44
hem‑de dört görnüşli harplara goşulýan görnüşlerde bolýar. Öň belläp
geçişimiz ýaly bu harplaryň sany ýedidir:
№
Harplaryň ady
Harplaryň aňladýan sesi Harplaryň ýazylyşy
1.
elip
а,
e, ä
ﺍ
2.
dal
d
ﺩ
3.
zal
z
ﺫ
4.
re
r
ﺭ
5.
ze
z
ﺯ
6.
že
ž
ﮊ
7.
waw
w,o,ö,u,ü
ﻭ
Bu harplaryň käbiri setir çyzygynyň üstünde, käbiri bolsa – setir
çyzygyndan aşak düşürilip ýazylýar.
«Elip» harpy
ﺎ
ا
«Elip» harpy «a», «e», «ä» çekimli seslerini aňladýar. Harpyň
öz başdak gelýän görnüşi setir çyzygyna tarap ýokardan aşaklygyna
tarap ýazylýar. Onuň özünden öňki gelýän dört görnüşli harplara go‑
şulyp ýazylýan görnüşi bolsa (
ﺎ
) sag tarapdan başlanylyp aşakdan ýo
-
karlygyna ýazylýar.
«Elip» harpy sözüň başynda üstüne «
medde
» (
~
) belgisi goýlup
ýazylanda «a» sesini aňladýar. Sözüň ortasynda hem‑de ahyrynda
elibiň özi «a», «e», «ä» sesleriniň haýsy‑da bolsa birini bildirýär.
«
Medde
» sözi arap sözi bolup,
uzaltmak, çekmek
manysyny berýär.
Medde belgisi goýlan elip «
alifi mamduda
» diýip atlandyrylýar.
Meddeli elibiň ýazylyşyna üns beriň:
Dostları ilə paylaş: