T. Bekjäýew Köne türKmen ýazuwy ﻯﻭﺯﺎﻴ



Yüklə 1,68 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə3/91
tarix11.11.2023
ölçüsü1,68 Mb.
#131909
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   91
Bekjäýew T~Köne türkmen ýazuwy-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

11
 Adamzat taryhynda
ulanylan ýazuwlar
Adamzat taryhynda ýazuw juda irki döwürlerden bäri ulanylyp 
gelinýär. Gadymy adamlar öz pikirlerini, haýyşlaryny, isleglerini, 
haýsydyr bir waka, hadysa hakyndaky habarlaryny dürli hili zatlaryň 
üsti bilen aňladypdyrlar. Ýöne olar ýazuw hasaplanylmandyr. Soňlugy 
bilen pikir aňlatmak üçin şertli belgiler peýda bolýar. Bu şertli belgi
-
lerden soň, biziň ýazuw diýip atlandyrýan we belli bir baglanyşyga 
eýe bolan belgilerimiz emele gelýär. 
Miladydan öňki dördünji müňýyllykda Arabystan ýarym ada‑
synda ýerleşen gadymy döwletleriň çäklerinde 
müsür
we 
şümer
ýazuwlary peýda bolupdyr. Ikinji müňýyllygyň başlarynda Or taýer 
deňziniň kenarlarynda 
assiriýa
hem-de 
wawilon
ýazuwlary döräpdir. 
Häzirki Hindistanyň demirgazyk böleginde bolsa hindi ýazuwy ke
-
mala gelipdir. Soňlugy bilen, ýazuwyň 
günbatar semit
görnüşi ýüze 
çykypdyr. 
Umuman, adamzat taryhynda ýazuwyň dört sany görnüşiniň bo
-
landygy bellidir.
1. Piktografik ýazuw.
Bu adalga latyn dilindäki 
«pictus» 
– 
surat

«graphique» 
– 
ýazýaryn
sözlerinden ybarat bolup, «
surat ýazuwy
» 
diýmegi aňladýar. Piktografik ýazuwyň ilkinji şekilleri me zeolit we 
neolit döwürlerinde döräpdir. Adamlar öz pikirlerini, duý gularyny, 
haýyşlaryny, isleglerini dürli suratlar arkaly biri‑birlerine ýetiripdir
-
ler. Bu suratlar harby ýörişler, uruşlar, duşuşyklar, söýgi gatnaşyklary 
baradaky habarlary bir ýerden beýleki bir ýere ýetirmek üçin hyzmat 
edipdir. Ýazuwyň bu görnüşi örän giň gerimde hem‑de uzak wagtyň 
dowamynda ulanylypdyr. Piktografik ýazuwda takyk hadysalar, zat
-
lar dogrusynda habar bermek aňsat bolsa‑da, abstrakt düşünjeleri 
aň latmak örän kyn bolupdyr. Şu sebäpden hem ýazuwyň bu görnüşi 
adamyň ösen talaplaryna doly jogap berip bilmändir.
Ýöne, muňa garamazdan, piktografik ýazuwyň birentek şekil‑
leri häzirki döwürde hem saklanyp galypdyr. Meselem, derwezede
şekillendirilen itiň suraty howluda ýarak itiň bardygyny, binada şe‑


12
killendirilen gaýçy bilen darak dellekhanany, güýçli tok enjamlarynda 
çekilen kelleçanak bilen süňkleriň suraty ölüm howpuny aňladýar. 
Adamyň haýsy dilde gepleýändigine garamazdan oňa düşünýändigi 
bu ýazuwyň artykmaç tarapydyr.
Wagtyň geçmegi bilen, piktografik ýazuw öz ornuny mümkinçi
-
ligi has uly bolan logografik ýazuwa berýär. 

Yüklə 1,68 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   91




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin