Şazadanyň şikäri



Yüklə 1,67 Mb.
səhifə19/24
tarix15.11.2017
ölçüsü1,67 Mb.
#31822
1   ...   16   17   18   19   20   21   22   23   24

Duýdansyz duşuşyk
…Oslagsyz ýagdaýda nazary nazara sataşanda ýüregi jigläp gitdi. “Şolmuka?! Dälmikä?!” diýen galagoply pikir onuň süňňüni goram-gowşak etdi. Ol özüniň näme edýändigine-de düşünmän öň ýanyndaky hatara sowlan orta ýaşdan agan zenanyň yzyndan öwrülmäge howlukdy. Öz edýän hereketiniň juda uslypsyzdygyna düşünse-de, dem salymda tutuş durkuny gaplan howsalaly hem yzaly duýgusyna erk edip bilmän, indi otuz ýyldyr kalbynda saklap ýören goşa ýyldyzyň şöhlesine çalym edýän garaýyşly zenanyň yzyndan dähedem-dessemläp ugrady. Gerek-ýarak zatlaryny saýlap-seçmek bilen meşgul bolup hol allaowarra giden ogludyr-gelni bada-bat ýadyndan çykdy.

“Örän çalymdaş welin şol bolaýmasa. Ýöne eger şol bolsa onda näme üçin mende iň bärkisi gözleri hem äginmedikä?! Ýa meni ýyllar tanalmaz ýaly özgerdäýdimikä?!”

Içini hümledip barşyna ol göýä ýyllaryň özüni özgerdenini-özgertmänini elleri bilen syzyp barlap görmekçi bolýan ýaly, ir agaran saçlaryny sypady. Birdenem ol özüniň yşk heseri başyna urup, akyl-paýhasy unudan gögele oglanjyga dönüp, özge bir nätanyş zenanyň yzyna düşüp barýandygy hakynda oýlandy. Onuň ýyllaryň ýellerine gaýzygyp, ýygyrt atan ýüzi utançdan ýaňa gyzardy. Hernä özi dogabitdi garaýagyz bolandygy zerarly onuň ogurlykda tutulan ýaly bolşy bazar daryşganlygy sebäpli çar ýanyndan itinişip geçýänlere bildirmedi. Ol özüniň aýyp hereketini gizlemek maksady bilen aýak çekdi-de, satyjylaryň öňündäki harytlaryň eline ilenini alyp, bahaladan boldy. Ýaşlygynda kalbyny ýakyp-ýandyran duýgunyň otuz ýyl bäri sönüp ýören, ýöne henizem sönüp bilmeýän oduny köredip goýberen garaýyşly zenandan pikirini sowmak islegi bilen, özüniň näme diýýändigini doly aňşyrman, satyjy bilen harydyň bahasy babatda çekeleşen boldy.

Birdenem günüň nury, aýyň şöhlesi, ýyldyzlaryň şuglasy bolup göwnünde galan gözleri ýene-de otuz ýyllap, belki-de galan ömrüne hiç haçan görüp bilmejekdigi hakynda ajy hem ýürekgysdyryjy pikir niredendir bir ýerden onuň aňyna damdy. Damdy-da aňyň irigöz eleginden geçip, duýga öwrüldi. Ondanam zarbygyp göni ýürege urdy. Bada-badam soňky bir-iki ýyl bäri gursagyny mesgen edinen kütek agyry ynjyly gozganjyrady-da, sanjyp-sanjyp gitdi.

Ol özüniň näme edýändigine-de düşünmän, elindäki harydy taşlady-da:

-Agam, gyssanma oňşarys…-diýip janygyp ugran satyjy ýigdi diňlemän, özünden ep-esli daşlaşan zenanyň yzyndan haýdap ugrady.

Her gezek kimdir biri bilen çaknyşanda, kimdir biriniň aýagyny basanda adamlar:

-Öňüňe seretsene-how, ýaşuly!

-Wäk, aýagymy mynjyratdyňyz-la, seresap bolaýyň ahyry, göçüňiz geçip barýan däldir-le…

-Seresap gardaş, döwýärsiň…-diýşip hüňürdeşýärdiler. Ol bolsa adamlaryň hüňürdileridir-närazylyklaryna näme diýýändigine özi hem düşünmän:

-Bagyşlaň! Bagyşlaň!-diýip, kalbyny gozgalaňa salan garaýyşly zenanyň tanyş suduryny gözünden ýitirmejek bolup, aldyrany bar ýaly haýdap barýardy.

Şol gidip barşyna-da ýetişibildiginden onuň yzyndan ýeten ýagdaýynda oňa näme diýjekdigini ölçerip-dökýärdi. Tutuş durky-düýrmegi bilenem ysytma tutýan ýaly titräp, şol zenanyň öz çaklaýany bolmagyny hem bolmazlygyny bir wagtyň özünde dileýärdi.

“Ýeri ine yzyndan ýetdiňem-dä! Bar şol hem eken-dä! Oňa näme diýjek?! Ikiňiziň araňyzda otuz ýyl mundan ozal nämeler aýdylman galdy?!” diýip ol satyjylaryň indiki hataryndan öwrülende oýlandy. “Menmi?! Men neme diýerin…Neme…Neme diýerin…”

Şol pursatda-da ol tanyş görnen zenanyň yzyndan ýetäýende-de, ol özüniň çaklaýany bolup çykaýanda-da, özünde oňa aýdara-diýere hiç zadyň ýokdugyny, ähli zadyň ilk-ä otuz ýyl mundan ozal ol özüne: “meni özgä berýärler…bagyşla…men enem-atamyň göwnüni ýykyp biljek däl…” diýende ikiçäklikde aýdylandygyny, galanja zatlaryň bolsa soňky geçen otuz ýylyň dowamynda her gezek kalbyny gam-gussa basanda ýekelikde, gaýybana diýlendigini, indi bolsa ýagtylyksyz boşap galan köňlünde paşmadyk bagtyň sodaja yzasyndan özge hiç zadyň, hatda hasratyň hem ýokdugyny duýdy.

Ol ýuwaşlyk bilen ökje ogurlap yza galyp ugrady. Hakykatdan hem ol babatda onda hiç zat ýok. Galmady. Gutarypdyr.

Ol özünden barha daşlaşyp barýan kimdigi-de näbelli bolan zenanyň yzyndan nähilidir birhili ynjyly tukatlyk bilen garady-da, sähel pursadyň içinde başyndan geçiren galagoply duýgularyna haýrany-serasyma bolup, çagalarynyň gözlegine, öz durmuşyna tarap ýöneldi…


Hoşlaşyk
…Toýa çenli bary-ýogy iki gün galypdy. Emma Güljemalyň elbukjasyny çatyşmaga-tikişmäge üýşen joralary bu gün hem ýarygijeden geçirip işi bes etseler-de ähli işlerini tamamlap ýetişmändiler. Gyzlar öýüň içki otagyna geçen dessine ýadaw bolandyklary zerarly düşeklerini ýazynan batlaryna uklap galdylar. Joralarynyňky ýaly başyny ýassyga goýanyndan uklap bilmese-de assa-ýuwaşdan Güljemal hem meýmiräp ugrady. Ýöne ýaňybir ymyzgananda gapdalyndaky eltelefonynyň sazy onuň ýarym ukuly melullygyny dyr-pytrak etdi. Argynlykdan ýaňa kiriş ýaly dartylyp duran beýnisi ýaňybir gowşap ugran gyzyň bimahal çak bimaza edilendigine ýeňsedamary gatady.

-Allo, kim gyz bu, ýarygijeden soň?!-diýip ol gahar bilen düwmesini basdy-da eltelefonyna gürledi. Emma eltelefonda oňa hiç kim jogap bermedi. Diňe kimdir biriniň agyr dem almasy eşidildi. Muňa gyzyň bolmajysy boldy:

-Oýnap galyň oýnap galmyşlar! Näme gijäniň içinde adamlara azar bermekden başga oýun tapmadyňyzmy?-diýip ol eltelefona gaharly gepledi-de, özüni biynjalyk edeniň telefon belgisini görmek üçin eltelefonynyň garaňkylykda ýagtylyp duran aýnasyna seretdi. Ol ýerde rus dilinde “telefon belgisi näbelli” diýen ýazgynyň bardygyny gören gyz jabjynmak üçin eltelefonyny gulagyna ýetirende aragatnaşygyň kesilendigine düşündi.

-Häý süwümsiz haýranlar! Adam ýaly ýatyp dynjyňyzy alman, şeýdiň-de adamlaryň rahatlygyny bozuň ýörüň, alkyş alarsyňyz!-diýip Güljemal göýä jaň gelenine şol günäkär ýaly eltelefonyny gapdalyna oklady-da, ýüzüni ýassyga berdi. Gözlerini mäkäm ýumup, uçan ukusyny gaýtadan tutmak üçin özüne zor salyp başlady. Emma wagty bilen süňňi gowşamady.

Şol pille-de ýene-de misli “durnanyň üstüne urna” etjek bolýan ýaly otagyň ümsümligini eltelefonyň gijelikde juda ýakymsyz eşidilýän sazy bozdy. Güljemalyň gany depesine urdy.

-Allo!-diýip eltelfonyny aldy-da, ol bada-badam azmly-azmly gepläp başlady:-Sen bar-a edep-terbiýäniň nämedigini bilmeýän akmak haýran, kimem bolsaň, meni diňle! Näme ýöne beýdip otyrsyň! Oýun bolarmy şondanam bir! Onsoňam ilki ody özüňe basyp gör, onsoň ötmese kesekä bas, häzir öz uýaňa ýarygijeden soň şeýdip bigäne biri jaň edip, telefonyny oýnap otursa halarsyňmy?! Eşidýärsiňmi, sen, näme geplemeýärsiň?!

Bu gezegem eltelefonynda hiç kim geplemedi-de, aňyrda kimdir biriniň agyr-agyr dem alýandygy eşidildi. Özüne jogap berilmeýändigine gahary ýetjek derejesine ýeten Güljemal gazap bilen eltelefonynyň düwmesine basdy-da, aragatnaşygy kesip goýberdi.

-Hany indem jaň edip gör, ertire çykan badyma seniň telefon belgiňi anyklamagyň ugruna çykaryn!-diýip jany ýanan gyz özüni bimaza edýäne gaýybana haýbat atdy-da, eltelefonyny eliniň tersi bilen özünden ep-esli daşlyga oklady. Emma eltelefony oklanan ýerine düşüp-düşmänkä ýene-de onuň ýiti, şaňňy sazy Güljemalyň gulagyny deşere getirdi.

Ol hum ýaly çişip, hasyrdap turdy-da, garbap eltelefonyny eline aldy:

-Sen kimem bolsaň, näme başga işiňi gutardyňmy, bisyrat haýran? Näme gerek diýýän saňa?!...-diýip gyz eltelefonyny agzyna tutup gygyryp ugrady. Birdenem niredendir bir ýerden aňynda dörän çaklama onuň gözüniň öňünde ýyldyrym çakan ýaly etdi. Öz çaklamasyndan ýaňa gyzyň on iki süňňi söküm-söküm söküldi. Ýaňkyja gahar-gazaby, ýadawlygy… bar zat huşundan uçdy. Ol özüni düşeginiň üstüne lampa goýberdi-de, jaň edýän bilen gepleşmäge gorkýan dek, eltelefony emaý bilen gulagyna tutdy. Geplände aljyran gyzyň sesi juda pessaý çykdy:

-Ýa bu…Berdi…senmi?!

Telefonda hiç kim jogap bermedi. Diňe şol ýaňky agyr dem alma eşidildi. Bu ýagdaý gyzy öz çaklamasynyň dogrudygyna has hem ynandyrdy. Ol çekinip-sakynyp sözüni dowam etdi:

-…Berdi!... Näme geplemeýärsiň?... Bu… sen ahyry, men bilýärin… Näme geplemeýärsiň ahyry… Aýt ahbetin…

Güljemala ýene-de hiç kim jogap bermedi. Birdenem aragatnaşyk kesildi. Doňňara-daşa öwrülen gyz hiç zat görmeýän gözleri bilen eltelefonyna dikildi. Az salymdan gyzyň owadan ala gözleriniň owasyny püre-pür eden ajy gözýaşyň birje damjasy eltelefonyň aýnasyna damdy. Şol pursat birhili ukudan açylan ýaly bolan gyz ary köýen dek eltelefony öçürip goýberdi-de, ony bir gyra zyňdy. Soňra tersine düňderilip ýüzüni ýassyga berdi. Sähel salymdan hem onuň agyly horkuldysy eşidilip başlady.

Kalby hasratdan doly gyz birsellem şeýle halda, ýüzüni ýassyga berip, sessiz-sessiz aglady. Emma bu agy onuň içini gowzatmady. Gaýta derdine dert goşdy. Birdenem ol aldyrany bar ýaly, laňňa galdy-da:

-Birden ýene-de jaň edäýmesin!-diýip pyşyrdap, hasyr-husur eltelefonyny eline aldy. Ony işletdi. Aýnasy ýagtylan badyna-da, göýä dessine jaň geläýjek ýaly oňa tiňkesini dikdi. Şeýle halda irikgä bolup esli oturdy. Emma jaň gelmedi. Ahbetin Güljemal göwnüni bire baglap, hakydasynyň iň ýaşyryn künjünde saklaýan telefon belgisini aýlady-da, eltelefonyny gulagyna tutdy. Jaň gitdi. Ýöne eltelefony üç gezek duguldady-da, gulaga ýakymly zenan sesi bilen:

-Abonentiň telefony öçürilendir ýa-da ol hyzmat ediş çäginden daşdadyr-diýip jogap berdi. Lapykeç bolan gyz:

-Alla jan, men indi onuň bilen nädip gepleşsemkäm?!-diýip pikirini nädip daşyna çykaranyny özem duýman galdy. Ol dagy näme etjegini bilmän ýene-de umytsyzlyk bilen eltelefonyna dikildi. Göz açyp-ýumasy salymdanam özüniň pyşyrdaýandygyny-da duýmaýan Güljemalyň:

-Jaň edäý-dä! Jaň edäý ahyry! Jaň edäýsene!-diýýän pessaý pyşyrdysy pisse dodaklaryň arasynda syzylyp çykyp, otagyň garaňkylygyna ýaýrap ugrady.

Şol pille-de göýä gyzyň nalyşyna delalat islän dek, eltelefonynyň sazy ýaňlanyp gitdi. Garaşyp duran hem bolsa duýdansyzlykdan ýaňa Güljemal allaniçigsi bolup, tisgindi. Onýança:

-Öçürsene gyz, şol haýranyňy, halys bizar etdi-le!-diýip joralarynyň biri ukuly yňranjyrady. Ogurlykda tutulan ýaly ýüzi gyzaran Güljemal, geplän badyna beýlesine dönüp uka giden jorasyny köşeşdirmäge howlukdy:

-Häzir, häzir, men daşaryk çykaýaryn.

Ol eltelefonynyň düwmesini basdy-da:

-Allo, Berdi, telefony öçürme, men häzir daşaryk çykaýyn, seniň bilen arkaýyn gepleşeýin, şol ýerde! Ýöne telefony öçürme, gaýrat et, Berdi! Beýtme!-diýip pyşyrdap barşyna pişik basyşyny edip, daşaryk çykdy.

-Allo, Berdi, meni eşidýärsiňmi? Näme geplemeýärsiň?! Seniň jaň edýändigiňi bilýärin ahyry, Berdi! Saňa näme bolýar, geplesene, Berdi jan!-diýip jaýlarynyň iň garaňky hem çola çüňküne aýlanan gyz eltelefonyna janygýardy. Emma eltelefony göwnübir ýaly, gyzyň gulagyna diňe kimdir biriniň agyr-agyr dem almasyny getirýärdi. Jaň edýäniň dymmagy öňem haly harap gyzy otdan alyp suwa zyňýardy. Ol jaň edýäniň düşnüksiz hereketine näme alaç tapjakdygyny bilmän, tamdyryň gapdalyndaky ýüzüni gyraw basan sekiniň üstüne çökdi-de, eltelefonyny gulagyna tutup durşuna hamsykdy:

-Meni… beýtme,… Berdi! Hemmesi ýadymda… On ýyl mundan ozal, mekdepde okap ýörkäk: “ölmesem seniňki, ölsem ýeriňki” diýenimem, “sensiz ýaşaýşymy göz öňüne-de getirip bilmeýärin” diýenimem ýadymda… Ýöne… meniň ýagdaýyma-da düşün ahyry, Berdi jan… Lukmanlar saňa: “indi ýatan ýeri bolaýmasa, ýerinden dikelip, ýörärinden ýöremezi ýakyn” diýenlerinden soňam, “çykmadyk janda umyt bar” diýlenine uýup, gelen sawçylara ýok diýdirip, bäş ýyl garaşdym… Seniň bolsa şol bir ýatyşyň… Ne bäri bakýarsyň, ne…

Gyzyň agyly pyşyrdysyna eltelefonyndan diňe käte bir kimdir biriniň agyr-agyr dem almasy bilen garyşyp gelýän dym-dyrslyk jogap berýärdi. Gyz bolsa misli jaň edýän ýanynda durup, her bir sözüne üns berip diňleýän ýaly, gözýaşlaryna garyp pyşyrdamasyny dowam etdirýärdi:

-…Düşün Berdi, meniňem il deňinde öýli-işikli, çagaly-çugaly bolasym gelýär… Maňa-da düşün ahyry, mähribanym! Duzlap-dograma ahyry meni, bagrymy paralama ahyry meniň! Öňem ýanyp-ýanyp, köýüp bilmän ýörün! Senden özge bilen ýaşaşmaly boljakdygym, geljekde çagalarymyň kakasynyň sen däl-de başga biriniň boljakdygy hakynda pikir zerarly günde müň ölüp-direlýärin… Ýöne nädeýin! Ýagty jahanda ýeke özüm ýaşamok, enem-atam, doganlarym hem bar! Olaram günüme goýmaýarlar… Özümi-de gün-günden ýalňyzlyk basmarlaýar… Nädeýin men, janyňa-gözüňe-başyňa döneýin, aýt ahyry, nädeýin! Öleýinmi, ýiteýinmi?!... Otuz ýaşa golaýladym, Berdi jan!... Çaga küýseýärin, maşgala küýseýärin, joralarymdan, il-günden kemsinýärin, Berdi jan…Waý meniň gara bagtym, waý saňa! Sen bir diriligime ýakma-da, gepläý ahyry, Berdi!

Tolgunjyndan ýaňa jaň edýäniň bir mahal aragatnaşygy kesendigini-de duýman gepläp oturan Güljemal birden eltelefonyny elinden gaçyrdy-da, iki eli bilen ýüzüni ýapdy. Bady-baran aglap başlady:

-Wah bolman geçen bolman geçmiş ulag heläkçiligi, sen bizi nä güne saldyň?! Ýeri sen şol gün ulagyňy assarak-seresabrak süren bolsaň, asla şol gün öýüňden çykmadyk bolsaň, biz şu günlere düşermidik?! Waý biziň küle çöken ykbalymyz, waý saňa!..

Güljemal köşeşip bilmän aglap, entegem köp oturjakdy. Emma ýene-de eltelefonyň sazynyň eşidilmegi onuň agyly jibrinmesiniň arasyny kesdi. Bu gezek eltelefonyň sazy misli Güljemalyň hünibirýan gözýaşlaryna sebäp bolandygyna ökünýän ýaly, pessaýdan müýnli çykdy. Köşeşip bilmän sojap oturşyna Güljemal eglip eltelefonyny ýerden göterdi. Düwmesini basyp gulagyna tutdy. Ol heniz gepläp ýetişmänkä-de aňyrdan kimdir biriniň gussaly rahatlykdan doly sesi eşidildi:

-Bagtly bol! Alnyň-bagtyň açyk bolsun!..

...Duk-duk-duk…

„Garagum“ žurnalynyň 2012-nji ýylyň VI sany


Kiçijik ykbal
...Gaty erbet boldy. Bütin ömrüne ol–Rahman nämedir bir zat üçin ýaşaýandyryn, öz ömründe nähilidir bir esasy many bardyr, öz ýaşaýşy bilen kimidir birini bagtly edýändirin, kimedir birine peýda getirýändirin, öz ömründe bir uly maksat bardyr öýdüp ýaşap ýördi. Çuňňurdan oýlanyp görse welin, onuň ýaşaýşynda ol zatlaryň hiç biri-de ýok ekeni. Diňe kiçilik, diňe boşluk...

Asyl Kerim şahyryň sözleri gör, kime degişli ekeni. Gör, ol iki setir nireleri tozadýan ekeni:

“Sorasaňyz aýdaýyn - Kyýamat nedir?

Erkekler ownasa kyýamat şodur...”

Hakykatdanam kyýamat. Erkek uşasa, erkegiň ykbaly uşajyk bolsa, öz-özüniň uşaklygyna düşünen güni şol erkegiň başynda ahyrzaman gopýan ekeni... Men özümi bagtly hasap edýärdim, “ägirt men” diýip pikir edýärdim... Emma welin, men kiçijek ýaşaýan ekenim. Men, öz ömründe hiç zada ýetip bilmedik kinniwanja erkek–Rahman. Hany meniň ömrümde bar diýip ýören ägirtligim?! Ol ýok. Hiç wagt bolmandyr hem... Eý Allam, gözlerim açylmadyk bolsa gör, bu aldaw ýene-de näçe wagt dowam ederdi! Emma, ine, gözüm açyldy hem diýeli-dä, ýeri indi men öz ömrümiň kiçijikligini bilýärinem-dä, ony ulaltmak üçin men näme edip bilerin?! Hiç zat. Hiç zat!

Eýýäm ýaşlygym geçdi, bilimden kuwwatym gidip barýar. Indi düzedeýin, ulaldaýyn diýenimde-de men öz kiçijek ömrüme hiç-hili täsir edip bilmerin... Men elli ýaşadym, ýöne meniň ýeten zadym näme?! Bary-ýogy şu kiçilikmi?! Meniň bar derejäm ýönekeý daýhan, meniň üç oglum bilen bäş sany gyzym bar. Ogullarymyň birini öýerdim. Gyzlarymyň ikisini çykardym. Eýýäm gyzlarymdan üç sany agtygym bar. Men eýýäm baba boldum. Bahym Hudaý ýol berse, ata-da bolaryn. Aýalym bilen sene-meneli günlerimiz bolan hem bolsa, garaz köplere görä oňşukly hem agzybir ýaşadyk. Bütin ömrüme-de maşgalama mätäçlik çekdirmejek bolup, depämden gum sowrup geçdim. Işledim. Gije-gündiz elimden pili düşürmän, meýdandan çykman, ýabany ýatyplar, alyn derimi döküpler zähmet çekdim. Garaz maşgalamy ýag iýip ýalaňaç ýatybermeli etmesem-de, gerek-ýaraklaryna zar etmän, zerurlyklaryny üpjün etdim. Ýaslara gatnaşyp, toýlarda hyzmat edip, il biridigim üçin, Hudaýa şükür oba arasynda-da sylanylýan. Käte maslahatam soralýar. Ýöne, meniň abraýym iliňkiden üýtgeşik däl. Menem il bilen deň sylaýarlar. Toýa barsam hemmeler bilen deň garşy alyp, töre geçirýärler. Hödür-kerem edýärler. Ýasa barsam hemmeler bilen deň hatarda: “aýady özüň okaý” diýip, sypaýyçylyk edýärler, tanyşlar hem salamlaryny gysganmaýarlar, dogry arasynda ýüzüni sowup geçýänler hem tapylýar. Ýogsa meniň nämäme duşmançylyk göz bilen garar ýalydygyna-da düşünemok. Meniň nämäme duşmançylyk etjek diýsene?!

Alla-ha şükür, dostlarym bar, ile meňzeş öý-öwzarym bar, Alla jana şükür, çagalarymy-da ile meňzeş edip ýetişdirdim, ýöne näme üçin? Näme üçin bu zatlar gerek?! Näme üçin öň maňa şatlyk getirýän bu zatlar, indi maňa öz-özüňi aldamak bolup görünýär? Näme üçin men öz ömrümiň ownukdygyna öň, bir wagtlar dünýäni düldüredip ýören ýaş wagtlarym düşünmän, indi çöken iner ýaly, lagar düşen wagtym düşünýän? Näme üçin?

Men diňe bir, ömri ownuk erkek hem däl-de, jenaýatçam. Men jenaýatçy! Öz terbiýäm bilen men çagalarymdan hem özüme meňzeşleri ýetişdiripdirin. Men olara-da özümiňki ýaly uşajyk ömür taýynlapdyryn. Sekiz sany ýaş ynsana öz ägirtliklerini açyp görkezip, olara ýaýramaga, giňelmäge ýol arçaman, men olaryň ululyklaryny özlerine-de duýdurman ýok edipdirin. Kim bilýär, eger-de men olara dogry terbiýe beren bolsam, olaryň biri şahyr, biri alym, biri gahryman bolardy, indi bolsa olar diňe meniň özüm ýaly... Bu günä, gaty agyr günä...

Rahman hiç köşeşip bilmeýärdi, ol özünden bu garaňky pikirlerini kowjak bolup, şunça jan edýärdi, emma olar aýrylmakdan-a geçen, gaýta barha beter möwç alýardylar. Ol öz ömründe many gözleyärdi, ony tapmagyň deregine bolsa pikirlendigiçe onuň ýaşaýşy barha beter garalyp, kiçelip, biderek-bigerek bir zada öwrülip barýardy.

“Ikiýüzlülik! Bütin ömrüm ikiýüzlülik. Bu ikiýüzlülik nireden başladyka?.. Nireden?... Bildim. Şol uzakda galan ýaşlygymdan. Diňe şondan... Asla... asla mende ýaşlyk bir boldumyka? Manysyz-işsiz, wakyrdaşyp-enteşip geçirilen günler, özüňe-de, hiç kime-de peýdasyz ýaşalan ýyllar... Men öz ýaşlygymda nämäni gördüm, nämäni bildim, nämäni ondan aldym, ondan söýere, “galdy” diýip gynanara nämäm galdy? Hiç zat... Ýok, ýok, gynanmaga zat bar, kän. Bimany, haýyp geçen ömür, ine gynanara zat!

Men öz ömrümde çynym bilen aglabam, gülübem gördüm... Eý Allam, belki şol zatlaram ýasama bolup, men hasratymda-da, begenjimde-de bary-ýogy öz öňümde özümi ynandyrjak bolup, adamlaryň öňünde bolsa adamlary ynandyrjak bolup, dürli ýerlerde, ömrümiň akymyna, ýerine-ýagdaýyna görä kinofilimlerdäki ýaly, haýsydyr bir şekilleri, tragediýalary we komediýalary oýnap geçendirin?! Belki meniň söýgüni gördüm diýip ýörenim hem diňe ýasama öýkünjeňlikdir we jynsy höwesden gelip çykan bir zatdyr?!...

Eý Allam, uzak wagtlap tüm-garaňky, penjiresiz-gapysyz otagda otursaň, birdenem gözüňi deşip gelýän günüň şöhleleriniň astyna çyksaň, nähili erbet bolýar ekeni... Eger-de şol oturylyşyga barmadyk bolsam entegem öz süýji aldawymda gezer ýörerdim...

Öňňin işden geleninde aýaly oňa çakylyk hatyny berdi. Haty okap görüp ol şeýlebir begendi. Rahmany mekdepde bile okan, dosty Azat öýüne çagyrýardy we synpdaşlarynyň ählisiniň ýygnanjakdyklaryny habar berýärdi.

Ģakylykda bellenilen gün Rahman ýola düşdi. Azat paýtagtyň merkezinde ýaşaýardy. Ol öýleneninden soň, instituty gutaryp obadan göçüp gidipdi. Soňam käte bir bolaýmasa oba kän gara bermeýärdi. Ýöne habar edilse welin, işi başyndan agdykdygyna garamazdan obanyň toý-ýasyny sypdyrman, hökman gelip gidýärdi. Obada onuň abraýy gaty uludy. Ençeme döwlet sylaglarynyň eýesi, ýurduň çäklerinden has uzaklarda-da tanalýan edebiýatçy alym, professor Azat Medetowiç Maksadowy obada uludan-kiçä tanamaýan ýokdy. Rahmanam öz çagalyk we ýetginjeklik dostunyň şeýle uly, abraýly adam bolup ýetişendigine tüýs ýürekden guwanýardy. Onuň her bir üstünliginden soň özüniň şeýle adam bilen dost bolandygyna, entegem dostdugyna öz ýanyndan juda buýsanýardy. Dagy buýsanmaz ýalymy eýsem? Şeýle adam seniň bilen dost bolmaga seni mynasyp gören bolsa, diýmek senem ýönekeý adam dälsiň, azajyk bolsa-da garaz beýlekilerden üýtgeşiksiň...

Baranynda ony Azadyň özi garşy aldy, ýetişibildiginden hal-ýagdaýyny sorap, kaşaň jaýa saldy. Eýýäm otagda synpdaşlarynyň hemmesi bardy, diňe Merdan neresse bilen Ýusup neressäniň ýeri boş durdy. Ol pahyrlaram näme, ajallary ýetendir-dä...

Rahman synpdaşlary bilen birlaý görşüp çykdy. Soňam boşrak ýere geçip oturdy. Onuň oturan ýeri-de synpdaşy, edil Azat ýaly obadan göçüp giden Baýlynyň gapdaly boldy. O-how, ol nähili üýtgäpdir-ä! Hany ol birwagtky, hortap, ýygra Baýly, hany ol, toýlarda-da, üýşmeleňlerde-de diňe diňlemegi başaryp, aragy görse-de ýüzüni turşudýan, çekinjeň Baýly? Ol ýok. Onuň ýerine bolsa ine, şu Baýly otyr. Her aýda diýen ýaly üýtgäp duran nysagyň soňky sesi bolan, ýaşyna gelişmeyän köýnek-balakda, içilen arakdan ýaňa eýýäm ýüzi gyzaran we ýaňrap, ýanyndakylara dil ýarmaga gezek bermeýän Baýly otyr...

Ol Rahman gapdalynda ýerleşen badyna gürrüňdeşleri bilen jedelini üzül-kesil kesdi-de, birnäçe ýyl bäri görüşmedik synpdaşyna tarap öwrüldi:

-O-how Rahman jan! Bolanok dost, bolanok, gijä galýarsyň! Jerime, ýok, ýok, boýun gaçyrjagam bolma, jerime, jerime! – diýip Baýly olar biri-biri bilen aýrylyşmadyk ýaly, hiç-hili ýadyrgaman, aňsatlyk bilen Rahmanyň egnine kakyp, onuň öňündäki aýna bulgura arak guýdy. Özüni azajyk oňaýsyz duýýan Rahman Baýla arak içmeýändigini aýtdy. Baýly oňa şunuň ýaly ýagdaýlarad aýdylýan umumy sözleri aýtdy. Emma Rahmana öte bir igenip durman, ony hem özara söhbete goşup ugrady. Gelenine ýarym sagat geçip-geçmänkä Rahman hem meýlisiň şowhunyna gatyşyp-garyşyp gitdi.

Ýassyga ýaplanyp ýatyşlaryna Baýly bilen Rahman gürrüňe gyzdylar. Kelle çakyşdyryp öten günleriň geçendigi, dolanmajagy üçin ajaýyp bolup görünýän wakalaryny, ýaşlyklaryny, neresseleri ýatladylar, dirileri seljerdiler, biri-biriniň hal-ýagdaýyny soraşdylar.

-Ýeri Rahman, nähili, öz-özüňden, ýeten derejäňden, durmuşyňdan, geçen günleriňden razymy? – diýip, Baýly duzlanan hyýary nahar iýilýän çarşajyk bilen agzyna salyp durşuna, tirsegine daýanyp, dikeldi.

- Aý hawa synpdaş. Hudaýa şükür, kem günüm ýok. Il deňinde ýaşadym... ýaşaýaryn hem... Hudaý ýol berse, ýaşaryn hem. – diýip Rahman gök çaý süzüp, Baýla jogap gaýtardy.

- Be, beýle özüňden, ýaşaýşyňdan göwnihoş bolar ýaly, sen nä derejä, haýsy beýiklige ýetdiň, Rahman?!

- Hymh, beýiklik diýip bizde beýiklik näme işlesin, Baýlym, şol bir pildir-dä... Ýöne şu soňky döwür garrap barýarysmy nämemi o ýerim agyrỳar, bu ýerim agyrỳar gürrüňim-ä köpelýär.

- Ýok sen maňa düşünmediň, Rahman! Men saglyk hakda geplämok... Äý, ýogsa-da, düşünmäniň hem gowy. Sen meniň pikirlerimi bilmeýäniň üçinem bagtyýar adam, Rahman...

- O näme diýdigiň-ä, synpdaş? Sen nähili, beýle üýtgeşik pikirleri edýärsiň?

- Menmi? Meniň içim ýanyp gelýär, öz geçiren günlerime, häzirem geçirip ýören günlerime içim ýanyp, tütäp gelýär... hasam... hasam ine şulary görüp – diýdi-de, Baýly otagyň içinde ala-goh bolşup oturan synpdaşlaryna tarap baş atdy. Rahman Baýla düşünmedi, düşünendirin öýden pikirini bolsa hatda pikirlenmäge-de utandy. Şonuň üçinem dymyp oňaýdy.

- Ine seret, Mäti! Bilýäňmi mekdep döwrümiz ol nähilidi? – diýip Baýly öz başyna samyrdaýan ýaly, dowam etdi: - Ýuwaşjady, gowşajykdy. Mugallymlar hem oňa tertipliligi üçin oňat baha goýýardylar. Emma häzir welin ol başlyk. Seret oturşyna...

Rahman jedelli gürrüňe başagaý bolup oturan, iňňeden çykma penjekli epeý pyýada–Mätä gözüni aýlanyny duýman galdy. Şol bada-da bu hereketini hiç kim görmedigem bolsa, ýüzi gyzaryp gitdi.

- Ýa bolmasa, hanha Ģary, seret, ýatyşyny görýäňmi, öz öýi däldir öýdenok, sebäbi öwrenişen, Azadyň dosty, özüni onuň öýünde hojaýyn saýýar. Gör, ap-arkaýyn ýatyşyny! Ikimiz welin beỳle ýatyp biläýmeris, şonuň üçinem bu ýerde biz ýadyrgaýas, öz tabagymyzda däldigimizi duýýarys... On bir ýyllap bile okap, bir obada doglan hem bolsak-da, bu eginlerindäki geýimlerine sygman oturanlar: “ýagdaýyň neneň, kömek gerekmi?” diýäýmezler, ýaltanarlar, eger diýäýselerem ýanyňa gelip içgin soraşmazlar-da, otagyň ol çüňkünde oturan ýerlerinden gygyrarlar. Emma her näme-de bolsa olar öz durmuşlaryndan nämedir bir zat ýasap bilen, öz arzuwlarynyň belli bir bölegine ýeten, nirä barsalar uly, aýratyn adam hökmünde, beýlekilerden üýtgeşik garşylanýan adamlar. Olar çyn we hakyky ýaşaýarlar. A men näme? Galp, ýasama we boş hem manysyz! Mende ine, näme bar?! Ģagalarymmy?! Ýeri bolanda näme?! Hanha bazarda söwda edip, alyp-satyp, ýa çem gelen işe ýapyşyşyp, ýaşap ýörler. Olar edil nokatma-nokat meniň geçen ömrümi gaýtalaýarlar... A meniň özüm näme? Söwda-satyk bilen güzeranyny dolap ýören, hiç ýerde işlemeýän, manysyz elli ýyly ýeňsesine atan, indem aşaklygyna togalanyp ugran adam. Dogry jaýym, iliňkä meňzeş, täze-de däl, köne-de däl ulagym bar, çagalarym, aýalym hem garaz sylaýarlar, obadaky enem-atam hem keselbendräk bolsalar-da, garaz gezib-ä ýörler, gün-güzeranym hem garaz oňuşmazça däl, toý-ýas bolsa garaz il-günem ýatlaýar. Hemme zat garaz, garaz, garaz... Hiç-hili doly, anyk we uly zat ýok. Söýgüni, gaýgyny, begenji, hasraty... dünýäniň ähli zadyny duýup gördüm diýip öňler hasap edýärdim. Emma men hiç zady-da çyndan görmändirin ekenim. Diňe öz öňümde ikiýüzlülik edip: “görýän-duýýan” diýip özümi ynandyryp ýörüpdirin...

Aýalymy söýýändirin öýdýärdim. Söýgi bolarmy? Söýgi näme işlesin? Kakam bilen ejem gullukdan gelen uçurlarym bir gyzyň suratyny görkezdiler, görmegeýje bolansoň, razylaşdym. Ýarym ýyl geçmänkä-de daşary ýurduň şkafyny satyn alan ýaly edip dulumda gögertdiler. Görülmedik şkafam näme, diňe az wagtlyk, irýänçäň höwesiňi gyjyklap, özüne höwes-gyzyk döredýär, il deňinde şony satyn alyp bilendigiňe özüňden monça boldurýar, soňra bolsa... Soňramy?! Soňra şeýlebir irginlik başlaýar, hasam şol şkaf seniň özüňe jaý, öz ýurduňky däl-de, başga bir näbelli, düşnüksiz ýurduň önümi bolup çyksa... Ýene-de toý üçin eden bergileriňi üzjek bolup kösenmegiň hem üstesine... Bizar bolupdyryn, şeýlebir bizar!... Päheý indi öýüme barsam içim tütäp gelýär...

Ýaşlykda bolsa nähili arzuwlarym bardy! Şeýlebir beýik, ýagty, çala ugrunda ylgasaň öz-özlerinden amala aşyberjek ýaly bolup görnen arzuwlar, iş ýüzüne geçirmesi, ýetilmesi şeýle aňsat bolan beýik-beýik maksatlar.... Hany olar? Hany, indi nirede şol aýdyň maksatlar, belent hyýallar?! Olar ýok. Olary hakykylyk we ýaltalyk ýok etdi. Ýogsa ol döwürler men diňe özüm bagta ýetmek hakynda oýlanmaýardym-da, adamlaryň ählisine ýeterlik bagty tapyp berip, şolaryň bagtynyň üsti bilen özümi-de bagtly etmek isleýärdim... Ine-de meni şol ýagty arzuwlarymyň ýetiren derejesi!... Seret, şol döwürler hiç-hili maksatlary bolmadyklar nähili ýaşaýarlar! Ýok meniň bu aýdýanlarym göriplikden däl, ýok, asla! Bu diňe özüniň neneňsi durmuşynyň bardygyny duýup ýöreniň janagyryly içi ýanmasy... Seret, ol öz-özünden göwnühoş Azada dagy, ençeme sylaglaryň, hormatly atlaryň eýesi, professor...

Rahman tasdanam Azadyň ýüzüne seredýärdi, zordan saklandy. Ol başyny aşak saldy. Sebäbi gorkdy. Azadyň ýüzüne seredäýse, onda birmahallar arzuw eden ýaşaýşyny görerin öýdüp, şony görübem iýýän duzuna hyýanat edip oturan Baýla öwrülerin öýdüp gorkdy. Ol sesini çykarman ýerinden turdy-da, penjegini hem geýmän, öýden çykyp ugrady.

Şol wagtam Azadyň sesi geldi:

- Rahman nirä?!

Rahman yzyna öwrülip, jogap gaýtardy:

- Häzir gelýän, birsalym daşarda gezmelejek.

Soňra ol daşaryk çykdy-da, eglenmän, ýoldan geçip barýan kireýçi ulaglaryň birini saklap, öýlerine gaýtdy. Ine şondan bäri hem onuň köşeşip bilmän oturşydy...

... Oturyp, turup, ýatyp, ahyry janyna jaý tapyp bilmedik Rahman öýden çykdy-da, ok ýaly göni joýalar çekilip, ekişe taýýarlanyp goýlan mellegine ýöneldi.

Baharyň birinji aýy bolandygy zerarly howa çigreklije-de bolsa, jana şypalydy. Assaja öwüsýän, sowujak şemal Rahmanyň arkasyndan çalaja itýärdi. Ýekeje-de bulutsyz, tämiz asmanyň gündogar çüňkündäki gyzylymtyl zolak bolsa barha ulalyp barýardy. Guşlaryň sesi eýýäm daş-töweregi galmagaldan doldurypdy, emma goňşularyndan welin, entek daş-içde görünýäni ýokdy.

Rahman mellegiň ortarasyna bardy-da, hajathana barýan ýodajykda çökdi. Şol wagtam çep goňşularyndan radionyň sesi gelip ugrady. Bu Rahmanyň Begli goňşusynyň on dört-on bäş ýaşly ogly Aýazyň ukudan oýanandygyny aýdýardy. Bu ýetginjegiň edäheti şeýledi. Ir tursun, giç tursun, ol hökman radiony hem, telewizory hem açýardy. Rahmanyň myrryhy atlandy. Ol içinden: “häý eşek ataly, tapypsyň pişäňi” diýip käýindi. Ol käbir ýuwan aýdymçy sumaklaryň “tutdum-aý-ýetlerini” halamaýardy. Wah, Mylly agany diýsene, Sahy Jepbary diýsene, wah, Nury neressäniň sazlaryny, Atageldi Garýagdynyň aýdymlaryny diýsene...

Hasam keýpi bozulan Rahman ellerini seçelenip duran topraga, çuň sokdy: “Ýyly girip ugrapdyr. Indi ertir dagy ekäýsegem bolar”. Rahman gysymlap toprakdan aldy-da, ýokary göterip, aýasyny açdy. Zire-zire toprak seçelenip aşak döküldi. Rahman ýene-de bir gysym alyp öňki hereketini gaýtalady. “Nähili düşnüksiz hem belent. Ine seredip otursaň jansyz, hiç zatsyz, öli gum, hakykatdan welin, bu toprak – diriligiň hut özi! Sebäbi ol özüne ýanaşan ähli zada dirilik berýär, ezizleýär, ösdürýar. Şu gysymymdaky topragyň özi hem ägirt uly ýaşaýyş ahyryn! Ägirt uly... kiçilik... kiçijek ykbal...

Birdenkä Rahmanyň göwrümi giňäp gitdi. Uzyn gije ony gynan garaňky oýlary aýasyndaky gumdan elheder alan ýaly, dyr-pytrak bolup gitdiler. Şujagaz bir gysym toprak, onuň diňe daýhan ellerine bildirýän ýylylygy Rahmany täze bir ajaýyp hem düşnükli, ýöne düşündirip bolmaýan duýgudan doldurdy: “Kiçilik bolarmy? Heý bu toprak barka, şonuň göwsünde ýaşap, şonuň göwsünde ýaşajaklary kemala getirip, olara özüňi, özüňe ähli zady beren topragy miras galdyrýarkaň, ownuklyk ýanyňa gelermi? Men elmydam şu mähribanymyň ägirt janynyň bardygyny duýup geldim ahyry... Ol garaňky oýlar bolsa meniň özümiňki däl-de, öz basgylap ýören topragynda diňe jansyzlygy görýän Baýlynyňky...”

Birdenem Rahman radionyň sesine diňşirgendi. Ýaňky aýdymyň sesi galyp, radiodan biriniň agras ses bilen goşgy okaýany gelýärdi:

...Säher turup syl ýüzüňe çagaňy,

Päkligiňde bolup bilseň şonça bol.

Sen sanama gara saçyň agyny,

Sen sag-aman öreniňe monça bol.
Biz hemmämiz şatlyk üçin doguldyk,

Şonuň üçinem geçdik ine şunça ýol.

Şat günleriň köp bolmanna gynanma,

Şat günleriň bolanna monça bol...

...Rahman doňup galdy. Bu sözler, bu goşgy onuň kalbynyň çuňlugyny şeýlebir yzarlap başladylar welin, ol bu goşgynyň her setirini içinden onlarça gezek gaýtalap-gaýtalap doýup bilmedi. Bu goşgy, ol – Rahman hakdady. Hatda Rahman hakda däl-de, onuň kalbydy. Hut özüdi. Bary-ýogy dört-bäş sözden ybarat setirlere sygdyrylan tutuş ömrüdi. Ol goşgynyň setirlerini radiodaky erkek kişi okap bolan badyna gapyp alyp, aňynda sansyz gezek gaýtalaýardy. Özi hem ilkinji gezek gelniniň ýanyna girýän boý ýigit ýaly tolgunýardy.

...Säher turup syl ýüzüňe dünýäňi,

Giňligiňde bolup bilseň şonça bol.

Bu dünýäde mahsus ähli zatlaryň,

Senden sowlup geçmeýänne monça bol...

Rahmanyň demi tutuldy. “Bu dünýäde mahsus ähli zatlaryň, senden sowlup geçmeýänne monça bol... bu dünýäde mahsus ähli...”

Şol wagtam radionyň sesi jygyrdady-da, ýene-de “tutdum-aý-ýet...” başlady. Rahmanyň ýüregi üzülene döndi. Ol uly bir zadyndan jyda düşen ýaly, goşgynyň täsirinden çykyp bilmän köp oturdy. Entegem oturjakdy welin, birden derwezäniň agzynda eşidilen “düýdüldi” ony özüne getirdi. Ol parahat keşbi bilen ýerinden turdy-da, derwezä tarap ýöneldi. Heniz derwezä ýetmänkä-de, köne derweze jygyldap açyldy. Bir elinde Rahmanyň galdyryp gaýdan penjegini saklap duran Azat, şol hemişeki göwnüňi açýan çaga ýylgyryşy bilen ýylgyrjaklap howla girdi:

- Päheý dostum, şol öňküligiň – how, säher bilen mellegiňe göz aýlaýarsyň-ow?! Aý ýok, sen üýtgemersiň! Ýöne indiki gezek welin, şeýdip aýtman-diýmän çykyp gidäýseň, gaty görerin. Ulalsaňam oňalman geçjek sen, öňem şeýlediň, kakynyň tutsa gidiberỳärdiň. Şu senden şunça öýkelejek bolýaryn hem welin, hiç bolmaýar-da...

Sesini çykarman Azady diňleýän Rahman ýürekdeşiniň öňünde şol öňküleri ýaly müýnli, ýöne süýji ýylgyrýardy.


Yüklə 1,67 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   16   17   18   19   20   21   22   23   24




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin