41
«Jim»
jemalyň perisi aldy akyl‑huşumy,
«Hi»
hylwat eýlesem, pynhan etsem işimi,
«Hy»
diýip okasam, «dala» tutsam başymy,
«Zal»
garyba ýetende, aldy rakyp daşymy,
Şonda boldum biarman, guçsam bilden, gözelim.
«Ri»
dabaraň düşüpdir, älem‑jahan çaw edip,
«Zi»
zülpleriň goýberseň, ak ýüzüňden tow edip,
«Sinden»
«şine»
ezerler aşyklaryn suw edip,
«Sat»
salamat saklasyn ýüz‑müň bela dep edip,
Egin parçaň guralmaş şemle şaldan, gözelim.
«Zat»
bilen köýdürip aldyň meniň kararym,
«Taý»
tebibim tapdyrmaz alagözli maralym,
«Zaý»
sypanyp çykaňda aldyň sabry‑kararym,
«Aýn»
aban ýat eýläp, säherler intizaryň,
Elwan‑elwan bezenip, ýüz‑müň hilden, gözelim.
«Gaýn»
bilen galkynyp, arzuw bilen barar men,
Dostları ilə paylaş: