Bäsdeşler
...Serhet birikmesiniň täze gurlan sport toplumynyň içi esgerlerden, serkerdelerden hyryn-dykyndy. Hemmeleriň gözi hem sport toplumynyň merkezindäki daşyna dört sany galyň ýüpden germew aýlanan göreş meýdançasyndady. Bu gün serhet birikmesiniň içindäki sportuň dürli ugurlary boýunça ýaryşyň üçünji – esasy günüdi. Sebäbi bu gün deslapky göreşlerde ýeňip, birikmäniň esgerleriniň arasynda kikboksing boýunça ýaryşyň ahyrky tapgyryna gatnaşmak mümkinçiligini gazanan iki esgeriň haýsynyň ýeňiji hökmünde serhet birikmesiniň abraýyny Döwlet serhet gullugynyň ähli birikmeleriniň we bölümleriniň ýeňijileriniň gatnaşmagynda geçirilýän ýurt möçberindäki ýaryşda goramalydygy kesgitlenýärdi.
Eminiň garşydaşlary göreş meýdançasyna çagyrmagyna juda ujypsyz wagt galypdy. Geýim çalşyrylýan otagda endamyny sowatmazlyk üçin ellerini-aýaklaryny silkeleşdirip ýören Merdan uly-uludan demine alyp, rahatlanmaga dyrjaşýardy. Dogrusy ol juda tolgunýardy. On ýaşyndan bäri ýokary tejribeli halypadan tälim alan Merdan üçin deslapky göreşlerde tejribesiz garşydaşlaryny ýeňmek beýle bir kyn düşmändi. Çünki möhletleýin harby gulluga geleninden bäri sport bölüminde gulluk edýändigi zerarly geçen bir ýylynyň dowamynda-da ol türgenleşiklerini arasyny ýeke gün hem kesmändi. Şonuň üçinem onuň taýýarlygy, çalasynlygy, zarbalarynyň kuwwatlylygy, göreş usullarynyň-tärleriniň gözeilmez tizligi has-da ýokarlanypdy.
Ýöne ol geçen iki günüň dowamynda özüniň häzirki garşydaşy – serhet galalarynyň ätiýaçlygy bölüminiň seržanty, ýene-de dört-bäş aýdan harby gullugynyň möhleti tamamlanýan Annamerediň geçiren deslapky göreşlerini hem görüpdi. Görmäge göz gerekdi. Onda-da tejribeli pälwanyň gözi. Suwulgan ýaly sypjyklyk bilen garşydaşlarynyň ýeke zarbasynyň hem nyşana degmegine mümkinçilik bermeýän pälwan ýigit göreş meýdançasynda kebelek bolup gaýmalaýardy. Iň agyr – 91 kg agramdan ýokarda çykyş edýär diýmersiň. Edil “ýelek agramly” diýilýän pälwanlar ýaly çalasyn hereket edýärdi. Garşydaşyny göreş meýdançasynyň içinde pyrlap-pyrlap, enter-pelegini çöwürýärdi-de, birdenem özüniň tutuş aýy agramy bilen hüjüme geçýärdi. Özünden gaçylýandygyna köhi gelip, kikboksingiň iň esasy ýörelgesi bolan ätiýaçlygy unudan, heniz nijeme göreşlerde bişişip ýetişmedik gögele pälwanyň üstüne üç-dört sany bişen kerpiji birbada pytradýan zarbalaryň tapgyry dumly-duşdan ýagyp başlaýardy. Göz açyp-ýumasy salym geçip-geçmänkä-de ussat pälwanyň sungatynyň pidasy bolan gögele, gullukdaşlaryndan müýnli gözlerini gizlemäge çytraşyp, ýüzüni sallap göreş meýdançasyndan çykyp gidýärdi.
-Ussada ussat diýmeli. Heniz beýle tejribeli pälwan bilen iş salşyp görmändim-diýip Merdan içki tolgunjyny nädip daşyna çykaranyny hem duýman galdy. Bada-badam özi-de duýman pyşyrdysynyň dowamyny içinden oýlandy: “Masgara bolaýmasam ýagşydyr-ow!” Ol gezmeläp ýörşüne otagyň diwaryna ýelmenen adam boýy aýnanyň öňünde togtady. Närazylyk bilen öz şekiline birlaý göz aýlady. Aýnadan oňa gujurly gollary, baldyrlary çykyn-çykyn bolup duran, döşleri gapak ýaly, daýaw pälwansypat, bugdaýreňk ýigit parahatlyk bilen garaýardy. Emma siňe seretseň onuň keşbiniň göýä hiç bir zadyň öňünde sarsmajaga-mizemejege çalym edýän parahatlygynyň aňyrsynda ysgynsyzja howsalanyň, özüne ynamsyzlygyň ýumşak ýere düşen ýagyş gurçugy deýin gowuşgynsyzja gymyldap durandygy bildirýärdi.
Merdanyň öz tolgunjyna, mejalsyz howsalasyna gahary geldi.
“Ýeri güýçli bolsa bolupdyr-da! Gaty gitse ýeňer-dä! Ýaryşyň manysy hem güýçliniň gowşakdan üstün çykmagy ahyry! Näme şu wagta çenli ýanyň ýere degmändigi üçin özüňi Göroglynyň “berekallasyna” begenip, sähel salymda ýetmiş iki pälwany ýanbaşyndan agdaryp goýberýän ýeňilmezek Galandardyryn öýdäýdiňmi?! “Düýeden uly pil bar” diýipdirler. Ahyry bir gün senem ýeňen tapylmaly bolar ahbetin. Ýykylsaň ýer göterýär. Ýeňilseň mundan beýläk türgenleşiklere has beter durkuň-düýrmegiň bilen berilmeli bolarsyň…” diýip serhetçi ýigit özüne gyjalat gatyşykly göwünlik berip çuslanmaga başlady.
Şol pille-de näme üçindir serhet birikmesiniň maliýe bölüminde işleýän esger gyz Jahanyň mähirli keşbi onuň hyýalynda janlandy. Näzenin gyz her gün irden serhet birikmesiniň derwezesinden girip, esgerleriň maşk edip ýören türgenleşik meýdançasynyň deňesinden işleýän ýeri bolan birikmäniň dolandyryş binasyna geçip gidende Merdan onuň yzyndan garap aňk bolup galýardy. Gardan ak alkymy, hemişe gülgüne öwsüp duran, dähedem-dessemläp barşyna haýsydyr bir pikirine bildirer-bildirmez gülümsirände bir enaýy çukanajyklar emele gelýän ýaňaklary, gyrmyzy reňkiň goýusyna gaýra dur diýdirýän pisse dodaklary, keman gaşlaryň, peýkam kirpikleriň goragynyň astynda garan ýerini eredip barýan, ýürek gopduryjy bakyşly maral gözler… Endamyna şapylaşyp duran harby geýimi bolsa kady-kamatyna has-da gelşik berýär… Ýarym ýyl bäri daşyndan synlap, guwanyp-doýup bilmän ýörse-de, gijeler düýşünde bolaýmasa ýeke saparam kelam agyz gepleşip görmedik näzenininiň gül jemalyny göz öňüne getirende juwan ýigdiň hyjuwly bedenine ýeňiljek, juda süýji galpyldy indi. Birhili süňňi gowşap gitdi.
-Göreş meýdançasyna serhet galalarynyň ätiýaçlyk bölüminiň seržanty Annameret Batyrow we sport bölüminiň esgeri Merdan Agaýew çagyrylýar!
Eminiň ses güýçlendirijilerden çykan çakylygy Merdanyň depesinden ýekedaban bilen urlan ýaly, tutuş süňňüni sarsdyrdy.
-Owf, başlady-ow! Indi Jahanyň gözüniň öňünde ýepbeklenäýsem, tüýs bolaýjak! Owalam-a ondan umydym üzükdi welin, şondan soň-a asyl gören ýerinde seňrigini ýygryp geçer...-diýip Merdan burnuna siňdirip, eşidiler-eşidilmez hümürdedi-de, göreş meýdançasyna tarap ugrady.
Garşydaşlaryň ikisi hem göreş meýdançasyna bir pursatda diýen ýaly bardylar. Kömekçisi bolan gullukdaş esgeri göreş meýdançasynyň daşyndaky ýüpleriň üçüsini aşak basyp, birini ýokaryk galdyryp, Merdana ýol açdy. Ol eglip meýdançanyň içine girmekçi bolanda birdenkä, tomaşaçylaryň öň hatarynda serhet birikmesiniň dolandyryş düzüminde işleýän beýleki zenanlaryň arasyndan özüne garşy dikanlap garaýan goşa garamyk bilen nazary çaknyşdy. Onuň ini tikenekläp gitdi. Ýaňy bir, dem salymdan başlajak göreşe taýýarlanyp gyzyp, gatap ugran bedeni goram-gowşak boldy. “Bolaýdy öýdýän! Häzir bu goşa garamygyň öňünde masgara bolaryn!” diýen pikir aňynda ýylpyldanda pälwan ýigdiň ýüregi gysyp gitdi. Onda-da ol kömekçisine syr bildirmejek bolup, çalasynlyk bilen göreş meýdançasynyň içine girdi-de öz künjüne bardy.
“Boldy! Başlamankam ýeňildim! Hemmesine-de şol goşa ýyldyza çalym edýän garamyklaryň garaýşy günäkär” diýip oýlanan Merdanyň öz-özüne, Jahana, daş-töweregindäki adamlara, Annamerede, umuman ýagty jahanyň ähli zadyna gahary gelip ugrady. “Ýeri näme üçin sen şu birikmä işe geldiň diýsene?! Asla men näme üçin seni gördüm ahyry?!” diýip içinden gahar-gazap gatyşykly umytsyzlyk bilen oýlanan Merdan emin hökmünde çykyş edýän serkerdäniň yşaraty boýunça onuň ýanyna – göreş meýdançasynyň merkezine bardy. Emin ilki Merdanyň, soňra bolsa Annamerediň elliklerini, geýimlerini barlaşdyrdy. Soňra garşydaşlar biri-birine gaýyş elliklerini degrip salamlaşdylar. Şonda Merdan ilkinji göreşinden bäri tälimçisiniň tabşyrygyna eýerip, endik edinen edäheti bilen garşydaşynyň garaçygyna dikildi. Annamerediň gözlerinde parahat äwmezlik polatdan guýlana kybapdaş aýgytlylyk bilen gatyşyp-garyşyp gidýärdi.
“Ine pälwanyň nazary diýip şuňa diýerler. Onuň kellesinde seniňki ýaly bolar-bolgusyz ham-hyýallar, paşmajak arzuwlar, gorjalan ary öýjügi kimin hyň berip durmaýar. Häzir göreşiň ilkinji tapgyrynda serpmeden gaýdan ýaly edip goýberer welin, ähli pikirjikleriň edil laýyjak barmaly ýerine barar duruberer. Saňa geregi hem şol!”
Merdan pikirlerini tamamlamaga ýetişmedi.
-Boks!-diýen söz bilen birlikde yzly-yzyna özüne salganan iki ýumruk bilen bir wagtda aýaklaryna badak atmak üçin aşakdan galgan aýak Merdany pikir ummanyndan sogrup, göreş meýdançasynyň merkezine taşlady. Ol garşydaşynyň zarbalarynyň tapgyryny hatda görmäge-de ýetişmedi. Ýöne çagalykdan bäri on ýylyň dowamynda türgenleşiklerden türgenleşiklere, göreşlerden-göreşlere endik etdirilen bedeni Merdanyň aňyna dahylsyz hereket etdi. Gündeki surnukdyryjy türgenleşiklerde ýonulyp-sünnälenip gözeilmez çaltlyga garşy gözeilmez çaltlygy goýmaklyk öwredilen gollar we aýaklar Annamerediň zarbalaryny yzyna serpikdirdiler-de, howply ýakynlyga gelen garşydaşdan daşlaşmak üçin bir-iki ädim yza çekildiler.
Bada-bat özüne gelip, durky-düýrmegi bilen islendik zarba zarba bilen jogap bermäge taýýar bolup, dartylyp duran kirşe dönen Merdan ilki bilen garşydaşynyň ýüzüne garady. Onuň gözleri göýä: “Berekella! Özümiziňkilerden ekeniň-ow!” diýýän ýaly garşydaşyna bolan hormat-sylag bilen gülümsireýärdiler. “A sen nämedir öýtdüň?! Ilkinji pursatda düňderip goýberäýerin diýip pikir etdiňmi?!” diýip öz-özünden kanagatlanma bilen oýlanan Merdan has hem çuslandy.
Şondan soň Merdan göreşden hem garşydaşyndan galan ähli zady unutdy. Jahan hem, Annamerediň özüne garanyňda has çalasyndygy hakynda oýlanmalar hem ýadyndan çykdy. Aňynda diňe göreşiň ähli usullaryny ýerbe-ýer tertipli ulanmak hakynda hasaplamalar galdy.
“Çepbekeý ekeni! Çepiniň urgusy hem juda güýçli. Iň howply ýagdaý. Juda seresap bolmaly. Şol elini oslagsyz ulanýar” diýip garşydaşynyň nobatdaky zarbasy degen böwrüniň agyrysyna diň salan Merdan pikir öwürdi-de, hüjüm etmäge imrigip, hüjümiň hatyrasyna goranmagy sähel wagtlyk ýadyndan çykaran Annamerediň üstüne el we aýak urgularynyň tutuş tapgyryny ýagdyrdy. Emma ýeke pursatda hüjümden goranyşa geçip, zarbalaryň ählisini yzyna serpikdirmegiň hötdesinden gelen Annameret ýene-de hüjüme geçdi. Sagyndan, solundan, endamynyň goranyşdan açyk ýerlerine, aýaklaryna edilýän hüjümden goranmaga zordan ýetişýän Merdanda özüni gaýgyrman ýepbekleýän garşydaşyna bolan hormat, öz gowşaklygyna bolsa içiýangynlylyk barha artýardy.
“Gör-ä muny ediberşini! Ýumruklary dagy degen ýerini goparyp gelýär! Özem edil suwulgan ýaly sypjyk, maýmyn ýaly çalasyn. Eliňi bir salgaýançaň iki salgaýar! Zarbalaryň biri nyşana degse onusy pys geçýär… Ýeri indi munuň bilen näme etmeli? Ýa şeýdip ýeňläýmeli bolarmyka? Ol hem şol goşa garamygyň öňünde…”
Bu pikirden ýaňa Merdanyň ýüregi jigläp gitdi. Annamerediň arasy üzülmeýän hüjümi zerarly ýapyk goranyşa geçip, barha çüňke gysylyp barýan Merdan özüni göreş meýdançasyndan gözlerini gizläp, ezilen towuk ýaly müzzerlip çykyp barýan halda göz öňüne getirende, haýykdy. Eýýäm şeýle hala düşen dek, içinden ýygryldy.
“Ýok-la, beýle zada ýol berip bolmaz!”
Ol özüni ýepbeklemeklige başagaý bolup biraz seresaplylygy elden beren Annamerede garşy aldaw urgusy bilen aýagyny salgady. Garşydaşynyň duýdansyzlykdan ýaňa pirimine aldanyp, düýrmegi bilen şol urgudan goranmaga çalşandygyndan peýdalanyp hem elleri bilen yzly-yzyna onuň böwrüne suňşurdy. Annameret böwrüni onuň zarbalaryndan goramak üçin elleriniň goragyny biraz aşak düşürende bolsa Merdan ýumrugy bilen onuň äňiniň aşak ýanyndan galdyryp goýberdi. Emma Annameret oslagsyz urgy zerarly yza serpigip gitse-de, Merdanyň taýýarlyksyz urgusy gowşak boldumy nämemi, seňselemedi. Ýöne ol hüjüm etmesini bes edip, mazaly özüni dürsemek üçin goranyşa geçdi. Olar göreş meýdançasynda pyrlanyp başladylar.
“Hawa, gysga wagtlyk onuň hüjümleriniň öňüni aldym. Indi ol has seresaply hereket eder. Men näme etmeli?!” diýip ýetişibildiginden oýlanýan Merdan iň bolmanda göreşi deň hasap bilen tamamlamak üçin çykalga agtarýardy. Tejribeli pälwan bolandygy zerarly ýaňkyja üstünliginden Merdanyň başy aýlanmaýardy. Bu tötänlikdi. Beýle tötänlik hatda aňrybaşy ussat pälwanlary-da serpmeden gaýdan ýaly edip bilýärdi. Ol Annamerediň sähel salymdan özüni dürsäp gaýtadan hüjüme geçjegine-de, onuň özüne garanyňda has güýçli, has çakgandygyna-da, eger-de işjeň göreşi dowam etdirse onuň özüni ahyry maýyna salyp, ýekeje esasy urgy bilen huşundan gidirip biljekdigine-de düşünýärdi. “Onda näme etmeli?! Göreşiň dört tapgyry gutarýança meýdançanyň içinde ondan gaçyp gezmelimi? Ol beýle herekete-de ýol bermez! Sebäbi ol iki esse dagy çalasyn. Bir bökýänçäň iki bökýär. Gaçyp goranmak usulyny saýlap alsaň gaýta bahym yzyňdan ýetdiräýmeseň… Onda nätmeli?”
Birdenem Merdanyň aňynda ýyldyrym çakan ýaly bolup gitdi. Halypasynyň öwran-öwran gaýtalaýan sözleri hakydasyna geldi: “Garşydaşyňyzy äsgermezlik etmäň, oňa gaharlanmaň, ony ýigrenmäň. Hatda oňa ýöne bir hormat goýmak bilen hem çäklenmäň! Ony söýüň! Tutuş durkuňyz-düýrmegiňiz bilen, edil özüňizi, iň ýakyn adamyňyzy söýşüňiz ýaly söýüň! Onuň her bir hereketini sypdyrman synlaň! Özüňize siňdiriň. Ekiz taýlar biri-biriniň agyry-ynjysyny hem, pikirlerini hem hatda uzak aralyklardan-da duýýarlar diýilýär. Sizem garşydaşyňyzyň ekiz taýyna öwrüliň! Onuň her bir hereketini, her bir duýgusyny syzyň, pikirlerini okaň, indiki ulanjak göreş usullaryny öňünden kesgitläň…Garşydaş güýçli bolanda ony diňe şeýle edip ýeňip bolar”
Merdanyň göwrümi giňäp gitdi. “Hakykatdan hem men hälden bäri ýalňyş hereket edip gelipdirin. Men Annamerede, onuň hereketlerine düşünmedim, düşünmek hem islemedim. Indi bolsa başgaça hereket etmeli! Ol häzir näme eder? Elbetde demine dürsäp bolar-da hüjüm edip başlar. Onuň nähili ýetmezçiligi bar?! Beden gurluşynda, çalasynlygynda, göreş sungatynda, güýç-kuwwatynda hiç-hili çirk ýok. Ähli zatda ol menden üstün. Ýöne ol häsiýeti boýunça juda gyzma. Hüjüm edip başlasa saklanmagy bilmeýär. Ýaňy hem şonuň üçin ýalňyşdy. Elbetde onuň ýaňky howply urguny goýbermegi ýönekeý bir tötänlik. Ýöne ol ganygyzmalygy zerarly şol tötänligiň emele gelmegine mümkinçilik döredýär. Onda nähili hereket etmeli?! Ony ýene-de hüjüme imrikdirmeli, seresaplylygy elden bermäge mejbur etmeli. Elbetde ol güýçli pälwan, atyny oka berip, ýeke esasy zarbanyň astyna düşmez, soňky pursatda-da bolsa, ýaňkysy ýaly eýdip-beýdip goranmaga ýetişer. Ýöne iki-üç gezek şonuň ýaly urgulary sypdyrsa ony hasabyň umumy möçberi boýunça ýeňmäge, iň bolmanda ýaryşy deňme-deň tamamlamaga mümkinçilik bar… Ýöne elbetde ony gyzdyrmak üçin onuň kötegini iýip ýörmek kyn-a bolar welin, onda-da nätjek-dä, çydamaly bolar-da… Pyragy atamyzyň aýdyşy ýaly: “Hile hem batyrlykdyr ýerinde, ony başarmaga…”
Merdan pikiriniň soňuna nokat goýmaga ýetişmedi. Ýumruklaryny kelemenledip, ýeldegirmene aýak biten ýaly bolup, üstüne sürnüp gelýän Annamerediň öňünden zordanjyk sowlup ýetişdi-de, endikli hereket bilen onuň sag dulugyna suňşuryp goýberdi. Mazaly gönelip ýetişmänkä-de urga myzaýyk etmedik garşydaşynyň ýene-de üstüne sürnüp gelýändigini gördi. “Eý Allam, bu adamyň ýasalyşy nämedenkä?” diýip göwnaçyk oýlanan Merdan ýapyk goranyşa geçdi.
Şondan soňra biri-birine hormat goýýan garşydaşlaryň arasynda göreşiň sungatynyň surnukdyryjy bäşdeşligi başlandy. Polatdan guýlana çalymdaş, derden ýaňa lowurdap duran bedenleriň, göreşiň türgenleşiklerde taplanan inçe tilsimleriniň, pälwanlaryň her pursatda islendik zarba zarba, tilsime tilsim bilen jogap bermegi oýlap tapýan aňlarynyň bäsdeşligi…
…Göreşiň tamamlanandygyny yglan eden depregiň zaňy ýaňlananda pälwanlaryň ikisi hem özleriniň neneňsi ýadandyklaryny bilip galdylar. Olar zordan aýak üstünde durdylar. Şonuň üçin hem olar demi-demine ýetmän “haş-haşlap” duruşlaryna göreş meýdançasyndaky emin ikisiniň hem elini ýokary göterip:
-Hasap deňme-deň gutardy. Pälwanlaryň ikisi hem ýeňiji diýlip yglan edilýär-diýende lüti süýnen Merdan ýadawlykdan ýaňa bildirer-bildirmez çaýkanyp gitdi.
-Garşydaşlar, biri-biriňiziň eliňizi gysyň!-diýip emin olaryň arasyndan bir ädim yza tesdi. Annameret ýylgyryp Merdanyň elini gysdy-da, birdenem ony garsa gujaklady:
-Göreş üçin sag bol, gardaş! Haçandan bäri beýle lezzet almandym!-diýip Annameret pyşyrdanda, Merdan hem:
-Senem sag bol! Menem şeýle!-diýip jogap berdi.
Ony gujaklap durşuna Annameret ýene-de bir zatlar diýdi. Emma Merdan onuň diýýänlerine düşünmedi. Bu mahal onuň küýi-köçesi tomaşaçylaryň ilkinji hatarynda oturan zenanlaryň arasyndady. Maňlaýyndan syrygan der sebäpli oturanlaryň ýüzlerini düzüwli saýgaryp bilmeýän ýigit olaryň arasyndan ýürek gopduryjy maral gözleri agtarýardy. Birdenem pälwan ýigit ýitigini tapdy. Göz-göze sataşanda onuň kükreginde ýakymly alas-gopaslyk peýda boldy. Merdanyň göwnüne bolmasa näzeniniň mähirden püre-pür gözleri ýumşak gülümsireme bilen oňa geljekde nämedir bir zatlary, nähilidir bir juda-juda ajaýyp hem pynhan zatlary wada berýän ýalydy.
Razylaşmak
Ogulbossan eje giň howlynyň bir çetindäki uly sekiniň üstünde otyrdy. Ol çuň oýa batyp oturşyna daş-töwereginde oýna gyzygyp, pelesaň kakýan agtyklarynyň jagyl-jugulyna üns bermeýärdi. “Beh, ol, Hallygözel goňşy näme diýdi-ä?! “Işigaýdan Mälik jalataý iki gün bäri sogrulyp bilmän, kösenip ýatyr” diýäýdimi. Işigaýdany il-günüň öňündäki ýazyklary ol dünýä goýberýän däldir.”
Içini hümledip oturan Ogulbossan ejäniň ýene-de gahary gelip başlady. Özüne her näçe basalyk berjek bolsa-da, kyrk ýyl mundan ozal, günde-günaşa lül-gammar bolup, degene-de degip, degmedigi-de degip göz-gülban halda, ile ot ýakdyrman ýören Mälik jalataýyň gapysyndan gelip, ýoknasyzyny atyşy hakydasyna gelende, ýene-de ot bolup ýandy, uçgun bolup syçrady. Ýetmişi ýeňsesine atan görgüli gaharyny getirse ýene-de gan basyşynyň göterilip başagaý etmeginiň juda ahmaldygy ýadyna düşüp dursa-da, öte sylaýan bir garry görgülisiniň gözýaşlaryna dözmän kasasyny kyýamata goýandygy zerarly kalbynda gemre baglap galan wakany ýatlaman bilmedi. Edil şu pursatda başdan geçirýän ýaly, bu günki gün bäş howly beýle ýanyndaky öýüň içinde ýagty ýalançy bilen algy-bergisini üzlüşip bilmän, ezýet çekip ýatan Mälik jalataýyň şol wagtky bolup oturyşy gözüniň öňünde janlandy…
Alys dag ýollarynyň birinde, gije uklap, ulagy bilen gaýadan uçan ýanýoldaşy neressäniň ýaňy ýylyny sowupdy. Otuz ýaşynda, tüýs “men” diýen wagty höwürsiz-arkadagsyz galyp, “eje, kakama näme boldy?” diýip sözsüz soraýan üç sany oglanjygyň we iki sany garaja gulpakly gyzjagazyň mön gözleriniň garaýyşynyň öňünde müzzerilmejek bolup, soňkuja zenan gaýratyny jemläp, çyr-çytyr dyrjaşýan döwürleridi. Gündiz-ä bäş jübüt garaja, goňurja, mawyja gözleri ruhlandyrjak bolup, başyndaky ýas başatgyjy bilen bilelikde baýdak kimin pasyrdaýardy. Gijelerine-de höwrüniň mähriban ysy kükäp duran ýassygyny bagryna basyp, ony gözýaşyna ezip çirim etmän daňyny atyrýardy… Ýene-de Hudaýa şükür, dogan-garyndaş bar. Il-gün gowy. Ýalňyz goýmaýardylar. Ýanýoldaşy neressäniň dört dogany dagy her gün işden gaýdyşlaryna öz çagalaryny görmän, ilki bilen gelip, bäş sany neressejigi bagyrlaryna basýardylar. Ogulbossan üçinem göwni bir zat küýsese olara diýmek gerek däldi. Gaşyny galdyran badyna düşünýärdiler. Agalarynyň hatyrasyny mukaddesligiňem mukaddesligi saýyp, “gelneje, gelneje” diýşip daşyndan pyrlanýan döw ýaly pyýadalar, gideniň yzynda galanlaryň derdine derman boljak diýseň, ýetmiş ýedi ülkäni söküp, segsen sekiz derýadan geçip, hatda gara başlaryny hem söwdasyz terezä mündürip, islendik genji-hazynany tapyp getirmäge taýýardylar. Emma ol zatlaryň barysy, jahanyň ýüzünde sopbaş galana dönüp, diňe çagalary üçin jansyz jeset kimin gymyldamagyny dowam edýän gelniň ýaraly göwnüne çala teselli berýärdi. Geçmejege dönen şol günleriň birinde-de gün ýaşyp barýarka, gözlerini çym-gyzyl edip, gädiginden Mälik jalataý göründi. Gele-gelmäne-de agzyny ondak-mundak urup, samahullap başlady. “Aý, ýekeligem hudaýa ýagşydyr” diýdi, “Biziň ýaly gazançly, elli-aýakly ýigit bir-ikini däl, eýsem-de bolsa bäş-onysyny hem ýük görmän, hor etmän saklar” diýdi, “Ilde ýok zat däl, öleniň yzynda ölüp bolmaz, çagalaryň hem aladasy welin, bäş günlük warraý-şarraý ýalançyda öz aladaňy hem etmeli, ötüki” diýip soňabaka has hem mojugyny tapyp ugrady. Ogulbossan şonda ol mysalasy itiň aşagyndan çykana çalym edýän äteňet jalataý zaňňaryň öz öýüniň işiginde pisini aşyryp oturandygyny öz gözleri bilen görýändigine-de, onuň utanç-haýadan ýaňa ýarylyp ölmegiň deregine serhoş dilini bazzyk-buzzuk etdirip, aýdyp duran wejera sözlerini öz gulaklary bilen eşidýändigine-de ynanmady. Haçan-da masgara üflisiň diýýän zatlary aňyna ýetende bolsa tasdanam ýerinden atylyp turup, saçagyň üstünde duran ýalaw ýaly aş pyçagyny özüniň päkize ojagyny masgaralamaga het edýän näletkerdäniň garnyndan geçirýärdi. Hernä, Hudaý diýen ýeri, saçagyň başynda garagöz çagajyklary nahar edinip otyrdylar. Öz etjek bolýan aýylganç işini perişdeden päk neresseleriň görjekdikleri hakyndaky pikir gazap atyna atlanan namysjaň zenanyň elini-aýagyny ýüpsüz baglady. Şonda bir dymdy-da, ilkä çagalaryň serhoş jalataýyň diýýän sözlerine düşünmeýändiklerine şükür etdi. Soňam ýeke agyz: “Git!” diýdi. Öňüni saýgarmaz derejede serhoşam bolsa gelniň eňşäp duran ýüzünden rejäň geň däldigini aňan jalataý ol ýerden bahym garasyny saýlamak bilen boldy.
Ol gidenden soň sähel salym geçip-geçmänkä-de gursagyna zäher atylana dönen Ogulbossan çagalaryna öýde bolmagy tabşyrdy-da, ýanýoldaşy görgüliniň körpe inisiniň öýüne ýöneldi. Ýüregine zäher sepilen görgüliniň matlaby ýagşy ýigdiň ojagyny wejera etmäge milt edip, türkmençilikden çykan näletkerdäniň tepbedini okatmakdy. Emma göni ýola düşmek üçin çatryga ýeteni hem şoldy welin, öňüni Mälik jalataýyň zordan ýöreýän görgüli ejesi gabalady. Pahyr, kellesini titredip, boýnuna erk edip bilmän durşuna, ony gujaklaplar, özelenipler aglady. Ogulbossanyň daşdan çapylana dönen ýüzünden gasyn-gasyn hamy sallanyp duran ellerini ýöredipler, dyzyna çöküpler ýalbardy. “Balam, guzym, dogman geçen dogman geçmiş saňa näme diýendigini aýtdy. Gelin jan, jan balam, balalaryň başyna başym sadaga! Buýsanjyňa gara başym, şirin janym gurban bolsun! Gitme! Baryp aýtdygyň, iýselerem doýmazlar! Türkmeniň häsiýetine näbelet dälsiň, namysyna deglen ýerinde iki dünýäsini hem tekizlejekdigini bilýänsiň! Beýtme guzym! Janyny alanlaryndan çekinmeýärin! Şeýle hereket edendigini il-gün eşitse ýedi pyşdyna çenli näletlär. Gitme balam, aýtma! Ýeke-de bolsa, ýalňyzam bolsa, ölenine gynanmaryn, dogman geçmişiň, balam! Halk onuň bala-çagasyna çenli lagnatylyk tagmasyny basar! Hudaý ýaly bol-da, neberämize rehim eýle, guzym! Puryja ber, ertire çenli özüm elim bilen zäher berip janyny jähenneme ibereýin! Bu işi gaşymy çytman edeýin, guzym! Bir aglaryn, bir goýaryn! Ýöne gitme, guzym! Rehimiň insin, sadagaň bolaýyn, gitme!”
Garry görgüliniň zarynlaýşy demirem bolsaň eretjekdi, daşam bolsaň pytratjakdy. Ogulbossan bolsa demirem däldi, daşam. Ol adamdy. Özi ýaly garabagyryň gözýaşlarynyň üstünden ätläp bilmedi. “Aglama, enesi! Gitmen! Dogry aýdýarsyň, sende-de, onuň çagalarynda-da günä ýok! Senem degme, enesi! Dünýä inderipsiň, goý ýaşasyn! Päk ojagyma kesek atany üçinem onuň bilen Päk Perwerdigäriň özi haklaşsyn-da hernä!” diýdi-de, Ogulbossan yzyna dolandy. Şol günüň ertesi hem Mälik jalataý obadan yzsyz-tozsuz gürüm-jürüm boldy. Onuň sumat bolmagy barada her kim bir zat diýdi. Birleri: “enesi öýünden kowupmyş, “öljek bolanyňda jesediň musulman gonamçylygynda jaýlanar ýaly yzyňa köwlen, ondan bäri garaňy görkezäýme” diýipmiş” diýdiler. Beýlekiler bolsa: “jenaýat edipmiş, şonuň üçinem ýygnalypmyş” diýdiler. Başga birleri bolsa: “bergi baryny edipmiş, algydarlary gyssanlaryndan soňam, olardan gaçyp, gizlenip ýörmüş” diýip öz çaklamalaryny aýtdylar. Mälik jalataýyň bolsa şol gidişi gidişi boldy. Diňe öňňin, goňşusy Hallygözel – uly gelniniň boýdaşy, gelip, oňa Mälik jalataýy soňky deminde öýüne getirendiklerini, getirenleri bäri-de amanadyny tabşyryp bilmän, kösenip ýatandygyny aýdanda Ogulbossan eje onuň henizem aýatda bardygyny bildi. Şondan bäri hem Ogulbossan ejäniň iki jahan owarrasy bolup oda-köze düşüp oturyşydy.
Kalbynyň rehimdar ýarysy-a, görgülä: “Bar, bar, ýokluk bilen barlygyň arasynda seňňi-mugallak deýin hallan atyp, jähennemi bolup ýatmasyn. Yrzalaşyp gaýt!” diýip öwüt berýärdi. Kyrk ýyl geçse-de köne kinesini unutmadyk beýleki ýarysy bolsa: “Degme kösensin! Haram dili bilen salan ýarasyny ömralla göwnüňde göterip gezdiň, indi bolsa goý özüniň bimany ýaşan ömrüniň ähli hunaba-serpaýyny ajalynyň alnynda dahyl bolan Azazyl-al-lagnatydan alsyn! Gitme!” diýip köne derdini gorjap, gižželeýärdi.
Näme etjegini bilmän sermisal bolup galan görgüli, ahbetin göwnüni bire baglap, sekiden turdy-da, hasasyny eline aldy:
-Ýör guzym, ol bedibagt işigaýdany, görüp gaýdaly! Pygamber alaýhssalamymyz “musulman musulmandan üç günden artyk kine saklasa günädir” diýenmiş. Bizem, ballym, Alladan daş düşmäli!-diýip Ogulbossan eje, agtyjaklarynyň ekabyrragyny ýanyna çagyrdy-da, Mälik jalataýlaryň öýüne garşy ugrady. Görgüliniň şol tarapa aýagy ädilmeýärdi. Garrylygyndanam, aýaklaryny zordan alýanyndanam, endam-janynyň agyrýanyndanam däldi. Ogulbossan eje günde-günaşa diýen ýaly, ogullarynyň-agtyklarynyň ýelden ýyndam ulaglaryna mündürjek bolmaklaryna per bermän, özdiýenliligini edip, özüniň henizem daýawlygyna buýsanýan ýaly, köçe söküp, toýa-tomga görünmäge gidýärdi. Ýöne bäş howly beýle ýanlarynda ýerleşýän Mälik jalataýlaryň öýüne tarap welin aýagy çekmeýärdi. Bili bükülen garry görgüli, bir eli bilen agtyjagyny söýget edinip, beýlekisi bilen hasasyna söýenip, zordan mytdyldap barýardy. Bärden baranda-da, Mälik jalataýlaryň howlusynda hümer bolup oturan jemagaty görüp, olaryň arasyndan kimdir biri ýerinden turaga-da: “Gelneje, sen näme geläýdiň?! Yrzalaşma ahyry, bu ýeksurun bilen!” diýäýjek ýaly, kürtdürdi. Ýeke özi, her biri ýüze taý ilogullaryny ýetişdirip, ömrüboýy gara zähmeti bilen abraý gazanan Ogulbossan ejäni gören batlaryna oturanlaryň uludan-kiçä ählisi ýerinden turup salam berdiler. Süňňi zenan haýasyndan eýlenen görgüli, haýdan-haý ak gyňajynyň çowuny ýaşmak edindi-de, berlen salamy aldy. Gabaklaryny aşak sallap, öýe ötdi.
Içki otagyň töründe ýazylan düşegiň üstünde kazasy dolan Mälik jalataý demini sanap ýatyrdy. Onuň janyndan üzülip bilmän kösenýändigi “hyýgyldap” dem alşyndan bildirýärdi. Oňa gözi düşen Ogulbossan ejäniň birhili ýüzüniň terzi üýtgäp gitdi. Keşbiniň üýtgäni garry görgüliniň gasyn-gasyn hamynda hem bildirdi. Emma sanalgysy dolan Mälik jalataýyň daşyny gallap oturanlaryň hiç biri Ogulbossan ejäniň ýagdaýyny aňşyrmady. Oturanlar süýşüşip, oňa soňky deminde ýatanyň başujundan orun berdiler. Ogulbossan eje özüne zor salyp, şol ýere geçip oturdy. Bir pursatda onuň kalby gurruk guýa dönüp, boşap galdy. Ömründe ilkinji gezek durmuşyň ajysyny hem, süýjüsini hem dadan görgüliniň ölüm ýassygynda ýatan adama diýere sözi, aýdara gepi ýokdy. Dogrusy… Mälik jalataýa diýere-aýdara zady kändi. Öňünde demi-demine ýetmän sojap ýatan bilen hasaby hem juda aňyrdandy… Ýöne… Ogulbossan eje dymyp otyrdy. Onuň şol göz açyp-ýumasy salym dowam eden sessizligi hem özi üçin asyra döndi. Bir demde gözüniň öňünden al-asmanda akyp barýan bulutlaryň saýasy ýaly salgym atyp, kyrk ýyl mundan ozalky waka geçip gitdi. Ogulbossan eje gözlerini ýumanda onuň göwnüne bolmasa Mälik jalataýyň ejesi görgüliniň şol gije zarynlap aýdan: “Hudaý ýaly bol-da günäsini geç, guzym!” diýýän sözleri gulagynda ýaňlanyp giden dek boldy. Ogulbossan eje biygtyýar horja elini öňe uzatdy-da, üç gaýra Mäligiň ýüzüniň üstünden ýöredip durşuna:
-Yrza bol, Mälik! Seni Alla bagyşlasyn! Sen, ejiz-günäkär bendesine-de Päk Perwerdigäriň özi ýeňillik bersin-dä, hernä!-diýip pyşyrdady… Şol pille-de Mäligiň ýumuk gözlerinden paýrap gaýdan goşa damjajyk heniz düşegine damyp ýetişmänkä, onuň ýeňillik bilen demi sogruldy… Ogulbossan ejäniň daş-töwereginde oturan adamlar: “Garaşan ekeni-ow, bende!” diýip pyşyrdaşdylar…
Dostları ilə paylaş: |