45
«Dal» harpy
دـ
د
«Dal» harpy türkmen dilindäki «d» çekimsiz sesini aňladýar.
Ol iki hilli ýazylyş şekiline eýe bolup, setir çyzygynyň üstünden ýa‑
zylýar. «Dal» harpy «elip» harpynyň egilen, epilen görnüşidir. Dad,
ada ýaly sözleri ýazmakda ulanylýar.
«Dal» harpynyň özbaşdak görnüşi –
د
«Dal» harpynyň özünden öňki gelýän harplara goşulyp ýazylýan
görnüşi –
دـ
ادآ داد
1-nji gönükme.
«Dal» harpynyň her görnüşinden bir setir ýazyň.
2-nji gönükme.
«Elip» we «dal» harplary arkaly ýasalan harp
birikmelerini we sözleri okaň hem‑de depde ri‑
ňize göçüriň.
اد دا ادد داد دا دا دا آ
«Zal» harpy
ذـ
ذ
«Zal» harpy dal harpynyň üstüne bir nokat goýmak bilen ýa
-
salypdyr. Bu harpyň berýän sesi alynky dişleriň arasyna diliň ujuny
eltip, «z» sesini howa akymy bilen dişleriň arasyndan syzdyryp çy
-
karyp aýtmak arkaly emele getirilýär. Ol türkmen dilindäki «z» se
-
sinden tapawutlanýar. «Zal» harpy arap dilinden geçen sözlerde duş
gelýär. Harpyň ýazylşy «dal» harpyňky bilen meňzeşdir, ýagny olar
setir çyzygynyň üstünde ýazylýar. Harp iki görnüşlidir.
«Zal» harpynyň özbaşdak görnüşi –
ذ
«Zalyň» özünden öňki gelýän harplar bilen goşulyp ýazylýan
görnüşi –
ذـ
1-nji gönükme.
«Zal» harpynyň her görnüşinden bir setir ýazyň.
2-nji gönükme.
«Dal», «zal» we «elip» harplary bilen ýazylan
harp birikmeleriniň we sözleriň
hersinden bir
setir ýazyň.
Dostları ilə paylaş: