42
Köne türkmen ýazuwynyň
aýratynlyklary
Köne türkmen ýazuwy biziň häzirki ulanýan ýazuwymyzdan
düýpli tapawutlydyr. Munda biziň ulanýan ýazuwymyzyň tersine,
sagdan çepe tarap ýazylýar. Hatyň sagdan çepe ýazylmagy diňe bir
setirlere däl, eýsem harplara hem mahsusdyr.
Arap ýazuwynyň esasyndaky köne türkmen ýazuwy 19 sany harp
şekiliniň esasynda döredilipdir. Şol şekilleriň üstüne ýa‑da aşagyna
bir, iki, üç nokat goýlup, täze harplar ýasalypdyr hem‑de 28 harpdan
ybarat bolan arap elipbiýi emele getirilipdir.
Mälim bolşy ýaly, bir dilde bar bolan sesleriň beýleki
bir dil
-
de gabat gelmezligi tebigy ýagdaýdyr. Şol sebäpden hem başga bir
halkyň elipbiýi kabul edilende oňa özüňe mahsus bolan harp şe‑
killerini goşmak, täze harplary ýasamak kadaly ýagdaýdyr. Şonda
kabul edil ýän elipbiýdäki harplar dürli belgileriň üsti bilen ýasalýar.
Muny
türkmen diline rus, latyn elipbiýleri kabul edilende ýasalan
harplaryň mysalynda düşündirmek bolar.
Arap elipbiýini eýranlylar kabul edende ony pars we türki diliniň
kadalaryna laýyk getirmek üçin, elipbiýe
arap dilinde bolmadyk
dört sany:
Dostları ilə paylaş: