15
şäherinde geçirilen gazuw‑agtaryşda tapylan toýun plitalaryň ýüzüne
ýazylan 2000‑den gowrak hojalyk resminamasy – parfiýa dili, elip
-
biýi barada dürli pikirleriň döremegine getirdi.
Parfiýa dili barada W. S. Rastorguýewa we Ý. K. Molçanowa «Eý‑
ran dil biliminiň esaslary» atly işde ýerleşdirilen «Parfiýa dili» atly
uly göwrümli, 85 sahypadan ybarat bolan ylmy derňewlerinde bu di liň
fo netikasy, morfologiýasy barada düýpli pikirleri öňe sürýärler. Yl my
edebiýatlarda parfiýa dili eýran dilleriniň biri hökmünde de mir ga‑
zyk‑günbatar toparynyň orta eýran dillerine degişli hasap edilýär.
Alymlaryň tassyklamagyna görä, parfiýa diliniň ösüşini iki döw‑
re bölmek mümkin: 1) irki, ýagny Nusaýdan tapylan ýadygärlikleriň
dili, 2) giçki, maniheý ýadygärlikleriň dili.
Parfiýa dili, takmynan, V–VI asyrlarda ulanylyşdan galypdyr
diý lip çaklanylýar. Parfiýa elipbiýi barada gürrüň edilende onuň 22
harp dan ybarat bolandygy bellenilip geçilmelidir. Parfiýa ýazuwynda
çekimliler 3 jübüt görnüşinde ulanylypdyr, şol jübütdäki 6 harpyň 3‑si
uzyn, 3‑si gysga aýdylypdyr, olar
a-a:, i-i:, u-u:,
mundan başga‑da,
diňe uzyn ýagdaýda ulanylýan
e: , o:
fonemalary bolupdyr.
Parfiýa ýazuwy arameý ýazuwyndan gelip çykypdyr. Arameý
ýazuwyndan palmir, pars‑arameý, nabateý, dörtburç ýehudy ýazuw‑
lary döreýär. Pars‑arameý ýazuwyndan horezm, pählewi, parfiýa
ýa zuwla ry emele gelýär. Nusaýdan tapylan hojalyk resminamalary
miladydan öňki III–IV asyrlarda ideogrammalary goşmak bilen par
-
fiýa elipbiýinde ýazylan bolsa, miladynyň III asyryndan soňra ýa
-
zylan maniheý dini akymynyň resminamalarynyň ýazuwy fonetik
ýazuwdadyr.
Nusaýdan tapylan ýazgylardaky harplaryň görnüşleri miladydan
öňki VI–III asyrlardaky «imperiýa» arameý hatyna meňzeş hasap la‑
nylsa‑da, parfiýa elipbiýiniň özboluşly aýratynlyklary bolupdyr. Par‑
fiýa elipbiýi düýpli öwrenilmegini talap edýän ylmy meseleleriň biri
-
dir. Hut şol elipbiýiň üsti bilen Ärsak döwrüniň ýazuw ýadygärlikleri,
soňra bolsa sasanly ýazgylarynyň parfiýa görnüşleri döredilipdir.
Dostları ilə paylaş: