T. Bekjäýew Köne türKmen ýazuwy ﻯﻭﺯﺎﻴ



Yüklə 1,68 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə29/91
tarix11.11.2023
ölçüsü1,68 Mb.
#131909
1   ...   25   26   27   28   29   30   31   32   ...   91
Bekjäýew T~Köne türkmen ýazuwy-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

47
1-nji gönükme. 
«Ze» harpynyň her görnüşinden bir setir ýazyň. 
2-nji gönükme. 
Aşakdaky sözleri okaň hem‑de depderiňize göçüriň: 
ﺭﺍﺩ ﺭﺩﺍ ﺭﺍﺩ ﺭﺯ ﺍﺭﺍﺩ ﺯﺍﺭﺍﺩ ﺭﺍﺯآ ﺩﺍﺯ ﺭﺍﺯ
3-nji gönükme.
Aşakdaky sözleri köne türkmen ýazuwynda ýa zyň:
Azada, az-az, azar, azad, zerre, zer.
«Že» harpy
ﮋـ
ژ
«Že» harpy «re» harpynyň üstüne üç nokat goýlup ýasalypdyr. 
Ol iki görnüşlidir. «Že» harpy setir çyzygyndan aşak düşürilip ýazyl‑
ýar. Aňladýan sesi türkmen dilindäki we türkmen diline beýleki dil‑
lerden geçen sözlerdäki «ž» sesine meňzeşdir. Biz häzirlikçe bu har‑
pyň ulanylyşyna degişli «aždar» 
ﺭﺩﮊﺍ
sözüni mysal getirip bilýäris.
«Že» harpynyň özbaşdak görnüşi – 
ژ
«Ženiň» özünden öňki gelýän harplar bilen goşulyp ýazylýan 
görnüşi – 
ﮋـ
1-nji gönükme.
«Že» harpynyň her görnüşinden bir setir ýazyň.
2-nji gönükme.
Harp birikmelerini we sözleri okaň, olaryň her
-
sinden bir setir ýazyň.
ﺯﮊ ﺯﺭ ﺩ ﺭﺍﺩ ﺭﺩﮊﺍ ﺭﺍﮊ
«Waw» harpy
وـ

«Waw» harpy türkmen dilindäki «w» sesini berýär. Ýazuwda iki 
görnüşe eýedir. Ol özünden öňki gelýän harplara goşulýar. «Waw» 
harpynyň aýlawly togalak bölegi setir çyzygynyň üstünde, galan 
bölegi setirden aşak düşürilip ýazylýar.
«Waw» harpynyň özbaşdak görnüşi – 

«Waw» harpynyň özünden öňki gelýän harplar bilen goşulyp ýa
-
zylýan görnüşi – 
وـ
ﻭآ
ﺭﻭﺯ


48
Waw harpy birnäçe sesi aňlatmak üçin ulanylýar: 
1. 
Bu harp sözüň başynda gelende «w» sesini berýär.
2. 
Sözüň başynda gelýän «o», «ö», «u», «ü» çekimli seslerini 
aňlatmak üçin sözüň başyndaky «waw» harpynyň öňünden elip harpy 
goýulýar.
3. 
Sözüň ortasynda we ahyrynda «w» çekimsiz sesini, «o», «ö», 
«u», «ü» çekimli seslerini aňlatmak üçin «wawuň» ýeke özi ýazylýar. 
4. 
«Waw» harpy sözleri baglanyşdyrmak üçin baglaýjy kömekçi 
hökmünde-de ulanylýar. Munda «waw» harpynyň ýeke özi ýazylyp, 
okalanda «we» görnüşinde okalýar.

Yüklə 1,68 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   25   26   27   28   29   30   31   32   ...   91




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin