74
4-nji gönükme.
Aşakdaky teksti köne türkmen ýazuwynda ýazyň.
Soltan Sanjar Merw şäherinde bir eý wan bina etdi. Örän beýik
we göwne ýaram lydy. Emma oňa laýyk bir sütün gerek bol dy. Agtar
-
salar‑da hiç ýerden tapylmaýardy. Ahyr «Bir garry aýalyň howlusyn‑
da bir agaç bar» diýip, yzlap tapdylar. Ol agaç eýwanyň sütünine la‑
ýyk we mynasypdy. Emma ol aýala her näçe agajyňy sat diýseler‑de,
ol sat mady. Olar gelip:
– Bir garry aýalyň bir aga jy bar eken. Ol agaç bu eýwana my
-
nasypdyr. Emma hernäçe jan edip dilesek‑de, ol aýal agajyny
satma dy – diýip, bu wakany soltana aýtdylar. Soltan:
– Hazynadan zerbap donlar getiriň ‑ di ýip buýurdy.
Derrew getirdiler. Şeýle‑de bir tabaga hem ýarym ak, ýarym
gyzyl ýarmak (pul) saldy lar. Ondan soň soltan:
– Bu zer çekilen donlary ol garry aýala eltip geýdiriň we bu puly
hem oňa beriň. Belki razy bolar – diýip höküm etdi. Döwlet
sütünleri ol donlar bilen pullary alyp baryp, garry aýala berdi
-
ler. Şonda ol hatyn hoşal bolup aýtdy:
– Soltana gerek bolsa, agajy kesiň!
Dostları ilə paylaş: