105
goşmaly. Çykan netije milady ýylydyr. Meselem, 1425‑nji ýyly mi
-
lady ýylyna öwürmek üçin aşakdaky amallary berjaý etmeli:
1) 1425:33=43
2) 1425‑43=1382
3) 1382+622=2004
Diýmek, hijriniň 1425‑nji ýyly miladynyň 2004‑nji ýylyna gabat
gelýär.
Hijri ýylyny milady ýylyna öwürmek
üçin başga hasaplama
usuly hem ulanylýar. Munda hijri ýyly togsan ýedä köpeldilýär, çykan
netije ýüze paýlanylýar, galan sanyň üstüne 621,54 goşulýar, emele
gelýän san milady ýyly bolýar:
1) 1425x97=138225
2) 138225:100=1382,25
3) 1382,25+621,54=2003,79
2003,79‑y tegelekläp alanymyzda 2004 bolýar. Hasaplamanyň
bu usulyny ýatda saklamak üçin ýörite goşgy bendi ýat tutulýar:
Togsan ýedä göter biljek senäňi,
Çykan netijäni paýlagyn ýüze,
Alty ýüz ýigrimi bir elli dört sany,
Ustüne goşsaňyz jem çykar ýüze.
Hijri ýylyny milady ýylyna öwürmek eserleriň ýazylan wagtyny
kesgitlemekde zerurdyr. Meselem: Seýitnazar Seýdiniň «Hoş indi»
diýen taryhy goşgusynda:
Ýüz elli ýyl watan diýip gezildi,
Ekinler ekildi, ýaplar gazyldy.
Müň iki ýüz bir kem kyrkda ýazyldy,
Taryhyn etseňiz hasap hoş indi –
diýen setirler bar.
Bu setirlerde görkezilen 1239‑nji ýyl hijri sene hasabydyr. Ony
milady ýyl hasabyna öwürýäris.
1) 1239 x 97= 120183
2) 20183 : 100=1201,83
3) 1201,83+621,54=1823,37
Soňundaky ownuk sanlary hasaba almasak, şu goşgy 1823‑nji
ýylda ýazylypdyr.
106
Milady ýylyny hijri ýylyna öwürmek üçin milady ýylyndan 622‑
ni aýyrýarys. Çykan netijäni 32‑ä bölýäris. Soňra amallaryň ikisiniň
netijelerini goşýarys:
1) 2010‑622=1388
2) 1388:32= 43
3) 1388+43=hijri 1431.
Ýatlama:
sanlar bölünende galýan galyndy bäşden köp bolsa,
ony bitinläp bir hasap edilýär we hasyl bolan sana goşulýar.
Milady ýylyny hijri şemsi ýylyna öwürmek üçin milady ýylyndan
622‑ni aýyrmaly. Çykan netije hijri şemsi ýylyny aňladýar. Meselem:
2010‑622=1388
Diýmek, miladynyň 2010‑njy ýyly, hijri şemsiniň 1388‑nji ýyly
-
na deň ekeni.
Hijri şemsi ýylyny milady ýylyna öwürmek üçin, onuň üstüne
622‑ni goşmaly:
1348+622=1970 ýa‑da 1353+622=1975
Dostları ilə paylaş: