Magtymgulynyň Düşündirişli Sözlügi, Türkmen ýazyjysy Nurmuhammet Aşyrpur (Aşyrpur Merdeow) tarapyndan ýazylyp birinji jildi 1997 ýylda Eýranyň Gunbedkabus şährinde çapa berildi



Yüklə 6,36 Mb.
səhifə32/72
tarix15.11.2017
ölçüsü6,36 Mb.
#31820
1   ...   28   29   30   31   32   33   34   35   ...   72

Özüm halka näkabyl, ykbalym keç, bagtym şor,

Näşayysta agmalym, göyä gadam urar kör.

Näkes (p. Na:-kes) ناكس – adamkärligi yok, pes adam, wyjdansyz, ynsapsyz, yaramaz adam; namart; muhannes (ser.).

Akylsyz, näkes bolmasyn.

Haramydyr haramzada, näkesdir.

Kişini kemsiden özi näkesdir.

Näkuwwat (p-a. Na:-kowwat) ناقوّت – kuwwatsyz, güyçsüz, gurpsuz.

Agzasyna şikes gelip, sargaryp,

Näkuwwat, natuwan, nalaç etmesin.

Nälet (a. La’net) لعنت – ser. Lagnat.

Nämagmur (p-a. Na:ma’mu:r) نامعمور – abat däl, weyran, harap.

Magtymguly, misginem, köňlüm öyi nämagmur.

Sözge yakyn bende men, hayrym kem, şerim zur.

Nämährem (p-a. Na:-mehrem) نامحرم – yat, keseki, maşgala üçin keseki adam.

Nämährem gören gözleriň,

Şol gybat eden sözleriň.

Biwepadyr, nämähremi gözleme.

Näperman (p. Na:-ferma:n) نافرمان – boyun egmeyän, buyrugy erine etirmeyän; başyna giden, topalaň turuzyan.

Ya muhammet mustapa, siz barçaga puşt-u penah,

Nefsi-näperman goluda kylmyşam dayym günäh.

Näpisint (p. Na:-pesend) ناپسند – halanmayan, yaramaz, gelşiksiz, bet, gowy görülmeyän iş.

Näpisint iş çykmaz andan hiç sözde,

Yakyn-u yadyny biler bir gözde.

Närse, nerse نارسه//نرسه – zat, predmet, bir zat, arapçasy «şey».

Ol ne gözdür, kirpigi yok, gaşy yok?

Gözlülerden yagşy närseler görmüş?

Jahan guryp, närse galmaz iymäge.

Näsaz (p. Na:-sa:z) ناساز – 1) garşy, ters, tertip-düzgüne garşy; 2) gelşiksiz, tagaşyksyz, bap däl, uymaz.

Magtymguly, näsazlara duş bolup,

Hojanyň, seyidiň yörüşin görüň.

Nätuwan (p. Na:-tewa:n) ناتوان – ser. Natuwan.

Näumyt (p-a. Na:-omi:d) نا اميد – ser. Namut, nowmyt.

Nähak (p-a. Na:-hak) ناحق – nädogry, nädürüst, hak däl, hakykat däl, dogry däl.

Müftüler mal alyp, rowayat berer,

Nähak pulny alar, hakny köydürer.

Näheň (p. Neheng) نهنگ – 1) balyklar toparyndan bolan uly deňiz haywany, kit, akula; krokodil (r); 2) gm. Uly, äpet. Läheň şekilinde-de gabat gelyär.

Daglardan kuwwatly, derya haybatly,

Ötgür almaz dişli, näheň sypatly.

Humayun dagynda şirleriň şahy,

Göyä bir neheň sen möwji-deryaya.

Nähir (a. Nehr, ks. Enha:r) نهر – derya, çay, aryk; daşgyn nähir - joşyan derya.

Ötmek müşgil bolar daşgyn nähirden,

Minnetli aş ajy bolar zäherden.

Nähy (a. Nehy) نهى - öňüni alma gadagan etme, yapma; nähy kylmak (etmek) – gadagan etmek, öňüni almak; nahy-e munker – ser. Emri-magruf.

Ey yaranlar, nähy kylmyşdyr any bizge ahat,

Pikir edip, zikr eyledi kim, halk era abdyssamat.

Nähoş (p. Na:-hoş) ناخوش – 1) syrkaw, kesel; göwni hoş däl; 2) betgelşik; halanmayan.

Uly iller nähoş boldy,

Hak, uzatgyl ol lukmany.

Näçag (p-t. Na:-ça:g) ناچاغ – näsag, keypi kök däl, möwsüminde däl.

Aldy köňlüm, gitdi aklym, ten mydam näçagdyr,

Kaddy-kamaty belent, zibaya aşyk bolmuşam.

Näçaglamak (p-t. Na:-ça:glamak) ناچاغلامق – näsaglamak, nähoşlamak.

Yagy görende, namartlar

Näçaglap, owrat görüner.

Näşayysta (p. Na:-şa:yiste) ناشايسته – ser. Naşayysta.

Näşat (p. Na:şa:d) ناشاد – şat däl, hoşal däl; gaygyly, gussaly, tukat.

Magtymguly, bimyradam,

Iller hoşdur, men näşadam.

- o -
Owaz (p. A:wa:z) آواز – 1) ses; 2) nagma, heň, aydym; owaz urmak – ses etmek; ebirler owaz urup – bulutlar ses edip, gök gürrüldäp; 3) ser. Awaz.

Ebirler owaz urup, dag kylar duman peyda.

Ol kimdir, yalaňaç garyp oturmyş,

Owazsyz äleme sözün etirmiş.

Owaza (p. A:wa:ze) آوازه – 1) dabara, şan, şöhrat; 2) ses, nagma, heň, aydym; 3) ser. Awaz we awaza.

Owazaň çyn-maçyn, daglar aşasy,

Seni görenleriň akly çaşasy.

Owazasy düşüp rum-u emenge,

Müsür, şam-u hindistan-u dekenge.

Owwal (a. Awwal) اوّل – 1) ilki, ilkinji, birinji; 2) geçmiş, esgi, gadymy.

Owwal aldap biyr sen baly, dünyä hey!

Owwaldan soň diňläň aşyk sözüni,

Bilip bolmaz gün-ay, gije-gündizni.

Owwalan (a. Awwalen) اوّلا ً – 1) birinjiden, birinji derejede, birinji bolup; iň birinji, iň ilki.

Owwalan yaratdy adam atany,

Aňa jübt eyledi howa enäni.

Owgan (p. Afga:n) افغان – 1) orta aziya, eyran we hindistan aralygynda yaşayan bir musulman halk; 2) şol halkyň yurdy bolan owganystan. Bu sözüň arapça köplük sany «afa:gana» bolyar.

Dogan köňüldeş syrdaşlar,

Eyran, turan, owgan aşdy.

Owkat (a. Awka:t, bs. Wakt) اوقات – 1) wagtlar, zamanlar, döwürler; 2) nahar, iymiş; owkat sürmek – wagt geçirmek, gün görmek.

Her biriniň bardyr yüz-müň hyyaly,

Owkat sürüp, gördüjegi hal bolar.

Owlak آولاق – geçiniň, keyigiň alty aylyga çenli çagasy.

Bir jeren aldyrsa elden owlagyn,

Mäley-mäley yzlamayyn bolarmy?

Owmak آومق – owratmak, bir zady owkalap mynjyratmak, owradyp kül etmek; owkalap yumşatmak.

Temmäki diyp, her işige yortar sen,

Çala owup, üç mysgaldan tartar sen.

Owrak (a. Awra:k, bs. Warak) اوراق – ser. Warak.

Owrat i (a. Awrat) عورت – 1) adam endamynyň uyat erleri, ynsanyň utanyan işi; 2) ayal.

Yagy görende, namartlar,

Näçaglap, owrat görüner.

Owrat ii (a. Awra:d, bs. Wird) اوراد – ser. Wirt.

Owsap (a. Awsa:f, bs. Wasf) اوصاف – ser. Wasp.

Owsun (p. Efsu:n) افسون – 1) jady, jadylama; 2) doga, jadygöyleriň we azayymhonlaryň jadygöylik edyän wagtynda aydyan sözleri; 3) göz baglama; 4) mekir, pirim, hile; owsun urmak (atmak, okamak) – 1) göz baglamak, jadylamak; 2) gm. Haybat atmak.

Owsun urup, köp towlandy.

Owsun okap, ara gelmez em bilen.

Owsun urup, hüthütni inderdigim bilmezmiň.

Dag-dereler lerzan urar,

Owsun atyp, sil biläni.

Owtan (a. Awta:n, bs. Watan) اوطان – ser. Watan.

Owtat (a. Awta:d, bs. Watad) اوتاد – 1) çüyler, myhlar; 2) weliler, pirler; sufizm taglymatyna görä, dünyäniň dört tarapynda dört sany uly pir barmyş, olar dünyäniň diregi hasaplanyar, şolara «owtat» diyilyär. Olaryň biri ölse, orunbasarlary olaryň ornuny tutyarmyş. Şular arkaly allatagala göyä dünyäniň dört künjüni gorap saklayarmyş. «keşşafda» görkezilişine görä, gündogardaky owtadyň ady abdyrahman, günbatardaky abdylwudut, günortadaky abdyrahym we demirgazykdaky hem abdylkudusdyr. Bular dört sütün bolanlary üçin, olara «owtat» diyilyär. Käbiriniň aytmagyna görä, günbatardakynyň ady abdylúalym, gündogardaky – abdylhay, demirgazykdaky – abdylmurit we günortadakynyň ady-da abdylkadyr bolmaly.

Ene owtat diyrler tört kimerse bar,

Dünyäniň tört künjün çekip otyrmyş.

Owuç اويچ – gysym, bir gysym, bir eliň ayasynyň gysylandaky boşlugy.

Aslyň owuç gumdur, dem bir nepesdir,

Özüňe bir dolan, işiň ebesdir.

Ogşamak اوخشامق – meňzemek, meňzeş bolmak.

Yabandaky suwsuz aryga ogşar,

Her kimiň sahawat-hayry bolmasa.

Ozan اوزان – bagşy, sazanda, halk şahyry.

Döwlet ile geler bolsa,

Başdan – burun ozan geler.

Oy (o:y) اوى – 1) pikir, aň; 2) oyuk, çukur, oyuk er, çukur er, pes er; oy kylmak – pikir etmek.

Ey musulmanlar, halal diyp, kylmaňyz hiç oyuny.

Pelek goymaz bu gezdigiň sarayda,

Gurt bile koy mydar etmez bir oyda.

Oyluk اويلوق – gyzyletrek etrabynda eriň ady. Kä adamlar «öylük» şekilinde-de aydyarlar; ser. Öylük.

Oylukda yaylany gursak,

At çapdyryp, bayrak bersek.

Oymak اويمق – köwmek, oyuk etmek, çukanak etmek.

Nijeleriň görer gözün oydular,

Nijeler maymyn dek dursa gerekdir.

Oynamak اوينامق – 1) gymyldamak, hereket etmek; 2) oyun bilen meşgullanmak; 3) oyunda bir roly erine etirmek.

Her tarapdan çülke-çülke, bulut oynar, salar kölge,

On iki dag, edi jülge sökem yusup die-die.

Oynah اويناخ – 1) oynag, oyun etme, oyun; 2) oyun edilyän er, dürli oyun edilyän er.

Seyran etsek gunçasyna, gülüne,

Bakjasynda bilbil oynahlary bar.

Oynaş اويناش – ayal bilen kanunsyz yaşayan erkek ya-da erkek bilen nikasyz yaşayan ayal.

Huda buyrugyndan ayrylan juwan,

Oynaşyndan haram köle getirmiş.

Ok اوق – 1) yay bilen atylyan ujy süyri demirden edilen inçe we gysga gural, tir; 2) käbir zadyň uzyn bölegi. Meselem, arabanyň oky, maşynyň oky; 3) gm. Ok yaydan çykmak – iş işden geçmek.

Gelse, aklym dagydar, gitse, kararym yok meniň.

Gamzasy ok, gaşlary ol yaya aşyk bolmuşam.

Ajal goymuş ok gözüni kirişe,

Bilip bolmaz näwagt jana erişe.

Okam اوقام - «okamak» işliginden; okayyn. Işligiň buyruk formasynyň birinji yöňkemesiniň birlik sanynda gelen görnüşi, many jähtden isleg aňladyar.

Magtymguly dost yüzünden, durmaz, akar yaş gözünden,

Bilbil bolup, yar sözünden okam yusup die-die.

Ol ne mahluk اول نه مخلوق – şahyr «üçi öwlatdan» dien goşgusynda buludy göz öňünde tutup, şeyle yazyar:

Ol ne mahluk, gök-pelege gonarlar,

Gähi inip, er yüzünde dynarlar?

Bu erde magtymguly asmanda duran bulutlary, olaryň kähalatda ümür we yagyş görnüşine öwrülip, ere yakynlaşyandygyny ya-da yagyş bolup ere düşyändigini göz öňünde tutyar.

Olak (t.) اولاق - «olmak» işliginiň häzirki-geljek zaman formasynyň birinji yöňkemesiniň köplük sany (ol-ak); olaylyň, bolmakly, bolmak.

Biz islärdik olak yaran,

Nesip bizi saldy hayran.

Olasy اولاسى – bolyar; wagt olasy – käwagt bolyar.

Wagt olasy, bir el düşer serime,

Hyyal hüjüm eyläp, joşy yandyrar.

Olmay اولماى - «olmak-bolmak» işliginden yasalan ortak işliginiň yokluk formasynyň gadymy görnüşi; bolman; olmaya giryan – giryan bolman, aglaman.

Magtymguly, her zaman, neyläyin olmay giryan,

Pikir layyna batdym, çykabilmes men bir yan.

Olmak اولمق – bolmak; lazym olmak – gerek bolmak.

Söz bile için açyp, kabz olup dolan köňlüm.

Lazym oldy okymak aynal-hak-u minel-hak.

Olmuş اولميش - «olmak-bolmak» işliginden yasalan ortak işligiň gadymy formasy; bolupdyr.

Paşmagy täç olmuş gök kellesine,

Ya muhammet – resululla haky üçin!

Olturmak اولتورمق - «oturmak» sözüniň köne formasy; oturmak, bir erde erleşmek.

Olturypdyk, geldi iki pirzada,

Gözünden yaş akar, dili dogada.

Olturyp tagzym kyldy:

«salam aleyk, ya aly!».

Olum اوليم – deryanyň yapy-aşakrak eri, deryanyň mal yakylyan ya-da suw alynyan yapyrak kenary.

Golun sallap, maral gabak periler,

Iner olumyndan däli gürgeniň.

Olunmak اولونمق – bolmak, bolmaklyk. «olmak» işliginiň gaydym derejesi.

Malyňa, mülküňe magrur olunma,

Ey, yok erden gelen gitdi bu raya.

Omar (a. ’Omar) عمر – omar ibn hattap ikinji halyfa (634-644). Ol abubekirden soň 13-nji hijri (634-635) yylynda halyfa bellenyär. Onuň atly gyzy muhammet pygamberiň ayallarynyň biri bolupdyr. Ol eyranyň köp erini basyp alyar. 19-20-nji hijri (640-641) yyllarda emr asyň yolbaşçylygynda müsüri-de boyun egdiryär. Muhammet pygamberiň mekgeden medinä hijret edende (göçen) yylyny musulmanlaryň taryhynyň başlanyşy diyip yglan edyär. Omar küwfe, basra yaly täze şäherleri gurduryar. Ol örän sada, utanjaň, pespäl adam bolupdyr. Gijelerine metjitleriň eywanynda garyplar bilen bile oturyp-turupdyr. Donunyň birnäçe yamasy bolupdyr, döwlet hazynasyndan pul almandyr. Onuň «faruk» («adalatly, dogry bilen nädogryny saygaryp bilyän») dien lakamy bolupdyr. Omar 23-nji hijri (643-644) yylynda on yyl alty ay sekiz gün halyflyk eden soň, elli bäş yaşynda ertir namazy wagtynda firuz (abulüúlü) atly bir eyranly tarapyndan öldürilyär.

Ya dawut, ya jirjis, ybrayym halyl,

Ebabekir, omar, osman, şypa ber!

Omar hayyam (a. ’Omar hayya:m) عمر خيّام – gyyasetdin abdulfath omar ibn ybrahym pars-täjik şahyry, yazyjy, matematik, astranom we filosof. Ol takmynan 1048-nji yylda nişapurda doglup, 527-nji hijri (1132-1133) yylyň töwereginde-de aradan çykypdyr. Seljuk soltany jelaletdin melek şa, onuň ogly soltan sanjar hem-de seljuklaryň meşhur weziri nyzamyl-mülk dagy bilen bir döwürde yaşapdyr. Horasanyň dürli erlerine, balha, mara, ispyhana, bagdada syyahat edipdir, haja baryp gelipdir, öz döwrüniň hemme ylymlaryndan habarly bolupdyr. Melek şanyň tabşyrygy boyunça eyranyň köne kalendaryny takyklap, reforma geçiripdir. Ol «takwymy-jelaly» ady bilen bellidir. Yöne bu kalendarü ulanylman galypdyr. Hayyam «nowruznama» atly kitap hem yazypdyr. Onuň ylmy-filosofik eserleri arap, pars dillerinde yazylypdyr. Olaryň birnäçesi rus, franöuz we beyleki dillere-de terjime edilipdir. Hayyam öz döwründe meşhur alym hökmünde tanalsa-da, soňabaka ol özüniň ajayyp rubagylary arkaly uly şöhrata ee bolupdyr. Ol rubagylar dünyäniň köp dillerine terjime edildi.

Omar hayyama dört yüz çemesi rubagy degişli diyilse-de, uly alymlar olardan diňe yüze golayyny (käbiri diňe altmyş altysyny) hayyamyňky hasaplayarlar. Rubagylar dürli temalara degişli bolup, olaryň mazmuny ayry-ayry alymlar tarapyndan dürlüçe düşündirilipdir. Rubagylaryň esasy temasy filosofik meselelere degişlidir: ynsanyň yaradylyşy barada oylanmalar, şahsyet azatlygy, adalatsyzlyga garşy protest, şu dünyäniň hözirine çagyrmak, köneçilligi, dini möwhumaty paş etmek we ş.m.

Omar hayyamyň progressiw pikirleri türkmen klassyk şahyrlaryna-da ohayly täsir edipdir. Magtymguly onuň käbir şygryny türkmen diline geçiripdir (ser.: z.b.muhammedowa, s. M. Ahally. Magtymgulynyň okan kitaplary baradaky mesele hakynda. «mahtumkuli. Yubileynyy sbornik». Aşhabad, 1961, s.149).

Abu sagyt, omar hayyam, hemedany,

Firdöwsi, nyzamy, hafyz perwany (?).

Omin (a. A:mi:n) آمين – ser. Amin.

Omr (a. ’Omr) عمر – ser. Ömür.

On bäş ayal (t-a. On bä:ş aya:l) اون باش عيال – magtymguly «üçi öwlatdan» atly goşgusynda tebigat hadysalaryndan birnäçesini göz öňünde tutup, şeyle yazyar:

Ne on bäş ayaldyr, artmaz perzendi,

Ol on bäş ayalyň üçi öwlatdan;

Üçi ekiz, ol dört erer peywendi,

Ol ne jumag eylär, ne çykar yatdan.

Birinji we ikinji setirlerden görnüşine görä, «on bäş ayal» diyilyän zat üç we on iki zatdan ybarat bolmaly, çünki ikinji setirde şol «on bäş ayalyň» üçüsi öwlatdan diyilyär. Şu üç öwlat diyilyäni gadymy gündogar ylmynda «mewalidi-selasa» atlandyrylyan tebigatda bolan üç sany «jemat, nebat we haywany» (jansyz, hereket etmeyän zatlary, ösümlikleri we haywanlary) aňladyar. On bäşiň galan on ikisi bolsa, yylyň on iki ayyny bildiryär. «ol dört erer peywendi» diymek biri-birine bagly (peywent) bolan dört pasly, «üçi ekiz» diymek-de her paslyň biri-birine meňzeş mukdarda bolan üç ayyny aňladyar, çünki her pasyl üç aydan ybarat bolyar. «ne jumag eylär» diyilyäni bolsa, şol pasyllaryň hiç haçan biri-birine goşulmayandygyny, her haysynyň özüne mahsus ornunyň, ayratynlygynyň bardygyny bildiryär. Munuň şeyledigini goşgynyň «mydam seyre gezer ol tört deňi-duş» dien setir bilen başlanyan üçünji bendi-de açyk subut edyär. Şuňa görä, yokarky bendi arap elipbiyi bilen baglanyşdyrmaga edilyän käbir synanyşyklar layyk gelenok, berilyän düşündirişler-de ynandyryjy däl (seret: m. Kösäew. Edebiyat taryhynyň käbir meseleleri, türkmenistan döwlet neşiryaty, aşgabat, 1963, 169 s.).

Şu goşgy barada ene-de bir zady yörite nygtamak gerek. Ol-da bolsa, şu çaka çenli şahyryň neşir edilen yygyndylarynda şol goşgudaky «üçi ekiz ol dört erer peywendi» setiriniň yalňyşlyk bilen «üçi ekiz on dört erer perzendi» şekilinde nädogry berlip gelenligidir.

On iki ymam اون ايكى امام – hezret aly we onuň nesilinden bolan on iki adam. Şayylaryň ynanjyna görä, muhammet pygamberden soň şolar onuň yzyny dowam etdirmelimiş. Olaryň atlaryny magtymguly «bagyşla bizni» dien goşgusynda birin-birin sanap geçipdir. On iki ymamyň atlary: 1) hezret aly; 2) alynyň ogly ymam hasan; 3) alynyň ikinji ogly ymam husayyn; 4) ymam husayyn bilen şährbanudan doglan ymam aly zeynal-abydyn; 5) alynyň ogly ymam muhammet (lakamy ymam muhammet bakyr); 6) ymam muhammet bakyryň ogly ymam japar sadyk; 7) ymam japaryň ogly ymam musa käzim; 8) ymam musa käzimiň ogly abulhasan aly (lakamy ryza); 9) ymam ryzanyň ogly muhammettaky (lakamy jewad); 10) ymam muhammettakynyň ogly aly naky; 11) ymam aly nakynyň ogly hasan eskeri; 12) ymam hasan eskeriniň ogly abulkasym muhammet (lakmalary: mähdi, huçjat, ymam gayyp we b.).

On iki ymam, edi weli, çiltenler,

Hyzyr-ylyas nebiulla haky üçin.

On sekiz mekan (t-a.) اون سكز مكان – dini düşünjelere görä, ahyrzaman yakynlanda eriň yüzündäki hemme zatlar yok boljakmyş. Şonda diňe on sekiz mekan galjakmyş. Şolar aşakdakylardan ybaratdyr: sekiz behişt (ser.); edi dowzah (ser.); arş-kürs; lowh-kalam.

Zamana yakyn gelende,

Eri, gögi suw alanda,

Alladan gayry ölende,

On sekiz mekan gitmezmiş.

On sekiz müň älem اون سكز مونگ عالم – köne düşünje boyunça, bütin älem alty müň hili haywandan, alty müň hili ösümlikden we alty müň hili jematdan (ser.) (jisimden) ybarat bolupdyr.

On sekiz müň diyler külli-älemi.

On sekiz müň älem ählin bar eden rebbim jelil.

Oň اونگ – şowly, hayyrly, peydaly, ugruna.

Ykballynyň ugran işi oň görner,

Dünyä yüzi ele girse, teň görner.

Oraz han اوراز خان – xwııı asyrda yaşap, magtymguly bilen sorag-jogap aydyşan şahyr. Bu at soňky döwürde tapylyp, magtymgula yöňkelyän bir goşguda gabat gelyär.

Bizden salam bolsun ol oraz hana,

Tagt üstünde kimse rowaç oturmyş.

Orazmeňli اوراز منگلى – magtymgulynyň döwürdeşi bolan bir şahyryň ady. Magtymguly bilen goşgy aydyşyp, güyç synanyşypdyr.

Bizden salam orazmeňli şahyra,

Musulman-kapyryň parhy kimdedir.

Orda (p. Ordu:) اردو – goşun, bir topar esger; gerek bolan hemme şay-yarag bilen bir ere iberilyän goşun bölegi; döwlet goşuny; 2) çingiz handan soňky bölünen häkimietleriň ady: gyzyl orda, ak orda we ş.m. Orda başy – goşun başlygy.

Orda başy bolmak ayra kyn bolar,

Parça geyse gyz oglana syn bolar.

Dagdan aşyp gyzylbaşyň ordasy.

Ornaşmak اورناشمق – erleşmek, orun almak; oturymly bolmak, ymykly erleşmek.

Bir menzildir, üç gün iyip-içensoň,

Ornaşyp, giňrenip, biliň açansoň.

Orramsy اوررامسى – bozuk, azgyn, ahlak taydan bozuk adam.

Orramsynda bolan haramhor begler,

Yurdy bir yanyndan yyka başlady.

Orta اورته – ara, aralyk; merkez; orta yolda – baryljak yoluň ortalygynda, orta arada; aralykda.

Orta yolda däne döküp,

Tor çekipdir daşymyza.

Orus (r. Ru:s) روس – halk we yurt ady.

Bulgarnyň şäherni ol orus alar,

Orusy deçjal bilen nar harap eylär.

Osal اوصال – 1) ahmal, mümkin; 2) bezme, bizar, melal, sus; gaygy, gam.

Dert başdan aşadyr, işim osaldyr.

Şirin jan riştesi tende osaldyr.

Osman (a. ’Osma:n) عثمان – affanyň ogly, kurayş kabylasynyň yaşulularyndan biri. Ol 23-nji hijri (643-644) yylynda omar öldürilenden soň halyfa bolyar. Muhammet pygamberiň rukúya we ummy-külsüm atly iki gyzyna öylenendigi üçin, oňa «zünnureyn» («iki nuruň eesi») dien lakam berlipdir. Ol segsen yaşynda halyfa bolupdyr. Onuň döwründe tunis, kipr, horasanyň we teberistanyň bir bölegi musulmanlaryň eline geçyär. Osmanyň goşunlary hindistana baryp etyär. Emma osman döwlet hazynasynyň pullaryny köplenç öz garyndaşlaryna paylany we uly wezipeleri-de şolara tabşyrany üçin, halk oňa garşy çykyar. Netijede topalaň turyar. Medinede ony kyrk günläp öyünde gabawda saklayarlar. Ahyrda on iki yyl halyflyk edenden soň, ony öldüryärler (655-756-nji yyllarda). Osman «kurúanyň» häzirki wagta eten wariantyny toplapdyr.

Bagd ez an osmany-zünnureyn, andan soň aly.

Hem taky osman, alynyň aklyny hayran edip.

Otag اوتاغ//اوتاق – yaşalyan jaydaky bir tam; öy, tam, komnata (r.). Bu söz pars dilinde ota:k şekilinde ulanylyar.

On ne handyr, sekiz ermiş otagy,

Otagynyň içiniň aşy nädendir?

Otuz enbiya (t-a. Otuz enbiya:) اوتوز انبيا – otuz pygamber. Şolaryň yigrimi sekiziniň ady «kurúanda» gelyär: adam, idris, nuh, ybrayym, ysmayyl, ishak, yakup, yusup, yunus, isa, musa, muhammet we b.

Ol otuz enbiya, ol otuz eshap,

Barysy şulardyr, bilgil, diydiler.

Oturgan اوتورغان - «oturmak» işliginden yasalan orta işligiň gadymy formasy; oturan.

Yüz müň derwüş syna daglap oturgan,

Riyazatda bilin baglap oturgan.

Oturmak اوتورمق – 1) iki dyzyňy epip, bir erde ornaşmak; 2) belli bir yagdayda bolmak; 3) bir zat bilen meşgul bolmak.

Riyazatda bilin baglap oturgan,

Niçe erde görseň aglap oturgan.

Ofsus (ofsu:s) افسوس – ser. Aksus.

Oh اوخ – ok, tir, yayyň oky.

Her kirpigiň oh oldy.

Oşol اوشول – şol, ol.

Niçe eyyam oşol menzilde galdy,

Pähim eyleyip sözle, niçe iş kyldy.

Oyulmak (o:yulmak) اويولمق – 1) oy bolmak, çukur bolmak; 2) deşilmek, deşik emele gelmek 3) gm. Ayrylmak, çekilmek.

Yyglamakdan yakup gözi oyuldy,

Ady belli, arap tilli söwdügim.

Bir namardyň köp minnetli aşyndan,

El uzatma, oyulawer daşyndan.

Oyag اوياغ – oya, ukuda däl.

Sydk ilen tillerime toba iberseň,

Säher didelerim oyag etişse.

Oyandyrmak اويانديرمق – 1) ukudan turuzmak, oyarmak; 2) gm. Aň-düşünjeli etmek.

Bikär goymay ömür tagty,

Oyandyrsak uymuş bagty.

Oyanmak اويانمق – 1) ukudan turmak; uky gaçmak; 2) gm. Ägä bolmak, düşünmek, habarly bolmak, düşünip başlamak; haby-gaflatdan oyanmak – nadanlykdan çykmak, bihabarlyk ukusyndan turmak.

Oyan, gaby-gaflatdan, ajalsyz ölen köňlüm,

Umyt üzüp dünyäden, dergähden dilen köňlüm.

Ykbalyň oyansa, döwlet yar bolsa,

Daga azy ursaň, dişi syndyrar.

- ö -
Öwj (a. Awj) اوج – ser. Öwüç.

Öwla (a. Ewla:) اولى – 1) gowy, oňat, artykmaç; 2) has layyk, has mynasyp.

Küllüsinden yady-alla öwladyr,

Kimse şeytan sözün bitip baradyr.

Seni istän gedalarga zekaty-husnuňda öwladyr.

Öwlady-hüňkär (a-p. Ewla:d-e hoda: wendiga:r)
اولاد خداوندگار – ser. Öwlat.

Öwlat (a. Ewla:d, bs. Weled) اولاد - çagalar, ogul-gyz, perzentler; nesil; öwlady-hüňkär – häkimiň çagalary, hökümdaryň ogul-gyzy.

Gyz-gözelden mahbup istär hem öwlat.

Öwlady-hüňkäre meňzär hökümli.

Dünyä duşman durur, gapyl adamzat,

Mal bile öwlady yagydyr-yagy.

Öwlüyä (a. Ewliya:, bs. Weli:) اولياءِ – 1) dostlar, kömekçiler; 2) allatagala yakyn adamlar, keramatly adamlar; 3) sufizm taglymaty boyunça, pygamberlerden soň hudaya iň yakyn adamlar. «kurúanda» hemme iman getiren adamlar hem öwlüyä atlandyrylyar. Öwlüyäleriň eten derejesine yönekey adamlar etip bilmeyärler. Olar hudayyň ynanan adamlary bolany üçin, yönekey adamlar olaryň hal-yagdayyndan, işinden habardar bolmaly däl. Şoňa görä, olar hudayyň hökmüni gizlin aňlatmalar arkaly beyan edyärler. Öwlüyäler keramat görkezmeli däl, eger tötänden yüze çykaysa, ony gizlin saklamaly.

Öwlüyäler birnäçe topara bölünyär: aktap, efrat, owtat, budela, nujeba, nukaba. Zamahşarynyň (1074-1144) «el-keşşaf» (2 jilt, 1454 s.) Atly kitabynda hem-de «keşful-mähjupda» we seyit jafar sejjadynyň «mustalahat-e urafa» dien kitabynda berilyän maglumatlara görä, öwlüyäleriň kyrk müňi gizlinlikde gezip, biri-birini tanamayarlar. Olardan üç yüzi «ahyar» atlandyrylyar. Kyrk sanysyna bolsa «abdal» diyilyär. Edisi «ebrar», dördüsi «owtat» we ene üçüsi «nakyp» atlandyrylyar. Öwlüyäleriň iň ulusy «kutb» we «gows» atlandyrylyar. Bu ady tutulan öwlüyäleriň hemmesi biri-birlerini tanayarlar. Käbir çeşmelerde görkezilişine görä, «efrat» - üç, «owtat» - dört sany bolmaly. Olar dünyäniň dört sütüni hasaplanyar. «budela» - edi sany, olara «umena» hem diyilyär. «nujeba» - kyrk sany, olara «rijayyl-gayp» hem diyilyär. «nukaba» - üç yüz sany, olara «ebrar» hem diyilyär. Magtymgulynyň «çykyp oturmyş» goşgusy yörite öwlüyälere bagyşlanyp yazylypdyr. Şonda öwlüyäler toparynyň köpüsiniň atlary tutulyar. Magtymguly «atamyň» dien şygrynda atasyny «çiltenler», «abdallar», «nukaba», «nujeba» we «budala-heftenler» hatarynda goyupdyr.

Öwlüyäler hakda döwletmämmet azadynyň «hekayat» poemasynda hem-de onuň awtografy bolan golyazmada (pars dilinde) (türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golyazmalar instituty, golyazmalar hazynasy, № 546, 645 sah.) Hem gyzykly maglumatlar berlipdir. Şol eseriň «rijayyl-gayp» dien bölüminde şeyle diyilyär:


Yüklə 6,36 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   28   29   30   31   32   33   34   35   ...   72




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin