Magtymgulynyň Düşündirişli Sözlügi, Türkmen ýazyjysy Nurmuhammet Aşyrpur (Aşyrpur Merdeow) tarapyndan ýazylyp birinji jildi 1997 ýylda Eýranyň Gunbedkabus şährinde çapa berildi



Yüklə 6,36 Mb.
səhifə21/72
tarix15.11.2017
ölçüsü6,36 Mb.
#31820
1   ...   17   18   19   20   21   22   23   24   ...   72

Jemalyň diyp bakam aya,

Yrak zemin kerbelaya.

Kerbela deştide kyldyň sen alarny hary-zar.

Birniçe ymamlar ganyn

Kerbelada döküp geçdi.

Kerwen (p. Ka:rwa:n) كاروان - üsti yükli tirkeşdirilen hatar (düe, maşyn we ş.m.); kerwen bilen gidyän yolagçylar topary; ser. Karwan.

Nije dostlar bilen seyranda eken,

Hatardan azaşdym, kerwende eken.

Kerensaray (p. Ka:rwa:n-sara:y) كاروانسراى – kerweniň düşleyän eri; kerwençileriň düşüp dynç alyan eri; gadym döwrüň myhmanhanasy.

Hijrandan tutupdyr kerensarayym.

Bu dünyä bir misli kerwensaraymyş,

Gelen yük yazdyryp, geçip baradyr.

Kergeden (p.) گركدن – nosorog (r.), örän uly we güyçli haywan, ol hatda pili-de eňip, öldüryär, hamy gara, yygyrtly we galyň bolyar. Gadymda ondan galkan yasalypdyr. Onuň kellesi doňzuň kellesine meňzeş bolyar, yöne burnunyň üstünde şahy bar. Bu haywan hindistanda, afrikada yaşayar. Bu söz klassyky edebiyatda «kerk gerdan» we «kerk» formalarda hem duş gelyär. Arap dilinde «kerkedden» şekilinde ulanylyar.

Pil, peşe-yu kergeden,

Derrendeler galmazlar.

Şir syyagüwş görse, pil kergeden.

Kerem (a. Ks. Kera:im) كرم – 1) asyllylyk, sahylyk, jomartlyk, eli açyklyk. 2) hayyr, yhsan, berim, kömek, yardam; kerem islemek – kömek islemek, yardam istemek.

Owwal başda, kadyr alla,

Senden bir kerem islärin.

Kerem eyle, ya reb, gudratly subhan.

Keremiňize duşan – arşa ulaşar.

Hak aldyga barsaň, kerem kän gelür.

Keret (a. Kerret, ks. Kerra:t) كرّت – gezek, sapar, yola, gayta; gaytadan.

Käbä baryp, edi keret dolansam.

Yigrimi alty keret, yüz müň är bile.

Kereşme (p.) كرشمه – näz, gamza; göz süzmeklik, näz bilen göz süzüp garamak; näzli garayyş; näziklik.

Yigitler näz, gyz kereşme eesi,

Päliwanlar meydan gözlär düzenip.

Yüz kereşme şiweli dildary gördüm şondadyr.

Kerim (a. Keri:m) ks. Ira:m) كريم - «kerem»; sözünden; 1) sahy, jomart, eli açyk; 2) beyik, hormatly, eziz (hudayyň epiteti); alla kerim – huday kerem (ser.) We jomartlyk eesidir; kerim-a – ey keremli (alla); ey huday; kerimi-kärsaz – alaç ediji, çäre tapyjy alla, alaç ediji jomart (huday).

Kerim-a, gün-günden kem boldy howpum.

Ey kerimi-kärsaz, günähim güzeşt eyle.

On sekiz müň älemi bir demde bar etgen kerim,

Bendelerge rahmetin her dem niar etgen kerim.

Kerimi-kärsaz (a-p.keri:m-e ka:r-sa:z) كريم و كارساز – ser. Kerim we kärsaz.

Kerk (p.) كرك – kergeden (ser.) Sözüniň gysgalan görnüşi; ser. Kergeden.

Pil burnun pelege tutar,

Kerk görse, hamyra döner.

Kerk gerdan كرك گردان – ser. Kergeden.

Kerrar (a. Kerra:r) كرّار – hüjüm ediji, uruşda yza çekilip, ene-de dolanyp, telim gezek hüjüm edyän urşujy (hezret alynyň lakamlarynyň biri – haydary-kerrar).

Halaganyn saylap haydary-kerrar,

Bäş yüz sahabany kldylar tayyar.

Kerret (a.) كرّت – ser. Keret.

Kertmek كرتمك – 1) kesmek, kesip bellik etmek, kertik etmek, 2) yz galdyrmak; 3) yolmak, üzmek.

Bu dünyä bir kör syçanyň mysaly,

Kökleri birbe-bir kertip durupdyr.

Kes (p., ks. Kesa:n) كس – kişi, kimse, adam, şahs; her kes – her kim, her adam, hiç kes – hiç kim näkes – 1) ynsanyetsiz, ynsapsyz, pes (adam); 2) bahyl, gysganç.

Göreş bir abraydyr, uruş bir destdir,

Kişini kemsiden özi näkesdir.

Pylan kes hoja diyp hem öwladyny,

Bilmenem, yakynmy ahyrzamana.

Kesan (p. Kesa:n, bs. Kes) كسان – ser. Kes.

Kesapat (a. Kesa:fet) كثافت – 1) gürlük; syklyk, dokluk; 2) galyňlyk, yogynlyk; goyulyk; 3) hapalyk, kirlik.

Yokar andan dürli-dürli kesapat.

Kesapat-üflasdyr tutan syrdaşyň.

Kimleriň sözüni kesapat kyldyň.

Kesgin كسگين – 1) yiti, tiz; 2) täsirli; alt, çakgan; 3) üzňe, kesyän, kesip geçyän.

Kesgin-kesgin bayyr geçer,

Gyzylbayyr göwün açar.

Kese كسه – 1) gyşyk, dik däl; 2) başga, özge, yat; 3) çet, gyra.

Zeminiň üstünde daglar çökär sen,

Tomaşagär bolup, kesä çykar sen.

Kesek كسك – 1) gatan toprak, tokgalanyp gatan toprak; daş; 2) gm. Yamanlyk; kesek atmak – daş zyňmak; yamanlyk etmek.

Guwanma kesekden gurlan binaya,

Kesek bina tutmaz düzemek bile.

Rehimsiz zalymlar bagry daş bolar,

Barar ere kesek atyjy bolma.

Kesel (a. Kesil we kesel) كسل – 1) yadaw, yadawlyk; susluk, bihallyk, yaltalyk; güyçsüzlik; 2) nähoşluk, syrkawlyk.

Yşk meni yandyrdy, janym keseldir

Pälimiz bozulyp, köpeldi kesel.

Keser كسر – kesginlik, erjellik, tutanúerlilik.

Yigidiň bolmasa, sözde keseri,

Eymençdir, ayrylmaz ayakdan seri.

Keserkaç (kesearkaç) كسه آرقاچ – köpetdagyň etegini tutyan territoriya. Köpetdagyň demirgazyk etegi, gayra tarapy.

Kesearkaç, mazanderan,

Gelerler permana gökleň.

Kesik baş كسيك باش – göyä magtymgula degişli bolan «çakry kelle» atly gysgajyk poemada gabat gelyän gahrymanyň ady. Bu tema türki halklaryň arasynda öňden bellidir.

Kesik baş ol yolda «kurúan» hat etdi,

Hemme baryp, ahyr bir ere etdi.

Kesip (a. Kesb) كسب – 1) gazanma, ele alma, gazanç, peydalanma; 2) hasyl etmek, almak, edinmek; 3) yaşayşy dolandyrmak üçin edilyän bir iş, pişe, kär; kesip etmek – iş etmek, kär etmek; kesip bildirmek – iş öwretmek, hünär öwretmek.

Kesp edip satarlar arag-u şerap.

Halal ryzk ber, kesip bildir.

Kesmek كسمك – 1) kesiji bir gural ya-da yarag bilen ayyrmak, bölmek; 2) biçmek, kesip dikmek; 3) diňdirmek; diňmek; 4) aralyk bermek; 5) höküm çykarmak; 6) galdyrmak; yok etmek; 7) tamamlamak; 8) paralamak; baş kesmek - öldürmek, yok etmek.

At torba yüwürder, kyrk günde keser,

Horjun başlar, alty aylyk iş bolar.

Başyn kesip, ganyn döküp kenara,

Ya öldürip, ya-da satyp bolmayyr.

Kesp (a. Kesb) كسب – ser. Kesip.

Kest (p. Ka:st) كاست – 1) azalmaklyk, kemelmeklik; 2) zyyan; kest eylemek – zyyan etmek, zyyan etirmek.

Her kişi kim, yamanlyga kast eylär,

Iki dünyä öz işine kest eylär.

Kesufat (a. Kesu:fa:t) كثوفات//كثافات – hapalyklar; erbet işler, hapa işler; ähli-kesufat – erbet iş edyän adamlar, betgylyklar.

Zayykam datmay hakykat lezzetiden çaşny,

Goşmadym, hiç bir kesufat ähli birle başny.

Ket (p.) كت – 1) käriz; guyy; 2) tagt, patyşa tagty; 3) egin, gerden; 4) ee, yaşuly.

Beşir, beşer atly iki gulama,

Ketden gowalaryn tartdy, yaranlar!

Ketar (p. Keta:r) كتار//كتاره – bu sözüň asly «ketara», oňa «ketala» we «gaddara» hem diyilyär; gylyja meňzeş, tygy yasy we dik sowuk yaragyň ady; hanjar. Magtymgulynyň goşgusynda bu söz nädogry okalmak netijesinde şeyle görnüşde berlipdir. Ol aslynda ähtibarly golyazmalarda berlişi yaly, «kina:r-ki nar» şekilinde bolmaly. Manysy bolsa, «ki ot» diymekdir.

Daşdan bişdim, içden köydüm, köz boldum,

Ketar (ki nar) kaysy, kebap kaysy, bilmedim.

Kethuda (p ked-hoda:) كدخدا//كتخدا – 1) öy eesi; är; 2) oba eesi; oba yaşulysy; 3) layyk, mynasyp. Bu söz iki sany «ked, ket» - öy, oba we «huda» - ee, uly dien sözlerden emele gelipdir.

Sözle imdi, kimni berkarar etdiň,

Niçe kethudany har-u zar etdiň.

Kethudalyk endişesin

Kylayyn diyseň, öylengin.

Keffarat (a. Keffa:ret) كفـّارت – ser. Keparat.

Kehkeşan (p. Kehkeşa:n) كهكشان – köp sanly owunjak yyldyzlardan emele gelen bulut yaly ak hat. Ol gijelerine asmanda görünyär, özi-de yüzüne saman dökülen uzyn yola meňzeyär. Türkmençe «akmayanyň süydi» atlandyrylyar.

Asmanyň yüzünden kehkeşan uçdy.

Kehkeşana çykyp dürli semerler.

Keç (p. Kej) كج – 1) gyşyk; egri; 2) gm. Ters, bet, yaramaz; ykbaly keç - bagty gara, yazgydy ters, betbagt.

Özüm halka näkabyl, ykbalym keç, bagtym şor.

Nesibim, takdyrym, ykbalym keçdir.

Gerdany keç gahba pelek elinden.

Keş ı (p.) كش – mawerannahrda, nahşabyň golayynda bolan gadymy bir şäheriň ady. Köne rowayatlara görä, göyä ibn mukanna şol etrapda bir guyudan her gije ay çykaryp, keramat görkezenmiş. Özbegistanyň şährisebz atly şäheriniň gadymy ady. Emir teymur şol erde eneden doglupdyr, soň bu şäheriň abadanlygy ugrunda köp işler edipdir; 2) jürjan şäheriniň alty kilometrlik golayynda erleşen bir obanyň ady.

Sözüme gulak biyr akyl hemişe,

Termeze tagun düşer, renç şähri-keşe.

Keş ıı (p.) كش – pars dilindäki «keşi:den» - كشيدن - işliginden; 1) çekiji, çekyän, çydayan; mes.: zähmetkeş – zähmet çekyän; jepakeş - jepa çekyän; 2) gyzykly, özüne çekiji; mes.: dilkeş – yüregi özüne çekiji; 3) galdyryjy, galdyran; mes.: serkeş – baş galdyran, boyun egmezek; 4) çekilen; mes.: pişkeş – peşgeş, öňe çekilen, sowgat, sowgat edilen, berlen.

Görerge safa men, tanyrga dilkeş,

Diwana hemdemim galandyr bile.

Keş ııı (p.) كش – 1) goltuk, gursak; 2) oňat, gowy; hoş; mes.: keş reftar – hoşgylyk; 3) yogurt peyniri, yagsyz adaty peynir; 4) akmak, akylsyz.

Keşwer (p.) كشور – yurt, er, watan, ülke. Aslynda iki sany - كش - «keş», yagny yurt, yklym (ser.) We ور - «wer», yagny ee, yurt eesi dien sözlerden emele gelipdir.

Bir nagmakäri-yu jan keşwer bozdy sypahy,

Şergyna galam yazdy mürettep ki syyahy.

Keşdi (p. Keşti:) كشتى – ser. Keşti.

Ne keşdidir, derya batyr, yörimez.

Keşdisiz deryadan şeyle geçdiler.

Keşik (p. Keşi:k) كشيك – asly türki söz, garawul,saklawçy, gorayjy, keşikçi – garawul çekyän, nobatçy.

Bilbil aydar: «keşigem,

Bahara gözleşigem,

Gülzar üçin aşygam,

Bag-u bossan içinde».

Keşkül (p. Keşku:l) كشكول – derwüşleriň we käbir hindi dilegçileriniň we galandarlaryň hindistanda bityän bir miwäniň gabygyndan ya-da suw kädisinden yasalyp eginlerinen asyan mahsus gaplary, oňa dilegçilik edip alan zatlaryny salyarlar.

Golunda käsesi, başda keşküli.

Keşmir (p. Keşmi:r) كشمير – hindistanyň demirgazyk-günbatarynda erleşyän daglyk ülke, gözel tebigy görnüşi we hasylly topragy bar. Keşmiriň ilaty köpüsi musulman we pars dilinde gürleyärler. Öňler oňa «kiçi eyran» hem diylipdir. Keşmiriň erleşyän erinde müňlerçe yyl ozal deňiz bolupdyr, soň ol gurapdyr. Öň özbaşdak yurt bolan-da bolsa, soň hindistandaky iňlis häkimieti ol eri özüne bakna edyär. Hindistan we päkistan özbaşdak bolandan soň (1947) iňlis dikmesi gaçyp gidyär. Häzirki wagtda keşmiriň bir bölegi hindistana, bir bölegi-de päkistana degişli bolup duryar.

Keşt (p. Geşt) گشت – gezelenç, syyahat, gezme, gezelenç etme; keşt etmek (eylemek) – gezelenç etmek; syyahat etmek, gezmek.

Soragyny salyp yaryň,

Keşt etdi köňlüm dünyäni.

Köňül aydar keşt edip,

Älem-jahany görsem.

Keşt eyledim, gezdim yşkyň dagynda.

Keşti (p. Keşti:) كشتى – gämi, naw, parohod (r.).

Kämillik keştisin derya batyrdym.

Keştisi kölegde, bendil galmayan.

Keşti-kär (p. Kişt-ka:r) – 1) dayhan, ekin ekyän; 2) ekilen er, ekin meydany; 3) dayhançylyk.

Dünyä ahyrъetiň keşti-käridir,

Tohum saçynawer, näge yatyp sen?

Keşf (a.) كشف – 1) açyş, açylyş, açma, tapma, äşgär etme; 2) näbelli bir zady yüze çykarma; 3) bir syryň ya-da gizlin yagdayyň huday tarapyndan birine bildirilmegi, ylham bolmagy; 4) ösüş; keşf olmak – açylmak äşgär bolmak, mälim bolmak; keşf etmek – açyş etmek, tapmak, açmak.

Aňladygym işi eylesem yzhar,

Babul-hakdan keşf olmuşdyr bu esrar.

Keşf edip ylmy-ledunny, ähli-yrfan eylegil,

Bihabar dillerge syr äşgär eden rebbim jelil.

Keyumers (p. Keyu:mers) كيومرث – firdöwsiniň «şanama» epopeyasynda aydylyşyna görä, eyranyň pişdadylar dinastiyasynyň esasyny goyan we ilkinji patyşasy. Onuň ady «awestada» geyumerta diylip görkezilipdir. Zoroastristler (zerdoştylar) ony ilkinji adam hasaplayarlar. Onuň döwründe adamlar daglarda, gowaklarda yaşapdyrlar. Keyumers döwler bilen uruş edyär, şonda onuň ogly siyamek öldürilyär. Keyumers otuz yyl patyşalyk edyär. Ondan soň siyamegiň ogly huşeng onuň erine patyşa bolyar. Oňa gülşah we gerşah hem diylipdir. Käbir çeşmelerde bu sözüň asly grekçe ya-da siriyaça (suryany) bolmaly diylip görkezilyär, özi-de geyumert şekilinde bolup, manysy-da, «er yüzüniň yolbaşçysy» diymekdir, çünki «geyu» grekçe «er» we «mert» hem «aga, hojayyn, yolbaşçy» manysyndadyr. «ferheňgi-jahangiride» bu söz «diri-aydyň» (zinde-ye gu:ya) diylip many edilipdir.

Şeys bile keyumers geen jindäni,

Rüstem, zal geyiban, galandar geçdi.

Kibi (kibi:) كبى – yaly, dek, kimin, misli.

Hak katynda sözüm ötmez, men kibi awara yok,

Il-gün rehm eylemezler, men kibi biçäre yok.

Kibir (a. Kibr) كبر – 1) ululyk, beyiklik; 2) men-menlik, ulumsylyk, tekepbirlik.

Ujp, riya, kibir, hasat metagyn

Bölüp, rehzenlere paylamayynmy?

Nefsi-howa, kibir, kinden boş bolup.

Kibr (a.) كبر – ser. Kibir.

Kibt (p. Keft) كفت – egin, gerden. Bu söz arap dilinde «ketf» görnüşinde ulanylyar.

Ne aşykdyr, aglar, gözde yaşy yok?

Ne göwredir, iki kibte başy yok?

Kiz (p. Ki:z) كيز – keçe, yüňden edilen düşek, «sakiz» hem diylipdir.

Adam bardyr, şal, kiz dyzyna degmez.

Ele – yargak, ayaza – kiz.

Kilap (a. Kila:b, bs. Kelb) كلاب – ser. Kelp.

Kilit (p. Kili:d) كليد – açar, gulpy açmak üçin ulanylyan gural; arapçasy mifta:h.

Yüzüniň maşkynyň waragy niçe,

Behişdiň kilidi kime gowuşdy.

Kimerse كيمرسه//كيم ايرسه – kim bolsa, kim bolsa-da.

Her kimerse öz söwdügin yanyndan,

Bile hemdem bolup gopsa gerekdir.

Kimin (kimi:n) كيمين – yaly, dek, kibi, misli; gözgi kimin – ayna yaly.

Köňül gözgi kimin nury-enwardyr.

Häkim bolsaň, halky gün kimin çoygul.

Kimiya (p-a.) كيميا – ser. Kimya.

Kimse كيمسه – 1) kim-de bolsa, kim; 2) sorag çalyşmasy; bir kimse – bir adam, kimerse (ser.).

Hakdan gayry bir kimse eşitmedi dadyny ...

Gözyaşymdan suw alyp, söndürdigim bilmezmiň?

Kimselere watan kyldyň dowzahy,

Kimselere behişt mürewwet kyldyň.

Kimya (a-p. Ki:miya:) كيميا – 1) asly grek sözi, manysy garyşdyrmak, garmak, gatyşdyrmak; garyşyk, himiya; 2) alhimiya, jisimleriň gurluşyndan, özgerişden gürrüň edyän ylym; 3) gadym döwür alymlarynyň düşünjesine görä, misi altyna öwrüp bilyän madda, oňa «iksi:r» hem diylipdir. Emma şeyle madda entek tapylmandyr; 4) arap dilinde himiya ylmyna «kimiya» diyilyär, pars dilinde «kimiya» sözi «hile, aldaw; jady; çäre, oy, pikir» dien manylary-da beryär; 5) gudratly ot, göyä ol oty haywanlar-mallar iyse, dişleri altyna öwrülyänmişin; kimyayy-yşk – yşk gudraty, yşk täsiri.

Nazarym kimyadyr, mis altyn bolar,

Menzim kümüşin altyn eder kimyayy-yşk.

Halal ryzk ber, kesp bildir,

Kimya atlyg ot islärin.

Kimyayy-yşk (p-a. Ki:mya:ye yşk) كيميا عشق – ser. Kimya.

Kin (p. Ki:n) كين - 1) duşmançylyk, kitüw, gizlin duşmançylyk; 2) öç, ar. «kine» bilen sinonim.

Nefsi-howa, kibir, kinden boş bolup,

Ol bazarda yşk talana duş bolup.

Kinaya (a. Kina:ya, kina:ya:t) كنايه – 1) üsti örtülgi söz; öz hakyky manysyndan başga many aňlatmak üçin ulanylyan söz; 2) prozada, poeziyada we gepleşikde ulanylyan çeper söz sungatynyň bir görnüşi. Munda şahyr ya-da aydyjy logiki we meňzeşlik jähtden biri-birine yakyn bolan bir manyny, düşünjäni başga bir manynyň üsti bilen beryär. Satiriki eserlerde daşyndan göräymäge öwgüli sözler aslynda gahrymanyň üstünden gülmekligi aňladyar we kinaya bolyar. Keminäniň «kazym!» goşgusynda şeyle häsiet bar. Magtymgulydan bir mysal:

Murtun towlap, her yan tartar,

Haybaty peleňden artar,

Gök dek gürläp, damak yyrtar,

Tayyar bolan aş üstünde.

Kine (p. Ki:ne) كينه – 1) duşmançylyk, kitüw; 2) öç, ar; yigrenç; kine tutmak – yigrenmek; kitüw saklamak.

Arly yigit kine tutar.

Aryn jaya salmagynça.

Yagşynyň köňlünde kine az bolar.

Kipaet (a. Kifa:et) كفايت – ser. Kipayat.

Kiparat (a. Keffa:ret) كفـّارت//كفـّاره – ser. Keparat.

Kipayat (a. Kifa:et we kifa:e) كفايت//كفايه – 1) eterlik, eterlik mukdarda; 2) bes bolmak, eterlik bolmak; 3) layyklyk, başarjaňlyk; 4) kömek, yardam, hayyr.

Garyplar baylardan görmez kipayat.

Akyllara, şaed bolgay kipayat.

Kirdar (p. Kirda:r) كردار – 1) iş, amal; kär; 2) gylyk, adat; tär.

Barçasy bolgan ölümden dilefkaryň kaydadyr,

Pikir kyl, andag saňa kirdar bolmasdan burun.

Kirdigär (p. Kirdiga:r) كردگار – 1) işjeň, köp işleyän; 2) allatagala atlarynyň biri; 3) bilip, bilgeşleyin, bilkasdan.

Nämähremden berhiz etdirgil gözüň,

Yogsa hayran kirdigärden bolar sen.

Kiriş كريش – 1) saz gurallarynyň tary; 2) yayyň iki ujuna dartylyp daňylyan eriş.

Ajal goymuş ok gözüni kirişe,

Bilip bolmaz näwagt jana erişe.

Kirm (p.) كرم – 1) gurçuk, gurt, endamynda süňki bolmadyk el-ayaksyz süyreniji jandar; 2) mör-möjek; kirmi-kelan – uly gurçuk, iri gurçuk.

Bahr era balyk içinde rahat eyläp uklanan,

Imtihan üçin aňa kirmi-kelanlar beklenen.

Kirman (p. Kirma:n) كرمان – eyranyň günorta-gündogarynda erleşyän sekizinji welayaty hem-de şol welayatyň merkezi şäheriniň ady. Kirman welayaty gadym döwürde karamaniya atlandyrylypdyr, ol ahamenidler we sasanylar döwründe örän abat bolupdyr. Kirman şäherine bolsa, gadymda gewaşir diylipdir. Bu şäher ençeme wagtlap aly-bue, seljuklar, horezmşahlar we garahytaylaryň hökümet merkezi bolupdyr, soň çingiz hanyň, teymuryň hüjümine sezewar bolupdyr. Gajarlaryň eyranda häkimiet eden ilkinji yyllarynda bu şäheriň ilaty lutfaly han zendi gizländikleri sebäpli, 1209-njy (1794-1795) yylda agamuhammet hanyň gazabyna duçar bolupdyrlar. Ol ganhor şäher halkynyň yigrimi müňsüniň gözüni çykarmaga buyruk beripdir, birnäçe hepdeläp şäheri talapdyrlar; yigrimi müň ayal-oglan-uşagy-da esir alypdyrlar. Agamuhammet han ölenden soň, fathaly şa gajar kirmanyň täze şäherini köne şäheriň demirgazyk-günbatarynda täzeden saldyrypdyr. Eyranda kirmanyň haly-halçalary örän meşhurdyr. Şäherde köp taryhy yadygärlikler bolupdyr, olaryň ençemesi harabalyga öwrülipdir, şa nygmatylla weliniň mazary kirmanyň mahan dien obasynda erleşyär.

Kazadyr, kysmatdyr ezdde, kirmanda,

Meger tartdy ganlar çowdur han üçin.

Kise (p. Ki:se) كيسه – 1) halta, torba, däne guyulyan uly halta; 2) jübi.

Her bazarda rowaç bolmak isleseň,

Yagşylaryň kisesinde pul bolgul!

Kifaya (a. Kifa:e) كفايه – ser. Kipayat.

Kiş (p. Ki:ş) كيش – 1) ser. Keş i; 2) samyr, samyryň derisi; 3) din, mezhep.

Kişi كيشى – 1) erkek adam, adam; 2) gm. Mert, edermen. Bu sözüň antonimi: dişi, yagny urkaçy.

Hile hem bir batyrlykdyr erinde,

Ony başarmaga kişi gerekdir.

Kişmir كيشمير – uzyn ayakly, togalak kelleli bir möjek; tomzak.

Yylan ogşap aždara,

Mur hökümdar kişmire.

Jan howpundan bolar akylly hayran,

Yylan kişmir görse, ütelgi – tayran.

Kişt (p.) گشت – 1) ekmek, dayhançylyk; 2) hasyl.

Kişti (p. Köşti:) كشتى – ser. Keşti.

Kowmak قاومق – 1) yzyndan ylgamak, kowalamak; 2) çykaryp goybermek, mejbury suratda çykaryp goybermek; 3) işden, wezipeden boşatmak.

Kimi hakdan gorkup, reňňi saralyp,

Kimi dünyä kowup, yüwürip elip.

Kowul (a. Kawl, ks. Akwa:l) قول – 1) söz, kelam (ser.); 2) sözleşme; 3) wada, söz; kowul bermek – söz bermek, wada etmek.

Müjtehit kowly, hadysy-enbiyadyr naskeş,

Her kaçan gelse başyga kaddy nayza ol kuyaş.

Kowum (a. Kawm, ks. Akwa:m) قوم – 1) taypa, jemagat, aralarynda gatnaşyk bolup, bir topary döredyän ynsanlar; 2) bir pygambere uyan jemagat; 3) garyndaş, taypadaş, yakyn adam; kowum-hyş – dogan-garyndaş.

Artyk salgydyny özüň tölir sen,

Agzy ala kowumlara baş bolmaň!

Kowus (a. Gaws) غوث – ser. Gows.

Ylyas kimin ebr çöken suwlarda,

Kowus kimin duman düşen daglarda.

Koy قوى – goyun.

Aç börüdir koy içinde.

Kim görüpdir, koy içinden gurt dörär.

Kokymak, kokamak (koky:mak) قوقيمق//قوقامق – ys bermek, ys gelmek, yakymly ys bermek.

Müşgi-anbar kokyr ysy behişdiň.

Bir gül kokar gözel yaryň bagynda.

Ya müşkmi sen, ya kokunar anbarmyň.

Kottap (a. Kotta:b, bs. Ka:tib) كتـّاب – ser. Kätip.

Köwkep (a. Köwkeb, ks. Kewa:kib) كوكب – 1) yyldyz, uly we parlak yyldyz; 2) pars dilinde bir hili gülüň ady.

Royuňa muştak bolupdyr, köwkepler erge düşer.

Asmanlar jünbüş kylyp, köwkepler yanmyş narymdan.

Köwn (a. Kawn, ikilik sany kawneyn, ks: ekwan) كون – 1) bolmaklyk, barlyk, yüze çykmak; 2) dünyä, älem; köwneyn – iki dünyä, iki älem, maddy hem-de ruhy dünyä; şu dünyä we ahyrъet.

Leyk bilmiş men seni köwneyn era puşt-u penah,

Rehim kyl janym haryky-nar bolmasdan burun.

Köwneyn (a. Kawn-eyn) كونين – ser. Köwn.

Köwre (p. Kewre) كوره – 1) siliň oyup giden eri; 2) harabalyk.

Sen bu derdi yawutmazdyň özüňe,

Ol köwre güzere nişe düşüp sen.

Köwser (a. Kewser) كوثر – 1) göyä hezret aly sakylygyny etjek jennetde bolan mifiki çeşme, howuz ya-da aryk; 2) her zadyň köplügi; 3) hayyr-sahawat edyän uly adam; 4) gm. Gaty süyji zat; howzy-köwser – köwser howzy; aby-köwser – köwser çeşmesiniň suwy.

Behişdiň otlagyn yaylar,

Howzy-köwser suwlagydyr.

Aby-köwser zulalymny içipdir güzerimden;

Köwser sakysy – köwser çeşmesiniň suwundan paylap guyup beriji.

Köwser sakysyndan şerbet içensoň.

Mermerden howuzly, köwser dek suwlar.

Köwser sakysy (a-t. Kewser sa:kysy) كوثر ساقاسى – ser. Köwser we saky.

Köwüş (p. Kefş) كفش – ayakgap; gonçsuz ayakgaplaryň umumy ady; teletinden tikilip, ayaga geyilyän gap.

Köňül turar, «huw!» diyr suyy-semaga,

El üzsem diyr, köwüş, muze, peşimden.

Köz (kö:z) كوز – 1) yanan odundan ya-da kömürden emele gelen ot, çog; 2) yangyn, yalyn.

Magtymguly: «tur, goluňny köze goy.

Şowkuň közüne köydüm, biryana boldum imdi.

Hak yşkydyr bizi goyan közlere».

Köy ı (p. Ku:y) كوى – 1) köçe, kwartal; 2) töwerek; 3) giň yol; 4) oba.

Bu derdime sen derman,

Köyüňde bolam gurban.

Ahy çoh, efgany çoh, bir köe aşyk bolmuşam.

Köy ıı (p. Ku:y) كوى – pikir, hyyal, oy.

Köp köyler bile oturdym,

Bilmedim, ne iş bitirdim.

Bilmedim, yykyldym, turdym erimden,

Serime köy gelip, joşan günler hey!

Günde yüz köy geler-geçer bu başa.

Magtymguly, başyňda yüz köy bardyr.

Köydürmek كويديرمك – 1) yandyrmak, yakmak; 2) gm. Janyny yakmak, erbet yagdaya salmak.

Gahrymynyň ataşy köydürer kül dek,

Kül ornundan gaydyp bostan tapylmaz.

Köymek كويمك – 1) yanmak, yanyp zayalanmak; 2) gm. Janyňy yakmak, örtenmek; käyinmek.

Düşdi yşkyň ataşyga, gylça janym köydi, yar.

Köydüm, bişdim, yar-dostlar, örtendim, eda boldum.

Köks كوكس – kükrek, gursak, döş; göwüs.

Ajal dogry gelse garşy durar sen,

Gaçyp imkäniň yok, köksüň gerer sen.

Başyň göge, köksüň ele getirme.

Köle (kö:le) كوله – 1) gul, bende, gulam; 2) çöpdüybi, zyna döli; haram köle – haram çaga, haramzada, zyna döli.

Huda buyrugyndan ayrylan juwan,

Oynaşyndan haram köle getirmiş.

Köleg (p. Ku:la:k) كولاك – tolkun, gom; tupan.

Keştisi kölegde, bendil almayan,

Düzde gara eriň gadryn hiç bilmez.

Kölek (p. Ku:la:k) – ser. Köleg.

Şitdetiden nar içinde narydan kölek olur.

Köläk (p. Ku:la:k) – ser. Köleg, kölek.

Kömek (p. Komek) كومك//كمك – yardam, arka durma, medet (ser.).

Kömek etseň, yatdan gitmez,

Yagşy dost dostun unutmaz.

Köne (p. Kohne) كهنه – 1) gadymy, öten, geçen 2) ulanylan, sandan galan, zayalanan.

Nazar eylär sizler üşbu dünyäe,

Gelen geçer, durmaz, köne saraydyr,

Akyl ediň gardaşlar, könelerden galan yok.

Köňül كونگل – 1) göwün, içki dünyä, yürek, ynsanyň duygular merkezi; 2) gm. Duygy; täsir; 3) söygi, mähir, muhabbet, yşk.

Hiç köňül şatlygy çykmaz,

Bir köňül yykmayan ärden.

Köpek كوفك – erkek it.

Yssy beren köpek egdir,

Uyatsyz-ykrarsyz ärden.


Yüklə 6,36 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   17   18   19   20   21   22   23   24   ...   72




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin