Magtymgulynyň Düşündirişli Sözlügi, Türkmen ýazyjysy Nurmuhammet Aşyrpur (Aşyrpur Merdeow) tarapyndan ýazylyp birinji jildi 1997 ýylda Eýranyň Gunbedkabus şährinde çapa berildi



Yüklə 6,36 Mb.
səhifə1/72
tarix15.11.2017
ölçüsü6,36 Mb.
#31820
  1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   72

www.mugallym.narod.ru



Magtymgulynyň Düşündirişli Sözlügi, Türkmen ýazyjysy Nurmuhammet Aşyrpur (Aşyrpur Merdeow) tarapyndan ýazylyp birinji jildi 1997 ýylda Eýranyň Gunbedkabus şährinde çapa berildi. bu kitab, bu alymyň adyny diri saklamak niýýeti bilen halkymyza ýaýradýarys. ýazyjy Nurmuhammet Aşyrpuryň bu kitabyny çap etjek bolsaňyz, özünden rugsat almagyňyzy haýyş edýäris.

bu metnden Arap elipbiýsinde ýazylan sözler tabdilde gynçylyk döredensoň, hezf edildi. bu kitaby type (taýp) etmekde öňki peýdalanylan programma, ZARNEGAR programmasydy. bu programma DOS systeminde bolansoň, kitabyň metnini WINDOWS programmasyna öwürenimizde bir näce ýalňyşlyklar emele geldi. şonuň üçin eger bu kitapda düşünmez sözlere duş gelseňiz maňa ýazyp sorap bilersiňiz.

Hormat bilen:

Mahmut Atagözli

Eýran, Gunbedkabus

e-mail: Matagozli@yahoo.com



فرهنگ مخدومقـلى
تدوين و تفسير از:

نورمحمّد عاشورپور
گنبد قابوس

۱٩٩٧

A. MEREDOW

MAGTYMGULYNYŇ
DÜŞÜNDIRIŞLI
SÖZLÜGI

Günbed Kabus

1997
Türkmen halkynyň agzybirligi we özbaşdaklygy

ugrunda janlaryny pida eden edermen ogullarynyň

hatyrasyna bagyşlanýar.

SÖZBAŞY
Türkmen klassyky edebiýatynyň beýik halypasyakyldar-şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy öz döwründen bäri köp alymlaryň ünsüni özüne çekipgeýär. Onuň ajaýyp çeper we çuňmanyly goşgularyuludan-kiçi hemmäniň kalblnda mynasyp orun alypdyr.Ylaýta-da häzirki zamanda, bütin dünýä türkmenleriňmilli aň-düşünjesiniň oýanýan mahalynda onuň edebimirasy has möhüm ähmiýete eýe bolýar. Soňky ýyllardaşahyryň mirasyna berilýän üns, onuň adynyebedileşdirmek, eserlerini hemmetaraplaýyn öwrenmek weneşir etmek ugrunda geçirilýän dürli çäreler munuňaçyk şaýadydyr.

Magtymguly dünýäniň beýik klassyklarynyňhatarynda durmaga haklydyr. Onuň dürdäne sözleri,pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp şygyrlary Gündogarpoeziýasynyň ägirt uly ussatlary Firdöwsi, Nyzamy,Nowaýy, Sagdy, HaFyz ýaly beýik şahyrlaryň eserleriniýadyňa salýar. Şeýle bolmagyna garamazdan,Magtymgulynyň eserlerinde okyjy köpçüligine dolydüşnükli bolmadyk sözleriň, taryhy, geograFik, miFologikatlaryň we dini aňlatmalaryň hem az däldigi bellidir. Şuzatlary bilmezden, şahyryň eserleriniň doly manysynadüşünmek, çeperçilik aýratynlygyny, dünýägaraýşynyýüze çykarmak mümkin däl. Hut şu sebäpli,hödürlenýän häziriki kitapda beýik şahyryňdöredijiliginde duş gelýän şol tipli sözlere weaňlatmalara düşündiriş bermek göz öňündetutulýar.

Mälim bolşy ýaly, Magtymgulynyň eserleriniňawtograFy ýa-da ondan göçürilen nusgasy bize gelipetmändir. Gelip ýeten golýazmalary göçürenleriň bilimiwe sowatlylyk derejesi şahyryňkydan has pes eken. Şonuňüçin olaryň ençemesi göçürýän tekstlerine dolydüşünmän, kä halatda özleriçe ony üýtgedipdirler. Buhili üýtgetmeler diňe bir göçürijileriň sowatsyzlygynadegişli bolman, olaryň sub'ektiw garaýyşlaryna-da baglybolupdyr.

Tekstleriň üýtgedilmegi ýeke bir Magtymgulynyňeserlerine mahsus zat däl. Munuň özi Gündogaryň beýikklassyklarynyň ählisine diýen ýaly degişlidir. Bu baradaköp şahyrlaryň özleri-de ýatlapdyrlar we şeýle Faktyýazgarypdyrlar, Gündogar edebiýatyndaky "hytabyýa" ("ýüzlenilip aýdylýan söz") atlandyrylýan termin-de hutşu mesele bilen baglanyşykly döräpdir. Şeýle"hytabyýalaryň" birini Fuzulynyň diwanynda (Baku, 1958)hem görmek bolýar. Fuzulynyň önden görüjilik edip, özeserleri barada aýdan sözleri Magtymgulynyňgoşgularynyň ýazgydyna-da degişlidir.

Pyragynyň eserleriniň saklanyşynda iki hili kemçilikduýulýar. Birinjiden, şahyryň döredijiligine degişlibolmadyk şygyrlaryň goşulmagydyr. Ikinjiden, eserleriniňköp halatda düşnüksiz görnüşde üýtgedilmegidir. Buiki ýagdaýy doly suratda aýyl-saýyl etmek aňsat iş däl.Ol yzygiderli we ýadawsyz derňew işini talap edýär.Akademik A.N.Samoýlowiç "Magtymgulynyň goşgularynagörkezgiç" diýen işinde käbir bagşynyň görengoşgusyna Magtymgulynyňky diýýändigini belleýär(1).Bu bellik mydama diýen ýaly şahyryň adyna başgalaryňgoşgularynyň-da berlip gelnendigini subut edýär.Galyberese-de, şu çaka çenli Magtymgulynyňeserleiniňtankydy tekstiniň ýoklugy onuň goşgularynyňdüşündirişli sözlügini döretmek işini judakynlaşdyrýar. Şu sebäpli sözlügi düzmekde haýsyçeşmä salgylanmaly diýen kanuny sorag ýüze çykýar.Biz bu ýagdaýy nazarda tutup, sözlügi düzmekdeaşakdaky prinsipe eýerdik.

1. Birinji nobatda şahyryň iň gadymygolýazma-diwanlaryny, şol sanda Eýran golýazmalarynyhem-de Gurbanberdi ahun Gürgeniniň Buharadaşbasmasyny ilkinji çeşme hökmünde kabul edipaldyk.

2. Belli bolşuna görä, şu wagta çenli ençeme goşgularMagtymgulynyňky bolmasa-da, onuň ady bilen neşiredilipdir. Olar halk arasyna ýaýrapdyr. Şol goşgularyňiçinde düşnüksiz sözler, sözlemler hatda şahyryňhakyky öz asyl eserlerine ters gelýän halatlary hem bar.Şuňa garamazdan, biz çap bolan şol goşgularyňsözlerini-de aldyk we olar barada ýerinde özgaraýşymyzy-da beýan etdik. Biziň pikirimizçe, buýagdaý okyjylaryň hakykata göz etirmekleri üçin peýdaberse gerek. Şeýlelikde, beýik şahyryň ady bilen kitapşekilinde ýa-da metbugatda çap bolan hem-degolýazma-diwanlarynda gabat gelýän hemme eserlerisözlügiň ilkinji çeşmesi bolup hyzmat etdi.

3. Magtymgulynyň goşgulary halk arasynda juda köpýaýrapdyr. Onuň eserleri köpçüligiň ýüregindenturanlygy sebäpli, dilden-dile geçişi ýaly, onuňdiwanynyň golýazmasy-da elden-ele aýlanypdyr. Munuňözi halkyň öz beýik şahyryna goýan hormatynyňnyşanasydyr. Emma şol prosesde Magtymgulynyň goşgysetirleri birnäçe warianta eýe bolupdyr. Belli bir söz ýa-dasetir bir kitapda ýa-da golýazmada bir görnüşde gelse,başga bir ýerde ikinji şekilde gabat gelýär.

Muňa degişli köp mysallar getirmek mümkin.Şolardan käbirini alyp göreliň.

"Gökje kepderi" atly eserdäki "Taýr ederdim her ýana"diýen setir käbir golýazmalarda "Seýr ederdim her ýana"görnüşinde duş gelýär. "Gyzmaly boldum" goşgusyndaky"Hekgak dek eýleýip gazmaly boldum" diýen setir"Hekaýat eýleýip ýazmaly boldum" ýa-da "hekgaklykeýleýip, gazmaly boldum" warintda berilýär. Şunuňýaly-da "Jan içinde" atly goşgudaky:

Ishak aýdar: "Pakyr men,

Gullugyma hakyr men"

diýen beýtde gelýän "hakyr" sözi käbir çeşmelerde"mukyr" (boýun) wariantda gabat gelýär. Üç warianta eýebolan sözler hem az däl. "Ýgşy-ýaman sözüm köpdür,gülüşmäň" diýen setirdäki "Gülüşmäň" diýen söz birýerde "talaşmaň" şekilinde gelse, başga bir ýerde"galyşmaň" wariantda berlýär. Magtymgulynyňeserlerinde köp warintlylyk hetdenaşa köp. Hatda käbirsetiriň bäş warinta eýe bolan Faktyny hem görmek bolýar.Meselem:

Suratym niýete görä, istihanym häk ola.

Suratym ne syna dared, istihanym häk ola.

Suratym nisýandadyr, istihanym häk ola.

Suratym niste bara, istihanym häk ola.

Suratym tene derada, istihanym häk ola.

Görşümiz ýaly, şu wariantlaeyň käbirinde, ylaýta-daiň soňkusynda logiki many ýok, ol sözler düýpdendüşnüksiz, haýsy dildedigi-de belli däl. Ýgdaý şeýlebolansaoň, dürli wariantda gelýän sözleriň her haýsynyözbaşdak makala hökmünde bermek zerurlygy ýüzeçykdy. Şuňa görä, şol dürli wariantlaryň duş gelýängoşgy setirleriniň birnäçe gezek gaýtalanyp gelmegiokyjylary geň galdyrmaly däldir. Şunuň ýaly-da bir setirgoşgynyň içinde üç-dört söz düşündiriş talap edýänbolsa, şol setir hökman üç-dört ýerde gaýtalanypgelýändir.

4. Magtymgulynyň eserleriniň çap bolanýygyndylarynda arap graFikasyndan häzirki zamantürkmen ýazuwyna geçirilende, köp sanly sözler nädogryokalypdyr. Netijede haýsy-da bir söz ters many berýänsöze öwrülipdir. Muňa mysal edip, "eFsurda" (solan;doňan; gaýgyly) sözüniň "eFserde" (täçde; oFiserde),"şakkyl-kamar" (Aýyň ýarylmagy - Muhammetpygamberiň görkezen möjüzesi) sözleriniň "şeF elkamar" (Aýyň näzik perdesi ýa-da geýimi, başga manysyAýyň şemaly), "bügzide" (saýlantgy) sözüniň "bengzede"(beň uran), "senjide" (ölçegli, ölçelen) sözüniň" subhyda" (ertirinde), "nükte" (ýiti we parsatly söz)sözüniň "nukta" (nokat) sözüne, "Kirmi-kelan" (ulygurçuk) sözüniň "gürmi-kelan" (manyz söz düzümi)sözüne öwrülendigini görkezmek bolýar. Elbetde, şeýleFaktlar sanardan köp. Şoňa görä, şu hili ýagdaýda olsözleriň goşgynyň tekstine has dogry gelýän wariantyalyndy. Kä halatda ýalňyş warianty-da öz ýerindegörkezilip, dogry warianta seretmek bellendi. Meselem,"zemre" - ser. "zumra". Magtymgulynyňdöredijiligindeýençeme geograFik atlara-da gabat gelmek bolýar. Şolatlaryň-da üýtgedilen wariantlary bar. Meselem, şahyryňiki tomluk "Saýlanan eserlerine" girizilen "Eýýamygördüm" (j tom, 142 s.) atly goşgusynda şeýle setirlerbar:

Namangan şährinde batyr Zal bilen,

Döw bilen jeň salan Rüstemi gördüm,

Bu ýerdäki ady tutlýan Namangan şäheri ähtibarlygolýazmalaryň birinde Semengan şäheri diýlip berlipdir.Munuň hakykata has ýakyndygy şübhesizdir. ÇinkiFirdöwsiniň "Şanamasynda" görkezilişine görä,Rüstemiň, Zalyň başdan geçiren käbir wakalary hutSemengan şäheri bilen baglanyşyklydyr. Bu at EýranyňRamhurmuz atlandyrylýan şäheriniň gadymy ady hem-dehäzirki döwürde Eýbek ady bilen belli bolan Owganystanşäherleriniň biriniň gadymy adydyr. Şunuň ýalyhalatlarda, elbetde, dogry warianty almak makul bilindi.

5. Magtymgulynyň ady bilen çap bolan käbirşygyrlarda türkmen diliniň sözlük Fondunda gabatgelmeýän, täzeden ýasalan birnäçe sözlere hem duşgelmek bolýar, käbir sözler bolsa öz ulanylýan hakykymanysyndan başga manyda ulanylypdyr. Meselem:

Pyragy pikir eýleme,

jikir bilen salyň gartar.
Bu pelek menden paç alyp,

Kimseler baryp hyjalyp,

Bu setirlerdäki "salyň gartar" we "hyjalyp" sözleri diňebeýleki setirler bilen kapyýalaşdyrmak üçin ýasalansözlerdir. Şahyryň golýazma-diwanlaryndaky onuň hutözüne degişli bolan goşgularynyň tutuş hemmesindetürkmen edebi dilinde bolşy ýaly "ýowuz" sözi "gazaply;ýaramaz, erbet; zalym, rehimsiz, elhenç; kyn, agyr,ýaman" diýen manylarda ulanylpdyr.

Meselem:


Ýman-ýowuz işler bardyr,

Başa gelse duýasydyr.


Iki dostuň arasynda,

Ýman-ýowuz iş olmasyn.

Ý-da:

Ol ýowuz magşar musallat galmagallar ondadyr.



Emma bu söz Magtymgula ýöňkelýän birnäçeşygyrda "ýalňyz, ýeke" diýen menyda getirilipdir.Meselem:

Ýowuz men diýip dökme ýaşyň,

Götergil gojalan başyň.

Kimse ýowuz-ýok gardaşy,

Gözi düşmez bir dogana.
Degre-daşym sil alypdyr, galmyşam ýowuzmenem. Şunuň ýaly halatlarda ol sözler bir ýerde alnyp, ikihili manyda gelýändigi we olaryň haýsy tipli goşgularadegişidigi ýatanýar. Şular bilen birlikde, şol hiligoşgularda "duşgär, juwanperez, näzigär, zynahor" ýalynädogry ýasalan sözlere-de gabat gelinýär, Emma olaryňsany köp däl. Olara düşündiriş bermekgiň geregi ýokhasap etdik.

kä halatda duş gelýän düýpdän manysyz görnüşeöwrülen sözler sözlüge girizilmedi, olaryň bar bolandogry wariantlaryny almak bilençeklenildi.

Magtymgulynyň eserleriniň häzirki düşündirişlisözlügine girýän sözleriň ençemesi "Türkmen klassykyedebiýatynyň sözlüginde" hem bardyr. Emma häzirkisözlük diňe Magtymgulynyň eserlerine mahsus bolmakbilen birlikde, munda köp zatlar täzeden işlenip, köpmakalalaryň üsti täze materiallar bilen dolduryldy,hemme sözler degişli mysallar bilen üpjün edildi.Galyberse-de, sözleriň arap-pars graFikasynda ýazylyşyhem berildi.

Şu wagta çenli neşir edilen tekstlerde käbir sözüňbirnäçe görnüşde ýazylýandygyna gabat gelinýär. Buhili sözleriň dürli Formada getirilişi hasaba alyndy.Olaryň biriniň ýanynda düşündiriş berlip, beýlekigörnüşleriniň yzynda manysy düşündirilen Formaseredilmelidigi görkezildi.

Mälim bolşy ýaly, Magtymgulynyňgolýazma-diwanlary arap edipbiýinde ýazylypdyr we şuelipbiýde birnäçe gezek çap edilipdir. Hut şu ýagdaýynazara alyp hem-de şahyryň arap graFkasynda ýazylangolýazmalaryny originalda okamak isleýän okyjylarakömek bermek maksady bilen sözlügiň ahyryndaarap-pars edipbiýindäki açar-sözlüklik (slownik) hemýerleşdirildi.

Şeýlelikde, şahyryň öz döredijiliginde ulanan köpsanly arap, pars we gaýry sözleriň asyl ýazylyşy - originalybilen-de okyjylar şu sözlük arkaly tanşyp bilerler.Sözümiziň ahyrynda ýene bir zady nygtamak gerek. Ol-da,şu kitabyň Magtymgulynyň eserleriniň düşündirişlisözlügini döretmekde ilkinji synanyşykdygydyr. Şahyryňdürli döwürlerde neşir edilen ýygyndylarynyň soňundaberlen sözlük we düşündirişler bollaýmasa, bu ugurdahiç hili edilen iş ýok diýerlikdir. Şuňa görä, bu ilkinjisynanyşyk barada okyjylar öz degerli belliklerini aýdarlardiýen umydymyz bar. Şeýle bellikler biziň geljekde alypbarjak ylmy-derňew işlerimize peýda berjekdigine bizpugta ynanýarys.

Iş ara alnyp maslahatlaşylan mahalda öz deýdalybelliklerini aýdan Magtymguly adyndaky Türkmen döwletuniwersitetiniň Filologiýa Fakul'tetiniňproFessor-mugallymlar sostawyna tüýs ýürekdenminnetdarlyk bildirýärin.
Aşyrpur N.M.

(A. Meredow).

TSSR-iň Ylym we tehnika bolýunça

döwlet baýragynyň laureaty,

Magtymguly adyndaky Türkmen

döwlet uniwersitetiniň dosenti.

1- A.N. Samoýlowiç. Ukazatel k pecnýam Mahtumkuli,ZWORAO, T, XIX, 126 sah.

SÖZLÜGIŇ GURLUŞY HAKYNDA

Sözlüge alnan sözleriň ýerleşdirilişinde,düşündirilişinde aşakdaky tertip doly saklandy:

1. Baş sözler häzirki zaman türkmen diliniň elipbiýiesasynda düzüldi.

2. Baş sözden soňra ýaý içinde ol sözüň haýsy diledegişlidigi, uzyn ýa-da gysga aýdylyşy häzirki zamantürkmen elipbiýinde berildi. Arap sözleriniň öňünde "a",pars sözleriniň öňünde bolsa "p" harpy goýuldy. Şondansoň sözüň arap graFikasynda ýazylyşy-da görkezildi.Meselem:
ABDAL (a. abda:l) - .... ABAT (p. a:ba:d) - ....

3. Iki komponentden düzülen goşma sözleriň biriarapça, beýlekisi pars dilinde bolsa, olaryň öňünde "a-p"harplary goýuldy.

Mes.:

DÜRRI-NAÝj (a-p. dorr-e na:ýa:b)- ...



4. Eger goşma sözleriň komponentleriniň ikisi-de birdilde bolsa, şol diliň alamaty (a. ýa-da p.) goýuldy.

Mes.:


DÄHRI-DUN (a. dahr-e du:n) - ...

5. Sözlükde türki sözler üçin ýörite bellikgoýulmady. Emma goşma sözleriň sostawynda gelse, ol "t"harpy bilen bellendi.

Mes.:

JÖWLAN URMAK (p-t. jewela:n urmak)- ..



b. Sözleriň ýaý içinde transkripsiýasy berlende, uzynaýdylýan çekimlini görkezmek üçin harpyň yzyndan ikinokat (:) goýuldy.

Zerur bolanda sözüň birlik ýa-da köplük sany-dagörkezildi.

7. Sözlere düşündiriş berlende, ilki bilen olaryň asylmanysy, soň başga manylary, ondan soň bolsa göçmemanysy berildi. Emma omonimleriň her biri aýry-aýrysöz hökmünde rim siFri bilen nomerlenip görkezilipdüşündirildi.

8. Şahyryň döredijiliginde käbir arap-pars sözleri diňeköplük sanda ulanylypdyr. Şunuň ýaly ýagdaýda olsözler şol durşuna, ýagny köplük sanda alnypdüşündiriş berildi, birlik sanynyň yzyndan bolsa, köplüksana seredilmelidigi tabşyryldy.

9. "Waw" () bilen düzülen goşma sözlerde "waw" harpybirinji komponentiň yzyndan goýlan deFisden soň "u"harpyna öwrülip ýazylýar. Ýý içinde transkripsiýasyberlende bolsa, asyl aýdylyşy ýaly "we" ýa-da "o" harpybilen berilýär. Mes.:

- ... ZEMIN-U ASMAN (p. zemi:n we a:sma:n)

- ... ŞEB-U RUZ (p. şeb-o ru:z)

- ... UJB-U RYÝA (a. ojb we riýa:)

10. Türkmen klassyky edebiýatynyň, şol sandaMagtymgulynyň eserlerinde pars diliniň izaFet birigmeleriep-esli orun tutýar. Şolar hemişe birinji sözüň üsti bilenberilýär, ýagny birinji komponentiň yzyna, onuň ýogynýa-da inçe çekimli bilen gutarýandygyna garap, "y,i"harplary artdyrylyp ýazylýar. Ýýyň içinde bolsa parsdilindäki asyl aýdylyşy ýaly transkripsiýasy berlip,yzysure arap graFikasynda ýazylyşy görkeziliär.Mes.:

MÖWJI-DERÝ (a-p. mawj-e derýa:)- ...

FAHRY-JAHAN (a-p. Fahr-e jaha:n)- ...

(el) birinji komponente 11. Arap diliniň artikli bolan birleşdirilip ýazylýar. Mes.:

KUBBATYL-YSLAM, BEÝTIL-HAZAN,JENNETIL-MÄBWA we ş.m. Bu sözler aslynda (kubbat-el(beýt-el-hazan) we (jennet-el-mä'wa) - yslam), şkeşekilinde ýazylýar.

12. "Aýn" harpy sözüň ortasynda gelende türkmendilinde köplenç "g" sesine öwrüýär. Şolar ýaly sözleriňýaý içinde transkripsiýasy berlende "aýn" harpynyňderegine apostroF (,) goýulýar. Mes.:

TAGLYM (a. tä'li:m) - ...

NAGLEÝN (a. nä'leýn) - ...

MAGRYjET (a. mä'rifet) - ...

13. Şahyryň döredijiliginde gabat gelýän arap-parssözleri häzirki zaman türkmen diliniň dürüs ýazuwyesasynda berildi.

14. Arap- pars we türki sözlerden başga dillerde bolansözler öz ady bilen berildi. Meselem "mongolça", "grekçe"we b.

15. Magtymgulynyň goşgularynda özi ýa-da mazmunyduş gelýän "Kur'anyň" aýatlary bu kitabyň originaly,parsça, türkçe hem-de rusça terjimeleri esasyndatürkmen diline geçirildi.

Arap, pars dillerinden geçen sözleriň takyk we belli birýazuw kadasynyň ýoklugy zerarly şahyryň neşir edileneserler ýygyndylarynda olar dürli görnüşde gabat gelýär.Şoňa görä sözlükde käbir arap, pars sözleriň webirikmeleriniň aýry-aýry şekilde gelýändigi okyjylary geňgaldyrmaly däldir. Ol belli bir kadanyň ýoklugy üçinşeýle edildi. Meselem: resulylla-resululla, hasrat-hasret,abes-ebes we ş.m.

PEÝDALANYLAN ÇEŞMELER


Magtymgulyň edebi mirasynyň köptaraply we çuňmazmuna eýeligi sebäpli, onuň eserleriniň düşündirişlisözlügini düzmeklik köp sanly ylmy-edebi çeşmeleriöwrenmekligi talap edýär. Şu hakykatdan ugur alyp,sözlük düzülýän wagtda juda köp ylmy, edebi, taryhyçeşmeler gözden geçirildi, ençeme gadymy hem-dehäzirki zamanda düzülen sözlüklerden peýdalanyldy.Şolaryň arasynda dürli döwürlerde aýry-aýry awtorlartarapyndan düzülen pars diliniň düşündirişli sözlügi,arap diliniň, türk diliniň düşündirişli sözlükleri weparsça-rusça täjikçe-rusça, arapça-rusça, Nowaýynyň,Nesiminiň we başga-da sözlükler köp. jeýdalanylançeşmeleiň sany ýüzlerçe bar. Olaryň hemmesinijikme-jik görkezmäge bu erde mümkinçilik ýok.Şolardan ençemesi "Türkmen klassyky edebiýatynyňsözlüginde" görkezilipdi. Şoňa görä, bu taýda olarygaýtalap oturman, diňe esasylaryny hem-de täzeçeşmeleri görkezmek bilen çeklenýäris. Olaraşakdakylardan ybaratdyr:

Türkmen diliniň sözlügi, TSSR YA-nyň neşirýaty,Aşgabat, 1962.

Amid H.Ferheng-e Amid D-DD tom, Tähran, 1970 (parsdilinde).

Amid H.Ferheng-e Amid, taryh, geograFiýa we umumymaglumatlar, Tähran, 1346 (1967) (pars dilinde)

Luis Mäluf we başgalar. Al-Munjid Fil-lugati wel-edebiwel-ulum, Beýrut, 1956 (arap dilinde).

Muhammet Gyýasytdin. Gyýasul-lugat,D-DDD tom,Duşanbe, 1987-1989 (pars dilinde).

Samy Ş.Kamusy-türki, D-DD tom, Deri-sagadat,1317-1318 (1899-1901).

Samy Ş.Kamus-e ylmy we Fenni, D-DD tom,Bakçasarý, 1906 (türk dilinde).

Arap we pars sözleriniň sözlügi (Azerbaýjan klassykyedebiýatyny okamak üçin (AzSSR YA-nyň neşirýaty,Baku, 1966 (azarbaýjan dilinde).

Alyşir Nowaýynyň eserleriniň diliniň düşündirişlisözlügi, D-Dý tom, Taşkent, 1983.

GaFFarow M.A. jersidsko-russkiý slowar', M.,1914-1927.

Samy Ş.Kamusul-aglam, D-Dý tom, Stanbul, 1889-1899(türk dilinde).

Abdyrreşit ibi AbdylgaFur al-Husaýny. Ferheng-eReşidi, Tähran, 1337 (1958) (pars dilinde).

Ibi HalaF Tebrizi. Buhan-e katyg (golýazma).

Amuzgar H.Ferheng-e Amuzgar, Tähran, 1955 (parsdilinde).

Saşimiz wazbiýez...dystionaize geogzarçigue,Amştzdam, 1970. (Fransuz dilinde).

Hudad al-alem min al-maşryk ilel-magryb (982-983 - njiýyllarda ýazylan), Tähran, 1340 (19b1) (parsdilinde).

Sewortýan E.E. Etimologiçeskiý slowar' týurkskihýaaykow, M., 1947-1978.

GaFurow A.Lew i kiparis (o wostoçyh imenah), izd-wo"Nauka", M., 1971.

Gara Hysary M.Ş. (meşhur ady Ahtary). Ahtary-kebir,Deri-sagadat, 1324 (1904).

Mutahhary M.Hadamat-e motakabil-e yslam we Iran"Yslamyň we Eýranyň biri-birine eden hyzmatlary",Tähran, 1360 (1981) (pars dilinde).

Renjber A. Horasan-e bozorg (uly Horasan) (Birnäçeşäher barada gürrüň). Tähran, 1363 (1984) (parsdilinde).

Takibaewa S.S Taýny nebesnoý glazury, Alma-Ata,1987.

Emin Ahmet Razy. HäFt yklym, T.jähran, 1960 (parsdilinde).

Demidow S.M. Turkmenskiýe owlýady, "Ylym",Aşhabad, 1976.

Şirwany Z. Riýaz-as-syýahat, D-DDD tom, Baku,1970-1974 (pars dilinde).

Rebguzy B.Kysasyl-enbiýa, Taşkent, 1895(daşbasma).

Belagy S. Kysas-e "Kur'an" (Kuranyň kyssalary),Tähran, 1366 (1987).

Alişer Nawoiý. Tarihi anbiýo we hukamo(paýgambarlar wa hakimlar tarihi), Samarkand, 1990.

BSE; KLE; TSE; we başgalar.

GYSGALDYLAN SÖZLERIŇ SPISOGY
a --- arapça,

a-p --- arapça-parsça,

a-p-t --- arapça-parsça-türkmençe,

bs --- birlik sany,

gm --- göçme manysy,

gr --- grammatiki manysy,

KS --- köplük sany,

MG --- Magtymguly,

p --- parsça,

p-a --- arapça-parsça,

p-a-t --- parsça-arapça-türkmençe,

r --- rusça,

ser --- serediň,

t --- türkiçe (türkmençe, türkçe).

Grekçe, ybryça, mongolça, çagataýça bolan sözlerdoly görkezildi.

A
AAM (a. a:mm, ks. awa:m, jenkiý rody a:mma)-köpçülük, köpçülük halk, hemme (ha:ss we ha:ssa sözüniň antonimi); aam-u has - saýlantgylar, aýratynhukuklylar we garamaýaklar, köpçülük adamlar.

Üz umydyň özün bilemz adamdan,

Aňlamaz ol, aam-u hasy näbilsin.

Magtymguly, diýsem men aama, hasa.

aam-u has (a. a:mm we ha:ss) - ser. aam.

AB (p. a:b) 1) suw; ab olmak - suw bolmak, erimek,suwa dönmek.

Eridi, ab oldy jümle jematlar;

2) gm. derýa, deňiz.

Barça ablarny gezer sen;

3) gm. gözýaş.

Akdy gözümden aby-rowanym;

aby-Zemzem - Mekgede käbäniň golaýynda bolan Zemzem atly guynyň suwy.

aby-Zemzem çeşmesi, SaFa, Merwe arasy.

Süleýman dek ähdimni syndyrydygymbimezmiň?;

aby-zulal - arassa suw, dury suw, sap suw.

Teşne geldim senden yzarlapgöwheri-aby-zulal;

aby-meni - 1) döl, tohum, döl suwuklygy, sperma (r); 2)gm. men-menlik, ulumsylyk

Sen tekepbir kylmagyl, aslyň erur aby-meni;

aby-towFik - 1) kömek we ýardam suwy, üstünlik suwy;2) üstünlik, üstünlik güýji.

aby-towFik ýuwup jesedim nawyn;

aby-göwher - göze gara suw iýnmek nähoşlugy, oňaaby-morwaryt hem diýilýär. Bu kesel gözi köredýär;

aby-haýat - 1) ýaşaýyş suwy, dirilik suwy(dini-Fantastiki we sufistik düşünjelere görä, bu suwdaniçen adam, göýä hemişelik ýaşajakmyş);

2) gm. söýgüli.

Agzyň aby-haýat, zemzem çeşmesy;

aby-Jeýhun - Amyderýanyň suwy.

Aby-Jeýhun harap eýlär Horezmi,

Daşynda her ülke bar, bil, harap eýlär.

ABA (a. aba:) - don, geýimiň üstünden egne atylýanerkekleriň geýýän giň we uzyn üst geýimi; şam abaly -siriýada tikilen aba geýnen, siriýada tikilen dongeýnen.

Ady belli, arap tilli söwdügim,

Şam abaly, Rum kabaly jananym.

Hyzyr nebi dünýäsin abaýa satdy gitdi.

ABABEKIR (a. Aba:Bekr) - ser. Ebubekir,Ebabekir.

ABADAN (p. a:ba:da:n) - abat, rowaçly, şowly("weýran" sözüniň antonimi).

jerwaz eýläp, seýran etdim dünýäni,

Bir abadan baga düşdüm, ýaranlar.

- köne düşünjelere görä, ABAÝYL (a. Aba:ýyl)altynjy gat asmanyň perişdeleriniň iň beýgi; käbirçeşmelede bu at "rumaýyl" görnüşinde gelýär; ser.reFna

jerişdesi bardyr wildan(?) suratlyg,

Beýikleri bardyr Abaýyl atlyg.

ABAT (p. a:ba:d) - düz; şowly; abadan (ser),zaýaçylyksyz ("bibat" we "harap" sözleriniňantonimi).

Säher tur, hudaýa ýalbar,

Yslam öýüň abat bolsun.

Abady, haraby, derýasy, düzi,

Ýüz kyrk alty müň agaç ýoldur bu dünýä.

ABDAL (a. abda:l, bs. bidl, we bedi:l) - 1) derwüş,galandar; aslynda köplük san şekilinde bolsa-da, türkmendilinde birlik san hökmünde ulanylýar; 2) sufizmtaglymaty boýunça, göýä, hudaýyň ýeriň ýüzündäkiwelileriniň- wekilleriniň bir topary. Şol taglymata görä,hudaý ýeri ýedi ýurda bölüp, şolaryň her birine biradamy bellänmiş, şolara-da abdal at goýanmyş, şolararkaly älemi berkarar saklaýarmyş. Olar maddydünýäden el üzüp, göýä, özleri-de dürli şekildegörnüp bilýärmişler. Olaryň sany dünýäde ýetmişşahsdan ybarat bolup, kyrkysy şamda (gadymy Siriýada),otuz sanysy-da başga ýerlerde bolýarmyş. Eger-de,şolaryň biri ölse, başga biri onuň ýerinitutýarmyş.

Abdal sözüniň birlik sany "bidl" bolup, onuň manysy"sylagly, hormatly, gadyrly, şöhratly we jomart" diýmekdir.Hudaýyň welileri- wekilleri hormatly, sylagly we sahybolýandyklary üçin, olara "abdal" diýlipdir. Käbirsözlüklerde "abdal" sözi "bedil" sözüniň köplük sanydiýlip ýazylypdyr we şu weli-wekiller biri-biriniň ýeriniçalşyrýan- dyklary-bedel edýändikleri üçin, olara ibdalat goýlupdyr diýilýär. Hakykatda eger şu manyda alynjakbolsa, ol söz "abdal" däl-de, "ibdal" görnüşde alynmaly.Emma köp çeşmelerde ol abdal şekilinde gabat gelýär.Onuň başga bir Formasy budaladyr (ser). "Budalaýy-sebga" (edi budala) sufizmiň taryhynda bellidir. Emmaolar kutb derejesine etmeýärler. käbir çeşmelerde şolsanda Magtymgulynyň döredijiliginde abdallaryň sany"kyrk abdal" , "çilten abdal" diýlipgörkezilipdir.


Yüklə 6,36 Mb.

Dostları ilə paylaş:
  1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   72




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin