47 1-nji gönükme. «Ze» harpynyň her görnüşinden bir setir ýazyň.
2-nji gönükme. Aşakdaky sözleri okaň hem‑de depderiňize göçüriň:
ﺭﺍﺩ ﺭﺩﺍ ﺭﺍﺩ ﺭﺯ ﺍﺭﺍﺩ ﺯﺍﺭﺍﺩ ﺭﺍﺯآ ﺩﺍﺯ ﺭﺍﺯ
3-nji gönükme. Aşakdaky sözleri köne türkmen ýazuwynda ýa zyň:
Azada, az-az, azar, azad, zerre, zer. «Že» harpy ﮋـ ژ «Že» harpy «re» harpynyň üstüne üç nokat goýlup ýasalypdyr.
Ol iki görnüşlidir. «Že» harpy setir çyzygyndan aşak düşürilip ýazyl‑
ýar. Aňladýan sesi türkmen dilindäki we türkmen diline beýleki dil‑
lerden geçen sözlerdäki «ž» sesine meňzeşdir. Biz häzirlikçe bu har‑
pyň ulanylyşyna degişli «aždar»
ﺭﺩﮊﺍ
sözüni mysal getirip bilýäris.
«Že» harpynyň özbaşdak görnüşi –
ژ «Ženiň» özünden öňki gelýän harplar bilen goşulyp ýazylýan
görnüşi –
ﮋـ 1-nji gönükme. «Že» harpynyň her görnüşinden bir setir ýazyň.
2-nji gönükme. Harp birikmelerini we sözleri okaň, olaryň her
-
sinden bir setir ýazyň.
ﺯﮊ ﺯﺭ ﺩ ﺭﺍﺩ ﺭﺩﮊﺍ ﺭﺍﮊ
«Waw» harpy وـ ﻭ «Waw» harpy türkmen dilindäki «w» sesini berýär. Ýazuwda iki
görnüşe eýedir. Ol özünden öňki gelýän harplara goşulýar. «Waw»
harpynyň aýlawly togalak bölegi setir çyzygynyň üstünde, galan
bölegi setirden aşak düşürilip ýazylýar.
«Waw» harpynyň özbaşdak görnüşi –
ﻭ «Waw» harpynyň özünden öňki gelýän harplar bilen goşulyp ýa
-
zylýan görnüşi –
وـ ﻭآ
ﺭﻭﺯ
48 Waw harpy birnäçe sesi aňlatmak üçin ulanylýar: 1.
Bu harp sözüň başynda gelende «w» sesini berýär. 2.
Sözüň başynda gelýän «o», «ö», «u», «ü» çekimli seslerini aňlatmak üçin sözüň başyndaky «waw» harpynyň öňünden elip harpy goýulýar. 3.
Sözüň ortasynda we ahyrynda «w» çekimsiz sesini, «o», «ö», «u», «ü» çekimli seslerini aňlatmak üçin «wawuň» ýeke özi ýazylýar. 4.
«Waw» harpy sözleri baglanyşdyrmak üçin baglaýjy kömekçi hökmünde-de ulanylýar. Munda «waw» harpynyň ýeke özi ýazylyp, okalanda «we» görnüşinde okalýar.