Haja we umra gidýänlere haj we umranyň düzgünlerini beýan etmeklikde zyýaratçylara sowgat تالیف: الحاج عبدالرحمن آخوند تنگلی طانا


ح hä – süýkeş bokurdak harpy. 2)خ



Yüklə 2,02 Mb.
səhifə23/23
tarix30.10.2017
ölçüsü2,02 Mb.
#22583
1   ...   15   16   17   18   19   20   21   22   23
ح hä – süýkeş bokurdak harpy. 2)خ hy – titrewik, bokurdak-kentlewük harpy. 3)ه hä, alehi-de diýilýär – ýeňil, ýalpak bokurdak harpy.

1 Arap dilinde iki hili “Kˮ harpy bar. 1) ق Kaf – dil ardy ýogyn harp, 2). ك Käf – dil orta inçe harp.

1 Arap dilinde üç hili “Sˮ harpy bar. 1). س Sin – dil ujy inçe harp. 2).ث Sä – diş ara ýalpak harp. 3). ص Sad – ýogyn harp.

2 Arap dilinde iki hili “Tˮ harpy bar. 1). ت Tä ‒ dil ujy inçe harp. 2). ط Ta ‒ dil orta ýogyn harp.

1 Şerg – din mezhep, dini kanun.

2 Özlerine höküm degişli bolan ýerler – ýagny, şol ýerlere baryp, şol ýerleriň her birine mahsus bolan işleri etmäge degişli bolan ýerlerdir.Meselem: Arafat dagynda durmak, Mina dagynda ýatmak, Safa we Merwede ylgamak we ş.m

1 Mal – eýelik edilýän zat (pul, gyzyl-kümüş, sygyr-düýe, geçi-goýun, öý we ş.m)

1 Towaf etmek (towa:f) türkmen dilinde togap hem towap diýlip aýdylýar – bir zadyň daşyndan aýlanmak.

1 Babus-salam – salam gapysy. Beýtullanyň töwereginde Mesjidi Harama girýän gapynyň ady.

2 Wahý – Hudaý tarapyndan ses gelip, bir işiň tabşyrylmagy. Muhammet s.a.w-e hezreti Jebraýyl perişde wahý getiripdir.

1 Nezir etmek – özüne wajyp bolmadyk zady ederin ýa bererin diýip wajyp etmek. Meselem: ybadaty ýa sadakany we ş.m.

2 Jahylyýet zamany – yslamdan öňki nadanlyk döwri.

1 Müşrük – Allatagala şärik goşýan adam, ýagny buta, sygra we ş.m Hudaý diýip çokunýar. (Beýle bolmakdan Alla gorasayn!)

1 Halyfa – Muhammet s.a.w-iň deregine sahabalara arka duran we şerigatyň hökümlerini gyl ýaly gyşartman ýöreden adamlardyr. Olar: Hezreti Abubekir Syddyk, hezreti Omar ibn Hattap, hezreti Osman ibn Affan, hezreti Aly ibn Abutalyp. Hezreti Ymam Hasan ibn Aly razyýallhy anhumlerdir. Bu mähribanlar jennet bilen buşlanan beýik sahabalardyr. Allatagala bu ezizlere merhemet etsin.


1 Keffarat – edilen günäniň üstüni örtýän, ýuwýan zat. Meselem: Oraza tutmak, sadaka bermek ýaly.

1 Mugjize – adatdan daşary, adamlaryň başarmaýan, Alla tarapyn pygamberleriň pygamberllik berilenden soň eden, geň, täsin, ajaýyp işleri. Meselem: Muhammet a.s Aýy ikä bölýär, Isa a.s ölen adamy direldýär, Musa a.s hasasyny ýylana öwürýär we ş.m.

2 Teberruk – bereketlenmek, peýdalanmak, haýyrlanmak.

3 Ýakut – gymmatbaha daşyň ady. Bu ýerde Jennetden ýere inen gymmatbaha daş diýdigi.

1 Jahylyýet – araplaryň yslamdan öňki döwri, nadanlyk döwri.

1 Babu Ysmaýyl – Ysmaýylyň gapysy. Mesjidi Haramyň gapylarynyň biri.

2 Babu Huneýin – Huneýiniň gapysy. Mesjidi Haramyň gapylarynyň biri.

3 Babu Bilal – Bilalyň gapysy. Mesjidi Haramyň gapylarynyň biri.

1 Mynafyk – iki ýüzli, içi bilen daşky hereketi deň däl, dili bilen musulmansyrap, ýüreginde bolsa hiç hili iman ýokdur.

1 Beýtul-mukaddes – Israýylda musulmanlaryň gadymy, keramatly metjidi. Muhammet s.a.w magraj gijesi Käbeden ilki şoňa baryp, ähli pygamberlere ymamlyk edip, bilelikde namaz okaýarlar. Soňra şol ýerden Arşa çykýar.

2 Aryf – biliji, alym, Allanyň dosty, öwlüýä,

1 Bir mysgal – 4.6 gr-a deňdir.

1 Mesga – Safa bilen Merwäniň arasyndaky meýdan.

1 Sagy – hajylaryň Safa bilen Merwäniň arasynda gezmek.

1 Haýz – aýallarda bolýan aýbaşy. (Her aýalyň öz adatyna görä, her aýda bir gezek ýa her 20-25 günde bir gezek, pesi 3 gün köpi 10 günläp gelýän hapa gan).

2Nifas – bu çaga dogran aýallarda bolýar, köpi 40 güne çenli akýan hapa gan.

1 Jemre-Akaba, Wady-Muhassar hakynda indiki bölümlerde düşündiriş berler.

2 Jemerat – şeýtana daş atylýan ýerler. Olar yzda giňişleýin açyklanylýar.

1 Hijret – Pygamber a.s-yň Mekgeden Medinä göçen wagty.

2Bigat – äht baglamak . Meselem: Seni özüme pygamber bildim. Men saňa wepaly bolaryn diýmek we ş.m.

1 Haram şerif – bu Beýtulla şerif özüniň içinde bolan 550 kwadrat kilometr ýerdir.

1 Aşiýýe – Gün agandan tä batýança aralykdaky wagtdyr. Käbir alymlara görä tä Daň atýança aralykdaky wagtdyr.

1 Ferseh – 1 ferseh 6 kilometra deňdir.

1 Afzal – artykmaç, örän gowy.

1 Wahý – Pygamberimize Alladan gelýän habar.

1Hyl – Haram şerifiň daşy. Haram diýýäni Beýtulla şerif özüniň içinde bolan 550 kwadrat kilometr ýerdir

1 Sahyh hadys – dogry hadys, ýagny Pygamber a.s-yň şol hadysy aýdandygyna ähli sahabalaryň jemleşen hadysdyr.

1 Hajat asly – adamzadyň ýaşamaklygy üçin hökman gerek bolan emläk. Meselem ýaşamaga öý, iýjek-içjek azyk harytlary, üç laý geýjek egin-eşikleri, aýak ulagy we ş.m.

2Nezir etmek – Hudaýyň razylygy üçin bir zat bagyşlamaklygy äht etmek. Meselem: sadaka bolsun, namaz-oraza bolsun ýa haj-umra bolsun şony ýerine ýetijek diýip lebiz etmek. Şony ýerine ýetirmek-de boýnuňa wajypdyr.

1 Sunneti mu'äkkide – güýçlendirilen sünnet. Pygamber a.s-yň ömründe bir ýa iki sapar terk edip, galan wagtlarda elmydama eden işi.

1 Afaky – mikatyň daşyndan gelenler.

2 Karyn – kyran haj edýän adam. Kyran haj barada Hajyň görnüşleri diýen bölümde aýdylar.

3 Mutemettig – temettug haj edýän. Temettug haj barada Hajyň görnüşleri diýen bölümde aýdylar.

4 Nefil hedi – köne döwürlerde haja ýanyň bilen äkidilýän mal.

1 Mekruh tahryma – harama ýakyn mekruh.

2 Yfrat haj – bu barada kitabyň Hajyň görnüşleri diýen bölümde aýdylar.

3 Towaf kudum – afaky mufridiň (ýaşaýan ýeri mikatlaryň daşynda bolup yfrad haj edýän adamynyň) birinji towafy. Karynyň umra edensoň edýän towafy.

1 Yztybag – ridäni sol gerdenine orap, sag gerdenini ýalaňaçlamak

2 Raml – towafda çalt ýöräp iki gerdeniňi silkmek.

1 Nejaset hakyky – adam tezegi, peşew, damak gan we şulara meňzeş bolan hapa zatlar.

1 Jünüp – Ini haram bolmak.

1 Towafu-Widag – afakylaryň öýlerine gaýtjak bolanda edýän hoşlaşyk towafy, oňa Towafu-Sadar hem diýilýär.

2Izär we ridä – Beýtulla şerifiň zyýaratyny niýet edýän erkek adamyň balak ýerine owratyna oraýan matasydyr. Köýnek ýerine gerdenine oklaýan matasyna ridä diýilýär. Emma bilmeýän adamlar şu izär bilen ridä yhram diýip aýdýarlar. Bu matalara yhram diýmek hakyky manysynda däl. Ol göçme manydadyr, ýagny Beýtulla şerifiň zyýaratyny niýet etmekligi sebäpli oralansoň, şol matalara yhram diýilýär.

1 Mubah sözler – günäsi ýa sogaby ýok bolan gepler.

2 Hamd – öwgi; Älhämdulillä ‒ hemme öwgüler Alla üçindir.

1 Mewkyf – Arafatda Jebelur-rahmetiň etegindäki ullakan gara daşlaryň ýanynda ymamyň durup doga edýän ýeri.

2 Jemerat – şeýtana daş atylýan ýerler.

3 Bagala – noýbadan ulurak, noýba meňzeş hasyl.

4 Sunneti mu'äkkide – güýçlendirilen sünnet. Pygamber a.s-yň ömründe bir ýa iki gezek terk edip, galan wagtlarda elmydama eden işi.


1 Bedel haj – başga bir adamyň deregine haj edip bermek.

2 Mikaty- zamany – kitabyň “Mewäkytˮ bölümine seret .

1 Jymag – är-aýalyň jynsy gatnaşyk etmegi.

2 Hadama – hajylaryň iýjek-içjek tagamlaryny taýýarlamak üçin Döwletiň äkidýän adamlary.

3 Muhrim – yhramlay adam.

1 Hytmy – kiri aýyrmak üçin sabyn ýerine ulanylýan ot.

2 Salaja ‒ hajda adamy üstüne mündürilip aýlamak üçin ýörite ýasalan enjam.

2 Kubul – erkek bolsun, aýal bolsun ynsanyň öňki, peşew edýän owrat ýeri.

3 Dubur – erkek bolsun, aýal bolsun ynsanyň yzky, meýdan edýän owrat ýeri.

4 Wukuf – Arafatda durmak. Hajyň parz amalydyr.

5 Halk – saç syrmak.

1 Bedene – hajda jenaýat etmekligi sebäpli Haramda öldürilýän düýe ýa sygyr.

1 Dem – hajyň şükranasy üçin ýa jenaýaty üçin Haramda çalynýan goýun, geçi we ş.m

2 Tehallul towafy – yhramdan çykmak, halaly bolmak towafy.

1 Tyb – gowy ys, hoşboý zat anbar, müşk we ş.m.

1 Nura – kül, hek we zernyhdan garylyp ýasalan pudra. Ony öl edip tüýe çalynsa tüýi goparýandyr.

1 Tahallul – halaly bolmak, yhramdan çykmak towafy.

2 Meni – döl ýagny, adamyň ujudyndan atylyp çykýan goýy suwuklyk.

3 Istimnä – ujudyny sypalap menisini (dölüni) çykarmak.

1 Ihsar – muhrimiň Mekgä girmeginden gaýtarylmagy, ýagny hajyň we umranyň amallaryny ýerine ýetirmekden gadagan edilmegi. Şu hili, hajdan gaýtarylan adama Muhsar diýlip aýdylýar.

2 Zebh – Şükrana çalmak, ýagny şükr edip malyň damagyny çalmak.

1 Ramy – Jemerata daş atmak. (Şeýtana daş atmak)

1 Magfiret – ýalkama, günäni bagyşlama, günäni geçmek.

1 Harameýni şerifeýn – mukaddes Mekge, Medine.

2 Hamd – öwgi.

1 Kurandan pal atmak ‒ Kurany islendik ýerinden açyp, barmagyny uzadyp goýan ýeri jennet ýa buşluk aýadyna gabat gelse, etjek işiniň oň boljagyny ýa-da dowzah, azap aýadyna gabat gelse, etjek işiniň oň bolmajagyny habar bermek. Emma bu şekilden başga ýagdaýda pal atyp gelejekden habar bermek haramdyr, onuň beren habaryna ynanmak dinden çykmakdyr.

1 Himýan ‒ özünde pul gapjygy bolan bil guşagy

2 Tyg ‒ kesgir enjam

3 Miswak ‒ diş arssalanýan, agaç bölegi

1 Hajjatul-wedag – hoşlaşyk hajy

1 Zar we tezerrug – peselip we aglap,

1 Mukym – oturymly, ýerleşen, bir ýerde mesgen tutan adam.

1 Yhtyýaty zuhr namazy ‒ jumga namazynyň yzyndan, ätiýaçdan öýle namazynyň deregine okalýan namazdyr.

2 Taklyt etmek – Bir meselede öz mezhebiňden başga mezhebe geçmek.

1 Mikat – haja ýa umra niýet baglamak üçin bellenen ýer.

2 Halaly bolmak – yhramdan çykmak

1 Ýumurja – aýagyň üstündäki tömmerip duran süňk.

2 Himýän – özünde pul gapjygy bolan bil daňysy.

1 Tekbir teşrik – Gurban aýynyň 10,11,12, 13-i günlerinde parz namazyň yzyndan aýdylýan zikr. اَلله اَکبَرُ، اَللهُ اَکبَرُ، لا اِلهَ اِلاَّ اللهُ، وَ اللهُ اَکبَرُ، اَللهُ اَکبَرُ وَ لِلّهِ الحَمدُ

Allahu äkbär Allahu äkbär lä ilähä illallahu wallahu äkbär Allahu äkbär we lillähil hamd.

2 Mesbuk – jemagatly namaza gijä galyp gelen.

3 Asah kowl – ulamalaryň ýanynda has dogry diýlen gep.

1 Raml – towafda çalt ýöräp iki gerdeniňi silkmek.

1 Yztybag – ridäni sol gerdenine orap, sag gerdenini ýalaňaçlamak.

2 Istislam etmek – Gara daşy iki eliň bilen tutup, iki eliň arasynda agzyňy goýup Gara daşy ogşamak

3 Hunsä – erkekligi hem aýallygy bar bolan ynsan.

1 Afaky – mikatlaryň daşynda ýaşaýan adam.

1 Şirk ‒ Allatagala şärik goşmak.

1 Metaf – Beýtullanyň töweregindäki aýlanylýan tekiz ýer.

1 Raml edmek – togafda çaltyrak ýöräp, iki gerdeniňi silkmek.

1 Bidgat – dine gabat gelmeýän täzelik girizmek, dini düzgünlere garşy çykmak.

1 Salaja – ýaramaýan adamy mündürip aýlamak üçin agaçdan ýasalýan enjam.

2 Nejasat hakyky – adamyň tezegi, peşewi, damak gan we ş.m. hapa zatlar.

1 Mesga – sagy edilýän ýer.

1 Mährem – özüňki we ýakyn garyndaşyň, bir maşgaladan. Onuň bilen öýlenmek ýa durmuşa çykmak haram bolup, nika düşmeýän garyndaş.

1Mukym – oturymly, ýerleşen, bir şäher ýa obada 15 gün ýa 15 günden köp bolmaklygy niýet eden adam.

2Musafyr – öz ýaşaýan şäher ýa obasynyň iň soňky öýünden 81 km uzaklyk ýere, 14 gün ýa ondan azrak gün bolmaklygy niýet edip sapara çykan adam.

1 Igtikäf niýet – bir ýerde ýa metjitde tagat-ybadat üçin galmak.

1 Tahiýýätu-mesjid – metjide gireniňde, metjidiň hormaty üçin okalýan iki rekagat nefil namaz.

2 Sutra – perde, örtgi.

1 Nüsk – haj, umra.

1 Şerh – düşündiriş, açyklama.

2 Batny Urana – Arafatyň töwereginde bir deredir.

1 Emrimagruf – dinde adamlary dogry ýola çagyrmaklyk, oňat işi etmeklige çagyrmaklyk we buýurmak. Nehimüňker – adamlary haram we mekruh işlerden gaýtarmak.

2 Ymameýn – Ebu Hanyfanyň iki okuwçysy. Ymam Ebu Ýusup Ýakup bin Ybrahym we Ymam Muhammet Hasan Şeýbany (Alla olara rehmet etsin).

1 Hufýe – sesiňi daşyňa çykarman, diliňi gymyldadyp, özüň eşider mukdarly içiňden okamak. Daşyňdan eşitdirip okamaklyga Jähri diýilýär.

1 Föwt bolan haj – geçen ýylda haja gidip dürli sebäplär bilen ýerine ýetirilmän geçen, kazasyny soňky ýyllarda almak parz bolan haj.

2 Fasyt bolan haj ‒ dürli sebäpler bilen bozulyp şol ýylda şol yhramy bilen umra edip ödemek lazym bolan haj. Geljek ýylda kazasyny almaly.

1 Wukuf – Arafatda durmak.

1 Mufsit – edilip duran amaly bozýan zat.

1 Matlaglaryň yhtylafy – Aýyň we Günüň dogup-batýan ýerleriniň gapma-garşylygy, ýagny Aý ýurdyň bir çetinde bir wagtda görünýär, ol bir çetinde başga bir wagtda görünýär.

2 Günbatar ýurtlarynda Aý görünse, gündogar ýurtlarynda hem Aý görnen hasabynda bolup, Remazan orazasy, Gurbanlyk günleri we Baýram namazlaryň wagtlary hem şol günbatardaky Aýa görä bolar.

3 Zahyr rowaýat ‒ (birinji derejede ygtybarly kitaplar) bu ikisinden maksat Ymam Muhammediň «Mebsut», «Jamigul-kebir», «Jamigus-sagyr», «Siýerul-kebirdäki» kitaplaryndaky sagdyn rowaýatlar göz öňünde tutulýar.

1 Farsah – 1 farsahyň 6 km.

2 Terwiýe ‒ Gurban aýynyň sekizi güni.

1 Meşäýih – Şeýh sözüniň köplügi bolup, bu ýerde ahun, ruhany, pir, işan diýen manylarda

1 Äbrahe – Yslamdan öň Beýtullany ýykmak üçin gelen pilli goşunyň patyşasy.

1 Nahr güni – Gurban aýynyň 10-y.

1 Mezbaha – Minada damak çalynýan ýer.

1 Bedel haj – bir adamyň deregine, şonuň adyndan başga biriniň haj etmegi.

2 Istihsan (gowusyny saýlamak) – deňeşdirmäni terk etmek we ynsanlar üçin iň peýdaly bolan zady saýlap almak.

3 Kyýas ‒ Mujtehitleriň, Kuran, hadysdaky amalyň hökümine deňäp, Kuran Hadysda ýok bolan, emma sebäpleri bir meňzeş bolan başga amala höküm etmek. Meselem:Tirýegi araga deňäp, haram diýdiler.

1 Gaflat – gapyllyk, habarsyzlyk, duýdansyzlyk; gaflatda galmak duýdansyz galmak.

2 Mile – Öňki zamanda tegelek şekilde bolan we häzirki zamanda gawun şekilinde edilen daşyň düşmeli ýeri.

1 Magfiret talap etmek – günäleriň bagyşlanmagyny dilemek, islemek.

1 Fidýe – parz we wajyp amallary düzelmejek uzur sebäpli ýerine ýetirilip bilinmese, şol amallaryň öwezine zekat düşýän ýere berilýän zat.

1 Ikamat niýet – bir ýerde hemişelik galmakyk däl-de, 15 günden köp galmaklygy niýet etmek.

1 Wesile – (araçy) Hudaýtagaladan kömek talap etmek üçin ara salynýan zat.

1 Mihrab – metjitde ymamyň durýan ýeri.

1 Baby-Jibril ‒ Jebraýyl aleýissalamyň wahy getirýän gapysy.

1 Halyfa – şol dowür musulmanlaryň patyşasy.

1 Asah kowl ‒ iň dogy bolan gep.

1 Sidre – bir agajyň ady, ol agajyň ýapragyny gyradyp dökýärler. Onuň miwesiniň adyna arap dilende nebyk diýilýär.

1 Beýtul-mukaddas – "mukaddes öý" Ierusalim, Iordaniýa bilen Ysraýylyň bilelikde eýelik edýän bir şäheriniň ady.

1 Mihrab – metjitde ymamyň durýan ýeri, kybla.

1 Rabyta – Pygamberimiz bilen ýa öwlüýäler bilen, her sopy öz piri bilen ruhy aragatnaşyk sakalamak

1 Ashabusuffa – Pygamberimiziň döwründe metjidiň öňünde bolan garyp sahabalaryň ýeri.

2 Menlil Wahy – Kuranyň köp aýatlarynyň inen ýeri.

1 Ykamat niýet – bir ýerde hemişelik galmakyk däl-de, 15 günden köp galmaklygy niýet etmek.


1 Bedene – düýe, sygyr.

2 Jul – basyryk, atkeçe, halyk.

1 Wukuf – Arafatda durmak.

2 Hedi – öz ýanlary bilen damak çalmak üçin äkidilen mal.

1 Afaky – mikatyň daşyndaky ýaşaýan.

2 Ilmam – muhrimiň öz iline gelmekligi. Eger yhramdan çykyp gelse, Ilmämi-sahyh diýilýär. Eger yhramdan çykman gelse, Ilmämi-fäsid diýilýär.

1 Yhsar ‒ yhram baglan adam Mekgä girmekden gaýtarylmak, ýagny hajyň we umranyň amallaryny ýerine ýetirmegi gadagan edilmek.

1 Föwt bolmak ‒ aradan aýrylmak, ýok bolmak.

1 Mesga – Safa bilen Merwäniň aralygyndaky sagy edilýän meýdan.

1 Zar we tezerrug – peselip we aglap,

1 Rafyz ‒ haja yhram baglap, nüsükini tamamlaman taşlamak.

1 Mährem – aýal maşgala nika düşmeýänler. Meselem: kakasy, ogly we şm.

1 Petwa – güwälik.

1 Nemaýende ‒ wekil, biriniň tarapyndan bir işi ýerine ýetirmek üçin bellenen adam.

1 Nemaýende – biriniň tarapyndan bir işi ýerine ýetirmek üçin bellenen adam.

1 Yhtylaf – gapma-garşy pikir.

1 Bedel – başga biriniň deregine haja gitmek.

2 Mekruh tahrima – harama ýakyn bolan mekruh.

3 Mekruh tenzih – ýeňil bolan mekruh.

1 Nüsük – ybadat, buýruk, umra we haj.

1 Mal – şerigat boýunça umumy emläk. Meselem: pul, jaý, ulag, gyzyl-kümüş we ş.m.

1Zahyr mezhep ‒ Zahirul-mezhep we zahirur-riwaýe (birinji derejede ygtybarly kitaplar) – bu ikisinden maksat Ymam Muhammediň «Mebsut», «Jamigul-kebir», «Jamigus-sagyr», «Siýerul-kebirdäki» kitaplaryndaky sagdyn rowaýatlar göz öňünde tutulýar.


1 Rafz – haja yhram baglap, hajy tamam bolmanka taşlamak.

2 Halk – saç syrmak.

1 Fidýe – parz we wajyp amallary ömürlik uzur sebäpli ýerine ýetirilip bilinmese, şol amallaryň öwezine berilýän zat.


1 Keffarat – edilen gönäniň üstüni örtýän, ýuwýan närse.Oraza tutmak ýa sadaka bermek we ş.m.

1 Ýumurja – aýagyň üstündäki tömmerip duran süňk.

1 Haluk – zagpyrandan we beýleki hoşboý zatlardan goşulup ýasalan tybdyr.

1 Wers – dänesi künjä meňzeş otdur.

1 Wesme – nil boýag gök reňk.

2 Hytmy ‒ meşhur otdur kiri aýyrmak üçin sabyn ýerine ulanylýar.

3 Sidir – Kunar atly agajyň ýapragyndan bejerilen dermandyr.

1 Jymag – jynsy gatnaşyk.

2 Dawagy – jynsy gatnaşyga çagyrýan zatlar. Meselem: Ogşamak, owrat ýerlere seretmek, sypalamak.

1 Afaky – mikatlaryň daşynda ýaşaýan adam.

1 Zebh – damak çalmak.

2 Halk – saç syrmak.

1 Hyl – Haram şerifiň daşy.

1 Gunduz ‒ gymmatbaha derili haýwanyň ady (bobr).

1 Mukellef – özüne şerigatyň buýran zatlaryny etmek we gaç diýen zatlaryndan gaçmak wajyp bolan adam.

1 Öldüren çekirtgesiniň tölegi –nahardan bir az-owlak sadaka bermekdir),

2 Sag – (sa:g) ölçeg gaby, 1 saga 3kl, 240 gr bugdaý ýerleşýär.

3 Zebh – damak çalmak.

1 Mesga – sagy edilýän ýer.

1 Ebjed hasaby – arap elipbiýiniň san aňladyşy boýunça ýöredilýän hasap. Ebjet hasabynda her harp belli bir sany aňladýar: elif – 1, bä – 2, jim – 3 we ş.m.


Yüklə 2,02 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   15   16   17   18   19   20   21   22   23




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin