اداذ داذ اذا دذ دد اذ ذا
46
3-nji gönükme.
Aşakdaky sözleri we harp birikmelerini köne
türkmen ýazuwynda ýazyň.
Ada, za, zada, daz, zad
Ýadyňyzda saklaň!
Söz ortasynda we ahyrynda gelýän meddesiz
«elip» harpyny sözüň manysyna garap dürli görnüşde okamak müm
-
kin.Meselem,
اداد
sözüni däde, dada, dede görnüşlerinde okap bolar.
«Re» harpy
رـ
ر
«Re» harpy türkmen dilindäki «r» sesini aňladýar. Harp iki
görnüşlidir. Onuň iki görnüşi hem «elip», «dal», «zal» harplarynyň
ýazylyşyndan tapawutlylykda setir çyzygynyň ýokarragyndan baş‑
lanyp, aşaklygyna çekilip ýazylýar. «Re» harpy özünden öňki gelen
harplara goşulyp, soňky gelen harplara goşulmaýar.
«Re» harpynyň özbaşdak görnüşi –
ر
«Re» harpynyň özünden öňki gelýän harplar bilen goşulyp ýa‑
zylýan görnüşi –
ﺮـ
درد ارآ
1-nji gönükme.
«Re» harpynyň her görnüşinden bir setir ýazyň.
2-nji gönükme.
Aşakdaky harp birikmelerini we sözleri okaň
hem‑de depderiňize göçüriň.
ﺍﺭﺍﺩ ﺩﺭ ﺍﺫﺍ ﺍﺩﺍﺫ ﺍﺭﺭﺍ ﺍﺭ ﺍﺭﺍ ﺭآ
«Ze» harpy
زـ
ﺯ
«Ze» harpy «re» harpynyň üstüne bir nokat goýlup ýasalypdyr.
Ol türkmen dilindäki «z» sesini aňladýar. «Ze» harpy iki görnüşli harp
bolup, «re» harpynyň ýazylyşy ýaly setir çyzygyndan aşak düşürilip
ýazylýar.
Az, zor, zar
ýaly sözleriň ýazylyşynda ulanylýar.
«Ze» harpynyň özbaşdak görnüşi –
ﺯ
«Ze» harpynyň özünden öňki gelýän harplar bilen goşulyp ýa‑
zylýan görnüşi –
ﺯ
ـ
ﺩﺍﺯآ
ﺭﺯ
|