Magtymgulynyň Düşündirişli Sözlügi, Türkmen ýazyjysy Nurmuhammet Aşyrpur (Aşyrpur Merdeow) tarapyndan ýazylyp birinji jildi 1997 ýylda Eýranyň Gunbedkabus şährinde çapa berildi



Yüklə 6,36 Mb.
səhifə10/72
tarix15.11.2017
ölçüsü6,36 Mb.
#31820
1   ...   6   7   8   9   10   11   12   13   ...   72

GUSUL (a. gosl) - ýuwunma, suwa düşme, bedeniarassalama, ini halallama.

Dine taglym berildi,

Etdiler gusly küFFar.

GUSUR (a. kosu:r) - ser. kusur.

GUTARMAK- 1) tamam etmek, tüketmek; 2) halasetmek; 3) gm. aradan çykmak, ölmek.

Nebs ile şeýtanyň paýmaly boldum,

Eýäm, sen lutF edlp, gutargyl ondan.

GUTLUG - ugurly, mübärek bagtly.

Nury-mehweş bolan gutlug habybym,

Adyň serdepderde, lowada belli.

GUTULMAK - 1) halas bolmak, dynmak, boşamak; 2)sagalmak, açylmak, sypmak.

Endamyna düşüp sansyz bir ýara,

Itlerden gutulyp giti, ýaranlar.

Gutular sen hak ýolunda jan berseň.

GUFRAN (a. goFra:n) - ýalkaw, ýalkama, rehmet;bagyşlama.

On sekiz mün älemi berkarar bar etgen kerim,

Edi guFrana (?) pelekni berkarar etgenkerim.

GUÇMAK - gujaklamak, çyrmaşmak, gujaga almak,gujaga gysmak.

Kim bilerki ahyretde neýlärler.

Iýip, içip, münüp, guçup, öt ýagşy.

Gara ýer barçany guçar, ýaranlar.

GUŞ SALMAK- ser. salmak.

- ser. güştasp. GUŞTASj (p. goştasb)

GUÝ (p. gu:ýa:) - ser. güwýa.

GÜWIÝ (p. gu:iýa:) - ser. guiýa.

GÜWŞ (p. gu:ş) - gulak; güwş tutmak - gulak asmak,diňlemek.

Güwş tutar nen her diýilen sözlere.

Jan güwşüne ýetişdi binägäh habar, eý, dost.

Güwş berdi, dahan berdi,

Dahana zyban berdi.

GÜWŞE (p. gu:şe) - burç, çet, künç, künjek; birzadyň çeti; çar güwşe - dört burç.

El uzadyp çar güwşesin dünýäniň.

Her güwşeden nyýaz okun gözlegil.

Basdy mähntniň nyşany, keşt eýledi çargüwşäni.

GÜWŞMAL (p. gu:wşma:l) - jeza, temmi; gulagynyňdüýbüni owmaklyk; terbiýe we edep etme.

Diýdim: "Andan neFsim nije ram olur?"

Diýdi ki: "jir olan güwşmal".

GÜ'ENDE (p. gu:ende)- 1) gepleýän, gürrüň berýän,aýdýan; 2) diktor; 3) ýazyjy, şahyr.

Rewende-ýu aende,

Zyban seni güw'ende.

GÜWÄ (p. gewa:h) - ser. guwäh.

GÜWÄH (p. gewa:h) - - şaýat; habarly,tanyş.

Magtymguly, ýyglar men bubagty-syýahymdan,

Gorkaram jan apaty, el-aýak güwähimden.

GÜWÝ (p. gu:ýa:) - gepleýän, sözleýän, geplepbilýän; saýraýan.

Çeşmeler höşk boldy, daşlar mum boldy,

Güwýa boldy tiller Çowdur han üçin.

GÜDAZ (p. goda:z) - ergin, eredýän, ýakýan, ýakyjy,(ot); kubra güdaz - uly ergin, uly ýakyjy ot.

Ol güdaza janym erip ýanaly,

Abat kaýsy, harap kaýsy, bilmedim.

Görnüşiň aşretnema, görküň üçin köňlümgüdrz.

GÜENDE (p. gu:ende) - ser. guw'ende.

GÜZAR (p. goza:r) - ser. guzar.

GÜZER (p. gozer we goza:r)- 1) geçelge, geçit; 2) geçiş,geçme; geç (buýruk Formasy); guzer etmek - 1) geçmwk,geçip gitmek, üstünden geçmek; 2) mydar etmek, güngeçirmek, ýaşamak.

Ajal saňa etse güzer,

Habaryň ber nedejek sen?

her kim gadamyn düz goýsa,

Güzerden bihatar gider.

GÜZERGÄH (p. gozer+ga:h) - geçelge, geçit,geçiýän ýer; güzer (ser).

Aldamaga al kumaşyň sim-zeriň,

Guzergähiň tutup durmuş bu ýeriň.

GÜZEŞT (p. gozeşt) - geçme, geçiş, ötme, ötüş;güzeşt eýlemek (etmek) - 1) geçmek (wagtyň, ömrüňgeçmegi); 2) bagyşlamak, günäni geçmek.

Bihuda imesdir ömrüň güzeşti.

Gelen geçer çaşt edip,

Eglenmez, güzeşt edip.

Eý gerimi-kärsaz,

Günähim güzeşt eýle!

GÜÝTMEK - 1) tutmak, salmak, asmak (gulak); 2)almak; saklanmak; kabul etmek.

Müň ýalbarmak bilen köňül guýtmez hiç.

Ýman hiç nasihat tutmaz,

Ýgşy söze gulak güýtmez.

Magtymguly öwüt aýdar,

Aňlan gulagynda güýder.

GÜL ROÝ (p. gol+ru:ý)- ser. roý.

GOL RUHSAR (p. gol+rohsa:r)- ser. ruhsar.

GÜL FERHAR- özbak klassyk şahyry LutFynyň webaşga-da birnäçe şahyryň ýazan eseri bolan "Gül weNowruz" dessanynyň gahrymany. Gül Ferhar ýurdunyňşazadasy. Bu at käerde Gulbahar şekilinde gabatgelýär.

Aşyk Nowruz gül Ferhary,

Söen dek söýmüşem seni.

- 1) gül suwy, gülden edilen atyr; GÜLAj (p. gol+a:b) 2) bägülden alynýan içgi.

Gül bolur sen guwanurga gulaba,

Lahat guma döner, hanaň haraba.

GÜLGUZAR (p-a. gol+oza:r) - 1) gül ýaňakly, gülýüzli; gözel, görkli; 2) söýgüli.

Bişeleri şir-peleňli,

Gülguzar, nowça böleňli.

GÜLGÜN (p. gol+gu:n) - gül reňkli, gül meňizli;gyzyl (reňk), al; güle meňzeş; gülgün şerep - gyzyl çakyr,al şerap; gülgün kaba - gyzyl geýim.

Bag içinde gülgünmi sen, näme sen?

Sag elinde gülgün bada şaraby.

Eý, aty ýüwrük ýigit, özi goçak, gülgünkaba.

GÜLGÜN BADA (p. golgu:n+ba:de)-ser.bada.

GÜLGÜN KABA (p-a, golgu:n+kaba:)- ser.kaba wegülgün.

GÜLGÜN ŞERAj (p-a. golgu:n şera:b)- ser.gülgün.

GÜLZAR (p. golza:r) - gül bilen örtülen meýdan;çemen, gülüstan, güllük, gül bakçasy, gülüň köpýeri.

Bilbilem, ahy-zar çekip,

Täze gülzardan aýryldym.

Rumuň şähriniň serdary,

Nirde saldyrmyş gülzary?

GÜLI-HANDAN (p. gol-e handa:n)- gm. açylangül.

Bilbilleri ýesir eden güli-handan,

Ý reb, habar bilerinmi, ýar, senden!

GÜLLE (p. golu:le) - 1) top ýa-da tüpeň bilen atylýanmetaldan ýasalan ok; 2) ýumak.

Ajal otdur, ten myltykdyr, jan - gülle.

Aýak, golsuz galyp, maýyp düşenden,

Gülle degip, alyp giden baş ýagşy.

GÜLÜSTAN (p. golesta:n) - gülleriň köp ýeri, güllermekany, gülçülik ýer.

Toty hemrahyndan, zenbur şekerden,

Bilbil gülüstandan aýrylmadymy?

GÜLÇIHRE (p. gol+çihre) - 1) gül ýüzli, gözel,owadan, görkli (köplenç aýal-gyzlar hakda); gyzyň ady;ser. çihre.

Bir gülçihre ýolunda bihuda pida boldum.

Bagda biten gulçihre sen bulgur bakymly.

Kany ol Gülçihre, simin uzaryň?

GÜLŞA (p. golşa:h) - "Warka-gülşa" dessanyň başgahrymanlarynyň biri, Warka atly ýigidiňsöýgülisi.

Emende Warka Gülşany,

Söen dek söýmüşem seni.

GÜLŞEN (p. gol-şen) - gül biten ýer, gülüstan, köpgülli bag, gülzar (ser).

Ýigitlik bir gyzyl gülşen.

Bagy-erem gülşeni,

jany jahana düşmez.

- 1) çak, çen; 2) hyýal, oý, GÜMANA (p. goma:na) pikir; 3) şek, şübhe.

Magtymguly diýr, iýgeniň,

Gümanadyr çeýnegeniň.

Bir-birine gümanda, güman senden bihabar.

GÜMRA (p. gomra:h) - ser. gümrah.

GÜMRAH (gomra:h) - azaşan, ýoldan çykan, ýolunyýitiren, ýoluny urduran; gümrah bolmak - ýoldançykmak.

Niçe ýüz müň gümrah bolan-da bardyr.

Gümrah bolup, ýol ýitirdim.

Magtymguly aýdar, dostlar, men gümrah.

GÜNEH (p. goneh) - "Gona:h" sözüniň gysgaldylanFormasy. Günä, ýazyk; bigüneh - günäsiz,ýazyksyz.

Külli-ummatny günähden bigüneh kylgyl,huda.

GÜNIN (güni:n) - bir günde, bir günüň içinde,günibirin, bir günüň dowamynda.

NeFyg ýokdur saňa masewalladan,

Kimse günin, kimse ýatyp baradyr.

GÜNMÜŞDIK - gün eken (ýomut, gökleňdialektinde ulanylýan Forma).

Ne sapaly günmüşdik, deň-duş bile başgoşman,

Başyň aldyň garyldyň ne dost bildiň, neduşman.

GÜNÄ (p. gona:h) - ser. günäh.

GÜNÄKÄR (p. gona:h+ka:r) - günäli, ýazykly,tagsyrly, günä iş eden.

Günäkär ummatyn hak resulalla.

Eger men bir günäkäriň, hemişeaşyky-zaryň.

GÜNÄH (p. gona:h) - günä, ýazyk, etmiş, tagsyr.

Her kime lutF eýlese, jürmi-günähiň olgeçer.

Günähiň agramy üstüňden basar.

GÜNÄHI-jISAT (p-a. gona: h-e Fesa:d)- ser. pisat.

GÜŇ (p. goňg) - dilsiz, gepläp bilmeýän adam, lal;güň-u lal - gepläp bilmeýän we dili tutulýan.

Isanyň demi mahal,

Lukman ol ýerde güň-u lal.

Nijeler güňdürler, nijeler laldyr.

- ser. güň. GÜŇ-U LAL (p. goňg-o la:l)

GÜRBE (p. gorbe) - pişik.

Gaplaň güýçden galar, döner gurt-gürbä.

Gürbe güýji ýetse, ger gaplanga hem bermezaman.

GÜRGEN (p. gorga:n) - Etrek derýasynyňgünortasynda türkmensährada bolan derýanyň ady; 2)Eýranyň Horasan oblasty bilen Kaspi deňziniň hem-deElburz daglarynyň we Türkmenistanyň aralygyndaýerleşýän territoriýa, şol territoriýanyň merkezi şäheri.Gadymlar Gürgen bilen Dehistany bilelikde Astrabatatlandyrypdyrlar. Eýran türkmenleriniň köpüsi şolýerde ýaşaýarlar. Ol şäheriň düýbüni tutan Gürginhasaplanýar.

Öňünde belent dag, serinde duman,

Deňizden öwüser ýeli Gürgeniň.

GÜRZ (p. gorz) - gadymy uruş ýaraglaryndan biri(demirden, agaçlan edilen süýri-togalak bolan tokmak),gürzi.

Zybanyýýa melekler

Gollarynda gürz dälmi?

Melekler göterip, gürzler urarlar.

GÜRIZAN (p. gori:zan) - "gori:hten" işligiden; gaçýan,gaçyjy, gaçýan halatda; gürizan bolmak - gaçmak,daşlaşmak.

Boluňyz binamazlardan gürizan,

Alarnyň gaşydan uFtan-u hyzan.

GÜRK (p. gorg) - gurt, möjek, böri.

Diýdim; "Ähli-zalym ne taýpadandyr?"

Diýdi: "gürk, it-u eşekdur, şagal".

GÜRLEMEK - 1) geplemek, sözlemek, gürrüň etmek;2) gm. güpülemek, öwünmek, lap etmek.

Namart goş üstünde harlar.

Orta-aş üstünde gürlär.

GÜRUH (p. goru:h) - topar, bölek, jemagat;güruh-güruh - topar-topar, bölek-bölek.

Edinji güruhy nukaba, biliň,

Üç ýüz ärdir, söze bir gulak salyň.

On iki güruh bolup resul ummaty,

Her biri bir jynsda sürler ýaranlar.

GÜSBENT (p. gu:sFend) - goýun.

Bir süri güsbende gurduň söweşin.

Boz güsbent, gyr ýylky, gara gäwmişli,

Argaly, gäw bolar maly Gürgeniň.

GÜFTAR (p. goFta:r) - 1) söz, gürrün, gep; 2)sözlemek, geplemek; şirn güFtar - süýji sözli.

Hoş owazly bilbilimden,

Şirin güFtardan aýryldym.

Ile-ulusa hoş gelen,

Aş, gylyç, är güFtarydyr.

GÜŞADA (p. goşa:de) - 1) açyk; göwni zçyk, şat 2)çözülen, açylan; güşada bolmak - şatlanmak, göwünaçmak; güşada bagt - bagty açyk, bagtly; açykbagt.

Tapmaý güşada bagty ol talyg ile ýyldyzdan,

Görse wepalarny mundag her kim tutupöz-özünden.

- ser. GÜŞADA BAGT (p. goşa:de baht)güşada.

GÜŞAÝYŞ (p. goşa:ýiş) - açylyş, giňeliş,ýaýbaňlanyş, dynuw; açyklyk.

Magtymguly aýdar, haka sitaýyş,

Her müşgil işime sen-sen güşaýyş.

GÜŞAT (p. goşa:d) - 1) açyk, açylan; giň; 2) ýeňil,aňsat; güşat eýlemek- 1) açmak, giňeltmek; 2) aňsatetmek, rowaçlandyrmak.

Tugun bolar daýyma, bolmaz güşat ykbalymyz.

Güşat etdiň niçe kagbaröwleri.

GÜŞTASj (p. goşta:sb) - Firdöwsiniň "Şanamasynda"getirilen rowaýatlara görä, Eýranyň keýanylardinastiýasynyň bäşinji patyşasy. Ol Luhrasbyň ogly weIspendiýar Ruýinteniň (endamyndan ok geçmeýäniň)kakasydyr. "Şanamada" aýdylyşyna görä, Zertoşt onuňdöwründe özüni pygamber yglan edýär, Güştasp hemşonuň dinini kabul edýär we ony rowaçlandyrýar, şuugurda köp zähmete, bela duçar bolýar.

Zal oglunyň almaz peýkam, tiri sen,

Güşatsyp ogly dek belli belaýa.

GYBAT (a. gi:bet) - 1) biriniň yzyndan erbet gürrüňedip ýamanlamak; 2) bolmazlyk, gaýyp (ser.)bolmak.

Nämährem gören gözleriň,

Şol gybat eden sözleriň.

GYBATKEŞ (a-p. gy:bat+keş) biriniň yzyndan gybat(ser.) edýän, gep gezdirýän, biriniň yzyndan erbet sözaýdýan.

Kyýamat ahyry-magşar bolanda,

Süýthorlary, gybatkeşi nar çeker.

GYDYRMAK - zähmet çekmek, işlemek; bir zadyňyzynda tagalla etmek; gydyrmak görnüşinde-de duşgelýär.

Gün üçin gydyrganyň,

Sowap üçin güýmenewer.

GYZMAK - 1) yssy bolmak, gyzgyn olmak; 2)gm.

gyzyklanmak, höweslenmek, joşmak,hyjuwlanmak.

Köňül, sen bir bazar sen,

Her işe bir gyzar sen.

Joşgun berip yşk ody, gaýnap gyzdygym.

GYZYL ASLAN (Arsala:n)- Ildego'züň ogly. Azerbaýjanatabeklerinden biri. Ol 581-nji hijri (1185-1186) ýylyndantä 587-nji hijri (1191) ýylyna çenli häkimlik edipdir.Üçünji Togrul (seljuklardan) bilen urşup, ony ýeňipdir.Gyzyl Arslan 587-nji hijri (1191) ýylynda-dao'ldürilipdir.

Zo'hre, Näzperi, Humaý, Dursuti haýran sizlere,

Beýle adalatly şa sen, Gyzyl Aslan istemen.

GYZYL BAÝYR- Gyzyletrek raýonynda bir ýeriňady.

Kesgin-kesgin ýolun geçer,

Gyzylbaýyr go'wün açar.

GYZYLBAŞ - 1) Şa Ysmaýyl SeFewiniň goşunynyňbir bo'legine dakylan at. Olar şaýy mezhebinden bolup,seFewileri goldapdyrlar, on iki burçly (megerem 12 ymamyaňladýan bolsa gerek) gyzyl telpek geýenleri üçin, olaragyzylbaş at dakylypdyr.

Taryhçylaryň ýazmagyna go'rä, ol gyzyl telpek ilkinjigezek şa Ysmaýylyň kakasy Soltan Haýdar tarapyndanulanylypdyr. Ol şol do'würde rowaç bolan türkmentelpeginiň deregine kiçijik gyzyl selle geýmegi buýrupdyr.Şondan soň seFewileriň tarapdarlaryna gyzylbaşlardiýilipdir. 2) şol do'wür Eýran goşunynyň esgeri;Eýranly.

Bäş ýylda bir kitap eden işimiz,

Gyzylbaşlar alyp, weýran eýledi.

Gylyç urup gyzylbaşa,

Dolar sen Eýrana go'kleň!

GYZYLMAK - 1) gyzyl bolmak, gyzarmak; 2) gyzgynbolmak.

Beýik diwan gurlar, bir iş düzüler,

Gün ýüzi ço'wrüler, älem gyzylar.

GYÝMAK - 1) kesip ýaralamak, ýyrtmak, dilmek; 2)do'zmek.

Go'wresin gyýmamyş, ko'ňlün bozmamyş.

Oýarmaga gyýmaz go'züm.

Gyýmazlykda müň so'z gulagna guýsaň.

GYÝMAT (a. gy:mat) - 1) baha, nyrh, deger, bedel,durýan eri; 2) ätibar, hormat.

Gyýmatyň aýt, ne bahasy, galandar.

Boýny reňbe-reň hinji,

Gyýmaty älem genji.

GYLMAN (a. gylma:n, bs. gola:m) - 1) oglan, ýaş oglan;2) hyzmatkär, gullukçy; 3) dini düşünjelere go'rä,behiştdäki hyzmatkärler. Bu so'z türkmen dilinde birliksan ho'kmünde ulanylýar.

jazly bilen barça işim bitirip,

Hüýr-u gylman içre Ferag ýetişse.

GYMMAT (a. gy:met) - 1) baha, nyrh, 2) hakykybahasyndan artyk satmaklyk; gymmat etmek - bahabermek.

Eşek o'zün egsik saýmaz bedewden,

Gymmat etseň, ýat ýanynda bellidir.

GYN (gy:n) - pyçagyň, gylyjyň tygyna laýyk edip,gaýyşdan bejerilýän gap. Arap dilinde "gyla:F", parsdilinde "niýam" diýilýär.

Uzak ýola düşüp namart ýo'rmegil,

Ne iş kylsyn gury pyçak gyn bilen.

GYNAMAK (gy:nanmak) - 1) gyn ýagdaýa sezewaretmek, ynjytmak, azar bermek, janyny ýakmak; sütemetmek, horlamak.

Yslam üçin jän gynagan,

Ol Hemze pehliwan kany?

GYŇRALMAK - 1) azm urmak, herrelmek; 2)hyrsyzlanmak, gyňyr bolmak.

On ikide her kime gyňralyp so'z gatardym,

On üç ýaşa ýetmede, agyr mejlis tutardym.

GYR (gy:r) - çalymtyl ak reňk, kül reňkine ýakynak.

Boz güsbent, gyr ýylky, gara gäwmişli,

Argaly gäw bolar maly Gürgeniň.

GYRA - kenar, çet; boý; deňziň gyrasy - deňziňkenary, deňziň boýy.

Er-go'güň arasynda,

Harmanlar gyrasynda.

- kenar, gyra; çet, burç. GYRAK

Bu dünýäniň gyragynda,

Şejerler bitmiş bagynda.

GYRMYZY (a. kyrmyz) - 1) gyzyl reňk; 2) gyzyl reňkdebolan bir hili ýüpek mata, keteni; 3) Bu so'z aslyndaýumurtga şekilli, ululygy nohut ýaly kiçijik bir mo'jegiaňladýar. Onuň urkaçysynyň ganaty bolmaýar, reňkigyzyl bolýar, näçä ko'p dursa, gyzyllygy artýar. jarsdilinde oňa "gyrmyzdäne" hem diýilýär. Ol kaktus ýa-dajidar atly o'sümligiň ýüzünde emelegelýär.

Gyrmyzdänäni ýetişdirilýän ýerde ilki kaktus ekinmeýdanlary do'redilýär. Gyrmyzdäneler ýygnalandansoň, mahsus desgäde olar o'ldürilip, gün astynda goýlupguradylýar. Gyrmyzdänäniň meşhur reňki ýüň, ýüpekreňklemek üçin peýdalanylýar.

Dünýä, seniň bu gezekli gerdişiň,

Gyzyl gandan gyrmyz bolupdyr dişiň.

GYRNAK - 1) ko'ne do'würde alamançylakda, uruşdaýesir alnyp, soň bazarlarda satylan aýal, eger ol erkekbolsa, oňa gul diýilýär; 2) barly adamlaryň ýa-dahäkimiýet eýeleriniň o'ýlerinde hyzmat edýän aýal.

Goç ýigit kem go'rner guldan-gyrnakdan,

gallaç bolup, maldan-başdan aýrylsa.

GYSGA KAT (t-a. gysga kadd)- ser. katD.

GYSSAMAK - howlukdyrmak, bir işi ýerine etirmägehowlukdyrmak, howlukmaga mejbur etmek.

Janyňy tartarlar bogazyň gyssap,

Şol dem garaňkyrar Aý ile AFtap.

GYSYK - gysganç, husyt.

Ýygnanan ýygynçagyň bary kül boldy,

"Görümsiz, gysyk" at galdy özüňden.

GYSYM - owuç, el ýumlanda, içinde emele gelýänboşluk; şol boşlukda ýerleşip biljek mukdar zat,tutum.

Bir Allaga aýdaý hamdy-senalar,

Bir gysym toprakdan ynsan ýaratdy.

GYÝ - kese, gyşyk, ters; gyýa bakmak - kese bakmak,ters bakmak.

jeleňler çyrpynyp çykan,

Boz marallar gyýa bakan.

jelek, pelek gyýa bakyp,

Jan alar sen hanjar sokup.

GÄW (p. ga:w) - sygyr, öküz.

Öňün başlar ýagşy gäwler.

Dag başynda ýören gäwler.

GÄWBAN (p. ga:wba:n) - sygyr çopan.

GÄWDAR (p. ga:wda:r) - demirgazyk Eýranda şalyetişdirmek we aýdym-saz bilen meşgul bolýan aýratyntaýpa. Olar musuman däldikleri üçin, doňuz etiniiýýärler, däp-dessurlary beýleki Eýranlylardantapawutlanýar.

Gäwdar ogly doňuz bilen it oýnar,

Beg balasy sadranç oýnar, nert oýnar.

GÄWMIŞ (p. ga:wmi:ş) - gämiş, uzyn şahlary bolansygyra meňzeş haýwan, süýdi köp we ýagly bolýar.Arapça "Jamus" diýilýär.

Magşar gün hak ýanda bolsaň uýatly,

jil, gäwmiş, boýunly möýler sokalar.

Boz güsbent, gyr ýylky, gara gäwmişli.

GÄWÜR (gä:wür) - pars dilinde otparaz diýenmanyny aňladýan "gebr" ýa-da arapça "kaFyr" sözündenbolmagy çak edilýär; 1) hudaýa ynanmaýan adam, kapyr,dinsiz; 2) musulman däl, hristian, isaýy.

Magtymguly, ýalançydyr bu jahan,

Mestde akyl bolmaz gäwürde iman.

GÄLE (p. gelle) - süri, topar; gäle-gäle - topar-topar,süri-süri.

GÄLEBAN (p. gelleba:n) - ser. gelleban.

GÄM (p.ga:m) - gadam, ädim, ýol ýörelende ikiaýagyň arasyndaky aralyk.

Giriban bu hanadan, ol hanaga basmyşdy gäm,

Rast gitmese ýa eger yhlas birle subh-u şam.

GÄMI (gä:mi) - suw transporty, naw, gaýyk.

jikir derýasyna akyl gämisin

Batyrmyşam, geçe bilmen, neýläýin?!

GÄj (p. ga:F) - arap-pars elipbiýiniň ýigrimi altynjy"g" harpy. Bu harp arap sözlerinde ýok, ol pars sözlerinemahsudyr. ebjet hasabynda "käp" bilen barabar (20)hasaplanýar.

"Gäp" - günähiň ýat edip, tur, säherler ýyglagyl!

- käwagt, kämahal. GÄH (p. ga:h)

Gäh dünýä talap eýlep, hem ýortar men, ýelermen.

Gäh ýyglap öz halyma, gäh şuh edip, gülermen.

GÄHI (p. ga:hi:) - käwagt, kämahal, ser. gäh.

Gähi bilbil kibi saýrar tilleri.

Gähi köprük, gähi ýylan geçipdir.

GÄHI-GÄHI (p. ga:h ga:hi:)- mahal-mahal,käwagt-käwagt, käte-käte.

Sen neçün, Magtymguly, ýamanlygyňunutmadyň.

Gähi-Gähi zalym olduň, görgeniňden gaýtmadyň.
D
DABAN (da:ban)- 1) aýagyň aşagy, ökje, ökjäniňaşagy; 2) gm. az mukdar, azajyk; daban zemin - azajyk ýer,aýagyň aşagy mukdardaky ýer.

Bir daban zemine satyp baradyr.

Tutsalar gyl köprüde, durmasa anda daban.

DAWA (a. dä'wa:) - ser. dagwa.

Möwlam özi diwan üçin otursa,

jeşe turup, dawa tutar pil bile.

DAWAGÄR (a-p. dä'wa:ger) - 1) dawa edýän, jedeledýän; 2) adalat talap edýän.

"Men garyp men, maňa, gamhor bolmasaň,

dawagärim siz" diýp aýtdy, dostlar heý.

DAWER (p. da:wer) - 1) häkim, hökümdar; 2) ikiadamyň arasyndaky dawany çözmek üçin bellenýänadam, sud'ýa; 3) çäksiz hökümdar bolan Alla tagala;hökmi-daewri - sud'ýanyň hökmi, Allanyň hökmi.

Eý ýaranlar, musulmanlar,

Görüň bu hökmi-daweri.

DAWERI (p. da:weri:) - 1) häkimlik etmek, sud'ýalyketmek.

DAWUT (p. Da:wu:d) - Süleýmanyň atasy. Dinirowaýatlara görä, musaýylaryň (ewreýleriň)patyşalaryndan we pygamberlerinden biri, Ýkubyň onbirinji arkasy. Ol biziň eramyzdan 1033 ýyl öň dogulýarwe takmynan biziň eramyzdan 962 ýyl ozal 71 ýaşyndaaradan çykýar. Ýşlykda çopançylyk edipdir, göwresi kiçibolsa-da, örän gaýratly we edermen bolupdyr. GöýäDawudyň örän ýakymly sesi bolup, "Zebury" owaz bilenokanmyş. Dawut Şaul patyşanyň gyzyna öýlenýär,Beýtilmukaddesi kenganlylardan alyp, paýtagt edýär weoňa Urşalym (Ierusalim) at goýýar. Ol kyrk ýyla golaýpatyşa we pygamber bolýar, emma ýewreýler ony kitaplypygamber hasap etmeýärler. Göýä Dawut oňat sowutýasamagy-da bilipdir, şoňa görä, ol Gündogarrowaýatlarynda demir ussasy hasaplanýar. Klassykyedebiýatda Dawut hoş owazly obraz hökmünde tanalýar.Onuň obrazy türkmen klassyky edebiýatynda-da duşgelýär. Magtymguly Dawudyň ussa bolandygyny, "Zebury"(ser). okap mynajat (ser). edendigini aýdyp, onuň birdemde kyrk oglunyň ölendigini ýazýar:

Demirler golunda mum kimin bolgan,

Dawut näme gördi, eý dünýä senýä senden.

Dawut "Zebur" okyp, kyldy mynajat,

Muhammet şanyna "Furkan" ýaratdy.

DAWY (a. dä'wi: we dä'wa:, ks. dä'a:wi:) - 1)hak-hukugy goramak üçin suda ýüz tutma; 2) dawa,jedel.

Hezret Aly etgeç älemge dawy,

Kapdan Kaba düşdi Hyzyryň çawy.

DAG D (da:g) - Eriň beýik ýeri, Eriň ýokary galypduran daş jynsly beýik ýeri. "Kur'anda" daglar Eriň myhyhökmünde görkezilýär ("Wel-jebal-e owtaden", 78-njisüre, 7-nji aýat). Magtymguly şony ýatalp, "Dag saýar"atly goşgusynda şeýle ýaaýar:

Daglar Eriň myhydyr,

Depe özün dag saýar,

Çekik aýdar bilbil men,

Çyrlak özün zag saýar.

DAG DD (da:g) - 1) nyşan, alamat, belgi, tagma; 2)gyzgyn, ýakýan, ýakyp-ýandyryp duran; 2) gaýgy, gam; 3)ýanyk, ýanan ýer,

Çykdy elden, dagy jana dert oldy.

Hijran ody ýüregiňe dag salar.

DAGY-HASRAT (p-a. da:g-e hasret)- gaýgy-gussa,ökünç, hasrat ýarasy.

Tapdy şöhrat halk içinde bu jahalatdan nyşan,

Galdy derwişler tilinde dagy-hasratdan nyşan.

- jedel; uruş, söweş, DAGWA (a. dä'wa:, ks. da a:wi:)jenjel; 2) talap, isleg; 3) hukuk gazanmak üçin suda ýüztutmaklyk; dawa; 4) ynsanyň özünde ýok artykmaçlygadawa etmegi; dagwa tutmak - uruşmak, jedelleşmek.

Turar, dagwa tutar duz-emek bilen.

Köňül awlaýyn diýp ugrasam her ýan,

Dagwadyr, döwüşdir, käýiş taparjan.

DAGWAÝY-BATYL (a. dä'wa:ýe ba:til)- ser.batyl.

DAGWAT (a. dä'wet) - 1) çagyrma, çagyryş, çakylyk;2) haýyş, isleg, doga; dagwat eýlemek - çagyrmak.

Dine dagwat eýlegeç, Fyrgawnnyň artypşirketi,

Barçany bu jahanda har-zar eden, rebbim jelil.

- ser. dagwa. DAGWY (a. dä'wi:, dä'wa:)

DAGDAN - dagda bitýän örän gaty we berk agaç.

Eý söwdügim, Soňudagy,

Dagdanlydyr biliň seniň.

DAGLAMAK (da:glamak) - 1) gyzgyn demir bilen tagmaurmak; 2) gyzgyn demir bilen ýakmak, dag basmak; 3)ýaga gowurmak; 4) gm. gynandyrmak, awutmak; syna (jan,ýürek) daglamak - gynanmak, ýürek awutmak.

Hoşlaşyp, bu misgin janym daglar men,

Ýüz müň derwüş syna daglap oturgan,

Ryýazatda bilin baglap oturgan.

- ser. DAGLAR ERIŇ MYHY (t-p. da:glar ýeriň my:hy)dagD.

DAGLY (da:gly) - 1) dag (ser.) basylan, tagmaly; 2)ýangynly, otly; 3) gm. gaýgyly, gamly.

Mertler gezer boldy namarda bagly,

Şirleriň tilkiden ýüregi dagly.

DAGYLMAK (da:gylmak) - dargamak, pytramak,sandan çykmak; 2) gm. çaşmak.

Ölüm zarby üç tarapdan uruldy,

Akylym dagylyp, haýrana geldi.

DAGYSTAN (t-p. Da:gysta:n) - 2) daglyk, daglyk ýer; 2)Kawkazyň demirgazyk-gündogarynda we Kaspi deňziniňgyrasynda ýerleşýän ýurduň ady (häzirkiASSR-i).

Ziri-paý etseňiz Yrak, Ispyhan,

Dagystanyň haşam-haýly siziňdir.

DAGYTMAK (da:gytmak) - 1) bulaşdyrmak, bozmak;2) weýran etmek, dargatmak; 3) gm. haýrangaldyrmak.

Gelse, aklym dagydyr, gitse, kararym ýokmeniň,

Gamzasy ok, gaşlary ol ýaýa aşykbolmuşam.

DADHAH (p. da:d+ha:h) - ser. dathah.

- 1) galmagal, DADY-jERÝT (p. da:d we Ferýa:d) gykylyk, jenjel; 2) ah-nala, agy.

Guşlar uçabilmez guýruk-ganatsyz,

Aşyk ýara ýetmez dady-perýatsyz.

DAÝYM (a. da:im) - hemişe, mydam, mydama,elmydam.

Älemniň degresi ne reňli dagdyr,

Ol ne guşdur, daýym anda tussagdyr?

Mert köňlünde daýym bahardyr-ýazdyr.

DAÝYMA (a. da:imen) - hemişe, mydam, ser.daýym.

Haby-gaFlatdan gözüňni aç, daýyma huşýarbol.

Çünki betkärler gözige daýyma bardyr çilim.

Tutgun olar daýyma, bolmaz küşatykbalymyz.

- hemişelik, hemişe, DAÝYMY (a. da:mii:) mydamalyk, ömürlik; daýymy bina - hemişelik jaý.

Bu bazara sen-sen daýymy bina.

Ummatym diýp, daýyma


Yüklə 6,36 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   6   7   8   9   10   11   12   13   ...   72




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin