T. Bekjäýew Köne türKmen ýazuwy ﻯﻭﺯﺎﻴ



Yüklə 1,68 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə16/91
tarix11.11.2023
ölçüsü1,68 Mb.
#131909
1   ...   12   13   14   15   16   17   18   19   ...   91
Bekjäýew T~Köne türkmen ýazuwy-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

magzaýi softa
(düzme özen) 
diýlip atlandyrylypdyr. Kitap sahabynyň ýasalyşynyň ýene bir täri 
gol ýazmanyň gyralaryny deňlemek üçin gyrkylanda galýan kagyz ga‑
lyndylaryny gysyp ýasalan sahapdyr. Oňa 
magzaýi rihte
(guýma özen) 
diýilýär. Galyň kagyzdan ýasalan sahap taýýar bolandan soň ol ýag‑
ly boýag bilen boýalyp, üstünden ýalpyldadyjy ýörite ergin çalynýar. 
Kitabyň daşky sahaby ony daşky täsirleriň netijesinde zaýalanmakdan 
goramak bilen bilelikde çeperçilik gymmatyny hem artdyrýar. 
Orta Aziýada döredilen golýazmalar özleriniň many gymmat
-
lygy, çeper bezegi, ýokary derejedäki hat usuly bilen dünýä mede
-
niýetine uly goşantdyr.


32
Çeper hat ýazmak işi ýetginjeklikden başlap ýörite okuwda, us
-
sat mugallymyň ýolbaşçylygynda öwrenilýär. Okuwçylar halypanyň 
gözegçiliginde harplaryň dürli görnüşlerini gaýtalap ýazmak arkaly, 
çeper hat ýazmagy öwrenipdirler. Kätipleriň göçürýän kitaplarynyň 
sanynyň köpeldigiçe olaryň tejribesi artyp, ýazuwyň hem hili has ýo
-
karlanypdyr. 
Kitaby göçürmek işi örän köp wagtyň dowamynda amala aşy‑
rylypdyr. Kätibiň işiniň irginsizligi we köp zähmeti talap edýändigi 
aşakdaky rowaýatda aýdyň görünýär: «Abdyl Eziz han öz kätibi Hajy 
Ýadygäre Hapyzyň goşgularyny göçürmegi tabşyrypdyr. Bir gün han 
kätipden günde näçe setir göçürýändigini sorapdyr. Onda kätip: «Men 
günde on setir göçürýärin» diýip jogap beripdir. Bu jogaby eşiden han 
oňa seýle diýýär: «Men Uzak Gündogarda farfordan bir gaby ýasa‑
mak üçin kyrk ýyllap zähmet çekilýändigini eşitdim. Ýöne, Bagdatda 
bir günüň dowamynda ýüz sany farfor gabyň ýasalýandygyny hem 
bil ýärin. Şol ýasalan gaplary deňeşdireniňde olaryň haýsynyň gym
-
matlydygyny säginmän kesgitläp bolar. Bir günde ýasalýan ýüz gabyň 
her biri adaty gapdyr. Kyrk ýylda ýasalýan gap bolsa sungat eseridir. 
Ol gaýtalanmajak sungatdyr. Sen Hapyzyň goşgularynyň günde on 
setirini göçürseň onda nepislik, çeperçilik bolup bilmez. Günde iki 
setir, bolmasa bir setir ýaz. Seniň hatyň gaýtalanmajak sungat bolup 
galsyn». Hanyň bu sözlerinden ugur alan Hajy Ýadygär Hapyzyň di
-
wanyny ýedi ýylyň dowamynda göçüripdir».
Türkmen kätiplik sungaty, onuň meşhur wekilleri hakynda dür li 
çeşmelerde maglumatlar berilýär. «Türkmen soltanlarynyň, hö küm‑
darlarynyň diwanynda dürli döwürlerde dürli‑dürli meşhur kätipler 
hyzmat edipdirler. Olardan Gaznaly türkmen döwletiniň soltanynyň 
diwanynda hyzmat eden Abu Nasr Utbyny, Seljuk türkmen döwleti niň 
diwanynda hyzmat eden Muntajybeddin Bady Jüweýnini hem‑de Ata 
Mälik Jüweýnini we Köneürgenç türkmen döwletiniň hökümdarlary‑
nyň diwanynda hyzmat eden Reşideddin Watwaty, şeýle‑de Abdyl 
Wasyl Jebeli we Şemseddin Perwanany ýatlamak bolar.
Muntajybeddin Bady Jüweýniniň seljuk hökümdarlarynyň adyn‑
dan taýýarlan resminamalar ýygyndysy bir kitaba jemlenip, «Ata‑


33
baul kätiba» (Kätipleri kämilleşdirmegiň basgançaklary) ady berilýär. 
Muntajybeddin Bady Jüweýniniň düzen bu resminamalary dün ýä 
taryhynda görnükli orny eýeleýär. Eseriň aýratynlygy – resmi hatlar
-
da kätiplik sungatyny, döwrüň, sebitiň we döwletiň syýasy dur muşyny 
görmek bolýar» (K. Janbekow «Kätiplik syýasaty», «Ede biýat we 
sun gat» gazeti, № 12, 2012‑nji ýylyň 23‑nji marty).
Türkmen kätiplik sungatyna degişli işler Müsür Arap Res pub‑
likasynyň Kair şäherindäki Milli kitaphanada, Türkiýe Respub li‑
kasynyň «Süleýmaniýe» kitaphanasynda, Russiýa Federasiýasynyň 
Gündogary öwreniş institutynda saklanylýar. 

Yüklə 1,68 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   12   13   14   15   16   17   18   19   ...   91




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin