşyrmaly. Elmydama kerwen müdiri bilen habarlaşyp durmaly. Onuň ähli düzgünlerini berjaý edip, buýruklaryny bitirmeli. Kerwen müdiriniň kömekçisiniň ýanyna baryp durmaly we sanjymyny wagtynda urdurmaly. Ruhany belli bolup haj düzgünlerini öwretmek üçin kurs açylsa hökman barmaly, erkek bol, aýal bol barysy niýetini we telbiýesini öwrenmeli. Hajyň parz-wajyplaryny we başga hökümlerini bilmeli. Yhramly wagtynda geýjek tikinsiz izär we ridälerini we aýagynyň ýumurjasyny ýapmaýan köwüşlerini we özünde pul ýerleşdirilýän biline guşanjak himýanlaryny1 we şeýtana atylýan daşlary salar ýaly boýnundan asylýan haltasyny, bulardan başga-da sapara gerek bolan esbaplary alyp taýýarlap goýmaly.

Egnindäkiden başga iki laý köýnek-balak, maýka, selle we tahýa, kelle syrylýan maşyn we tyg2, miswak3 we diş ýuwulýan pasta, sabyn, zyýaratyň we towafyň dogalary ýazylan depderçe, haj düzgünlerini aýdýan kitap, kompos, telefon nomerler we adresler ýazylan depderçe we şuňa meňzeş zerur bolan zatlary sumka salyp goýmaly we tä öwrülip gelýänçä özüne ýeterlik bolar ýaly sowalga pul göterinmeli, mätäç adamlara karz berip, ýa sadaka edip köp sogap gazanar ýaly, ýagdaý bolsa artykmajrak almaly (m). Haja uçmaly günüň, sagadyň belli balsa, şondan näçe gün öň dogan-garyndaşlaryňa, dost-ýarlaryňa baryp hoşlaşmaly ýa olary öýe çagyryp toý etmeli, olardan haýyr doga almaly. Haj saparyna penşenbe gün ertir bilen ugramaly, çünki Resulekrem s.a.w Hajjatul-wedagda1 penşenbe gün ugrapdyr. Her bir sapara çykanda penşenbe güni çykarmyş (s). Eger penşenbe güni ugramak miýesser etmese, duşenbe güni ertir bilen ugramaly. Ýöne her bir gün ugramaklygyň hem zyýany ýokdur.

Ugramazyndan öň saçyny we murtuny syrmaly, sakgalyny daramaly, dişlerini pastalap miswak bilen gowy arssalamaly, el-aýaklarynyň dyrnaklaryny kesmeli we gasyk, goltuk tüýlerini aýyrmaly, aýaly bilen jymag etmeli we gowy sabynlanyp suwa düşmeli, aýal bolsa saçyny şampunlap ýagşy ýuwup, darap gowy örmeli (m). Käbir alymlaryň aýtmagyna görä, erkek adamlar saçyny syrmaly däl, yhramdan çykmak üçin syranda sogaby köp bolar ýaly (m). Ugrajak wagtynda täze eşiklerini geýip, täze sellesini oranyp, içeri maşgalasy bilen hoşlaşyp öýünde iki rakagat namaz okamaly. Namazy şu hili niýet bilen okamaly: «اُصَلِّي صَلاَةَ السَّفَر رَكعَتَينِ لِلَّهِ تَعَالَي».

Terjime: Men okaýan saparyň iki rekagat namazyny Hudaý üçin, Allahu ekber diýip uýmaly.

Ondan soňra Subhaneke, Elhamy we Käfirun surasyny okamaly. Ondan soňra rukuw we sejdeleri etmeli. Ondan soňra ýokary galyp: Elhamy we Yhlas surasyny okamaly. Ondan soňra eglip, rukuw we sejdeleri edip oturmaly. Soňra ettehyýýat we salawat we dogalary okap salam bermeli. Salam berenden soň, ber gezek Aýatulkursini okamaly we ýene bir gezek Kuraýyş surasyny okamaly (m). Ondan soňra iki elini Asmana serip, elini gursagynyň deňinde saklap Allatagalanyň dergähine zar we tezerrug edip1 we ýalbaryp şu dogany okar:

«اَللَّهُمَ اَنتَ الصَّاحِبُ فِی السَّفَرِ وَالخَلِیفَةُ فِی الاَهلِ وَالمَالِ، اَللَّهُمَّ اِنَّا نَسئَلُکَ فِی مَسِیرِنَا هَذَا البِرَّ وَالتَّقوَی وَمِنَ العَمَلِ مَا تُحِبُّ وَتَرضَي، اَللَّهُمَ اِنَّا نَسئَلُكَ اَن تَطوِيَ لَنَا الاَرضَ وَتُهَوِّنُ عَلَينَا السَّفَرَ وَارزُقنَا فِي سَفَرِنَا هَذَا السَّلامَةَ فِي العَقلِ وَالدِّينِ وَالبَدَنِ وَالمَالِ وَالوَلَدِ وَتُبَلِّغُنَا حَجَّ بَيتِکَ الحَرَامِ وَزِيَارَةَ نَبِيِّكَ عَلَيهِ اَفضَلُ الصَّلاةِ وَالسَّلامِ، اَللَّهُمَّ اِنِّي لَم اَخرُج اَشَراً وَلا بَطَراً وَلا رِيَاءً وَلا سُمعَةً بَل خَرَجتُ اِتِّقَآءَ سَخَطِكَ وَابتِغَاءَ مَرضَاتِكَ وَقَضَاءً لِفَرضِكَ وَاتِّبَاعاً لِسُنَّةِ نَبِيِّكَ مُحَمَدٍ صَلِي اللهُ عَلَيهِ وَسَلَّمَ وَشَوقاً اِلَي لِقَائِكَ، اَللَّهُمَ فَتَقَبَّل ذَلِكَ مِنِّي وَصَلِّ عَلَي اَشرَفِ عِبَادِكَ سَيِّدَنَا مُحَمَدٍ وَعَلَي آلِهِ وَصَحبِهِ الطَّيِّبِينَ الطَّاهِرِينَ اَجمَعِينَ».

Terjime: Eý, bar Hudaýa! Hakykatdan hem Sen saparda meni goraýan ýoldaşdyrsyň. Sen meniň yzymda içeri-



-maşgalamy ideýän we mal-mülküme seredýän patyşamsyň. Eý, bar Hudaýa! Hakykatdan hem biz şu gitmegimizde Senden gowulyk dileýäris we Seniň söýýän we razy bolýan amallaryňy etmegimizi dileýäris. Eý bar Hudaýa! Hakykatdan hem biz Senden biziň üçin ýolumyzy ýakyn etmekligiňi, biz üçin saparymyzy aňsat etmekligiňi dileýäris. Sen bize şu mukaddes saparymyzda akyl, din, beden, mal we ogul-gyz saglygyny ryzk edip ber. Senden bizi hormatly bolan öýüňe haj etmeklige ýetişdirmegiňi we öz söýgüli Pygamberiň Muhammet s.a.w-iň zyýaratyna ýetişdirmegiňi dileýäris. Eý bar Hudaýa! Hakykatdan hem men bu ýola gabarylmak üçin, özümi adamlardan rüstem saýmak üçin, edýän işlerimi adamlara görkezmek üçin we edýän ýagşy amallarymy adamlara eşitdirmek üçin çykmadym, tersine Seniň gazabyňdan goranmak üçin we Seniň razylygyňy gazanmak üçin, Seniň parz eden amalyňy bitirmek üçin, öz Pygamberiň Muhammet s.a.w-iň yzyna düşmek üçin we özüňe sataşmaklyga höwäs etmek üçin çykdym. Eý bar Hudaýa! Sen menden şu amalymy kabul et, öz bendeleriň gowusy bolan, biziň baştutanymyz hezreti Muhammet s.a.w-e, onuň içi we daşy päk bolan maşgalalarynyň we ýaranlarynyň barysyna rehmet et!

Ondan soňra ämin diýip iki eliňi ýüzüňe sürtmeli. Soňra metjide gitmeli we öwrülip öýe gelmeli däl. Metjidi bilen hoşlaşmak üçin metjide girip, göýä öýündäki okan namazy ýaly iki rekagat namaz okamaly. Şol namaza goşan suralaryny bu namaza hem goşmaly. Şol namazyň yzyndan okan aýatlaryny we dogalaryny bu namazyň yzyndan hem okamaly, olardan başaga-da bilýän dogalaryny edip Allatagaladan haýyrly maksatlaryny dilemeli. Doga edip bolandan soň metjitden çykyp, adamlaryň öňünde Kybla bakyp durmaly. Ondan soňra bir adam gelip şu haj saparyna gitjek adamyň ýeňsesinde durup azan aýtmaly, azandan soň alymlara we takwa kişilere doga etdirmeli.

Ondan soňra haja barýan adam metjidiň jemagatlary bilen, dogan garyndaşlary we dost-yarlary bilen hoşlaşmaly. “Eý mähribän ilim, eziz garyndaş doganlarym, söýgüli içeri-maşgalam, uly-kiçi baryňyzy Allatagala tabşyrýaryn, hemmäňiz menden razy boluň. Mende näme hakyňyz bar bolsa, bagyşlap meniň gerdenimi azat ediň. Men-de siz üçin mukaddes ýerlerde doga ederin we Harameýni-Şerifeýnde siziň din we dünýäňiziň abat bolmagyny Beýik Perwerdigärimden dilärin. Inşa Allahutagala.ˮ

Ondan soňra şol jemagatlar aýtmaly: “Eý hajy doganymyz biziň sende her näme hakymyz bar bolsa, biz şony Hudaý üçin bagyşlaýarys we barymyz senden razy bolýarys. Sen bize şol mukaddes ýerlerde doga edersiň we biziň salamlarymyzy hezreti Muhammet s.a.w-e, hormatly sahabalara ýetirersiň”.

Ondan soňra haja gidýän adam ol jemagata Taňyrýalkasyn aýdyp, her haýsy bilen ýeke-ýeke görşüp şu dogany okar:

«اَستَودِعُ اللهَ دِينَكَ وَاَمَانَتَكَ وَخَوَاتِيمَ عَمَلِكَ وَغَفَرَ ذَنبَكَ ويَسَّرَ لَكَ الخَيرَ حَيثُمَا كُنتَ زَوَّدَكَ اللهُ التَّقوَي وَجَنَّبَكَ الرَّدي»

Terjime: Men Allatagala tabşyrýaryn seniň diniňi we amanatdarlygyňy we seniň amallaryň yzy gowy bolmagyny. Allatagala seniň günäňi örtsün we sen her ýerde bolsaň seniň haýryňy aňsat etsin. Taňrytagala saňa takwalyk nygmatyny berip, seni başgalardan baý etsin, buýruklaryna boýun goýdurup, gadagan eden işlerinden seni daş etsin (m).

Bar jemagatlar bilen görşüp-hoşlaşyp bolandan soňra, ýuwaş-ýuwaş ýöräp maşyna gelmeli. Maşyna münmezinden öň alymlara, garyplara sadakalar bermeli. Ondan soň maşynyň içine girmeli bolanda, öňi bilen sag aýagyny salmaly, içine girip oturmaly bolanda sag tarapynda oturmaly, maşyny işledip ugranda şu dogany okamaly:

«اَلحَمدُ لِلهِ الَّذِي هَدَانا لِلاِسلاَمِ وَمَنَّ عَلَينَا بِمُحَمَّدٍ عَلَيهِ اَفضَلُ الصَّلاةِ وَالسَّلاَمِ، سُبحَانَ الَّذِي سَخَّرَ لَنَا هَذَا وَمَا كُنَّا لَهُ مُقرَنِينَ وَاِنَّا اِلي رَبَّنَا لَمُنقَلِبُونَ، اَللّهُمَّ اِنَّا نَعُوذُ بكَ مِن وَعثَاءِ السَّفَرِ وَكَابَةِ المَنظَرِ وَسُوءِ المُنقَلَبِ فِي الاَهلِ وَالمَالَ وَالوَلَدِ، اَللّهُمَّ اطوِ لَنَا الاَرضَ وَسَيِّرنَا فِيهَا بِطَاعَتِكَ، اَللّهُمَّ اِنِّي اَعُوذُ بِكَ مِن غَلَبَةِ الَّدَينِ وَقَهرِ الرِّجَالِ، اَلحَمدُ ِللهِ اَلحَمدُ ِللهِ اَللهُ اَكبَرُ اَللهُ اَكبَرُ سُبحَانَكَ اِنِّي ظَلَمتُ نَفسِي فَاغفِر لِي فَاِنَّهُ لاَيَغفِرُ الذُّنوبَ اِلا اَنتَ».

Terjime: Her bir öwgi bizi yslam dinine salan Alla üçindir we bize Hezreti Muhammet s.a.w-i nygmat edip beren Hudaýymyz üçindir. Salawat we salamyň iň gowusy Muhammet s.a.w-e bolsun. Şu maşyny biziň erkimizde goýan Allatagala hemme aýyp-nogsandan arassa diýip ykrar edýärin. Şol Beýik Perwerdigärim şunuň erkini bize bermese, biz ony özümize boýun edip başarmarys. Hakykatdan hem biz öz ideýän eýämize tarap dolanýarys. Eý bar Hudaýa! Hakykatdan hem şu saparyň kynçylygyndan, betnazar edilmegiň we ýer sormagyndan we içeri-maşgalama we mal-mülküme erbetlik gelmeginiň gamyndan biz saňa sygynýarys. Eý bar Hudaýa! Sen biziň ýollarymyzy ýakynlaşdyr we bizi ýer ýüzünde öz ybadatyň bilen gezdir. Eý bar Hudaýa! Hakykatdanam men Saňa pena getirýärin, bergim maňa üstün çykmagyndan we adamlar menden üstün çykyp, maňa gahar etmeginden men saňa sygynýaryn. Her bir öwgi Alla üçindir, her bir öwgi Alla üçindir. Taňry tebärek we tagala bar zatdan beýikdir, Taňry tebärek we tagala bar zatdan beýikdir. Sen aýyp we kemçilikden arssasyň diýip ykrar edýärin. Men öz janyma zulum etdim, Sen meniň günämi ört. Günäleri hiç kim örtmez, diňe seniň özüň örtersiň.

Ondan soňra her bir ýagdaýlarda Taňrytagalany zikr eder, hiç bir ýagdaýlar bilen Allatagaladan gapyl bolmaz. Ýokaryk çyksa tekbir aýdar, aşak inse tesbih aýdar. Her wagt parz namazyň wagty girse, şol wagt okar. Azan-kamaty we jemagaty terk etmez. Kybla bakmaly bolanda komposta görä bakar, pikirsiz gabat gelen ýere bakyp durmaz. Onuň üçin her bir sapara giden adamyň ýanynda kompostyň bolmagy hökman gereklidir.


Yüklə 2,02 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   4   5   6   7   8   9   10   11   ...   23




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin