Magtymgulynyň Düşündirişli Sözlügi, Türkmen ýazyjysy Nurmuhammet Aşyrpur (Aşyrpur Merdeow) tarapyndan ýazylyp birinji jildi 1997 ýylda Eýranyň Gunbedkabus şährinde çapa berildi



Yüklə 6,36 Mb.
səhifə14/72
tarix15.11.2017
ölçüsü6,36 Mb.
#31820
1   ...   10   11   12   13   14   15   16   17   ...   72

Ediňde din bilmäge,

Okyrga "Kur'an" gerek.

EZDAN (p. ýezda:n, bs. i:zed) - aslynda köplük sandabolsa-da, häzirki döwürde birlik san hökmündeulanylýar; hudaý, Alla, taňry; şiri-ezdan - hudaýyň şiri,Allanyň ýolbarsy; hezret Alynyň lakamlarynyň biri.

EZIT (a. Ezi:d) - 1) Ezit ibn Muawiýa ibn EbuSuFýan-omaýýadlaryň ikinji halyFasy. Ol 26-nji hijri(b46-b47) ýylynda eneden dogulýar. Kakasyndan soň60-njy hijri (679-680) ýylynda halyFa bolýar. YmamHusaýyn, Abdylla ibn Zubeýr we Abdylla ibn Omar dagyoňa garşy çykýarlar. Netijede Ezidiň buýrugy boýunçaYmam Husaýyn Kerbela çölünde özüniň ýetmiş ikiýaranlary bilen öldürilýär. Kerbela wakasyndan soň EzitMednäni basyp alýar, ony çapýar we kuraýştaýpasyndan ýedi ýüz sany ýaşulyny hem-de takmynanon iki müňe golaý adamy öldürýär. Soň onuňgoşunlary kyrk günläp Mekgäni gabaýarlar weKäbäniňbir bölegine ot berýärler. Emma olara Mekgänibasyp almaklyk başartmaýar. Şol wagtda, ýagny b4-njihijri (683-b84) ýylynda Ezit aradan çykýar. Şeýlelikde,musulmanlaryň arasynda Ezit özünden ýaman atgaldyrýar.

Halk arasynda we edebiýatda Ezit bozgak, azgynadamyň obrazy hökmünde tanalýar; 2) Dehistan bilenGürgeni gan döküp, boýun egdiren arap serkerdesiniňady; 3) gm. zalym, bozgak, azgyn, rehimsiz.

Her kim tapylmasa, aýdan sözünde...

Dine müňkür bolan ýezit ýagşydr.

Şimr ile ol Ezit berdi jepany.

jyrgawn, Ezit ötdi sürünip Nemrud-u Şetdat.

- merkezi Eýranda bir şäheristanyň EZT (p. Ezd)hem-de şäheriň ady, Ispyhanyň gündogar we Kirmanyňdemirgazygynda, Lut çölüniň günbatarynda ýerleşýär.Tähran bilen aralygy 667 km.

Onunjy ostanyň (oblastyň) sostawyna girýär. Käbirmaglumatlara görä, Ezt şäherini Sasany patyşasyEzdigert saldyrypdyr, şoňa görä, oňa şeýle at galypdyrdiýen pikir bar. Bu şähere gadymda Ket ýa-da Kete diýerekenler. Ezt Eýranyň gadymy şäherleriniň biridir. Käbirçeşmelerde onuň ahamenidler döwründe bolandygy-daýatlanýar. Araplar Eýrany basyp alanda, zoroastristler(zerdoştylar) şol şähere penalanypdyrlar.

Ezt Atabekleri birnäçe wagt şol ýerde häkimlikedipdirler, soň olary Gazan han ýeňipdir. Käbirtaryhçylar Aleksandr Makadonskiý şol ýerde türmesaldyrypdpr diýip ýazýarlar. Şol türme soň-soňlar"Isgenderiň türmesi" diýen at bilen meşhurbolýar.

Kazadyr, kysmatdyr Ezd-u Kirmanda

Meger tartdy ganlar Çowdur han üçin.

EK D - bir, täk; ýekme-ek- birmebir; başa-baş; ýekhezar - bir müň.

Tört müň Farsah Emen, bir müň-deBulgar,

Zemin-Ýunan hem bolar ýek hezar.

EK DD - ýaman; pes, erbet; ýek görmek - ýamangörmek, ekirmek, ýigrenmek.

EK HEZAR (p. ýek+heza:r) - ser. ýek.

EKDEST (p. ýek+dest) - 1) bir elli adam, bir eliysmaýan adam; 2) deň, bir hili, biri-birine meňzeş; 3)kämil, tamam; 4) bir ýerden, biraýakdan.

Müň agaç kelim güwş (?), ýekdest-u ýekpa,

Bäş müň agaç Ýjuç, müň agaç sähra.

EKE - tenha, ýalňyz, bir; ýeke-eke -bir-birden.

Ýyglaýyp, ýeke galsaň, kim saňa hemdem?

Er saňa aýdar muny: "Eşit, eý gapyl adam!".

Haýyr gazan munda-ýanyňa ýoldaş,

ÝOgsa gabra ýeke-eke gider sen.

EKjA (p. ýek+pa:) - 1) ýeke aýak; ýeke aýakly; 2)biraýakdan, bir ýerden.

Müň agaç kelim güwş (?), ýekdest-u ýekpa.

EKSAN (p. ýeksa:n) - ser. ýegsan.

EKSER (p. ýek+ser) - 1) boýdan-başa, hemme, jümle(ser.), bütin; 2) birlikde; barabar; 3) birden.

Halaýyk aglaşar, permanda ýekser,

Muhammet tuguny gursa gerekdir.

ELBE - dürli reňkde bolýan we gury ýerde ýaşaýanuly bolmadyk guş, onuň garaja ýelbe, çuluk ýelbe, barakýelbe diýen görnüşleri bar.

Algyr şunkar, laçyn awda mälimdir,

Garga, hekek ýelbe-bary guş bolar.

ELDA (p. ýelda:) - sözüň asly siriýa (sorýany)dilinde dogluş wagty we hezret Isanyň doglan wagty diýenmanyda terjime edilipdir.

jars dilinde ýylyň iň uzak we garaňky (22-nji dekabr'),güýzüň ahyrky we gyşyň birinji gijesine aýdylýar.Edebiýatda gözeliň saçy şoňa meňzedilýär.

Özi gaýyp, zülpleri ýeldaýa aşykbolmuşam,

Menzilim bag içredir, sähraýa aşykbolmuşam.

ELDIRMEK - ylgatmak, ýortdyrmak; gezdirmek.

Tört gije üç gün aglap, dyndyrdygym bilmezmiň,

Eşek münüp, Isa dek ýeldirdigimbilmezmiň?

ELEMEK - kowalamak; ylgamak.

Tükenmez derdiň yzyndan,

Eleýin diýseň, öýlengin.

ELKEN - motorsyz gämini ýel arkaly ýöretmek üçinhyzmat edýän bogaldyga berkidilýän uly galyň mata.

jikir bahryna girdim, ýelkenim ýok, keştimýok,

Magtymguly, men mundan çykar ýaňlyg deştimýok.

ELMEK - ylgamak, howlugyp ýöremek, ygyp ýörmek,entemek.

Dünýä gamy daşyňda, göýä ýörip ýeler sen.

Kimi dünýä kowar ýüwürip, ýelip.

Ýigrimi ýaşa geldiň,

Ýigit bolup, sen ýeldiň.

Ahyretni unutdym, ýügürdim, ýeldim her ýan.

EMEN - Arabystan ýarymadasynyňgünorta-günbatarynda, Günorta Arap Emen respublikasybilen Saut Arabystanynyň aralygynda ýerleşýän ýurt.jaýtagty Sanga şäheridir. Gadym döwürde Emen Sabaatly taryhy ýurduň bir bölegi - oblasty bolupdyr wedünýäniň iň möhüm söwda merkezleriniň birihasaplanypdyr. Emen öň monarhistik döwletdi, birnäçeýyl mundan ozal bir agdarylyşykdan soň ol respublikaboldy. 1947-nji ýylda Emen BMG-na çlenlige kabul edildi.Bu ýurtda nebit magdanlary köp. Gadym zamanda Emenözüniň gymmatbaha hünjüleri (dürleri) bilen bellibolupdyr. Gündogar edebiýatynda Emen düri(dürri-Emen) diýip aýdylyşyna köp duş gelmekbolýar.

Emende Warka Gülşany,

Söen dek söýmüşem seni,

Tört müň Farsah Emen, bir müň-de Bulgar.

Owazasy düşüp Rum-u Emenge.

EŇI - täze; ýeňi başdan - täzeden, ýaňadandan.

Eňi başdan diniň çyragy ýanar,

Medinede Isa asmandan iner.

EŇŇE - 1) özüňden uly agaň aýaly; 2) gyz durmuşaçykanda ýany bilen gidýän gelin.

Aryp galar gam öýünde ýykylan,

Haly zabun bolar ýeňňä dakylan.

- 1) ýerli-erinde, jaýba-jaý, tertipli; 2) bütin, ERBE-ERbütinleý.

Elli müň ýyl döwran süren Banijan,

Dünýäde galmady, ýerbe-er geçdi.

ESER - 1) mekir, hilegär; 2) gm. ýiti, pähimli;täsirli.

Erte görner, bu gün gizlenen syrlar,

Ýlandan güwälik beren ýeserler.

ESIR (a. esi:r, ks. osara:) - 1) tutulan, plen alnan; 2)aýal.

Gapyl galyp gözel il,

Ogşamyş bir ýesire.

- biziň ESSIRLENA HASABAN (a. ýessirlena:hisa:ben) hasabymyzy ýeňlet (biziň günämizi ýeňilleşdir, azaltdiýen manyda).

Tutsalar gyl köprüde, durmasa anda daban,

Soralan wagt haýr-u şer ýessirlena hasaban.

ETGEÇ - "etmek" işliginiň gadymy hal işlik Formasy;etende; ýeten wagty, ýeten mahaly.

Ol şebi-magraç habar ýetgeç saňamagşukdan...

Goýdy diş barmakga munlar gurbatyň görgeçresul.

ETGÜRMEK - ýetirmek, eltmek, eltip bermek,etişdirmek; ýetgürgeými? - ýetirermi?,eltermi?

Ýüregim ýakyp oda, hojamga barsam dada,

Kerem derýasy joşup, ýetgürgeými myrada.

ETEÝ - "etmek" işliginden; ýeteýin; ýeteý diýsem -eteýin diýsem.

Näler çekdim derdi-pyrak,

Eteý diýsem, ýolum yrak.

ETIM (a. ýeti:m) - 1) ene-atasy ölen çaga; 2) ýeke,ýalňyz, täk; seýrek, gyt, az tapylýan; dürri-etim - aztapylýan dür, seýrek duşýan gymmatbaha daş.

Etimleriň malyn alyp, zor etme,

Günäňi gaýryga dakabilmez sen!

ETIRGEÝMU (etirgeýmu:) - ýetirermi? ser.etgürmek.

Kerem derýasy joşup, ýetirgeýmu myrada,

Galsa köňül tapylmaz, çyksa bu jandünýäde.

ETIŞGEÇ - ýetip, ýetişip; "etişmek" işliginiňgadymy hal işlik Formasy.

Söz ýetişgeç bu hala.

Nazarym ýetişgeç şol dört merdana,

Köňlüm joşa geldi, başym gerdana.

ETIŞMEK - 1) gelip ýetmek, sezewar etmek; 2) ösüpkemala gelmek, hasyla dürmak; 3) kämillik ýaşynaýetmek.

Şepagathah resul munada kylsa,

Magtymguly diýip sorag ýetişse.

ETMEÝIN - ýetmän, ýetişmän; ýetmeýin galmaz -etmän galmaz, ýetişmän galmaz.

Yhlas bile bir kämile gol bergen,

Eter bir menzile, ýetmeýin galmaz.

ETMEK - ýetişmek, baryp ýetişmek,gelmek.

Ýigitlikde tagat kylgyl,

Garrylyk ýetmezden burun!

EHUT (a. ýehu:d) - birlik san şekilinde bolsa-da,köplük san manysynda ulanylýar; ýewreýler, jöhitler,ewreý kowumy, beni-Ysraýyl.

Namart bolup, dänip aýdan sözünden,

Dine müňkür bolan ýehut ýagşydyr.

ÝO
ÝOW - ýagy, duşman; ýat; nämälim,näbelli.

jygamber bizar ýow güni,

ÝOldaşa bakmaýan ärden.

ÝOWM (a. ýawm, kö. eýýa:m) - 1) gün (24 sagatwagt); zaman; 2) gündiz; külli-ýowm- her gün; hemmegün; ýowmy-arasat-kyýamat güni;eýýamyl-gadym-gadym zamanlar, geçen günler;ýowmy-teşahhut- 1) şaýat talap edilýän gün; 2) namazdaiki rekegatdan soň "Ettahaýýaty" dogasyny okamaklyk; 3)kelemeýi-şahadat ("eşhedu en la ilaha illallah") okalmalygüni.

Bir haşry-kyýamatdyr, bir ýowmy-arasatdyr.

Ötdi anlar, galdy dünýä, geçdieýýamyl-gadym.

ÝOwmy-teşehhut eder hal maňa kimşahydy-gaýb.

ÝOWMUL-AGZAM (a. ýowm el-ä'zam) - beýik gün;kyýamat güni.

Şat ýörme sen, aman kyl, diýmegil: "Gündedir bugün",

ÝOwmul-agzam atadylar,howpy köp gündür bugün.

ÝOWMY-ARASAT (a. ýawm-e arasa:t)- ser.ýowm.

ÝOWMY-TEŞEHHUT (a. ýawm-e teşehhod)- ser.ýowm.

ÝOWUZ - 1) gazaply; ýaramaz, erbet; 2) kyn, agyr,ýaman; 3) zalym, rehimsiz. Türk soltany birinji soltanSelime zalym we rehimsiz bolany üçin, "ýowuz" lakamberlipdir.

Ýman-ýowuz işler bardyr,

Başa gelse duýasydyr.

Iki dostuň arasynda

Ýman-ýowuz iş olmasyn.

Ol ýowuz mahşar musallat galmagallar ondadyr.

Bu söz Magtymgula ýöňkelen käbir şygyrda, "ýalňyz,ýeke" diýen manyda getirilipdir. Munuň özi ol şygyrlaryňMagtymgula degişli däldigini görkezýän onlarçadelilleriň biridir. Mes.:

ÝOwuz men diýip dökme ýaşyň,

Götergil gojalan başyň.

ÝOWUK - ýakyn.

ÝOWŞAN - ownuk gülli, ýiti ysly mal iýýänösümlik.

Gujak-gujak gara ýowşan,

ÝOlaýyn diýseň, öýlengin.

ÝOGNALMAK - ýogyn bolmak, pökgermek, togalakbolmak.

ÝOgnalar biliň, bendiň...

Gyz gerek, juwan gerek.

ÝOGYN (ýogy:n) - 1) ini-boýy uly, inçäniň tersi; 2)semiz, çişik, pökgi; bolýny ýogyn - gm. boýun egmeýän;bozgak.

Boýny ýogynlarny mürit tutanda,

Ýlan söz imanyň aldy, ýaranlar!

ÝOKMAK - 1) ýaramak, täsir etmek, halanmak; 2)ýokuşmak, tegmil galdyrmak.

Bu sözüm haýwana ýokmaz,

Adam saklar güwş üstünde.

Bir guýruksyz itdir, gaçgyl,

Nesihat ýokmaýan ärden!

ÝOKSUL (ýo:ksul) - garyp, mätäç, baýlyksyz,malsyz.

Dilegçi dermanda, baý ýok, ýoksul ýok,

Barçasy ýer goýnun guçup baradyr.

ÝOKSULLYK (ýo:ksullyk) - garyplyk, mätäçlik,ýoksuzlyk.

ÝOksullyk ýok bolup gitmez,

On iş derk etmeýen ärden.

ÝOLDAÝN (ýo:ldaýn) - asly ýol deýin; ýol ýaly, ýolkimin; bir gadam ýoldaýn-bir ädim ýol ýaly.

julsyratdan asy gullar bir gadam ýoldaýn geçer...

Beýik daglar, uzak ýollar, suwsuz andadur.

ÝOLDAŞ - 1) bir ýoldan bile gidýän; 2) gürrüňdeş,söhbetdeş; ugurdaş.

ÝOl ýoldaşy ýoldaşyna söener,

Howply ýerde ýatan tiz-tiz oýanar.

ÝOldaşym ýok etdim, ýolum ýitirdim.

ÝOLMAK - 1) sogurmak, üzmek; almak; 2) çekip,dartyp üzmek; gyrmak; 3) gm. ütmek; aldap almak; 4)bölmek, arasyny kesmek.

Bu gadymdan bolup gelen meseldir,

Kirpi ýolar gider gawun ýagşysyn.

ÝOLUKDYRMAK - duşurmak, duşuşdyrmak.

ÝOlda ýolukdyrdy çeşmi-jadyny,

Ölçerdim, el çoýdum yşkyň oduny.

ÝOLUKMAK - sataşmak; duçar bolmak; duşmak;tötänden sataşmak.

Bedew ölse, meýdan galar armanly,

Hak yşkyna at sal meýdan ýoluksa.

ÝOLÇY - 1) ýolagçy, ýola giden; syýahat edýän; 2)ýola, syýahata gitmäge taýýarlanan adam; 3) gm.umytsyz syrkaw, öljek adam, ölüm ýassygynda ýatansyrkaw.

Anka aýdar: "ÝOlçyýam",

Hüthüt aýdar: "Ilçim".

ÝOMUT - türkmen halkynyň esasy taýpalarynyňbiriniň ady.

Rowaç bergil, ýomut, gökleň birligne,

Ol Kemal han owgan bolsun başymyz.

ÝORTMAK - ylgamak, ýüwürmek, çaltýöremek.

Gäh dünýä talap eýläp, hem ýortar men, ýelermen,

Gäh ýyglap öz halyma, gäh şuh olup, güler men.

J
JA (p. ja:)- ýer, orun, mekan, biriniň ýa-da bir zadyňýerleşýän ýeri; ja kylmak - ýerleşdirmek, orunbermek.

Niçe şehbazlarny ýer astynda, bil, ja kyldy merg;

jaý etmek - ýerine ýetirmek.

Namaz bile bäş işiňni jaý etgin,

Toprak bile öz köňlüňni taý etgin;

jaýy-bud - 1) boluş jaýy, bolunmaly ýer; 2) gm. şudünýä.

Bibaka pany jahanny bilmegil sen jaýy-bud;

jaýba-jaý - ýerbe-er, ýerli ýerinde.

On iki endam jaýba-jaý,

Süňňi ulaşa ýetdiň.

JAWDAN (p. ja:wda:n) - ser. jawydan.

JAWYDAN (p. ja:wi:da:n) - hemişelik, mydamalyk;baky, hemişe, mydama.

Ierler, içerler, seýran kylarlar,

Ölmez-ýitmez jawydan galsa gerekdir.

Bu dünýä kime jawydan, bakasyz aňa bumekan.

JADDA (a. ja:dde) - uzyn we giň ýol, şäheriň daşyndabolan ýol, şosse (r).

Ilsiz galan belent daglar başynda.

Agaç biter jadda ýiter, ýol galmaz.

JADY (p. ja:du:) - 1) sowatsyz adamlaryň nadanlykdüşünjesine görä göýä adamlara, tebigata täsir edipbilýän jyn ýaly hyýaly güýç, owsun, tilsim, gözbagçylyk;2) gm. betgylyk, betnyşan kempir, garry.

Sarahsyň arkasynda Mejnun gurdy jadyny,

"Bismilla" diýp çagyrdy, tapmady ustadyny.

JAÝBA-JAÝ (p. ja:+be+ja:ý) - ser. ja.

JANAMAZ (p. ja:ý+nama:z) - namazlyk, namazokamak üçin taýýarlanan ýörite düşek.

Bir kimse ýolukdy desti şeraply,

Elden jaýnamazly, suwdan mähraply.

JAÝY-BUD (p. ja:ý-e+ bu:d)- ser. ja.

JAÝYZ (a. ja:ýiz) - mümkin, rowa, rugsat edilen;ýerine ýetirip bolýan.

Janyň berseň jaýyzdyr beýle sypat mahbuba,

Hiç görmedim anyň deý başy dogry, göwsitaý.

JALATAÝ - çynlakaý däl, ýeňil ýaşaýyş alypbarýan, keýpihonlyk edip ýaşaýan adam.

ÝÖrseňiz-de gulak, dilsiz güň bolup,

Şah-u gedaý, ýa jalataý şum bolup.

JAM (p. ja:m) - 1) käse, suw ýa-da içgi guýulýan gap;2) çüýşe, syrça; şerap içilýän käse; Horasanda birýeriň ady; jamy-meý - şerap käsesi, çakyr piýalasy.

Ý sakymyň, ýa şerapmyň, ýa jammyň...

Ý Aýmy sen, ýa Günmi sen, näme sen?!

Jamy-meý sundugyň görmesin agýar.

JAMA (p. ja:me) - 1) geýim, egin-eşik, lybas (ser.); 2)şerap küýzesi, jam, suraýy. Bu söz Magtymgulaýöňkelýän "Gara ýer" şygrynda duş gelýär we ýerliksizulanylypdyr.

Görmez ne söwdany adam balasy,

Buýruga kimleriň geler jamasy (?).

JAMY (p. Ja:mi:) - Nuretdin Abdyrahman ibn Ahmetibn Muhammet Jamy (1414-1492) Eýran-täjikedebiýatynyň meşhur şahyrlaryndan biri hem-degörnükli alym. Ol Horasanyň Jam diýen ýeriniň Harjertatly obasynda eneden bolýar. Jamy Hyratda, Samarkantdaokap, edebi, dini, FilosoFiýa we astronomiýa ylymlaryboýunça ýokary bilim alýar. SuFizmde ýolbaşçy bolmakderejesine ýetýär. Ol Sagdetdin Kaşgary ölenden soň,nagyşbendi (ser) mesleginiň ýolbaşçysy bolýar. JamyAlyşir Nowaýynyň halypasy we dostudyr, ol öz döwrüniňgörnükli adamlary, ylaýta-da Teýmurylardinastiýasyndan Soltan Husaýyn Baýkara bilen oňataragatnaşykda bolupdyr. Bir gezek Mekgä-de gidipgelipdir.

Jamy pars-täjik edebiýatynyň iň soňky uly klassykşahyry hasaplanýar. Şoňa görä, oňa "Hatam-uş-şuara"("Şahyrlaryň soňy") diýilýär.

Jamynyň arap we pars dillerinde ýazan 46 sanykitabynyň bardygy tezkirelerde aýdylýar, käerde 37 sanydiýilýär. Onuň kyssa bilen ýazan eserlerinden sopular weşyhlar hakyndaky "NeFehatul-uns" hem-de "Lewamyg","Lewaýyh", "Baharystan", "Şawahydyl-nebuwwat" ýalyeserlerini görkezmek bolar. Şahyryň iň meşhur poeziýaeseri Nyzamynyň "Hamsasyna" öýkünip ýazan "HäFtöwreňg" ("Edi tagt") atly poemalar ýygyndysydyr.

Muňa "Silsiletiz-zehep", "Salaman we Ebsal","TöhFetul-ahrar", "Sabhatyl-ebrar", "Ýusup we Züleýha","Leýli we Mejnun" we "Hyrednamaýy-Isgenderi" poemalarygirýär. Jamynyň üç sany goşgular diwany-da bar:"Fatyhat-aş-şebap", "Wasitetil-akd" we "Hatymatyl-haýat".Jamy 898-nji hijri (1492-1493) ýylynda Hyratda 81ýaşynda aradan çykýar.

Olarga berdim salamy,

Sordular saglyk kelamy,

Şyh Sagyt, molla Jamy,

Ol ýedi soltan içinde.

JAMY-JEM (p. ja: m-e Jem)- gadymy rowaýatlaragörä, dünýäniň kartasy içinde bolup, hemme ýerigörkezýän Jemşidiň jamy. Oňa "Jamy-jahannama"("Dünýäni görkezýän jam"), "Jamy-Jemşit" we"Jamy-jahanara" hem diýlipdir; ser. Jemşit.

JAMY-MEÝ (p. ja:m-e meý)- ser. jam.

JAN D (p. ja:n) - 1) ruh, her bir ynsanda we jandardabolup, şonuň ölmegi bilen ýok bolýan güýç; 2)ýaşaýyş; 3) köňül, ýürek, kalp; 3) kuwwat, gudrat, zor;namys; jan pida - janyny gurban edýän.

Eý ýaranlar, bir bigaýrat ýigidiň,

Müň ýaman söz aýtsaň, janyna degmez.

Jewaryndan jydalarga, köýünde jan pidalarga,

Seni istän gedalarga zekat husnuňda öwladyr.

Eziz janyň pida kyl, saýasynda bir merdiň.

JAN DD (a. ja:nn, bs. jyn) - "jyn" sözüniň köplük sanyüçin ulanylýar, jyn taýpasy. Dini düşünjelere görä,adamlar ýaly dünýäde ýaşap, soň ýitip giden akylly wegepleýän miFiki jandar, jandar, jyn. Ol ynsana kömekedip hem bilýär, zyýan ýetirip-de bilýär; Benijan - jynyňnesli, jynyň kowum-garyndaşy.

Dyrnak bilen daglar gazan Benijan.

Garyşypdyr halal, haram, arwah, jyn.

JAN AjATY (p-a-t. ja:n a:Feti)- ser. apat.

JAN JÖWHERI (a-t. ja:n jewheri)- ser. jöwher.

JAN jIDA (p-a. ja:n+Fida:) - ser. pida.

JAN jIDALYK (a-t. ja:n+Fida:+lyk) - jandangeçmeklik, janyňy pida etmeklik, janyňy gurbanetmeklik.

"Huda üçin jan pidalyk kylyňlar"

Diýip, eshaplarga aýtdy, dostlar heý.

- 1) jandar, janly, ruhly, diri JANAWAR (p. ja:n+wer) zat; köplenç haýwanlar hakda aýdylýar.

Magtymguly, mundan gitme her söze,

Hiç munça janawar ilmemiş göze.

JANAMAZ (p. ja:ý+nama:z) - ser. jaýnamaz.

JANAN (p. jana:n) - 1) söýgüli, dilber, magşuk; 2)sufizm taglymatynda sopularyň söýgülisi-hudaý.

Janan jiger diliban, tartar, jan goýmaz toprak.

Däli köňlüm, bir nesihat diýeýin,

Jan diýmegil, beýle janan bolarmy?

JANGÜDAZ (p. jan+goda:z) - jany ýakyjy, ruha azarberiji; ruhy melul edýän zat; gynaýjy.

Magtymguly, şeb-u ruz,

Jangüdaz-u ýüreksuz.

JANDAR (p. ja:n+da:r) - 1) janly, diri; 2) goraýjy,jandarma; 3) haýwan.

Hakdan gaýry jümle jandar galmazlar.

Bu yşkyň zulmy birlen ança jandar hary-zar.

Haýwan, ynsan galmaz, bar jandar öler,

JANSUZ (p. ja:n+su:z) - 1) jan ýakyjy, janyňy ýakýan;2) gaýgy-gam getiriji, tukat ediji.

Jepaýa sabr etmek-zähri-jansuzdan,

Öwütdir bu sözler, bizden nyşana.

JAjAR (a. jä'Far) - ser. ymam jaFar.

JAjY (a. ja:Fi:) - ser. jaFy.

- goňşy, hemsaýa. JAR (a. ja:r)

Haj eýleseň jara döner.

Gül açylsa hara döner.

JARY (a. ja:ri:) - 1) akýan, ýaýraýan; akar; 2) belli;ýaýran, dolanyşykda bolan; häzirki ýagdaý; jary eýlemek- akyzmak, dökmek.

Jary eýläp barha çeşmi-nedamat eşkini,

Gözlerinden akyzyp şory kyýamat eşkini.

JATDA (a. ja:dde) - ser. jadda.

JAFAR (a. jä'Far) - ser. ymam jaFar; 2) eşek.

JAFY (a. ja:Fi:) - jepa edýän, zalym, jepakär,doňýürek; betgylyk.

Asy, jaFy bendelerge rahaty-jan eýledi.

Asy-jaFy ymmatlarga şeFkatha.

JAHALAT (a. jaha:let) - nadanlyk, bilimszlik;akmaklyk.

Weh ki kylmyşdyr meni jamy-jahalat esru mest.

Tapdy şöhrat halk içinde bu jahalatdan nyşan.

JAHAN (p. jaha:n we jiha:n) - 1) älem, ýer-gök,dünýä; 2) ýer şary, ýeriň ýüzi, ýer; iki jahan - ikidünýä; bu dünýä we ol dünýä.

Magtymguly, dünýä köne jahandyr.

Seýl edeliň bu jahana,

Jahanda näler görüner.

JAHANGIR (p. jaha:n+gi:r) - 1) dünýäni tutan,dünýäni eýelän; beýik ýeňiji (Çiňgiz han, Isgender,Teýmur ýaly), beýik hökümdar; şöhraty bütin dünýäýaýran adam; 2) eriň ady; 3) Nuretdin Jahangir-HindGurkäni dinastiýasyndan bolan patyşalaryň biriniň ady.Ol 1014-nji hijri (1605 - 1606) ýylyndan tä 1037-nji hijri(1627-1628) ýylyna çenli patyşalyk edýär.

Deken käni, Jahangiriň almazy.

Badahşan magdany-lagly siziňdir,

JAHANKEŞTE (p. jaha:n+ geşte)- dünýäni gezen,dünýäni aýlanan, gezende, dünýäni gezmegisözýýän.

Jahankeştesi-gedalar,

Meniň kibi ýanan barmy?!

JAHANHAR (p. jaha:n+ha:r) - dünýäni iýiji,dünýäni alyjy, dünýäni tutujy.

Dine dagwat eýlegeç, Fyrgawnnyň artypşirketi,

Çuby-himmetni jahanhar mar eden rebbim jelil.

JAHYL (a. ja:hil, ks. johha:l we johu:l) - 1) nadan,akmak, sowatsyz, bilimsiz; 2) tejribesiz; 3) ýigit,juwan.

Jahyllara uýsaň, kör tek bolar sen.

Jahyllykda çar tarapa atyşan.

Ahyrnda bir iş kyldy ol jahyl,

Huda anyň ýüzün gara eýledi.

JAHYLLYK (a-t. ja:hyllyk) - ýigitlik, juwanlyk,ýaşlyk.

Magtymguly, gitdiň dünýä köýüne,

Jahyllykda köňül goýduň oýuna.

Mest olar jahyllykda, joşar sen.

Çalar jahyllyk ýeli, juwan görner düýşünde.

JAHYM (a. jehi:m) - ser. jehim.

JEBERUT (a. jeberu:t) - gudrat, ululyk, beýiklik,şan-şöhrat (hudaýa mahsus sypat); gudrat älemi,Allanyň beýikligi; jeberut älemi - ruhy älem.

"Jeberut äleminde jelil syryna,

Gel, özüň küle gargyn!" diýdiler.

JEBIR (a. jebr) - 1) sütem, eulum, eziş; horluk; 2) zor,gahar, zorlama, zor bilen bir işe mejbur etme; 3) döwülensüňki ýerine salma; 4) algebra; jebri-jepa - zulum weazar.

Haýryňy duşman görer, dostuň çekerjebri-jepaň;

jebir eýlemek- sütem etmek; azar bermek.

jebir eýlese, çekewergil jezasyn.

Öz beren janyňa jebir etme jepbar.

Jebr ile bimar olup, aşuFta bolgan halymyz.

JEBRAÝYL (a. jebra:i:l) - gadymy ýewreý dilindenalnan. Gawriil, dini düşünjelere görä hudaýyň sözlerini("Kur'anyň" sürelerini) Muhammet pygambere ýetirenperişde.

Jebraýyl getirmiş uly dergahdan,

Muhammede inen kelamy gördüm.

Hak emr etdi ol Jebaýyl emine,

Bir demde Ýusupny nätdi, ýaranlar!

- ser. jebir. JEBRI-JEjA (a. jebr we jeFa:)

Çäre ýokdur öten ýaşa,

Jebri-jepa düşer başa.

JEBHE (a) - 1) maňlaý, alyn; 2) jaýyň öň tarapy; 3)goşunyň öň tarapy, öndäki bölegi; 4) Front.

Kyl duta puştuň rukugda jebheýi-jandan süjut,

Tä ajalnyn badydan kaddyň bükülmesdenburun.

JEWAR (a. jiwa:r) - 1) töwerek, ýan; ýakyn ýer; 2)goňşy, ýakyn goňşy; 3) pena.

Jewaryňdan jydalarga, köýünde jan pidalarga.

Seni istän gedalarga zekat husnundaöwladyr.

JEWELAN (p. jewela:n) - ser. jöwlan.

JEDEL (a) - 1) gowga, jenjel, dawa, galmagal; 2)çekişme; 3) uruş.

Ýigit oldur-söze eýlese amal,

Goldan gelmez işe etmese jedel.

JEZA (a. jeza:) - azap, temmi, muzt, ýagşylyk ýa-daýamanlygyň öwezine berilýän muzt; ruzy-jeza- azapberilýän gün, kyýamat.

Jebir eýlese, çekewergil jezasyn.

Ruzy-jeza ýoldaş aňa, bet işleriňpuşmanydyr.

JEZAÝYR (a. jeza:ir, bs. jezi:re) - ser. jezire.

JEZBE (a) - 1) özüne çekmeklik; sopularyň hudaýaçokunyp, ybadat edýän wagtlarynda özüňi bilmezlikderejesine ýetip, samramalary; ekstaz; 2) uzak ýol, ýolagidilende iki duralganyň - menziliň arasyndaky ýol; 3)höwes, hyjuw, güýçli meýil, höweslendirme; höwesetmek; jezbeýi-temhit - taýýarlaýyş jezbesi; giňeldişjezbesi.

Hiç aňlamaz zir-u zeber,

Ger tapsa jezbämden eser.

Kyl nazar asary-sungullaga çeşmi-did ile,

Gir hakykat ýoluga bu jezbeýi-temhitile.

JEZBEÝI-TEMHIT (a. jezbe-ýe temhi:d)- ser.jezbe.

JEZEBE (a. jezbe) - ser. jezbe.

JEZIRE (a. jezi:re, ks. jeza:ir) - ada, dört töweregi suwbilen gabalan ýer.

Edi müň jezire, ýedi müň derýa,

Müň agaç ýer ýatak maldyr bu dünýä.

JEÝRAN (jeýra:n) - keýik.

Baýguşlar guklaşyp, itler üýrüşip,

Ne şirler galypdyr, jeýran geçipdir.

JEÝHUN (a. jeýhu:n) - 1) Amyderýanyň gadymy ady.Orta Aziýadaky bir uly derýa. Ol gözbaşynyOwganystandaky Hindiguş daglaryndan alyp, birnäçeownuk derýalaryň birigmeginden emele gelipdir.

Jeýhun Aral deňzine guýýar. Gadym döwürde buderýa Amu, Amuý, Amuýa, Amun we Amul hem diýlipdir;2) joşgunly, güýçli akýan.


Yüklə 6,36 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   10   11   12   13   14   15   16   17   ...   72




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin