Magtymgulynyň Düşündirişli Sözlügi, Türkmen ýazyjysy Nurmuhammet Aşyrpur (Aşyrpur Merdeow) tarapyndan ýazylyp birinji jildi 1997 ýylda Eýranyň Gunbedkabus şährinde çapa berildi



Yüklə 6,36 Mb.
səhifə4/72
tarix15.11.2017
ölçüsü6,36 Mb.
#31820
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   72

Gulak beriň, gardaşdar, bir ajaýyp sözüm bar,

Ne azmaýyş eýleýär dostunaperwerdigär.

BEÝTIL-AHZAN (a. beýt el-ahza:n)- ser. beýtD.

BEÝTIL-HAZAN (a. beýt el-ahzan)- ser.beýtD.

1) hudaýyň öýi; 2) BEÝTILLA (a. beýt ol-la:h)-Käbäniň we Mekgäniň ady, beýtlharam hemdiýilýär.

Beýtillanyň SaFa, Merwe dagynda,

Ý reb, habar bilerinmi, ýar,senden.

1) BEÝTIL-MUKADDES (a. beýt ol-mokaddes) "mukaddes öý", Ierusalim (urşalim), Iordaniýa bilenYsraýylyň bilelikde eýelik edýän bir şäheriň ady.jalestinanyň merkezi. Oňa Kuds hem diýilýär. Buewreýleriň, hristiýanlaryň hem-de musulmanlaryňbilelikde mukaddes hasaplaýan ýeke-täk şäherleridir. Buşäheri Dawut kenganylardan basyp alýar we öz paýtagtyedýär. Soň onuň ogly Süleýman şol ýerde"Mesjidil-aksany" saldyrýar. 638-nji ýylda bu şähermusulmanlaryň eline geçýär. Hezret Isa-da şu şäherdeýaşapdyr. Hezret Omar şu şähere gelende,"Beýtilmukaddes" metjidini salmaklygy buÝurýar. Şoňagörä, ol metjide Omaryň metjidi diýen at galypdyr. Olmusulmanlaryň ilkinji kyblasydyr.

Beýtilmukaddesde, Ymran ilinde.

Beýtilmukaddesden kyldy başyny,

Köwser topragyndan kyldy dişini.

- öý, jaý, "beýt" sözünden nädogry BEÝTIN (a) ýasalan söz. Şeýle zat türkmen dilinde gabat gelenok. Olýalňyz Magtymgulynyň ady bilen ýazylan käbir goşgudaduş gelýär.

Beýtinleriň zaryna dözmän,

Bu jahany ýel deý gezmän.

- ser. bihuda. BEÝHUDA (p. bi:hoda)

- 1) ser. bihuş; 2) turşy bilen BEÝHUŞ (p. bi:hu:ş) süýjiniň aralygy, ne turşy, ne süýji.

BEKDAŞ (bekda:ş) - ser. Bektaş.

BEKDURDY IŞAN- Magtymgulynyň döwründe ýaşanbir piriň ady.

Tamugdadyr tä dünýäden ötinçä,

jirimiz Bekdurdy işan hem dälmi?

BEKENAR (p. be+kena:r) - gyrada, kenarda,daşda.

Barça zatdan bekenar men.

Bilmez sen sud-u zyýany.

BEKLEMEK 1) goramak, gorap saklamak; 2)garaşmak; 3) ýapmak, baglamak; öňüni tutmak; 4) pugtabaglamak.

jul-syrat üstünde oklar seni,

Zulmata salarlar, beklärler seni.

BEKTAŞ (Hajy Weli) - 1) Hajy Bektaş ibn SoltanYbrahym Musa. Ol 646-njy hijri (1248-1249) ýylyndadoglup, 697-nji hijri (1297-1298) ýylynda hem aradançykypdyr. Sopüçylygyň uly piri we welileriniň birihasalanýar. Onuň asly Horasanyň Nişapur şäherindenbolupdyr. Ady Muhammet, ejesi Nişapurly şyh Ahmediňgyzy jatmadyr. Ol Horasanda bolan şyh Lukman Sarahsy(jerrendeden) sapak alýar, soň Kiçi Aziýa göçýär,osmanly patyşalary tarapyndan hormatlanýar. Olsufizmiň "bektaşiýe" ugruny esaslandyrypdyr. HÜasyrdan soň Bektaşyň taglymaty Kiçi Aziýada dolyrowaçlanypdyr, soň Müsüre, Siriýa ýaýrapdyr; 2)Horezm şalarynyň biriniň ady; 3) taýpa başlygy. Ol606-njy we 738-nji hijri kamary ýyllarynda doglupdyr diýenmaglumat hem bar.

Hajy Bektaş, Abdylkadyr...

Baryndan hümmet islärin.

BELA (a. bela:, ks. bela:ýa:) - azap, bagtsyzlyk;gaýgy-gam, heläkçilik.

Sag-salamat, sermest bolup gezen jan,

Dört belanyň birisinden iglärler.

BELA-BETER (a. bela: beter) - howp, howply zat,elhenç zat; betbagtlyk. Asly bela:ýe bedter - erbedräk bela -bolmagy mümkin.

Umydym bar, goýmaý bela-beterge,

Dergahyndan açsa der bizim sary.

BELAÝY-BEDTER (a-p. bela:ýe+bed+ter)- ser.bela-beter.

- 1) beýik, ýokary; 2) uzyn, uzyn BELENT (p. bolend) boýly.

Öňünde belent dag, serinde duman,

Deňizden öwüser ýeli Gürgeniň.

Belent daglaryň başynda

Bulut oýnar sil biläni.

BELET (p. beled) - bilýän, bir zady, wakany gowybilýän; 2) ýoly gowy bilip, ýol görkezýän, ýol görkeziji,ýol salgy beriji, oňat bilýän.

Belet başlar dogry ýola çen bile,

Akyl ýigit söz başlamaz "men" bile.

BELI (a. bela:) - hawa, jogap sözi.

Bu dünýäniň işi beýlemiş, beli,

Ömrüniň tanapyn kesdi atamyň.

- belkem, ähtimal, BELKI (a. bel+ p. ke+ t. kem) mümkin, bolup biler; ikuçlulygy aňladýan girişsözi.

Köňlümni geçirdim jümle jahandan,

Ne jhandan, belki, el üzdüm jandan.

BELLI - 1) mälim, äşgär, aýan, takyk, konkret; 2)meşhur, tanymal, ady ýaýran.

Bilmedim, sen kaýsy bolduň, belli bir iş tutmadyň,

Ne sypahygerlik bilen bolduň, ne mollalyk bilen.

BENDE (p. ks. bendega:n) - 1) gulam, gul, satyn alnangul; tabyn, boýun egen; 2) ýesir, tussag, bagly; antonimi -azat; 3) birine hormat goýmak we sypaýylyk üçin "men"sözüniň deregine ulanylýar; bendeýi-perman - buýrugaboýun egen.

Bendeýi-permanam, ne bardyr mende.

Adyň bende bolsa, adam,

Dergahyndan eýmenewer.

BENDEÝI-jERMAN (p-a. bende-ýe Ferma:n)- ser.bende.

- ser. bent der BENDER BENT (p. bend+der+bend) bent.

BENDIWAN (p. bendi:wa:n we bendi:ba:n, bs. bendi:)tussag, bagly, tutlan, daňylgy; gul.

Gelen geçer, munda hiç kimse galmaz,

Bendiwandyr anda, baranlar gelmez.

BENDIL - 1) ýüp, tanap; 2) gäminin labyry dakylýantanap.

Hak işine bendil olmaň.

Keştisi kölegde, bendil galmaýan.

- 1) jynyň ogly, jynyň BENI JAN (a. Beni: ja:n) garyndaşy; 2) bir kowumyň ady, şeýtan, jyn göýä, şolkowumdan döränmiş. Magtymgulynyň ýazyşyna görä,Beni jan dünýäde elli müň ýyl ýaşap geçipdir; ser.jan.

Elli müň ýyl döwran süren Beni jan,

Dünýäde galmady, ýerbe-er geçdi.

BENT (p. bend) - 1) bag, ýüp, baglama; bent etmek -baglamak; 2) bagly, ýapyk; 3) bogun, bedende iki süňküňbirigýän ýeri; 4) kitabyň ýa-da kanunyň bir bölegi; 5)gatla.

Dünýä bentdir, ten perde,

Turdy mekanyndan, çykdy bendnden.

Ykbalym işigin aklym bent etdi.

- bag üstüne BENT DER BENT (p. bend+der+bend) bag; pugta bagly.

Magtymgulynyň bendi,-

deştdir, eşit, bentder bendi.

BENÄGÄH (p. bena:ga:h) - birden, tötänden,duýdansyzlykda, garaşylmadyk ýerden.

Hasan ýyglap gitdi uFtan-u hyzan,

Benägäh aldyga uçrady şeýtan.

BEŇŇI (p. bengi:) - beň çekýän, beňe endik edenadam.

Sap gurdy batyr beňňiler,

Döwüşe çykdy Zeňňiler.

BER (a. berr) - ýer; toprak, gury ýer; antonimi: bahr(deňiz); berr-u bahr - gury ýer we deňiz; berr-u asman -ýer we gök.

Berr-u asman barça bolgan serişde,

Nyzam bergen erur şol dört perişde.

BERAT (a. bera:t, ks. berewa:t) - 1) birine berlennyşany, derejäni ýa-da artykmaç hukugy aňladýanperman; 2) çek, iberilen puly almak üçin berilýän hat;z)Şaban aýynyň on bäşi.

Kimdir hatym islän görüp Töwratda,

ÝOlugypdyr daş aýaklar beratda.

BERAHYN (a. bera:hi:n, bs. borhan) - ser.burhan.

BERBAT (p. berba:d) - ýele bermeklik, dargatmaklyk;ýok etmeklik; weýran etme, harap etme; zaýalama; puç,hiç; berbat kylmak - dergatmak, weýran etmek;zaýalamak.

Owwaly gam-gaýgy, ahyry berbat.

Gala ýykyp, bagyn berbat kylarlar;

berbat gitmek - ýok bolmak, dargamak, harapbolmak.

Ol ne şähri-zynadyr, külli gider berbada...

Lutuň şähri zynadyr, bary gitdi berbada;

berbat görünmek - ýok görünmek; dargan görünmek,harap görünmek.

Gör, ogulsyz bendeleriň,

Ýurdy ýok, berbat görüner.

BERG (p) - 1) ýaprak; 2) saz, heň; 3) esbap, ýaşaýşagerek zatlar.

Bergimni hazan çaldy, bisowt-u sedaboldum.

Bagy-ryhlatdan nahalyň bergi solmasdanburun.

BERDAR (p. berda:r) - göter, galdyr, göterip al; berdarolmak - göterilmek, galmak; dara çekilmek.

Berdar olup, bir dem bardy süjuda,

Sejdeden ser ýolmaz, aýdar, ýa möwla.

BERE - berere, bermäge, bermek üçin.

Wa:gyz çykdy münbere,

Halka nesihat bere.

Biwepaga geldiň ine,

Süýt bere besledi ene.

BEREKAT (a. bereka:t, bs. bereket) - ser.bereket.

BEREKET (a. ks., bereka:t) - 1) nygmat, bolçulyk,artmaklyk; 2) mübäreklik; bagtlylyk; asudalyk,parahatlyk.

Belent dagdan haýbat gider,

Erlerden bereket gider.

BEREM - bereýin.

Gel, köňlüm, nesihat berem,

Lamekana ýar olmagyl!

- ýerine ýetiriş, amal ediş; BERJAÝ (p. berja:ý) berjaý getirmek (etmek) - ýerine ýetirmek; berjaý kylmak- ýerine ýetirmek, amal etmek.

Magtymguly hak gullugyn bitirse,

Är ol bolar - emrin berjaý getirse.

jygamber sünnetin berjaý

Kylaýyn diýseň, öýlengin.

BERIBAN (beriba:n) - berip, berýän ýagdaýda,berýän halatda.

Birewniň myradyn beriban haý-haý,

Birew gam şerabyn içip baradyr.

BERIM - 1) berilýän zat, jomartlyk edilip bagyşlanýanmal, zat; 2) para, peşgeş, pul.

Dynçlygyň gadryny bilmez armaýan,

Beglik edebilmez berim bermeýän.

berimsiz - gysganç, bahyl, husyt, sahy däl, jomartdäl.

Malyny küýseme berimsiz baýyň,

Il gezdikçe, gözi doýmaz gedaýyň.

BERK - 1) pugta, gaýym, mäkäm; 2) tutaňerli,gaýduwsyz.

Çöl tarapyn berk edip, der açar suwa harçeň,

Zemin sebzezar olup, bu tenden aýrylarzeň.

BERKARAR (p-a. ber+kara:r) - 1) hemişelik, dowamly;durnukly, mydamalyk; 2) dikeldilen, düýbi tutulan; ser.karar.

Hor galmasyn puşdar-puşdum,

Berkarar döwlet islärin.

- dikeldilen; dikeltme, galdyrma; BERjA (p. berpa:) döretme; berpa etmek - dikeltmek; berpa bolmak-dikeldilmek, döredilmek.

Bu baryga kipaýat,

Emriň biledir berpa.

Käb-u nundan berpa boldy bu dünýä.

BERRE (p) - guzy, goýun guzusy.

Köňül hokgasynda berre - imandyr,

Nebsiň- ajdarhadyr, böri - şeýtandyr.

BERRI-MEJNUN (a. Berr-e Mejnu:n)- Mejnun çöli,Mejnun sährasy. Arabystanda bir çölüň ady.

Mama aýtdy: "Äriň ak it bolupdyr,

Berri-Mejnun diýgen çöle barypdyr".

BERSISA (a. Bersi:sa:) - dini rowaýatlara görä,gadymy döwürde ýetmiş ýyllap dindarlyk edip, iňsoňunda hem şeýtandan aldanan we gümra bolanweli.

Bersisa şeýtanyň sözige girip,

Şerap içiban, şyh zynaga ýörip.

BERUHYLLA (p-a. be+ru:h-oll:h)- hudaýyň ruhuna(Isa pygamber manysynda).

Gudratyň meşhurdyr Mer'em oglunda.

Ý reb, Isa, beruhylla haky üçin.

BERF (p) - gar.

Bul sebäpden berF-u buz,

Bagra basar suz alan.

BERHAK (p-a. ber+hakk) - dogry, hakyky, çyn,çyndan, hakykatdan; berhak bilmek - dogry saýmak,hakykat hasaplamak, dogry bilmek.

Ý reb, berhak dosty hoşwagt bolarmy,

Bir köňül çün ýüz hünäre ýüz ursaň.

"Bi" - bir hudanyň birligin berhak bilip bitmekgerek.

BERHEM (p) - bulaşyk; dargan, dagan; garyşyk;bozuk; berhem bolmak - dargamak, bozulmak.

Berhem bolar, galar jaýyň,

Bozular köşk-u saraýyň.

BERHIZ (p. perhi:z) - 1) saklanmak; nähoşluk halatdaagyr iýmitleri iýmekden saklanma; 2) gm. haram zatlaryiýmekden saklama; 3) hristinlaryň belli wagtda et we ýagýaly iýmitleri iýmekden saklanmagy.

Nämähremden berhiz etdirgil gözüň,

Ýogsa haýran kirdigärden bolar sen.

BERHÄ-BER (berhä:ber) - ýerli-erden bermek,üznüksiz bermek.

Bu dünýä gowgadyr, bir galmagaldyr,

Kimi berhä - berder, kim alha - aldyr.

BES (j) - käbir türki sypatlaryň öňünden gelip,nygtamaklygy we ulaltmany aňladýan predlog; meselem,bes belli.

Aaýdadyr Magtymguly,

Bes pişekärem, dogrusy.

BESAT (a. bisa:t) - 1) düşek, her bir düşelýän zat(saçak, haly, palas ýaly); 2) saçak, supra; 3) desgä,baýlyk, sermaýa; besaty-kurp - ýakynlyk düşegi.

Hem besaty-kurp üze bardyň, oturdyňFowkdan.

Beýiklik besaty size ýaraşar.

- ser. besat. BESATY-KURj (a. bisa:t-e korb)

BESI (p. besi:) - köp, kän; köplenç; ençeme, zyýat. Busöz pars dilinde "besa:" şeklinde-de edil şu manydaulanyýar.

Hem besaty-kurp üze bardyň oturdyň Fowkdan,

Bu mukarraplar besi babähredir buzowkdan.

BESLEMEK - bezemek, timar bermek, çaglamak;nebsiňi beslemek - gm. nebsiň islegini ýerineýetirmek.

Taňry dest bersin yslama,

Täsip edip at besläne.

jarahat ýatyrdym nebsimi besläp.

BEST (a) - açma, giňeltme, ýaýma, giňişlik; besteýlemek - giňeltmek, ýaýmak.

Älem takdyr gözlär - gudrat permany,

Jahany best eýle, çyksyn armany.

BESTAMY (p. Besta:mi:) - ser. Baezit Bestamy.

BESTE (p) - 1) ýapyk, bagly; 2) daňy; 3) garyndaş; 4)paket (r); posylka (r); beste dahan - agzy bagly, dymýan,saýramaýan.

Er ýüzüne ýaýylyp, ýörirler nahan peýda,

Bu beste dahan guşlar, kylarlar pygan peýda.

BESTE DAHAN (p. beste+ daha:n) - ser. beste.

BESTER (p. bister) - ser. bister.

BET (p. bed) - erbat, ýaman, ýaramaz; bet hyýal -ýaman hyýally, ýaramaz niýetli; bet ahtar - bagtsyz,garamaňlaý, ser. ahtar; betbuý - ýaramaz ys, erbet ys,porsy.

Işini bet aňdym, özün puç bildim,

Işi rowaç tapar bet iş tutanyň.

Herkkişi akyl durar kim, beýle bet buýdan gaçar.

BET AHTAR (p) - ser. ahtar we bet.

BET BUÝ (p. bed+bu:ý) ser. bet.

BET EFGAL (p-a. bed+eF''a:l)- erbet işler, ýaramazişler, betpällik (ser); bet eFgallyk - erbet işlik, betniýetlik,ýamanlyk.

Deň bolar diýp sanmagyn, işiň bet eFgallyk bilen,

Hiç kaçan eşek bolarmy deň bedew şalykbilen.

BETAMAMAN (a. be+tama:men) - bütinleý,büs-bütin, hemmesini.

Tä magryp-maşryk ol betamaman alyp ötdi,

Bir nagmagäri niçe nowalar çalyp ötdi.

- ser. bagt. BETBAGT (bed+baht)

BETGYLYK (p-t) - ýaramaz häsiýetli, ýaramazgylykly, gylygy bet adam, gylygy ýaman adam.

Dostun duşman eder bolsa betgylyk,

Ak uçmahlyk bolar, gara tamuglyk.

- 1) ýaman, erbet; 2) örän, has, güýçli. Bu BETERsözüň asly "bedter" - erbedräk, has ýaman - bolmagyähtimaldyr.

Gardaşlar, gün-günden beter bolupdyr,

Ýyl-Ýyldan bidgatlar bolsa gerkdir.

BETKÄR (p. bed+ka:r) - erbet işlere baş goşýanadam, putur, şer, şer işler edýän adam; günäkär, bozukahlakly; betgylyk.

Bu eýýamda betkärler,

Ýüz til bile aldarlar.

Bu diýary-panyda ýokdur meniň dek betkär.

BETNAM (p. bed+na:m) - ryswa, biabraý, ady ýaman;masgzra, ady gara.

Ol emiriň ady halk era betnam olur.

Edi gün almamyş taňry salamyn,

Kutbul-aktap atly betnamy gördüm.

BETNEMA (p. bed+nema:) - betgelşik, gelşiksiz, erbetgörnüşli, owadan däl, göze erbet görünýän zat.

Bir betnema, bikir gezen gyz eken,

Adam oglun ýere saldy bu dünýä.

BETNYŞAN (p. bed+nişa:n) - betgelşik, gelşiksiz,görksüz, keşbi erbet.

Gözleri açylyp, ol döw betnyşan,

Hezreti - Alyny gördi, dostlar heý.

BETjÄL (p-a. bed+Fi''l) - betniýet, niýeti ýaman,ýaramaz iş edýän, betkär (ser).

jir bolup, peş orap, betpäl seg ogly.

Kazylar betpäldir, uzyndyr tili.

BETSYÝK (p-a. bed+siýa:k)- 1) ýaramaz söz, erbetsöz sözleýiş, 2) tär, usul.

Betsyýakly, bethüý bolan adam,

jerzadyň eden näzine degmez.

BETHOÝ (p. bed+hu:ý) - ser. bethüý.

- betgylyk (ser), ýaramaz BETHÜÝ (p. bed+hu:ý) häsiýetli.

Betsyýakly, bethüý bolan pis adam,

perizadyň eden näzine degmez.

Bethüýnüň - duşman ýanynda,

Ýgşylyk - ýar behim eder.

BETFEGAL (p-a. bed+Fi''a:l) - erbet iş edýän, bozukahlakly, betkär.

Men doga kyldym jemyg betFegal-u gendäni,

Jennet içre jaý kylgyn ruzy-magşar bendäni.

BEHAKY (p-a. be hakk-e) - hakyna, haky üçin;hatyrasyna; ilahy behakky - Fatyma - huda-ýa, jatmanyňhaky üçin, hatyrasyna.

Ilahy, behakky-Fatymaýy-kyýam,

Muhammet Takyýa bagyşla bizni.

BEHAMDYLLA (a. behamdylla:h) - hudaýa şükür,hudaýa öwgi.

Eý, behamdylla ki, bolduk ol Muhammetymmaty,

Müşgil erdi halymyz, hak bizge asan eýledi.

BEHEM (p) - bile, birlikde, bir gezekde; behem etmek -gazanmak, hasyl almak, ele getirmek; ýygnamak.

Her närsäni ýere sepseň,

Sepdigiň ýer behem eder.

BEHIL (a) - günäni geçme; gany geçme; iki aradakyduşmançylygy aýyrama; behil kylmak - gany geçmek,duşmanyň günäsini bagyşlamak.

Hak götersin aradan, şaed, rakyp-şermendeni,

Kyl behil bizden ýaňa ynjytsalar sözden seni.

BEHIŞT (p) - uçma, jennet.

Behişt gapysyna gelip duranda,

Bismilla diýp işik açdy Muhammet.

BEÇE (p. beççe) - ser. beçje; şir beçesi - ýolbarsyňçagasy.

Şir beçesi togsan tilkä atdyrmaz,

Öli ýylan ýüz kelpezä ýuwtdurmaz.

BEÇJE (p. beççe) - oglan, çaga, perzent; şugul beçje -şer oglan, bozgak oglan; betgylyk, pitneçi oglan, adamýamanlaýan oglan.

Şugul beçjeler baş bolar,

Zamana ahyr bolanda.

BEŞER (a) - ynsan, adam, adamzat.

Erde beşer patyşahy

Hudaýymnyň halany.

Beşer resulynda zyýada belli.

BEŞIR (a. Beşi:r) - 1) buşlukçy, hoş habar getirýän;2) adam ady; "Ýusup-Züleýha" dessanynda duş gelýänat.

Beşir, Beşer atly iki gulama,

Ketden gowalaryn tartdy, ýaranlar!

BEÝBAN (p. beýa:ba:n) - çöl, düz, meýdan,sähra.

Çykar beýabana gyzy, gelini,

Ak ýüzüne ýapar gara telini.

BEÝZ (a. beýa:z) - 1) ak; aklyk; 2) agtarmaklyk; beýazkylmak (etmek) - kagyza geçirmek.

Magtymguly, sözlediň az,

Dert-yzhzryň kyldyň beýaz.

BEÝN (a. beýa:n) - aýdyş, düşündiriş; äşgärbolma, açyk we äşgär söz, çeperçilili söz; beýanagetirmek - aýtmak.

"Kelamda" bar iş beýandyr.

- Sözüň bolsa, sora - diýrler - rugsatdyr,

Köňle gelen sözüň geltir beýana!.

BI D (a. ba:) - arap-pars elipbiýiniň ikinji "b" harpy.Ebjet hasabynda - 2. käwagt wawa (baz - waz), käte hem"F" sesine öwrülýär. Mes.: ebzar - eFzar.

"Biden", "elipden" bihabar,

Bäş demde bir "Kur'an" çykar.

"BI" - bir hudanyň birligin berhak bilip bitmek gerek.

BI DD (p. bi:) - ýoklugy görkezýän goşulma (- syz, -siz, - suz, -süz). Mes.: bigüman - gümansyz; bibat - abatdäl, harap, biderek.

Ýranlar, pany dünýäniň,

Ahyry bibat görüner.

BIADET (p-a. bi:+aded) - sansyz, köp, zyýat;hetdenaşa.

Asy, jany bende men, köpdür günähim biadet,

Kyl kerem pazlyň bile kulhuallahu - ahat.

BIAKYL (p-a. bi:+akl) - akylsyz, akmak, nadan.

jikir kyldym ýer-gögi,

Biakyl jan içinde.

Magny söz aňlamaz biakyl adam,

Danalaryň aýdan sözüne degmez.

BIBAKA (p-a. bi:+baka:) - hemişelek däl, wagtlaýyn,durnuksyz, baky däl.

Magrur olma bu gondugyň ýurduňa,

Bibakadyr, eglenmez sen, göçer sen.

Bibaka dünýäde niçe durar sen?

BIBAT (p. bi:+ba:d) - harap, zaýa, biderek, puç; bibatbolmak - zaýa bolmak, biderek bolmak.

Belli, bibat bolar diniň, gybatkeş.

Galaň ýykyp, bagyň bibat kylarlar.

Ýmany goý, ýagşa ýol ber,

Şeýtan işi bibat bolsun.

- 1) bahasyz; gymmat, bahasyna BIBAHA (p. bi:baha:) ýetip bolmaýan; 2) eziz.

Bendelerge bibaha bolgan Muhammet Mustapa.

BIBAŞ (p-t. bi:baş) - 1) başsyz, ýolbaşçysyz; 2)bozgak, erbet, şer.

Arslsn bolsa durmaz döwlet,

Hiç ülke bibaş bolmasyn.

BIBI MER'EM- Mer'em Azra- Ymranyň gyzy we Isapygamberiň ejesi. Kakasy ýewreýleriň alymlaryndanbolupdyr we Mer'em ýaşka aradan çykypdyr. Ymranyňdogan oglany Zekerýa ony saklapdyr.

Mer'em Nasyra şäherinde ybadathanada ulalypdyr. Dinidüşünjelere görä, göýä hudaý tarapyndan Jebraýylperyşde gelip, oňa päk bir çaganyň ruhuny demsaljakdygyny buşlaýar. Soň ondan Mesih (Isa) dünýäinýär. Emma protestanlaryň pikirine görä, Mer'emÝusup Neçjar atly adama durmuşa çykýar we şondan-daIsa dünýä inýär.

Bibi Mer'em ogly - hezreti - Isa,

Gaçyp, käpirlerden aýrylmadymy?

BIBÄK (p. bi:+ba:k) - gorkusyz, gorkmazak; batyr,perwaýsyz, gaýduwsyz, äwmezek.

Ol mübärek gollaryda hem asa, miswäkni,

Ymmatym diýgeý meniň dek asy-u bibäkni.

BIBÄHRE (p. bi:+behre) - 1) paýsyz, nesipsiz; 2)peýdasyz, haýyrsyz; peýda getirmeýän; mahrum.

Ol dideýi-dildardan bolmagaý sen bibähre,

Galamgaý sen meniň deý akly az-u görke baý.

Bolma ýene bibähre.

BIWAGT (p-t. bi:+wakt) - 1) wagtsyz; 2) bimahalçak,wagtynda däl, garaşylmadyk wagt; 3) degişli wagtynda däl,ir ýa-da giç.

Dogry ýörgen, dogry gezgen dok bolar,

Biwagt ýörgen melamata çoh galar.

BIWEjA (p-a. bi:+weFa:) - 1) wepasyz,durnuksyz; 2) gm.şu dünýä.

Gözläp köňül berme biwepalarga,

Bak, kim wepa görmüş biwepalardan.

- ser. BIWEjA MAHBUj (p-a. bi:weFa: mahbu:b)mahbup.

1) biderek, elinden zat BIWEÇ (p-a. bi:+wejh) gelmeýän; 2) ýüzsüz, abraýsyz.

Gümrah bolup, ýol ýitirdim,

Oturdym biweçler bile.

Näçe mertlik etse adam biweji.

Magtymguly aýdar, bagtym biweçdir.

Bir akylsyz biweç bilen

Deň- duş olup, jora olmagyl!

BIGADYR (p-a. bi:+kadr) - gadyry bolmadyk, sylagsyz,hormatsyz, gadyr etmeýän, gadyrsyz.

Bigadyrlar duşmanyna dost diýir,

Tälim beren ustadynden aýrylma!

- gaýratsyz; namyssyz; BIGAÝRAT (p-a. bi:+gaýret)gorkak.

Ýigidiň maksady: mahbup, ýarag, at,

Il üstüne namys getir bigaýrat.

BIGAM (p-a. bi:+gam)- gamsyz, gussasyz; şat,şadyýan, aladasyz.

Niçe ýerde görseň aglap oturgan,

Niçe ýerde bigam gülen-de bardyr.

BIGANA (p. bi:+ga:ne) - ser. bigäne.

BIGAÝT (p-a. bi:+ga:et) - hetdenaşa, köp,hetsiz-hasapsyz; soňsuz.

Murlar mülki-Munzere gelse, bihet, bigaýat,

Musa nur golun açyp, Isa okyp kyrk aýat.

BIGURUR (p-a. bi:+goru:r) - men-menliksiz, ulumsydällik; pespäl, tekepbirsizlik; bigurur bolmak - pespälbolmak.

Bende bolsaň, daýyma düýäde bolgul bigurur,

Külli ymmatlarny etgil ataşy-yşkyňa pur.

BIGÜMAN (p. bi:+goma:n) - şeksiz, şübhesiz,gümansyz; ser. biDD.

Maly-mülküňeýlemez bihbut ol dem bigüman.

Bir gün ýaka tutar, bir gün ýaka tutar, bilseňbigüman.

BIGÜNEH (p. bi:+goneh) - ser. güneh.

BIGYMMAT (p-a. bi:+ky:mat) - bahasyz, bahasyna etipbolmajak; dürri-bigymmat - bahasyna ýetip bolmajakgymmatbaha daş.

jis äriň ýagşy hatyny

Dürri-bigymmata meňzär.

BIGÄNE (p. bi:ga:ne) - keseki, ýat, nätanyş, başgaýurtly; antonimi-aşna.

Genç isteýenler gelsin, weýrana boldum imdi

Aýryldym ahýardan, bigäne boldum imdi.

BIDAR (p. bi:da:r) - 1) oýa, ukuda däl; 2) habarly;hüşgär, ägä, seresap; bidar etmek - oýandyrmak.

Säher wagty bidar bolgul.

Barçany bidar gördüm, özüm uýkuda bildim.

Eý ykbaly bidar, döwlete mesrur.

"Sin" - säherler bidar et, sal çeşmimni oýaga.

BIDAT (p. bi:+da:t) - 1) adalatsyzlyk, zulum, sütem; 2)zalym, sütemkär, adalatsyz, ser. dat; dat ile bidat - gm.haýp, wah, kömek ediň.

Dünýäýi-peläket elinden dat ile bidat,

Sen tüýs ki, aldagujy jilwegeri-perizat.

- agyzsyz; dilsiz. BIDAHAN (p. bi:+daha:n)

Bidahan-u bizyban otlar, agaçlar aglady,

Eşgi-abyn joşduryp, bu dag-u daşlar aglady.

BIDGAT (a. bid''at) - 1) täzelik; 2) açyş; 3) dinetäzelik girizmeklik, diniň ortodoksal düzgünlerine garşytäzelik girizmek.

Bir Nil dek suw ýagar, tutar dünýäni,

Görünmez bidgatlar gelse gerekdir.

Ýyl-ýyldan bidgatlar artsa gerekdir.

BIdEM (p. bi:+dem) - demsiz, jansyz, sessiz.

Asy bolup ýügir sen, köp güle-güle bu dem,

Azap çekip ýatar sen, ýeriň astynda bidem.

BIDER (p. be+der) - daşary, daş, gapydan anry; biderkylmak - çykarmak, daşary çykarmak.

Magsyetni, eý hudaýa, sen tenimden kylbider.

BIDÖWLET (p-a. bi:+dawlet) - 1) döwletsiz, malsyz,baýlyksyz; 2)bagtsyz, biçäre.

Bidöwlet ynanjaň, käsip käýinjeň,

Edi ýeser bolsa, biri göwünjeň.

BIÝOLDAŞ (p-t. bi:+ýoldaş)- ýoldaşsyz,hemrasyz.

Goýma biýoldaş gadam, menzil uzakdyr, ýolhatar,

Gözleriňden 3ş ornuga döküban huny-jiger.

BIJAN (p. bi:+ja:n) - jansyz, ruhsuz; öli; bijanlar -ölüler.

Bijanlar jana girip, açarlar dahan peýda,

Gögermedik giýalar, gögerip rowan peýda.

BIJIN (bi:jin) - maýmyn; bijin bazy - maýmynoýny.

Elem bile gözel ýara ýylda ýeke gowuşsa,

Diýse ol peri aňa, gurar bijin bazyny.

BIZAR (p. bi:+za:r) - 1) irgin; halys ýadan, iren, bez; 2)ýigrenýän, gaçýan.

Sözläbilseň, ýagşy sözle,

Halk ýamanyň bizarydyr.

- zekatsyz, zekaty BIZEKAT (p-a. by:+zeka:t) berilmedik; ser. zekat.

Dünýäde süýthoruň pul ýygma derdi,

Baýlaryň mallary bizekat erdi.

BIZIM - biziň; bize; bizim sary - bize tarap, biziňtarapa.


Yüklə 6,36 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   72




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin