21
bir medrese bolsa wezir
Mej al-Mülk
tarapyndan gurlupdyr. Şol ýer
-
de
Hatunyýe kitaphanasy
hem bar. Mundan başga‑da
Dumariýe ki
-
taphanasy
hem özüniň kitaplary bilen meşhurdyr. Ondan kitap almak
aňsatdy. Bu kitaphanadan alnan 200‑den köpräk kitap meniň öýümde
mydama bolardy. Men Merwiň kitaphanalaryndan peýdaly maglu
-
matlary alyp, heziller ederdim. Meniň kitaba bolan söýgim tutuş şähe‑
ri unutmaga mejbur edýärdi. Olar meniň ünsümi, hatda maşgalamdan
we çagalarymdan hem sowýardy. Men kitabymyň («Mujam al‑bul
-
dan») köp maglumatlaryny şol kitaphanalardan aldym».
Orta Aziýada döredilen golýazmalar, şol sanda türkmen dilinde
ýazylan gol ýazmalar 1895‑nji ýylda Aşgabatda Zakaspi oblast jem‑
gyýetçilik kitaphanasynyň döredilmegi
bilen bir merkeze toplanyp
başlaýar. Bu kitaphanada golýazmalary saklamak hem‑de öwrenmek
üçin ýörite bölüm döredilýär. 1928‑nji ýylda Türkmen medeniýeti
institutynyň döredilmegi netijesinde golýazmalary, folklor material‑
laryny toplamak babatda ýörite ylmy saparlar guralýar.
SSSR Ylymlar akademiýasynyň ýardamy bilen, 1929‑njy ýyl‑
da Türkmen medeniýeti
institutynda edebi,
medeni mirasy öwren
-
mek üçin ýörite iş topary döredilip, oňa gündogary öwreniji meşhur
alym
Dostları ilə paylaş: