Magtymgulynyň Düşündirişli Sözlügi, Türkmen ýazyjysy Nurmuhammet Aşyrpur (Aşyrpur Merdeow) tarapyndan ýazylyp birinji jildi 1997 ýylda Eýranyň Gunbedkabus şährinde çapa berildi



Yüklə 6,36 Mb.
səhifə12/72
tarix15.11.2017
ölçüsü6,36 Mb.
#31820
1   ...   8   9   10   11   12   13   14   15   ...   72

jygamber destidir desti atamyň;

desti şeraply- eli çakyr bulgurly, eline çakyr bulgurynyalan.

Bir kimse ýolukdy desti şeraply;

desti nusrat - ýeňiş eli; kömek eli, ýardameli.

Galmady mazlumlara desti-nusratdan nyşan.

- gürrüň, hekaýa; DESTAN (p. desta:n, da:sta:n) dessan; destan eýlemek - gürrüň bermek, hekaýatetmek.

Syryň destan eýläp, paşa düşüp sen.

Kyrk bäşde gurduň destany,

Ellide bostan astany.

DESTAR (p. desta:r) - peş, selle, çalma;ähli-destar-peş geýýänler, mollalar, ahunlar.

Ne derwüş men, ne molla, ne sopy ähli-destar,

Gulak berse dostlarym, diýsem sözümniraster.

DESTGIR (p. dest+gi:r) - 1) goldaýjy, kömek beriji, eltutujy; 2) tutulan, ýesir edilen.

Azana, tozana destgir ne guşdur,

Kimiň turbatyna zyýarat etdi?

DESTGÄH (p. dest+ga:h) - 1) esbap, kapital, bir işetmek üçin gerek bolan zatlar; 2) gudrat, başarjaňlyk; 3)baýlyk, dabara; 4) mukam.

Dünýä bir saraýdyr, saz bile söhbet,

Sypahyga-destgäh, şalarga - şöwket...

Barysy aýlandy, ýagydyr-ýagy.

DESTEMBIL (p. destenbu:ý) - 1) hoşboý miwe ýa-daysgamak üçin ele alynýan hoşboý zat; 2) sary we ýakymlyysy bolan zamça meňzeş miwe, mazy; 3) gm. göwüs.

Güli, destembili ysgan doýunmaz.

DESTERHAN (p. desta:r+ha:n)- saçak, supra.

Mert oguldyr, ile ýaýar desterhan,

Dogry söz üstünde berer şirin jan.

DESTI-NUSRAT (p-a. dest-e nosret)- ser. dest,nusrat.

DESTUR (p. destu:r) - ser. dessur.

Bu desturdyr, aýralyga aglarlar,

Destur bolar ýol öwrenmekustatdan.

DESTURY-ZAMANA (p-a. destu:r-e zama:ne)- ser.dessur.

Magtymguly, bu destury-zamana.

Destury-zamana budur, mazlumlara lutF etgil.

DEFG, DEFYG (a. deF'') - ser. dep

DEFTER (p) - ser. depder.

Boldy huş ähline her warak deFter.

Tenim-deFter, golum, ajap waspyň ýazaram.

DEHEN (p) - ser. dahan.

DEHISTAN (p. Deh+ista:n) - 1) Kaspi deňziniňgündogar tarapynda, häzirki Gyzyletrek we Esengulyraýonlarynyň territoriýasyna girýän gadymy bir oblastyňady. Dehistan orta asyr awtorlarynyň ýatlaýan Daý ýurdybolmagy mümkin diýip, taryhçy alymlar çak edýärler.Şu ýer takmynan oturymly we çarwa taýpalaryň serhedibolupdyr; 2) Maşat Müsürýanyň gadymy ady. Dahlaryň(Daýlaryň) ýaşan ýeri, Dahlaryň ýurdy.

Dehistanyň baýrynda,

Bady-sabany görsem.

DEÇJAL (a. dejja:l) - 1) kezzap, ýalançy; 2) dinidüşünjelere görä, göýä ahyrzaman ýakynlaşanwagtynda Mätiden öňürti peýda boljak kezzap şahs. Olkyýamatda Isa tarapyndan öldüriljekmiş. Hristiýanlaryňarasynda grekçe antihrist (Isa garşy) ady bilen bellidir; 3)Abu Ezidiň lakamy.

Ady deçjal, özi kaFyr bolurmyş.

Deçjal geler diýrler birniçe ýyldan.

Ne dag galar, ne düz galar, il galar,

Deçjal çykar, tersa, jöhit, kürt bilen.

DEŞT (p) - sähra, çöl, düz, beýewan.

Magtymguly, men mundan çykar ýaňlyg deştimýok.

Bady-saba gezebilmez, dagy-deşti keşt edip.

Deşte saýýat bolup girse, gutarmaz birmaraly.

DEŞTI-DAHAN (p. Deşt-e Daha:n)- Etrek-Gürgensebitinde ýeriň ady.

Sygmaý çykdy Deşti-Dahan düzünden,

ÝÖrän ýoly, gonan ýurdy bilinmez.

DEŞTI-KERBELA (p-a. deşt-e Kerbela:)- ser.Kerbela.

- ser. sähra. DEŞTI-SÄHRA (p-a. deşt we sahra:')

DIW (p. di:w) - 1) döw; 2) şeýtan, jyn; ser. döw.

Teniň ybadatdyr ylal hem diwi-şeýtandyr lagal,

Ý anda bu emri-ezel hökmi-haýadan, ýa reb!

DIWAN (p. diwa:n) - 1) sud, adalat öýi, edarasy; 2)döwletiň girdejisi we çykdajysy ýazylýan depder; 3)ýygyndy, her bir şahyryň şygyrlarynyň rediFlerine görä,elipbiý tertibi boýunça ýerleşdirilen goşgular ýygyndysy.Bu söz arap dilinde-de şu Formana ulanylýar, ks.dewa:wi:n.

Meýdanda-gylyçly, diwanda-tilli,

Ýüze taýdyr özi Döwletalynyň.

- arap-pars DIWAN HATY (p-a. di:wa:n-e hatti:) ýazuwynyň bir görnüşi. Araplar Eýrany basypalanlaryndan soň Eýranlylar yslam dini bilen birlikde,arap elipbiýni-de kabul etmäge mejbur bolupdyrlar. IbniNedimiň ýazmagyna görä, yslamyň ilkinji döwründedört hili hat işledilipdir: Mekge haty, Medine haty, Basrahaty, KüwFe haty. Yslamdan soňra Eýranda KüwFe hatyýaýrap başlapdyr. KüwFe haty soň ornuny nash hatynaberýär. Gündogar ýurtlarynda nash haty esasyndabirnäçe hatlar döredilipdir. Şu hatlardan iň meşhurlaryşulardyr: Sünbüli, Suls, ijazet, reýhany, diwany-jeli,taglyk, nastaglyk ýa-da parsy, şikeste, rukga haty. Şuhatlardan nash we nastaglyk has köp ulanylýar. Nastaglykaslynda nash we taglyk hatlardan emele gelipdir. Bu hatytertibe salan Haja Mir Aly diýen adam bolupdyr.

Türkini oňarmaz niçe mollalar,

Arap tilin, diwan hatyn näbilsin.

DIWANA (p. di:wa:ne) - 1) däli, mejnun, telbe, akylsyz,däldirän adam; 2) döw ýaly, döwe degişli; 3) derwüş,abdal (ser).

Ne hözirli günmüşdik bolup gitsek diwana.

Meni ol kyldy diwana.

Şol wagtda bar idi diwana.

DIWAR (p. di:wa:r) - Z'aýyň dört töwereginigurşaýan bölegi, bir bölek ýeriň ýa-da howlynyňtöweregini gurşaýan palçykdan, daşdan, kerpiçdensalnan diklik.

Mukaddes şähriň diwary,

Muhammet le magraç aşdy.

DIGER (p. di:ger we diger) - aýry, başga; başgaça,beýleki; başga hili; diger eýlemek- başgalamak, aýryetmek.

Wasly-ýarymdan digerge intizarym ýok meniň.

Istemez ýarym meni, ol ýara zarym ýokmeniň,

Watanyň diger eýleme.

DID (p. di:d) - "di:den-görmek" işliginden; göz, göreç;görmeklik güýji; çeşmi-did - görmeklik gözi; ýitigöz.

Kyl nazar asary-sungullaga çeşmi-did ile,

Gir hakykat ýoluga bu jezbeýi-temhit ile.

DIDAR (p. di:da:r) - 1) ýüz, keşp, görnüş; 2)duşuşyk, görme-görüş.

Aňlamadym, boldum yşka hyrydar,

Bilmedim, istedim dilberden didar.

Görsetip, ol günde halka didaryn.

DIDE (p. di:de, ks. di:dega:n) - 1) göz, göreç; gözüňbäbenegi; 2) görüp ("di:den" işliginiň ortak işlikFormasy); dide nem bile - göz ýaş bilen.

Dideden ýaş döküp, synam çäk edip.

Ýürek yşkdan dola, dide nem bile.

Magtymguly, hoş bolsa,

Aksa, didäm ýaş bolsa.

- ser. dide. DIDE NEM BILE

- ser. DIDE NEMNÄK (p. di:de nem+na:k) nemnäk.

DIE - hal işligiň -a /-e Formasynda gelen "diýmek"işligi; diýip; diýe-diýe - diýip-diýip, aýdyp-aýdyp.

Ýitdi Ýusup, gelmez habar, turup aglaryn hersäher,

Gala-gala, şäher-şäher Ýusup diýe-diýe.

DIÝGEÇ (diý:geç) - diýip; diýende; "diýmek"işliginiň gadymy ortak işlik Formasy.

Bular beýle diýgeç ýerimden turdum,

Gadam urdum, etegne el ýetirdim.

DIÝIBAN (diýiba:n)- diýip, aýdyp; "diýmek" işliginiňgadymy hal işlik Formasy.

"Hy"-huda men diýdi, iki jahany eýledi,

"Dal"-delalat ber diýban Mustapany eýledi.

DIKMEK - 1) oturtmak, dikip goýmak; 2) gurmak,salmak; 3) gm. tamakin bolmak; göz dikmek - hantamabolmak, tama etmek.

Öz ryzkyna hiç kanagat etmeýen,

Gözün diker, kişi aşyna zar bolar.

DILBAND (p. dil+bend) - ýürege bagly, göwnüňisleýän, ynsanyň tüýs ýürekden söýýän adamy(perzent, söýgüli).

Saýlaýyr sen dilbendiň,

ÝOgnalar biliň, bendiň.

DILBER (p) - 1) özüniň gözelligi bilen göwnüňiözüne çekýän; 2) söýgüli, magşuk; 3) gm. hudaý,Alla.

Bir dilbere duş geldim, gamzasy ok, gaşy ýaý.

Dilber derdi goýmaz meni ýatmaga.

jynhandyr nary dilberiň.

DILDAR (p. dil+da:r) - 1) söýgüli, magşuk, ýar; 2)ýürekli, batyr, jürehetli.

Asla seni görmemişem dildarym,

Gumrumy sen, bilbilmi sen, näme sen?

Ili-göklen, ady-Meňli,

Näzli dildardan aýryldym.

DILEG - 1) haýyş, towakga, birinden bir zat sorap ýüztutma; 2) isleg, arzuw.

Dilegim duş etme zalyma meniň.

Ýgşy niýet-senden dilegim köpdür.

DILEGÇI - 1) dileg edýän, soraýan, bir zat sorapgelýän adam; 2) gedaý, pataçy, gapy gezýänadam.

Dilegçi dermanda, baý ýok, ýoksul ýok,

Barçasy ýer goýnun guçup baradyr.

DILEMEK - 1) soramak, sorap ýüz tutmak; 2) islemek,arzuw etmek, dileg etmek.

Magtymguly, okyp "Kur'an",

Hudadan dilegil iman.

- ýüregi ýaraly, gaýgyly, DILEFGAR (p. dil+eFga:r) gamly, gussaly, tukat, gam basan.

Barçasy bolgan ölümden dileFgaryň kaýdadyr,

jikir kyl, andag saňa kirdar bolmasdanburun.

- dilim-dilim bolmak; emele gelmek, DILINMEK jaýrylmak.

KüwFäni jöwenek, Bagdat şährin ab,

Reý ülkesin dilnip ýer harap eýlär.

DILKEŞ (p. dil+keş) - özüne çekiji, täsin galdyryjy,göwne ýakymly.

Görerge saFa men, tanyrga dilkeş,

Diwana hemdemim galandar bile.

DILLEŞMEK - 1) gepleşmek; 2) dil düwüşmek.

Dertli dilber, dilleşer sen, gel bäri!

Dullukdyr meniň-de bagrym dilenim.

DILMEK - deşmek; kesmek, dilim-dilim etmek.

Dyrnak bilen daglar dilen Benijan,

Suwa, ýele hökmi geçen Süleýman.

DILNOWAZ (p. dil+newa:z) - 1) göwün göteriji, eziz,mähriban, göwne teselli beriji, dilaram; ser.dilpezir.

Ýnynda kyldylar söhbeti, sazy,

Çagyryň, diňläňiz şol dilnowazy.

DILjEZIR (p. dil+pezi:r) - göwün halan, oňat,ynsanyň halap, oňa göwün berýän zady; ser.dilkeş.

Nesihatyň dilpezir,

Tapyp senden halk hözir.

DILRUBA (p. dil+roba:) - göwün alan, göwünawlaýan, özüne aşyk edýän, dilber (ser.)

Kylsa tebessümi ki ol, men jepaly dilrubaýa,

Meger Ýusup düşdi çaýa, jemalyň diýp bakamAýa.

DIN (a. di:n, ks. edýa:n) - hudaýa ybadat etmek wemagnawyýata ynanmaklyk barada her bir milletiň tutýanýoly.

Ýigit oldur-ýurt üstünde,

Janyn berse din üstünde.

Goç ýigide din gylyjy,

Aşyga didar gerekdir.

DINAR (a. di:na:r) - 1) asly latyn sözi bolan "denaris"sözünden alnan; bir hili gyzyl pul, zikge kakylan tylla;dirhem-dinar - pul; 2) Yrakda, Arabystanda pul birlgi.

Berip alaýyn bähre, ne bolsa dirhem, dinar,

Ol iki nury-didäm, gün ýarym açdyr, aglar.

DIŇ - gözegçilik etmek, daş-töwerekden gelýänduşmany görmek üçin palçykdan ýa-da daşdansalynýan minara.

Illeri bar diňli-diňli,

Sowuk suwly, ter öleňli.

DIŇLEMEK - gulak asmak, gulak salmak;eşitmek.

Süleýman, sen mura bir gulak goýgul,

Sözüni diňlegil, jowabyn aýgyl.

DIRELMEK (di:relmek) - jan girmek,janlanmak.

Ynansaň saňa imandyr,

Ölmek hak, direlmek hakdyr.

DIRI (di:ri) - janly, ýaşap ýören, jany bar; antonimi;öli.

Öli turup, dirilere ýapyşar,

Arslany, tilkisi, gurdy bilinmez.

DIRHEM (a) - 1) grek sözi bolan "drahm" sözündenalnan; kümüş pul, kümüş teňňe, (agramy 3,122.)derem.

Baryp, alaýyn bähre, ne bolsa dirhem, dinar.

Teňňedir, dirhemdir halkyň höwesi.

DIŞI (dişi:, tişi:) - 1) urkaçy (haýwan we ynsanda); 2)mylaýym, ýumşak.

Sagy erkek, soly dişi,

Şeýle gudrat döwler boldy.

Bir mahlukdyr, ne erkekdir, ne dişi.

DIŞLEMEK (di:şlemek) - 1) diş geçirmek; gapmak,ýaralamak; 2) dişiň bilen bölüp almak;iýmek.

Magtymguly, dowzah sary başlarlar,

Ýylanlar öwrülip gelip dişlärler.

DIÝNAT (a. diýa:net) - dine uýma, dindarlyk, dineboýun egme, dini dogry tutmaklyk.

"Amandyr" diýene diýanat ýagşy.

Diýanat halk elinden

Uçdy diýip aglaryn.

DIÝR (a. diýa:r, bs. da:r) - 1) öý, jaý mesgen; şäher;2) ýer, ýurt, ülke; bu söz köplük sanda bolsa-da,türkmen dilinde birlik san hökmünde ulanylýar; ademdiýary - ýokluk mekany, dünýä gelinmezden öňkiýer.

Magtymguly ol menzile, diýara.

Bu säher düşmüş erdi ýadyma diýar, eý dost.

Adem diýaryndan wujut şährine.

DOWA (a. dewa: ks. edwiýe) - 1) alaç, derman, em; 2)gm. çäre, derman, alaç; dowa etmek - çäre etmek, alaçetmek.

Bir gün duşarsyňyz dowasyz derde,

Jan aýrylyp, galar sargaryp murda.

Dowa etmek dälilikdir ölene.

Bilgin, dowasyn etdi, herbendeiý-musulman.

DOWAMAT (a. dewa:met) - hemişe, mydama,yzygiderli, dowamly, birsyhly.

Ýgşylar yzynda ýörsem dowamat,

jarzy-wajyp, terk etmesem hem sünnet.

Dowamatdyr il merdine,

Awyn bermez şir gurduna.

DOWAR - ownuk mallaryň umumy ady; goýun.

Etmiş iki süri dowar,

Çopany bir bakar gördüm.

DOWWAR (a. dewwa:r) - aýlanýan, tegelenýän;dowwar etmek (eýlemek) - aýlandyrmak.

Gudrat ile arş öýün dowwar eden rebbim jelil,

Haýbat ile Ferş öýün hemwar eden rebbim jelil.

Erge berdi meskenet, asmany dowwareýlemiş.

DOWDALAŞMAK - aýaga galmak, aň-taň bolmak,seresap bolmak; aňtamak; ser. döwdüleşmek.

Duşman görse dowdalaşar,

ÝOmut, gökleň iliň seniň.

DOWZAH (p. du:zah) - tamy, tamug, jähennem; dinidüşünjelere görä, kyýamatda günäkärlere jeza beriljeker; dowzahy-dowzaha degişli, dowzahyňky, dowzahabarjak.

Tapdy dowzahdan aman kim söhbetiň görgeçresul.

Diýmek olmaz oňa hergiz dowzahy.

Kaýda bolsa dowzahylar, bezmide bardyrçilim.

DOWZAHY (p. du:zahy:) - ser. dowzah.

DOGA (a. dö'a:, ks. ed''yýa) - 1) hudaýa ýalbarma,haýyş, towakga; 2) birine ýagşy zat dileg edip, Alla tagalaýalbarma.

Dogaga duş gelen gögerer gül dek.

Dergaha dogam köp, nalyşym bihet.

DOGAGÖÝ (a-p. dö'a:+gu:ý) - 1) doga edýän,dogaçy, birine ýagşylyk istäp, hudaýa ýalbarýan adam;2) doga ýazyp berýän.

Dogagöý hiç galmaz, boşanar bender,

Kap dagynyň gädiginde Isgender.

DOGALY - dogandan bäri.

Döwlet gelse, özün bilmez,

Dogly doýman ýigide.

DOGAN - gardaş, bir ene-atadan doganoglan,çaga.

Doganyň dogana bahasy ýokdur,

Agany inige mätäç eýleme!

DOGMAK- 1) dünýä inmek, döremek, eneden bolmak;2) gm. görünmek, peýda bolmak.

Ne bela sen, adamzat,

Çyplak dogduň, don gerek.

DOGRUSY - hakykaty, çyny, rasty.

Eý peri, men aşygam saňa, diýerem,dogrusy,

Görmeýinçe gül ýüzüňni, bikaram,dogrusy.

DOÝMAZ-DOLMAZ - 1) hiç zatdan doýmaýan,hajymelik; 2) baryna kanagat etmeýän,kanagatsyz.

Süňňüň sürmä döner, teniňturaba,

Doýmaz-dolmaz ýer goýnuny guçar sen.

DOÝMAK - 1) ganmak, doýýançaň iýmek; 2) gm.görüp ganmak, kanagatlanmak.

Bir-bire bakmakdan doýmaz gözümiz,

Bagyşlasaň neýlär, ýarym, ýa Alla!

DOK - doýan, aç däl, nahar iýip doýan; mes.

Dogry ýörgen, dogry gezgen dok bolar,

Biwagt ýörgen melamata çok galar.

DOKUZ jELEK (t-a. dokuz Felek) - dokuz asman. Olarşulardan ybarat: Feleki-Zuhal, Feleki-Muştary,Feleki-Myrryh, Feleki-Şems, Feleki-Zuhra, Feleki-Utaryt,Feleki- Kamar, Feleki- Nar, Feleki-Hak. Dokuzynjypelege-asmana "Felekul-eFlak" ýa-da "arş" diýilýär. Buhemme asmanlardan ýokarda bolýar.

Edi asman, dokuz pelek üstünde,

Ý reb, habar bilerinmi, ýar, senden.

DOLANMAK - 1) aýlanmak, örtmek üçin oralmak; 2)gaýdyp gelmek, yzyna gaýtmak, bir ýere baryp yzyňagaýtmak; 3) düşmek, duçar bolmak.

Käbä baryp, ýedi keret dolansam,

Ý reb, habar bilerinmi, ýar, senden.

Daýanmaň bagta, ykbala,

Dolanar ýüz müň hyýala.

DOLMAK (do:lmak) - 1) püre-pür bolmak, boş gabyňiçine bir zat salyp, boşlukdan gutarmak; 2) tamambolmak.

Magtymguly, kim bar ölmez,

Ajal doýmaz, zemin dolmaz,

DOLUG (do:lug) - doly.

Sen-sen araýyşy-jan, bu jan senden bihabar.

Sen jahana dolug sen, jahan senden bihabar.

- kiçijik göjek görnüşli buz bolup ýagýan DOLY Dýagyş, jöwenek.

Darydy bir doly, ýolukdy baran,

Birin ýurdy bile eýledi weýran.

- 1) püre-pür, doldurylan, 2) DOLY (do:ly) DDhyryn-tykyn; 3) bütinleý, başdan-aýak.

Jahan doly, sen gapyl sen ýaryňdan,

Meý-mestmi sen, ýa şeýdamyň, näme sen!

DOST (p. du:st) - gowy görülýän iň ýakyn adam, ýar;ýoldaş; dostter - dostrak, gowurak dost, ýakynrakdost.

Magşar gün gaýgysyz girer behişde,

Her kim çyndan bolsa, dosty atamyň.

jikir eýläň kim bardyr eýämden özgedostter.

DOSTTER (p. du:st+ter) - ser. dost.

DOÝuNMAK - doýmak, doýup bilmek, öz-özüňidoýurmak.

Güli, destenbili ysgan doýunmaz.

Gurply wagtyň doýunwer.

- ertekilerde gabat gelýän ynsana DÖW (p. di:w) çalymdaş, emma ondan güýçli we uly, şahy we guýrugybolan hyýaly, gorkunç we betgelşik jandar.

Er astynda ülke çapan döwleri.

Rüstem tek döwlerni permana salsaň...

Ere ýegsan bolup, ýer tek bolar sen,

Döw, peri mesgni gollar anda bar.

DÖWWAR (a. dewwa:r) - ser.dowwar.

DÖWDÜLEŞMEK - 1) üýşenmek, seresap bolmak;2) jemlenmek, üýşmek, ýygnalmak; ser. dowdalaşmak.

Eý söwdügim, Soňudagy,

Dagdanlydyr biliň seniň;

Duşman görse döwdüleşer,

ÝOmut, gökleň iliň seniň.

- DÖWI-MERDUMHAR (p. di:w-e merdom+ha:r) adam iýýän döw, adam etini iýýän döw.

Müň agaç ýol dagdyr döwi-merdumhar,

Anda agyp bargan saldyr bu dünýä.

DÖWLET (a. dewlet) - 1) mal-mülk, baýlyk; eşret; 2)ýurdy dolandyrýan gurama.

Döwlet ber, aşret sürmäge.

Magtymguly, bu dünýäniň döwletin,

Gören, görmän çeker ölüm mähnetin.

Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili,

Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz.

DÖWLETALY (a. Dawlet A:li:)- gökleňtürkmenleriniň görnükli ýolbaşçylarynyň biri. OlMagtymgulynyň döwründe ýaşap geçipdir. Onuň adyAhmet şa Dürranynyň türkmenlere ýazan hatynda-dagabat gelýär. Şahyr oňa bagyşlap, ýörite "Döwletalynyň"diýen goşgusyny ýazypdyr.

Sünnüýe sütündir, kapyrga setdir,

Çalsa tygy-tizi Döwletalynyň;

Älemde destandyr, illerde hatdyr,

Söhbet içre sözi Döwletalynyň.

- ser. DÖWLETE MESRUR (a-t-a. dawlete mesru:r) mesrur.

DÖWLETMENT (a-p. dölet+mend) - baý, barly,baýlykly, pully, döwletli.

Birin pest eýledi, birin serbelent,

Birin pakyr eýledi, birin döwletment.

Kimseler döwletment, kimseler garyp.

DÖWR (a. dewr) - ser. döwür; döwretmek-aýlanmak.

Aşyklar ýaş döker çeşminden girýan,

Görejek çarh urar, döwr eder her ýan.

DÖWRAN (a. dawera:n) - 1) aýlanma, dolanma, birzadyň töweregine aýlanma; 2) jars dilinde "dawra:n"şekilinde ulanylyp, durmuş ýaşaýyş, zamana, döwürmanylarda gelýär; döwrany-aly - oňat durmuş, oňatdöwür.

Magtymgulyň, senden döwran geçipdir.

Ene bu döwrany-aly siziňdir.

Döwran, niçik döwran sen, garyp aglar, ildynmaz.

Subhan söen dewüşler,

Döwrandadyr-döwranda.

DÖWRANY-ALY (a. dawra:n-e a:li:)- ser. alyD,döwran.

DÖWRE (a. dawre) - 1) bir gezek aýlanmak, bir zadyňaýlanmagy, tegelenme; 2) zaman, döwür; döwre gurmak -tegelenmek, üýşmek, aýlanyşmak; 2) derwüşleriňtegelenip zikir çekmegi.

Döwre gurap, jama şerap guýdular,

Maňa ýetgeç, golum açdym ýaranlar.

Döwre girip, gördüm oturmyşçilten.

DÖWRI-DÖWRAN (a. dawr-e dawra:n) - ser.döwür.

DÖWRI-KAZA (a. dawr-e kaza:) - ser.döwür.

DÖWRI-SABYK (a. dawr-e sa:byk) - ser.döwür.

DÖWÜR (a. dewr, ks. edwa:r) - 1 ) zaman, zamana,eýýam; 2) aýlanma, bir zadyň başga bir zat daşynaaýlanmagy, tegelenme; çarh, tegelek; 3) derwüşleriňtegelenip, zikir çekmekleri; döwri-döwran - ýaşaýyş,durmuş; oňat döwran, oňat wagt.

Ol döwri-döwranym çarh bulaşdyrdy;

döwri-kaza- zamananyň hökmi, zamananyňtakdyry.

Başyma döwri-kaza bezmi gurulmasdanburun;

döwri-sabyk - öten döwür, geçmiş, geçmişzaman.

Döwri-sabykda ötenler ýar, jemalyň çün işin.

döwre girip, gördüm, oturmuş çilten.

Bu saky döwründe içmeýin jamym.

- uruş, söweş; çaknyşyk. DÖWÜŞ

Mert ýigitler geçer serdan,

Al meýdanda döwüş bile.

Mukatyl etmedi teşwiş,

Aly bilen saldy döwüş.

- göz gyýmak; çydam etmek, çydamak, döz DÖZMEK gelmek.

Dözmenem, doýmanam, durmanam, eý ýar.

Bu saky döwründe içmeýin jamym.

DÖKE-DÖKE- döküp-döküp, dökýän halda,yzygiderli döküp, yzygiderli dökýän halda.

Döke-döke gözýaşynyň bulagyn,

Mäleý-mäleý, yzlamaýyn bolarmy?

DÖKEM - "dökmek" işliginden. Işligiň buýrukFormasynyň birinji ýöňkemesiniň birlik sanynda gelengörnüşi, many taraplan isleg aňladýar; dökeýin; gözdendökem - gözden dökeýin.

Gözlerimden ganly ýaşym dökem Ýusupdiýe-diýe,

Niçe dürdänedir, gözden dökem Ýusupdiýe-diýe.

DÖKMEK - 1) guýmak, bir zady başga ýereagdarmak; 2) saçmak, ýaýratmak.

It ýalyn topraga dökseň hoşlanar,

Topragy, tabagy, tasy näbilsin.

DÖNE - dönüp; hal işligiň-a-e Förmasynda gelen"dönmek" işligi; döne-döne - dönüp-dönüp,öwrülip-öwrülip.

Öter eýýam döne-döne, geçer bu janýana-ýana,

Ertir-agşam Aýa-Güne bakam Ýusupdiýe-diýe.

DÖNMEK - 1) dolanmak; agdaryymak; 2) yzagaýtmak, yza öwrülmek; 3) bolmak, eýe bolmak.

Bir hyýala düşmüş, çykmaz serinden.

Bu hyýaldan aýdyp dönmez, ýaranlar.

Agzalalyk aýrar ili dirlikden,

Döwlet dönüp, nobat duşmana gelgeý.

- Lukman hekim DÖRT MÜŇ DÖRT ÝÜZ ÝŞAN göz öňünde tutulýar.

Ajal gelse, ýokdur derman,

Dört müň dört ýüz ýaşan hany?

DÖRT TARYK (t-a. dö:rt tary:k)- 1) dört ýol, dörtugur; 2) yslam dininiň sünni mezhebiniň dört ugry. Olaraşakdakylardan ybaratdyr:

1) HanaFy, esasyny goýan-Abu HanyFa Nü'man ibnSabyt. Ol sünnileriň dört ymamynyň biri hasaplanýar.Onuň asly Kabul şäherinden bolupdyr. 80-nji hijri(699-700) ýylynda KüwFe şäherinde dünýä inip, şolýerde-de okap ylym alypdyr, öz döwrüniň uly alymy bolupýetişipdir. Oňa "Ymam Agzam" hem diýilýär. Oňaeýerýänlere hanaFy ýa-da hanaFye diýilýär. Ol 150-njihijri (767) ýylynda, etmiş ýaşynda Bagdatda aradançykypdyr. Ol din, şerigat, Fykh barada birnäçe kitapýazypdyr.

Olaryň iň meşhury "El-musnad" kitabydyr; 2) Hanbaly;bu ugruň esasyny goýan Abu Abdylla Ahmet ibnMuhammet ibn Hanbaldyr. Ol hem sünnideriň dörtymamlarynyň biri hasaplanýar. Abu Abdylla AhmetHanbal 164-nji hijri (780-781) ýylynda Bagdatda enedenbolup, şol ýerde-de önüp-ösýär we okap ylym alýar.Medinä, Müsüre, Emene we Şama (Siriýa) syýahatedýýar. Ol örän takwa adam bolupdyr, öz döwrüniň ulyadamlary bilen gatnaşykda bolupdyr. Ymam ŞaFyFy olhakda "Bagdatda ibn Hanbal ýaly takwa we alym adamgörmedim" diýipdir. Ol müňlerçe hadysy ýatdan bilipdirwe "Ymamyl-muhaddisin" diýen lakama eýe bolupdyr."Musnad" diýen kiýen kitaby-da bolupdyr. Ahmet Hanbal241-nji hijri (855-85b) ýylynda Bagdatda aradan çykypdyr.Käbir kitapda ýazylayşyna görä, ony jaýlamaga üç ýüzmüň adam gatnaşypdyr, şol günde ýigrimi müň ýewreýwe hristian yslam dinini kabul edipdirler; 3) Mäliki; sünnimezhebiniň dört ugrunyň biri. Ony esaslandyrlan AbuAbdylla Mälik ibn Enes. Ol sünnileriň dört ymamynyňikinjisi hasaplanýar, 101-nji hijri (716-720) ýylyndaMedinede eneden bolýar, şol ýerde-de önüp-ösýär weylym alýar, uly alymdaryň-Fakyhlaryň biri bolupýetişýär. Apbasy halyFalaryndan biri bolan Mansur oňabetgüman bolýar hem-de tutdyryp, gamçy (şallak)urdurýar. Bu ýagdaý halk arasynda onuň abraýynyň hasýokary göterilmegine sebäp bolýar. Ol 182-nji hijri(798-799) ýylynda Medinede aradan çykýar; 4) ŞaFygy;sünni mezhebiniň dört ugrunyň biri. Ony esaslandyranAbu Abdylla Muhammet ibn Idris ŞaFygydyr. Ol araplaryňkuraýş taýpasyndan bolup, 150-nji hijri (767) ýylyndadoglupdyr. Ilki Mekgede okap, soň Medinä gidýär weMälik ibn Enesiň ýanynda bolup ylym alýar. 195-nji hijri(810-811) ýylynda bolsa Bagdada gidýär. Käbirçeşmelerde aýdylyşyna görä, ol Abu HanyFa aradançykan güni dünýä inipdir. ŞaFygy mezhebi köplençmüsürde, Arabystanda köp ýaýrapdyr. Ol 203-nji hijri(817-818) ýylynda Kaýir (Kahyra) şäherinde aradançykypdyr. Onuň eserlerinden "Kitabyl-ymam" atly kitabynygörkezmek bolar.

Şarky, garby, Hind-u Sind, deken durardöwri-jahan,

Dört tarykyň jemg olan ummany sen-sen, eý peri!

DUW (p. du:) - iki, jübt; iki sany; duw jahan - ikidünýä, iki älem.

Dolduran bu dünýäni,

Sözlän her duw jahany.

Ýr wasly-jemalydan her duw jahan kämiýap;

duw rekegat - iki rekegat, namaz okalanda iki gezekegilip galmak.

Kyldy duw rekegat namaz;

duw ten - iki adam, iki sany adam.

Duw ten sag-solunda ymameýn diýrler,

Sagyndaky-göge eýlär tedbirler;

duw gaç - iki bölek, iki para.

ÝOlun şeýtan urup duw gaç etmesin.

- ser. duw. DUW GAÇ (p. du: ga:ç)


Yüklə 6,36 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   8   9   10   11   12   13   14   15   ...   72




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin