T. Bekjäýew Köne türKmen ýazuwy ﻯﻭﺯﺎﻴ



Yüklə 1,68 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə9/91
tarix11.11.2023
ölçüsü1,68 Mb.
#131909
1   ...   5   6   7   8   9   10   11   12   ...   91
Bekjäýew T~Köne türkmen ýazuwy-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Hoja Ahmet Ýa-
sawynyň 
(1166‑njy ýylda (562‑nji hijri) aradan çykan) «
Hikmetle
-
ridir
». Şygyr görnüşinde ýazylan bu hikmetler şol döwürde diwan 
şekiline getirilip, türki dilde gepleýän halklaryň arasynda giňden 
ýaýrapdyr. Ho ja Ah met Ýasawynyň «Hikmetleriniň» golýazma nus
-
galary Türk menista nyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazma
-
lar institu tyn da onlarça, şol sanda 4653, 6094, 6089‑njy bukjalarda 
sak lanylýar. 2010‑njy ýylda Türk menistanyň Ylymlar akademiýasy‑
nyň guramagynda «Hoja Ah met Ýasawy we Gündogaryň sopuçylyk 
ede biýaty» atly halkara mas lahatyň geçirilendigini hem belläp geç
-
mek gerek. Şol Halkara maslahatda Hoja Ahmet Ýasawynyň «Hik‑
metleriniň» dürli ýurtlarda sak lanylýan golýazma nusgalary hakynda 


19
maglumatlar berildi. Täjigistan Ylymlar akademiýasynyň Gündogar 
golýazmalar gaznasynda bu eseriň dört sany nusgasynyň 8081, 408/2, 
987/1, 225/1 belgili bukjalarda saklanylýandygy ýüze çykaryldy. 
Türki dilli golýazmalaryň hataraynda meşhur alym 
Mahmyt 
Za mahşarynyň
(1075–1144) Horezm şasy 
Abulmuzaffar Atsyzyň 
(1127–1156) haýyşy boýunça ýazan «
Mukaddymatul-edeb
» (Dil bi li‑
mine giriş) atly sözlügini görkezmek bolar. Bu iş arapça‑pars ça‑türk‑
mençe sözlügi öz içine alyp, türki dilleriň grammatikasyna de giş li 
gymmatly maglumat berýär. «Mukaddymatul‑edeb» birnäçe ge zek 
gaýtadan göçürilipdir. Onuň bize belli bolan iň gadymky nusgasy 
1492‑nji ýylda (989‑njy hijri) Buharada göçürilipdir diýlip bellenil ýär. 
Türkmenistan YA‑nyň Milli golýazmalar institutynda Mahmyt Za‑
mahşarynyň eserlerini özünde jemleýän golýazmalaryň ençemesi bar. 
Ola ryň köpüsi «Mukaddymatul edep» kitabyny öz içine al ýar. Kitap 
bäş bölümden ybarat bolup, onuň üçünji hem‑de dördün ji bölümleriniň 
özbaşdak işler hasaplanylýan ýerlerine‑de duş gelmek bolýar. «Mu
-
kaddymatul edebiň» dördünji bölümi Milli golýazma lar institutynyň 
1870‑nji bukjasyndaky golýazmanyň 1a‑32b aralygyn da ýerleşýär. Bu 
nusga 1892‑nji ýylyň 2‑nji martynda (1309‑njy ýy lyň Remezan aýy) 
göçurilip tamamlanylypdyr. 1300‑nji bukjada hem bu bö lümden bölek 
bar. Ol nusga 1874‑nji (1290‑njy hijri) ýyl da gö çürilipdir. 
XII asyryň ahyrynda XIII asyryň başynda ýaşap geçen 

Yüklə 1,68 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   5   6   7   8   9   10   11   12   ...   91




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin