Magtymgulynyň Düşündirişli Sözlügi, Türkmen ýazyjysy Nurmuhammet Aşyrpur (Aşyrpur Merdeow) tarapyndan ýazylyp birinji jildi 1997 ýylda Eýranyň Gunbedkabus şährinde çapa berildi



Yüklə 6,36 Mb.
səhifə33/72
tarix15.11.2017
ölçüsü6,36 Mb.
#31820
1   ...   29   30   31   32   33   34   35   36   ...   72

Üç yüz elli dagy etmiş öwlüyä,

Kim beyan etmiş hadysy-mustapa.

Gayp erenlerdir bular, ey, yol äri,

Kim rijalyl-gayp diyrler anlary.

Üç yüze abtal bolmuşdyr lakap,

Kyrk hem abdal imiş, ey, dintalap,

Diydiler sayyah erur edi kişi,

Imdi owtat erur dagy bäşi.

Üçüsi aktap erur, bilgil yakyn,

Biri gowsy-azymy-ruyy-zemin...

Üç halyfa ornuda bu üç kişi,

Beyle ermiş öwlüyälerniň işi...

Gowsy-agzam tutsa ger hak buyrugyn,

Janeşin eylär üç aktapnyň birin.

Bäş owtadyň birin aktap bil,

Ediniň birin owtat eylegil.

Üşbu sayyah ornuna owwal äri,

Bil, gelur ol kyrk abdalnyň biri.

Imdi abdalnyň erine bu mahal,

Üç yüzüň birin eylärler bedel.

Imdi ammayy-halk bir bihteri,

Gurby bar erse bolur üç birisi.

Bu sypatdyr öwlüyäler halaty,

Hak tagala hikmeti hem gudraty.

Öwlüyäler barada azadynyň awtografynda pars dilinde şygyr bilen berlen maglumat aşakdakylardan ybaratdyr:

Si:sad-o penja:h-o şeş ten ez ewliya.e ru:zga:r,

Da:imen hestende-o nebu:d z’in adad ha:li jaha:n

Si:sad abta:l äst, çihil abda:l, saya:h äst häft,

Penj owta:d est, se akta:b, di:ger gows da:n.

(türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golyazmalar instituty, golyazmalar hazynasy, inw. № 546, 645 sah.).

(«dünyädäki öwlüyäleriň üç yüz altmyşy,

Mydama bardyrlar, şu sandan dünyä boş däldir,

Üç yüz-abtal, kyrk-abdal, sayyah-edidir.

Bäş-owtat, aktap-üç, beylekisi-de gowsdur»).

Görşümiz yaly, öwlüyäleriň sany kä halatda ayry-ayry çeşmelerde az-kem tapawutlanyar. Muhammet ymmatyndan ilkinji kutb hezret ababekir sytdyk, ahyrky kutb bolsa hezret ymam mähdi (mäti) hasaplanyar. Şu ikisiniň arasynda kutbluk derejesi hiç haçan ayrylmaly däl. Kutb bir bolmaly. «tenbihil-ahawan fi ma’ ryfat-e mahdumguly işan» atly kitapda yazylyşyna görä, kutbdan aşakdaky makam (orun) owtatdyr. Owtat dört bolmaly. Ondan aşakdaky makam ahyardyr, olar edi bolmaly. Olardan soňky makam budaladyr. Olaryň sany kyrkdyr. Bulardan soňky makam nujabadyr, olaryň sany etmiş bolmaly. Olardan soň nukabadyr, olaryň sany üç yüz bolmaly. Eger nukabadan biri ölse, sada adamlardan birini şonuň erine belleyärler. Eger nujabadan biri ölse, nukabadan birini şonuň ornuna goyyarlar. Eger budalanyň biri ölse, nujabadan birini şonuň ornuna belleyärler. Eger ahyaryň biri ölse, onuň ornuna budaladan birini goyyarlar. Eger owtadyň biri yogalsa, onuň ornuna ahyardan birini belleyärler. Eger gows ya-da kutb ölse, onuň ornuna owtadyň biri bellenyär.

Magtymguly «çykyp oturmyş» dien goşgusynda:

Bular meni etdi özlerne hemrah,

Yanyk bagrym yaşyn döküp oturmyş, -

Diyip, özüniň üç yüz nukaba makamyndadygyny yatladyar (10 sah.).

Yokarda hindistany,

Arkada türküstany,

Öwlüyäler ummany,

Ol rumustany görsem.

Gows äre barabar bir kimse yokdur...

Aktap bir menzildir, manzary hakdyr.

Öwmek اومك – magtamak, taryplamak, öwgüsini etirmek, taryp etmek.

Il içinde özün öwer,

El dumany başdan agar.

Öwrat (a. Awra:d, bs. Wird) اوراد – ser. Wirt.

Öwrülmek اوريلمك – 1) dolanmak, yzyňa gaytmak, yzyňa aylanmak, gaydyp gelmek; 2) başga görnüşe geçmek.

Pelek, seniň bu döwletli gerdanyň,

Biziň sary öwrülmezmi, gelmezmi?!

Öwser اوسر – tüwi, ujuk yaly däneleri arassalamak üçin ulanylyan giň we yalpak gap, ol agaçdan yasalyar.

Häkim bolsaň, halky gün kibi çoygun,

Akarda suw, ya öwserde el bolgun.

Öwtat (a. Awta:d, bs. Watad) اوتاد – ser. Owtat.

Öwürmek اويرمك – 1) yzyna gaytarmak; dolamak; 2) bir görnüşden başga görnüşe geçirmek, täze görnüşe salmak; yüz öwürmek - yüz döndermek; gitmek.

Yüz öwürdi mundan birniçe mertler,

Birniçeler bal diyp, batmyş belaya.

Öwüt اويت//اوگوت – nesihat, pent, wagyz; öwüt etmek – nesihat etmek.

Gel, köňül, men saňa öwüt bereyin.

Magtymguly öwüt eder,

Aňlan gulagynda gider.

Öwüç (a. Awj) اوج - yokary, belentlik; bir zadyň iň yokary eri, iň yokary derejesi; iň yokary nokat; öwüç almak - yokarlanmak, güyçlenmek.

Ösdükçe öwç alar dünyäniň eli,

Muhapbet öwjünden yar bir gel diyse.

Ne agyr sarpadyr kaysy öwüçde.

Yigitlik öwjünde heniz hyyalym.

Öwç (a. Awj) اوج – ser. Öwüç.

Ögüt اوگوت – ser. Öwüt.

Ödenmek (ö:denmek) اودنمك – 1) berilmek, erine etirilmek; 2) deregi berilmek; 3) layyk bolmak, mynasyp bolmak.

Yaranlar, barmydyr bu derde çäre,

Örtenip, ödenip gezmeli boldum.

Özge اوزگه – başga, ayry.

Hakdan özge çäre yokdur, ne kylay men, neyleyin.

Gögerse dyrnaklar, alarsa gözler,

Imandan özgesi hiçdir, yaranlar.

Öy أوى – 1) yaşalyan jay; 2) köne döwürde yaşalan gara öy; 3) gm. Yaş; otuz öy – otuz yaş.

Imdi ayak basdyň otuz öyüne,

Gözyaşy saçylar çagdyr, bu çaglar.

Öylenmek اويلنمك – 1) öyli-işikli bolmak; 2) maşgala edinmek, ayal almak, durmuş gurmak.

Yigit halyň garrylyga,

Salayyn diyseň, öylengil.

Öylük اويلك – gyzyletrek etrabynda bir eriň ady. Bu sözi käbir adam «oyluk» şekilinde hem ulanyarlar; ser. Oyluk.

Öylükde yaylany gursak,

At çapdyryp, bayrak bersek.

Öylän (öylä:n) اويلان – günortan, öyle wagty.

Gerdişi keç gabha pelek elinden,

Ertiri şat bolan öylän gülmedi.

Öl (ö:l) اول – gury sözüniň antonimi (tersi, garşysy), çyg, yzgarly, nemli, gury däl. Bu söz magtymgulynyň diwanlarynda «häl» şekilinde-de gabat gelyär.

Bu gün oragyny alar eline,

Öl-gury dalnamay, biçip baradyr.

Ölen اولن – aradan çykan, merhum bolan, wepat bolan, jany çykan.

Her sözüm bir dürdür gadryn bilene,

Delalatdyr doga etmek ölene.

Öleň اولنگ - 1) otluk meydan, çemenlik er; 2) türkmen halk şahyrana döredijiliginiň bir žanry; aydymyň bir formasy, ol dört setirli bolyar; öleňlik – otluk, çemenlik er; meydan.

Illeri bar diňli-diňli,

Sowuk suwly ter öleňli.

Gudrat bilen bir öleňlik köl bolsa.

Gün düşmeen ter öleňli.

Öleňlik اولنگ ليك – ser. Öleň.

Öli اؤلى – 1) ölen, jansyz, diri däl 2) meyit, jeset, öleniň jesedi, läş.

Etmiş iki millet gömer ölüsin,

Segparaz milleti läşi yandyrar.

Ölmek اؤلمك – aradan çykmak, jany çykmak, wepat bolmak, dünyäden ötmek, merhum bolmak, yogalmak.

Ynansaň saňa imandyr,

Ölmek hak, direlmek hakdyr.

Ölüm اوليم - yogalyş, wepat boluş, aradan çykma; gm. Ajal, zäher.

Ölüm zulmun adam boynuna goysaň,

Gorkusyndan saralmazmy, solmazmy?!

Ölçermek اولچرمك – 1) yanyan ody has oňat yanar yaly gozgaşdyrmak, çala yanyan ody güyçli yanar yaly etmek; 2) kesgitlemek, bilmek, ölçegini kesgitlemek; 3) gm. 1) oylanyp görmek; 2) goşgamak; artdyrmak.

Yolda yolukdyrdy çeşmi-jadyny,

Ölçerdim, el çoydum yşkyň oduny.

Ömri-tebah (a-p. ’Omr-e teba:h) عمر تباه – ser. Ömür we tebah.

Ömür (a. ’Omr) عمر – yaşayyş, yaş, yaşayyş döwri, hayat (ser.); ömri-tebah – bihuda ömür, biderek geçen yaşayyş.

Umydym hasyl olmaz bu ömri-tebahymdan,

Jan köydi jeset içre bu ataşy-ahymdan.

Öňi-ardy اونگى آردى – başy-ayagy, öňi-yzy, başy-ahyry.

Yomut, gökleň täsip edip gözünden,

Çykdy goşun, öňi-ardy bilinmez.

Öpüş اؤپوش - «öpmek» işliginden yasalan işlik ady; öpmeklik, ogşamaklyk.

Dünyä zendir, köp oynaşly äri bir,

Bir öpüşde etiň, ganyň sorubiyr.

Öre (ö:re) اوره – 1) meydan; 2) jykyryň sütüni; 3) öyüň, çatmanyň sütüni.

Yygyn görki, yow gününiň öresi,

Üşbu gara eri guçdy diydiler.

Örtemek اورته مك – 1) yakmak, yandyrmak, köydürmek; bişirmek; 2) azap çekdirmek, horlamak, yakmak.

Örteme yşk oduna mundan zyyada bizni!

Men pakyrny örtäp duran nazarda.

Örtenmek اورتنمك – 1) yanmak, köymek, bişmek; 2) gynanmak, yanyp-bişmek; janyňy yakmak; horlanmak.

Oyandym, örtendim, tutaşdym, yandym.

Köydüm, bişdim, yar-dostlar, örtendim, eda boldum.

Örtünje اؤرتونجه - örtük, üste örtülyän zat; düşek; yorgan-düşek.

Yatsa er boldy düşek, örtünjesi parça kilim,

Edi yyl bakdy şugayp goynuny musa-kelim.

Ösmek اوسمك – 1) düşmek, hereket etmek, el düşmek; 2) gögerip baş almak; 3) kämilleşmek, güyçlenmek, giňelmek, yaybaňlanmak.

Panyny baky bildiň el dey ösdüň, yüwürdiň,

Dostuňa az baryşdyň, duşmana yüz çöwürdiň.

Yaryň eli ösdi, özi gizlendi,

Umyt elin gerdi, şunça gözlendi.

Ötgermek اوتگرمك – geçirmek, ötürmek; wagty geçirmek.

Yigitlik eseriň ötgerdim zaya.

Ötgür اوتگور – 1) yiti, kesgir; 2) gm. Täsirli, degerli, yiti many (söz hakda).

Daglardan kuwwatly, derya haybatly,

Ötgür almaz dişli, näheň sypatly.

Öten, ötgen اوتن//اوتگن – geçen; öňki; öň bolup geçen; ozalky; öň geçen.

Ömrüňe aldanma, ötene yanma,

Malyňa guwanma, mülke dayanma.

Ötmek اوتمك – 1) geçmek, geçip gitmek, biriniň ya-da bir zadyň gapdalyndan geçip gitmek; 2) ozup geçmek; 3) geçmek (wagt hakda); 4) gm. Täsir etmek, kesmek (söz hakda); 5) geçmek (haryt, mal hakda); 6) bagyşlamak (günäni).

Dünyäniň düybi ötmekdir,

Myrat – munda iş bitmekdir.

Yagşy günler müň yyl geçse az görner,

Yaman günler az hem bolsa ötmez hiç.

Yol üstünde ölsem, yola atsalar,

Razy men üstümden basyp ötseler.

Ötürmek اوتيرمك – 1) geçirmek, geçirip goybermek; 2) geçirmek, wagt geçirmek; yalançyny hasrat bilen ötürmek – dünyäni gaygy bilen geçirmek.

Yalançyny hasrat bilen ötürmäň,

Bir pasyl döwrandyr, ötdi, yaranlar!

Döwlerni bent edip, dine getiren,

Süre-süre, bu dünyäden ötüren.

Öhde (a. Ohde) عهده – 1) hötde, söz berme, bir işi üstüňe alma; boyun alma; 2) wezipe, borç, bir adamyň erine etirmäge mejbur bolan işi; 3) jogapkärlik; öhdesinden gelmek – hötde gelmek, başarmak.

Magtymguly aydar, bir zat bilmezem,

Işler bardyr, öhdesinden gelmezem.

Öhdesinden gelmek (a-t. Öhdesinden gelmek) عهده سيندن گلمك – ser. Öhde.

Öçmek اوچمك – 1) sönmek, yanmazlyk; 2) hereketden galmak, durmak; 3) görünmez bolmak; 4) gutarmak, tamam bolmak.

Niçäniň maşgaly täzeden yanar,

Niçäniň çyragy öçüp baradyr.

Öçürmek اوچيرمك – söndürmek, yangynyň öňüni almak; 2) yatyrmak, duruzmak; 3) bozmak, ayyrmak.

Gelip, eli bile odum öçürsin,

Yogsa sönmez baran bile, buz bile.

- p -
Pa, pay (p. Pa:, pa:y) پا//پاى – 1) ayak, ynsanyň we haywanyň beden agzalaryndan biri; 2) gadam; 3) bir zadyň gyrasy we aşagy; pay astyna düşmek – ayak aşagynda galmak; payy-bent – 1) bagly, giriftar; ayagy bagly; 2) duşak, ayak bagy; payy-bent olmak – bagly bolmak giriftar bolmak, duçar bolmak.

Yar yolunda gadam goysaň,

Pay ornuna ser biläni.

Payy-bent oldum o gün gam haylynyň dustasyna.

Pay astyna düşdi namysym, arym.

Etip geldim kämilligiň payyndan.

Pabent (p. Pa:bend) پا بند//پاى بند – ser. Pa.

Padywan (p. Pa:de-ba:n) پاده بان - «pada» - süri, mal sürüsi; yylky; öri, öri meydany. «ban» (wan) – saklayjy, gorayjy; ee dien manyny aňladyan poslelog. Padywan – 1) çopan, sürüni gorap saklayan; 2) sakçy, garawul.

Goşun serenjamyn, il serişdesin,

Padywan ogluna bilmek yaraşmaz.

Paeki (p. Pa:eki:) پايكى – 1) pyyada, ulagsyz; 2) yortawul; hyzmatkär; nöker; «pakar» hem diyilyär.

Reyis bolan paekiden pul alar,

Bermese, boynyga gyl arkan salar.

Paende (p. Pa:ende) پاينده – 1) hemişelik, dowamly, ebedi, baky; 2) berkarar, mydamalyk.

Bilbil paende arzuwlar,

Täze gunça, gül-de seni.

Pajyr (a. Fa:jir) فاجر - «foju:r» sözünden; 1) azgyn, azan, yoldan çykan, pyssy-pyjurlyk edyän adam, bozuk; 2) günäkär, zyna edyän adam.

Alymlaryň sözi pendi-nesihat,

Pasyk, pajyrlarga köp bolma ülpet.

Pazyl ı (a. Fazl) فضل – 1) bilim, ylym; talant, ukyp; 2) berim; jomartlyk; artyklyk; sahylyk; 3) bir zadyň galyndysy.

Pazly bilen barça işim bitirip,

Hüyr-u gulman içre ferag etişse.

Pazlyň bile, ya subhan,

Günähim güzeşt eyle.

Pazyl ıı (a. Fa:zil, ks. Fozala:) فاضل – ylymly, bilimli, dana, akylly, ylymda başgalardan artykmaç adam.

Paybest (p. Pa:y-best) پاى بست//پا بست – 1) bagly, giriftar; 2) birine ya-da bir zada höwesi bolan; 3) jayyň fundamenti.

Çünki eyläpdir howa zynjyry birle paybest.

Paylaşmak (pa:ylaşmak) پايلاشمق – 1) bölüşmek, birnäçe bölege bölüp, özara üleşmek; 2) gm. Duygudaşlyk bildirmek, gynanjyna şärik bolmak.

Paylaşarlar halal-haram yygnanyň,

Sen azabyn çeke-çeke gider sen.

Paymal (p. Pa:y-ma:l) پايمال//پامال – ayak astyna düşen, ayak astyna alnan; depelenen; pese düşen, horlanan, zebun bolan; paymal bolmak – ayak astyna düşmek, depelenmek; paymal etmek – ayak astyna almak, horlamak, pese düşürmek.

Andan owwal gam meni paymal edip almalydyr.

Ömrüm paymalymdyr, janym nisaryň.

Nebs ile şeytanyň paymaly boldum,

Eyäm, sen lutf edip, gutargyl ondan.

Payy-bent (p. Pa:y-bend) پاى بند – ser. Pa.

Payy-best (p. Pa:y-best) پاى بست – 1) giriftar, bagly, bir işe ya-da bir zada höwesi bar adam; 2) jayyň esasy, fundamenti.

Weh, ki kylmyşdyr meni jam jahalat esru mest,

Çünki eyläpdir howa zynjyry birle payy-best.

Payy-dest (p. Pa:y we dest) پاى و دست – ayak we el.

Synag bolmaz är daşyndan,

Ne payy-dest gylgyn aytmaz.

Payyz i (p. Pa:i:z) پائيز – güyz, tomusdan soňky, gyşdan öňki pasyl, payzy-hak – hakykat güyzi; gm. Hakyky dünyä, şu dünyä.

Sagy kyl, algyl bahar-u payyzy-hakdan bir semer,

Bagy-ryhlatdan nahalyň bergi solmasdan burun.

Payyz ii (a. Fa:iz) فائيز، فايض – 1) doly, püre-pür; 2) bagtly; 3) kömek beriji; 4) sahy, eli açyk; 5) eňen, üstünlik gazanan, eňiji.

Yygyldy derwüşler, geldi payyzlar.

Ol ne bilbil, okayyr payyz gider semada?

Hemrahynyň bilbilidir, payyz gider semada.

Payyz iii (a. Fayz) فيض – 1) bolluk; nygmat, merhemet; peyda, nep; 2) ylym, bilim; 3) köp zat; köp suw.

Pakr (a. Fakr) فقر – 1) yoksuzlyk; derwüşlik; eli darlyk, pakyrlyk, garyplyk; 2) hakykatyň tarapyny çalyp, mahrumçylyk çekmek; hakykat üçin mahrumçylyk çekmek; 3) pula, mala däl-de, hudaya mätäçlik çekmek. Meselem, «el-fakr-o fahri:» dien hadysda gelşi yaly. Onuň manysy: «meniň hudaya mätäçligim, ony istemegim meniň buysanjymdyr»; pakr ähli – derwüşler, yoksuzlar, garyplar.

Baglayyp böhtan ile, pakr ähline tagsyrlar,

Kimleri pakr-u penada eyledi mätäç aňa.

Pakr ähli (a. Fakr ehli) فقر اهلى – ser. Pakr.

Pakyr (a. Faky:r, ks. Fokara:) فقير – 1) garyp, yoksul; 2) sufizmde hudaya mätäçlik, mala, mülke däl; durmuşda sada yaşayan adam, pakyrlyk – hudayyň hatyryna mahrumçylyk çekmeklik.

Köňül guşy perwaz eder pakyryň.

Istese, deň-duşlar başa altyn täç,

Pakyrlyk mülkünden maňa bergil paç.

Pakyrlyk (a-t. Faky:r-lyk) فقير ليق – ser. Pakyr.

Pal (a. Fa:l) فال – 1) ugur, oňat täley, hoş bagt; 2) bagt we täleyi bilmek üçin käbir geň serişdelere yüz tutmak (mes., kitap açmak, monjuk taşlamak we ş.m.).

Magtymguly, galat boldy bu pallar,

Dert zyyat düşüpdir, zebundyr hallar.

Palan (p. Pa:la:ň) پالان – yüňden ya-da samandan dolduryp bejerilen yük çekyän haywanlaryň arkasyna atylan gaşsyz yumşak bir hili eer; palanly - üstüne palan atylan.

Palanly gatyr dek bolup şanyna,

Bugra boyun möyler soksa gerekdir.

Paluda (p. Pa:lu:da) پالوده – türk dilinde paluze پالوزه we arapça faluzej فالوذج şekilinde ulanylyar. Wermişelü yaly inçejik edilen krahmala (نشاسته) sirop (شيره) ya-da şekerli suw we owradylan buz ya-da gar goşup tayyarlanan sowuk içgi-şerbet. Krahmalyň şol inçejik yüp şekilli görnüşi örän yumşajyk we eňiljek bolany üçin, pere-elege meňzedilipdir. Bu içgi doňdurma satylyan erlerde satylyar.

Magtymguly bu sözi «daşy syndyrar» dien goşgusynda getirip, şeyle yazyar:

Ykbalyň oyansa, döwlet yar bolsa,

Daga azy ursaň, daşy syndyrar,

Täleyiň ters gelse, bagtyň şor bolsa,

Paludanyň peri dişi syndyrar.

Şahyryň 1992-nji yylda neşir edilen birinji jiltinde bu setiriň «paluda» dien aş dişi syndyrar» şekilinde berilmegi hem ölçeg, hem-de many jähetden hakykata ters gelyär, çünki «paluda» dien aş yok.

Magtymgulynyň şu setirlerini gündogaryň beyik klassyk yazyjy-şahyry sagdynyň aşakdaky beydi bilen deňeşdirmek örän gyzyklydyr. Ol şeyle yazyar:

Baht eger ya:ry dähed

haşha:ş sendan mişkened,

Werne yary nedähed

pa:luda dendan mişkened.

(ykbalyň yar bolsa, haşhaşyň

samany-da demiri

syndyrar-döwer,

Eger bagtyň kömek bermese,

paluda-da dişi

syndyrar döwer).

Magtymguly sagdynyň birinji setirini goşgusynyň ikinji bendiniň ahyrky setirinde «haşhaşyň samany başy syndyrar» şekilinde getiripdir. Şeylelikde, iki beyik şahyryň ikisiniň-de «paluda» sözüni bir manyda ulanandyklaryny görmek bolyar.

Pamal (p. Pa:ma:l) پامال – ser. Paymal.

Pany (a. Fa:na:) فانى – 1) hemişelik däl, wagtlayyn, dowamsyz, yok bolup gidyän; 2) dini düşünje boyunça şu dünyä; antonimi: baky.

Bu dünyä panydyr, tutmaz binany.

Magtymguly, dünyä panydyr, pany.

Kimler dier: dünyä yalançy, pany.

Para i (p. Pa:re) پاره – 1) yyrtyk iyrik, yaryk; 2) bölek; topar; parça; 3) san; para etmek – yyrtmak, dargatmak; bölmek.

Nazar kylsa, para eder daşlary,

Birniçäge agu eder aşlary;

Para bolmak - yyrtylmak, yarylmak, bölünmek.

Yürek-bagrym boldy para.

Istihanym altmyş para etdiler;

Para-para – bölek-bölek, tike-tike.

Bu meniň yüregim para-paradyr.

Edi yyldyz gardaşy, ayyň, günüň parasy.

Para ii (p. Pa:re) پاره – 1) pul; 2) bir işi erine etirmek üçin berilyän pul; para.

Pygamber ornunda oturan kazy,

Para üçin elin aça başlady.

Para-para (p. Pa:re-pa:re) پاره پاره – ser. Para i.

Parayyz (a. Fera:iz, bs. Farz) فرايض – ser. Parz.

Paralamak (p-t. Pa:ralamak) پارالامق – para etmek (ser.), bölmek, yarmak; yyrtmak, tike-tike etmek.

Magtymguly, ilden-ile aralar,

Hijran tygy bilen bagrym paralar.

Parasat (a. Fera:set) فراست – akyllylyk, bilimlilik, kesgirlik, pähimlilik, yitilik, uzakdan görüjilik.

Parasat kyl, bakyp akla,

Goç yigidiň sözün hakla.

Parahat (a. Fera:gat) فراغت – arap dilinde ynjalyksyzlyk, howsalalylyk, pars dilinde bolsa asudalyk, rahatlyk, işden soň rahat bolmaklyk.

Parahat yatyrdym nebsimi besläp.

Yörir kerwen, çekiler göç,

Yatyp sen parahat bile.

Parz (a. Farz, ks. Fara:iz) فرض – 1) erine etirilmegi hökmany zat; dini düşünje boyunça, hökmany erine etirilyän iş; 2) çaklama; parzy-wajyp – din boyunça hökmany erine etirilyän işler.

Kyyamat gün güwämiz –

Sünnet bilen parz dälmi?

Yagşylar yzynda yörsem dowamat,

Parzy-wajyp, terk etmesem hem sünnet.

Parzy-wajyp (a. Farz we wa:jib) فرض و واجب – ser. Parz.

Parran (p. Perra:n) پرّان - «peraniden, perandan – uçurmak, zyňmak» işliginden; 1) uçup, ok yaly uçup geçip; 2) uçyan, bökyän, uçujy, uçyan halda; atylan (ok).

Deňim-duşum, dosty-yaran,

Pelek bagrym yüzdi parran.

Pars (p. Pars, fars) پارس//فارس – 1) eyranyň gadymy ady; 2) eyranlylaryň köpçülikleyin gepleyän dili; 4) pars milletinden bolan adam.

Aydyyar magtymguly, sen-sen jahanyň käkili,

Dine salgan pars ile eyrany sen-sen, ey peri.

Parsa çöken döwlet size öwrüler,

Indi bu dünyäniň meyli siziňdir.

Parsaň (p. Ferseňg) فرسنگ – ser. Parsah.

Parsah (a. Farsah) فرسخ – pars dilindäki «ferseňg» sözünden alnan söz; alty kilometre barabar uzynlyk ölçegi; agaç, menzil (mes., üç agaç yol, iki menzil yol).

Düldüle bir parsah galgan alydyr.

Yurdy bolar yaly parsahlary bar.

Parh (a. Fark) فرق – 1) tapawut, ayratynlyk, üytgeşiklik; 2) ayyrma, ayrylyk; seçme, saylama.

Bu yolda parh etmez begler, soltanlar,

Ya gayyplar dogry yola eltenler.

Parhyny aňlamay, haram ier sen.

Hiç parhy yok sende merdiň, namardyň.

Parça i (p. Pa:rçe) پارچه – 1) nahdan ya-da yüňden dokalan zat; 2) mata; 3) ayal-gyzlaryň geyim-gejimi üçin elde dokalyan yüpek matanyň bir görnüşi.

Parça geyse, gyz oglana syn bolar.

Kimler düypden gallaçdyr,

Kim parça, haly gözlär.

Parça ii (p. Pa:rçe) پارچه – bölek, bir bütewi zatdan kesilip alnan bölek, tike; topar.

Gulluk etirgil janyňdan,

Ayama parça nanyňdan.

Yatsa er boldy düşek örtünjesi parça kilim.

Paryg (a. Fa:ryg) فارغ – 1) asuda bolan, rahat bolan; dynç, asuda; boş, azat; 2) işden el çeken; aram; paryg bolmak – asuda bolmak, rahat bolmak, işden el çekmek.

Magtymguly, adyň döndi pyraga,

Paryg bolup, çek özüňni gyraga.

Pasyk (a. Fa:syk) فاسق – bozuk, azgyn, yoldan çykan, pyssy-pyjurlyk edyän, günäkär.

Taňry, pygamber sözünden bihabardyr pirler,

Pasykny kazy bilip, zalymny nayyp diyrler.

Pasyl (a. Fasl, ks. Fosu:l) فصل – 1) yylyň dörtden bir bölegi; möwsüm; zaman; 2) kitabyň bir bölegi; 3) ayyrmak, kesmek; 4) iki süňküň birigyän eri; çahar pasyl – dört pasyl.

Heňňam uzyn, ömür – az,

Çahar pasla başdyr yaz.

Yigitlik paslyny gyşa etirdim.

Bir pasyl döwrandyr, ötdi yaranlar.

Pata (a. Fa:tihe) – ser. Patyha.

Patma (a. Fa:time) فاطمه – muhammet pygamberiň gyzy, lakamy zähra, ene bir lakamy sadykayy-kubradyr. Oňa ummul-eimme hem diyilyär, ejesi – hatyja. Bir rowayata görä, muhammet pygamber bolmazyndan bäş yyl öň, başga bir rowayata görä bäş yyl soň yigriminji jumady-es-sany ayynda mekgede doglup, kakasy ölenden etmiş gün geçenden soň, 633-nji yylyň jumady-es-sany ayynyň üçünde-de aradan çykypdyr. Rowayatlara görä, patma uzak yaşamandyr, onuň 16-18 yaşandygy käbir çeşmelerde aydylyar. Patma 9 yaşynda hezret ala durmuşa çykypdyr. Şondan hasan we husayyn atly iki ogly hem-de zeynep we ummy-külsüm atly iki sany gyzy bolupdyr. Patma medinede aradan çykypdyr; patmayy-zähra – yüzi ak, parlak patma.

Bir hat bardyr ol patmanyň saçynda.

Hasan, husayn diniň enweri, mahy,

Kany patma-zähra hüyrleriň şahy.

Taňla magşarda görersiz patmanyň gözyaşyny.

Patmayy-zähra (a. Fa:time-yi zahra:) فاطمه زهراء – ser. Patma.

Patmayy-zähradyr anyň enesi.

Patyha (a. Fa:tihe) فاتحه – 1) başlangyç, her zadyň başy; 2) «kurúanyň» birinji süresiniň ady: «al-hamd»; 3) doga, alkyş; 4) gm. Baş başlanyş; karar. Türkmen dilinde ulanylyan «pata» sözüniň asly şundandyr; pata bermek – doga okap rugsat bermek, öleni yatlap doga okamak.

Alkyşy-patyha doga bilen är,

Mazlumga sütemlik ediji bolma.

«omin!» diy, tur, oglum, pata bereli.

«bu oglana pata beriň!» - diydi sap.

Pahr (a. Fahr) فخر – buysanma, buysanç; guwanma, guwanç; şöhrat; begenç; öz malyňa, baylygyňa ya-da dogan-garyndaşyň malyna, wezipesine buysanma; pahr kylmak (etmek) – buysanmak, ulumsylyk bilen guwanmak; pahry-jahan (älem) – dünyäniň guwanjy (muhammet pygamberiň we hezret alynyň epiteti).

Hojalar pahr eder asyl-zatyna.

Kany hak habyby ol pahry-jahan.

Ya, mustapa, pahry-jahan şypa ber!

Pahry-jahan (a-p. Fahr-e jaha:n) فخر جهان – ser. Pahr.

Paş (p. Fa:ş) فاش – bu sözüň asly «faşi» bolup, arap dilinden alnypdyr we pars diline geçipdir; äşgär, mälim, ayan; yayran; paş eylemek (etmek, kylmak) - äşgär etmek, mälim etmek, üstüni açmak; paşa düşmek - äşgär bolmak, ayan bolmak; yayramak; paş olmak - äşgär bolmak, ayan bolmak, açylmak.

Paş eylerem, bir sözüm bar diymäge,

Syryň destan eyläp, paşa düşüp sen.

Magtymguly, syryň gizle,

Her namarda paş olmasyn.

Paşmak پاشمق – ayakgap, köwüş, ayaga geyilyän.

Pakyr diyp, paşmagna elim uranym,

Deprenende, döwden demli çykypdyr.

Paya (p. Pa:ye) پايه – 1) düyp, esas, direg, binyat, fundament; 2) mertebe, dereje, wezipe; 3) basgançak, pille.

Er diregi, gök payasy,


Yüklə 6,36 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   29   30   31   32   33   34   35   36   ...   72




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin