27
hatynda hem örän köp golýazma eserleri döredlilipdir. Ata‑babalarymyz
tarapyndan eserleriň köpüsiniň nesh we nestalyk hatynda ýazylandygy se
-
bäpli, bu hat tärini çuňňur öwrenmeklik zerur bolupdyr.
Orta Aziýa halklary gadymy döwürlerden bäri nestalyk haty
-
na has köp üns beripdirler. Soňlugy bilen nesh hat görnüşi çap iş‑
lerinde ulanylyp, neşir etmekde işjeň häsiýete eýe bolupdyr. Hatyň
bu görnüşiniň aýratyn tarapy onda harplaryň dik bolmagy, harplaryň
görnüşleriniň (harp birikmeleriniň başyndaky, ortasyndaky, ahy ryn‑
daky) üýtgewsiz bolmagy bilen häsiýetlendirilýär. Şunuň bilen bir
-
likde hem hatyň bu görnüşini öwrenmek aňsatdyr. Nesh hat usulyny
öwrenen talyp basma ýazgylary aňsatlyk bilen okap biler, şeýle‑de
ýuwaş‑ýuwaşdan nestalyk hatyny okamaga geçer.
Dostları ilə paylaş: