Magtymgulynyň Düşündirişli Sözlügi, Türkmen ýazyjysy Nurmuhammet Aşyrpur (Aşyrpur Merdeow) tarapyndan ýazylyp birinji jildi 1997 ýylda Eýranyň Gunbedkabus şährinde çapa berildi



Yüklə 6,36 Mb.
səhifə29/72
tarix15.11.2017
ölçüsü6,36 Mb.
#31820
1   ...   25   26   27   28   29   30   31   32   ...   72

Umydym, kyblagähim.

Kimselere behişt mürewwet kyldyň.

Ne mürewwetden eser bar, ne adalatdan nyşan.

Müretdep (a. Morattab) مرتـّب – 1) tertibe salnan, düzedilen; 2) gurlan, döredilen; 3) bellenen, mahsus; 4) yzygiderli, yzly-yzyna.

Bir nagmakäri-yu jan keşwer bozdy sypahy,

Şergyna galam yazdy müretdep ki syyahy.

Müretteb (a. Morattab) مرتـّـب – ser. Mürettep.

Mürettep (a. Morattab) – ser. Müretdep.

Mürit (a. Mori:d) مريد – 1) şägirt, sopy, sufizm taglymatynyň yolbaşçysyna gol beren we ondan şol taglymaty öwrenyän şägirt; 2) mürşüde (ser.) Eeryän adam.

Boyny yogynlarny mürit tutundy,

Yalan söz imanyn aldy, yaranlar!

Mürit hyzmat etmez pire,

Zamana ahyr bolanda.

Kyrk müň müridi hem bar erdi kämil.

Mürçe (p. Mu:rçe) مورچه – ser. Mur we murça.

Mürşüt (a. Morşid) مرشد – 1) yolbaşçy, yol görkeziji, ruhy yolbaşçy, dogry yol görkeziji; 2) pir, sufizm taglymatynyň yolbaşçysy, şyh; 3) gm. Gaflatdan (ser.) Oyandyran, gözüni açan.

Kyrkyňda toba eyläp, bir mürşüde gol biyr sen.

Müňküri mürşüt bilip, yalganny ykrar bildiler.

Taňla ol towpykly gullar mürşüdine daldadyr.

Bir mürşüt etegin tutsam, aglasam,

Yşk oduna jany-jismim daglasam.

Müsewwer (a. Mosawwar) مصوّر - «surat» sözünden; 1) teswirlenen, suratlar we şekiller bilen bezelen; çekilen surat. Bu sözüň «müsewwir» dien formasy «surat çekiji, hudožnik» dien manyny beryär; 2) behişt.

Içinde dört aryk, müsewwer ady,

Ebabil eshaby-filge gowuşdy.

Müslüm (a. Moslim) مسلم – ser. Musulman.

Müstejap (a. Mosteja:b) مستجاب – ser. Mustejap.

Müstejip (a. Mosteji:b) – ser. Mustejip.

Müsür (a. Misr) مصر – egipet, afrikanyň demirgazyk gündogarynda erleşyän bir yurt, uly nil deryasy şonuň ortasyndan geçyär, paytagty kayyr (kahyra) şäheridir. Müsür 1953-nji yylda patyşalyk häkimieti yykyp, respublika boldy. Müsür dünyäniň iň gadymy medenietli yurtlarynyňbiri hasaplanyar, onuň alty müň yyllyk medeniet taryhy bar. Gadymy müsür şalaryna pyrgaun diylipdir. Müsüriň ilkinji pyrgauny biziň eramyzdan takmynan bäş müň yyl ozal höküm sürüp geçipdir.

Magtymguly aydar, älem bakyldy,

Pelek seni müsre aldy, çekildi.

Her kimiň özüne müsürdir jayy.

Ogludyr müsür soltany.

Müshef (a. Moshaf) مصحف – ser. Mushaf.

Müflis (a. Moflis) مفلس – 1) garyp, biçäre, pese düşen, goly dar; 2) söwdada zyyan çekip, garyp galan.

Arryk, müflis, garyp bolan oňalar...

Ajap guş salmaly awlahlary bar.

Müfti (a. Mofti:) مفتى - «fitwa:» sözünden; şerigat we dini kanun esasynda görkezme beryän ruhany adam, pitiwa beryän, şerigat meselelerine yolbaşçylyk edyän adam, dini hökümleri beyan edyän ruhany.

Müftüler mal alyp, rowayat berer.

Nähak pulny alar, hakny köydürer.

Bir pul üçin müfti berer rowayat.

Molla, müfti haka doga okaşyp.

Mühlük (a. Mohlik) مهلك – ser. Muhläk.

Müşgil (a. Moşgil, ks. Moşgila:t) مشگل – kyn, çetin, aňsat däl, agyr, kynçylykly; müşgil etmek – kynlaşdyrmak.

Müşgil sapar bolar ölüm sapary,

Wehimi çoh bolar, köpdür hatary.

Düşmüşem bir müşgile, sen-sen bu işe çäresaz.

Özi müşgil eder asan işini.

Müşgilgüşa (a-p. Moşgil-goşa:) مشگل گشا – kyn işi başaryan, kyn işi bitirip bilyän, kyn meseläni çözüp bilyän.

Sen bir müşgilgüşa sen, kyrk müň altyn borjum bar.

Agayy-müşgilgüşat, ol emiri-müúmünin.

Müşgilgüşat (a-p. Moşgil-goşa:d) مشگل گشاد – ser. Müşgilgüşa.

Müşgin (p. Mişgi:n ya-da moşgi:n) مشگين – 1) müşk yaly; 2) gara reňk; 3) müşk ysyny beryän; müşgin anbar käkil – müşk yaly gara reňkli we anbar ysyny beryän käkil.

Bakmadymy ay näzenin, gülgün yüz üzre sünbüle,

Magrur olma beyle tile kim müşgin anbar käkile.

Müşgül (p. Moşgil) مشگل – ser. Müşgil.

Müşderi (a. Moşteri:) مشترى – ser. Müşteri.

Müşk (p. Moşg ya-da mişg) مشگ – keyigiň belli bir tohumynyň göbeginden alynyan gara reňkli we yakymly ysly madda, muskus (r.).

Melekler müşk ile anbar saçdylar,

Ya müşkmi sen, ya kokunar anbarmyň.

Müşrükin (a. Moşriki:n, bs. Moşrik) مشركين – ser. Müşrük.

Müşrük (a. Moşrik, ks. Moşriki:n) مشرك - «şirk» sözünden; hudaya şärik bar diyip ynanyan, köphudayly, butparaz, kapyr.

Kerb-u belalar tartdylar müşrükleriden kim alar.

Müşteri (a. Moşteri:) مشترى – 1) hyrydar, satyn alyjy, klient (r.); 2) yyldyz ady (yupiter). Müşteri we zöhre – zerduşt dininde biri-birine aşyk bolan iki sany huday hasaplanyar.

Müşteri gapyl oturmyş, bent boluban sözler.

Bagtym müşterisine gurdur bazar, ey dost!

Müúmün (a. Moúmin, ks. Moúmini:n we moúmina:n) مؤمن – 1) iman getiren, dine ynanyan, yslam dinine we muhammet pygambere boyun egyän; 2) dogruçyl, ynamly; emiri-müúmünin – 1) yslamyň görnükli halyfalary; 2) hezret alynyň lakamy.

Jahanda bar işden yaman

Bir müúmüniň azarydyr.

Müúmün bolan müňkür bolmaz sözüme.

Jandan diydim: «ya aly!», tapyldy şahy-merdan,

Agayy-müşgilgüşat, ol emiri-müúmünan.

Müúmünan (a. Moúmina:n, bs. Müúmün) مؤمنان – ser. Müúmün.

Eylemesin her müúmunan mahrum dogadan, ya reb.

Müúmünin (a. Moúmini:n, bs. Moúmin) مؤمنين – ser. Müúmün.

Müúmünun (a. Moúminu:n, bs. Moúmin) مؤمنون – müúmünler, iman getirenler, dine ynanyanlar; dogruçyllar.

Boldy kapyr set saňa ismi-mukarrabyň müúmünun,

Iki dünyä boldy hoşnut rahmatyň görgeç resul.

Mygmar (a. Mi’ma:r) معمار – arhitektor, gurluşyk işine yolbaşçylyk edyän inžiner.

Manjanykga baglanyp, bir ataş içre oklanan,

Käbe binyat eylegen mygmary gördüm – şondadyr.

Mydam, mydama (a. Modam) مدام//مداما - «dowam» sözünden; 1) hemişe, yzygiderli, baky, üznüksiz; 2) şerap, mey; 3) hemişe yagyan yagyş.

Magtymguly mydama doga kylar dergaha,

Sayyl men, mahrum etme dergahyňdan, ya huday!

Mydam olup juende,

Til seniň üçin nalan.

Mydar (a. Meda:r) مدار – 1) güzeran, yaşayyş, gün geçirme, 2) töweregine aylanylyan nokat; 3) gm. Sebäp; mydar eylemek – gün geçirmek; ylalaşmak; yaşamak.

Waslyň umudyna bir dem ygtybarym galmaz-a,

Bolmasa umydy-waslyň, hiç mydarym galmaz-a.

Reft-u amed kyl, mydar eyle,

Söweş etme şir biläni.

Myjabat (myja:bat) مجابت – yalan töhmet, şyltak.

Işanlary her gapyda tapylar,

Mollalara yok myjabat yapylar.

Myzlama (a. Mazlyma) مظلمه – ser. Mazlyma.

Myzrak (a. Mizra:k) مزراق – ser. Mizrak.

Mylayym (a. Mola:yim) ملايم – 1) uygun, muwapyk; 2) yumşak, aram, yuwaş; hoştap.

Eger sen hem bolsaň nerm-u ylayym,

Sen mylayym bolsaň, guluň bolayyn.

Mylayymzada (a-p. Mola:yim-za:de) ملايم زاده – mylayym adamdan dogan, yuwaş we yumşak gylykly adamdan doglan.

Edepli, erkanly, mylayymzada.

Tä ölinçäň bile yöresiň geler.

Mylakat (a. Mola:ka:t) ملاقات – görüşme; tanyşma, birleşme; mylakatly – görşen, gowşan; hoş gylykly.

Mylakatly, şirin dillli, hoş sözli,

Ol periler kä yigide duş geler.

Mylakatly (a-t. Mola:ka:tly) ملاقاتلى – ser. Mylakat.

Myltyk ملتيق – arapçasy: bunduky:ya – tüpeň.

Ajal otdur, ten myltykdyr, jan – gülle.

Ryzk däridir, ataş degse, göçer sen.

Mynajat (a. Mona:ja:t) مناجات – 1) hudaya doga etme; birine öz iç syryňy dökme; hudaya yüzlenip doga okama; 2) hudaya yüzlenip yazylan şygyr; mynajat kylmak – hudaya yüzlenip gijelerine doga okamak.

Ol ybrayym pygamber, bardy allaga dada,

Haka kyldy mynajat, tilinde senasy dört.

Tur, hakyň dergahyna mynajat kyl, gol göter,

Hyzyr doga eyleyip, ylyas etse mynajat.

Mynapyk (a. Mona:fyk, ks. Mona:fyky:n) منافق – 1) iki yüzli (adam); aydyan sözi bilen edyän işi başga; 2) yaranjaň, ara bozujy; şugul; 3) yalandan musulman bolup, aslynda oňa garşy hereket edyän.

Mynapyk zalymny şol gün yakarlar.

Mynapygyň köňli saht seňistandan.

Mynapykyn (a. Mona:fyky:n, bs. Mona:fyk) منافقين – ser. Mynapyk.

Mynasyp (a. Mona:sib) مناسب – gelşikli, yaraşykly, layyk, tay bolan.

Pakyra mynasyp sabr-u kanagat,

Baylar yaraşygy hayr-u sahawat.

«menem» dien goç yigide,

Bir mynasyp yar gerekdir.

Mynafyk (a. Mona:fyk, ks. Mona:fyky:n) منافق – ser. Mynapyk.

Erenler jem bolup, bazar etdiler,

Mynafyklar turup hezer etdiler.

Mynafyklar yaradany bilmedi.

Myrat (a. Mora:d) مراد – 1) maksat, isleg, arzuw; islenen; yürege düwlen; 2) hayyş, matlap.

Hakdan hajat diläp, myradyn isläp,

Gözüm ol yollara bakyp baradyr.

Muňly bolar myradyna etmeen.

Myrdar (p. Morda:r) مردار – ser. Murdar.

Myrryh (a. Mirri:h) مرّيخ – erden kiçiräk bolan bir yyldyzyň ady. Pars dilinde oňa bähram diyilyär. Mifologiyada ol urşuň hudayy hasaplanyar.

Ay-gün batyp, gökde myrryh göründi

Myrryh meni bent eyleyir gözlesem, dost yüzlere.

Mysal (a. Misa:l, ks. Emsele) مثال – 1) yaly, kimin, dek; 2) meňzeş; 3) ölçeg, mukdar; 4) perman, höküm.

Müúmüniň kinesi – keten roymaly,

Gurayança bolar ermiş mysaly.

Mysapyr (a. Mosa:fir, ks. Mosa:firi:n) مسافر – 1) yolagçy, syyahat edyän, sapar edyän; 2) yola gideňde biriniň öyüne myhman bolyan; 3) gm. Pakyr, biçäre; goldawsyz; mysapyrlyk - yolagçylykda bolup horluk çekme.

Yat illerde mysapyrlyk çekenden,

Ursa, sökse, horlasa-da il yagşy.

Jyda düşüp il-yurdumdan,

Mysapyr eylediň meni.

Mysapyrlyk (a-t. Mosa:fir-lyk) مسافر ليق – ser. Mysapyr.

Mysahyp (a. Mosa:hib) – ser. Musahyp.

Mysgal (a. Misga:l, ks. Mesa:gy:l) مثقال – 1) çekilyän ölçeg; 2) takmynan 4,64 gramma barabar bolan ölçeg agramy; 3) gm. Örän az mukdar; 4) yigrimi dört nohuda barabar agram.

Temmäki diyp, her işige yortar sen.

Çala owup, üç mysgaldan tartar sen.

Myh (p. My:h) ميخ - çüy, iki tahtany biri-birine kakmak üçin ulanylyan demirden yasalan ujy yiti metal.

Daglar eriň myhydyr,

Depe özün dag sayar.

Myhman (p. Mihma:n) مهمان – gonak, biriniň öyüne wagtlayynça gelyän adam, oňa güler yüz bilen garap, hyzmat edilyär.

Mert çykar myhmana güler yüz bilen,

Namart özün gizlär, myhman yoluksa.

Mäjüm (a. Me’ju:n, ks. Ma’a:ji:n) معجون – garylan, gatylan; garyşyk derman, birnäçe dermany garyp yasalan derman.

Yüz şerbetden mäjüm edip gatylan,

Gara gaşy ak yüzünde çekilen.

Mäkäm i (a. Mohkem) محكم – berk, gaty, pugta; mäkäm bolmak – pugtalanmak.

Melgun şeytan kimin bezäp, daş örme,

Soňra mäkäm bolar, yykabilmez sen.

Mäkäm ii (a. Mokem) محكم – mäkäm bay. Magtymgulynyň döwründe yaşan gysganç bayyň ady.

Mähnet bilen mal jemg eden mäkäm bay,

Hayryň owwal bolsa, gönder özüňden!

Mäley-mäley مالاى-مالاى – mäläp-mäläp; yzygiderli mäläp; yzygiderli mäleyän halda; «mä» edip, yzygiderli seslenyän halda.

Bir jeren aldyrsa, elden owlagyn,...

Mäley-mäley, yzlamayyn bolarmy?

Mälemek (mä:lemek) مالمك - «mä» edip seslenmek (goyun, geçi we ş.m. Hakynda).

Ak göwsün biyr jeren deňiz eline,

Mäleyir gazaly, çöli gürgeniň.

Mäligi-mahluk (a. Ma:lik-e mahlu:k) مالك مخلوق – ser. Mälik.

Mälik (a. Ma:lik) مالك - «mülk» sözünden; 1) ee, eelik edyän; 2) eelän, ele alan; 3) gm. Hökümdar, patyşa; huday, alla; mäligi-mahluk – yaradylan zatlaryň eesi, huday.

Kaysy mälik dünyäden ogulsyz ötdi gitdi?

Ol nä heley bir agşam ärini yutdy gitdi?

Mäligi-mahluk herne,

Kim etdi sunguň syrna.

Mälik aždar (a. Malik eşter) مالك اشتر – mälik ibn harys nahayy. Onuň lakamy eşterdir. Hezret alynyň yaranlaryndan biri, arap şahyry we serkerdesi, jemel we siffeyn uruşlaryna gatnaşypdyr. Hezret osmanyň garşysyna bolan dildüwşüge gatnaşanlaryň biri. 37-nji hijri (657-658) yylynda hezret alynyň tarapyndan müsüriň häkimligine bellenyär. Emma müsüre baryp etmänkä, oňa zäher berip öldüryärler.

Asmandan inipdir zemine apat,

Isa, mäti, mälik aždar görünmez.

Mälik tüçjar (a. Ma:lik tojja:r) مالك تجّار – yusuby satyn alyp, kengana äkiden söwdagäriň ady.

Mälik tüçjar alyp bardy kengana,

Habar tapdy baky on tört diwana.

Mälim (a. Ma’lu:m, ks. Ma’lu:ma:t) معلوم – belli, äşgär, maglum (ser.) Bilnen.

Diymäň, bize mälim däldir bu dünyä.

Mälim bolmaz, depe nedir, düz nedir.

Mämmetsapa (a. Mohammad-safa:) محمّد صفا – ser. Muhammetsapa.

Märeke (a. Ma’reke) معركه – 1) uruş meydany, arena (r.); 2) yygnak, köpçülik, köpçüligiň yygnan eri.

Märekede aydan sözüň jay tutmaz,

Diňlemezler, aydan sözüň mat bolar.

Garyp ayak yalaň, kendir guşakdyr,

Bir märekä barsa, orny aşakdyr.

Mäsil (a. Mohassil) محصّـل – ser. Masyl.

Mäti (a. Mehdi:) مهدى – abulkasym muhammet ibn al-hasan al-esgeri şayylaryň on ikinji ymamy. Onuň mähdi, hoçjat, ymam al-muntazar, sahyp az-zaman, ymam asyr, ymam gayyp dien lakamlary bar. Dini rowayatlara görä, göyä ol halkdan gayyp bolup gezip yörenmiş we ahyrzaman yakynlanda ene-de geljekmiş we dünyäde adalatly yaşayyş döretjekmiş; ser. Sahypzaman.

Isa bilen mäti gelip, ötensoň,

Ysrafyl bir sayha kylar, yaranlar.

Mäti erden çykar, isa asmandan.

Isa, mäti, lukman aňmaz dermanym.

Mätäç (a. Mohta:j) محتاج – garyp, pakyr, yoksul, hajaty bolan, maddy taydan horluk çekyän, garyp yaşayan, mätäç bolmak – gerekli bolmak, bir zada hajatly bolmak; mätäç eylemek – bagly etmek, zerur etmek, garaşly etmek.

Birewni şah eder, berer köp rowaç,

Birniçeler yyglar, bir pula mätäç.

Mätäje nan bersem, elde zerim yok.

Sen meni namarda mätäç eyleme.

Mähdi (a. Mehdi:) مهدى – ser. Mäti.

Taňry menem diyip eder dalaşy,

Mähdi anyň bile kylur söweşi.

Mähdie (a. Mehdi:ye) مهديه – fatymy halyfalarynyň ençeme wagtlap paytagty bolan şäher, häzirki tunusyň portlarynyň biri. Ony fatymy dinastiyasynyň ilkinji halyfasy ubaydylla al-mähdi (909-934) saldyrypdyr. X asyr geografik çeşmesi bolan «hududälem» atly kitapda (982-983-nji yyllarda yazylan) görkezilişine görä, mähdie öz wagtynda «uly we nygmatly şäher bolupdyr, onda täjirler-söwdagärler köp bolupdyr» (178 s.). Käbir çeşmelerde ymam muhammet mähdi şol erde bolmaly diyilyär.

Samarkant tagtynda gurlan yaylara,

Mähdie dek helfisiz serpaylara.

Mähek (a. Mehek) محك – tyllanyň hilini barlamak üçin ulanylyan gara daş, şony gyzyla sürtseň, onuň hakyky ya-da galpdygyny anyklayar.

Diňle sözüm, ner zarbyny ner tanyr,

Har bakan har tanyr, mähek zer tanyr.

Syr saklayan mähek daş,

Zer yanynda bellidir.

Mähjur (a. Mehju:r) مهجور – 1) ayra düşen, terk edilen, taşlanan; 2) uzaklaşan, uzakda galan; unudylan; mähjur bolmak – ayra düşmek.

Eter tarpatyl-aynda mähjur bolup düşen du:r,

Betgylyk birle boldum jahan içinde meşhur.

Mähz (a. Mahz) محض – sada, gatyşyksyz, halys, sap.

Bu dünyä mähzi bir, müúmünlere külpetsara erken,

Neçün ähli bu gün ertesi görse geda erken.

Mähir (p. Mihr) مهر – söygi, dostluk, muhapbet; hamraklyk; mähr-u wepa – söygi we wadada tapylma.

Aydarlar: hak ermiş mähr-u wepaly,

Şol sözünden hergiz gaydyjy bolma.

Zährin şypa sansam, salmaz mährini.

Mähnet (a. Mihnet, ks. Mihen) محنت – 1) zähmet, ezúet, azar; 2) dert, gaygy, gam; 3) bela, apat; musybat; synag; darel-mähnet – gaygy-gam öyi.

Gider gaygy, galmaz mähnet.

Gije mähnet tartyp kitap görmedi.

Ömrüňni bada berme, sen bu darel-mähnetde.

Saklagyl gaygydan, gamdan, mähnetden,

Haly kylma dünyälikden, döwletden.

Mährap (a. Mihra:b) محراب – 1) metjitde ymamyň durup namaz okayan eri; 2) gm. Söygüliniň gaşlary.

Arka bermiş mähraba,

Yüzün bermiş kitaba.

Ey zülpi-saçyň anbar,

Mähraby-yüzüň münber.

Metjit kaysy, mährap kaysy bilmedim.

Mährem (a. Mehrem) محرم - «haram» sözünden; 1) yakyn adam, yakyn garyndaş; är-ayal bolmaklyk haram bolan maşgala çleni; 2) şerigat boyunça rugsat edilmeyän zat; 3) biriniň gizlin syrlaryny we hususy yagdayyny bilyän adam; 4) syr, gizlin, her bir adama aydylmayan söz; antonimi: nämährem (ser.).

Niçe mährem binowalar tapdylar andan nowa,

Menyg eden adna meni bagtym syyahydyr köňül.

Mähriban (p. Mihr-ba:n) مهربان – mähirli; rehimli, söygüli; muhapbetli.

Eşit adam, dogan ilden –

Gayry mähriban yurt bolmaz.

Gitdi sabrym-takatym, ol mähribandan ayrypdyr.

Mähtap (p. Mehta:b we ma:hta: b) – ser. Mahtap.

Sen göyä mähtap sen, eshabyň ahtar.

Mähter (p. Mihter) مهتر – ser. Mehter.

Mähtäç (a. Mohta:j) محتاج – mätäç, garyp, yoksul, pakyr, mähtäç etmek – el garama etmek, mätäç etmek.

Derman bolmaz alaja,

Zat bermezler mähtäje.

Ya, yaradan, etme namarda mätäç,

Dilegim duş etme zalyma meniň.

Mähuz (a. Ma’hu:z, ks. Ma’hu:za:t) ماخوذ - «ahz – almak» dien sözden; 1) alnan, kabul edilen, ele getirilen; 2) jogapkärlige çekilen; 3) alnyp salgylanylan; aydylan; mähuz etmek – almak; jogapkärçilige çekmek.

Islese nary-sakar, ymmatlaryn mähuz eder,

Dep ola nary-jähennem haybatyň görgeç resul.

Mähuzat (a. Ma’hu:za:t, bs. Ma’hu:z) مأخوذات – ser. Mähuz.

Mähfil (a. Mahfil, ks. Maha:fil) محفل – yygnak, yygnanyşyk, yygnanylyan er, toplanylyan er; 2) yygnanan topar, meylis, jemgyet; 3) metjitde hökümdar üçin mahsus er.

Ol aşagy gäwgaladyr, gayrasy ot mähfili,

Yokarsy şähri-zenan kantak saraydyr ol, beli.

Mäşe (p. Bi:şe) پـيشه – ser. Bişe.

Mäşeleri şir-peleňli

Gül, gügüzar nowça bileňli.

Mäúwa (a. Meúwa:) مأوا//مأوى – yurt, mesgen, mekan, öy, jay, gaçalga, öwzar; sinonimi: menzil (ser.).

Menşeyi-belada menzil-u mäúwa.

Ahyrъet mäúwasyny yhsan ile abat kyl.

Mäújun (a. Me’ju:n) معجون – ser. Mäjüm.

Mäúmen (a. Meúmen) مأمن - «emn – dynçlyk» dien sözden; dynçlyk er, emn er, gaçyp atalga, gaçyp barar yaly dynç er, howpsuz er.

Bir nazar sal, mäúmenden geçip, öz ahwalyňa,

Aç gözüň, ybrat bile, topraga dolmasdan burun.

Gutlug enfasy bile refg eylegey men mäúmen.

Mäúmun (a. Meúmu:n) مأمون – abdylla. Harun ar-reşidiň ogly. Apbasylaryň edinji halyfasy. Dogany emin 198-nji hijri (813-814) yylynda maryda öldürilenden soň halyfa bolyar. Onuň ejesi eyranly eken, şoňa görä, eyranly fazl ibn sähli wezir belleyär. Mäúmun 218-nji hijri (833) yylynda aradan çykypdyr.

Abubekir gan yyglap farsda galsa,

Aly, mäúmun, abisdama (?) Deň bolsa.

Mäúhuz (a. Ma’hu:z) مأخوذ – ser. Mähuz.

Mäúyus (a. Meúyu:s) مأيوس – göwni çökgün, umytsyz, pessimist; mäúyus bolmak – göwni çökgün bolmak, umytsyz bolmak.

Baky ömrüňni ki, sarp et, merdümi-pähmide bol,

Makdamyda baş goyup, mäúyusy-merdümdide bol!

- n -
Nabina (p. Na:-bi:na:) نابينا – kör, gözi batyl, göreçden mahrum adam; nabina etmek – kör etmek, göreçden mahrum etmek.

Illalla taňrynyň ol mugjuzatyn,

Yakupny nabina etdi, yaranlar.

Nabut (p. Na:-bu:d) نابود - yok etme, yok bolma; aradan çykmaklk, yok bolmaklyk; nabut etmek - yok etmek; nabut bolmak - yok bolmak.

We ya destur bergil ki, yutaly,

Anyň jismini hem nabut eteli.

Naw (p-t. Naw) ناو – 1) gämi; gayyk; uly gämi; 2) her bir uzyn we içi boş zat.

Aby-towpyk yuwdup jesedim nawun.

Ol gyzyň boynuda hamyla galdy,

Seyh gyzy öldürip, daş nawga saldy.

Nagamat (a. Nagama:t, bs. Nagme) نغمات – ser. Nagma.

Nagara (a. Nakka:re) نقاره – 1) dep çalyan; 2) dep, laňňara.

Gopuz alyp, beyik nagara çaldyrsam,

Ya reb, habar bilerinmi, yar, senden!

Nagleyn (a. Na’l-eyn, bs. Na’l) نعلين - «na’l – nagl» sözüniň ikilik sanyny bildiryän söz; 1) bir jübüt ayakgap; 2) ruhanylaryň geyyän bir hili ökjesiz köwşi.

Häki-nagleyniň zyyayy-çeşmi arşy-agzamyň.

Nagleyni arşa täçdir,

Ady äleme paçdyr.

Iki nagleyni arşyň kellesinde täji-agladyr.

Nagma (a. Nagme, ks. Nagama:t) نغمه – owaz, heň, aydym; nagma okymak – sayramak, heň etmek.

Göyä murgy-säherdir, şeb suhan eylär agaz,

Bag içre bilbil olup, okyr nagma hezar saz.

Hezar müň nagmasy, yüz müň mukamy.

Nagmagär (a-p. Nagma-ger) نغمه گر – aydymçy, aydym aydyan; sazanda.

Bir nagmagäri niçe nowalar çalyp etdi,

Mejnuny görüň, çäki-giriban bolup ötdi.

Nagra (a. Na’re) نعره – gykylyk, gygyrma, haykyrma, gaty ses, galmagal; nagra çekmek (tartmak) – gykylyk etmek, haykyrmak, gaty ses çykarmak.

Zar eyleyip çeken ahym nagradyr.

Kyrk aşyk nagra çekip, urgan şugla oduny.

Magtymguly, habar ber, ol kim, deryaga girdi?

Her dem nagra çekende, deryany tupan kyldy?

Nagt (a. Nakd. Ks. Noku:d) نقد – 1) pul, zikge, gyzyl-kümüş pul; 2) puldan ybarat bolan baylyk; 3) bar, bar bolan zat; halys, sap, arassa; 4) tayyar, häzir; 5) oňady erbetden saylamak, tankyt; antonimi: nesue.

Dört müň altyn zer nagdy,

Çep goynuna bir agdy.

Naguzy-billa (a. Na’uz-o billa:h) نـَعوذ ُ بـِالله – hudaya sygynyaryn, hudaya penalayaryn, hudaya pena! Hudaya sygyndyk.

Bergen aklyn alyp, naguzy-billa,

Mal-u mülkün, tagtyn taraç etmesin.

Nagyş (a. Nakş, ks. Noku:ş) نقش – 1) bezeg, zynat; 2) surat, kartina; 3) surat çekme; 4) rolü; 5) bagt; nagyş etmek – surat çekmek, bezemek.

Köňlümge gelen nagyşlar gözlerge peyda bolsa ger,

Goşulsalar köp nadanlar, kämil bolup, merdan çykar.

Nagyşbendi (a-p. Nakş-bendi:) نقشبندى – 1) bahawetdiniň lakamy; 2) sufizmde şonuň yolbaşçylyk eden ugrunyň ady. Bu ugruň yolbaşçylaryna (şyhlaryna) bahawetdin nagyşbendiden öň hajagan (hojalar) diylipdir; ser. Bahawetdin.

Nadan (p. Na-:da:n) نادان - «na, ne» - yoklugy aňladyan goşulma; «dan» - «danesten – bilmek» işliginiň häzirki zaman köki; akmak, bilimsiz, hiç zat bilmeyän; sowatsyz, ylymsyz.

Yamanyň zyyany iline eter,

Nadanyň peydasy özüne degmez.

Najyp (a. Naji:b, ks. Nojaba:) نجيب – ser. Nujeba.

Nazar i (a.) نظر – göz, göreç; 2) oy, pikir, garayyş.

Kim bar sözleşerge baryp nazarna.

Nazarym etişgeç şol tört merdana.

Nazar ii (a.) نظر – garayyş, seretme, bakma, gözleme; nazar kylmak (salmak, eylemek) – bakmak, seretmek, garamak, gözlemek.

Ol yaradan kylmaz nazar.

Ten kapasga giriftar, gel, jana nazar eyle.

Gudratydan derya kyldy,

Haybat birlen nazar saldy.

Nazargäh (a-p. Nazar-ga:h) نظرگاه – 1) seredilyän er, görülyän; 2) dünyägarayyş, garayyş, nukdaynazar.

Ant bir derya – girse çykmaz her bende,

Nazargäh bar her müumüniň köňlünde.

Nazzara (a. Nazza:re) نظـّاره – tomaşaçylar, bir zada seredyän adamlar; 2) dürbi.

Kyçgyryp peryat eder, zährini salgay duşmany,

Neyleyin şeyb dowzaha nazzara bolgan naskeş.

Nazyl (a. Na:zil) نازل – inme; aşak düşme; gelme; iberilme; nazyl bolmak – inmek, aşak düşmek, iberilmek.

Ya resuly-älemeyn, ya seyyidi hayryl-beşer,

Kim seniň şanyňa nazyl boldy ol şakkyl-kamar.

Nazyr (a. Na:zir) ناظر – seredyän, garayan, gözleyän; üstünden seredyän; nazyr bolmak – garamak; üstünden seretmek.

Sen görmeseň, ol-ha saňa nazyrdyr.

Utangyn, eymengin, goygun bu işi!

Nay (p. Ney) نى – 1) üflenip çalynyan saz guraly, tüydük; 2) gargy, gamyş.

Çeň şowkundan ol nigär ne nalaga düşdi nay.

Surayy çilimniň nayy gözel sen.

Naybaday نايـباداى – soňudagynda bir geçelgäniň ady.

Hatarlanşyp kerwen eter,

Naybadaydyr yoluň seniň.

Nayzabaz (p. Nayze-ba:z) نيزه بار – nayza bilen oynayan, nayza bilen uruşyan; nayzaly esger.

Üç müň nayzabazy bardyr nökerden,

Tört müň pildary bar gala yykardan.

Nayyp (a. Na:ib, ks. Nowwa:b) نايب – 1) orunbasar, başga biriniň ornuna şonuň işini erine etiryän adam; 2) yaran; kömekçi; yoldaş; 3) leytenant.

Taňry pygamber sözünden bihabardyr pirler,

Pasykny kazy bilip, nayypny soltan diyrler.

Nayşeker (p. Ney-şeker) نيشكر – şekerçiňrik, gant, şeker alynyan çiňrik; ser. Neyşeker.


Yüklə 6,36 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   25   26   27   28   29   30   31   32   ...   72




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin