Şazadanyň şikäri



Yüklə 1,67 Mb.
səhifə21/24
tarix15.11.2017
ölçüsü1,67 Mb.
#31822
1   ...   16   17   18   19   20   21   22   23   24

-Sizem maňa gaharlanmaýyň-da! Biz derrew tamamlarys. Men ýogsa ýetişmerin. Häzir iş ýerime baryp men Döwranmyradyň aýtjak zatlaryny kagyza-da ýazmaly ahyry. Onsoň olary taraşlap, redaktora-da okatmaga ýetişmeli-diýip boýnuny burdy.

Gyzyň ýarym oýun ýarym çyn, haýyş ediji äheňde aýdan sözlerine söhbetdeşleriň ikisi-de myssa ýylgyryşdylar. Suratkeş ýigdiň söhbetdeşi mylaýymlyk bilen:

-Gyzym, Döwran janyň wagtynyň “birazajygyny” dileýän bolsaň biziň garşylygymyz bolmaz. Bu ýerde päsgel bererler öýtseňiz, ine, şol gapy, dynç alyş otagynyňkydyr. Söhbetdeşligiňizi şol ýerde geçirseňiz hem bolar-diýdi-de, tomaşaçylara tarap ýöneldi.

Onuň yzyndan:

-Sag boluň!-diýip galan habarçy gyz Döwrana geňirgenmek bilen garady: - Döwran, bu kimdi?

-Şu sergiler öýüniň direktory.

-Wiý, men ýüzügarany!-diýip habarçy gyz birenaýy bolup, ýaňaklaryny gülgüne öwüsdirip gyzardy:-“Bu gyzyň utançsyz bihaýadygyny” diýendir şu wagt!

-Kim? Muhammet agamy? Ýok-la, ol hiç wagt hiç kimden gaty görmeýär ahyry!-diýip Döwran ýylgyrdy-da, oturgyjyny dynç alyş otagyna tarap öwürdi:-Ýörüň, şol otaga geçäýeliň, gyzlar bize bir käse çaý hem getirip bererler. Näme soragyňyz bolsa çaý başynda beriberersiňiz-dä.

Olar tirkeşip otaga girdiler. Ornaşyp-ornaşmankalar işik açyldy-da, ýaşajyk gyzyň ýüzi göründi.

-Döwran aga, meni Muhammet aga ugratdy. Size näme alaýyn? Kofemi ýa-da çaý?

-“Maňa bir boş çüýşejik getiriň, şol seniň janyňy saklar örän jaý”-diýip Döwran Gurbannazar şahyryň sözleri bilen degişdi-de, habarçy gyza soragly garady:-Neme, bagyşlaň, siziň adyňyzy hem soramandyryn, siz çaý içýärsiňizmi ýa-da kofe?

-Jennet. Maňa kyn görmeseňiz çaý getiräýiň.

-Onda bir çäýnek çaý alaýyň.

-Bolýar häzir getirerin.

Gyz işigi ýapdy.

-Ýeri, soraberiň, men jogap bermäge taýyn-diýip Döwran oturgyjyny biraz öňe sürdi-de, Jennediň gabat-garşysyna geçdi. Jennet ses ýazýan enjamyny işledip, ony öňünde goýdy. Soňra ykjamlandy-da, Döwranyň ýüzüne seretdi:

-Döwran, her bir suratkeşiň, umuman islendik sungat adamsynyň diňe onuň özüne mahsus işleýiş, beýan ediş usuly bolşy ýaly, meniň hem öz işleýiş usulym bar. Men söhbetdeşlik geçirenimde sorag berip adamlary çekeläp durmagy kän bir halamaýaryn. Siz gowusy özüňiz, öz işiňiz, eserleriňiz barada göwnüňiziň islän zadyny aýdyň. Onsoň men, eger gerek bolsa size goşmaça soraglary beräýerin.

Döwran oýurgandy. Ýeňsesini gaşady.

-Bä-ä, Jennet, siz-ä meni kyn ýagdaýa goýaýdyňyz. Men nämeden başlap, nämeler hakynda gürrüň bersemkäm?

-Kyn zady ýok ahyry, Döwran. Çagalygyňyz barada, sungata gelşiňiz barada, eserleriňiz üçin şekilleri nireden alýandygyňyz hakynda gürrüň beräýiň ýa-da bolmasa, göni öz durmuşyňyz hakda gürrüňe başlamagy kyn görseňiz öz eserleriňizden has gowy görýänleriňiziň döreýşi, olaryň aňladýan manysy barada aýdaýyň. Siz gürrüňiň başy-aýagy bolmaz diýip alada etmäň, men soň kagyza geçirenimde tertibe salaryn.

Döwran ýene-de pikire batdy. Az salym dymyp durdy-da:

-Jennet, siz gowusy haýsy surat gyzyklandyrýan bolsa, şol barada soraň. Men-ä ilkinji gezek habarçy bilen söhbetdeş bolýandygym üçin kelebimiň ujuny ýitirendirin-diýdi.

-Ýeri bolýar, ine dälizde siziň dürli temalardan döreden eserleriňiziň otuza golaýy sergä çykarylypdyr. Ýöne şolaryň içinde alty sany eseriň daşynyň tomaşaçysy has köp ýaly. Ýöne elbetde bu meniň şahsy pikirim.

Döwranyň ýüzünde gyzyklanma göründi.

-Haýsy suratlar?

-Ellerini giň açyp, at çapyp barýan ýigdekçe…-diýip Jennet sanap ugrady.

-“Bagt”-diýip Döwran pessaý hümürdäp eseriň adyny aýtdy.

-Uçut gaýanyň depesindäki ýalňyz agaç…

-“Ýanbermezlik”

-Almasyny gaçyran gyz…

-“Söýgi”

-Gelin, garagol ekizjeler we ýalňyz durna…

-“Aýralyk”

-Çabgadan gizlenip, ot ýakynmaga çytraşýan doganlar…

-“Mähir”

-Ýigdekçäni gorpa gaçyrmajak bolup dyzaýan oglanjyk…

-“Gaýrat”

-Ine şu eserleriňiz barada gürrüň beräýseňiz, Döwran!-diýip Jennet sözüne dyngy berdi.

-Özümiň iň gowy görýän suratlarymy sanadyňyz, Jennet!-diýdi-de Döwran uludan demini aldy:-Men size şolaryň döreýşi barada aýdyp bereýin, onda…
*****
…Köpi gören ýaşuly adamlar köplenç biriniň başyndan inen betbagtçylyk barada eşidenlerinde “beterinden saklasyn” diýgiç bolýarlar. Beterinden saklasyn! Gör, bu sözüň aňyrsynda nähili ymgyr hem çuň many ýatyr! Türkmen aga bu dilegine özüniň takdyra ten berýän tükeniksiz şükranalygyny hem, galagoply zamanalaryň harasadyndan alyp çykan durmuşy paýhasyny hem siňdiripdir. Şol bir wagtda-da başyna külpet inen bendä: “gazap atyna atlanma, küpür gepleme, Alladan dilgir bolma, ýeriň ýüzünde bir ýerde, betbagtlyklaryň aýylganjy bar bolsa, ondan aňyrda ondan has beter ýowuz keçligiň bardygyny unutma, Ýaradanyň özi seni şondan gorapdyr!” diýip teselli berýän ýaly…

Emma haçan-da şol keçlikleriň keçligi, betbagtçylyklaryň betbagtçylygy seniň üstüňe labyryny atanda ol ýerde ýagşy dilegiňem, umydyňam, durmuşy paýhasyňam, “beterinden saklasyn” diýen mynajatyňam peýdasy ýok. Umytsyzlyk, doýgunlyk, nalajylyk seniň üstüňe topulýar-da, edil bogazyna ýedi gat dowzah sygýan Kabus ýaly kalbyňy, özüňi, tutuş dünýäňi ýuwdup, tüm-garaňky holtumyna dykyp taşlaýar. Onsoň şol tükeniksiz tümlügiň içinde, Kuhy-Kap dagynyň zulmata beslenen jülgelerine sürgün edilen benijanlar kimin iki-ýana pelesaň kakyp ýörsüň. Özem şeýle betbagtlygyň haçan başyňdan injegini, nireden saňa zowal ýetjegini birjik-de şübhe etmeýärsiň.

Özüňi bileliň bäri daş-töweregiňi gabsaýan dünýäniň ähli reňkleriniň, şekilleriniň tagamyny, ysyny, lezzetini duýup, olaryň her bir hereketiniň, her bir ygşyldysynyň iň ajaýyp pursatlaryny doňduryp, kalbyňda alyp galmaga endik edendigiňe, keremli Perwerdigäriň saňa şeýlekin nepis-näzik zehini bagyş kylanyna, şol zehiniňi-ukybyňy ösdürmäge, ony özüň üçin, il-gün, adamlar üçin peýdalanmaga mümkinçilik berendigine begenip ýaşap ýörsüň. Günde okuwyňa gidip, kärine ezber halypalaryňdan sapak alyp, zehiniňi has hem sünnäleýärsiň. Sapaklardan boş wagtyň bolsa surat tagtaňy, reňkleriňi, çotgalaryňy, kagyz-galamyňy gujaklap, baýyrlara gidip, agşam şapagynyň şekilini çekýärsiň, gündiziň güneşini çekýärsiň, daglaryň keşbini, gülleriň yşgyny, düzleriň şemalyny, çölüň sähralaryny çekýärsiň. Şolaryň ählisini çekip bilýändigiňe guwanybam çekmeýän zadyň ýok.

Gurbannazar şahyryň şygryndaky gün çekse-de, gül çekse-de adama meňzeş bolýan oglanjygyňky ýaly, seniňem suratlaryň entek biri-birine juda kybapdaş, näme çekseň-de entek jansyz. Emma bu ýagdaýa sen gynanyp hem durmaýarsyň. Halypalaryň aýdyşlary dek, işläberseň uzagyndan olara assa-ýuwaşdan jan girip ugrajakdygyna janyň-teniň bilen ynanýarsyň. Sebäbi sen özüňde çekýän suratlaryňa jan girizip biljek zehiniň bardygyny ömrüň her pursadynda duýýarsyň.

Her demiňi alanyňda-da şol zehiniň tizräk taplanyp, kämillige ýetmegini, soňam çekýän şekilleriňe jan girizmegini küýsäp ýaşaýarsyň. Her bir edýän hereketiň, her bir görýän zadyň hem saňa öz zehiniňi kämilleşdirmek üçin serişde bolup hyzmat edýär. Sen asla sungatyňdan, zehiniňden özge hiç zadyň pikirini edip bilmeýärsiň. Türkmen sährasynyň säherleriniň tämizligini dem alyp, dem alyp zehiniňe siňdirmek üçin guşlar bilen deň oýanyp, çöle garşy ylgap gidýärsiň. Zehiniňi buýsançly duýgulara eýlemek üçin, eliň sypyndygy daýhan birleşigiň athanasyna gidip, saýlama tohum bedewleriň üstünde çapýarsyň. Çapuw ýelgininiň badyna kükregiňi tutup barşyňa, goltugyňy gyjyklaýan bedew üstüniň şemaly kalbyňy şatlykdan dolduranda, begenjiňe bäs gelip bilmän, giden ýorunjalyk meýdany ýaňlandyryp aýdyma zowladýarsyň. Asyrlaryň danalygyna dahylly bolmak üçin müňlerçe ýyllaryň dowamynda dünýäniň ähli gowusyna-erbedine şaýat bolup, öz dana dym-dyrslygy bilen barça zadyň bahasyny ölçerip ýatan daglara barýarsyň. Geljekki çekjek şekilleriňe ýagyşlaryň-garlaryň ysyny siňdirmek üçin çabganyň astynda ylgaýarsyň, syrgynlaryň garşysyna sürünýärsiň. Özüňem şeýlebir bagtly, şeýlebir bagtly… Sebäbi seniň ukybyň bar, zehiniň bar, söýýän hünäriňi özleşdirmek bilen meşgullanýarsyň, tejribe ýüki ýetik halypalaryň bar…

Emma birden…Bu zatlaryň barynyň üstüne ýekeje gün, ýekeje pursat atanak çekýär. Dogrusy, atanagam çekmeýär-de mynjyradýar. Edil, şol gün, kakaň köneje “Ural” kysymly motosikletinde dükandan gelýärkäň, öňüňe çolaşan çagajygy çakmajak bolup, ulagyňy tutluga sowanyňda, dim-dik göterilip agdarylanda gap biliňden gaýdyp, oňurgaňy mynjyradan motosiklet ýaly, seniň ähli arzuwlaryňy, ykbalyňy, geljegiňi, bagtyňy, zehiniňi mynjyradýar…

Soň bolsa ine, şol ýaňky aýdýan, betbagtçylyklaryň iň aýylganjy başlanýar. Seniň bolsa oňa garşy göreşmäge hiç zadyň ýok, hatda şol türkmençilikde aýdylýan: “beterinden saklasyn” diýen dilegi diýmek üçin diliňem hereket etmeýär. Eliň-aýagyň, diliň, kelläň…tutuş göwräň jansyz jeset ýaly hiç-hili gymyldy-hereketsiz, şalkyldap ýatyr…Jansyz jeset ýaly…

Jansyz jeset bolanyňam gowy ondan! Sebäbi jeset hiç zady duýmaýar, görmeýär, ol oýlanmaýar. Sen bolsa ähli zady görýärsiň, duýýarsyň, oýlanýarsyň, gynanýarsyň, begenýärsiň, diňe hiç-hili hereket edip bilmeýärsiň, hatda gepläbem bileňok…Şeýlebir aýylganç bu! Şeýlebir elhenç welin, çydar dagy eder ýaly däl, hatda uliliň bilen ses edip aglabam bilmeýärsiň…diňe biygtyýar gözýaşlar ejeň, doganlaryň, daş-töweregiňdäkileriň bagryny dilim-dilim dilimläp, gözüňden şol akyp durlar, şol akyp durlar… bir gün däl, iki gün däl, tükeniksiz şol akyp durlar…

Beýle kämil jezany, şeýle doly hem gutarnykly bendiligi hiç bir doňýürek jellat oýlap tapyp bilmez!... Orta asyrlarda, aýaklaryna “ölýänçä ömürlik” diýen ýazgyly gandal urlup, zyndana taşlanan bendilerem iň bolmanda dört diwaryň içinde bolsa-da hereket edip bilipdirler. Özleri ýaly garamaňlaýlar bilen gepleşmäge mümkinçilikleri bolupdyr. Emma seniň ýagdaýyň welin, şol bendileriň hem iň işigaýdanynyň ykbalyny bagt hökmünde arzuw etmäge mejbur edýär. Sebäbi sen tutuş göwrümi bir goşawuçdan uly bolmadyk kelleçanagyň bendisi. Seniň kalbyň öz mejalsyz teniň ýesiri…Urunmaga eliň-aýagyň ýok, gygyrmaga-da diliň…Gije-gündiz şol bir goşawuç göwrümli süňkden gapyrjagyň içinde…Ol zyndandaky bendileriňki ýaly ahyry bir gün erkinlige çykaryn diýen umydyň hem ýok…Bir gün däl, bir hepde, bir aý, bir ýyl däl, süýnmek sakgyç ýaly süýnüp, geçmän geçýän tükeniksiz günler, üznüksiz hepdeler, sansyz aýlar, şol bir goşawuç göwrümli süňkden gapyrjagyň içinde… Hatda öleýin diýeniň bilen ölübem bilmeýärsiň. Diňe şol daş-töweregiňi görüp, synlap, oýlanyp, duýup, her pursatda ölüp bilmän ölüp ýatyrsyň. Biygtyýar gözýaşlar bolsa gözleriň çetinden şol dökülip dur, şol dökülip dur…

…Gijemi-gündizmi, belli bir wagty ýok, arasynda-da, edil goýy, şepbeşik läbige gaçan ýaly, alasarmyk uka gidýärsiň. Ymyzgandygyňam tämiz asmanyň astynda, gözýetimden gözýetime garşy uzalyp gidýän, aňyrsy-bärsine göz ýetmeýän ýorunjalyk meýdanda, gyr bedewiň üstünde ellerini giň açyp barýan ýigit düýşüňe girýär. Onuň ezýaka köýnegi çapuw ýelginine baýdak bolup pasyrdaýar, bagtyna bäs gelip bilmeýän jahyl bolsa bagt hakda, şatlyk hakda, ýaşlyk hakda, gözellik hakda, sungat hakda, zehin hakda, saglyk hakda aýdyma gygyrýar…Birdenem depäňden buz ýaly sowuk suw guýlana dönüp, oýanýarsyň. Onsoň ýene-de goşawuç göwrümli süňkden gapyrjagyň içine gabalan bendiwan ruh hakynda pikirler aňyňa gelýär, ýene-de gözleriň çetinden ajy damjalar dökülip başlaýar…Her günem şeýle… Bu jezalalaryň jelladyndan sypma-da ýok, halas bolma-da ýok…

Şeýle ýagdaýda, tükeniksiz ezýetiň tümlüginde ýyl ýaryma golaý wagt geçdi. Men sagalmakdan geçen, gaýta gün-günden haýallaýardym. Halym teňdi. Ejem bilen doganlarym günde-günaşa eýläk-beýläk öwrüp, meni ýuwup-ardyp, arkamy, endamymy derman-däri bilen süpürip dursalar-da, soňabaka arkamda suwjaryp duran ýaralar emele gelip ugrady. Meniň özüm bolsa sagalmak hakynda jinnek ýaly pikirem etmeýärdim, umydym hem ýokdy. Kim bilýär belki şeýle halda, galynyp bilmän, uzaga çekmän amanadymy tabşyrmagym hem ahmaldy.

Ýöne günlerde bir gün, meniň hal-ýagdaýymy soramaga çeperçilik mekdebindäki mugallymym Amannazar aga geldi. Ejem bilen hümürdeşip, arasynda-da özüne mahsus wäşilik bilen: “Senem şägirt han, rus ertekisindäki pälwan, Muromly Ilýa ýaly otuz ýyllap peçden düşmän ýatyp-ýatyp, güýç baryny toplap, birdenem pälwan bolup dikeläýjek bolýarsyňmy?“ diýen äheňde degşip, esli oturdy. Alçaklyga salyp, meniň gözlerimiň çetinden üznüksiz syrygyp duran biygtyýar gözýaşlara, gözlerimde doňup galan sessiz nalyşa, ejemiň özüne diýilýänleri diňlemän diýen ýaly, ýöne gepiň gerdişine görä “hä-hawa” beren bolup, muňalyp oturmasyna şunça üns bermediksirese-de, hoşlaşyp turjak bolanda Amannazar aga saklanyp bilmedi.

-Alla kuwwat bersin, gaýrat ediň gelin! Dert beren Alla dermanyny hem berýändir! Bu zatlar juda adam saýlaýan zatlardyr. Irginsizlik bilen, giňgöwrümlilik bilen, takdyra ten bermeklik bilen almasaň, eýgertmez. Gazapdyr-lapykeçlige erkiňi aldyrtdygyň, edil gassabyň pyçaga gelen goýny güýlüşi ýaly güýlüp taşlar-diýip ejeme göwünlik berip barşyna, gapa ýetdi-de, togtady. Bosagadan ätlemän, yzyna, meniň ýatan sekimiň ýanyna dolandy.

-Owf!-edip uludan bir demini aldy. Men ýaşuly mugallymyň häsiýetine beletdim. Zanny-ýasawy ýumşak bolandygy zerarly kimdir birine gaty-gaýrym söz diýmegi juda ýokuş görýärdi. Ýumşagrak-berkräk aýdylanyny piňine almaýan, berebekgeýe çyny bilen käýemekçi bolanda ol juda kyn işe başlamakçy bolýan ýaly, şeýle edip, uludan bir demini alýardy. Bu onuň: “Han ogul, meniň-ä senden halys göwnüm geçdi. Sen-ä köşek, walla ynanaý welin, eneň ýagşy, ataň ýagş-a gulak gabartmaýan, gepe düşmez tüntaw ekeniň! Indi öte ýumuş görsem-de, saňa çynymy edip bir-iki agyz aýdyp goýbermesem boljak däl, walla ynanaý şuňa!” diýdigidi. Çyny bilen gatyrgananda-da Amannazar aga käýinjini şol sözler bilen başlaýardy. Şol gezegem Amannazar aga özüne mahsus mylaýymlyk bilen maňa käýinip hem göwünlik berip ugrady:

-Sen-how, köşek, beýdip, özüňem, daş-töweregiňem wagtyndan öň gömüp ýatma-da, biraz göwrümi giňräk boljak bolarlar, ýogsa, walla ynanaý şuňa, bu bolup ýatyşyň-a, ötüki häki bolup dur, göwnüme bolmasa! Edil ejesiniň emmesinden ýaňy aýrylan iňňä bäbek ýaly-la seniň bolan bolşuň, walla ynanaý şuňa! Biziň-ä asyl, halys senden göwnümiz geçip barýar, diýmäýin diýsem! Mert bol! Merdi-merdana bol! Tenini kyrk ýyllap gurt gemrip ýatan Eýýup pygamber ruhdan düşmändir, sen hem şeýle bol! Ruhdan düşme! Sende Hudaý beren, hakdan içen zehin bar, ony saňa Haktagalanyň özi külli ynsanyýete gaýym hyzmat etsin diýip bagyş eden bolmaly! A sen bolsa başyňa düşen ilkinji musallatdan ejizläp, sagalmakdan-a geçen, gaýta hak beren zehiniňi hem köýdürip, çar ýanyňy öl-myžžyklykdan dolduryp, ýatyp ýatyrsyň, walla ynanaý şuňa! Senden öňem sungat adamlarynyň başyndan edil seniňki ýaly külpet inipdir. Şolardan görelde al, olar onuň öňünde ýan bermän, dertlerini sungat bilen ýeňipdirler. Ostrowskiý, Belýaýew…Ötüki Sebastýan Bahyň dagy gulagy ker bolsa-da döreden sazlary dagy nähili?! Kerlig-ä beýle-de dursun, iki däl dört gulakly bolanyňda-da, başaryp bilseň döret hany, şeýle sazlary, walla ynanaý şuňa! Miltem edip bilmersiň! Olar han ogul, nädip öz betbagtlyklaryny ýepbeklemegiň hötdesinden gelipdirler?! Sebäbi köşek, olaryň kalbynda şeýlekin bir üýtgeşik jady – sungat ýaşapdyr. Aby-Köwser ýaly bir zat ahyry, ol sadagasy boldugym! Suwuny içdigiňçe gowzamakdan geçen, gaýta barha köpelip, tagamy süýjäp, durlanyp, tämizlenip-päklenip gidip barýar ol, walla ynanaý şuňa! Sende-de köşek… seniň ýüregiňde-de şeýlekin ajaýyp sungat ýaşaýar. Beýle bagt hemmelere ýetdirip hem durmaýar. Bu bolup ýatyşyňy tüketmeseň welin, bi şalpy-şaraň öl-myžžyklyk bilen kalbyňdaky sungat çeşmesini gurydarsyň. Bir guranyndan soňam onuň gözbaşyny pil bilen-ä däl, ekskawatyr bilen arçasaňam dodak öllärlik nem syzmaz!

Şonda Amannazar aga şeýle edip maňa esli käýindi-de, birsalym dymdy. Diýen zatlaryna müýnürgeýän ýaly başyny aşak salyp durdy. Soňam:

-Ýeri bolýar-la, köşek, Türkmen aga: “baldyry syzlamaýanyň ýanynda baldyrym syzlaýar diýme” diýýärem welin, biziňkem häki bir ötüki-dä! Mugallymçylyk halys ganymyza ornapdyr-da! Kimi görsek öwüt bermäge, akyl bermäge tüýs ýöne endik edäýpdiris, walla ynanaý şuňa! Ýogsa şeýle ýagdaý öz başymyzdan inse nähili boljagymyz näbellidir welin,…Ýeri bolýar, köşek, takal okap halys ýüregiňe düşäýdim öýdýän, men gideýin, sag-aman gutul!-diýdi-de çykyp gitdi.

Gitse-de gitdi welin, ýaşuly mugallymyň ömri uzak bolsun, öz ýumşak käýinji, ýarym gyjytly sözleri bilen birhili meniň ejizlikden, nalajedeýinlikden, lapykeçlikden doly köňlüme sübse çalnan ýaly etdi. Halypamyň sözleri maňa köp zatlary ýatlatdy. Okan kitaplarymdaky hiç bir zadyň öňünde ýan bermän, öz ejizliklerini, öz dertlerini ýeňýän gahrymanlary birme-bir göz öňüme getirip ugradym. Geljegim, geljekde çekjek suratlarym, olaryň öňkülerimden has üýtgeşik boljakdyklary hakdaky oýlar bolsa meniň aňymda üznüksiz gaýtalanyp duran, goşawuç göwrümli süňkden gapyrjagyň içine ebedilik gabalan bendiwan ruh hakynda pikirleri dyr-pytrak edip taşladylar. Şol pursatda-da niredendir bir ýerden Gurbannazar şahyryň “kynçylyk ýok, ejizlik bar dünýäde” diýen sözleri hakydama geldi. Men edil gark bolup barýanyň sypala ýapyşyşy bu sözlere ýapyşdym. Mejalsyz ýatan ellerim bilen däl-de, dişlerim bilen, tutuş durky-düýrmegim bilen ýapyşdym. Amannazar aganyň derdimi sungat bilen ýeňmek hakynda aýdan sözlerini bolsa Gurbannazar şahyryň şol jadyly jümlesi bilen gatyp-garyşdyryp, aňymda müňlerçe gezek gaýtaladym.

Şol gün agşam men öňküm ýaly alasarmyk uka gidenimde-de, düýşümde at çapýan ýigdi däl-de, edil öz gözlerim bilen huşdaky ýaly aýdyň hem anyk ýagdaýda, uçut gaýanyň üstünde ýalňyz ösüp duran agajy gördüm. Suwsuzlykdan ýaňa onuň gabygy darka-darka ýarylypdy, selçeň ýapraklary bolsa meniň umytsyz gözýaşlarym ýaly bolup, käte bir gaýyp ýere gaçýardylar. Harasat-gaýlar onuň şahalaryny omur-jomur edipdiler. Boýy hem düzlükde ösýän agaçlara garanyňda juda pesdi. Emma şonda-da onuň sütüniniň aşaklary ýogyndy. Damar-damar kökleri bilen garry gaýanyň polat kerki ötmeýän daşlaryny pytradyp, gaý-tupanlara döz gelip, tenha özi ösüp oturan agajyň şekilinde nähilidir birhili, hiç zatdan gaýtmajak, yza tesmejek, namartlamajak-naçarlamajak, epilmejek-döwülmejek ýanbermezlik bardy. Asla, ýyllaryň dowamynda gowgaly jahanyň ähli apatlaryna garşy göreşe-göreşe ol agaç, ýanbermezligiň hut özüne öwrülip giden ýalydy. Ol göýä, bulam-bujar şahalaryny belentligiň çar tarapdan öwüsýän ýellerine galgadyp, hiç kimden haraý islemän, delalat dilemän, kömek-goldaw hantama bolman, buýsançly ösüp oturşy bilen: “Näçe sürünseňiz sürnüberiň, sizden gaýdan namart bolsun!” diýip, jümle-jahanyň ähli bela-beterlerine hemle urýana çalym edýärdi…

Ertesi gün oýananymda men nähilidir bir üýtgeşik ruhubelentlikden dolup oýandym. Goşawuç göwrümli süňkden gapyrjagyň bendisi hakynda pikirler hem aňyma gelmedi, gözlerimiň çetinden biygtyýar damjalar hem dökülmedi. Olaryň deregine “kynçylyk ýok, ejizlik bar dünýäde” diýen jümle bilen, halypamyň derdimi sungat bilen ýeňmek baradaky pikiri göwnümde aýdym-saz bolup ýaňlanyp durdy. Özümi bolsa şol pursat men, edil üstüne ýeller, gaýa, teşnelik, gaý-tupanlar sürünse-de, hiç bir zadyň öňünde ýan bermeýän, ýalňyz agaç ýaly ýanbermez duýýardym. Bu duýgy hem meniň göwnüçökgünlikden ýaňa aglap-aglap ysgyndan düşen köňlümi heýjana getirýärdi.

Şol gün mende ýaşaýşa bolan höwes oýandy. Ýaşasym, sagalasym gelip başlady. Iň esasysy hem, mende kalbymda dörän şol ýalňyz agajyň şekilini çekip, adamlara hakyky ýanbermezligiň nämedigini görkezmegiň başga hiç zat bilen gandyryp bolmajak, çensiz-çaksyz teşneligi döredi. Men sagalmalydym. Hökman sagalmalydym. Şol ýalňyz agajy – hakyky ýanbermezligiň keşbini adamlara görkezmegiň hatyrasyna sagalmalydym. Çünki Hak Perwerdigäriň döreden ýagty jahanynda kynçylyk ýokdy, ejizlik bardy, derdimi hem sungat bilen ýeňmelidim.

Şol günden başlabam meniň pikirlerimiň akymy düýpgöter üýtgedi. Men aňymda özüm üçin ýörite gün tertibini düzdüm. Şol tertibe laýyklykda, men günüň belli-belli wagtlarynda ukym tutmasa-da özümi uklamaga mejbur edýärdim. Belli bir wagtda oýanýardym we esli wagtlap özümiň giň sährada ylgaýanymy, maşk edýänimi, dişiňi döwüp gelýän buz ýaly çeşme suwuna ýuwunýanymy, at çapýanymy göz öňüme getirip ýatýardym. Soňra özüme zor salyp, iň bolmanda ellerimiň ýekeje barmagyny gymyldatmaga dyrjaşýardym. Mejalsyz şalkyldap ýatan ellerimiň bardygyny duýmasam-da, olar meniň özümiňki däl ýaly, meniň ähli erkimi, ruhy dyrjaşmalarymy piňine alman, gymyldy-hereketsiz ýatsalar-da men barybir olary gymyldatmaga çytraşyp ýatýardym. Halys ýadanymdan soň bolsa, hyýalymda surat tagtamy, reňklerimi, çotgalarymy göz öňüme getirýärdim-de, şol ýalňyz agajyň ýa-da at çapyp barýan ýigdekçäniň suratyny çekip başlaýardym.

Men ol suratlary hyýalymda birnäçe günläp çekýärdim, barça ukybymy çugdamlap, ol suratlaryň her bir çyzygyny sünnäläp taraşlaýardym, her bir reňkini saýlap-seçýärdim. Haçan-da çekip bolanymdan soň bolsa ol suratlaryň hyýaly kagyzyny ýyrtýardym-da, ýene-de täzeden, has kämilleşdirip çekip ugraýardym.

Her gün hyýalymda surat çekip ýadanymdan soň men erkimi bir ýere jemläp ýene-de, iň bolmanda birje barmagymy, ýekeje sapar gymyldatmaga dyrjaşýardym. Ejemiň, doganlarymyň kiçijek çemçe bilen agzyma guýýan suwujak naharlaryny hem men öňküm ýaly islemezlik bilen ýuwutman, işdämen iýmäge çalyşýardym. Kä günler bolsa gözlerimi gyrpyldadyp, gözlerim bilen jamdyr-çemçä ümläp, özüme ýene-de nahar bermeklerini hem haýyş edýärdim.

Günler bolsa geçip durdylar. Düýşümde şol ýalňyz agajy görenimden soň takmynan ýarym ýyl geçiberende, günlerde bir gün ejem maňa suw içirip durka men düwündim, şol wagtam nähili bolandygyny özüm duýmaga-da ýetişmänkäm, çep elimiň süýem barmagy biygtyýar gymyldap gitdi…

…Şondan kän soň, ellerime arkaýyn erk edip, özbaşyma oturyp başlanymdan soň bolsa men ilki bilen garry gaýanyň çür depesinde ýalňyz özi ösüp oturan agajyň suratyny çekdim. Ýanbermezligiň suratyny…


*****
Şeýle diýdi-de Döwran uludan demini alyp, sözüne dyngy berdi. Emaý bilen käsesini alyp, owurtlady:

-Içiňsene, Jennet, çaýyňyz buz bolandyr ahyry!

Döwranyň gürrüňiniň täsirinden çykyp bilmän doňňara-daşa öwrülip galan Jennet allaniçigsi bolup, tisginip gitdi-de:

-Häh! Hä, hawa, men häzir!-diýip çaýly käsesine ýapyşdy. Emma ony agzyna ýetirse-de owurtlaman yzyna goýdy:

-Döwran, ilki…umuman sagalanyňyzdan soň ilki bilen at çapyp barýan ýigdekçäni, “Bagty” çekmediňizmi?

-Ýok, “Bagty” men ýaňy-ýakynda, hemme suratlarymyň soňundan çekdim…

Jennet näme diýjegini bilmän dymdy. Olaryň arasyna oňaýsyz dymyşlyk aralaşdy. Birdenem hälden bäri dilini gijedip duran sorag Jennediň ýadyna düşdi:

-Döwran, siz meni bagyşlaň, umuman bu soragyň biziň söhbetdeşligimize dahyly hem ýok diýseň boljak welin, siz aýtsaňyzlaň, ýalňyz agajy, “Ýanbermezligi” hyýalyňyzda näçe wagtlap çekdiňiz?!

-Bäş ýyllap.

-Bäş ýyllap!!!

Jennet nädip içini çekenini özem duýman galdy. Onuň gözüniň öňünde otagyň bir künjünde gözlerini üçege dikip, gymyldy-hereketsiz ýatan ýigit janlandy. Şol pillede Döwranyň: “…Urunmaga eliň-aýagyň ýok, gygyrmaga-da diliň…Gije-gündiz şol bir goşawuç göwrümli süňkden gapyrjagyň içinde…Bir gün däl, bir hepde, bir aý, bir ýyl däl, süýnmek sakgyç ýaly süýnüp, geçmän geçýän tükeniksiz günler, üznüksiz hepdeler, sansyz aýlar, şol bir goşawuç göwrümli süňkden gapyrjagyň içinde…” diýen sözleri gulagynda ýaňlanyp giden ýaly boldy. Jennet depesinden gaýnag suw guýlan ýaly tisginip gitdi. Ol: “Daş edewersin-eý! Alla jan görkezmäwersin!” diýip içinden pyşyrdanyny duýman galdy.

Jennet göwnüne aralaşan galagoplugy gizlemek üçin aşak bakanda ses ýazýan enjamynyň hälden bäri işläp durandygyna gözi düşdi:

-Wiý, huşum gursun, muny öçürmändirin ekenim ahyry! Hälden boş işläp durupdyr.

Jennet enjamy öçürmekçi bolup eline aldy. Emma:

-Duruň, Jennet öçürmäň, men dowam edibereýin. Tizräk söhbetdeşligimizi tamamlamasak, dälizde sergä gelenleriň hem meni gözlemegi mümkin-diýip Döwran ony saklady.

-Bolýar, onda başlaberiň!-diýip Jennet ses ýazýan enjamyny öňki ýerinde goýdy.

Käsesindäki çaýy sarkyran Döwran bolsa ýene-de çaý guýundy-da, öňki hörpünde gyssanman söze başlady.
*****
…Söýgüniň hakyky keşbiniň nähilidigini bilýärsiňizmi?!


Yüklə 1,67 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   16   17   18   19   20   21   22   23   24




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin