T. Bekjäýew Köne türKmen ýazuwy ﻯﻭﺯﺎﻴ



Yüklə 1,68 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə26/91
tarix11.11.2023
ölçüsü1,68 Mb.
#131909
1   ...   22   23   24   25   26   27   28   29   ...   91
Bekjäýew T~Köne türkmen ýazuwy-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

1. Iki görnüşli harplar
– bu harplar özünden öňki gelen harplara 
goşulyp ýazylýar.Özünden soňky gelýän harplara goşulmaýar. Olar 
ýedi sanydyr.
2. Dört görnüşli harplar 
– iki tarapyndan gelýän harplara hem 
goşulýar. Bularyň sany köne türkmen ýazuwynda ýigrimi alty sa
-
nydyr. Harplaryň şunuň ýaly bölünişi ýazuwy öwretmekde uly äh
-
miýete eýedir.
Iki görnüşli harplar
Bu görnüşdäki harplar «bir şekilli harplar» diýlip hem atlandy‑
rylýar. Olara beýle diýilmeginiň sebäbi, bu görnüşdäki harplar özün
-
den öňki gelýän harplara goşulyp, soňky gelýän harplara goşulman 
ýazylýar. Mundan başga‑da beýle harplar iki görnüşde – özbaşdak 


44
hem‑de dört görnüşli harplara goşulýan görnüşlerde bolýar. Öň belläp 
geçişimiz ýaly bu harplaryň sany ýedidir:

Harplaryň ady
Harplaryň aňladýan sesi Harplaryň ýazylyşy
1.
elip
а, 
e, ä

2.
dal
d

3.
zal
z

4.
re
r

5.
ze 
z

6.
že
ž

7.
waw 
w,o,ö,u,ü

Bu harplaryň käbiri setir çyzygynyň üstünde, käbiri bolsa – setir 
çyzygyndan aşak düşürilip ýazylýar.
«Elip» harpy

ا
«Elip» harpy «a», «e», «ä» çekimli seslerini aňladýar. Harpyň 
öz başdak gelýän görnüşi setir çyzygyna tarap ýokardan aşaklygyna 
tarap ýazylýar. Onuň özünden öňki gelýän dört görnüşli harplara go‑
şulyp ýazylýan görnüşi bolsa ( 

) sag tarapdan başlanylyp aşakdan ýo
-
karlygyna ýazylýar. 
«Elip» harpy sözüň başynda üstüne «
medde
» (
~
) belgisi goýlup 
ýazylanda «a» sesini aňladýar. Sözüň ortasynda hem‑de ahyrynda 
elibiň özi «a», «e», «ä» sesleriniň haýsy‑da bolsa birini bildirýär. 
«
Medde
» sözi arap sözi bolup, 
uzaltmak, çekmek
manysyny berýär. 
Medde belgisi goýlan elip «
alifi mamduda
» diýip atlandyrylýar.
Meddeli elibiň ýazylyşyna üns beriň: 

Yüklə 1,68 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   22   23   24   25   26   27   28   29   ...   91




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin