T. Bekjäýew Köne türKmen ýazuwy ﻯﻭﺯﺎﻴ


Arameý we musnat ýazuwlary



Yüklə 1,68 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə13/91
tarix11.11.2023
ölçüsü1,68 Mb.
#131909
1   ...   9   10   11   12   13   14   15   16   ...   91
Bekjäýew T~Köne türkmen ýazuwy-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Arameý we musnat ýazuwlary
Arabystan ýarym adasynyň gü
-
nortasynda ýaşan samiý halkynyň ýazuwydyr. Bu ýazuwlar gadymy 
araplaryň ilkinji ýazuwy hasaplanylýar. Samudiý, Sefewi, Lahýany 
ýazuwlary onuň şahalarydyr. 
Arameý ýazuwy
çalt rowaçlanyp, ýarym 
adanyň töweregindäki döwletler bolan Siriýa, Iordaniýa, soňra Yraga 
aralaşdy. Miladynyň 270‑nji ýylynda 
nabaty ýazuw
y emele geldi. Kuba 
ýazuwy ýüze çykýança nabaty ýazuwyndan – 
hiriý, hijazy, nimara, 
ze ýit hyran ýazuwlary
döredi. 
Nimara ýazuwy
Hyra şäheriniň golaýyn‑


24
da ky Duruz dagynyň eteginde ýaşaýan halkyň ýazuwy ha saplanylýar. 
Onuň ýüze çykyş senesi miladynyň 323‑nji ýylyna degişlidir.
Zeýit ýazuwy
Ýefrat derýasynyň boýunda ýaşan halkyň ýazu‑
wydyr. Bu ýazuw 512‑nji ýylda döräpdir. Zeýit ýazuwynyň esasynda 
568‑nji ýylda hyran ýazuwy, ondan soňra bolsa makalyý haty kema la 
gelýär.
Makalyý haty
kufiý haty ýaly gadymy hatlaryň biri bolup
harplarynyň dogry çyzyklylygy bilen kufiý hatyndan tapawutlanýar. 
VII asyrdan başlap, makalyý haty öz ornuny arap ýazuwynyň iň ga‑
dymysy hem‑de iň meşhury hasaplanylýan kufiý hatyna berdi. 
Kufiý hatynyň
harplary towlamly, nokatsyz bolup, gadymy arap 
ýazuwynyň bir görnüşidir. Kufiý hatyny öwrenen alymlar onuň be
-
zeg işlerinde giňden peýdalanylandygyny belleýärler. Kufiý ýazu‑
wy X asyra çenli örän giň ýaýrapdyr. Şondan soň ol öz ornuny ýu‑
waş‑ýuwaşdan nash we süls ýazuwlaryna beripdir. 
Makalyý we kufiý ýazuwlarynyň esasynda arap ýazuwynyň 6 
görnüşi ýüze çykdy. Olara – 
muhakkak, süls, nash, tawik, reýhanyý, 
rykga
hatlary degişlidir. 
Häzirki zaman alymlary şu sanalan 6 görnüşiň üstüne talyk 
hatyny hem goşup, hatlaryň görnüşleriniň sanyny ýedä ýetirýärler. 
Ýöne bu hat, köplenç, pars diliniň tekstlerini ýazmak üçin niýetleni
-
lendir. Häzir 
talyk
görnüşi
 nesh
görnüşi bilen goşulyp, 
nestalyk haty 
döredilipdir. Nestalyk hatynda, köplenç, pars we türki diliniň tekstle
-
ri ýazylýar. Köne türkmen ýazuwynyň hem esasy ýazylýan görnüşi 
nestalykdyr. Hatdatlar arap hatynyň görnüşlerini taraşlap, täze‑täze 
hat görnüşlerini döredipdirler. Hatşynas alymlaryň işlerinde ýüzden 
gowrak hat görnüşleri hakynda maglumatlar berilýär. Biz şulardan 
iň möhümleri hasaplanylan hem‑de türkmen dilindäki edebi miras
-
larymyzy ýazmakda ulanylan ýazuw görnüşleri hakynda maglumat 
bermegi makul bildik. 
Kufiý haty.
Bu hat VII asyrda Kufa şäherinde döredilendigi 
üçin oňa «kufiý haty» diýlip at berlipdir. Kufa şäheri gurlandan soň 
Hiýaranyň, Şamyň, Medinäniň alymlary Kufa şäherine ýygnanypdyr. 
Ylymda ýokary derejelere ýetilmegi bilen hat ýazuwy, kitap ýazmak
-


25
da hem uly üstünlikler gazanylypdyr. Bu ýazuw X asyra çenli dowam 
edip, ýuwaş‑ýuwaşdan nesh ýazuwy bilen ça lyşyrylypdyr. XIV asyr
-
da kufiý ýazuwy bezeglerde, zikge işlerinde ulanyldy. 

Yüklə 1,68 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   9   10   11   12   13   14   15   16   ...   91




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin