T. Bekjäýew Köne türKmen ýazuwy ﻯﻭﺯﺎﻴ



Yüklə 1,68 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə5/91
tarix11.11.2023
ölçüsü1,68 Mb.
#131909
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   91
Bekjäýew T~Köne türkmen ýazuwy-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

4. Harp ýazuwy. 
Ýazuwyň bu görnüşinde dildäki her bir 
sözle ýiş sesine bir harp belgisi gabat getirilýär. Bu ýazuwyň taryhy 
finiki ýa lylar, siriýalylar tarapyndan döredilen samiý ýazuwyndan 
gaýdýar. Miladydan öňki VI–IV asyrlarda gadymy pars döwletiniň 
diwanlarynda döwlet ähmiýetli möhüm işler arameý dilinde alnyp 
bar lypdyr we finikiýa elipbiýiniň arameý görnüşinden peýdala‑
nylypdyr.
Soň‑soňlar bu elipbiýiň örän köp görnüşleri döräpdir. Şol gör‑
nüşleriň biri häzirki döwürde birentek halklar tarapyndan giňden 
ulanylýan arap ýazuwydyr. Miladydan öňki IV–III asyrlarda ara
-
meý elipbiýi eýran dillerinde gepleýän halklaryň arasynda giňden 
ýaýrapdyr.
Parfiýa ýazuwy hem şu ýol bilen peýda bolupdyr. Bu elipbiýiň 
esasynda soň sogdy, horezm we beýleki ýazuwlar döräpdir. Milady‑
nyň VII–VIII asyrlarynda arap ýazuwy bu ýazuwlary gy syp çykaryp‑
dyr. Mundan başga‑da, Eýranda we Orta Aziýada arameý ýazuwynyň 
esasynda awesta ýazuwy hem döredilipdir. 
Ýewropada ýerli diller üçin grek ýazuwynyň dürli görnüşleri, 
latyn ýazuwy ulanylypdyr. IX–X asyrlarda grek golýazma elipbiýiniň 
bir görnüşi slawýan dilleri üçin uýgunlaşdyrylypdyr hem‑de gadymy 
rus elipbiýi–krilissa döräpdir.


14
Ýazuwyň emele gelmegi adamzadyň taryhynda ägirt uly waka 
bolupdyr. Ynsan ýazuw arkaly wagty hem‑de giňişligi ýeňip geçmegi 
başarypdyr. Adamzat taryhynda döredilen medeni gymmatlyklar, esa
-
san, ýazuw arkaly nesillerden‑nesillere geçirilýär. 
Orta Aziýadaky gadymy
ýazuwlar
Orta Aziýanyň bize mälim bolan iň gadymy halklary hasapla
-
nylýan saklaryň we massagetleriň öz ýazuwlary bolupdyr. Günbatar 
Aziýanyň döwletleri bilen ykdysady hem‑de medeni gatnaşyklaryň 
netijesinde Orta Aziýa arameý ýazuwy aralaşypdyr. Oňa çenli Orta 
Aziýada «pahna ýazuwyndan» peýdalanylypdyr. Arameý ýazuwy 
«pahna ýazuwyna» garanyňda has sada bolup, takmynan, ýigrimi 
harpdan ybarat bolupdyr. Miladydan öňki III–II asyrlarda Horezm, 
Baktriýa, Parfiýa we Sogdy döwletlerinde arameý ýazuwynda kitap‑
lar ýazylypdyr. Mundan başga‑da, döwlet ähmiýetli diplomatik res
-
minamalar hem şu ýazuwda resmileşdirilipdir. Bu döwletlerde grek 
ýazuwy hem belli bir derejede ulanylypdyr. Arameý ýazuwynda hat 
sagdan çepe ýazylypdyr. Onda çekimli sesleri aňlatmak üçin harplar 
bolmandyr. 
Gadymy döwürlerde we orta asyrlarda Orta Aziýanyň çäklerin
-
de birnäçe ýazuw ulgamlary döräpdir. Bu ýazuwlar, esasan, aşak‑
dakylardan ybaratdyr: 

Yüklə 1,68 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   91




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin