Haja we umra gidýänlere haj we umranyň düzgünlerini beýan etmeklikde zyýaratçylara sowgat تالیف: الحاج عبدالرحمن آخوند تنگلی طانا



Yüklə 2,02 Mb.
səhifə2/23
tarix30.10.2017
ölçüsü2,02 Mb.
#22583
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   23

3. یوم التَّروِیة Ýäwmut tärwiýä – Gurban aýynyň 8-i güni.

Z”



ذ

1. ذَکَر Zeker – ynsanyň erkeklik agzasy. Oňa ujud hem diýilýär.

2. ذَبح Zebh – Şükrana çalmak.

ز”



3. زَعفِرَان Zagfyran – sary gülli gowy ysly ot.

4. زَنبَق Zenbek – inçe we uzyn ýaprakly gowy ysly sary gül.

5. زَیت Zeýt – Zeýtun ýagy.

HAJYŇ MANYSY

Hajyň sözlük manysy – uly, abraýly zada barmaklygy niýet etmekdir. Hajyň şergy1 manysy – mahsus bolan işleri etmek bilen, belli bir wagtlarda, belli bir ýerlere zyýarata gitmekdir.

Ol bellenilen wagtlar Baýram aýy, Baş aýy we Gurban aýynyň-da ilkinji on günüdir. Şu iki aý we on gün haj üçin bellenilen wagtdyr.

Ol bellenilen ýerler Mekge mukerreme we onuň içindäki, töwereklerindäki mukaddes ýerlerdir.



ÖZLERINE HÖKÜM DEGIŞLI BOLAN ÝERLER2

Özlerine höküm degişli bolan ýerler şulardyr. Käbe şerife, Şazyrwan, Hajar-eswed (gara daş), Hatym, Rukni-

-Ýemäni, Multezem, Makamy-Ibrahim, Zemzem guýusy, Mesjidi-Haram, Safa we Merwe, Iki ýaşyl çyzyk, Mina, Arafat, Muzdelefe, Jemerat, Tengym, Haram şerif, Mikatlar. Haj düzgünlerine gowy ýetik boljak adam, öňi bilen şu ýerleri bilmekligi hökman gereklidir. Şu ýerleriň her birine degişli bolan hökümleri açyklap aýdarys. Inşa Allahu tagala. (Allatagala islese).

MEKGE MUKERREME

Mekge mukerreme ýeriň ikilenji yklymynda, arapýarymadasynda ýerleşen bir mukaddes şäherdir. Onuň ekwatyrdan daşlygy we uzynlygy 720 we 10׀ (72 gradys we 10 minut), ini 210 we 40׀. Bu şähere Ýer togalagynyň ortasy diýip aýdylýar. Bu mukaddes şäheriň köp atlary bardyr. Kuran kerimde hem şol atlary gelýändir.



1. بَكَّه ''Bekkeh'' Kuran kerimiň 3-nji surasynyň 96-njy aýatynda gelendir. Bekkeh diýen söz ''bekken'' sözünden alnyp, döwmek we omurmak diýen manylary aňladýar. Bu mukkades şäher, özüne hyýanat etmek üçin gelen halklaryň boýunlaryny döwüp omransoň, muňa Bekkeh diýip aýdyldy, ýa-da bekken sözüniň özi köplük we dyklyşyk manysyndadyr. Bu şähere hem köp jemagatlar üýşüp, dyklyşyk bolýanlygy üçin muňa Bekkeh diýdiler.

2. اُمُّ الْقُرَى ''Ummul-kura'' Kuranyň 6-njy surasynyň 92-nji aýatynda we 42-nji surasynyň 7-nji aýatynda gelendir. Ummul-kura ähli şäherleriň enesi diýmekdir. Çüňki, ähli ýerler şu mukaddes şäheriň ýerinden ýaýrap giňeldildi. Bu şäheriň ýeri ähli ýerleriň asly boldy, göýä enäniň ynsanyň asly bolşy ýaly. Onuň üçin bu şähere Ummul-kura diýildi.

3. مَعَادْ ''Magad'' Kuranyň 28-nji surasynyň 85-nji aýatynda gelendir. Magad öwrülip gelinýän ýer diýmekdir. Bu mukaddes şäher hem köp adamlaryň öwrülip gelýän ýeri bolansoň, muňa Magad diýip aýdyldy.

4. مَكَّه ''Mekke'' Kuranyň 48-nji surasynyň 24-nji aýatynda gelendir. Mekke ''mekken'' sözünden alnyp, aýyrmak diýen manyny aňladýar. Bu şäher özüne zyýarat etmek üçin gelen musulmanlaryň günälerini aýransoň, muňa Mekke diýip at goýuldy, ýa-da mekken heläk etmek manysyndadyr. Bu şäher-de özüne hyýanat etmek üçin gelen halklary heläk edensoň, muňa Mekke diýildi, ýa-da mekken çekmek manysyndadyr. Bu şäher-de töwereklerden köp adamlary özüne çekensoň, muňa Mekke diýildi, ýa-da mekken sormak manysyndadyr. Bu ýurt-da özüniň suwuny sorup, suwsuz, gurak ýer bolansoň, muňa Mekke diýip aýdyldy.

5. بَلَدِ اَمِيْن ''Beledi-emin'' Kuranyň 95-nji surasynyň 3-nji aýatynda gelendir. Beledi-emin ynamly, howpsyz şäher diýen manydadyr. Bu mukaddes şäheriň otlary we agaçlary kesilmeýär we haýwanlaryna degilmeýär, hatda daşardan jenaýat edip, şu mukaddes ýeri özüni goramak üçin gaçybatalga edinen adama jeza berilmeýär. Şu hili ähli halklaryň janlary we mallary1 howpsuz bolansoň, bu şähere Beledi-emin diýdiler.
ŞU ŞÄHERIŇ FAZYLATY (ARTYKMAÇLYGY) HAKDA ROWAÝAT BOLAN HADYSLAR.

Şu mukaddes şäheriň fazylaty barada köp hadyslar rowaýat edilipdir.



1. Pygamberekrem s.a.w Mekgeden çykmaly bolanda '' Hazwereh'' diýen ýerde durup, Mekgä bakyp:

اِنِّى لَاَعْلَمُ اَنَّكِ اَحَبُّ الْبِلادِ اِلَيَّ وَ اَنَّكِ اَحَبُّ اَرْضِ اللهِ اِلَي اللهِ وَ لَوْلَا اَنَّ الْمُشْرِكِيْنَ اَخْرَجُوْنِىْ مِنْكِ مَا خَرَجْتُ

Terjime: Eý Mekge! Men takyk bilýän, meniň üçin şäherleriň içinde iň gowusy sensiň. Allatagala üçin hem onuň ýaradan ýeriniň iň gowusy sensiň. Eger müşrükler meni senden kowup çykarmasadylar, men her haçan senden çykmazdym diýip aýtdy.



2 مَنْ صَبَرَ عَلَى حَرِّ مَكَّةَ سَاعَةً مِنْ نَهَارٍ تَبَاعَدَتْ مِنْهُ جَهَنَّمُ مَسِيْرَةَ مَاَتَيْ عَامٍّ وَتَقَرَّبَتْ مِنْهُ الْجَنَّةُ مَسِيْرَةَ مَاَتَيْ عَامٍّ

Terjime: Haýsy bir adam gündizden bir sekunt Mekgäniň gyzgynyna çydasa, jähennem şol adamdan iki ýüz ýyllyk ýol daşlykda bolar we jennet şol adama iki ýüz ýyllyk ýol ýakynlaşar.



3 مَنْ دَخَلَ مَكَّةَ فَتَوَاضَعَ لِلَّهِ عَزَّ وَ جَلَّ وَ آثَرَ رِضَاهُ عَلَي جَمِيْعِ اُمُوْرِهِ لَمْ يَخْرُجْ مِنْهَا حَتَّي يُغْفَرَ لَهُ

Terjime: Haýsy bir adam Mekgä girip, uly we güýçli bolan Taňry tebärek we tagala üçin peselse we hemme işlerinde şonuň razylygyny ygtyýar etse (ýagny, Hudaýyň razylygy üçin etse), şol adam tä özüniň günäsi geçilip ýalkanýança, Mekgeden çykmaz.

Mekge mukerremäniň fazylaty hakda gelen hadyslar örän kän, hemmesini aýtsak kitap has uzaljakdyr.

KÄBE ŞERIFE

Käbe şerife Mekgäniň içinde Mesjidi Haramyň ortasynda Allahu tebärek we tagalanyň buýrugy bilen salnan öýdür. Bu öýüň salnan wagty has gadym zamandadyr. Muny deslapky salanlar perişdelerdir. Allahu tebärek we tagala beýik Arşyň aşagynda Beýtil-magmur atly öý saldyrdy. Ondan soňra, perişdelere şol öýe towaf etmekligini1 buýruk etdi. Şol öýe her günde ýetmiş müň perişde towaf edýär. Bir gezek towaf edenler ikinji gaýta öwrülmeýär. Ondan soňra Taňry tebärek we tagala ýerde ýaşaýan perişdelere: "Siz-de ýeriň ýüzünde Beýtul-magmuryň göni aşagynda towaf etmeklik üçin öý salyň" diýdi. Şonda perişdeler adam aleýhissalamyň ýaradylmazyndan iki müň ýyl öň şu Käbe atly öýi saldylar.

Köp zamanlar geçip, perişdeleriň salan binasy ýykylyp harap boldy. Allatagalanyň emri bilen hezreti Adam aleýhissalam asmandan ýere indirilenden soňra, şol harap bolup aradan giden Käbäni gaýtadan örüp bejeripdir. Adam aleýhissalamyň şo bejerişi Käbe şerifäniň ikilenji binasydyr.

Ondan soňra, köp zamanlar geçip hezreti Adam aleýhissalamyň binasy-da ýykylypdyr. Onuň ogly hezreti Şis aleýhissalam täzeden salyp bejeripdir. Hezreti Şis aleýhissalamyň şol bejerişi Käbe şerifäniň üçülenji binasydyr.

Ondan soňra heňňamlar aýlanyp, wagytlar geçip, hezreti Şis alýhissalamyň binasy-da ýykylyp aradan gidipdir.

Milady senesinden 1890 ýyl öň, Taňry tebärek we tagala hezreti Ybrahym aleýhissalama, şol öýüň binasyny gaýtadan örüp, täzeden bejer diýip buýruk berdi. Hezreti Ybrahym Halylulla aleýhissalam-da Allatagalanyň emrini ýöredip, öz ogly hazreti Ysmaýyl aleýhissalam bilen işläp kämil etdi. Ynha, hezreti Ybrahym Halylulla aleýhissalamyň şol bejerişi, Käbe şerifäniň dördülenji binasydyr. Ondan soňra zamanlar geçip hezreti Ybrahym Halylulla aleýhissalamyň salan binasy-da ýykylypdyr.

Ondan soňra ol öýi amalyka diýen taýpa täzeden salyp bejeripdir. Şol amalykanyň bejerişi Käbe şerifäniň bäşinji binasydyr. Ýene köp wagytlar geçip amalykanyň salan binasy-da bozulyp aradan aýrylypdyr.

Ondan soňra ol öýi jurhum diýen taýpa täzeden örüp bejeripdir. Şu jurhum taýpasynyň bejerişi Käbe şerifäniň altylanjy binasydyr. Ondan soňra günler aýlanyp jurhumyň salan binasy-da gowşap ýykylypdyr.

Pygamber aleýhissalamyň altylanjy atasy Kuseý bin Kiläb täzeden örüp salypdyr. Kuseý bin Kiläbiň şol binasy Käbe şerifäniň ýedilenji binasydyr.

Milady senesiniň 605-nji ýylynyň töwereklerinde Käbe şerifäni sil alypdyr. Silden öň bir aýal Käbäni hoşboý ysly etmek üçin buhur atly ysly zat ýakanda, şonuň uçguny Käbe şerifäniň daşyna örtülen matalaryna düşüp, Käbe ot alypdyr. Ol wagtlarda Käbe şerifäniň örtülen matalary gaty kän bolup, biri-birleriniň üstlerinde gat-gat goýlar eken. Käbe şerifäniň örtülen matalarynyň barysy ýanyp, Käbäniň diwarlary ýarylypdyr. Ondan soňra sil-

-de gelip Käbäniň içine dolanda, şol ýaryklar öňküsinden- de beter açylypdyr. Diwarlary gowşap ýykylmaga golaý barypdyr. Şonda kuraýşlar maslahatlaşyp, Käbäni bozup täzeden örüpdirler. Kuraýşlar Hajar-eswedi (Gara daşy) goýmaly bolanda, her taýpasy goýmaklyk buýsanjyny özi aljak bolup, beýleki taýpalar bilen agzala bolup, Käbäniň işlenmegi bäş günläp ýatyrylypdyr. Hatda uly dawa düşüp ganlar dökülmeklige ýakyn baranda, Abu Umeýýe Mahzumy diýen ýaşuly, kuraýşyň ýolbaşçylaryny üýşürip: "Kim häzir birinji bolup, Babus-salamdan1 girse, geliň şonuň hökümini barymyz kabul edeliň!'' diýip aýdanda, olar şony kabul edipdirler. Şol ýagdaýda olar gözlerini Babus-salama dikip oturypdyrlar. Şol wagtda hazreti Muhammet s.a.w Babus-salamdan gelip, Mesjidi Harama giripdir. Onuň girenini görüp kuraýşlaryň barysy begenişip, Muhammet Emin geldi diýip, şonuň hökümine razy bolupdyrlar.

Hezerti Muhammet s.a.w şonda özüniň donuny çykaryp, ýere ýazyp we Hajar eswedi (gara daşy) getirdip, şol donuň üstünde goýdurypdyr. Ondan soňra her taýpanyň ýolbaşçysyna şol dondan tutduryp, Hajar eswedi olara göterdip, Käbäniň burçyna getirdipdir. Ondan soňra şol Hajar eswedi özi göterip, asylky ýerinde goýupdyr. Ynha Muhammet s.a.w yslam gelmezinden öň, adyl bolup Emin (dogruçyl, ynamly) lakamyny gazanypdyr. Käbe şerifäniň şol bejergisinde Pygamber s.a.w-de goşulyp işleşipdir we mübärek arkasyna daşlar ýükläp çekipdir. Kuraýşlaryň şu bejergisi Käbe şerifäniň sekizlenji binasydyr.

Muhammet Emin s.a.w kyrk ýaşap Hyra gowagynda ýekelik çekýän ýagdaýlarynda Remezan aýynyň 17-sine wahý2 inip, özine pygamberlik berildi.

Milady senesi boýunça 612-nji ýylyň töwereklerinde adamlary yslama çagyryp başlady. 622-nji ýylda Mekgeden Medinä hijret etdi (göçdi). 630-njy ýylda öwrülip gelip, Mekgäni basyp aldy. Mümünleriň enesi hazreti Aýşa razyýallahu anhä nezir edip1: '' Eger Taňry tebärek we tagala Muhammet aleýhissalama Mekgäni kapyrlaryň elinden alyp berse, Käbe şerifäniň içine girip, iki rekagat namaz okaryn'' diýip aýdypdyr. Hujjetul-widagda (Hoşlaşyk hajynda) Pygamberekrem s.a.w hezreti Aýşa enemiziň elinden tutup, Hatyma saldy. Şu ýerde iki rekagat namaz okap, neziriňden çyk diýdi. Çüňki, Hatym-da Käbäniň bir bölegidir. Kuraýşlaryň halal mallary az bolup, bütewi örmeklige harjlary bolman, şu mukdaryny bölüp goýdylar diýdi. Pygamber s.a.w : ''Eger jahylyýet zamany2 has ýakyn bolmasady, Beýtullany bozardym, Halylullanyň esaslaryny (fundamentlerini) görkezerdim, Hatymy-da Käbä salardym, şoňa iki gapy, birini gündogarynda, ol birini-de günbatarynda goýup we işiklerini-de ýere ýapyşdyryp, edil hezreti Ybrahym aleýhissalamyň binasy ýaly ederdim. Inni hem ölmän geljek ýyla galsam, hökman şu işleri ederin'' diýip aýtdy. Pygamber aleýhissalam geljek ýyla galman dünýäden gaýtdy. Ondan soňra dört çaryýarlaryň hem bu işe elleri degmedi.

Hijri kamary ýylynyň 64-nji ýylynda Mekgäniň patyşasy Abdylla bin Zubeýir boldy. Ol özüniň daýzasy hazreti Aýşa razyýallahu anhäden şu hadys şerifi eşitdi. Şu hadysyň islegine görä, Käbäni bozup täzeden edil Halylullanyň binasy ýaly edip saldy. Ynha hezreti Abdylla bin Zübeýriň şol binasy Käbe şerifäniň dokuzylanjy binasydyr.

Hijri kamarynyň 72-nji ýylynda hulafaýy emewilerden Abdylmälik bin Merwan Zubeýri basyp almak üçin Hujjaj bin Ýusup Sakafy diýen zalym serdaryny goşunyna ýolbaşçy edip Mekgä ýollaýar. Hujjaj zalym ýedi aýlap Mekgäniň daşyny gurşap ýatýar. Abukabys dagyň üstünde ok ýa daş atýan harby enjamy gurnap, Käbäniň we ibni Zübeýriň üstinden daşlar we gülleler ýagdyrýar. Ahyrynda Abdyllanyň üýşmelegini dargydyp, özüni-de şehit edýär.

Hijri kamary senesiniň 73 -nji ýylynda Hujjaj zalym Abdylla bin Zubeýriň salan Käbesini ýykyp şol jahylyýetdäki şekilinde edip ördürdi we Hatymy Käbä salmady. Hujjaj Sakafynyň şu bejerişi Käbe şerifäniň onulanjy binasydyr. Käbe şerifäniň şu wagtky binasy Hujjaj Sakafynyň bejeren binasydyr. Abbasylar hökümdarlaryndan birnäçesi, mäliki mezhebini esaslandyryjy hezreti Ymam Mälikden Käbäni bozup ibni Zubeýriň binasy ýaly edip salmak üçin fetwa bermegini islediler. Hezreti Ymam Mälik: Eý, mümünleriň emiri Käbe patyşalaryň oýnawajy bolmasyn, adamlaryň ýüreklerinden Käbe şerifäniň haýbaty aýrylar diýip jogap berdi.

Hijri kamary ýylynyň 1039-njy ýylynda Osman imperiýasynyň patyşalaryndan Süleýman han Käbe şerifäniň bozulan ýerlerini remont edip abatlap bejerdi. Käbe şerifäni ilkinji örtük bilen bezän Ýemeniň patyşasy Tubbagdyr. Asyrlar boýy geçen halyfalar Käbäni örtük bilen bezärdiler, öňki örtügini aýyrmazdylar, ýagny könelen örtügini aýyrman täze örtügi onuň üstüden örtýärdiler. Hijri kamary ýylynyň 160-njy ýylynda Abbasylar halyflygyndan Halyfa Mehdi öňki örtüklerini aýryp, diňe bir örtük bilen bezedi. Ondan soňra elmydama Käbäniň örtügi diňe bir örtük boldy.

Hijri kamary ýylynyň 1395-nji ýylynda arap döwleti Käbäniň örtügini dokaýan kärhana saldyrdy. Şol kärhananyň dokaýan örtügi bilen her ýylda Käbe şerife bezelýändir.

Käbe şerife – dört burç öýdür. Onuň ýerden asmana uzynlygy 15 metirdir. Gapyly gapdalyň ileri gaýralaýyn uzynlygy 11 metr 58 santymetir. Ternawly gapdalyň aşak ýokarlaýyn uzynlygy 10 metr, 22 santymetirdir. Käbe şerifäniň gapysy gündogar tarapynda, uzynlygy 2 metr, gyzyl bilen bezelendir. Gapynyň kümüşden ýasalan gulpy bardyr. Hijri kamary ýylynyň 959-njy ýylynda soltan Süleýman Kanuny şuny Beýtulla şerife sowgat edipdir.


KÄBE ŞERIFÄNIŇ ATLARY

Taňry tebärek we tagalanyň şol abraýly öýüniň köp atlary bardyr. Olar Kuranda hem gelýändir.



1. Kybladyr. Kurany kerimiň 2-nji surasynyň 143-nji aýatynda gelendir. Kybla – tarap diýen manydadyr. Bu öý-de namaz okaýanlaryň bakýan tarapy bolansoň, muňa Kybla diýip aýtdyldy.

2. Käbedir. Kuranyň 5-nji surasynyň 95-nji aýatynda gelendir. Käbe – dört burç diýen manydadyr. Araplar her bir dört burç öýe käbe diýip aýdýarlar. Taňry tebärek we tagalanyň bu öýi-de dört burç bolansoň, muňa-da Käbe diýdiler.

3. Beýti hara:mdyr. Kuranyň 5-nji surasynyň 97-nji aýatynda gelendir. Beýti hara:m – sylagly öý diýen manydadyr. Taňry tebärek we tagalanyň bu öýi-de sylagly öý bolansoň, muňa Beýti hara:m diýdiler.

4. Beýti aty:kdyr. Kuranyň 22-nji surasynyň 29-njy aýatynda gelendir. Beýti aty:k – gadymy öý diýen manydadyr. Allatagalanyň bu öýi-de örän gadymy öý bolansoň, muňa Beýti aty:k diýdiler.

5.Beniýýedir. Hadysy şerifde gelýändir. Beniýýe – sylagly salnan öý diýen manydadyr. Allatagalanyň şu öýi salnan öýleriň iň sylaglysy bolansoň, şuňa Beniýýe diýdiler. Şuňa Beniýýe Ybrahym diýip-de aýdylypdyr. Hezreti el-Bera bin Magrurdan şu hadys şerif rowaýat bolupdyr:

رَأَيْتُ اَنْ لاَ اَجْعَلَ هَذِهِ الْبَنِيَّةَ مِنِّي بِظَهْرٍ

Terjime: Men şu Beniýýe atly öýi öz arka tarapymda goýmasyzlyga nazar etdim, ýagny Beýtulla şerife arka bermezlige pikir goýdum.


KÄBE ŞERIFÄNIŇ FAZYLATY HAKDA ROWAÝAT BOLAN HADYSLAR

Şu mukkades öýüň fazylaty hakda köp hadyslar rowaýat blupdyr.



1 مَنْ اَكْرَمَ الْقِبْلَةَ اَكْرَمَهُ اللَّهُ تَعَالَي

Terjime: Haýsy bir adam Taňry tebärek we tagalanyň Kybla atly öýüni sylasa, Taňry tebärek we tagala-da şonuň özüni sylar.



2 النَّظَرُ اِلَي الْكَعْبَةِ عِبَادَةٌ

Terjime: Allatagalanyň Käbe atly öýüne seretmek ybadatdyr.


3 اِنَّ هَذَا الْبَيْتَ مَسْئُوْلٌ عَنْ اَعْمَالِكُمْ يَوْمَ الْقِيَامَةِ فَانْظُرُوا مَاذَا يُخْبِرُ عَنْكُمْ

Terjime: Hakykatdan-da kyýamat gününde şu öýden, siziň eden amallaryňyzy soralar. Siz serediň şol öý sizden näme habar berer. Ýagny, şol öý siziň amallaryňyza şaýat bolar.



4 اِنَّ اللَّهَ تَعَالَي يَلْحَظُ اِلَي الْكَعْبَةِ فِي كُلِّ عَامٍ لَحْظَةًوَ ذَلِكَ فِي لَيْلَةِ النِّصْفِمِنْ شَعْبَانَ فَعِنْدَ ذَلِكَ تَحِنُّاِلَيْهَا قُلُوْبُ الْمُؤمِنِيْنَ

Terjime: Hakykatdan-da Taňry tebärek we tagala her ýylda Käbe şerifä bakmaklygyny bakar, şol bakmaklygy Şagban aýynyň ortasyndaky gijede bolar. Şeýlelikde, şol wagtda musulmanlaryň ýürekleri Käbä höwes etmäge durar.


5 اِنَّ اللَّهَ يُنْزِلُ فِيْ كُلِّ‌ يَوْمٍ‌ وَلَيْلَةٍ‌ مِأَةً‌ وَعِشْرِيْنَ رَحْمَةً‌ عَلَي هَذَا الْبَيتِ سِتُّوْنَ‌ لِلطَّائِفِيْنَ وَاَرْبَعُوْنَ‌ لِلْمُصَلِّيْنَ وَ عِشْرُوْنَ لِلنَّاظِرِيْنَ

Terjime: Hakykatdan hem, Taňry tebärek we tagala şu öýe her gije-gündizde ýüz ýigrimi rehmet indirer, altmyşy towaf edýänler üçin, kyrkysy namaz okaýanlar üçin, ýigrimisi şu öýe seredip duranlar üçindir.



6 مَنْ جَلَسَ مُسْتَقْبِلَ الْقِبْلَةِ سَاعَةً وَاحِدَةً مُحْتَسِباً لِلهِ عَزَّ وَ جَلَّ وَ لِرَسُوْلِهِ تَعْظِيْماً لِلْبَيْتِ كَانَ لَه كَاَجْرِ الْحَاجِّ وَالْمُعْتَمِرِ‌ وَالْمُرَابِطِ الْقَائِمِ. وَاَوَّلُ مَا يَنْظُرُ اللَّهُ اِلَي اَهْلِ الْحَرَمِ. فَمَنْ رَءٰاهُ مُصَلِّياً غَفَرَ لَهُ وَمَنْ رَءٰاهُ ‌ قَائِماً غَفَرَ لَهُ، وَمَنْ‌ رَءٰاهُ جَالِساً مُسْتَقْبِلَ الْقِبْلَةِ غَفَرَ لَهُ

Terjime: Haýsy bir adam Taňry tebärek we tagalany, onuň Pygamberini razy etmek üçin we Beýtulla şerifi ulaltmak üçin bir sekunt Kybla bakyp otursa, şol adama haj we umra edýän, kapyrlar bilen musulmanlaryň arasyndaky serhedi saklap duranyň sogaplary ýaly sogap beriler. Ilki başdan Allatagala Haramyň adamlaryna bakar, haýsy bir adamyň namaz okap durany görse şony ýalkar, dik durany görse şony ýalkar we Kybla bakyp oturany görse şony ýalkar.



ŞAZYRWAN

Şazyrwan diýeni Käbe şerifäniň diwarynyň düýbüne düşelen ak daşdyr. Ol ak daşyň galyňlygy, ýagny ýerden ýokarlygy 11 sm, ini-de 40 sm-dir. Şazyrwan Beýtullanyň üç tarapynda bardyr, ýagny günbatar, günorta, gündogar tarapynda, diňe çep tarapynda, ýagny Hatym tarapynda ýokdur. Beýtullanyň bu tarapyndaky diwarynyň düýbünde hiç bir artykmaç zat ýokdur, ýeri arassadyr. Şazyrwanyň Beýtulla şerife degişlidiginde, ýagny şonuň bir bölegidiginde ýa-da degişli däldiginde dawa bardyr. Şazyrwan biz hanafylaryň ýanynda Beýtulla şerifden däldir, emma şafygy, mäliki we hanbelileriň ýanynda Beýtulla şerifdendir.



HAJAR ESWED (Gara daş).

Hajar eswed diýeni jennetden gelen daşdyr. Şol daşyň töweregine kümüş gaplanyp, Käbe şerifäniň gyş gündogar burçunda goýlandyr. Bu mübärek daşy Beýtulla örülende birinji goýan hezreti Ybrahym Halylulladyr. Ikilenji goýan hezreti Hatemun-nebiýýin Muhammet Mustafa s.a.w-dir. Munuň ýerden ýokarlygy 1.5 metrdir



HAJAR ESWEDIŇ ARTYKMAÇLYGY HAKDA GELEN HADYSLAR

Hajar eswediň artykmaçlygy hakda gelen hadyslar örän köpdür:



1 الحَجَرُ الاَسْوَدُ مِنَ الْجَنَّةِ وَكَانَاَشَدَّ بَيَاضَاً مِنَ الثَّلَجِ حَتَّي سَوَّدَتْهُ خَطَايَا اَهْلِ الشِّرْكِ

Terjime: Hajar eswed jennetden gelen daşdyr. Ol daş ilki gardanam ak eken. Ony garaldan jahylyýetdäki müşrükleriň1 günäleridir.



2 اِنَّ لِهَذَا الْحَجَرِ لِسَانًا وَشَفَتَيْنِ يَشْهَدُ لِمَنْ اِسْتَلَمَهُ يَوْمَ الْقِيَامَةِ بِحَقٍّ

Terjime: Hakykatdan-da şu Hajar eswediň bir dili we iki dodagy bardyr, özüne istilam eden adam üçin kyýamat gününde dogrulyk bilen şaýatlyk berer. Istilam diýeni ‒ iki elini hajar eswede goýup, şol iki eliň arasyndan, hajar eswede dodagyny degirip ogşamakdyr.



3 اَلْحَجَرُ الْاَسْوَدُ يَمِيْنُ اللهِ فَمَنْ مَسَحَ يَدَهُ عَلَى الْحَجَرِ فَقَدْ بَايَعَ اللهَ اَنْ لاَ يَعْصِيَهُ

Terjime: Hajar eswed Taňry tebärek we tagalanyň sag eliniň ornundadyr. Haýsy bir adam eli bilen Hajar eswedi sypalasa, şol adam indiden beýläk günä etmesizlige Allatagala äht berdi.



4 مَنْ فَاوَضَ الْحَجَرَ الْاَسْوَدَ فَاِنَّمَا يُفَاوِضُ يَدَ الرَّحْمٰنِ

Terjime: Haýsy bir adam Hajar eswediň gabadynda dursa, şol adam Taňry tebärek we tagalanyň rehmet eliniň gabadynda durdy, ýagny şol adam ylahy rehmetiň gabadynda durdy.



5 اَشْهِدُوْا هَذَا الْحَجَرَ خَيْرًا فَاِنَّهُ يَوْمَ الْقِيَامَةِ شَافِعٌ مُشَفَّعٌ لَهُ لِسَانٌ وَشَفَتَانِ يَشْهَدُ لِمَنْ اِسْتَلَمَهُ

Terjime: Siz şu daşy haýra şaýat ediň, ýagny siz Hajar eswediň ýanynda gowy işleri ediň, Hajar eswed kyýamat gününde şafagat edýändir we şafagaty-da kabul edilendir. Hajar eswediň bir dili we iki dodagy bar we özüni istilam eden adamyň haýryna şaýatlyk berer.



6 هٰهُنَا تُسْكَبُ الْعَبَرَاتُ يَعْنِىْ عِنْدَ الْحَجَرِ

Terjime: Şu ýerde gözler sykylýandyr, ýagny Hajar eswediň ýanynda gözlerden ýaşlar dökülýändir. Bu hadysyň sebäbi bir gün Pygamber s.a.w Hajar eswediň garşysynda durupdy, özi mübärek iki dodaklaryny Hajar eswede goýup, Allatagala has ýakynlaşyp kän aglady, soň gördi, hezreti Omar-da Allatagaladan gorkusyna aglap durupdy. Şonda aýtdy: Eý, Omar! Şu ýerde gözlerden ýaşlar dökülýändir.


HATYM

Hatym diýeni Käbe şerifäniň gaýra tarapynda, ýarym tegelek şekilinde edip bellenen ýerdir. Käbe şerifäniň gaýra gündogar burçuna 2 metir ýetmän, tä Käbe şerifäniň gaýra günbatar burçunyň deňine barýança, burçuň deňinden başlap ýaý şekilde aýlandyrylyp diwar örülendir. Diwaryň gaýra günbatar tarapyny-da göýä, öňki ýaly Käbe şerifä 2 metir ýetirmän goýlandyr. Bu örülen diwaryň beýikligi 1 metr, 30 sm we galyňlygy, ýagny onuň ini 1 metir, 50 sm-dir. Bu diwaryň iç tarapy, daş tarapy we üsti mermer daşy bilen bezelendir. Käbe şerfäniň ternawy şu Hatym tarapyndadyr. Ýagny, ýagyn ýagan wagtynda Käbe şerifäniň üstüne üýşen suwlar ternaw bilen şu Hatymyň içine dökülýändir.

Ýaý şekilindäki diwar Hatymyň ortasynyň iç tarapyndan, tä Käbe şerifäniň ternaw tarapynyň ortasyna barýança, 8 metr 36 sm-dir. Emma Hatymyň diwarynyň daşyndan, tä Käbe şerifäniň diwaryna çenli 9 metir, 86 sm-dir.

Bu ýere Hatym diýip aýdylýanynyň sebäbi, hatym – bölünen we saýlanan manydadyr. Bu ýer Beýtulla şerifden bölnüp saýlanandygy sebäpli, muňa Hatym diýlendir.

Şu mukaddes ýere Hatym diýlişi ýaly, şuňa «حَجْرُ الْكَعبه» ''Hajrul-Käbe'' diýip-de aýdylýandyr. Hajr – gadagan etmek diýen manydadyr. Şol mübärek ýer hezreti Ybrahym Halylullanyň salan öýüniň fundamentinden bir bölek bolansoň, towaf edýän adamlary şol ýere girmekden gadagan edilýändir. Ýagny, towaf şol ýeriň daşyndan bolmasa, dogry bolmaýar. Oňa görä, şol ýere Hajrul-Käbe diýdiler.

Şol mukaddes ýere Hajrul-Käbe diýlişi ýaly, şoňa

"حجر اسماعيل" "Hajru-Ysmaýyl" diýip-de aýdylýandyr. Çünki, hezreti Ysmaýyl aleýhisalam 130 ýaşap ölenden soňra, şol mukeddes ýerde jaýlanylandyr. Hezreti Ysmaýyl aleýhissalamyň gabry şol Hajrda bolansoň, Hajry şoňa söýäp, Hajru-Ysmaýyl diýdiler. Hezreti Ysmaýyl aleýhissalamyň ejesi hezreti Hajar aleýhissalamyň gabry-da şol Hajrdadyr.


Yüklə 2,02 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   23




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin