T. Bekjäýew Köne türKmen ýazuwy ﻯﻭﺯﺎﻴ


(Patyşa Hoja. Gülzar. Aşgabat, 2004)



Yüklə 1,68 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə51/91
tarix11.11.2023
ölçüsü1,68 Mb.
#131909
1   ...   47   48   49   50   51   52   53   54   ...   91
Bekjäýew T~Köne türkmen ýazuwy-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

(Patyşa Hoja. Gülzar. Aşgabat, 2004)
«Aýn» harpy

ـعـ
ـع
ع
«Aýn» harynyň berýän sesi türkmen diline mahsus däldir. Ol ses 
bokurdakdan zarply çykýan ses bolup, diňe arap dilinde ulanylýar. 
Ony dogry aýtmak arap dilini gowy bilmeýän adamlara örän kyndyr 
hem‑de uzak wagtlyk türgenleşigi, endigi talap edýär. Bu harp diňe 
arap sözlerinde ulanylýar. «Aýn» dört görnüşe eýedir. Onuň özbaşdak 
hem‑de sözüň ahyrynda gelýän görnüşleri setir çyzygyndan aşak 
düşürilip ýazylýar. Sözüň başyndaky we sözüň ortasyndaky görnüşleri 
setir çyzygynyň üstünde ýazylýar. «Aýn» harpynyň goşulyşy:
ﻊـعــع ع
 
بﺮع یلع ضوع بﻴﻟدﻨع
 


75
«Aýn» harpynyň aýratynlyklary
1. «Aýn» harpy sözüň başynda gelende «
fatha
», «
kasra
», «
zam-
ma
» hereketleri goýlup, «a», «o», «y», «i» sesleriniň birini aňladýar.
ﺽر َع لم َع ﺏر َع ده َع لق َع ﺎقن َع
مل ِع ﻕﺍر ِع ﺕﺭﺎم ِع ﺕرب ِع
ﺭذ ُع رم ُع
2. «Aýn» harpy sözüň başynda gelip, soňundan «elip» harpyny 
kabul etse, «a» görnüşinde okalýar.
ﺕﺩﺎع لقﺎع قﺷﺎع مﻟﺎع
3. «Aýn» harpy sözüň başynda «elip» harpyndan soň gelende, 
köplenç, türkmen dilindäki «g» sesini aňladýar.
ﻥلاعﺍ مظعﺍ ﺭﺎبتعﺍ لاعﺍ
4. «Aýn» harpy sözüň içinde gelende türkmen dilindäki «g» se
-
sini hem aňladyp biler. 
ٌمِّلَعُﻣ ﺕﺩﺎعﺳ تعﺎﺳ یعنﺻ تعرﺳ تعنﺻ
5. «Aýn» harpy sözüň ahyrynda gelende türkmen dilinde köplenç 
okalmaýar.
ﻊﻣﺎﺟ ﻊفن ﻊمﺟ
6. «Aýn» harpy dilujy «d», «r», «z», «l» , dilorta «ý», dilardy 
«k» seslerini aňladýan çekimsizleriň öňünden gelende, köplenç, gys
-
ga «a» sesini aňladýar.
ﺵرع ﺏﺍذع
7. «Aýn» harpy sözüň başynda gelende «o», «u», «ö» dodak çe
-
kimlilerini hem aňladyp biler.
ﻥﺎمثع رمع
8. «Aýn» harpy käbir sözlerde sözüň başynda «ä», «e» inçe çe
-
kimli seslerini aňladyp bilýär.
رﮕﺳع ﮏنيع


76
9. Türkmen nusgawy edebiýatynyň tekstlerinde sözüň başynda 
gelýän «aýn» harpy käbir sözlerde «a», «e» çekimlilerini aňladyp 
gelse‑de, janly gepleşikde şol sözleriň öňünden, köplenç, «h» sesi 
artdyrylyp okalýar.
لسع ثبع ﺕزع
Bu sözler «
hezzet
», «
hebes
», «
hesel
» görnüşinde okalýar.

Yüklə 1,68 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   47   48   49   50   51   52   53   54   ...   91




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin