43
diňe biri ýazylyp onuň üstünden teşdit (
ّ
) diýlip atlandyrylýan bel
-
gi goýulýar. Bu alamat şol harpyň goşalandyrylyp okalmalydygyny
aňladýar. Mundan başga‑da bu ýazuwda abzas hem ýokdur. Şeýle‑de
arap ýazuwyna esaslanýan köne türkmen ýazuwynda gysga çekimli
-
ler hem bellenilmeýär. Uzyn çekimliler
elip (
ا
), waw (
ﻭ
), iýa (
ی
)
harplary arkaly aňladylýar.
Ýigriminji asyryň başlaryna çenli köne türkmen ýazuwynda dyn‑
gy belgiler:
nokat, otur, defis, goşa dyrnak, iki nokat, sorag, ýüzlenme
belgileri ulanylmandyr.
Arap elipbiýindäki harplar sözde gelşine laýyklykda
iki görnüşli
hem-de
dört görnüşli
harplar diýlen iki topara bölünýär. Köne türk
-
men ýazuwyndaky otuz üç harpyň ýedisi iki görnüşli, ýigrimi altysy
bolsa dört görnüşli harplara degişlidir.
Iki görnüşli harplar öz yzyndan dört görnüşli harplary hem iki
görnüşli harplary hem kabul etmeýärler. Dört görnüşli harplar bolsa
öz yzyndan iki görnüşli harplary‑da, dört görnüşli harplary hem kabul
edýärler.
Köne türkmen ýazuwyna mahsus bolan otuz üç harp arap diliniň
grammatik kadalaryna laýyklykda, goşulyp ýazylyşyna hem‑de go‑
şulman ýazylyşyna görä iki topara bölünýär:
Dostları ilə paylaş: