Magtymgulynyň Düşündirişli Sözlügi, Türkmen ýazyjysy Nurmuhammet Aşyrpur (Aşyrpur Merdeow) tarapyndan ýazylyp birinji jildi 1997 ýylda Eýranyň Gunbedkabus şährinde çapa berildi



Yüklə 6,36 Mb.
səhifə5/72
tarix15.11.2017
ölçüsü6,36 Mb.
#31820
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   72

Bir şunçakly bolsa, görsem jan brsem,

Jemalyn görkezse ýar bizim sary.

BIZOWK (p-a. bi:+zawk) - 1) hezilsiz, lezzetsiz,keýpsiz; 2) ukypsyz, zehinsiz, zehinsiz.

Ýlançy dünýäde isteme wepa,

Ot iýmek bolarmyş bizowk-u sapa.

BIZYBAN (p. bi:+zeba:n) - 1) dilsiz, lal; 2) gm.haýwan.

Hamdyna tiller gusurdyr, arşy-perşler aglady,

Bidahan-u bizyban otlar, agaçlady.

- 1) imansyz, ynançsyz; BIIMAN (p-a. bi:+i:ma:n)hudaýa we Muhammet pygambere ynanmaýan; 2)ynsapsyz, merhemetsiz.

Biimanlar hergiz görmez jenneti,

Dowzah içre köp azaplar bar, çeker.

BIÝZ (bi:z) - 1) ak reňkli irimçil nah mata; 2) gm.köpün, kepen.

Kysmat olsa, garyş ýere girer sen,

Nesip etse, alty arşyn biýz bile.

BIKARAR (p-a. bi:+kara:r) - 1) ynjalyksyz, kararsyz;närahat, aramsyz; 2) aljyraň, karay ýetmeýän; ser.karar.

Getirdi näz-u nygmat,

Diýdi bolmaň bikarar.

Görmeýinçe gül ýüzüňni, bikararam,dogrusy.

BIKEMAL (p-a. bi:+kema:l) - kemalsyz, başarnyksyz,kämil däl, paýhassyz.

Deň tutmasa ýaryn, bikemal bolar.

Deň-duşlar ýanynda bir bikemalam.

Men bikemal ol ýerde.

BIKENAR (p. be+kena:r) - ser. bekenar.

Magtymguly, bikarar sen,

Barça zatdan bikenar sen.

BIKIR (a. bikr) - 1) el degmedik; päk, çykmadyk (gyz),börükli gyz, boý gyz; 2) bozulmadyk; 3) her bir zadyňbaşlangyjy; 4) ene-atanyň ilkinji çagasy.

Bir betnema, bikir gezen gyz eken,

Adam oglun ýere saldy bu dünýä.

BIKUWWAT (p-a. bi:+kowwat) - kuwwatsyz, güýçsüz,ysgynsyz.

Täleýim zebundyr, tenim bikuwwat,

Gaçganym köplükdir, istegim halwat.

BIKÄR (p. bi:+ka:r) - işsiz, boş, biderek,peýdasyz.

Tenden jyda olar ganyň,

Bikär galar istihanyň.

Sabyr eýlegil, bisabyrlyk hem bikär.

BIL (bi:l) - bedeniň orta, guşak baglanýan ýeri,guşaklyk; 2) beýik dagyň arasyndaky geçit.

jelek bilim towlaýyp, çarha sarydy meni,

Hyrydar gözi birle kim gelip gördi meni.

BILAL (a. Bila:l) - Bilal ibn Ryýah ibn Hamama -Muhammet pygamberiň azançysy. Onuň aslyEFiopiýadan bolup, 641-nji ýylda 60 ýaşynda Damaskdaölüpdir. Bedir, Uhut, Handak uruşlarynda pygamberiňýanynda boludyr.

Säher turdy pygamber,

Mesjit içre Bilal bar.

Bilal bolsa, bagüFtary gerekdir.

BILBIL (p. bolbol) - pars we tüki lilllerde deň derejdeulanylýar; serçä çalymdaş hoş owazly kiçijik guş. Ýzpaslynda agaçlaryň, gülleriň üstünde oturyp saýraýar,onuň güle aşykdygy meşhurdyr. Arap dilinde bilbile"andalyp" diýilýär. jars dilinde oňa "hezar", "hezarawaz"we "hezar destan" hem diýilýär.

Magtymguly, dost ýüzünden, durmaz, akar ýaşgözünden,

Bilbil bolup, ýar sözünden okam Ýusupdiýe-diýe.

BILDIJEGIN - bilýän zadyny, bilýänjesini, bilýänjezadyny, bilýän azajyk zadyny.

Ýgşy-ýaman sözüm köpdür, talaşmaň,

Neçün, her kim bildijegin diýr gider.

- 1) bilýän, bilimi bolan, habarly bolan; 2) bILEN birlikde, bilelikde; bileligi, ugurdaşlygy görkezýänbaglaýjy.

Myradym nesihat etmekdir halka,

Sözümni diňleýe bir bilen belke.

BILEN ÝNDA (bilen ýa:nynda)- ser. ýanda.

BILEŇ - ser. böleň.

Bişeleri şir-peleňli,

Gülgüzar, nowça bileňli.

BILIK - ylym, bilim, maglumat.

Bilik sorma, köp sürdi diýp ýaşyny.

Hor galmaz alanlar bilenden bilik.

Niçe sala deň-duşlar,

Şeýtan biligin başlar.

BILIŞ - tanyş, öňden bilýän, görüp ýörenadamyň.

Eger geňeş salsam ýada, bilişe.

Diýrler: "Şirin, asal ýaga gelişe".

- hudaýa kasam edýärin, hudaýdan BILLA (a. billa:h) ant içýärin.

Bu ýalançylyk bile ötgeý mah-u salyň seniň,

Dowzaha dogry barar, billa, giden ýoluň seniň.

BILMEZ - "bilmek" işlinginden; bilmeýän,düşünmeýän; nadan.

Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp,

Bilmeze hiç, bilen kişä nyrhy köp.

BILMEZEM - bilmerin; "bilmek" işliginiň nämälimgeljek zaman Formasy.

Eý ýaranlar, bu nädendir, bilmezem,

Hyzyr diýip el urdugym, hyrs çykar.

- "Bilmek" işliginiň nämälim geljek BILMEZMIŇzaman sorag Formasy; bilip bilmermisiň?bilmeýärmiiň?

Tört gije, üç gün aglap, dyndyrygym bilmezmiň?

Eşek münüp Isa dek, ýeldirdigimbilmezmiň?

1) aňşyrmak, akyl ýetirmek, habaly BILMEK -bolmak; 2) görmek, hasap etmek, üstüne atmak.

Başyňa gelenin bendeden bilme,

Eger adam bolsaň, bihuda ýelme.

BILMEN - "Bilmek" işliginiň häzirki zaman Formasy;bilebilmerin; geçebilmek - geçip bilmek.

jikir derýasyna aklym gämisin,

Batyrmyşam, geçebilmen, neýläýin?!

- gorky, howp, gorkmaklyk, wehim BIM - (p. bi:m) (ser);

bim bolmak - gorkuly bolmak, howply bolmak.

Baranlar bent boldy, ýollar bim boldy.

Çeşmeler höşk boldy, daşlar mum boldy.

BIMAR (p. bi:ma:r) - nähoş, syrkaw, kesel; bimarbolmak - nähoşlamak, syrkawlamak; bimar etmek -syrkawlatmak, telbe etmek, serhoş etmek.

Ýtsaň düşekde bimar,

Yssyg etmez mal-u kär.

Gamazaň bimar eder, ýüzleriň timar.

Jebr ile bimar olup, aşuFta bolgan halymyz.

BIMAHAL (p-a. bi:+mahall) - 1) ýersiz, mekansyz; 2)erliksiz wagt.

Bimahal Ýük baglap imdi gardaşlar,

Ahyret azmyna göçe başlady.

BIMYRAT (p-a. bi:+mora: d) - 1) maksatsyz, islegsiz; 2)maksadyna ýetmedik, myradyna ýetmedik, islegi ýerineýetmedik.

Magtymguly, bimyradam,

Iller hoşdur, men näşadam.

BIMYSAL (p-a. bi:+misa:l) - mysalsyz, deňsiz, taýsyz;deňi taýy bolmadyk.

Kimleri gümrah kylyp, berdi aňa rahy-zelal,

Kimleri mü'mün kylyp, özün tanatdy bimysal.

BINA D (a. bina:) - esas, düýp, jaý, ymarat; gurluşyk;binaýy-behişt - behştiň jaýy; bina tutmak (gurmak) -esasyny goýmak, jaý gurmak.

Binaýy-behiştde ol gün ýörär.

Ýgşylar tutmuş bina, bir şährigördüm-şondadyr.

Ýurt binamyz gaýym bolsun, goýulsyn.

BINA DD (p. bi:na:) - 1) görüji, görýän; iki gözi sagadam; 2) ägä, habarly; bilýän; 3) göreç, göz;daýymy-bina - mydama bilýän, ägä.

Bu bazara sen dana-u sen bina.

Bu bazara sen-sen daýymy-bina.

BINALY (a-t. bina:+ly) - 1) jaýly, gurluşykly; 2) gm.düýpli, mydamalyk.

Magtymguly bilmiş haly,

Sen bu ýurtda däl binaly.

BINAMAZ (p. bi:+nama:z) - namazsyz, namazokamaýan adam.

Gulak sal, ýagşyja diňle, sözüňni binamazçirkin,

Jähennem diýdiler, aňla, ýeriňni binamazçirkin.

BINAMYS (p-a. bi:+na:mu:s) - namyssyz, asylsyz;edepsiz.

Binamys beg boldy, asylly azdy,

Azazyl dünýäniň syratyn bozdy.

BINAHAÝT (p-a. bi:+niha:et) - soňsuz, ahyrsyz; köp,zyýat, hetdenaşa; neşirde "binehaet" berlipdir.

Owwalyňa ýok gaýat,

Ahyryň binahaýat.

BINENDE (p. bi:nende) - görýän, görüji; tomaşaçy,tomaşa edýän; binendeýi-eýýam - zamananyňtomaşaçysy.

El açan, gahryn geçen,

Binendeýi-eýýam olur.

BINI (p. bi:ni:) - burun, ys organy.

Hemra bolup, oturmagyn pis bile,

joha degseň biniň dolar ys bile.

BINOWA (p. bi:+newa:) - biçäre, pakyr, garyp, gurpsuz;öýsüz-öwzarsyz, bagtsyz; ser. nowa.

Ýgşy-ýaman, yzzat kylar baýlara,

Pakyr-u binowa galar waýlara.

Magtymguly binowa,

Gözlemez senet sewa.

BINURBAT (p-t. bi:+nurbat)- geçirimsiz, rehimsiz.

Ajal tiz oragyn golda tutupdyr,

Binurbatdyr, biçer, näge ýatyp sen?

BINYŞAN (p. bi:+nişa:n) - nyşansyz; perzentsiz,zürýatsyz.

Her ýigit ölse binyşan,

Orny öçmeli dünýädir.

BINYÝZ (p-a. bi:+niýa:z) - 1) sadaka bermeýän,ýagşyk etmeýän, berimsiz; 2) mätäç däl, barly,bol-elinlikde ýaşaýan.

Öýüne barsaňyz bir binyýazyň.

Göwresi gysylar, köňli dar bolar.

- birdenkä, birden, BINÄGÄH (p. be+na:ga:h)tötänden.

Bir säher düşmüş erdi ýadyma diýar, eý dost.

jan güwşüne ýetişdi binägäh habar, eý dost.

BINÝT (p. bonýa:d) - esas, düýp, asyl, paýa, diwaryň,jaýyň düýbi, esasy; binýat eýlemek - düýbüni tutmak,zsaslandyrmak; binýat gurulmak - esas gurulmak,ýaradylmak.

Käbe binýat eýlegen mygmary gördümşondadyr.

Kime şakawatdan gurulsa binýat,

Älem terbiýeti eýlemez abat.

Magtymguly, söz binýadyň,

Agzynda ýakynyň, ýadyň.

BIjAÝN (p. bi:+pa:ýa:n) - soňsuz, ahyrsyz, çäksiz,hetsiz, uzyn, uzak; çen-çaksyz.

Bu dünýä çohlara bipaýan boldy.

Her köşeýi-weýranadan sed genji-bipaýançykar.

BIjEDER (p. bi:+peder) - atasyz, kakasyz.

Gudratydan Mesihany ýaratdy ol bipeder,

Otny Ybraýym Halylga Lälezar etgen kerim.

BIjEÝDA (p. bi:+Fa:ýide) - peýdasyz, bähbitsiz;biderek.

Bihuda bipeýda ömrüň ötürme,

Dünýä bakasyzdyr, aýan görüner.

- 1) gorkusyz, gorkmaýan; BIjERWA (p. bi:+perwa:) aladasyz, çekinmeýän, gaýduwsyz; 2) gm. bikarar;bozgak.

Kemallyk sözünden jan bolar täze,

Biperwanyň şekli meňzär doňuza.

Bu dünýä bir düýpsüz derýa,

Gark eder, bolma biperwa.

BIjERZENT (p. bi:+Ferzend) - perzentsiz, çagasyz, ogul- gyzsyz.

Niçeleriň perzent-zürýady öner,

Ançalar biperzent ötüp baradyr.

BIR (a. birr, ks. ebra:r) - ser. ebrar.

BIRGE - bile, bilelikde.

Hergiz ýaman bilen birge ýörmäňler,

Oýnaýyp gülüban bile barmaňlar.

BIREW - bir, biri; birewni-birini.

Birewni baý eder, birewni gedaý.

Ne kylsa erki bar, ol kadyr hudaý.

Habar alsaň birewden,

Özün kem saýmaz döwden.

BIREHNE (p) - ýalaňaç, çyplak, egin-başsyz; tenbirehne - ýalaňaç, bedeni ýalaňaç, çyplak; birehneýi-tenkylmak - endamyny (tenini) ýalaňaçlamak.

Ten birehne olturyp, donuňny berseň azhenuz.

Birehneýi-ten kylyp, oýan-buýan itseler.

BIRIBAR (bir we ba:r)- hudaý, Alla, taňry; asly: bir-ubar.

Biribar boş etse aklyň käsesin,

Ne peýda daşyndan bezemek bilen.

Kimler gezer biribara ýalbaryp,

Kimler gezer hakykatda ýol ýörip.

- ýekeme-eke, bir-birden, BIRIN-BIRIN (bi:ri:n-bi:ri:n)başdan-aýak, jikme-jik, boýdan-başa.

Ýgşy-ýaman eden işiň başyňa,

Birin-birin gaýdyp gelse gerekdir.

- bilen, bilelikde. BIRLE

Aýry söwdaýa salyban raýyny her bendeniň,

Hoş ajap serişde birle murdanyň hemzindeniň.

BIRÝN (p. birýa:n) - 1) kebap, oda tutulyp bişirilen et;gowurma; 2) Köen, gowrulan, daglanan; birýan etmek(kylmak) - kebap etmek; gowurmak.

Daşym dert, içim birýan.

Magtymguly kylmyş jigerin birýan.

Gudrat bilen birýan bolup göştleri.

BISABYR (p-a. bi:+sabr) - sabyrsyz.

Bisabyr gul tiz ýolugar belaga,

Sabyrly gul dura-dura şat bolar.

BISER (p. bi:+ser) - 1) başsyz, kellesiz; 2) gm. akylyaz;akylsyz, kemakyl.

Galypdyr maňa meňzeş akyly kem, bipa-ýubiser...

Çinançe men özümni pitneýi-ahyrzamangördüm.

BISER-U SAMAN (p. bi:+ser-o sa:ma:n)- öýsüz-ilsiz,öýsuz-öwzarsyz, sergezdan; garyp, gurpsuz; ykmanda.

Zyba boýuga geýgüziban hylgaty-şahy,

Bagzyny görüň, biser-u saman bolup ötdi.

BISMILLA (a. bismilla:h)- Allanyň ady bilen, taňrynyňady bilen, hudaýyň ady bilen.

Taňry söen Muhammediň ummaty:

"Bismilla!" diýp, owwal hakny ýar çeker.

"Bismilla" diýp başlady, çagyrdy ustadyny,

Hakdan gaýry hiç kimse eşitmedidadyny.

- BISÖWTI-SEDA (p-a. bi:+sowt-o seda:) sessiz-üýnsüz.

Sandywajy- sermestem, bergimden jydaboldum,

Bergimni hazan çaldy, bisöwt-u seda boldum.

BISTER (p) - düşek, ýorgan-düşek.

Ýtyr erdim bisterde nägäh Ezraýyl geldi,

Bilbil tilim baglanyp, gyzyl ýüzlerim soldy.

- sähetli däl, saglykly däl, BISÄHET (p-a. bi:+syhhat) salamatlykly däl; şowsuz, ýaramaz. Sähetli gün däl,bagtsyz gün.

Magtymguly, diýsem men a:m-u hasa,

Bisähet gün dogan beterli ýasa.

Bisäheti sapar aýy,

Bezirgenim ugrady.

BISÝR (p. bisýa:r) - köp, kän, zyýat, artyk;maly-bisýar - köp mal, köp baýlyk.

Eýa kadyr, senden gudratly kim bar,

Keremiň güýçlüdir, günähim bisýar.

Birniçäni kyldyň maly-bisýary,

Birniçäni kyldyň bir puluň zary.

BITAKAT (p-a. bi:+ta:kat) - 1) gudratsyz, güýçsüz; 2)sabyrsyz, sabry gaçan, ynjalyksyz.

Gorkup bitakat boldum,

Şirin jandan el ýoldum.

BITAj (p. bi:+ta:b) - ynjalyksyz, takatsyz, güýçsüz;kuwwatsyz, jydamsyz.

Bitap olup döker men, gözýaşymçeşme-çeşme,

Ýgşy-ýaman işimiň hiç birine garyşma.

BITGAT (a. bid''at) - ser. bidgat.

Her kişi bitgatga batyr, any kim är bildiler.

BITEDBIR (p-a. bi:+tedbi:r) - 1) bialaç, çäresiz,alaçsyz; 2) oýsuz, pikirsiz; 3) plansyz,meýilnamasyz.

Çäräň ýok, bitedbir sen,

Taňla ne jowap biýr sen.

BITEMIZ (p-a. bi:+temi:z) - 1) temiz däl, päk däl,hapa; 2) huşsuz, parasatsyz, saýgaryp bilmeýän (adam),näpäk.

Akylsyz, bitemiz ärler,

Ýzylan bet hata meňzär.

BITILMEK - ýazylmak.

Eý ýaranlar, ýowuz destsn bitildi.

Hat bitildi, gitdi ol ilden ile (A).

BITIN (biti:n) - döwülmedik, abat, bitewi, tutuş,

Nähak dökülmesin gyzyl ganymyz,

Duşmana galmasyn bitin nanymyz.

BITIRMEK - 1) etmek, ýerine ýetirmek; 2) gutarmak,tamamlamak, bir işi ýerine ýetirip tamamlamak.

Bitiren işin görüň gende namardyň,

Jeňdir diýip gaçar duman ýoluksa.

BITMEK - 1) ýazmak (kitap, hat we ş.m.); 2)sygynmak; 3) erine ýetmek, tutmak; ynanmak.

Dünýä dostlugyna bitip bolmaýyr.

MynaFyklar hakyň emrini bitmez.

Ummat bolsaň, biribara bitewer.

Işimiň rowajy ýokdur bitmäge.

Kimse şeýtan sözün bitip baradyr.

- tobasyz, toba etmedik, toba BITOBA (p-a. bi:+tawba) etmän.

Bil, bu işler - nyşanaýy-kyýamat,

Zalymlar bitoba öte başlady.

BITÜTÜN (p. bi:+tu:tU:n) - tütünsiz, tüssesiz,düýtsüz.

Bu pany jahana bakyň, gymmat eýlemiş yşky,

Daýym bitütün kylypdyr, görüň, yşkyňközüni!

BIHABAR (p-a. bi:+habar) - habarsyz, maglumatsyz;tötänden.

El-aýaksyz, bir bihabar basar sen,

Ýykan basar-ýatar gaýdyp gülmezmi?

Sen-sen araýyşy-jan, bu jan senden bihabar.

BIHASAj (p-a. bi:+hasa:b) - hasapsyz, sansyz, sanetmez, çäksiz; ummasyz.

Kimlere berdi hudaýym aýş-u aşret bihasap,

Kimseler hasrat bilen nan tapmaýyn, bagrykebap.

BIHATAR (p-a. bi:+hatar) - howpsuz, hatarsyz,gorkusyz.

Her kim gadamyn düz goýsa,

Güzerden bihatar gider.

BIHBUT (p. bihbu:d) - peýda; haýyr; oňat, gowy,şowly; gowy bolmak; saglyk, oňatlyk; bihbut eýlemek -haýyr etmek, peýda bermek.

Maly-mülküň eýlemez bihbut ol dem bigüman.

BIHET (p-a. bi:+hedd) - çeksiz, çensiz, çaksyz, öränköp, biçak köp, hetdenaşa.

Dergaha dogam köp, nalyşym bihet.

Kylmyşam bihet nysary.

Murlar mülki-Munzere gelse, bihet, bigaýat.

Şer işim bihetdir, günähim kändir.

BIHIL (a. behil) - ser. Behil.

BIHÖZIR (p-a. bi:+hozu:r) - ser. bihuzur.

Bir bihözir tapsa häzir,

jer baglaýyp asman çykar.

BIHUDA (p. bi:+huda) - asly "hoda" hak, hakykatsözünden; 1) nähak, nädogry; 2) biderek, boş,peýdasyz.

Bihuda ötürma ömrüňi zaýa.

Bir gülçihre ýolunda bihuda pida boldum.

Ömrümi bihuda geçirdim - ebes.

BIHUZUR (p-a. bi:+hozu:r) - rahatsyz; hormatsyz; ser.huzur.

BIHUŞ (p. bi:+hu:ş) - huşsuz; özünden giden,çaşan, essinden agan.

Anka sypat turup, "Huw!" diýp galkan guş,

Gijesi tirikdir, gündizi bihuş.

BIÇMEK - 1) ormak, oraklamak; 2) kesmek, ýolmak:3) ýarmak, bölmek; 4) ölçäp kesmek.

Gelen geçer, eken biçer hasylyn,

Orta ýerde sen ne işler tutar sen.

BIÇÄRE (p. bi:+ça:re) - 1) çäresiz, alaçsyz; 2)bagtsyz, bagtygara; ejiz.

Il-gün rehm eýlemezler, men kibi biçäre ýok.

Köp azaplar tartdy ol it biçäre.

BIŞ (p. bi:ş) - köp, kän; biş olmak - köp bolmak,zyýat bolmak.

Ryzk bir mukatderdir şah-u gedaga,

Galam birdir, munda ýazan biş bolmaz.

BIŞE (p. bi:şe) - 1) tokaý, jeňňel; 2) gargy,gamyş.

Türkmen dilinde "mişe mäşe we meşe" şekilinde hemgabat gelýär.

Bişeler içre arslan her ýyrtyjy derrendeniň,

Er ýüzünde her ne bar, mur-u marjünbendeniň.

Bişeleri şir-peleňli.

Bişeleriň aw aňtaýan şiri sen.

BIŞMEK - 1) ýanmak; 2) ýetişmek (miwe hakda); 3)gm. gaýgy-gam çekmek, horluk görmek.

Magtymguly, köýsem, bişsem,

Ynanmazlar oda düşsem.

BIŞUMAR (p. bi:+şoma:r) - sansyz, köp, ummasyz,san etmez, kän, tükeniksiz, hetdenaşa.

Ol melaýiklerni gökde bişumar etgen kerim,

Gudratyn iki jahanda äşikär etgen kerim.

Barçasy razy bolup, mal berdiler bişumar.

BIYKBAL (p-a. bi:+ykba:l) - ykbalsyz, bagtsyz,betbagt.

Biykbal, ýazykly, ýaman görgüli,

Uçraş gelse, bir ýamana ýar bolar,

BIYHLAS (p-a. bi:+yhla:s) - yhlassyz, tüýs ýürekdendäl, söýgüsiz, betniýet.

Namazga bergil köňül, her kimse biyhlasdyr,

Ýşy on tördüde oglun beren Sagdy-Wakgasdyr.

BOWL (a. bewl) - ser. böwül.

BOWUL (bowl) - görelde; täsir; bowul almak - göreldealmak.

Munda ne iş etseň, anda garawly,

Sen hem ýagşylardan alawer bowly.

BOGAZ - 1) damak, gyzylödegiň we dem alyşýollarynyň başlanýan ýeri, bokurdak; 2) iki ýeriňarasyndaky deňiz ýoly, kanal; 3) iki dagyň arasyndakydarajyk geçit; 4) ynsanyň we haýwanyň göwreli döwri;bogaz bolmak - 1) göwreli bolmak; 2) gm. kitüwli bolmak,göwün - garyn edinmek, kineli bolmak.

Ýüregim sabyrdan, gitdi karardan,

Ýman işdir bogaz bolmak är-ärden.

BOGUN - 1) beden süňkleriniň birigýän ýeri,barmaklaryň birigýän, açylyp ýapylýan ýerleri;bogun-bogun - gm. jikme-jik, büs-bütin.

Hijran meni kowdy sabyr dagyndan,

jyrak bogun-bogun söküp baradyr.

BOZ - çalymtyl (reňk) toprak reňkinde.

Ýüke werzişkär boz eşek,

Bolaýyn diýseň öýlengil.

BOZLAMAK - mylaýym ses bilen sokduryp ses etmek(düe, köşek hakda); gm. aglamak.

Çöle çykyp, maýa bozlar,

Torum göze ilmegine.

Bagryn bozup, bozlamaýyn bolarmy?

BOZMAK - 1) zaýalamak; ýykmak, dargatmak;bulaşdyrmak; 2) sandan çykarmak, döwmek; 3)öçürmek, süpürmek.

Magtymgüly özge dini bozdular,

Yklym-yklym, şäher-şäher gezdiler.

BOZUK - 1) bozulan, ýykylan, harap, weýran; 2)tertipsiz, nyzamsyz.

Degse jana garrylygyň zäheri,

Bozuk bolar köňül-göwde şäheri.

BOÝ (p. bu:ý) - ys, kok; bet boý - erbet ys; ser.bet.

Burnuňyzga ysgaýyp, almaň oşol bet boýuny.

Her kişi akyl durar kim, beýle bet buýdangaçar.

BOÝRA (a-p. bu:rýa:) - ser. borýa.

BOLA-BOLA- yzygiderli bolup, köp bolup, yzly-yzynabolup.

Gara ganlar ýuwtup, hasratlar çekip,

Mala meşgul bola-bola geçer sen.

BOLGAÝ - "bolmak" işliginiň gadymy geljek zaman wearzuw Formasy; bolar.

Munda jebr etgen kişi ol günde bolgaý rusyýa,

Her kişi zor eýleýip alsa bu gün, bergeýsaba.

BOLGAÇ - bolup, bolanda, "bolmak" işliginiň gadymyhal işlik Formasy.

Artdy yslam şöhreti, kapyrlar oldy hem zebun,

Hem Ababekr-u Omar, Osman çü bolgaçrehnemun.

BOLUBAN (boluba:n) - bolup; "bolmak" işliginiňgadymy hal işlik Formasy seýranda boluban - gezelençdebolup.

Bir yşarat boldy şol wagt ýanymdan,

Seýranda boluban durgun diýdiler.

BORÝ (a-p. bu:rýa:) - inçe gamyşdan edilen düşek;käbir şiwede "boýra" şekilinde aýdylr

Menzilň mesjit kyl, düşegiň borýa.

Borýa düşegimni aldy astymdan.

BOSTAN (p. Bu:sta:n) - 1) bossan; bag-bakça; gülbakçasy; 2) gawun-garpyz we gök önüm bakçasy; 3)Gündogaryň meşhur klassyk şahyry Sagdynyň655-njihijri (1257) ýylynda Atabek Abubekir ibn Sagt ibn Zeňgäbagyşlap ýazan şygyrlar kitabynyň ady.

Sekiz jennetiň bostany.

Okyp, bildim Sagdynyň"Bostanny".

BOTA - 1) köşek, düýäniň bir ýaşar köşegi; 2) gm.çaga, perzent, ogul.

Keýininde galmadymy botasy,

Aýdyň, bu sözümiň barmy hatasy?

BOTLAMAK (bo:tlamak) - köşeklemek, düýäniňköşeklemegi.

Düe aýdar: "Otlar men...

Elmydama botlar men,

Sazak-selin içinde.

BOÝuRGANMAK - zeýrenip aglamak,hamsygmak.

Boýurganşyp degre-daşa bakarlar,

Kyrk gün haýran bolup dursa gerekdir.

BÖWÜL (a. bewl) - siýdik, peşew.

Gylça yssy görmegeý sen dag gadar puşmanedip,

Döküler gaýdyp dahanyňdan pohuň- böwlüňseniň.

BÖLEK-BÖLEK (bö:lek+bö:lek)- topar-topar,desse-desse, kowçum-kowçum.

Bölek-bölek kebuterler,

"Huw!" diýr, harman içinde.

BÖLEŇ - peslik (er); çemenlik, otluk (er); böleňli -dereli, otlukly.

Meşeleri şir-peleňli,

Gülgüzar, nowça böleňli.

ser. böleň. - BÖLEŇLI

BÖRI (bö:ri) - gurt, möjek.

"Ýusup jany böri iýdi" diýdiler,

Bir börini tutup, baglap geldiler.

Mertler jende - toý içinde,

Aç börüdir koý içide.

BÖRK - börük, tahýa (gökleň dialektinde).

Biziň pygambere berilen täji,

Habar bergin, şimdi börki kimdedir?

BÖHTAN (a. bohta:n) - töhmet, birine ýalandan birzat ýöňkemek; böhtan baglamak - töhmetetmek.

Baglaýyp böhtan ile Fakr ähline tagsyrlar,

Selle baglap başyna aç böri sopy-pirler.

BUGA - öküz.

Şerigatsyz pirler inek bolarlar,

Sopusy buga dek çüwse gerekdir.

BUGZ (a. bogz) - duşmançylyk; göriplik;ýigrenç.

BUGRA - iki örküçli düe, aýry; bugra boýun -bugranyň boýny ýaly; gm. uly, ýogyn; bugra sypat - bugraýaly; bugra mysal - bugra ýaly, bugra meňzeş; gm.uly.

Bugra boýun ýylanlar soksa gerekdir.

Çoh ýylanlar haşlaşyp, bugra sypat möýlerçykar.

Bugra mysal möýler çykyp çakarlar.

- ser. bugra. BUGRA BOÝuN

BUGRA MYSAL (bugra misa:l) -- ser. bugra.

- ser. bugra. (t-a. bugra siFat) - BUGRA SYjAT

BUDALA (a. bodala:, bs. bedi:l we bedel) - abdallar,öwlüýäleriň bir topary. SuFistik çeşmelerdegörkezilişine görä, göýä Alla tagala Eri ýedi yklyma -ülkä bölüp, onuň her birine öz bendelerinden birinibelläpdir we olara abdal (ser). at goýupdyr. Şol abdallarbolsa ýedi yklymy gorap saklaýarmyş. Budalanyň sanysdi bolup, olara "Budalaýy-sebga" hem diýilýär. Bulargizlin gezýärlermiş, hiç kimiň olaryň halyndan habaryýokmuşyn. Käbir çeşmelerde bular abdallar däldiýilýär, çünki abdallar 70 we budala 7-dir.

Edi är bar, budaladyr atlary,

Bolajak şer işi kakyp otyrmyş.

BUDALAÝY-SEBGA (a. bodala:ýe seb''a) - ser. abdalwe budala.

BUJAK (bu:jak) - burç; tarap , çäk, het; künç.

Ajdaha lebinden, dag bujagyndan,

Derwezesin çekip Haýbar dagyndan.

BUZAW - 1) göle, tana, höjek; 2) ýer astyndaýöreýän bir möjegiň ady.

Otlaga gaçar buzawlar,

Öňün başlar ýagşy gäwler.

BUZAHOR (a-p. bu:ze+ha:r) - çakyr içýän; arakhor;alkogolik (r).

Ne tama bar hamyr içen gedemden,

Buzahor ýagşyny, ýasy näbilsin.

BUZURG (p. bozorg) - uly, ullakan; başlyk,ýolbaşçy.

Her işandan buzurg bolmaz, pir bolmaz.

BUÝ (p. bu:ý) - ser. boý.

Her kişi akyl durar kim, beýle bet buýdangaçar.

Burnuňyzga ysgaýyp, almaň oşol betbuýuny.

BUÝNUZ - 1) şah, käbir haýwanlaryň goranmakýa-da hüjüm etmek üçin kellelerindäki ýaragy; 2)gözüňtogalak agy; goç buýnuz - 1) goçuň şahy; 2)goçuň şahyna meňzeş nagyş, ol köplenç keçäsalynýar.

Äleme ýagty biýr alynyyň agy,

ÝOgyndyr buýnuzy, ýuka dodagy.

BUÝSAMAK - 1) guwanmak, begenmek; öwünmek,guwançly bolmak; 2) daýanmak, arkaýynsyramak.

Awyňa buýsanma, çemenli düzler,

Çemen sende guryr, jeýran eglenmez.

BUKMAK - gizlenmek, ýygşyrmak.

Duşman jepasy dostuna,

Öýsüz ýerde bukup geçdi.

BULAK - çeşme, ýerden çogup çykýan suw;gaýnag.

Döke-döke gözýaşynyň bulagyn,

Mäleý - mäleý, yzlamaýyn bolarmy?

Sekiz haýwanyň mesgeni,

Diýrler jennet bulagydyr.

BULAKLAMAK - çeşme ýaly bolmak;joşmak.

Ýüregimde ança pygan,

Gözden akdy bulaklap gan.

BULAMAK - 1) bulaşdyrmak, hapa etmek; 2) garmak,garyşdyrmak; 3) gm. bozmak, bulagaýlyk etmek, arabozmak.


Yüklə 6,36 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   72




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin