Magtymgulynyň Düşündirişli Sözlügi, Türkmen ýazyjysy Nurmuhammet Aşyrpur (Aşyrpur Merdeow) tarapyndan ýazylyp birinji jildi 1997 ýylda Eýranyň Gunbedkabus şährinde çapa berildi



Yüklə 6,36 Mb.
səhifə11/72
tarix15.11.2017
ölçüsü6,36 Mb.
#31820
1   ...   7   8   9   10   11   12   13   14   ...   72

Hezret işanym geldi.

DAÝYMY BINA(a. da:mii: bena:)- ser.daýymy.

DAKMAK - 1) ýüklemek, urmak; 2) baglamak,asmak.

Etimleriň malyn alyp, zor etme,

Günäňi gaýryga dakabilmez sen!

DAKÝNUS (a. dakýa:nu:s) - 1) Gadymy Rimdepatyşalyk eden zalym hökümdaryň ady (Deseus). Dinirowaýatlara görä, yslamdam bir näçe asyr öňDakýanusyň döwründe hristian dininde bolan ýedi sanyadam butparazlaryň yzarlamasyndan gorkup, gaçyp, birgowakda gizlenýärler we ýatyp, uka gidýärler. Olar göýäüç ýüz ýyldan soň oýananlarmyşyn. Bulara"eshaby-kähF" (ser.) , ýagny "gowakda ýaşan egindeşler,dostlar" siýlip, at berlipdir; 2) Dakýanus umuman gadymydöwür hakda ulanylyp, gadymylygy aňladýar.

Legendalara görä, Dakýanus gadym zamanda özüniňnawy (gämisi) bilen okeanlara syýahat edipdir. Bir gezekonuň gämisi uly girdaba uçrap, öz töwereginde aýlanypbaşlapdyr, gark bolmak howpy ýakynlaşypdyr. Emmatakdyra görä, ol gark bolman, girdapda birsyhly aýlanypdurupdyr. Gämidäki adamlar bar bolan azyklaryny iýiptükedipdirler. Açlyk olary heläk edip başlapdyr. Gäminiňkapitany bije boýunça bir adamy öldürip, onuň etiniiýmekligi teklip edipdir.

Şeýlelikde, gämidäki adamlaryň hemmesi iýlip, diňeiki sany adam galypdyr - bir garry we bir-de ýaş ýigit. Olikisi biri-biri bilen urşup, garry adam ýigidi ýeňýär, onyöldürip iýmäge başlaýar. Şeýdip, bir aý ýaşaýar,ahyrda öldürilen ýigidiň bir goly galýar.

Bu garrynyň ady Dakýanus eken. Ol şol galan golydişläp, iýmege başlanda, öz täleýi hakda oýlanýar...Edil şol pursatda-da bu ýiten gämini agtaryp gelen başgabir söwda gämisi Dakýanusy ölümden halasedýär.

Erteki çeşmesi bolan bu wakanyň özi adamlaryň hasgadym zamanlarda et, onda-da adam etini-de iýendikleriniaňladýar.

Dakýanus döwründe ýedi kimerse,

Bir it bile hemra bolup galdylar.

DAL D (a. da:l) - 1) arap-pars elipbiýiniň onunjy "d"harpy. Muňa nokatsyz "dal" hem diýilýär. Ebjethasabynda - 4. Kä sözlerde "t" harpyna öwrülýär. Mes.zerdoşt - zertoşt; daýa-taýa. Käte bolsa "z" harpynaöwrülýär. mes.: Günbed-Günbez; 2) gm. bükük,bükülen, eglen; bükülen bil; kaddy-dal - küýki, bilibükülen.

Her kimsäniň ölse dogan - gardaşy,

jelek anyň elip kaddyn dal eder.

"Dal" - delalat ber diýban ýat Mustapany eýledi.

Bir gün seniň elip kaddyň dal olar.

DAL DD (dal) - 1) arka, ýanbaş, syrt; 2) yz, arka; 3)pudak, şaha.

Höwesim dalyna düşdi.

Dalda ýerim dag oldy.

DALAŞMAK (da:laşmak) - 1) erjeşmek, iş salyşmak,baş goşmak, tokunmak; 2) basalaşmak, oýun edişmek,tutluşmak; 3) tagalla etmek, talaş etmek; ser.talaşmak.

Magtymguly, güýçli bile dalaşmaň.

Gezer sen oýnap, dalaşyp.

Her kim bir borja dalaşdy.

DALDA - pena, gorag, hemaýat, kömek, arka,daýanç.

Mahşar gün bolmasaň sen maňa dalda.

Hiç biri bolmady derdiňe dalda.

Dalda ýerim dag oldy,

Düz ýerim gaýa döndi.

DALDAMAK - hemaýat etmek, goramak, kömeketmek.

Erenler jem bolup, başyň daldarlar,

Hyzyr, Ylýas rekabyňyz ýeldärler.

DALMAK - çümmek, suwa çümmek, suwa girmek; 2)gark bolmak, suwa gark bolmak.

Towşan derýa bolmaz, şor suwa harçeň,

Hamsanyň kölüne dalmak ýaraşmaz.

Düz ýeriň gadryny bilgil, derýa dalmazdanburun.

DALMYNMAK - 1) ýalym-ýulum etmek; 2) guwançlyýagdaýda bolmak.

Diýdi Aly: "Ý subhan,

Dalmynyp, bakyp her ýan.

DALNAMAK - saýgarmak, parhyny bilmezlik,seljermek.

Görüň, bu eýýamyň pirin, sopusyn,

Dalnamaýyn, tykar otyr aş gelse.

DAM (da:m) - duzak, gapan, tor, kapas; dama düşmek- duzaga düşmek; damy-zülp - gm. zülpüň yşkyna duçarbolma, söýgüliniň eülpüniň yşkyna düşme.

Magrur käkilik deý nebsiň ugrunda,

Dama düşüp, ganatyňdan aýrylma.

Damy-zülpüň kaýdyna özümni zyndanisterem.

Magtymguly, köňlüňde ýüz külpet bar,

Kazanyň damyga bolduk giriFtar.

DAMAK - bogaz, bokurdak; damak ýyrtmak - 1)gygyrmak, gaty ses bilen gürlemek; 2) güpülemek,öwünmek.

Gök dek gürlär, damak ýyrtar,

Häzir bolan aş üstnde.

DAMAN D (p. da:men) - etek, syn; damany wasl - gm.gowuşmak arzuwy, islegi; damany-ýar desti-men - 1)ýaryň etegi- meniň elim, elim ýaryň eteginde; 2) gm.ýalbarmak, ýalbarýaryn diýen manyda.

Gysga ykbalym goly, dost, damany-waslyňderaz.

Aşygam, yşk mesti men

Damany-ýar desti-men.

DAMAN (da:ma:n)- gadyr bilýän, hormat edýän;hyzmat edýän.

Bir sözüm bar, diýsem şaga, soltana,

Dostlar meňgi bolup, daman galmady.

DAMANGIR (p. da:men+gi:r) - 1) birine ýapyşypkömek soraýan; goldaw agtarýan, biriniň etegindenýapyşyp hamaýat soraýan; 2) duçar, sezewar; 3) bir zadaduçar bolmaga ýa-da bir erde mejbury suratda durmagasebäp bolýan zat ýa-da adam.

DAMANY-ÝR DESTI-MEN (p. da:men-e ýa:r dest-emen) - ser. daman D.

DAMAT (p. da:ma:d) - köreken, giýew.

Resul damadydyr, öz arslanyňdyr,

Ý ymam Alyýa bagyşla bizni!

DAMGAN (p. da:mga:n) - demyrgazyk Eýranda birşäheristanyň - uly raýonyň we şol şäheristanyň merkezişäheriniň ady. Onda bitýän pisse meşhurdyr. Damgangadymy düşünje boýunça dördünji yklyma (ser).girýär.

Damganda ýörgen ussat Nowaýy,

"Çar diwany", "jerhat-Şirin" eybaýy.

DAMEN (da:men) - ser. daman.

DANA (da:na:) - pars delindäki "da:nesten - bilmek"sözünden ýasalan söz; bilýän, biliji, alym, bilimli,maglumatly.

Magny söz aňlamaz biakyl adam,

Danalaryň aýdan sözüne degmez.

DANNAMAK - ser. dalnamak.

DAjBE (a. da:bbe) - ser. däpbe.

DAR (a. da:r ks. diýa:r) - 1) öý, jý, ýaşalýan ýer; 2)ýer, ýurt, ülke, mekan, oblast'; 3) şäher; 4) kabyla;daryl-baka - 1) hemişelik öý, mydamalyk jaý; 2) gm.gabyr, gör; 3) dini düşünje boýunça "ol dünýä",ahyret.

Kim biler ki, neýlär sen daryl-bakadabizni;

daryl-mähnet - azap öýi, muşakgat öýi.

Ömrüňi bada berme,

Sen bu daryl-mähnetde;

daryl-Fena - 1) ýokluk öýi, pany dünýä; 2) gm. ölüm;dini düşünje boýunça "şu dünýä."

Üşbu daryl-Fenada ýokdur meniň dek betkär,

Barça saňa aýandyr, ne hajat kylam yzhar.

Hoşwagt eýläp gezdirdiň daryl-penada bizni.

DARAGT (p. daraht) - agaç, uly ösümlik.

Salsaň ol narga daragtny, kül bolar, bişer gider.

Ýňy biten bir daragtym,

Hazan bady pena kyldy.

DARAj (p. da:ra:b) - 1) Firdöwsiniň "Şanamasynda"berilýän maglumata görä, Bähmeniň ogly, keýandinastiýasynyň sekizinji patyşasy. Eneden bolanda ejesiHuma täji-tagty elden bermejek bolup, ony birnäçegymmatbaha zatlar bilen sandyga salyp, derýa taşlaýar.Bir geýim ýuwýan ony alyp, öýüne eltýär, çaganyterbiýeläp, ulaldýar, adyna Darap goýýar. soň ol batyrýigit bolup etişýär we rimliler bilen uruşda edermenlikgörkezýär. Eýran goşunynyň serdary oňa bir hat berip,Humanyň ýanyna iberýär. Huma ogluny tanaýar, ondanötünç soraýar we täji-tagty oňa berýär; 2) Eýranyň jarsoblastynda bir şäheriň ady.

Galmady Darabyň, ne Şähriýaryň,

Kany ol Gülçihre-simin uzaryň?

- Darganatanyň gadymy DARGAN (DARGANA)atlarynyň biri.

Darganyň şäheine gökden ses geler,

Ol bir şeýle sesdir eşiden öler.

DARGATMAK - 1) weýran etmek, pytratmak, dagynykhala getirmek; 2) böleklere bölmek; sandangaldyrmak.

Gapyllykda duşman aldy daşymyz,

Dargatdy her ýana deňi-duşumyz.

DARTMAK - 1) çekmek, silkmek, özüňe tarap silkipçekmek; 2) gm. meňzemek, çekmek.

Aslyga dartadyr ýüwrük, çamanlyk,

Ýüwrükni çamanga satyjy bolma.

DARYG (p. dyry:g) - 1) haýyp, wah; 2) gaýgy, puşmanetme; 3) aýama, gaýgyrma; daryg etmek (kylmak,eýlemek) - aýamak, gaýgyrmak.

Şepagatyň daryg etme garypdan.

Magtymguly, bir gün gitguň dünýäden,

Wadaryg-a, daryg-u heýhat ilen.

DARYG-A (p. dyry:g-a:) - haýyp, arman (ökünç sözi);wadaryg-a şekilinde-de gelýär.

Daryg-a, din üçin ýokdur bir işim,

Ömrüm edalandy, agardy rişim.

DARYL-BAKA (a. da:ril+baka:) - ser.dar.

- ser. DARYL-MÄHNET (a. da:ril+mehnet)dar.

- ser. dar. DARYL-FENA (a. da:ril+Fena)

1) ylgamak, ýortmak; 2) gm. DARYMAK (a. da:ry:mak)ýolukmak, sataşmak; ýagmak.

Darydy bir doly, ýolukdy baran,

Birin ýurdy bile eýledi weýran.

DARYTMAK (da:rytmak) - 1) ylgakmak, ýortdurmak,çapdyrmak (at); ýakyn aralyga at çapdyrmak; 2) gm.ýakynlaşyk etmek, jyns gatnaşygyny etmek.

Magtymgugly ýarytmadym...

Tedrimine darytmadym.

DASTAN (p. da:sta:n) - ser. destan.

DAT D (p. da:d) - 1) gykylyk, galmagal, jenjel; 2) adalat,ynsap, berim, sahylyk; 3) nesip, bähre, ýaşaýyş, ynsanyňömri, ýaşy; dady-perýat, dady-bidat - galmagal, gykylyk(yzygiderli).

Aşyk ýara ýetmez dady-perýatsyz.

Bardylar dergähe eýleýip gatlar;

dat eýlemek - zarynlamak; aglamak,gygyrmak.

Magtymgugy, ömrüň ötdi,

Dat edip, syrdaşyň dalar.

DAT DD (p. da:d) - 1) şikaýat, arzy-hal, gaýgy-gussa;2) tagam.

Eý ýaranlar, kime diýem dadymy.

Dünýäýi-peläket elinden dat ile bidat.

- ser. dat, DAT ILE BIDAT (p-t-p. da:d ile bi:da:d) bidat.

DATLY (da:dly) - tagamly, süýji,şirin.

Hezreti-Ýusupny beýan eýläli,

Kyssasy şekerden datly, ýaranlar.

DATMAK (da:tmak) - 1) barlap görmek, tagamyňduzuny barlap görmek; 2) iýmek, iýip görmak; içmek,içip görmek.

Hassadan sagaldy zäher dadanlar,

Hakyn alyp geldi goýun bakanlar.

DATHAH (p. da:d+ha:h) - 1) adalat isleýän, adalattalap ediji; 2) özüne zulum edilip, şonuň üçin adalattalap edip suda ýüz tutýan adam; 3) adyl.

Dawut ogly ol Süleýmanny kylyp sen dadhah.

Dathahlar turuban, ýüzün sarardyp,

Kim töresin tapyp, reňňin gyzardyp.

- 1) agyz; 2) girelge, DAHAN (p. daha:n we dehen)gapy.

döküldi dahandan hak beren dişi.

Dahan gider, dendan düşer til galmaz.

Dört sütün, her sütün otuz müň başly,

Otuz müň dahanly, otuz müň dişli.

- başga, özge, gaýry. DAHY (dagy:)

Göz-görelde, nebs-iýmekde, til dahy gybatbile,

Şöwketiň şer, başda ýok beýler howadangaýry!

DAHYL (a. da:hyl) - 1) goşulan, giren; girýän; 2)başgalaryň işine goşulýan adam; 3) içeri, iç; dahyly-dar- öýüň içi.

Şum aýralyk adamlara dahyldyr.

Guş uçup howa gitdi, eýledi dahyly-dar.

DAHYLY-DAR (a. da:hyl-e da:r) - ser. dahyl.

- 1) gaty dag jynsy, şol hili dag jynsynyň DAŞ D (da:ş) bir bölegi; 2) gm. gaty.

Birehim zalymyň bagry daş bolar,

Barar ýerge kesek atyjy bolma.

- uzak, alys, uzak aralykda bolan; antonimi: DAŞ DDýakyn.

Gadyrdan gardaşdan uzak, daş bolup,

Gadyrsyz ýat bile garyndaş bolup.

DAŞGYN - 1) joşgun, derýanyň suwunyň joşup,kenara çykmagy; 2) joşup akýan.

Aşyklyk bir joşgundyr, akmaz daşgyn deýeýadyr,

Bir jurgadan kyrk aşyk gandyrdygymbilmezmiň?

DAŞDYRMAK - akdyrmak, joşdurmak; köp gözýaşdökmek.

Ol kimsedir gözýaşyny daşdyrdy,

Niçe ýylda ejabatyn duşdurdy.

DAŞMAK - joşmak; hetden aşmak.

Jan huruşa geldi, gaýnap-joşmadym,

Ýüregim möwç urdy, dolup-daşmadym.

DÄWAT (a. dä'wet) - ser. dagwat.

DAÝ (p. da:e) - eneke, çaga seredýän aýal.

Daýasyna mündürdi,

Guçdy, boýnun süýndürdi.

DAÝANMAK - 1) arka bermek, aýak üstüne galmak,sagalmak; 2) bil baglamak, arkalanmak; 3) esaslanmak,esas edinmek; 4) aýak çekmek, säginmek,durmak.

Döwranyna daýangan ynsana nazar eýle,

Bu gonup-göçüp bargan kerwana nazar eýle.

DEWWAR (a. dewwa:r) - ser. dowwar.

DEGIN (degi:n) - çenli, deňin, deňeç.

Gamgam gylyç bile Düldül at bile,

Taht-as-sera degin bargan Alydyr.

DEGIŞHANA- 1) alyş-çalyş jaýy; 2) bulaşyklyk, pyssypyjurlyk.

Nesihatym diňle, eşit bu sözi,

Bir degişhanadyr dünýäniň ýüzi.

DEGMEK - 1) düşmek, galtaşmak, ýanaşmak; 2)urmak; 3) gm. oýun etmek; 3) barabar bolmak, bahasybolmak.

Bir çopan eline degse bir almaz,

Çakmak daşy kylar, gadryn näbilsin.

Betsyýak, bethüý bolan pis adam,

jerizadyň eden näaine degmez.

DEGRE - töwerek, daş; degre-daş - dört töwerek,daş-töwerek.

Älemniň degresi ne reňli dagdyr,

Ol ne guşdur, daýym anda tussagdyr?

Boýurganşyp, degre-daşa bakarlar.

Gül degresi neçün bolmasyn harsyz.

DEGRE-DAŞ- ser. degre.

DEÝ - ýaly, dek, kimin; deýin Formasynda hemgelýär; meniň deý - meniň ýaly.

Galmagaý sen meniň deý akly az-u görke baý.

Älemde men deý ryswa

Bolan barmy ýaranlar!

DEÝÝR (a. deýýa:r) - 1) deýrde, monstyrda ýaşaýan,buthanada mesgen tutan; 2) şahs, kimse, bir adam; 3) gm.poeziýada: meýhana; kapyry-deýýar - meýhanada bolýankapyr.

Gerdeni-neFsimge düşsün tä şiken üzreşiken,

Hemneşinim kapyry-deýýar bolmasdan burun.

DEK - ýaly, kimin, deý (ser).

Halaganna Halyl dek oglanyna berer paý.

Ol weliler serweri soltan Weýis dek öwlüýä.

Garyp, sen ýyglama, şir dek bolar sen.

- 1) ýa-da dekhen, Hindistan ýarymadasynyň DEKEN üçburçluk şekilli, Gang jülgesiniň günorta tarapynda,Hind okeanynyň içinde ýerleşýän bölegi; 2) şäherady.

Owazasy düşüp Rum-u Emenge,

Müsür, Şam-u Hindistan-u Dekenge.

Deken käni, Jahangiriň almazy.

- näz, kereşme. DELAL ( a. dela:l)

Ol ýetmiş iki millet,

Ýüzde on dört delal bar.

DELALAT (a. dela:let) - 1) ýol görkezmeklik,ýolbaşçylyk; 2) delil bolma; delelat bermek (kylmak) - ýolgörkezmek, ugur görkezmek, kömekbermek.

Pakyra-misgine delalat ýagşy.

"Dal" - delelat ber diýban Mustapa neý eýledi.

DELW (a) - 1) gowa, bedre, guýudan suw alynýan gap;2) şemsi aýlaryň on birinjisiniň ady.

Zemin seňe döndi, asman hem delwe...

Zowky-waslyň seni dönderdi derýa.

DELIL (a. deli:l, ks. dela:ýil) - 1) bir jedeli ýa-dameseläni subut etmek üçin getirliýän zat, esas,dokument; 2) ýolbaşçy, ýol görkeziji; 3) nyşan, alamat;sinonimi: burhan (ser.).

Edeb-u, erkany, şermi-haýasy,

Delili-burhandyr onuň güwäsi.

DELLAL (a. della:l) - 1) söwda gepleşiklerinde araçybolýan adam, alyjy bilen satyjynyň arasynda bolýan adam;2) jarçy.

Dellallar ýygylyp, baha goýdular,

Ýusup; "Sadyk gul men" diýip durdular.

DEM (p) - 1) jandarlaryň howany içlerine çekmekleriwe gaýtarmaklary; 2) wagt, pursat; 3) göz açyp ýumasysalym; her dem - mahal-mahal, wagtal-wagtal.

Ýykar dagy, daşy, erider demi.

Ten kapasy içre wagşy jan guşy,

Her dem perwaz edip, urnup durupdyr.

DEMA-DEM (p. dema:+dem) - minutsaýyn, her dem,munutma-minut; hemişe, yzly-yzyna; ser.dembe-dem.

Tarahhum kylmaz ol dilber, hijranyda bu nalaýa,

Agzym süýjip dema-demi Leýli kişekerhaýa.

DEMBE-DEM (p) - her dem; hemişe, minutma-minut;ser. dema-dem.

Magtymguly, sen dembe-dem,

Ahyret sary ur gadam.

Dembe-demden artdy bu ýaman pälim.

DEMLI (p-t) - güýçli, zorly.

Pakyr diýp, halyndan habar alanym,

Deprenede döwden demli çykypdyr.

DEMSAZ (p. dem+sa:z) - syrdaş, arkadaş, hemdem,ýoldaş, söhbetdeş; demsaz kylmak- ýoldaş edinmek,söhbetdeş edinmek.

Tä olar dek bolmaýyn, ukba işin agaz kyl,

Isteban ähli-saFany özüňe demsaz kyl.

DENDAN (p. denda:n) - diş.

Dendandan, zybandan, akyldan, huşdan.

Dahan gider, dendan düşer, til galmaz.

DEŇ - çenli, gadar.

Dünýä-derýa, ten bir saldyr, agar sen,

Kaçana deň taý gider sen düz bile.

DEŇ-DUŞLAR (deň+du:şlar) - ýaşytdaşlar, bileoýnap gezýänler, egindeşler ýoldaş, bileönüp-ösenler,

Istese deň-duşlar başa altyn täç,

Pakyrlyk mülkünden maňa bergin paç.

DEŇELMEK - deň bolmak, deňleşmek, barabarbolmak.

Serçemen agajy bile deňeler,

Ajap guş salmaly awlahlary bar.

DEŇIÇ - çenli, deňeç, deňin, gadar, şu manylaryaňladýan kömekçi söz; ser. degin.

Gamgam gylyç bile, Düldül at bile,

Taht-as sera deňiç baran Alydyr.

DEŇŇENE - deň şäriklik etme, deň harajatçekme.

Deňňene eýleme, salyşma kylmaň

Arassa söwda et, çalyşma kylmaň.

DEj (a. deF'') - gorama, gaýtarma, saklama, sowma; retetme; dep bolmak - sowulmak, aýrylmak.

Gaýgylar dep bolsun, gamlar sowulsyn.

Şatlyklary gaýgy birle dep bolar.

DEjDER (a-p. deFter, ks. deFa:tir) - 1) kitap; ýazgy; 2)depder, kitap şekilinde edilen kagyzlar toplumy.

Depderler içinde bir kitap gördüm,

"Kysasyl-enbiýa" atly, ýaranlar!

- 1) tümmek, gum üýşürilip ýasalan DEjE (p. teppe) ýa-da tebigy tümmek; 2) kelle, baş, bir zadyň iň ýokarkynokady, eri.

Mert oglunyň depesinden muş döker.

Edi ýaşan arap atyň şanynda,

Melim bolmaz, depe nedir, düz nedir.

DEjIŞMEK - 1) biri-birini depmek, toýnak salyşmak,penje salyşmak; 2) gm. uruşmak.

Garga salsaň, tugun bile depişer,

Haýbatyndan daglar-daşlar gapyşar,

DEjMEK - 1) aýak bilen urmak; 2) ýeri agdarypbejermek; 3) gm. haýdamak, ulagy çalt sürmek,çapmak.

Garyplar at münüp, depse-eşekdir,

Döwletliler eşek münse, at bolar.

DEjRENMEK - gozganmak, gymyldamak, hereketetmek.

Dag kimin deprenmez, derýa dek dönmez.

Deprenende, döwden demli çykypdyr.

DER (p) - gapy, girelge; dersiz gapy- girelgesiz gapy,ýapyk gapy. Bu söz kä halatda "derb" şekilinde hemulanylýar; der açmak- ýol açmak, gapy açmak.

Meý-mest boldum, dersiz gapa duş boldum.

Çöl tarapyn berk edip, der açar suwaharçeň.

Dergähinden açsa der bizim sary.

DERAWIŞ (a. dera:wi:ş, bs. derwi:ş) - ser.derwüş.

DERAZ (p. dera:z) - uzyn; uzak; köp; deraz kylmak(etmek) - uzyn etmek.

Ömür az, döwran deraz, ne roza bar, nenamaz.

Yhlasym ary kyl, ýamanym ýok et,

Tilimni deraz kyl, ýüzümni ak et.

Köňlüm perişandyr, sähwim derazdyr.

DERBE-DER (p) - 1) sergezdan, awara, ykmanda;gedaý; derwüş; 2) öýsüz-ilsiz; 3) gapyma-gapy.

An hezret-hak resul magraja aşdy,

Asmanlar derbe-der gapysyn açdy.

Aklymny kyldym derbe-der.

- uly gapy, howla girilýän uly DERWEZE (p. derwa:ze)gapy.

O nämedir, derwezesiz galadyr?

Ol köňüldir, derwezesiz galadyr.

DERWÜŞ (p. derwi:ş, ks. dera:wi:ş) - 1) asyl manysygapylardan zat isleýän, dilegçi. Bu söz aslynda "derwiz"bolupdyr diýilýär. Ol hem ilki "derawi:z" şekilinde bolan,onuň manysy bolsa "gapydan asylýan" diýmekdir, çünkigedaý öýlere baryp dilegçilik edende, gapyny tutýar, gapasöenýär, şoňa görä, gedaýlara, dilegçilere, pataçylaraderwüş dýlipdir. Käbir takyklaýjylar derüwşiň asly"derýuz" bolupdyr diýip tassyklapdyrlar. Derwüşlerbirnäçe topara bölünýär. Käbiri mahsus geýim geýip,köçelerde, bazarda gedaýçylyk edýär, käbiri erteki, kyssaaýtmak arkaly dilegçilik edýär. Emma derwüşleriňbaşga bir topary hudaý ýolunda gulluk edýärler, olaröwlüýäleriň hatarynda durýarlar. Olaryň ýolbaşçysy"derwüşler şasy", "mü'mümleriň emiri" hezret Alyhasaplanýar; 2) gm. kämil ynsan, päk ynsan; 3) bu sözarap dilinde derwi:ş görnüşinde ulanylýar, manysy-da"mätäç, biçäre, pakyr" diýmekdir; 4) sufizmtaglymatyna eýerýän adam, weli.

Derwüş ýerde derýa, ýa gökde aýdyr.

Nirde derwüş görseň baryp, alkyş al.

Derwüşden ýeg hiç kim ýokdur hudaýa.

DERGAH (p. derga:h) - ser. dergäh.

Säher wagty gapyl bolmaň, ýaranlar,

Dergahlar açylar çagdyr bu çaglar.

Doga kylsam, dergaha, duş gelermi,

Säher turup, biribara ýüz ursaň.

DERGÄH (p. derga:h) - 1) bosaga, işik; 2) köşk,köşgüň bosagasy; 3) hudaýyň ýany, patyşanyňhuzury.

Bardylar dergähe, eýleýip datlar.

Magtymguly mydama doga kylar dergähe.

Bu jürm ile gelip dergähiňe, ýa gaFFar.

DERDESER (p. derd-e ser) - 1) sözme-söz manysy başagyrysy, kellagyry; 2) gm. azap, kynçylyk, päsgel.

Diýdim: "Nedir mülki-jahan söýgüsi?",

Diýdi: "Derdeserdir, ýa boýna webal".

DERDI-jYRAK (p-a. derd-e Fira:k) - ser. pyrak wedert.

DERE (p. derre) - 1) iki dagyň arasyndaky uzalypgidýän giň meýdan; 2) diňe gyşlaryna akýan kiçijikçaý.

Deresinde biter barlar,

Tirseň Hasar dagyndadyr.

DEREJE (a., ks. dereja:t) - 1) ýokary çykma; 2)mertebe, orun; 3) ýokary çykylýan bagsançak; 4) tegelegiň360-a bölünen her bir bölegi.

Ýgşylykda ile özün tanadan,

Alkyş alyp, derejesi zor bolar.

DEREM (a. dirhem) - ser. dirhem.

- düşünme, aňlama, aňyrsyna ýetme, bir DERK (a.) zada etme; derk etmek - aňlamak, düşünmek.

ÝOksulluk ýok bolup gitmez,

On iş derk etmeýen ärden.

DERKAR (p. der+ka:r) - 1) sözme-söz manysy: işde;2) gerek, gerekli zat, zerur, lazym.

Ýman gylyk dosty duşman kyladyr,

Guryp galsyn il derkary bolmasa.

Kimge derkardyr sözüm.

Niçe adam gerek özüňe derkar?

DERMAN (p. derma:n) - 1) çäre; pikir; 2) alaç, keselibejeriş serişdesi; 3) kuwwat, gudrat, güýç, takat.

Heý, ne ýaman zatdyr, aňlamaz derdi,

Jahyllyk derdine derman tapylmaz.

DERMANDA (p. derma:nde) - biçäre, ejiz, pakyr,haldan düşen, agyr ýagdaýda galan; sergezdan.

Nowmyt etme şepagatdan, rahmetden,

Dermanda goýmagyl, ýa züljelalym.

Keremiň bolmasa galdyk dermanda.

Kimse pähm etmez bu derdim, bolmuşam dermandamen.

DERMENDE (p. derma:nde) - ejiz, biçäre, kuwwatsyz;dermanda (ser). sözüniň gysgalan Formasy.

Dermendeýem, mähtäjem,

Şermendeýem, gallajam.

Men hem seniň derdiňden galyp erdimdermende.

DERRENDE (p. ks. derrendega:n) - ýyrtyjy, wagşy;ýyrtýan.

Bişeler içre arslan her ýyrtyjy derrendeniň,

Er ýüzünde her ne bar, mur-u mar jünbendeniň.

jil, peşe-ýu kergeden,

Derrendeler galmazlar.

DERS (a) - 1) sapak, bir ylym ýa-da hünäri ele almaküçin her gün alynýan tälim; 2) gm. görelde; ders almak -sapak almak; görelde almak.

Her eşýadan ýar sypatyn ders aldym,

"Kur'an" kaýsy, kitap kaýsy, bilmedim.

DERSIZ GAjY- ser. der.

DERT (p. derd) - 1) azap, gam, gussa, ajy; 2) zähmet,ez'et, muşakgat; 3) ýürek awysy; derdi-pyrak - aýralykgamy, aýralyk azaby.

Derdim bardyr diýarymdan, döwrümden,

Haýyr kaýsy, yhsan kaýsy bilinmez.

Näler çekdim derdi-pyrak.

DERHASAj (p-a. der+hasa:b) - hasapda; hasapberilýän pursatda.

Kabul kylmaz bolupdyrlar azanym,

Derhasap alnynda gurup mizany.

DERHEM (p) - bulaşyk, garyşyk; derhem bolmak -dargamak, bulaşmak, garyşmak; derhem eýlemek -dargatmak, ýok etmek.

Istäri bar, az wagtdan derhem bola zamana.

"Zi"-zor eýlese haşmyň, küllüsin derhemeýlär.

DERHEM EÝLEMEK (p-t)- ser. derhem.

DERÝ (p. derýa:) - 1) deňiz; 2) tebigy suratda hemişeakyp duran köp suw.

Ne düşekdir, aňa batan ýarymaz,

Ne keşdidir, derýa batar ýörimez.

- birinji, ilkinji; ilkinji DESLAj (p. destla:F, destFa:l) söwda, söwdegäiň ertir ir bilen ilkinji eden söwdasy;söwdegäriň, işçiniň, hünärmendiň işiň başynda ýa-dailki satuwda hyrydardan alan ilkinji puly.

Owwal deslap baryp haýbar dagynda,

Kapyrlar ganyny saçdy Muhammet.

DESMAL (p. dest+ma:l) - el ýaglyk; el-ýüz süpürmeküçin dörtburç mata.

Göterip men desmalym.

Desmalyn göterdi zenan ýüzünden.

DESSAN (p. desta:n) - ser. destan.

DESSE (p. deste) - 1) topar, birnäçe adamyň jemi; 2)bogy, bogdak; desse-desse - bogy-bogy,topar-topar.

jeri-peýker, serwi-azat,

Desse-desse güle meňzär.

DESSEMIL (p. destenbu:) - ser. destembil.

DESSUR (p. destu:r) - 1) däp, kada, kanun; 2) rugsat;perman; 3) wezir, ministr; 4) zoroastrizm dininiň ruhanyýolbaşçysy. Arap dilinde "dostur" şekilinde ulanylýar, ks.desa:ti:r; dessury-zamana-döwrüňdäp-düzgüni.

Söýüşmeklik - bu dessury-zamandyr.

Dessury-zamana budur, mazlumlara rehim etgin;

dessur etmek - däp etmek, rowaçlandyrmak.

Her il dessur etse şerap içmäge,

Ol illerde tagun durmana gelgeý.

DESSURY-ZAMANA (p-a. destu:r-e zama:ne)- ser.dessur.

DEST (p) - 1) el, gol; 2) gm. kömek, ýardam; 4) laý,gat; dest bermek - kömek bermek, el bermek, ýardambermek.

Taňry dest bersin yslama.

Kereminden ykbalyma dest bergil.


Yüklə 6,36 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   7   8   9   10   11   12   13   14   ...   72




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin