T. Bekjäýew
Köne türKmen
ýazuwy
ﻯﻭﺯﺎﻴ
ﻥﻤﮐﺮﺘ
ﻪﻨﻬﻜ
Ýokary okuw
mekdepleri üçin okuw kitaby
Türkmenistanyň Bilim ministrligi
tarapyndan hödürlenildi
Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Aşgabat – 2013
UOK 81. 36 + 378
B 44
Bekjäýew T.
Köne türkmen ýazuwy.
Ýokary
okuw mekdepleri üçin
okuw kitaby.− A.:Türkmen döwlet neşirýat gullugy. 2013
Okuw kitaby halkymyzyň milli medeni mirasyny seljermekde
möhüm ähmiýete eýe bolan köne türkmen ýazuwyny öwrenmek
-
de zerur bolan esasy maglumatlary özünde jemle ýär. Bu işde diňe
bir köne türkmen ýazuwynyň harplaryny öw retmek göz öňünde tu
-
tulman, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrü niň ýaşlaryny
ata‑babalarymyzyň dil biliminde, edebiýatda, şeýle‑de durmuşyň beý‑
leki ugurlarynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmak hem maksat
edinilýär. Okuw kitabynda gadymy akyldarlarymyzyň ylmy işlerine,
nusgawy edebiýatymyzyň wekilleriniň döredijiligine, hal kymyzyň
däp‑dessur lary bilen bagly maglumatlara aýratyn üns berildi.
Kitap ýokary okuw mekdepleriniň dil we edebiýat fakultetleri‑
niň talyplaryna, aspirantlara, dil we edebiýat mugallymlaryna, ta‑
ryhçylara şeýle‑de, köne ýazuw ýadygärlikleri bilen gyzyklanýanlara
niýetlenilýär.
TDKP№ 90, 2013
KBK 81.2 (Tü) ýa 73
© T. Bekjäýew, 2013.
B 44