T. Bekjäýew Köne türKmen ýazuwy ﻯﻭﺯﺎﻴ



Yüklə 1,68 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə53/91
tarix11.11.2023
ölçüsü1,68 Mb.
#131909
1   ...   49   50   51   52   53   54   55   56   ...   91
Bekjäýew T~Köne türkmen ýazuwy-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

3-nji gönükme.
«Gaýn» harpynyň sözde dürli görnüşde gelşine 
on sany söz tapyp depderiňize ýazyň.
4-nji gönükme.
Aşakdaky sözleri köne türkmen ýazuwynda ýazyň:
Magryb, bag, dag, sag, gaflat, galtak, gamgyn, tyg, dogry, ga
-
nymat, gafyl, guwwas, gaýyp.
5-nji gönükme.
Magtymgulynyň aşakdaky goşgy bentlerini 
okap, depderiňize göçüriň.
بيكئﭼ ﺭﺍﺯﻭ ﻩآ ميلبلﺑ
مئدلئريآ ﻥﺍﺩﺭﺍزﻟوﮔ ﻩﺯأﺗ


78
بيكﻭﺩ ﺭلاﺷﺎي يلنﺎغ نئﺩﺯوﮔ
مئدليريآ ﻥﺍﺩﺭﺎي ﺭﻭوئﺳ ﻝﻭﺍ
نيﺭلايﺩ ﮓليﺩ ﻥﺍﺩﺭﺩﺎق كﺩ ﮓنينﺳ
مينﺍ طلﺳ ،ريدغﺎي ريمغﺎي ، ﭗيي هليﺍ مﺣﺭ
نيﺭلايﺍ شيﻟﺎن ، ﻡﺎنيﮕمغ ، ﻡﺎبيرغ
مينﺍ طلﺳ ،ريدغﺎي ريمغﺎي ، ﭗيي هليﺍ مﺣﺭ
6-njy gönükme.
«Taý», «zaý», «sat», «zat», «aýn» we «gaýn» 
harplarynyň harp birikmesiniň başynda gelýän 
gör nüşlerini «iýa» harpy bilen bilelikde ýazyň.
7-njy gönükme.
Teksti okaň we köne türkmen ýazuwynda dep‑
deriňize göçüriň: 
Degişme
Halyf bilen bir çarwa arap saçagyň başynda bile oturyp nahar
-
lanýardylar. Şol wagt halyfyň gözi onuň iýip oturan lukmasyna düşdi 
we onda bir gyl gördi. Ol:
– Eý çarwa arap! Iýip oturan lukmaňdaky gyly aýyr – diýdi. 
Onda çarwa arap:
– Iýip oturan lukmaňa seredip, hatda ondaky gyly hem görýän 
kişi niň saçagyndan tagam iýip bolmaz – diýdi‑de, iýip oturan ta
-
gamyndan eli ni çekdi. Gaýdybam onuň saçagyndan nahar iýmejek
-
digine kasam et di.
Degişme
Bir adam bir kişiniň ýanyna bardy‑da, ony utandyrjak bolup 
başlady:
– Eýsem, seniň şu bolşuň bolýarmy?! Sen meni öz garyndaşyň 
hasap edeňok.
Ol adam haýran galyp:


79
– Näme üçin beýle etmelidigine men düşünemok – diýdi.
Ol:
– Bir mahallar meniň kakam seniň ejeňi almaga sawçy iberipdi. 
Eger ol ony kabul eden bolsady, onda men seniň bilen süýtdeş dogan 
bolardym – diýdi.
Onda ol adam:
– Walla, onuň ýaly garyndaş bolýan bolsak, onda birek‑biregiň 
mirasdüşerleri bolup bilmerismi? – diýdi.

Yüklə 1,68 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   49   50   51   52   53   54   55   56   ...   91




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin