65
4-nji gönükme.
«Käp» we «gäp» harplaryna degişli aşakdaky
sözlerden sözlem düzüp, köne türkmen ýazu‑
wynda dep deriňize ýazyň:
Kädi, beg, keçe, kitap, gök, şeker, göni, päk, täk.
«Güňkäp» harpy
گﻨـ
ـﮕﻨـ
ــﮕن
گن
«Güňkäp» harpynyň aňladýan «ň» sesi arap we pars dillerinde
ýok dur. Bu ses türki dilleriň hem hemmesine mahsus däldir. Türkmen
di linde «ň» sesiniň bardygy sebäpli, «nun» hem‑de «gäp» harplarynyň
bir leşdirilmeginden «güňkäp» harpy ýasalypdyr. Köne golýazmalarda
«ň» sesi «nun» we «käp» harplary arkaly
ﮏن
görnüşde, ýa‑da «käp»
harpy nyň üstüne üç nokat goýmak arkaly
ﯓ
görnüşde berlipdir. Ýöne,
köne türkmen ýazuwynda ýazylan çeşmeleriň köpüsinde «ň» sesini
aň ladýan «güňkäp» harpy, «nun» bilen «gäbiň» birleşmeginden
ﮓن
ýasa lypdyr:
لئﮕنوك ﺎﮕنﺎﺳ گﻨيدﻴﮕي گﻨﻴﻨيﺯﺎﺳ
1-nji gönükme.
«Güňkäp» harpynyň her görnüşinden bäş setir
ýazyň.
2-nji gönükme.
Içinde «güňkäp» harpy bolan bäş sany söz tapyp,
köne türkmen ýazuwynda sözlem içinde getiriň.
3-nji gönükme.
Aşakdaky sözleri okaň we depderiňize göçüriň:
ﮓنونﻭﺍ
ﺎﮕنﻭﺍ ﮓنوﻣ
ﮓنيليﺍ ﮓنئدنﺎي ﮓنيرئﻟﺯوﮔ
ﮓنونؤﮔ
ﻥﺍدﮕنينﺎي ﻥﺍدﮕنيﺩآ ﮓنينئﺳ
Dostları ilə paylaş: