T. Bekjäýew Köne türKmen ýazuwy ﻯﻭﺯﺎﻴ



Yüklə 1,68 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə35/91
tarix11.11.2023
ölçüsü1,68 Mb.
#131909
1   ...   31   32   33   34   35   36   37   38   ...   91
Bekjäýew T~Köne türkmen ýazuwy-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

1-nji gönükme.
«Iýa» harpynyň her görnüşinden üç setir ýazyň. 
2-nji gönükme.
«Iýa» harpynyň we geçilen harplaryň kömegi 
bilen ýigrimi sany söz düzüp köne türkmen ýa
-
zuwynda ýazyň.
3-nji gönükme.
ﻭ ﺍ ﺏ ﺕ ﺭ ﻥ ی ﺩ
harplaryny peýdalanyp, 
köne türkmen ýazuwynda sözlemler düzüň we 
depderiňize göçüriň.
4-nji gönükme.
Aşakdaky sözlemleri köne türkmen ýazuwynda 
ýazyň:
Nedir ýazdy. Bu aý ýanwar aýydyr. Ene nan ýapdy. Enwer ot 
orýar. Nury ir turup nan iýdi. Bu ýerde aždarha bar. 
5-nji gönükme.
Öwrenenleriňizi barlap görüň.
Eger sözüň birinji harpy meddeli elip, ikinjisi «
iýa
» bolsa, şon‑
dan soň hiç bir harp gelmese, «
iýanyň
» haýsy görnüşi ýazylýar? 
Eger birinji harp iki görnüşli, galan üç harp dört görnüşli, dör
-
dünji harp «
iýa
» bolsa, «
iýa
» harpynyň haýsy görnüşi ýazylýar? 
6-njy gönükme.
Aşakdaky sözleri köne türkmen ýazuwynda ýa zyň: 
Ýaý, ýuwut, ýapdy, oý, ýatyr, diýdi, aýtdy, indi, it, un, uz, 
iýdi, boý, berdi, ýetip bardy, ýitirdi, barýardy. 
Ýadyňyzda saklaň!
Köne türkmen ýazuwynda öten zaman işli-
giniň «-dy, -di» goşulmasy bilen gutaran sözler ýazylanda, «iýa» har-
pynyň özbaşdak görnüşi ýazylýar. 
یدنﺎيﻭﺍ یديﺩ یﺩرﺗﻭﺍ یدﺗﺍ
یﺩﺭوي یدييﺍ یدﺗﺭﺍﺩ یدﺗﻭوي


55
«Nun» harpy
نـ
ـﻨـ
ن

«Nun» harpy türkmen dilindäki «n» sesini aňladýar. Bu harp 
hem dört görnüşli harplara degişlidir. Ol iki tarapyndaky harplara 
goşulyp ýazylýar. Onuň özbaşdak we harp birikmesiniň ahyryndaky 
ýazylýan görnüşi setir çyzygynyň ýokarragyndan başlanyp soňra aşak 
düşülýär hem‑de tegelek şekil görnüşinde çyzylyp setir çyzygyn da 
öňki ýere gaýdyp barylýar. «Nun» harpynyň harp birikmesiniň ba‑
şyndaky hem‑de ortasyndaky görnüşleri «bi», «pi», «ti», «si» harp‑
larynyň birik mäniň başyndaky we ortasyndaky görnüşlerine meňzeş 
bolup, üstün de goýulýan bir nokat bilen tapawutlanýar. «Nun» har‑
pynyň ýazylyşy:

Yüklə 1,68 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   31   32   33   34   35   36   37   38   ...   91




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin