T. Bekjäýew Köne türKmen ýazuwy ﻯﻭﺯﺎﻴ



Yüklə 1,68 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə65/91
tarix11.11.2023
ölçüsü1,68 Mb.
#131909
1   ...   61   62   63   64   65   66   67   68   ...   91
Bekjäýew T~Köne türkmen ýazuwy-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

1-nji gönükme.
122۸ 111۵ ۹۹۴ ۹۸1
ýyllary milady 
ýylyna öwrüp ýazyň.
2-nji gönükme.
1733, 1760, 1810, 1855, 1970, 1975, 1996, 
2002‑nji ýyllary hijri ýyllaryna öwrüp ýazyň. 
3-nji gönükme.
Özüňiziň we maşgala agzalaryňyzyň, dostla‑
ryňyzyň, joralaryňyzyň doglan ýyllaryny hijri 
ýylyna öwrüp ýazyň.
Hijri-kamary aýlary
Golýazma kitaplaryna ser salanyňda olaryň ýazylyp gutarylan 
ýylynyň, hatda aýynyň, gününiň bellenilen ýerlerine hem duş gelmek 
bolýar. Şonuň üçin‑de, taryhy maglumatlary beýan etmek üçin hijri 
ýylynyň aýlaryny hem anyk bilmek zerurdyr.
Mysal hökmünde, Alyşir Nowaýynyň «Sabgaýi saýýar» eseriniň 
ýazylyp tamamlanylan wagty görkezilen bendi getirýäris:
Taryhda boldy sekiz ýüz,
Segsen ötmiş, ýene dokuz,


107
Aýy onuň rabi us-sani,
Penşenbede ýazyldy soňy.
Goşgy setirlerinden mälim bolşuy ýaly, eser 889‑njy hijri ýyly‑
nyň (miladynyň 1484‑nji ýyly) rabi us‑sani (dört tirkeşigiň ikinji aýy) 
aýynyň penşenbe güni tamamlanylypdyr. 
Hijri kamary ýylyň aýlary türkmen halkynyň arasynda häzir hem 
ulanylýar, olar ýigrimi dokuz we otuz günden ybaratdyr:
Hijri-kamary 
aýlary
Güni
Hijri kamary 
aýlary
Türkmençe 
 
atlandyrylyşy

Moharram

ﻡرحﻣ
aşyr
1
Safar

رفﺻ
sapar
2
Rabi ul‑awwal
3۰ ﻝﻭﻻﺍ ﻊيﺑﺭ
dört tirkeşigiň birinji aýy
3
Rabi us‑sani
2۹ ﻰنﺎﺛﻟﺎعيﺑﺭ
dört tirkeşigiň ikinji aýy
۴
Jomadil ula

یﺩﺎمﺟ
ﻝﻭﻻﺍ
dört tirkeşigiň üçünji aýy
۵
Jomadil ahyr

یﺩﺎمﺟ
رﺧلآﺍ
dört tirkeşigiň dördünji 
aýy
۶
Rejeb

بﺟﺭ
rejep
7
Şaban

ﻥﺎبعﺷ
meret
۸
Remezan
3۰ ﻥﺎضﻣﺭ
oraza
۹
Şawwal

ﻝﺍوﺷ
baýram

Zul‑kaade
3۰ ﻩدعقﻟﺍﻭﺫ
boş aý
11
Zul‑hijje

-
2۹ هجحﻟﺍﻭﺫ
gurban
12
Hijri‑kamary aýlarynyň atlary arap dilinde şeýle manylary 
aňladýar: 
1. Moharram–«mukaddes» manysyny berýär. Bu aýda harby 
ýörişler, uruş hereketleri bes edilipdir. Rejeb, zul‑kaade, zul‑hijje 
aýlarynda‑da uruş, harby işler gadagan bolupdyr. 


108
2. Safar – «sary» manysyny aňladýar. Bu aýda araplaryň başyna 
agyr heläkçilik düşýär. Olaryň bedenlerinde kesel döräp, reňkleri sa
-
ralýar. Şol sebäpden hem aýyň adyna «safar» dakýarlar (M. Haki mow, 
Turkoston halklari kullagan takwimlar, Toşkent 1999, 8‑nji sah). 
3– 4. Rabi ul‑awwal we Rabi us‑sani– «rabi» sözi arap dilinde 
«ýaz‑bahar» manysyny berýär. Emma araplar gadymy döwürde «rabi» 
sözüni 
güýz
manysynda hem ulanypdyrlar. Bu iki aý güýz paslynda 
geleni üçin «birinji güýz» we «ikinji güýz» manylaryny aňladypdyr. 
5–6. Jomadil ula we Jomadil ahir– bu aýlaryň ady arap dilindäki 
«jamada» sözünden bolup 
gatamak

buza öwrülmek
manylaryndadyr. 
Bu iki aý ýylyň gyş paslyna gabat gelip, suwuň doňmagy, gatamagy 
bilen baglylykda atlandyrylypdyr. 
7. Rejeb – «irjab» arap sözünden alnyp, 
uruşlardan we hüjümler
-
den özüňizi saklaň 
manysyndadyr. 
8. Şaban – bu aýyň ady «taşaaba» sözündendir. Ol 
şahalanmak, 
ýaýramak
manylaryndadyr. 
9. Remezan – «ramada» sözünden alnyp, 
ýandyrmak, jokrama 

manylaryny aňladýar. Bu aý tomsuň iň yssy wagtyna gabat geleni 
üçin şeýle atlandyrylypdyr. 
10. Şawwal – «şala» sözündendir. Ol 
alyp gitmek, göterilmek, 
göçmek
manylaryny berýär.
11. Zul‑kaade – «kaade» sözi 
oturmak, öz öýüňde galmak
many-
laryndadyr.
12. Zul‑hijje – «haj» sözünden alnyp
haja gitmek
manysyny 
berýär. Araplar şu aýda Käbä gelip haj parzyny berjaý edipdirler.
Türkmen halkynyň arasynda hijri‑kamary aýlary arkaly hasap 
ýöretmek ýörgünli bolupdyr. Nusgawy edebiýatymyzda hijri‑kamary 
aýlary bilen bagly atlar, wakalaryň bellenilmegi ýygy‑ýygydan duş 
gelýär. 
Aşyr, sapar, rejep, meret, oraza, baýram, gurban
aýlarynda 
doglan çagalara bu aýlaryň atlary bilen baglanyşykly atlar dakylýar. 
Hal kymyz 
rejep, meret, baýram
aýlaryny gelin toýlaryny geçirmek 
üçin has oňat, sähetli aýlar hasap edýärler. Hormatly Prezidentimiz 
Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörite Permanyna laýyklykda gur
-
ban, baýram aýlarynda Gurban, Oraza baýramlary bellenilip geçilýär.



Yüklə 1,68 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   61   62   63   64   65   66   67   68   ...   91




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin