T. Bekjäýew Köne türKmen ýazuwy ﻯﻭﺯﺎﻴ



Yüklə 1,68 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə63/91
tarix11.11.2023
ölçüsü1,68 Mb.
#131909
1   ...   59   60   61   62   63   64   65   66   ...   91
Bekjäýew T~Köne türkmen ýazuwy-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

hijri kamary ýyl hasaby
bolup, Aýyň Ýeriň daşyndan aýlanyş 
döwrüne deňdir. Bu hasapda bir aýda 29,5 gije‑gündiz bar. Hijri ka
-
mary ýyl hasabynda‑da on iki aý bolup, alty aý ýigrimi dokuz günden, 
alty aý bolsa otuz günden ybaratdyr. Bir ýylda 354 gije‑gündiz bar. 
Bütin ýylyň dowamynda on ikinji aý otuz gün hasaplanylyp alynýar 
we bu ýyl 355 güni hasyl edýär.
Hijri ýyl hasabynyň ikinjisi – 
hijri şemsi
ýylydyr. Bu ýyl hasaby 
Ýeriň Günüň daşyndan bir gezek aýlanyp çykyş döwrüne esaslanýar.
Şonuň üçin hem bu hasap Günüň dogup ýaşmagynyň esasynda alnyp 


104
barylýar we bir ýyl 365 (366) gije‑gündize deň bolýar. Ýöne bir aý 
ýigrimi sekiz günden ybarat bolýar. Her dört ýylda bu aýa bir gün 
goşulyp, öňki belläp geçişimiz ýaly, ýigrimi dokuz güne ýetirilýär. Bu 
ýyl uzak ýyl hasaplanylyp, 366 günden ybaratdyr. 
Hijri kamary ýyly hijri şemsi ýylyndan her ýylda 11 gün yza 
galýar. Şol sebäpden hem hijri kamary ýylynyň birinji aýy 
moharram
aýy hem ýylyň belli bir paslyna gabat gelmeýär. Ýylyň dowamynda 
bellenilýän baýramçylyklar we ş.m her ýylda dürli döwürlere düşýär. 
Hijri şemsi ýylynyň otuz iki ýyly hijri kamary ýylynda otuz üç ýyl 
bolýar.
Mundan başga‑da, hijri ýylyna her otuz ýylda on bir gün düze diş 
girizilýär. Ýagny aý kalendary Aýyň hakyky aýlanyşyndan minutlary 
we sekuntlary hasaba alanyňda yza galýar. Olar ýygnanyp, otuz ýyl‑
da on bir güne ýetýär. Bu tapawudy aradan aýyrmak maksady bilen, 
araplar her otuz ýyla on bir gije‑gündiz goşup, otuz ýylyň on dokuz 
ýylyny 354 gün, on bir ýylyny 355 gün görnüşinde hasaplapdyrlar. 
Şunda, her otuz ýylyň 2, 5, 7, 10, 13, 16, 18, 21, 24, 26, 29‑njy ýyl‑
lary uzak ýyllar hökmünde alnyp, 365 günden ybarat bolýar. Adatça, 
uzak ýyly bilmek üçin ony otuza bölmek gerek. Eger şonda galan 
galyndy ýokardaky sanlaryň birine gabat gelse, şol ýyl uzak ýyldyr. 
Meselem, 1423‑nji ýylyň haýsy ýyldygyny bilmek üçin ony otuza 
bölýäris, 1423 : 30 = 47 hem‑de galyndyda dört galýar. Dört ýokarda‑
ky sanlaryň arasynda ýok, diýmek, 1423‑nji ýyl uzak ýyl lara degişli 
däldir. 1431‑nji ýyly otuza bölsek, 47,7 bol ýar. Galyndyda ýedi gal‑
ýar, ýedi ýokardaky sanlaryň içinde bolandy gy sebäpli, 1431‑nji ýyl 
uzak ýyllara girýär.

Yüklə 1,68 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   59   60   61   62   63   64   65   66   ...   91




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin