Magtymgulynyň Düşündirişli Sözlügi, Türkmen ýazyjysy Nurmuhammet Aşyrpur (Aşyrpur Merdeow) tarapyndan ýazylyp birinji jildi 1997 ýylda Eýranyň Gunbedkabus şährinde çapa berildi



Yüklə 6,36 Mb.
səhifə16/72
tarix15.11.2017
ölçüsü6,36 Mb.
#31820
1   ...   12   13   14   15   16   17   18   19   ...   72

Beýniň jygyr-jygyr gaýnap syzylar,

Beren nanyň saýa bolsa gerekdir.

JYDA (p. joda:) - aýra, aýry, aýra düşen, jydadüşmek - aýra düşmek, daş düşmek.

Tenden jyda olar ganyň,

Bikär galar istihanyň.

Hezreti-Adamny eýlediň haýran,

Howa jyda düşdi, gözleri girýan.

JYDAL (a. jida:l) - 1) dawa, jenjel; duşmançylyk;gowga; 2) uruş, sögüş; 3) güýçli jedel; ser.jidel.

Magtymguly söýmez jydaly, jeňi,

Ahyret azm etdi köp dosty, deňi.

JYLAW (p. jilaw) - 1) öň, ýüzbe-ýüz; 2) atyň owsary,agyzzyrygy, uýan, irişme.

Ol ne adamzatdyr, bir at münerler,

Üzeňňisi suwdan, jylawy batdan.

Jylawyňyzda ymam Aly siziňdir.

JYLAWDAR (p. jilaw+da:r) - 1) öňde barýan atly,awangard; 2) beýleki atlylardan öňde hareket edýän atlyesgerler; 3) öz hojaýynynyň atynyň öňünden hereketedýän hyzmatkäri.

Jylawdary bolam Ýzyr han piriň,

Köňül guşy perwaz urar pakyryň.

JYLGA-JYLGA - topar-topar, bölek-bölek.

Bir tarapdan jylga-jylga, bulut oýnar, salar kölge.

JYN (a. jinn) - 1) ynsan taýpasyndan başga bolan, gözegörünmeýän bir hili hyýaly mahluk, yns, ynsan bilenarwahyň aralygy hyýaly bir zat; 2) ýiti zehinli; jynny - jynadegişli, jyn ýaly. Jen we geniý sözleri şundan alnanhasaplanýar.

Garyşypdyr halal, haram, arwah, jyn.

Ýrysy melekden, ýarysy jyndan.

Deçjal dünýä inende arwah bile jyn dörär.

JYNAZA (a. jena:ze) - 1) ýuwulyp, kepene salnyptabydyň içine goýlan öli; 2) öli; 3) öliniň meýtigöterilýän tagta, tabyt; 4) ölen adama okalýannamaz.

Magtymguly, ölenden soň bilerler,

Jynaza okamaý, burnun dilerler.

JYNS (a. jins, ks. ejnas) - 1) haýwanlaryň, otlaryň webaşgalaryň bölünýän toparynyň her biri. Meselem,haýwan jynsy iki sany ynsan we beýleki jandarlarabölünýär; 2) topar, nesil; 3) tebigat; gylyk, häsiýet; 4)mal, haryt, baýlyk; 5) hil; sort, klas.

Ynsa-jynsa şalyk eden Süleýman.

Döw-periniň, ynsyň, jynsyň patşasy.

JÄHENNEM (a) - 1) asly iwrit sözi bolup, Kudsuňýakynynda bolan bir deräniň ady, oňa ölüleriň meýdi weatylyp öldürilen günäkärleriň jesedi taşlanýan eken; 2)günäkärleriň göýä ahyretde azap beriljek ýeri, tamy,dozah.

Jähennem içinde, tamug astynda,

jeleklere çykar üýnüň gybatkeş!

- ser. JÄHENNEM KAGRY (a-t. jähennem kä'ry) kagyr.

JÄHET (a. jehet, ks. jeha.t) - 1) tarap, ugur; 2) sebäp,delil. Häzirki zaman türkmen dilinde ikinji manydagelende köpleç "jäht" şekilinde ulanylýar. Emam olFormanyň başga manysy bar, "jähet" ulanylsa, has dogrybolardy; jähtden (jähetden) - nukdaýnazardan, sebäpden,sebäpli.

Bäş-howassy-hamsa, altydyr - alty jähet.

JÄHL (a. jehl) - nadandyk, akmaklyk, bilimsizlik,ylymsyzlyk.

Jähl işine çäbük men, Alla emrinesuster.

Garky-zelalat boldum hedaýatny sen göster.

JÄHT (a. jehd) - yhlas, tagalla, jan çekme, çalyşma,dyryşma; jäht etmek (eýlemek, kylmak) - tagalla etmek,jan çekmek.

Ýolundan aýra düşen-

Jäht edip, ýoly gözlär.

Jäht eder sen çalnyp jahan tutmaga,

Bu işlere, meger, aklyň ýetmez hiç.

JÄHTDEN (a-t. jehet+den)- ser. jähet.


- Z -
Zabt (a) ضبط – 1) saklamak, gorap saklamak; pugtalamak; 2) eeleme, basyp alma, yarag güyji bilen eeleme; 3) konfisklemek; zabt etmek - tutmak, almak, basyp almak.

«sad» - sabyr eyle, sowabyň ataşa yandyrmagyn,

«zad» - zabt birle sorsa, ney jowap aytmak gerek.

Zabun (p. Zebu:n) زبون – ser. Zebun.

Zabyt (a. Za:bit) ضابط – 1) saklayjy, gorayjy; 2) güyçli, häkim; yolbaşçy.

Zaw (p. Za:w) زاو – 1) köwek, uçut, gaya, dag deresi, dag jülgesi; 2) güyçli, başarjaň; ussat.

Aždarha eelär zawuň yagşysyn.

Hümmet bile ötsem ybadat zawun.

Çeşmeli zawlar görüner.

Zawyya (a. Za:wie, ks. Zawa:ya) زاويه – 1) burç, çet, gyra; 2) gm. Ybadathana, sopularyň we takwa adamlaryň ybadat edyän eri; hüjre.

Tayynyp gyl köprüsinden zawyya uçsaň gerek,

Ol gylyçdan, yiti gyldan inçe yollar andadyr.

Zag (p. Za:g) زاغ – garga, elekleri gara ya-da ala bir guş. Ol tomsuna sowuk erlere gidyär. Gadymy çeşmelerde (meselem, «hawasyl-haywan» kitabynda) görkezilişine görä, ol üç yüz yyldan gowrak yaşayarmyşyn.

Hasratyma pelek yyglar, aşyk boldy tilsiz zaglar,

Perhat olup, beyik daglar yykam yusup die-die.

Çyrlak özün zag sayar.

Zagan (p.) زغن – 1) garga meňzeş, emma ondan kiçiräk bir guş, muňa pars dilinde «galiwaç» hem diyilyär; 2) çaykel, çay-çaňňalak.

Her niçe jan çekseň, gider aslyna,

Her zag-u zagandan kebuter olmaz.

Zagpyran (za’fera:n) زعفران – şafran, sary reňkli hoşboy ysly hasyl beryän ösümlik, gündogar edebiyatynda edebi eseriň gahrymanynyň saralan yüzi zagpyrana meňzedilyär.

Zagpyran dek sargarypdyr yüzlerim,

Kuwwat gitdi, gubarlandy gözlerim.

Zagyf (a. Za’y:f) ضعيفه//ضعيف - 1) güyçsüz, ysgynsyz, hor; 2) ayal, yanyoldaş.

Bu dünyäniň myrady, -

At, zagyfdyr, züryady.

Gözler zagyf yzynda,

Giryandadyr-giryanda.

Zad (a.za:d) ض – arap-pars elipbiyiniň on sekizinji harpy, ol «z» sesini beryär. Ebjet hasabynda – 800. Bu harp diňe arap diline mahsus bolup, pars dilinde gabat gelmeyär, diňe arap dilinden geçen sözlerde duş gelyär.

«zad» - zabyt birle sorsa ney jowap etmek gerek.

Zada (p. Za:de) زاده – dogan, doglan; emele gelen; döreden, dörän; ogul, ogly; begzada – beg ogly.

Hyzmat kylsaň bolsun bir asylzada,

Ata-baba senden beyik begzada.

Zayn (a. Za:) ظ – arap-pars elipbiyiniň yigriminji harpy, «z» sesini beryär. Ebjet hasabynda – 900. Bu harp arap diline mahsus bolup, pars sözlerinde gabat gelmeyär, arap dilinden pars diline geçen sözlerde duş gelyär.

«zayn – zulum eyläp, o gün dowzahda galyp yanmagyn.

Zayyg (a. Za:yy’) ضايع – biderek, bihuda, peydasyz; zaya; harap; yok, bolmayan; zayyg geçirmek – biderek geçirmek.

Ömrüňi zayyg geçirme, hasylyň berme ele,

Barçalarnyň jayyny ahyr mazar etgen kerim.

Zayyka (a. Za:yka) ذائقه – 1) tagam, tagam duygusy, lezzet duygusy; 2) bäş duygunyň biri, şonuň bilen her bir iymitiň tagamy duyulyar, onuň serişdesi dildir.

Zayykam datmay hakykat lezzetiden çaşny...

Hemneşinim kapyry-deyyar bolmasdan burun.

Zayyr (a. Za:ir, ks. Zewwa:r) زائر – zyyarat edyän, zyyarat ediji, mukaddes hasaplanyan erlere zyyarata, görmäge gidyän adam.

Sydky-dilden haka köňül baglasam,

Kyyamat zayyrdan bir sag etişse.

Zakan (a. Ks. Ezka:n) ذقن – alkym; eňek, eňegiň aşagy; simin zakan - kümüş yaly ap-ak alkym.

Gül yüzli periler, simin zakanlar,

Älemde şat bolup güläni bolmaz.

Zakgum (a. Zakku:m) زقوم – 1) «kuruanda» yatlanyan yapraklary naryň yapragyna meňzeş, güli sary reňkli, miwesi gara ösümlik. 2) miwesi örän ajy bolan agaç ady; 3) dini düşünjelere görä, dowzahda bolan miwesi ajy we günäkärlere berler diylip gorkuzylyan mifiki ösümlik; 4) gm. Zäher, awy, ajy we zäherli iymit.

Suwsuzlykdan zäher-zakgum içer sen,

Niçelere zähri-zakgum idirler.

Zakgun (a. Zakku:m) – ser. Zakgum.

Zal i (a. Za:l) ذ – arap-pars elipbiyiniň on birinji harpy, «z» sesini beryär. Ebjet hasabynda – 700. Bu harp pars dilinde sözüň başynda hiç wagt gelmeyär, diňe «zarahş» («yyldyrym») sözünde gelipdir.

«zal» - zelillik çekmesin diyp basafany eyledi,

«ri» - rahmet bahrydan yhlas umyt etmek gerek.

Zal ii (p. Za:l) زال – garry, saçy-sakgaly agaran garry adam; kempir; goja; piri-zal – garry-goja.

Liken özüň dogry yoldan azar sen,

Rüstem olan bir gün piri-zal olar.

Zal iii (p. Za:l) زال – samyň ogly we rüstemiň kakasy. Firdöwsiniň «şanamasynda» aydylyşyna görä, eyran mifologiyasynyň gahrymanlarynyň biri. Ol eneden doglan mahalynda saçy ak bolup dogyar. Bu yagdaya sam utanyar, kemsinyär we ogluny yok etmegiň küyüne düşyär. Ol zaly elburz dagyna eltip taşlayar. Symrug guş yaş çagany öz höwürtgesine eltip terbieleyär.

Yyllar geçyär. Bir gije yatyrka, düyşünde bir pälwan gelip, sama oglunyň diridigini habar beryär we ony agtarmagyny tabşyryar. Sam elburz dagyna baryar. Symrug guş ony tanayar we zaly oňa beryär. Sam we zal sistana gelyärler. Soň zal mährap kabulynyň gyzy sudaba öylenyär, ondan rüstem atly ogul dogyar. Ol meşhur pälwan bolup etişyär.

Semengan şährinde batyr zal bilen,

Döw bilen jeň salan rüstemi gördüm.

Yüz yyl okap, payanyna

Ne zal-u, ne lukman çykar.

Zal ıw (а. За:ll, ks. Zela:l) – ser. Zelal ı.

Zalal (a. Zela:l) ضلال – ser. Zelal.

Zalym (a. Za:lim) ظالم - zulum ediji, sütem edyän, rehimsiz; doňyürek, sütemkär; ähli-zalym – zulum edyänler, sütemkärler.

Pakyra jebir eden zalymyň işi.

Diydim: «ähli-zalym ne taypadyr?»,

Diydi: «gürgdür, itdir, pişikdir, şagal».

Zamayyr (a. Zama:ir, bs. Zami:r) ضمائر – ser. Zamyr.

Zamayyrny gonduryp,

Tagty arşa mündürip.

Zaman (a. Zama:n, ks. Ezmene) زمان – 1) wagt; möhlet, eyyam, çag; 2) döwür; bir zaman – bir wagt, bir mütdet; biraz salym.

Häzir biziň zamanda,

Yaman sözler zybanda,

Gökden ere pay dökülmez,

Zamana ahyr bolanda.

Zamana (a-p. Zama:ne) زمانه – 1) döwür, döwran; 2) häzirki wagt; 3) bagt, täley; durmuş; dünyä; 4) ayyp, nogsan.

Zamana beyledir – göze ilmezler,

Her kişiniň golda bary bolmasa.

Ey, agalar, aglar men, geldi, geçdi zamana.

Zamanyya (a. Zama:ni:ye) زمانيه – zamana degişli; zamana, döwran.

Zemin, asman, garb-u şark pertöwiňde gerdandyr,

Zamanyya sen gerdan, zaman senden bihabar.

Zambur (a. Zonbu:r, p. Zenbu:r) زنبور – ser. Zanbur.

Zamun (a. Za:min) ضامن – 1) kepil, bir adamyň eden etmişini gaytalamajagyna güwä geçip, onuň ähli jogapkärçiligini öz üstüne almaklyk; 2) şayatlyk, güwälik; 3) şayat bolyan adam, güwä geçyän adam; boyun alan.

Muhammet zamundyr, şunda way etgin,

Aždarha, mar atly möyler görer sen.

Zamyr (a. Zami:r, ks. Zama:ir) ضمير – 1) iç, her zadyň iç yüzi, batyn (ser.); 2) kalp, yürek; wyždan; 3) çalyşma.

Hiç kimiň halydan hem hiç kim ägäh imes,

Men, sen almam göze ger, häkimni çün kyldy zamyr.

Zanahdan (p. Zenah-da:n) زنخدان – eňek; alnym, çekge; sibi-zanahdan (alma zanahdan) – söygüliniň alma meňzeş çekgesi, alkymy; çahy-zanahdan – eňegiň ortasyndaky çukurjyk (bu söz düzümleri köplenç poeziyada ulanylyar).

Sibi-zanahdanlar, gunça dahanlar,

Alma zanahdana, bu kümüş yüze.

Zanbur (a. Zonbu:r) زنبور – ary; zanbury-asal (şeker) – bal arysy. Bu söz pars dilinde «zenbu:r» şekilinde ulanylyar.

Zanbur çykyp seyrana,

Gezer döwran içinde.

Zaň (p. Zeng) زنگ - jaň, haywanlaryň boynuna dakylyan metaldan edilen içi düwmeli kiçijik käse, haywan yörände ol ses edyär.

Zaňlar asar merkebiniň boynuna,

Musulmanlar girmez anyň oynuna.

Zar (p. Za:r) – 1) aglayan; eňreyän; 2) aglama, eňreme; nala, pygan; 3) ejiz, biçäre, pahyr; 4) pars dilinde atlara goşulyp, er, mekan aňladyan goşulma. Mes.: gülzar; zary-giryan – aglap eňreyän, sesli eňräp aglayan.

Pelek urup, döwlet guşun uçuran,

Zary-giryan aglar «han» sesin aňsa;

Aşyky-zar – aglayan, eňreyän aşyk.

«h» - heläketlik bilen aşyklaryn zar eylemiş;

Zar-u nezar – biçäre, hor, haldan düşen.

Kim amal pamal kylgaylar seni zar-u nezar;

Zary-efgan – agy-pygan, eňreme.

«hüw» diyp, men zary-efgan gije-gündiz aglaram.

Zar-u nezar (p. Za:r we neza:r) زار و نزار – ser. Zar we nezar.

Zarba (a. Zarbe, ks. Zaraba:t) ضربه – urgy, urma, çarpyş, çarpma; basym.

Älem içre bir ah ursam, bir zarba.

Eda bolar ynsan, gelmez pil gurba.

Zarlamak (za:rlamak) زارلامق – 1) arzuwlamak, ahy-nala bilen yatlamak; 2) nalyş edip aglamak, zar çekmek.

Yusubyň käkilin zarlap,

Yol üstünde yakup geçdi.

Zarp (a. Zarb) ضرب – 1) urgy, urma; 2) güyç, kuwwat; 3) zikge kakma; zarp urmak – haybat atmak.

Zir zarbyn görmeen gurdun,

Her murty bir tire döner.

Ölüm zarby üç tarapdan uruldy.

Melikler zarp urup gelse gerekdir.

Zary (p. Za:ri:) زاري – sesli aglama, eňreme, nala, pygan; agy; zary kylmak – sesli aglamak, eňremek.

Ol anda ah çeker, men munda zary,

Ummatlar eňreşip, zary kylarlar.

Zary-giryan (p. Za:r we gerya:n) زاروگريان – ser. Zar.

Zary-efgan (p. Za:ry we efga:n) زاري و افغان – ser. Zar.

Zat (a. Za:t, ks. Zawa:t) ذات – 1) her zadyň hakykaty, asly, esasy; gelip çykyş; 2) şahsyet; obuekt; 3) «zu» sözüniň ženskiy rody, manysy: ee.

Öylenseňiz, garap alyň zatyny.

Akyl etmez zatyna.

Sonça ary, şonça päkdir zatlary.

Hojalar pahr ede asly-zatyna.

Zahiretdin babur (a. Zahi:r ad-di:n ba:byr) ظهير الدين بابر - zahiretdin muhammet ibn omar şyh ibn abu sagyt ibn muhammet ibn miranşa ibn teymur. Onuň nesli bäş arkada emir teymura etyär; özbek yazyjy-şahyry we görnükli döwlet işgäri we alymy. Ol 14/02/ 1488-nji yylda farganada doglup, 26/12/1530-njy yylda hem aradan çykypdyr. Babur ilki owganystanda häkimlik edyär, soň hindistanyň ençeme erini basyp alyp, beyik mogollar (ya-da baburiyan, baburye) dinastiyasynyň esasyny goyyar. Solardan on edi adam tä 1858-1859-njy yyllara çenli hindistanyň demirgazyk sebtinde patyşalyk edipdirler. Su dinastiyanyň meşhur soltanlaryndan humayun, ekber, jahangir, şahjahan, öwreňgzib (lakamy älemgir) we başgalary görkezmek bolar. Olaryň köşgünde – deli şäherinde köp sanly alymlar we şahyrlar yygnanypdyrlar, şolaryň arasynda bayram han, rahymy, enisi yaly ençeme türkmen şahyrlary-da bolupdyr.

Baburyň esasy eseri «baburnamadyr». Bu eser awtobiografik häsiete eedir. Ol üç bölümden ybarat: fargana, kabul we hindistan. Bularda dürli wakalar we awtobiografik maglumatlar beyan edilipdir. Bu kitap, rus, pars, iňlis, nemeö we franöuz dillerine terjime edilipdir. Baburyň şygyrlar diwany-da bar. Onuň eserleri özbek edebi diliniň ösmegine oňyn täsir edipdir.

Zahiretdin babur «mizanyl-öwzany».

Gaşlaryna baryp, men mejnun bolsam.

Zahra (a. Zahra:) زهراء – 1) ازهر – sözüniň jenskiy rody, parlak, ak yüzli, päk, yüzi yalkymly; 2) muhammet pygamberiň gyzy patmanyň lakamy. Zöhre sözünden düypden tapawutlydyr. Ser. Patma.

Bir zahra, on iki ymamy gördüm.

Hasan, husayn diniň enweri, mahy,

Kany patma-zahra hüyrleriň şahy.

Zahhak (a. Zahha:k) ضحّاك – 1) arabystanda önüp-ösen we merdas dien adamyň ogly bolan şahs; 2) eyran ertekilerinde we firdöwsiniň «şanamasynda» gabat gelyän pişdadylar dinastiyasynyň bäşinji patyşasy. Rowayatlara görä, ol örän betgylyk we zalym bolupdyr. Jemşitden tagty-täji basyp alyp, onuň ornuna patyşa bolyar. Onuň dahak, deh ak, ajdahak ajdahaduş we marduş dien atlary bolupdyr, kä halatda oňa buyuräsp hem diylipdir. Zahhak sözi deh ak sözüniň arapçalaşdyrylan görnüşi hasaplanyar. «ak» pars dilinde «ayyp, erbetlik, gabahat, apat» diymek bolup, oňa deh ak at goyulmagynyň sebäbi bolsa, onuň dünyäde on sany erbet däbi rowaçlandyranlygy üçindir. «awestada» zahhakyň ady ajydahak diylip görkezilipdir. Buyuräsp diyilmeginiň sebäbi, onuň on müň aty bolanlygy üçindir.

Zahhakyň iki egninden iki sany yylan çykyp duran eken. Olaryň iymiti bolsa, adam beynisi eken. Sol yylanlary naharlamak üçin zahhak her gün iki adamy öldürip, şolaryň beynisini yylanlara beripdir. Seylelikde, ençeme maşgalalaryň güni yasa öwrülipdir. Iň soňunda ilat zahhagyň zulumyna çydap bilmän, iki ogluny elden beren demirçi käwäniň yolbaşçylygy astynda oňa garşy gozgalaň edip, ony tagtdan düşüryärler, onuň erine tähmurysyň neslinden bolan periduny patyşalyga belleyärler. Peridun bolsa zahhagy tutup, demawent dagynda bir gowagyň içinde bent edip goyyar. Bu wakalaryň hemmesi «şanamada» doly beyan edilipdir.

Her gününe iki adamdan soygan,

Zahhak zalymy-da yuwtdyň, gara er.

Zahym (p. Zahm) زخم – yara, baş; zahymdar – yaraly, yaradar.

Erte garnyň doldurarlar ataşdan,

Zahmy çykmaz, galar janda, çilimkeş.

Zahymdar (p. Zahm-da:r) – ser. Zahym.

Zahyr (a. Za:hir) ظاهر – 1) mälim, ayan, äşgär, belli; 2) daşky görnüş, şekil; zahyr eylemek (etmek, kylmak) - äşgär etmek, daşyňa çykarmak; zahyr bolmak - görünmek.

Maňa zahyr, halkdan pynhan gezerler.

Zahyr eyläp gudratyny edi keywan eyledi.

Zahyt (a. Za:hid, ks. Zohha:d) زاهد – namazhon, takwa, asket, terkidünyä, galandar, terkidünyä bolup, ybadata meşgullanyan adam.

Taglamun dagynda zahyt gezdiler,

Müumün munda, berat anda yazdylar.

Gulak tutmaz zahytlaryň pendinden.

Zayalamak (a-t. Za:yy-lamak) ضايع لا مق – harap etmek, harama çykarmak, biderek geçirmek.

Görüň, ne jenanlar yşka ulaşdy,

Ömrüni zayalap, häke bulaşdy.

Zebanyye (a. Zeba:ni:ye) زبانيه – ser. Zybanyya.

Zeberdest (p. Zeber-dest) زبردست – 1) eli üstün, güyçli, zorly, çalt, ezber, yiti, eser, çalasyn, başarjaň; 2) hökümli; pälwan.

Allanyň yşkynda mestler,

Duş gelişmez zeberdestler.

Zeberjet (a. Zeberjed) زبرجد – zümerrede meňzeş sary ya-da yaşyl reňkde bolan gymmatbaha daş, hrizolit (r).

Kap dagy zeberjet reňbe-reň dagdyr,

Kaknus bir guş, dayym onda tussagdyr.

Yaşyl zeberjetdir iki gulagy,

Daň yyldyzna meňzär gözi byragyň.

Zebun (p. Zebu:n) زبون – 1) biçäre, pakyr, ejiz, haldan düşen; 2) eňlen; horlanan.

Täleyim zebundyr, tenim bikuwwat.

Görse bu zebun halym bady-saba, daň-säher.

Artdy yslam şöhreti, kapyrlar oldy hem zebun.

Zebur (a. Zebu:r) زبور – 1) asly siriya dilinde bolup, manysy hat, yazgy, tekst diymekdir; 2) dini düşünjelere görä, dawut pygambere wahy bolan (inen) dini kitap. Bu kitap barada «kuruanyň» «nisa» (163-nji ayat), «enbiya» (106-njy ayat), «beni-ysrayyl» (55-nji ayat) sürelerinde maglumat berilyär. Zebur aslynda yüz elli süreden ya-da «mezmurdan» ybarat bolupdyr. Soňa görä, ol kitap «mezamir-e dawut» («dawudyň nagmalary») dien at bilen meşhurdyr. Ol kitap öwüt-nesihatlaryň, parasatly sözleriň we dawudyň mynajatlarynyň (ser.) Yygyndysydyr. «zebur» çeper sözüň iň oňat nusgalaryndan biri hasaplanyar. Ol aslynda iwri (gadymy ewrey) dilinde bolup, soň başga dillere geçirilipdir. «zeburyň» iň möhüm bölümi onuň elegiyalarydyr. Bu hili şygyrlar poeziyanyň iň gadymy formalarynyň biridir. Bu kitabyň mazmunynyň dürli-dürli bolşy yaly, onuň awtorlary-da dürli döwürde bu eseri döredipdirler. Birnäçe bölümi dawudyň döwründen yüz yyl soň yazylypdyr. Soňa görä, «zeburyň» hemme bölümlerini dawuda degişli diyip tassyklamak mümkin däl, onuň diňe käbir bölümleri dawuda degişlidir.

Dawut «zebur» okyp, kyldy mynajat,

Muhammet şanyna «furkan» yaratdy.

Işa ogly dawut älemni sürdi,

Hak aňa «zeburyň» kelamyn berdi.

Zeyl (a. Zayl) ذيل – 1) aşak, pes; etek; 2) soň, yz, her bir zadyň soňy, ahyry.

Fahry-älem sen-sen-u özge nebiller bir zeyl,

Hatm edip, arwahyňa kyldym dogayym, ya resul.

Zeynel-abydyn (a. Zeyn-al-a:bidi:n) زين العابدين – ady aly, ymam husaynyň ogly, şayylaryň dördünji ymamy. Ejesi eyran patyşasy ezdigerdiň gyzy şährbanu. Ol 658-nji yylda doglup, 713-714-nji yyllarda zäher berlip öldürilyär. Köp ybadat edeni üçin, oňa «zeynel-abydyn» («takwalaryň bezegi»), «seçjat» («köp sejde edyän, köp namaz okayan») we «seyyidis-sajydyn» («sejde edyänleriň agasy») dien lakamlar berlipdir. Onuň yazan dogalary «sahyfayy-seçjadye» ady bilen meşhurdyr.

Bir çaha atdylar dymyşk şährinde,

Zeynel-abydyna bagyşla bizni!

Zekat (a. Zeka:t) زكوﺓ // زكات - 1) bir zadyň gysga we saylantgysy; şerigat boyunça musulmanlaryň her yylda öz umumy baylyklaryndan kyrkdan bir bölegi möçberinde huday yolunda töleyän salgydy, beryän sadakasy; zekaty-husn – gözellik zekaty; bizekat – zekatsyz, zekaty berilmedik; 2) arassalyk, arassalamak.

Seni istän gedalarga zekaty-husnuňda öwladyr.

Kimseler hayr edip, zekatyn berip.

Dünyäde süythoryň pul yygma derdi,

Baylaryň mallary bizekat erdi.

Zekerya (a. Zekeri:ya) زكريا – dini rowayatlara görä, ewreyleriň uly pygamberleriniň biri. Hajy zeynel-abydyn özüniň «riyaz-as-syyahat» atly kitabynda zekeryany zan ibn silm ibn saddugyň ogly we süleyman ibn dawudyň neslinden diyip yazypdyr. Käbir erde ol yakubyň ogullarynyň biri diylip bellenipdir. Zekerya bir yüz on bäş yyl ömür sürüpdir, kyrk yaşynda pygamber bolupdyr. Zekeryanyň togsan yaşa çenli çagasy bolmandyr. Ol köp gaygylanyp gezipdir, emma sabyrlylygy elden bermändir.

Günlerde bir gün zekerya ybadat jayyna baryp, namaza, ybadata meşgul bolyar, soň meruemiň ybadat jayyna baryar, görse, ol ybadata, namaza meşgul eken. Sonda meruemiň öňünde duran miweden doly bir tabaga zekeryanyň gözi düşyär. Ol muňa hayran galyar, çünki ol miweler tomusda bişyän miweler eken, şol wagt bolsa gyş pasly eken. Galyberse-de, meruem ybadat jayyndan hiç ere çykmayan, yzyndan hem hiç bir adam gelmeyän eken. Zekerya bu geň wakanyň sebäbini bilmek istäp, merueme yüzlenyär we «bu miweleri nireden aldyň?» diyip sorayar. Meruem: «huday tarapyndan geldi, her gün ertir-agşam meniň ryzkymy huday etiryär» diyip, jogap beryär. Soň zekerya yüzlenip: «sen näme üçin beyle geň galyarsyň, hudayyň, eger islese, halan adamyň gündelik ryzkyny etirip bilyändigini bilmeyärmiň?» diyyär.

Su pursatda zekeryanyň ruhy yagdayy üytgeyär, çuň oya batyar. Hudayyň gudraty barada meruemiň aydan sözleri onda umyt uçgunyny döredyär. Özüniň garranlygyna garamazdan, hudayyň gudraty bilen perzendiniň bolmaklygyna umyt baglayar we hudaya yüzlenip doga-dileg edyär. Netijede onuň dilegi kabul bolyar. Uzak wagt geçmänkä, perişdeler seslenip: «ey, zekerya, hudaytagala saňa bir ogul berdi, ady yahyadyr, şu wagta çenli hiç kime şeyle at dakylan däldir!» diyip, buşlayarlar. Zekerya hoşal bolyar, perişdeler bilen birnäçe sorag-jogap alyşyar. Soňundan ol hudaydan hayyş edyär, şol wadasynyň erine etjekdigi barada bir nyşana bermegini sorayar. Sonda allatagala: «sen üç günläp gepläp bilmersiň, aytjak zadyňy üm bilen düşündirmeli bolarsyň!» diyyär. Seyle hem bolyar. Seylelikde, zekerya togsan yaşyndaka onuň yahya atly ogly dünyä inyär. Ol yaşlykdan örän akylly bolyar. Huday ony-da pygamberlige belleyär.

Zekerya beytil-mukaddes şäherinde musanyň şerigatyny yöredyär. Ol biziň eramyzdan alty asyr öň yaşap geçipdir. Zekeryanyň ölümi barada şeyle rowayat bar: haçan-da meruem göwreli bolanda ewreyler zekerya betgüman bolyarlar, çünki meruemiň äri yokdy we diňe zekerya onuň bilen duşuşyp bilyärdi. Ewreyler zekeryany meruem bilen zyna etmekde ayyplap, öldürjek bolyarlar, ony yzarlap başlayarlar. Zekerya bu yagdayy aňyar we gaçyar. Gaçyp barşyna yolda bir agaçdan şeyle ses eşidilyär: «ey, allanyň pygamberi, özüňi maňa etir we bulagayçylaryň şerinden özüňi gutar!». Zekerya agajyň yanyna baryar, agaç yarylyar, zekerya onuň içine giryär. Sol pursatda häzir bolan şeytan onuň geyiminiň bir bölejigini agaçdan daşarda galdyryar. Bir topar adam zekeryany kowalap, şol ere gelip etyärler. Seytan ynsan şekiline girip, şol erde duryar. Yaňky gelen adamlar şeytandan «şu erde bir garry adam görmediňizmi?» diyip sorayarlar. Ol-da: «men bir jadygöy adamy gördüm, ol jady edip, şu agajy yardy we onuň içine girdi, emma geyiminiň bir ujy daşarda galyp, ynha görnüp dur» diyyär. Ewreyler şeytanyň öwretmegi bilen agajy byçgy bilen iki kesyärler. Netijede zekerya ölyär. Käbirleriň pikirine görä, şu hili edilip öldürilen pygamber zekerya däl-de, şugayp pygamber bolmaly. Zekerya bolsa öz ajalyna ölen bolmaly.

Zekeryanyň wakasy «kuruanyň» «al-e ymran», «engam», «meruem» we «enbiya» sürelerinde hem-de «kysasyl-enbiya» kitabynda doly beyan edilipdir.

Ömrümi bihuda geçirdim hebes,

Zekerya pygamber, ya hyzyr – ylyas.

Erräni başyga goygan zekeryanyň hormaty.

Zelal ı (zela:l, bs. Zall) ضلال - yoluny yitirenler, azanlar, azgynlar, azaşanlar; yalňyşanlar.

Musulman sen, habar algyl zelaldan,

Gaçadur haramdan, işle halaldan.

Magtymguly, habar algyl zelaldan.

Zelal ıı (a. Zela:l) ضلال – dogry yoldan çykma, azaşma, yol yitirme; azgynlyk; yalňyşma; rahy-zelal – azgynlyk yoly, azaşmaklyk yoly.

Kimleri gümrah kylyp, berdi aňa rahy-zelal,

Kimleri müumün kylyp, özün tanatdy bimysal.


Yüklə 6,36 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   12   13   14   15   16   17   18   19   ...   72




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin